▶ Şygryýetde türkmen ruhunyň kökleri
Jan, barlyk hem yşk baradaky düşünjeler her bir türkmeni beýik Magtymguly¬nyň huzuryna getirýär. Magtymguluda bolsa janlylyk — yşk ukuby, yşka düşmek ukyby hökmünde düşünilýär. Yşk — ýaşaýyş hyrujynyň iň ýokary derejede ýüze çykmagy, jan bolsa ýaşaýşyň esasy dirilik birligi. Jan — dünýäni herekete getir¬ýän birlik. Hut şular hakynda beýik şahyryň hemmä belli, şol bir wagtda-da juda näbelli «Bu derdi» goşgusynda aýdylýar.
Ilki bilen, şygryň esasynda ýatýan rowaýat, şygryň medeni kökleri hakynda aýdaýyn.
Ine, şol rowaýatyň gysgaça mazmuny: Rabguzynyň «Kyssasyl-enbiýa» eserinde şeýle beýan edilýär: Alla adama üýtgeşik bir gudrat bermek hem-de özüne meňzetmek üçin öz ruhuna laýyk närse ýaradypdyr. Ýüzük şekili bolan bu närsä öz rehmetini, Muhammediň nuruny, säheriň durulygyny goşupdyr we oňa jan-kök (yşk) adyny beripdir. Bu närsäni adama bagyş etmezden öň, ýaradylan zatlaryň ählisine maslahat salypdyr: «Haýsyňyz alsaňyz, şoňa şu zady bagyş edýärin» diýipdir. Ýel, suw (derýa), ot, dag, düz — bularyň barysy gezekli-gezegine alyp gidip, ýene-de gaýtaryp getiripdirler. Çünki janyň yşk derdini çekmäge olaryň hijisiniň hem kuwwaty çatmandyr. Olaryň älemi lerzana gelipdir.
Özboluşly rowaýata öwrülen bu hadysanyň düýbi Gurhandan gaýdýar. Ine, ol:
«Amanat ýüki asmanyň, zeminiň we dagyň boýnuna dakjak boldular, eýmendiler, ahyry adam ony öz boýnuna aldy. Hamana ol sütemkär we nadan ýalydy».
Gurhandan alnan bu bölek bilen Rabguzynyň rowaýaty¬ny deňeşdireniňde, ruhuň ösüşindäki uly özboluşlylygy görüp bolýar. Yslam medeniýetinde muňa tefsir diýilýär.
Tefsir etmek — ýöne bir gaýtalamak däl-de, eýsem, janly taryhy, ruhy durmuş içre manysyny ýaýmak bolýar. Şol ýaýmaklyk üçinem asyl tekstiň durkunda bolmadyk detallar hem pikirler goşulýar. Gurhandaky şine görnüşli hakykat Rabguzyda gül ýa miwe barlygyna eýe bolupdyr. Rabguzynyň «adama üýtgeşik gudrat bermek», «özüne meňzetmek» diýýäniniň çuňňur filosofik manysy bar. Bu ýerde beýik Ýaradan bilen adamzadyň ruhy manydaky sebäpli-netijeli baglanyşygy görünýär. Bu ýerde adamzat janynyň hem paýhasynyň düýpli filosofik manysy jemlenýär. Hudaýa meňzeýän diýmek — pikirlenip, aňlap bilýän, üýtgeşik gudrat-paýhas arkaly akyl ýetirip bilýän hem barlygy üýtgedip bilýän diýmekdir. Diýmek, gep adamyň gaýry ýaradylan zatlardan düýpli tapawutlanýan barlygy hakynda barýar. Adama mahsus akyl, dil, köňül, hereket — bu ruhy sypatlaryň bary şol närseden-jandan gelip çykýar. Yşk bolsa şol närsäniň — janyň ýaşaýyş görnüşidir. Şeýlelikde, yşk — adamzadyň tebigatyň gaýry jansyz-u-janly birliklerinden tapawutlanýan ählumumy ýaşaýyş usulydyr.
Allatagala adamzada akyl ýetirmek ukybyny beripdir. Şu-da onuň hem bagty, hem betbagtlygydyr, hem artykmaçlygydyr, hem özgeleriň öňündäki kemçiligidir.
Bagtlylygynyň sebäbi — ol şunuň bilen sözüň hakyky manysynda ýaşamak lezzetine eýe bolýar, çünki ol, aýdaly, janly-jandarlardan tapawutlylykda diňe ýaşaman, eýsem özüniň ýaşaýanlygyny-da bilýär. Betbagtlygynyň sebäbi — ol özüne akyl ýetirýär, ýagny ol özüniň öljekdigine-de akyl ýetirýär. Lezzet, eşret şobada derde öwrülýär. Hut şonuň üçindir, megerem, Gurhanda amanat ýüküni boýna alan adamzat barada: «Hamana ol sütemkär hem nadan ýalydy» diýip aýdyl¬ýar. Rast aýdylan pikir, beýik pikir. Her bir zat öz gapma-garşylygyna öwrülýär. Adamzada ýaşamaga usul hem serişde beren, ony barça mahlukdan ýokary galdyran akyl onuň ýok bolmagyna-da sebäp bolup biler.
Şeýlelikde, «Bu derdi» şygrynda goýulýan yşk meselesine şu hili kontekstde seretmeli. Şonda onuň bütin çuňňurlygy da, şahyryň meselä çemeleşişiniň aýratynlyklary-da bize aýan bolar.
Rabguzy aýtmyşlaýyn, janyň gurluşyny Allanyň rehmeti, Muhammediň nury we säheriň durulygy emele getirýär. Bu ýerde alymlara pikirlenere juda düýpli esaslar bar. Bu ýöne bir syrly pikirlenme ýa-da hyýaly bir zat däl. Bu ýerde ýaşaýyş fenomenine yslamyň garaýşynyň aýratynlygy jemlenýär. Hatda allegoriýa-da öz içinde, süňňünde filosofik janlylygy saklap bilýär. Bir nesil tarapyndan döredilen tymsalyň, allegoriýanyň içki janly manysyny indiki nesil açýar. Ruha akyl ýetirişiň taryhy şundan ybarat. Çünki tymsal — bu hakykatyň obrazlaýyn umumylaşdyrylmasy. Ol, käbirleriniň pikir edişi ýaly, nähaky hakykata öwürmek däldir, howaýylykdan hakykat ýasamak hem däldir. Allegoriýa hem tymsal — ruhuň doňňaralygyna, howaýylygyna öwrülen hakykatdyr. Indiki nesilleriň wezipesi — şol howaýylyk hem doňňaralyk içinde ýatan hakykaty öz zamanynyň, öz paýhasynyň diline terjime etmekdir. Şol terjime esasynda-da durmuşa öz gatnaşygyňy tapmakdyr. Diňe şu herekete ösüş diýip düşünip bolar.
