11. Rysgal teswiri
Türkmeniň güzeran, durmuş pelsepesinde bu düşünje uly orun tutýar. Rysgal — adamyň ýaşamagy üçin zerur maddy üpjünçilikdir. Rysgalyň çuňňur ruhy hem-de ahlaky manysy bar. Ol ruhlaşdyrylan maddy nygmatdyr diýipdik. Ruhlaşdyrylan bolanda ruha baglanan, ruhy maksadyň serişdesi hökmündäki, ruha kömekçi bolan diýmekdir.
Ahlaky nukdaýnazardan rysgal diňe halal iş bilen gazanylýan maddy nygmat hem-de eşret bolmalydyr. Diňe şonda maddy baýlyk adama haýyr hem eşret getirip biler, onuň ömrüni manylaşdyryp biler.
Alla janly-jandarlary ýaradanda, ilki olaryň her görnüşine otuz ýyl ýaş berenmiş. Her gün haýwanlaryň her hili görnüşleri Hudaýyň dergähine gelip, özüne berlen ýaşy alyp gidýärmiş. Bir günem baýguşuň nobaty ýetipdir. Otuz ýaş berilýänini baýguşa-da aýdypdyrlar. Ol:
— Otuz ýaş diýýäniň näme? — diýip sorapdyr. Oňa otuz ýaşyň otuz ýyl ömürdigini aýdypdyrlar. Baýguş:
— Otuz ýyl näme? — diýip, ýene sorapdyr. Oňa her ýylyň dört pasyldan ybaratdygyny düşündiripdirler. Baýguş:
— Diýmek, men ömrüm paýawlaýança, şol bir zadyň otuz gezek gaýtalanyp durandygyny görmeli-dä! — diýipdir. Oňa «şeýle» diýip jogap beripdirler. Onda baýguş:
— Maňa gaýtalanyp duran manysyzlyk gerek däl. Maňa şonuň bir ýyly ýeterlik. Galanyny kim islese, şoňa beräýiň — diýenmiş.
Baýguşuň şeýle kanagatlylygyny, pespälligini hem oňňutlylygyny görüp, Allatagala oňa soran ýaşyny bermegi buýrupdyr, ýöne şol ýaşynyň içinde baýguşuň bar rysgaly agzyna gelip dursun diýipdir.
Rowaýatdan görnüşine görä, hut kanagat hem pespällik, giň göwrümlilik hem sabyrlylyk ýaly ahlak sypatlar rysgalyň we rysgallylygyň esasynda ýatýar. Rysgal ýöne bir gazanç däl, ol gazanjyň bereketliligi hem haýyrlylygy. Gazanç — serişde, rysgal — maksat, gazanç — şert, rysgal bolsa amaldyr.
Magtymgulynyň rysgal baradaky pikirleriniň düýp manysy şeýleräkdir. Ol öz goşgularynda rysgalyň esasynda ýatýan maddy serişdäniň näderejede zerurdygyny kän nygtapdyr:
Goç ýigidiň ady çykmaz
Döwleti-maly bolmasa
— diýip, ol durmuşda şahsyýetiň özüni ykrar etdirmegi üçin malyň-zadyň zerurlygyny nygtaýar:
Ýoksullyk bir ýaman ýoldur,
Pakyr menem, golum galdyr,
Halal ryzk ber, kesp bildir,
Kimiýa atlyg ot islärin.
Maddy serişdäniň asla bolmazlygy — garyplyk adama nälaýyk peslik, ony kemsidiji hal hökmünde göz öňüne gelýär:
Bäş gün köňlün hoş etmäge,
Supra ýaýyp, nan dökmäge,
Abraý alyp, at etmäge,
Gollarynda bar gerekdir.
Ýa-da:
Ýalan dünýäde ýörmäge,
Döwlet ber, aşret sürmäge,
Ömür ekläp, gün görmäge,
Segsen ýyl pursat islärin.
