7. Yşk ahwalaty
Yşk düşünjesini oňat göz öňüne getirmezden, Magtym¬gulynyň ruhy taglymatynyň içki bitewi manysyna, gymmatyna hem-de durmuşa ukyplydygynyň sebäbine düşünmek mümkin däl.
«Yşk» sözi arkaly Magtymgulynyň durmuşyň manysyna garaýşyny, onuň ýaşaýşa ruhy hadysa hökmündäki pelsepewi bahasynyň aýratynlygyny görüp bolýar. Şonuň üçinem onuň pikirler dünýäsinde yşk ýöne bir söz ýa-da düşünje bolman, eýsem, özboluşly hem özbaşdak, bitewi pelsepewi taglymat derejesine çenli göterilýär.
Şahyryň şu temadan ýazan pikirlerini seljerip, bellibir nukdaýnazardan rejeläniňde, bu ýerde yşkyň üç hili görnüşiniň tapawutlandyrylýandygyny görüp bolýar. Munuň birinjisi — tebigatdaky yşkdyr. Yşk — bütin älemiň esasy ýaşaýyş kanuny bolup göz öňüne gelýär. Tebigatdaky ähli janly-jandarlaryň ýaşaýyş gymmatlygy hereket hem herekete ukyplylyk bilen ölçenilýär. Hereket bolsa yşkdyr. Yşk — älemler hem jandarlar arasyndaky bütindünýä, ählumumy dartyş güýji. Şol güýç hem umumy sazlaşygy, tertibi hem-de rejeliligi ýüze çykarýar. Şahyr özüniň hezreti Muhammet pygambere bagyşlap ýazan goşgusyny şeýle jemleýär:
Aý Güni, Zemin Asmany
Söýen dek söýmüşem seni.
Yşk bu dünýäniň ýaşaýşynyň iň ýokary derejesinde esasy kanun bolup durýar. Hut Aý bilen Günüň, Zemin bilen Asmanyň arasyndaky yşky ýaşaýyşdan ýaşaýşynyň beýleki içki ýa-da kiçi şekilleri — biologik hem ruhy ýaşaýyş kemala gelýär. Soňky iki asyr — XIX we XX asyrlar fizika ylmynyň ösen asyrlary, älemiň barlygyna degişli kanunlaryň açylan asyrlary hasaplanylýar. Emma dünýä edebiýatynyň has irki döwürleriniň beýik eserlerini okanyňda, ylmyň soňky açyşlarynyň eýýäm şol ýerde ruhy dilde beýan edilendigi görünýär. Eýsem-de bolsa, Aýyň Güne, Zeminiň Asmana söýgüsi näme? Munuň özi bütindünýä dartylma kanunynyň ruhuň dilindäki çuňňur pelsepewi beýany dälmi näme?!
Şahyryň belli «Duman peýda» ýedilemesi onuň tebigat yşky baradaky pikirleriniň oňat beýanydyr.
Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçen,
Zemin sebzebar olup, teninden aýrylar zeň,
Jünbendeler mest olup, göýä içmiş arak, beň,
Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň,
Sebze içre sandywaç ýüz tilde kylar aheň,
Zemin hyzyrpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň,
Hyruja gelip älem, kylarlar pygan peýda.
Bahar möwsümi tebigat ýaşaýşynyň iň gyzgalaňly hem işjeň möwsümi. Oňa ähli umumy oýanyş, janlanyş mahsusdyr. Ol älemiň ýaşaýşynyň ýene bir pille uzalmasydyr. Öli, jansyz tebigat gozganyp, reňke gelip, dil açyp ugraýar. Ot çöp-lerden, güllerden başlap, mör-möjekler, gurt-guşlar — bary jana gelipdir. Munuň özi beýik dirilişiň, herekete hem mana gelşiň göz alnynda bolup geçmesidir. Ýaşaýşyň bu beýik gudratyndan ýaşamak instinkti esasy instinkt bolan adamyň akylyny haýran edýär. Eýsem-de bolsa, munça zady herekete getirýän güýç näme?
Hak yşkynda zinde jan, biliň, baky-haýýatdyr,
Her tende ki yşk olmaz, ruzy ezel mematdyr.
Şahyryň pikiriçe, bu güýç Hudaýyň yşkydyr. Ýeke-täk Biribaryň yşky älemleri jana getirýär. Hut şonuň üçin Onuň yşkyna düşenler-de baky diriligiň tagamyny dadyp hem şol dirilige mynasyp bolup bilýärler diýip şahyr pelsepe öwürýär.
Dirilik — Hudaýyň yşkynyň netijesidir diýen pelsepe şahyryň «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!» goşgusynyň-da esa¬synda ýatýar. Bu goşgy türkmenleriň öňem agzap geçilen dessury bilen bagly döredilipdir. Bu dessurda adamlar ýagmyr ýagdyrmagyny sorap Hudaýa nalyş edýärler. Munuň türkmeniň yslamdan öňki ynançlary hem durmuşy bilen baglanyşyklydygyny görmek kyn däl.