Öten nesilleriň ruhy tapyndylaryny howaýylyk ýa şuňa meňzeş zat hökmünde durşuna inkär etmek hem, ýa-da olaryň içki manysyny açmazdan, saçmazdan, şol durşuna «mehaniki» kabul etmek hem ösüşi aňladyp bilmez. Aýdaly, ýokarky rowaýat bize ýaşaýşyň, tebigatyň gelip çykyşyny düşündirmände-de, ol bize yslam ruhunyň gelip çykyşyny we ösüşini, onuň barlyga gatnaşygynyň aýratynlyklaryny düşündirýär. Rowaýatdan görnüşi ýaly, adamda, adamyň gurluşynda metafiziki dünýä (Allanyň rehmeti), fiziki dünýä (säheriň nury) hem-de olaryň aralygyndaky trans-fiziki dünýä (Muhammediň nury) mahsus elementlerden ybarat barlyk ýatýar. Adam janyna mähir (rehmet), nur hem-de durulyk mahsusdyr. Ýylylygyň (mähiriň), ýagtylygyň hem durulygyň nähili fiziki manylary bar?! «Ýaşaýyş» diýmek şu üçüsiniň bitewüligi dälmi?! Hem-de mundan ruha mahsus bolan nähili alamatlary getirip çykaryp bolar?!
Jan hakynda pikir ýöredilende, esasy hem filosofik taýdan agramly düşünjeleriň biri amanat diýen aňlatmadyr. Arap dilinde nähili many berýändigini bilemok, ýöne türkmen dilinde munuň iki manysy bar — substansional hem alamatlyk manylary bar. Ol janyň özüni-de aňladýar, janyň baş sypatlarynyň birini — onuň wagtlaýynlygyny, amanatdygyny-da aňladýar. Şujagaz manylarda türkmeniň ýaşaýyş filosofiýasynyň esasy özeni jemlenipdir. Şeýle dünýägaraýyş hem dünýäni şu hili duýuş Gurhandan gaýdýar. Edil Magtymgulynyň «Bu derdi» şygrynyň Gurhandan kök alyp gaýdyşy ýaly. Emma Gurhan bilen Magtymgulynyň arasynda birgiden filosofik hem edebi däpler we ýörelgeler ýatyr. Şolar hem şahyryň Gurhana düşüniş aýratynlygyny kesgitleýärler. Olardan esasysy sufizmdir. Sufizmiň ruhy hadysa hökmündäki giňligi hem çuňňurlygy, köpöwüşginliligi yslam medeniýetiniň tutuşlygyna giňligine, çuňňurlygyna hem köpöwüşginliligine barabardyr. Emma ony bellibir nukdaýnazardan aňa sygdyrmak, many kesgitlemesini bermek mümkin. Ýaşaýşyň şahsyýetleýin ýüze çykyşy nukdaýnazaryndan, sufizm — munuň özi yslamyň barlygynyň şahsyýet hökmünde göz öňüne getirmesidir. Ilki Muhammediň ruhy şahsyýeti, soňra bolsa beýik welileriň — Hudaýyň dostlarynyň, pirleriň, erenleriň şahsyýeti sufizmiň many aýratynlygyny düzýär.
Gurhany-Kerimiň aýatlarynyň düýp manysy hakda kelle döwýärin: näme üçin daglar, derýalar, çöller, asman hem zemin yşky kabul edip bilmedilerkä? Muny bir Hudaý bilýär. Ýöne çakym çak bolsa, munuň düýp sebäbi şol mahluklaryň şahsyýet däldigindedir, şahsyýet bolup bilmänligindedir. Jany almak, janly bolmak — şahsyýet bolmak diýmekdir. Beýik Magtymguly hatda älemiň döreýşini-de şol yşk bilen baglanyşdyrýar.
Yşk — älem ýaşaýşynyň, müňlerçe, ýüz müňlerçe, mil¬lionlarça ýyllap dowam edýän dürli görnüşli ýaşaýşynyň esasynda ýatýar, ýöne şol görnüşleriň dürlüligini yşkyň inkär edilenligi ýa-da ykrar edilenligi kesgitleýär. Pelegiň aýlanyp durmagy, behişdiň arşda, dowzahyň ýeriň teýinde bolmagy — bularyň bary yşkyň işi eken. Diýmek, älemiň häzirki düzüminiň, barlygynyň özi yşkdan gaýdýar.
Yşk — älemiň asly. Şeýlelikde, yşk — Allanyň özüniň hyl¬waty sypatydyr. Ýaşaýşyň görnüş köpdürlüligini Allanyň ýaradan yşkyna älem ýaşaýjylarynyň gatnaşygy deslapdan kesgitläpdir. Ine, Biribaryň beýikligi — ol ýaşaýyş kanunyny ýaradyp, ol kanuny kabul etmegi-etmezligi, ýaşaýjylaryň erkiniň, azatlygynyň, saýlawynyň meselesi hökmünde goýupdyr. Jansyz mahluklar şahsyýet däldigi üçin jansyzdyrlar. Emma Magtymgulynyň pikirini yzarlasaň, onuň meseläni goýşuny yzarlasaň, şahsyýetleriň hem tebigatynyň durmuşy manyda deň däldigini aňlap bolýar.
Dagdan, derýadan tapawutlylykda, gurt-guşlar janly, ýagny olar hem şahsyýet. Ýöne olar diňe fiziki şahsyýet. Çünki olar yşka düşmäge, ýaşamaga, nesil öndürmäge ukyp¬ly bolsalar-da, munuň manysyny düşündirmäge — ruhy taýdan önüm öndürmäge ukypsyzdyrlar. Adamdan gaýry biologik jandarlaryň güni şahyr dilinde aýdanyňda, aglamak-eňremek. Şol agyda gulagyma olaryň Allanyň yşkynyň pes görnüşinden hyýaly zeýrenç eşidilýär. Emma hakyky dert adamyň boýnundadyr.
