5. Göwün telwasy
Eýsem-de bolsa, nebis tebigy islegleriň bellibir çägimi ýa-da olaryň aýratyn bir görnüşimi? Ýokarda görnüşi ýaly, ol tebigy islegleriň aýratyn bir görnüşi däl-de, diňe bellibir ¬çägidir.
Tebigy islegleriň aýratyn görnüşi, oňyn görnüşleri Magtym¬gulynyň ruhy taglymatynda köňül diýen sözüň üsti bilen aňladylýar, häzirki türkmen dilinde bolsa muňa göwün diýilýär.
Göwün — ahlak tarapyn ýol berlen, ruhlaşdyrylan, ruhy manyly tebigy islegleriň jemidir.
Göwün — adamzat ruhunyň şahsyýet birligidir. Şonuň üçinem göwün nebsiň oňyn jübütidir. Nebse — isleg, göwne — yhlas, nebse — ikiýüzlülik, göwne — açyklyk hem päklik, nebse — müýn, göwne — minnetsizlik, nebse — betnyşanlyk, göwne — gözellik, nebse — akylsyzlyk, göwne — akyllylyk, nebse — bihaýalyk, göwne — edep-haýa mahsusdyr.
Magtymgulynyň atasy beýik Döwletmämmet Azady adam göwnüni ýykmak Käbäni ýykandan müň gezek erbet zatdyr diýýär. Çünki göwün — ahlagyň esasy daýanjydyr. Göwün adam şahsyýetiniň gymmatlygynyň ýüze çykmasy we ykrar edilmesidir.
Göwün Allanyň adam içindäki esasy binasy hasaplanypdyr. Döwletmämmet Azadynyň ýokarky pikiriniň durmuşy manysy we gymmatlygy-da şunuň bilen baglanyşyklydyr. Allanyň Ýer ýüzünde daşdan hem agaçdan salnan öýüni gaýtadan gurup bolar, emma adamyň içinde ruhdan bina edilen öýüni ýykmak juda çökder günädir. Çünki ony gaýtadan dikeltmegem kyn, asla mümkinem däl, munuň ruhy netijeleri de juda agyr hem uly bolýar.
Adamyň göwün binasy, gör, näçe ýylyň içinde tutulýar hem bitirilýär. Göwün adamyň ruhunda nebsi öldürip, ýerine gurulýan binadyr. Onda adama mahsus iň ajaýyp ahlak sypatlary bitewi bir ulgama birigýär. Päk göwni bolan adam kämilligiň, ruhy kämilligiň ajaýyp nusgasydyr. Şonuň üçinem türkmenlerde göwne degmek, göwni ýykmak, göwni galdyrmak agyr günälerden hasap edilýär.
Göwün adamyň tä ölýänçä ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy hem ajaýyp puryjasydyr. Adamyň «meni» bilen nebsi¬niň arasynda hiç mahal oňyn gatnaşyk emele gelip bilmez, çünki nebis «meni» ykrar etmeýär, ol diňe özüni bilýär. Göwün ¬bolsa «men» bilen sazlaşykly gatnaşyk edip, «meni» ýokary götermäge, belende galdyrmaga hyzmat edýär. Islendik ösüşiň esasy şerti, mälim bolşy ýaly, iki tarapyň arasyndaky dürli gatnaşyklardyr. Şu manyda adam ruhunyň esasy ösüşi göwün bilen «meniň» arasyndaky çekişmeler, baglanyşyklar, söhbetler esasynda amal bolýar. Garaz, göwün «meniň» abraýyna hem mertebesine işleýär.
«Göwne degmek, göwni ýykmak» ýaly söz düzümleri ruhuň ösüşiniň irki döwürlerinde göwnüň bir zat hökmünde göz öňüne getirilendigini görkezýär. Çünki diňe bir zatdan ýasalan zada degip ýa ony ýykyp bolýar. Emma ruhuň soňky ösüşinde göwün sap ruhy-ahlak düşünjä öwrülipdir. Indi göwne diňe ruhy zat — söz bilen degip bolýar.
Magtymguly hergiz tapmady aman,
Til ýamany tygdan, teberden ýaman.
Ýaman til ýanynda zähri çoh ýylan
Çaksa-da, bir çybyn çakança bolmaz.