Şahyr maddy döwletiň näme üçin gerekligini ýaňzydýar. Döwlet diýmek bolsa türkmen dilinde serişdelik hökmünde diýmekdir, şertiň gürrüňini etmekdir. Şunuň bilenem, rysgal bilen nebsiň arasyndaky taglymat ýörelgesi manysynda aratapawut ýüze çykýar. Rysgal maddylyga serişde, nebis bolsa ahyrky maksat hökmünde seredýär. Rysgalyň ahlaky-ruhy dereje bolany üçinem bu hakda söz açanda, Magtymguly biziň üçin, göräýmäge, biri-birinden ýat hem juda üzňe bolan düşünjeleriň ruhy baglanyşygyny yzarlaýar. Mysal üçin:
Pyragy, yşka ugraşdym.
Derýa girdim, möwje düşdüm.
Hor galmasyn puştba-puşdum —
Berkarar döwlet islärin.
Biziň gündelik aňymyzda, yşk, yşk derýasy, döwlet, maddy eşret ýaly düşünjeleriň hersi tas bir-biri bilen gabat¬laşmaýan ugurlara degişli ýaly. Emma bularyň bary Mag¬tymgulynyň taglymatynda ruhy düşünjeler bolup, şol ruhy esasda-da bitewüligi emele getirýärler. Yşkda bolmak — Allanyň ýadynda bolmak, ruhy taýdan sagdyn durmuşda ýaşamak. Ruhy sagdynlyk, durmuşa öz ruhy maksatlaryň, ýörelgeleriň bilen çemeleşmek hem maddy baýlyk babatda bellibir kesgitli ornuň eýelenmegine getirýär.
Döwlet — baýlyk däl, döwlet adamyň baýlyga ruhy gatnaşygy. Şol gatnaşyk esasynda-da milletiň öz-özüni gurnamaga, öz-özüni döretmäge bolan ukyby manysyndaky döwlet döreýär.
Haýsydyr bir taglymatçynyň, aýdaly, Magtymgulynyň setirleriniň manysyny yzarlanyňda, gapdaldan seretseň, olarda ýok zady ýüze çykarýan ýaly bolup görünmegem mümkin. Emma beýle däl. Sözüň diňe özüne gümra bolup otursaň, üýtgeşik zat tapmaýarsyň. Sözleriň manysy olaryň özlerinde, öz-özlüginde däl-de, olaryň özara many gatnaşyklaryndadyr. Çakmak daşynyň manysy onuň ot çykarýanlygyndadyr. Ot hem daşyň özünden çykanok-da, olaryň bir-birine sürtülmesinden, ýagny özara gatnaşygyndan döreýär. Edil şonuň ýaly, çeper eseriň gözellik manysy, güýji-de onuň ýeke özünde däldir. Çeperçilik many hem güýç — okyjy bilen eseriň gatnaşygynda döreýän hadysadyr. Hut şonuň üçinem okyjynyň derejesine görä, çeper eseriň dürli manylary bolup bilýär.
Diýmek, eseriň ýa taglymatyň many ýorgudy kelläňdäki şygyrda-da bagly. Ýöne beýikler hakda gürrüň gidende, meseläniň çatak ýeri bolýar. Biz beýlekileriň ruhy döredijiliginiň manysyny pikir arkaly ýüze çykarjak bolup dyrjaşýarys. Emma pikir hemişe hakykaty, şol sanda ruhy hakykaty-da dolap alardan, ony düşündirerden ejizdir. Magtymgulynyň gudratly güýjüniň täsiriniň anyk sebäbini pikir arkaly gözläp, ine, şu-da diýip görkezäýmek juda kyn. Bu hili sebäp balyk kimin sypjyk zat bolar eken. Magtymgulynyň täsirliligini tekst derejesinde «tutmak» hem anyklaşdyrmak mümkin däldir. Meniňçe, bu aýratynlyk parasatlylygyň esasy görkezijileriniň biridir.