Türkmeniň şu «boýna almak» söz düzüminiň, megerem, soňky nesiller — biz tarapdan unudylan täsin manysy bar. Ol frazeologizm, frazeologik söz düzümi bolsa emosional hem semantiki manylaryň giden bir gatlagyny öz içinde saklamaga ukyply. Ine, türkmen ruhunyň çuňňurlygyny hem emosional barlygyny özünde saklaýan «Görogly» eposynda şeýle sözlemler bar: «Ady beg soltan aýaly bilen ýakynlyk etdi. Aýalynyň boýnunda hamyla galdy». Ylalaşaýyň, täsin söz utgaşmasy. Ol utgaşyk ýaşaýyş kanunyny, döreýiş kanunyny açýar. Göwresinde däl, boýnunda hamyla galypdyr. «Hamyla» diýmegiň özi göwreli bolmagy aňladýar. Onsoň göw-re, göw-üs, köň-ül, göw-nek ýaly sözleriň hemmesiniň bir kökden gaýdýandygyny, hatda «kök» sözüniňem şolar bilen baglanyşyklydygyny çaklap bolýar. Megerem, asman manysyndaky «gök» sözi-de şundandyr? Gö-w, gök — munuň özi ýaşaýyş, asyl, döreýiş, sebäp diýmekdir. Munuň özi jan diýmekdir, ýoklukdan barlyga, şahsyýetsizlikden şahsyýete öwrülmek diýmekdir.
Diňe adam yşky akyly bilen aňlamaga ukyply. Yşk — ölüm bilen ömrüň bitewüliginiň, bir zatdygynyň hakykaty. Adam doglan zadyň ölmelidigine hem pikirlenme, hem duýgy arkaly göz ýetirýär. Şonuň üçinem ol, haýwandan tapawutlylykda, ruhy şahsyýetdir. Haýwan ölümi diňe janyna howp salnan mahaly duýup bilýär. Adam ten duýgularyndan ýokary galyp, akyl ýetiriş bitewüligine ýeten şahsyýetdir. Ol özüniň elini, aýagyny, kellesini görýär, şol bir wagtda-da ol özüniň «meniniň» bulardan ýokarda bir ýerdedigini görýär. Beden agzalarynyň biologik jeminden adamyň şahsyýeti kemala gelmeýär. Adamyň öz-özünden bölünip aýrylmagy, özüne gapdaldan bakyp bilmegi bu ýerde üýtgeşik bir ýaşaýşyň fenomeniniň bolup geçendigini aňladýar. Munuň özi bakylyga puryja dörändiginiň alamatydyr. Bu — azatlyga çykmakdyr.
Emma beýle azatlygyň düýpli gaýgyly manysy bar. Munuň düýp manysy adam şahsyýeti tarapyndan ölümiň barlygyny aňlamakdyr. Ine, şeýdip, jandan başlanan biologik ösüş ölümi aňlamak diýen ruhy hadysa bilen bitewüleşdi. Ruhy şahsyýet bolmak — tenden azat bolmakdyr, has dogrusy, tenden özüni tapawutlandyrmakdyr, şu tapawudy aňlamakdyr. Emma tenden doly azat bolmak mümkin däl — arada ölüm ýatyr. Ölümden aňyrsyny bolsa ten duýgularynyň, paýhasyň gözüniň görşi ýaly, ynamdar görmek mümkin däl. Onsoň adam hasrata ulaşýar:
Gaçdy derýa, adam aldy boýnuna,
Tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi.
Şahyryň şu «tört ýüz ýylyny» alym M.Annamuhammedow Magtymguludan dört ýüz ýyl oň ýaşap geçen Bahaweddin Nagyşbendi bilen baglanyşdyrýar. Illeri bilmedim, ýöne muňa meniň göwnüm-ä hä diýenok. Sebäbimi? Sebäbini ujypsyzja, göräýmäge, ähmiýetsizje bir durmuşyň maglumatynda görýärin. «Tört müň tört ýüz» ýa-da «tört ýüz» matematiki anyklygy däl-de, tükeniksizligi ýa-da takmynanlygy aňladýar. Magtymgulynyň dilinde munuň özi «näçe ýaşasa-da» diýmegi aňladýar. Näçe ýaşasa-da, adama jan süýjüsinden doýma, ölüm ajysyndan gutulma, azat bolma ýokdur.
Hawa, biziň şahyrymyzyň şygrynda ozal ulanylan gurluşlar getirilýär. «Magtymgulynyň şu şygyrdaky yşka beren sypatlaryny Rumy gazallarynda ylhama öwrüp beripdir. Emma bu daşky gabyk, daşky maglumatlaýyn hakykat, «Magtymgulynyň hem yşk konsepsiýasynda şolardan üýtgeşik ideýalara gitmändigine asla delil bolup bilmez. Beýle netije şahyryň gaýtalanmaz ruhy ahwalatynyň janly aýratynlygyny görüp bilmänligine, öňden belli detallaryň içinde şahyry ýitirenligine şaýatlyk edýär. Beýle diýmek, bu ýerde «Täze ruhy ahwalat hökmünde Magtymguly ýok» diýmekdir. Aslynda-ha Magtymguly behişdi, dowzahy hem gurt-guşy goşup, yşkyň bütinleý täze garaýşyny berýär. Şu wagta çenli eden gürrüňimiň özem tutuşlygyna şol garaýşyň manysyny açmaga edilen synanyşykdyr. Onsoňam taryhy durmuşyň hadysasy bolan ruhy ahwalat meselesinde Rumy, Nowaýy, Jamy bilen Magtymgulynyň arasynda düýpli tapawut bar.
Öňküler — Merkezi asyryň dünýäni duýşy.
Magtymguly — täze döwrüň ruhy şahsyýeti. Tapawut nämede? Tapawut Magtymguluda mistikanyň gabyklarynyň sypyrylyp ugranlygynda.
Nowaýynyň gahrymany ölümde diriligi görýär, dert çekip ölmegi bagt hasap edýär.
Magtymguly bolsa ölümde ölümi görýär, ony eşret däl de, uly pajyga, hasrat hökmünde kabul edýär.