Özünde saklaýan ruhy güýjüniň möçberi, duýgularyň terligi hem-de saplygy, pelsepesiniň çuňňurlygy bilen bu goşgy üýtgeşik şahyrana hadysa bolup durýar. Megerem, şeýle üýtgeşiklige goşgynyň türkmeniň müňýyllyklarda jemlenen duýgy-pelsepewi gujury bilen dahyllylygy sebäp bolandyr. Şahyr Haka mynajat eýleýär. Ol ýagşyň ýagdyrylmagyny dileg edýär. Munuň özi giň durmuşy-pelsepewi jähetden ba¬kanyňda, diriligi dileg etmekdir. Çünki ýagmyryň türkmen tebigaty hem topragy üçin nähili zerurdygyny biz bilýäris. Ygal ýetmezçiliginiň türkmen tebigatyny nähili gahatlyga hem gözgynylyga salýandygyny, ony ölüm bilen diriligiň arasynda nähili elewredýändigini biz öz egnimizde çekenimizdensoň bil-ýäris. Türkmeniň hakyky manyly hem şireli, müň öwüşgin¬li dilinde muňa «gatylyk», ygalsyz gelen ýyl¬lara «gaty ýyl¬lar», ygalsyz ülkä «gaty ýurt» diýlip aýdylýar.
Rahmetiň işigi arşdan açylsyn,
Nuruň inip, ýer ýüzüne saçylsyn,
Gubar göçsün, älem gerdi gaçylsyn,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Bilbiller mest bolsun, älem aýylsyn,
Gaýgylar dep bolsun, ganlar sowulsyn,
Nowşirwan wagty dek jahan-ýaýylsyn,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Tebigatyň gahatlygy ruhy-durmuşy gahatlygy döredýär. Gözler gubarlanýar, gaýgylar-gamlar köpelýär. Adam ýaşaýşy özi üçin agyr dert hem hossa hökmünde kabul edip başlaýar. Munuň tersine, ygal köp düşse, janly-jandaryň göwrümi giňeýär, olaryň rysgaly artýar. Netijede, ruhy ýazylganlyk, ruhy giňişgenlik hem ruhy bolçulyk döreýär.
Ýagmyr bilen baglanyşykly türkmen dilinde täsin dil many hadysasy amal bolupdyr. Nur diýmek, aslynda, ýagtylyk diýmekdir.
Şol manyda Aýyň nury, Günüň nury diýlip aýdylýar. Emma türkmen dilinde gar-ýagmyra-da nur diýilýär. Bu eýýäm sözüň ikinji, duýgy-pelsepewi many gatlagydyr. Munuň aňyrsynda Hudaýyň rehneti hakyndaky garaýyş ýatýar.
Magtymguly, yşkyň eýlär erada,
Yşkyňny kemal et, goýma arada.
Ýetirgin maksada, magşar myrada,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Görnüşi ýaly, şahyr ahyrsoňunda Hudaýyň yşky meselesine geldi. Ýaşaýyş Hudaýyň yşkynyň kemal bolmasydyr diýip şahyr aýdýar. Diriligi Hudaýyň yşky döredýär. Tebigat Hudaýyň döredijiligidir.
Döredijilik ukyplaryna eýe bolmak isleýän adam Hudaýyň, ýaşaýşyň yşkyna düşmegi başarmalydyr. Yşka düşmek — döredijilikli ýaşamak hem işlemek. Yşka düşene aşyk diýlipdir. Aşygyň sypaty budur:
Magtymguly aşyklaryň mestinde,
Hyra gözi haýran olar dostunda...
* * *
Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Köňlüne ne köýler gelip, geçipdir.
Hyraner dek ak köpükler saçypdyr,
«Oglan, Alla ýaryň! Bargyl» — diýdiler.
«Hyra» sözi göze baglanyp gelende, gamaşan diýen manyny berýär. Emma ikinji bentde ol «mes», «däli» manylaryny berýär. «Hyra» sözüniň batyr diýen manysy-da bolmaly. «Görogly» eposyndaky Harmandäliniň asyl ady-da «Hyraman» bolmaly. Diýmek, onuň ady iki sany manydaş sözden durýar. Harman-däli.
Emma ruhy taglymat nukdaýnazaryndaky düýpli bir tapawudy bellemän bolmaz. Göroglynyň, Harmandäliniň däliligi bilen Magtymgulynyň däliliginiň — hyralygynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Edil şu tapawudyň özem türkmen ruhunyň görogluçylyk hem magtymguluçylyk başlangyçlarynyň aratapawudynyň hususy bir ýüze çykmasydyr. Göroglynyň däliligi — erkanalygyň ruhudyr. Ol diňe durmuşyň ruhy gymmatlyklaryndan erkin peýdalanyp gezýär, emma öňünde hiç hili ruhy maksatlar goýmaýar. Magtymgulynyň aşygy diňe peýdalanmak däl, ol döretmek, döredijilige meşgullanmak bilen ýaşaýar. Ol öz-özüni döred¬ýär. Taryhyň pelsepesi jähetden alanyňda bolsa, ol hut taryhy döredijilik işi bilen meşgullanmak isleýär hem muny amal edýär. Hut şu nukdaýnazardan hem Magtymgulyny türkmen halkynyň akyly, Göroglyny ýüregi hasaplaýarys. Göroglyny ýüregi Magtymgulynyň akyly türkmen dünýäsini emele getirýär.
Osman ÖDE.
Magtymgulyny öwreniş