Herhal, men setirleriň, şygyrlaryň özümde döredýän täsirlerine, duýgularyna salgylanyp gürrüň edýärin. Olaryň bitewi taglymata öwrülişini yzarlamaga çalyşýaryn. Şeýle taglymatyň sütünleri bolsa gürrüňi edilýän aýry-aýry ruhy-ahlak düşünjelerdir. Şol düşünjeleriň eteginden tutagada yzyna düşüberseň, olar seni taglymatyň içki ulgamlaryna alyp gid¬ýär. Olar diňe taglymaty däl, biziň özümizi-de düşündirmäge puryja berýär. Ine, mysal üçin, türkmende «Rysgaly kowalap alyp bolmaz» diýen ynanç bar. Bu ynanjyň esasy nämede? Öz ýaltalygyňy ýaşyrmak, ýuwmarlamak islegimi, özüňi jepa goýmazlyk islegimi?
Magtymgulynyň rysgala garaýşy muňa jogap berýär. Sarsmaz düşünjä görä, rysgal Hudaýyň ygtyýaryndaky zat, Hudaýyňam kime, haçan, näçe berjegini özi bilýär. Şonuň üçinem adamyň öz ýanyndan her hili göwün ýüwürtmeleri, hasap-hesibi meseläni çözmeýär:
Taňry giň eýlese bende köňlüni,
Ryzk agzyna girer, tutsaň elini.
Döwlet güzer etse, tapar ýoluny —
Geler bolsa, gider bolsa, ýat ýagşy.
Emma şahyryň «ýat ýagşysyna» şertli düşünmeli. «Çöpüň başyny galdyrma-da, ýatyber» diýen many çykaryp bolmaz. Magtymgulynyň şu pursatda esasy nygtamak isleýän zady — onuň Hudaýa berk ynanjydyr. Rysk meselesi-de şol ynanjyň bir jäheti bolup gelýär. Ýörite rysk meselesine seredilenliginde, «ýatybermek» pikiriniň öňe sürülmejegi düşnüklidir.
Şeýlelikde, hakykatyň manysy pursadyň aýratynlyklaryna bagly bolýar. Bir pursatda — Hudaý bilen baglanyşygy jähetinden seredeniňde, rysgal hakykatynyň bir manysy açyl¬ýar. Magtymgulynyň ruhy taglymatynda meseläniň hut şu tarapyna esasy üns berilýär. Ylaýta-da, onuň çeperçiligiň iň ýokary derejesinde bolan mynajatlarynda rysgal Hudaýyň adama beren beýik hem ruhy nygmaty diýlip görkezilýär. Mynajatlar türkmen edebiýatynyň hem pelsepesiniň milli reňkli we owaz¬ly ajaýyp hadysasydyr.
Durmuş, dünýä şeýle guralypdyr, maddy serişde adama juda zerur zat. Zerurlygynyň sebäbi adamyň ýetmeli bellibir derejesi şoňa bagly bolup durýar. Şonuň üçinem Magtymguly Hudaýa mynajatlarynda rysgaly aýratyn mesele edip goýýar:
Ýa, Ýaradan Kadyr, gudratly Jepbar,
Armanda goýmagyl, ýa, Züljelalym!
Nebsimiň raýynda keremli Gapbar,
Permanda goýmagyl, ýa, Züljelalym!
Mynajatyň başynda eýýäm nebis hakynda söz açylýar. Nebsiň rysgalyň çöwre ýüzüdigini göz öňünde tutanyňda, bu ýerde öz-özünden rysgalyň gürrüňi bar diýip bolar. Şahyr nebsiň ugrunda entetmäweri, nebsimiň guly etmäweri diýip, Hudaýa mynajat okaýar. Munuň özi adam ömrüni manysyzlyga öwürmäweri diýmegi aňladýar. Meselä, pikire ruhy taglymat nukdaýnazaryndan seredeniňde, bendiň soňky iki setirindäki dilegden hut şu hili many gelip çykýar. Mynajatyň galan tutuşlygy eseriň çözmeli meselesini biziň dogry kesgitländigimize oňat şaýatlyk edýär:
Tenim dertli kylma, özümni gallaç,
Köňlüm giň et, goýma aj-u-ýalaňaç...