Yşk ölüme akyl ýetirmäge kömek edýär, emma ölüme akyl ýetirmek asla-da ölümiň eşrete öwrülýändigini ýa-da onuň öz-özünden aradan aýrylýandygyny aňlatmaýar. Bu ýerde öz-özüňi aldamagyň bir usuly, ruhy gözbagçylygyň bir täri bolan düşünje ýok. Magtymguly ölümiň gutulgysyzlygyny ykrar edýär, bu gutulgysyzlygyň adam kalbyna ummasyz hasraty salýanlygyny-da inkär edenok. Konsepsiýa — esasy garaýyş, baş ideýa, baş maksat — pikirdir garaýşyň bitewüligini emele getirýän düşünjedir. Onda çeper eserde ýüze çykýan garaýşy doly aýdyňlaşdyrmak üçin eseri dolulygyna öwrenmek, döredijilikde aýdyň bolýan garaýşy doly göz öňüne getirmek üçin bolsa döredijiligi doly we hemmetaraplaýyn öwrenmek gerek.
Magtymgulynyň yşk garaýşy filosofik pikir hökmünde gürrüňsiz onuň ölüm, pelek, wagt, dünýä baradaky goşgulary bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem soňkulary ele almazdan, bu meselä degip hem oturmaly däldir. Ol ölüm bilen ömrüň dialektiki baglanyşygyna ýeten şahyrdyr.
Alym A.Bekmyradow Magtymgulynyň çeperçilik ga¬raýşyna degişli ajaýyp bir açyş etdi.
Şol açyşyň düýp manysy şuňa syrygýar: Magtymgulynyň eserlerinde esasy aýdyljak bolunýan pikir soňky bentde beýan edilýär. Ine, şahyryň «Bu derdi»:
Magtymguly, çekseň derdi digünden,
Asy bolup, şikat etme bu günden.
Bu ölmek — aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi.
Sen ölüm — aýralyk derdini «di günden» — düýnden geçen günden, öňden bäri çekip gelýärsiň. Bu dert pederlerden galan dert. Bu gün derdi çekseňem, närazylyk bildirip, aglap-eňräp, närazy bolma — günä gazanma. Şikat etme bu günden — bu ýerde «gün» aňlatmasy adam ýaşaýşynyň filosofik aňladylmasydyr. «Gün» sözüniň türkmen dilinde ýaşaýyş manysy bar. «Gün görmek», «Gün berenok» ýa-da «Gün — güýçliniňki, gowurga — dişliniňki». Adam öz ölüm bilen gutarýan ýaşaýşyny, ömrüni öz boýnuna aldy. Bu fiziki kanunalaýyklygy özi boýun aldy. Çünki adamzadyň pederi — Adam atanyň özi şeýtanyň alyna gidip, Paýhas agajyndan datmadymy näme? Ölümiň barlygyna şeýdip akyl ýetirmedimi näme?! Şonuň üçin hemmeler muňa boýun alyk bolmalydyr. Ine, şahyryň yşk garaýşynyň şu bentde çykýan manysy şeýledir. Munuň özi islendik adamyň durmuşyna degişli hadysa hem pikir dälmi näme?! Bu taýda hiç hili hyýaly ýokundy ýok, bu taýda janly durmuşyň filosofik umumylaşdyrylmasy bar. Alym A.Bekmyradow öz ylmy makalalarynda Magtymgulynyň döredijiligindäki şeýle düýp¬li aýratynlyklary örän ynandyryjylykly beýan edipdi.
Yşk — döredijilik. Magtymgulynyň yşk pelsepesi çuňňur, düýpli hem howalaly. Şahyryň bu pelsepesi türkmen ruhunda uly hadysa boldy. Ol türkmene ylahy yşkyň manysyny ýetirdi hem türkmen ruhuny ylahy yşkyň derejesine çenli göterdi. Ylahy yşk — bu, ilkinji nobatda, Hudaýyň barlygy hem döredijidigi bilen baglanyşykly yşkdyr. Şol yşka dahylly bolup bilen ynsan hem bakylykdan paý alýar. Diýmek, ylahy yşk — diňe bir üýtgeşik obýektli söýgini aňladýan yşk däldir. Ol ilkinji nobatda hem ahyrky netijede, şu söýgüde ruhuň hem ruhlulygyň derejesini we ornuny göz öňünde tutýar. Şu uly hem esasy aýratynlygy gözden salmaly däl. Çünki söýgüde ruhuň şu derejesi hatda esasy obýektiň Hudaýdan özgerip, özge zatlar bolan halatynda hem saklanyp bilýär. Ylahy yşk — baky diriligiň yşkynda bolmakdyr.
Şahyryň «Duman peýda» goşgusynda adam ömrüniň yşky manysy, dünýä yşky bilen ylahy yşkyň arasyndaky düýpli tapawut açylyp görkezilýär. Ilki bir zady bellemelidiris: Magtymguly — ruhuň hem diliň çuňňur we köpmanyly, köpöwüşginli hem çylşyrymly hadysasydyr. Şonuň üçin munda «yşk» aňlatmasy-da dürli-dürli manylary berýär. Ýöne şolaryň hemmesiniň aňyrsynda bir many — hyjuwlylyk, hyruçlylyk manysy ýatýar. Meselem:
Müň yşk bile maly-dünýä ýygar sen.
Şu setirde «yşk» sözüniň hyjuwlylyk, höweslilik many¬syny berýänligi görnüp dur. Emma aýratyn, alnan sözüň manysyndan tapawutlylykda, hadysanyň manysy diňe şol hadysa doly amal bolandan soň kesgitlenýär. Edil adam ömrüniň manysy-da şonuň ýalydyr.
Bir akyldar: «Entek adam ömri paýawlanmanka, onuň bagtly ýa bagtsyzdygy barada netije çykarmak ýalňyşlyk bolar» diýipdir. Diýmek, ähli zatlaryň düýp manysy onuň ahyrynda, amalynda kesgitlenýär, aýan bolýar. Şonuň üçin bolsa gerek, türkmen «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýýär. Magtymguly hem zatlaryň, hem hadysalaryň manysyny kesgitlemekde ahyrky netije düşünjesinden ugur alýar.
Hyjuwlylyk döredijilikdir. Onda mal ýygnaýan adam dörediji-dä? Elbetde, ýöne ol, Magtymgulynyň garaýşyça, özi baky ölümini döretmek bilen meşgullanýar. Ol wagtyň elindäki serişdä öwrülýär.
Hyjuw bolmasa, yşk bolmasa, hatda adam ömri hem mümkin däl.