Bir kişi aýy bilen dost bolupdyr. Bular gaty oňat, mähirli gatnaşyklar saklapdyrlar. Bir günem ýaňky adam aýy dostuny öýüne alyp gelipdir. Aýy agsaklaýarmyş, aýagynda ýarasy bar eken. Öý bikesi öýe giren adamsyndan:
— Ýanyňdaky kim? — diýip sorapdyr. Adamsy bolsa:
— Aý, aýy-la! — diýip, birhili, göwnüýetmezçilik gatyşykly jogap beripdir. Munam daşarda duran aýy eşidäýmezmi, gaty göwnüne alypdyr...
Aradan esli wagt geçensoň, aýy dosty hiç gara bermäni üçin, ol adamyň özi aýynyň üstüne barypdyr. Görse aýynyň ýarasy bitipdir, daşarda işe güýmenip ýör diýýä.
— Ýeri-ow, aýy dost. Aýagymyň ýarasy gutulsa, gelerin diýdiň-de, gara bermediň-le?
— Aý, adam dost, aýak ýarasy bitdi, ýöne göwün ýarasy hiç bitenok-da — diýip, aýy jogap beripdir.
Çünki göwün ruhy hususyýet. Adamyň göwnüne degmek ony ruhy taýdan kemsitmek bolýar.
Magtymgulynyň eserlerinde göwün diňe şu dünýä däl, eýsem, ahyret bilen baglanyşykly ruhy hadysany-da aňladýar. Diýmek, bu ýerde göwnüň diňe ahlak däl, eýsem, dini-ahlaky manysy hem bar.
Göwni jan bilen gatyşdyrmaly däl. Jan sap biologik ýa da dini-mifologik düşünjedir. Göwün bolsa ahlak hem-de ruh bilen baglanyşykly. Şonuň üçinem adam ölenden soň, onuň jany dowzaha-da gidip biler, bir sebäp bilen şu dünýäde-de galyp biler. Muňa arwah diýilýär. Bu iki ýagdaýam ýaramaz, islenilmeýän ýagdaý hasaplanypdyr. Emma göwün welin diňe jennete gidýär hasaplanypdyr, çünki göwün — Allanyň öýüdir.
Alla ýady bilen tirik bolan dil,
Göz ýumulmak bilen köňül ýatmaz hiç.
Köňül bostanynda iman täze gül,
Bir açylsa durar, solup ýitmez hiç.
Diýmek, göwün diňe şu dünýäde däl, eýsem, ol dünýäde de adam «menini» ýokary galdyrjak zatdyr. Hindileriň bäş müň ýyl mundan ozal ýazylan kitabynda göwün hakda şeýle täsin maglumat bar: Göwün adamyň bedeniniň içindäki ruhy şahsdyr. Eger adam şu dünýäde haýyr işlere baş goşsa, onda göwün beden ölýänçä doly kemala gelýär. Ol daşky görnüşi boýunça adam teniniň edil ruhy ekiztaýydyr. Ten ölen badyna, sap ruhdan ybarat adam — göwün göwreden çykýar-da, ruhlar dünýäsine — baky dünýä rowana bolýar.
Magtymguly Pyragynyň:
Köňül guşy uçup gitse her ýana,
Mätäç etme ganat, guýruk, ýelege
— diýmegi-de göwnüň belentligi, howalalylygy, erkinligi bilen baglanyşyklydyr. Göwün guşy adamy ruhlandyrýar, adam ruhy ganat bekleýär. Hut şu hili dini söz düzümleri wagtyň geçmegi bilen ruhy-serhal (psihologik aňlatmalara) öwrülipdir hem-de ruhuň baýlaşmagyna, çuňlaşmagyna ägirt uly täsir edipdir. Aýdaly, göwün guşy diýen söz düzümi adam ruhunyň döredijilik ukyplary, adam hyýalatynyň bimöçberligi baradaky düýpli gürrüňe esas, örän möhüm esas bolup bil¬ýär. Islendik döredijilik — ylym hem, pelsepe hem, saz hem, edebiýat hem adamyň göwün guşunyň ganat kakmasyndan döreýän, şol guşuň ruhuň asmanyndaky başdan geçirmeleri bilen baglylykda kemala gelýän ruhy hadysadyr. Göwün guşy adamyň «meninden» ylham alypdyr.