* * *
Saklagyl gaýgydan-gamdan, mähnetden,
Haly kylma dünýälikden-döwletden...
Rysgalyň çeşmesi — göwnügiňlik, nebsiň duşmany-da — göwnügiňlik. Ahlaky sypat hökmünde göwnügiňlik kyn pursatlarda, ylaýta-da, maddy mätäçlikde ruhy taýdan pese düşmezligi, ejizlemezligi, erkiňi ýitirmezligi aňladýar. Şygryň bütin dowamynda gaýtalanýan zalym, namart, duşman diýen kesgitleme — sypatlandyrmalar, elbetde, nebsi hem-de nebisjeň kişileri aňladýar. Şahyryň esasy aladasy şularyň öňünde pese düşmezlikdir. Diýmek, Hudaýdan rysgal dilemek — mertebä esas hem puryja dilemekdir:
Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme!
Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!
Rysgalyň ruhy netijesiniň birini — mertebäni öň görkezen bolsak, bu ýerde onuň ikinji bir ahlaky netijesi — buýsançlylyk görkezilýär. Özüňçe bar-ýok, namart adamyň öňünde ýüzüňi saraltmazlyk, el sermezlik buýsançlylygyň aňrybaşydyr. Her bendä öz rysgalyny bermek Allanyň iň beýik adalatlylygydyr.
Ähli ýaramazlyklar mynasyp däl adama mätäç bolmakdan başlanýar. Maddy mätäçligiň soňuna çykmak üçin ahlaky gymmatlygyny ýitirýän adam işigaýdan adamdyr. Çünki onuň öz-özüne hormaty hem sylagy ýitýär, ol aýak astyna düşýär, serişdä hem oýnatga, oýnaga öwrülýär. Tamakinçilik, açgözlük, özgä baknalyk adamyň içki ruhy-ahlak sütünlerini öňli soňly opurýar. Onsoň onuň üçin ruhy düşünjeleriň manysy ýitýär, jemgyýetçilik ýörelgelerine-de bilniksizden ägirt uly zyýan ýetýär:
Magtymguly, Hakdan dile baryny,
Dilär bolsaň, dile öz imanyňy.
Abat eýle iki gözüm nuruny,
Sag gözüm sol göze mätäç eýleme!
Ine-de, ahyry imana geldik. Rysgal, nebis, iman ýaly oňyn-u-tersin ruhy-ahlak düşünjeleriň özara içki gatnaşyklary hem özboluşly baglanyşyklary ruhy taglymaty kemala getir¬ýär. Nebis — gulçulyk, rysgal — mertebelilik, iman bolsa — ahlaky azatlykdyr. Ahlaky azatlyk — ýaramaz niýetlerden, meýil¬lerden azatlykdyr, adamyň içki ruhy erkinligidir. Munuň özi adamyň öz-özüniň, öz ynsabynyň öňünde kelle ýalaňaçlap bilmegi we ynsabynyň gözüne müýnsüz, buýsançly bakyp bilmegidir. Şeýle şahsyýet örän uly güýçdür. Içki taýdan azat Adamy daşky şertler dyza çökerip bilmez, gul edip bilmez. Şeýle adamy siller almaz, suw syndyrmaz, ýel çekmez.
Ýöne biz şu wagta çenli rysgalyň diňe bir jähetiniň — Hudaýa baglylyk tarapynyň gürrüňini etdik. Elbetde, Magtymgulynyň ruhy taglymatynda meseläniň, esasan, şu tarapy köp işlenilipdir. Emma munuň ikinji bir möhüm jäheti — adamyň öz işi hem jogapkärliligi bilen bagly tarapy-da bar. Türkmen ahlaky aňynda muňa uly ähmiýet berlendigi gürrüňsizdir.