Şahyryň bu pikiriniň üsti bilen adamzadyň ähli maddy hem ruhy döredijiliginiň düýp manysyny açyp bolýar. Ýaşaýşyň özi yşkyň netijesi hem amal bolmasydyr. Yşka ukyplylykda adamlar Allanyň özüne ýakynlaşýar. Hut söýgi adamyň ruhy derejesi we mazmuny boýunça Alla bilen bitewi bir sypatlara eýe bolýandygynyň güwäsidir. Emma muňa gödek hem fiziki manyda düşünmeli däl. Ten yşkynyň betnyşanlygy onuň ölümli närselere ymtylýandygyndadyr. Adam şahsyýeti üçin munuň peýany ýok. Täze bir adamyň ýa bolmasa, haýwanyň dogulmagyna getirýän ten yşky-da aňyrsyna seredip otursaň, ruhy manydan mahrumdyr. Çünki bu ýerde ruhuň däl-de, kör tebigatyň hyjuwy aýan bolýar. Tebigy ýaşaýşy dogurmak, şol bir wagtda fiziki ölümi-de amal etmekdir. Çünki şeýdip, ömür bilen bilelikde ölümiň-de dowamaty gazanylýar.
«Duman peýda» şygrynda adamyň bu dünýädäki ömri pasly-bahara meňzedilýär. Nowruz bu ýerde tymsaldyr. Şahyr nowruzda älemiň jana gelşini, dürli jandarlaryň, gurt-guşlaryň herekete gelip, ýaşaýyş hyjuwyny ýüze çykaryşlaryny ussatlyk bilen beýan edýär. Dünýä gözelleşýär, dünýä reňk açýar, dünýä durşuna owaz hem hereket, aýdym-saz bolup dur. Adam dünýä ýaşaýşyna berlip, soňuny pähim etmezden ömür sürüp ýörkä, onuň ömri-de edil şol nowruzy ýada salýar.
Nowruz — dünýä hyjuwynyň bir salymda ýüze çykmagy. Beýle hyjuw özüniň ähli hakykatlygynda şahyra, birhili, şübheli görünýär. Çünki paýhas oňa ýaşaýyş entek dowam edýärkä, onuň lezzeti bardyr, emma many bilen lezzetiň arasynda tapawut kändir diýýär.
Many — hakykatdyr. Hakykat bolsa nowruzyň gutarjak¬lygynda, seniňem öljekligiňdedir. Emma ten hakykaty bilen bu paýhas hakykatynyň hersiniň öz «mamlalygy» bar.
Ten hakykaty — lezzetde.
Paýhas hakykaty — manyda.
Ömrüň manysy — Hakyň yşkyny tapmak hem-de hemişelik hakyň yşkynda bolmak. Munuň özi adam şahsyýetiniň kämil¬ligini kesgitleýär. Adam ömri şahyryň şygyrlarynda iki hili görnüşe bölünýär — yşky ömür hem-de yşksyz ömür. Birinjisi manylylyk bilen, ikinjisi bimanylyk bilen häsiýetlenýär.
Manyly ömür — açyk ömür, çünki onuň soňy bakylyga sapylýar, bimany ömür bilen tamam bolýar. Emma bakylyga lezzetiň üznüksizligi, hemişelikligi diýip düşünmeli däl. Munuň özi bakylyga nädogry, mukdar düşünilişi bolar.
Bakylyk — ten barlygyndan dynyp, sap ruhy barlyga geçmekdir:
Eýlegeý arasatda gül kibi iman peýda.
Iman — ölümiň gapma-garşylygy.
Iman — ahlak azatlygy.
Iman — ölümden soňky şahsy dirilik manysynda düşün¬dirilýär. Hindileriň bu baradaky ynançlaryny gysgaça gürrüň bereýin: janly bedenleriň ösüş ýoly adama ýetip, tamam bol¬ýar. Adamda ruhy ewolýusiýa başlanýar. Adam tene mahsus ähli höweslerden hem sypatlardan halas bolup bilse, onuň teniniň içinde daş sypaty boýunça edil şol tene meňzeş ruhy şahs döreýär. Haçanda, ten ölende, ol şahs — sap ruhy, emma adam şekilindäki şahs bakylyk dünýäsine uçup gidýär. Şol şahs — imandyr.
Adam ömrüniň nowruzy düýşe meňzeýär. Aslynda ähli geçmişiň düýşe meňzemek häsiýeti bar.
Geçmiş — düýş, geljek — hyýal.
Ýaşaýşyň düýşdügi baradaky syzgy adamda agyr ukudan soň peýda bolýar. Göz öňüne getirip görüň, siz ukudan oýandyňyz, emma entek doly aýňalaňzok. Göz ýalpa açylandan, entek siz dünýä gaýdyp geleňzok, birdenem akyl oýanýar-da, bary-ýogy birnäçe salymyň içinde ukudaky zatlar hakyda gelýär. Sizi, birhili, geň duýgy gurşap alýar, bolan wakalar edil düýş ýaly bolup, düşnüksiz, syrly täsirliligini özünde saklaýar. Ölüm mütdeti gelende, ömür hem şeýle düýşe öwrülýärmikä?!
«Düýş — beýniniň haýsydyr bir sebäbe görä uklaman galan öýjükleriniň birden oýanmagy» diýýärler. Onda ömür hem kaza dolandan soň, uklaman galan jan öýjüklerimikä?!
Nowruz, elbetde, tymsal. Emma Magtymgulynyň tebigata diňe tymsal däl, eýsem, Hak yşkynyň hakyky ýüze çykmasy hökmünde garandygyny aýtmak isleýärin. Tebigatyň, janly-jandarlaryň, adamlaryň diriliginiň aňyrsynda Allanyň yşky ýatýar. Ol ähli diriligiň gözbaşy. Bu diňe bir bakylyk manysyndaky ruhy dirilige degişli däldir. Hatda Wagt hem Allanyň yşkynyň netijesi, onuň ýaradan zadydyr. Wagt bolsa dowamatyň üznüksizligi, ýagny ömür bilen ölümiň gezekleşigidir. «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!» goşgusy bilen baglanyşykly Magtymgulynyň döredijiliginiň durmuşa gatnaşygy babatda bir aýratynlygy bellemekçi bolýaryn. Şahyr öz filosofiýasyny adaty hem janly durmuşdan alnan wakalaryň, hadysalaryň, zatlaryň üsti bilen berýär. Bu ýaşaýşy düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde görkezmekdir. Şeýle aýratynlyk şahyrana pikire agraslygy, düýpsüzligi, beýleki tarapdan bolsa, janlylygy, täsirliligi berýär. Şeýle halatda pelsepe durmuşyň tüýs anyk faktoryna, durmuş bolsa çuňňur pelsepewi hadysa öwrülýär. Edebiýata bolan garaýyşlarda, näme üçindir, döredijiligiň şu iki taraply bitewüliginiň bellibir tarapyna güýçli üns berilýär-de, beýleki bir tarapy ýatdan çykýar. Aýdaly, Magtymgulynyň döredijiligi hakynda: öňler-ä bu şygryny diňe durmuşyň erkin ýüze çykmasy, şahyrana pikiriň hem diliň halky hadysasy hökmünde görkezjek boldular, indem ony diňe düýp many, durmuşyň içki, astky gatlagyndaky jady, paýhasyň naýbaşysy diýip kesgitlejek bolýarlar. Hakykatyň altyn ortalykda — düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde ýatmagy ähtimal.
«Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!» türkmen durmuşynda geçmişde giň ýaýran dessur bilen baglanyşykly ýazylypdyr. Baryp gadymy oguz zamanlarynda-da türkmenlerde «süýt hatyn» adyny alan, özem şamançylyk-otparazlyk ynançlary bilen bagly täsin dessur bolupdyr. Häzirki döwürde bu diňe käbir ýerlerde çaga oýny hökmünde duş gelýär. Bu dessur berjaý edilende, adamlar düze çykyp, ýygnanyşyp, Hudaýdan ýagyş ýagdyrmagyny diläp ugraýarlar. Türkmenistanyň ygala garyp hem jöwzaly, gurak howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, bu dessuryň durmuşy sebäpleridir gelip çykyşy düşnükli bolýar. Ýöne halkyň dessurynyň gelip çykyşy we manysy-da diňe bir tebigy şertler bilen baglanyşykly däldir. Bu ýerde halkyň ynanjy hem ýaşaýyş filosofiýasy ýatyr.
Süýthatyn — ýagyş ýaganda, sanajyny kakýan Garry mama türkmenleriň gadymy mifologik garaýyşlarynyň galyndylarydyr.
Bu ýerde nähili ynanç hem pelsepe bar? Munda adamyň, halkyň ykbaly asmanda kesgitlenýär, «Ýaşaýşyň jany hem gönezligi, çeşmesi gökde» diýen ynançly pelsepe bar. Soňky asyrlarda türkmeniň aňy-da, onuň dessurlary-da mazaly yslamlaşypdyr. Ine, Magtymguluda «süýt hatyn» ýok, ýöne şahyryň şahyrana ýüreginiň dowamatyna hem duýgurlygyna, halkyň öňki ynançlarydyr dessuryna mähremligine serediň! «Süýt hatyn» bilen «soltanymy» deňeşdirip görüň, bu ikisi tas kapyýadaş sözler, «ysdaş», owazdaş hem ykbaldaş sözler. Geçmişiň dünýäni duýşuny kalbyňa şeýdip siňdiräýseň, geçmiş ýitende-de, şeýdip ýitäýse, düýşe öwrülende-de şeýdip düýşe öwrüläýse! Bu asla «ýitme» hem däldir, bu ýyllaryň her biriniň agajyň sütünindäki bir aýlawa öwrülmegi ýaly bir zatdyr.
Şu şygryň terliginiň hem gözelliginiň diňe bir durmuşy däl, eýsem, içki esasy hem bardyr: hut şunda Magtymgulynyň Alla bolan garaýşy, baş pelsepesi joşgunly hem bahar gülleriniň dürterip çykyşy ýaly tebigy suratda ýüze çykypdyr: Alla älemleri döredijidir hem olaryň eýesidir, bütin barlyk ummany onuň adam elinden gelmejek ussatlygynyň nyşanydyr. «Seniň dek Kadyrdan dileg dilärin» — sebäbi «Kadyr» — gud¬ratly, güýçli hem gurply diýmekdir.
Mynajatyň — dilegiň ähli täsirini, şahyrana hem filosofik pikiriň dartgynlylygyny gazanmakda mynajatyň öz dilegçilik kadasy bar: dileg bilen ýüz tutulýan obýekt — Alla-ha juda-juda beýgelmeli, ulalmaly, dileg edýän bolsa juda-juda kiçelmeli. Şeýdip, bu ikisiniň arasyndaky uzaklyk Ýer bilen Ülker ýyldyzynyň arasyndaky alyslyga barabar bolýar, ikisiniň arasyndaky deňsizlik Ýer bile Gögüň arasyndaky deňsizlige deň bolýar. Şeýle alyslyk kalbyňa zemini däl heserlenme, şeýle deňsizlik bolsa maýyllyk hem saýyllyk duýgularyny salýar. Şeýle ruhy perişanlykdan eseriň estetiki owadanlygy hasyl bolýar.