Göwün telwasy-da şundan gaýdýandyr. Göwün telwas etmesi — ganat kakmasy, göge galmasydyr. Ýokarda göwün — ruhlaşan tebigy islegleriň jemi diýipdik. Adamyň döredijilige bolan islegi-de sözüň hakyky manysynda ruhy islegdir. Döredijiligi henize çenli halka doly ýetirilmedik, aramyzdan juda ir giden Akmyrat Şir şeýle ýazypdyr: «Sungat adam üçin edil iýmek-içmek ýaly hajatdyr. Gözellik hem ony amal edýän döredijilik islegi — adamdan aýrylmasyzdyr, şol bolmasa adamyň, megerem, dünýäde ýaşasy-da gelmezdi».
Sazyň owazlary adam göwnüniň sesidir, edebiýat hem sungat göwnüň ýaşaýşydyr we taryhydyr, ylym bilen pelsepe bolsa göwnüň ruhy gözlegleridir. Döwrümiziň beýik şahyry Gurbannazar Ezizow:
Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,
Diýme muňa öwündigim.
Otuza ser uran günüm,
Ahyr bildim göwündigiň
— diýýär.
Bu kämillige ýeten ruhuň öz-özi bilen gürrüňidir, döredijilikli ruh öz-özi üçin beýik açyş edipdir.
Göwün ýürek bilen bir zatdyr diýip pikir etmek ýal¬ňyş¬lykdyr. Ýürek adam bedeniniň agzasydyr. Bu sözüň birinji manysy. Sözüň ikinji manysynda bolsa ýürek adamyň serhaly syzgylarynyň, hadysalaýyn duýgularynyň agzasydyr. Bulardan düýpli tapawutlanýan göwün — ýürek bilen kelläniň özara hyzmatdaşlygyndan esas alyp, şol içki esasda daşky durmuşyň barlyklarynyň özboluşly jemlenmesidir. Hut şonuň üçinem beýik Magtymguly:
Tutaşmaz synanyň ody,
Başda hyýaly bolmasa.
Ýa-da:
Ýigidiň hyýaly bolsa serinde,
Ýykar bir gün, çöküp galmaz garynda
— diýýär.
Ruhy hyjuwlylyk — ine, göwnüň esasy döredijilik hem aýgytlylyk sypaty. Ol sypat başyň hyýallylygyndan döreýär.
Magtymgulynyň tutuş ruhy taglymatynda göwün pelsepesiniň nähili orny hem ähmiýeti bar? Magtymgulynyň göwün pelsepesi ruhuň beýleki başlangyjyndaky nebse gaty düýpli hem-de esasly, örän şowly basdaşdyr. Göwün adamyň ruhuny kemsitmezden, basgylamazdan, garyplaşdyrmazdan hem ýöntemleşdirmezden, ahlaky ýörelgeler ýoluna, ahlaky ölçeglere salyp boljagyny görkezýän düşünjedir. Nebis dünýäparazlygyň hem harsydünýäligiň esgeri, jan terkidünýäligiň esgeri bolsa, göwün ruhuň esgeridir. Jemgyýet göwünleriň sazlaşykly barlygydyr. Döwletiň binasy, ilki bilen, göwünlerde gurulýar.
Göwün bolmasa, döwletiň esaslaryny döredip bolmaýar. Döwlet paýhas bilen gurulýan bina, paýhas bolsa göwnüň sütünidir, daýanjydyr. Magtymguluda «göwün gözgüsi» diýen aňlatma bar. Göwün gözgüsinde bütin ruhy barlyk şuglalanýar. Şol sanda onda döwletlilige, tertiplilige, kanunalaýyklylyga bolan ruhy ymtylyşlar-da, edil ýüz görülýän aýnadaky ýaly, öz beýanyny tapmalydyr. Gadymy türkmen ruhyýetinde «adam» sözüne nähili mertebe, belentlik berlendigini biz bilýäris. Bu ýerde, elbetde, «adam» diýlende ruhy manyda aýdylýar — onuň göwni göz öňünde tutulýar. Sebäbi gury san manysyndaky adam nämesi bilen tapawutlansyn?! Magtymguluda-da göwün adamy gury sanlykdan alyp çykýan, ony şahsyýete öwürýän, ony şahssyzlygyň hupbatlaryndan halas edýän ruhy düşünje manysyny berýär.
Osman ÖDE
Magtymgulyny öwreniş