«Alla rysgal berjek bolsa, tükge düşüp, başyňy basyryp ýatsaňam berýär» diýen gürrüň öňem biriniň gulagyna köp degipdir. «Hudaý berse guluna — getirip goýar ýoluna», «Hudaý berjek bolsa, tüýnükdenem uzadar» diýen atalar sözem bar bizde.
Ine, onsoň aýdylýan gürrüňiň çynlygyny-ýalanlygyny bu kişi öz synagy bilen barlap görmek isläpdir. Ol obadan çykypdyr-da, kän adam-gara barmaýan çöl-beýewanda basyrynyp ýatyberipdir diýýä. Bir gün geçipdir — görünýän ýok, iki gün geçipdir — halyndan habar alýan ýok, üç gün geçipdir — barmysyň diýýänem ýokmuş. Bendäni açlyk hem teşnelik kösäp başlapdyr. Emma gelmeze dönen dördünji gün weli, bir geçip barýan kerwen dahyl boldy diýýä. Ýakynynda kerweniň düşlänini gören kişi öňküsi ýaly, gyrymsy agaja bukulyp ýatyberipdir. Birdenem düşlän kerweniň içinden bir adam gyrymsy agaja tarap gaýdypdyr. Gelibem, ýaňky bukulyp ýatanyň gabadynda oturypdyr. Niýeti çola ýerde buşukmak eken. Onuň niýetini aňlan bende nälaç «ähem!» diýip, ardynjyramaly bolupdyr. Kerwençi birhili bolup, zöwwe ýerinden galýar-da:
— Sen näme işleýäň-how bu taýda? — diýenini duýman galýar. Beýleki «Aý, ýatyryn-da» diýipdir.
— Ýatan bolsaň, tur, ýör, çaý-çörek edineli — diýip, kerwençi ony düşelgä tarap alyp gaýdýar. Garnyny doýran synag¬çy kişi şondan obasyna gaýdyberipdir.
Obanyň ýagdaýy özüňe belli. Gelipdirler dumly-duşdan: «Nähili boldy-da, nähili boldy?» diýşip. «Ýeri, ýatsaňam berýäni çyn ekenmi?» diýip, ondan sorapdyrlar.
— Berýäni-hä çyn weli, özüňdenem bir «ähem!» gerek ekeni — diýip, ol jogap beripdir.
Rysgal meselesinde adamyň öz üstüne-de uly jogapkärçilik hem borç düşýär. Meseläniň şu tarapy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanynda hasam güberçekleýär, munuň ähmiýeti has-da artýar. Sebäbi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamany — munuň özi milletiň we her bir adamyň hut öz ruhy döredijilik zamanydyr. Bu türkmen halkynyň müňlerçe ýyl¬lyk taryhynda hil taýdan bütinleý täze sözüň çyn manysynda görlüp-eşidilmedik eýýamdyr. Türkmeniň ruhunda ýatan döredijilik gorlary-mümkinçilikleri ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykyp ugraýar.
Taryhy döredijilik işi, ilkinji nobatda, Garaşsyz milli döwletiň döredilmeginde aýan bolýar. Halkyň taryhynda bu düýpli hem üýtgeşik hadysadyr. Döwletiň döredilmegi hem berkemegi irginsiz taryhy döredijilik işi bolup, munda milletiň ähli ruhy, ykdysady hem ahlak mümkinçilikleri, ukyplary doly güýjünde işledilýär. Iş ýüzünde bu milletiň hemmetaraplaýyn kämilleşip başlaýan zamanydyr.
Belent mertebeli Prezidentimiz bu zamany özüniň ýadawsyz tagallalary, ajaýyp başarnygy, gujur-gaýraty netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanyna öwürdi. Magtymgulynyň «çoh garaşan ajap eýýamy» türkmen halkyna ýar boldy. Türkmenistan döwletimiz bu gün jenneti mekana öwrüldi. Bu ajap mekanda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara hem şol toýlaryň biridir.
Toýlar toýlara ulaşsyn!
Osman ÖDE.
Magtymgulyny öwreniş