Ýagmyr — dadyňa ýetişiji suw (boran), ekiniň ýoldaşy, Ýeriň ýarany, Allanyň nury. Eseriň gurluşynda, şahyryň çeper aňynda baş gözellik usulyň epitetdiginiň çuňňur filosofik manysy bar. Yslam Allanyň mazmuny hakynda pikirlenende, onuň Dünýä bilen arabaglanyşygyny göz öňüne getirende, Allanyň sypatlaryna aýratyn üns berýär. Hatda Merkezi asyrlarda «az-zat — as-sifat» — Hudaýyň zaty hem sypatlary meselesi hem bolupdyr. Allanyň sypatlary — wagtyň aňyrsyndaky Älem bilen wagtyň içindäki Dünýäniň arasyndaky geçelgedir. Allanyň sypatlary — bakylygyň birdemlik, çola, emma göz gamaşdyryjy suratda birden görnüp gitmesidir. Haly harap bu Dünýä Hakyň şol pursatlyk jilwesi gerek. Çünki jöwzadan ýaňa ýaşaýşyň eňki gidip, aňkasy aşypdyr, petişlikden ýaňa tot-tozan, kirşen Ýeriň arkasyna gatbar-gatbar ýazylypdyr, jahan ölüm ýassygynda ýatanyň demligi kimin daralypdyr. Magtymgulynyň bu teşnelikden ýaňa ölä dönen zeminiň halyny beýan edişiniň täsirliligi tas jadyly sözüň güýjüne deňeçer bolýar. «Jadyly» sözüňem güýji onda owadanlyk bilen manynyň akylyňa gelmejek tärler bilen utgaşýanlygynda bolsa gerek. Zemin öli, jansyz. Ony jana getirmek üçin ýeke zat — Allanyň nury gerek. Şu «nur» bilen baglanyşykly türkmen dilinde ýüze çykan täsin many öwrülişigi bar. Aslynda, nur — ot, ýalkym, şöhle bolmaly. Dilimizde onuň şu manysy da bar. Meselem, Günüň nury ýa-da köpmanylylyk netijesinde «ýüzüň nury» diýlibem aýdylýar. Emma nur sözüniň yşyga, ýalkyma öz tebigy häsiýeti, mazmuny boýunça bütinleý gapma-garşy bolan suwy, suwuklygy ýa gary aňlatmagy täsindir. Bu türkmen gözelliginiň, hatda, belki-de, filosofik aňynyň düýpli hadysasydyr! Megerem, şeýle aýratynlyk mifologik aňymyzdan gelýändir? Suw — gadymy ata-babalarymyz üçin ylahyň bir ýüze çykyşy, sypaty bolan bolaýmasyn?! Suwa türkmeniň garaýşy üýtgeşik, hatda ýigriminji asyrda Gurbannazar şahyrda çyg basan gülüň, üsti damjaly gülüň hem otuň gözellik formulasy derejesine göterilendigini, Nobatguly şahyrda bolsa suwuň hem garyň tutuş şahyrlyk dünýäsini kemala getiriji düşünjedigini aýtmak gerek.
Ýagmyr — Allanyň yşky.
Magtymguly, yşkyň eýlär erada,
Yşkyňny kemal et, goýma arada.
Ýetirgin maksada, magşar-myrada,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Birinji setiriň görkezişi ýaly, şahyr howa garalyp ugran pursady şygryny ýazyp başlan bolmaly. Ýagmyr — Hudaýyň yşky, muňa, näme, Allanyň «tohumy» diýip düşünmelimi? Beýle göz öňüne getirme, ýagny ahyrky netijede, dünýä bilen Allanyň bitewüligini, Allanyň «dogurýanlygyny» ýa «dogurmaýandygyny» tassyklamak uly günä ahyryn! Onda muňa simwoliki manyda düşünmeli-dä?! Megerem, şeýledir. Ýöne, göwnüme bolmasa, şu metaforanyň düýp manysy edil «süýt hatynyň» özi ýaly, şamançylyk garaýyşlardan kök alyp gaýdýan ýaly bolup dur. Näme bolanda-da yşk — döredijilikdir. Elbetde, ylahy yşk manysy şeýledir. Şeýle döredijilik ylhamy, güýji Allanyň özüne-de, adama-da mahsusdyr. Emma yşk — zemini manyda tebigatyň stihiýasy hem bolup biler. Şonda ol kör hyjuwlaryň, akylsyz hem däli duýgularyň sim¬wolyna öwrülýär. Ýöne şol halatda-da ol döredijilik, emma ruh däl, maddanyň hatyrasyna döredijilikdir.
Yşk — köňlüň pelesaňy.
Beýik filosof N.Berdýaýewiň bir pikiri diňe bir Magtymgulynyň döredijiliginde däl, tutuş klassykamyzda, özem diňe bir edebiýat klassykamyzda däl-de, ähli nusgawy medeniýetimizde yşk pelsepesiniň manysyna düşünmäge oňat kömek edermikä diýýärin. Ol şeýle diýýär: «Žizn — strast, ohlaždeniýe strasti daýot obydennost». Şu ajaýyp pikiri türkmen diline geçirmän berýänligimiň dürli sebäpleri bar. Muny, aýdaly, şu görnüşde bermek mümkin: «Ýaşaýyş — yşk, yşkyň köşeşmeginden adatylyk emele gelýär». Emma rus dilindäki «žizn» sözi özüniň aňladýan manylary boýunça kä «ýaşaýyş» bolýar, kä «ömür» bolýar, käte bolsa «jan» bolýar. Kämahal bolsa şol bir wagtda bularyň haýsysyny aýryp, haýsysyny onuň ýerinde bijebaşy goýmaly — biler ýaly däl, çünki şol birbada hemmesinem aňladýan ýaly bolup dur. «Strast» babatda da edil şonuň ýaly. Ol, bir görseň, «hyjuw», «hyruç» ýaly, bir görseň «yşkyň» özi ýaly. Garaz, şu tykyramalarymdanam, filosofyň pikiriniň özenini okyjy pikir arkaly doly göz öňüne getirmese-de, ony duýarlykly-ha bolandyr.
Ine, onsoň nusgawy medeniýetimizde yşk ýaşaýyş hy¬juwynyň, hyrujynyň iň ýokary derejedäki dartgynlylygyny aň¬ladýan düşünje hökmünde ýaşaýar. Bu «ýaşaýyş» diýil¬ýän fenomeniň onuň ähli formalaryndaky goýazylygy, onuň çür-başy. Bu ýaşaýşyň hem janyň «men» diýen, şahsyýetlige ýeten wagty, şonda güýji dyňzap, gaýraty möwç urýar. Köne şa¬hyrlaryň, asyl, häzirki şahyrlaryňam yşka düşen kalp babatda «deňiz» obrazyny ulanmaklary şol hadysanyň näderejede joşgunlydygyny, möwçlüdigini görkezýärmikä diýýärin. Yşkyň gyzgalaňy tüýs gyzan bazary ýada salýar. Beden hem ruhy güýji gaýdyp, yşky ýatan adamyň ahwalaty sowlan bazary ýada salýar. «Yşk, yşka düşmek» diýlen bu täsin ahwalaty nusgawy şahyrlarymyz däli ineriň mes bolmagyna meňzedipdirler.
Munuň özi adam kalbynyň joşgunynyň janly suraty bolup, adamyň söýmek hem döretmek mütdetiniň gelendigini aňladýar. Ömür diýilýän fiziologik hem ruhy dartgynlylyga gapdalyndan syn edip: «Bu, dogrudanam, yşk ahyryn!» diýeniňi duýman galýarsyň. Ömür — ýaşaýşyň içindäki şahsyýetleýin ýaşaýyşdyr, yşk bolsa ömrüň içindäki ömürdir. Hut yşkda adam ömri özüniň many dykyzlygyna ýet¬ýär, yşk sowlandan soň, gugaryp başlanýar: soň adam ýöne ýaşamak üçin ýaşaýar diýen ýaly. Şonuň üçinem, iň manyly ömür — tutuşlygyna yşka barabar ömürdir.
Nusgawy şahyrlarymyzyň yşk baradaky goşgularyny şeýle hyjuwlylygy özünde saklaýandygy üçin gowy görýärin.
Gadam goýsam sähralara, çöllere,
Köňül gaýnar, söz joş eder tillere,
Iller saňa haýran, sen hem illere,
Ýa aklyň aldyryp, çaşa düşüp sen.
Bu ýerde derwüşçilik ruhy bar. Söýgi — duýgy täsirlenmesi. Adamyň ýaşaýşyň, özüni gurşap alan tebigatyň zatlarynyň hem hadysalarynyň gözelliginden ýaňa ýüregi jigläp gidýär. Onuň kalby örtenýär, jowranýar. Ümmülmez barlykdaky birje nokatjyk bolan adam kalbyna heserlenme düşýär. Ol elewreýär, özüne ýer tapanok. Ol öz ýaşaýan gurşawyny — sosiumyny agyr hossa hökmünde duýup başlaýar. Onuň ümdüzine tutdurasy, uç-gyraksyz giňişlige çykasy gel¬ýär. Hut şol ýerde ol öz «menini» tapýar. Endige, bimanylyga öwrülen durmuşdan aýra düşmek, aýrylmak hem ýalňyzlykda bolmak kalbynyň jümmüşindäki duýgularyň birden dömmegine getir¬ýär.
Aýralygyň hem ýalňyzlygyň çuňňur manysy bar. Bu sosiumdan daşlaşyp, tebigata siňmegi aňladýar. Adamlardan aýra düşýärsiň, adam hökmünde ýalňyz galýarsyň. Adamlar bilen däl, gurt-guşlar, agaçlar, dag-daşlar, çöp-çalamlar bilen ysnyşýarsyň, aragatnaşyga girýärsiň. Munuň özi sosiumdan düýpgöter tapawutlanýan durmuşy bitewüligi kemala getir¬ýär. Şunuň netijesinde bolsa kalbyň täze üýtgeşikliklere hem sypatlara — metamorfozalara eýe bolýar. Bu bolsa täze ruhy döredijilige ýol açýar.
Biziň döwrümiziň adamy derwüş köňlüniň şu hili inçeliklerine gaty gödeňsi düşünýär. Edil yşka düşen jahylyň bolşunyň sandan galan garrynyň gözüne birgeňsi görnüşi ýaly, ol heserlenmeler bize birhili bimanylyk bolup görünýär. Bu yşka düşmeg-ä beýlede dursun, oňa düşünerdenem biz has dünýeçil hem aladaçyl adamlardyrys. Biziň ruhumyzyň tebigaty başga, ol zatçyllyga hem bähbitçillige ýugrulan. Biziň köpimiz hatda jahylkagam il deňinde hem il gözüne gyzyň yşkyna düşen bolýarys. Biz bary-ýogy durmuş gurmak üçin, çaga öndürmek üçin söýüşýäris, emma munuň düýpsüz hem ägirt uly ruhy hadysa hökmündäki söýgi bilen, yşk bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny, munuň bary-ýogy tebigatyň we jemgyýetiň kör endikleriniň we kadalarynyň berjaý edilmesidigini görmeýäris. Söýgi bolsa, ilkinji nobatda, endikleriň hem kadalaryň demir diwaryny böwüsmek ahyryn.
Aýralygyň hem ýalňyzlygyň döredijilik manysy bar. Ýöne biziň başgaça dünýäni duýuşly döwrümizde döredijilik üçin ruhy-psihologik manyly aýralygyň hem ýalňyzlygyň baş şertdigini aýtmalydyrys. Sungat hem şygryýet, ylym hem filosofiýa şol gadymy derwüşleriň ruhy dünýälerinden bize ýeten mirasdyr.
Öz ruhunyň jümmüşine Mejnun bolup tebigata giden köňül başga bir ruhy şahsyýet bolup, jemgyýete gaýdyp gel¬ýär. Çünki ol jemgyýetden has çuňňur we has giň tebigy birligiň bardygyna göz ýetirdi. Ol barlyk — yşkyň hakyky mekany, yşk meýdanydyr. Şahsyýetiň täze sypaty — yşk indi onuň üçin möwsümleýin, pasyllaýyn däl-de, ömürlik işdir. Beýik sopular Baýezid Bistaminiň «fana» (panylyk) hem-de Jüneýdiň «baka» (bakylyk) taglymatlaryna-da şu nukdaýnazardan seretmeli.
Fana — adamyň endige öwrülen «menini» ýok etmegi, baka bolsa onuň täze bir «meni» edinmegidir.
Baka — barlygyň bakylyk jähedine göz ýetirmek we muny öz ruhuna siňdirmekdir.
Täze ruhy şahsyýet öz yşkyna durmuşa jan beriji, ony janlandyryjy serişde hökmünde garaýar.
Yşk göwnüçökgünlige, lellimlige, tukatlyga, gaýgyçyl¬lyga, bikärlige zarba bolup urulýar. Şu ters sypatlaryň hemmesi nusgawy edebiýatymyzda bir düşünje — häsiýetnama — «namartlyk» sözi bilen berilýär. Mertlik bolsa yşkylykdyr hem hemişe we her pursatda yşkda bolmakdyr.
Yşk — köz, gujurlylyk çeşmesi bolup, bütin barlygy, şol sanda adamy-da herekete getirýär.
Yşk ahyrsoňunda, hatda jemgyýetçilik, ahlak we syýasy güýje öwrülýär. Aslynda, bu jähetleriň bary yşkyň metamorfozalarydyr. Yşkyň özi bolsa ýaşaýşyň ählumumy kanuny hem ählumumy kategoriýasydyr. Kanun — zatlaryň hem hadysalaryň arasyndaky düýpli baglanyşyklaryň, özara täsirleriň, geçişleriň görnüşi we usulydyr. Kategoriýa bolsa şolaryň bir çuňňur düşünjede goýazylaşmagydyr. Bir söz bilen aýdylanda, yşk — munuň özi ýaşaýyşdyr, esasy barlykdyr.
Osman ÖDE.
Magtymgulyny öwreniş