16:38 Magtymgulynama -3/ dowamy | |
* * * Adamzat bu dünýäniň gowgasyna näçe göwnibir baksa, şonça-da köp ejir çekýär, köp urgy alýar, asyl, ähli gowga, sary garynja ýaly, onuň başyna münüp, gemrip barýar. Bu dünýäni bir şaýa satyn alman ýaşamagyň mümkin däldigine Nedir şanyň üzňüksiz zulmuna halys döz gelmän, süňki saralypp başlan halklar has hem gowy göz ýetirip başlady. Netijede öňki akyldarlaryň bu dünýä jan çekmäň diýen pikiri bu jelagaýlarda köküni guradyp ugrady. Emma çalşykly dünýäde ölýän-ýitýän zadyň ornuna başga bir zat gelmeli. Hususan alnanda şol pikiriň ornuny neneňsi pikir eýeläp biler? Bu sowalyň jogabyny şo döwrüň öňdebaryjy ylmy--jemgyýetçiligi bilen birlikde Döwletmämmet molla hem irginsiz gözleýärdi. Çydam käsesi halys püre-pürlenen Eýran, Turan halklary Nedir şany ýok etmegiň ýoluny gözleýän pursatynda şanyň alkymyndaky dildüwşü-jiler Nediri sahnadan ömrylla düşürdiler oturyberdiler. Şeýlelikde, taryhyň ýene bir ýalňyşyny ölüm düzetmeli boldy. Şu taýda Gýotäniň: «Bir problemanyň çözgüdi başga problemanyň başlangyjydyr» diýen sözlemini ýatladasym gelýär. Ähtimal, Nedir şanyň jebrini çeken köp-köp halklara onuň ölümi uly täsir edendir. Özüniň taryhy çäkliligi zerarly asyrlarboýy adyl şa idea-lyna ynanyp gelen halklar bu gezegem şo idealyň amala aşmagy üçin nobatdaky pursat geldi hasap edipdirler, dünýäniň gülala-güllük boljakdygyna umyt baglapdyrlar, näçe ýyllar bäri ör boýuna galyp bilmedik, oýanyp bilmedik pikir-duýgular öňe çykyp başlapdyr. Muňa Gündogarda gadymdan bäri däp bolup gelýän bir ýagdaý hem itergi beripdir: gündogarda aýratyn alnan her bir şahsyň özi bilen, ogly ýa garyndaşy bilen şalyk ýoly tükenýär gidýär. Onsoň bütinleý başga, hiç hili dinastiýanyň dowamy bolmadyk adamlar tagty eýeläp, düýbünden başga syýasat ýöredip ugraýar. Köplenç, soň tagta geçen şa öňki şanyn, tohum-tijini halamaýar, öz ornundan gabanyp olary ýok edýär, ýa ýurtdan çykaryp goýberýän ýagdaýlary hem seýrek bolmaýar. Muny gadymy dessanlaryň sýujetleri hem ýeterlik beýan edipdirler. Şalaryň şeýle çalşygy, beýleki etraplardaky, aýdaly, rus şalarynyň çalşygyna garanda halka juda köp zarbalar bilen tapawutlanypdyr. Şoňa görä-de her bir şanyň tagtdan gitmegi, onda-da Nedir ýaly ýurda gan çaýkanlaryň gitmegi halk tarapyndan gaty uly ýeňiş hökmünde kabul edilip, täze şanyň adyl hem rowaç boljagyna ýöntem ynam joşupdyr. Hawa, şo döwrüň halkynyň aňynda şeýle çapraz pikirler oňuşyp bilýän ekeni. Munuň bir sebäbi adyl şa hakda göwün isleginiň gaty gadymdan bäri hem-de şeýle giň örülere ýaýranlygy bolsa gerek. Nediriň gylyjyň güýji bilen döreden imperiýasy para-para bolup dargapdyr. Eýranyň öz içindäki maýda hanlyklary hasap etmänimizde-de, owganlar Ahmet Dürranynyň baştutanlygynda öz döwletini döredip ugraýarlar, Hywa hem Buhara hanlyklarynyň özbaşdaklygy artýar. Ortarada türkmenler şol öňki dagynyklygyna, baştutansyzlygyna galyberýärler. Üstesine-de o döwürler şaýy, sünni tapawutlaryna hem has köp üns berlip, dini garşylyklaram artýar. Siziň bilşiňiz ýaly, türkmenler yslamyň sünni bölegine degişliligi üçin şaýy ugruny goldanyjy parslaryň, türkmenden bölünip olara goşulan gyzylbaşlaryň gyýa garamaklaryna, duýdansyz çozuşlaryna indi has köp uçrap başlapdyrlar. Sebäbi hiç kime baş bermeýän, boýun egmeýän türkmenleri, öňi-soňy, özüne çekmek, özüne garatmak meýilleri parslaryňam, türkmenden bölünen gyzylbaşlaryňam, Hywa hanynyňam, Buhara emiriniňem başyndan aýrylmandyr. Şol inçe umyt olary uzak wagtlap aldapdyr. Mal bakmaga giň öri hökmünde türkmen sährasy hem olary gyzyklandyrypdyr weli, esasy, türkmen atly ýigitleri, o ýigitleriň ganyna siňen urşujylyk ukyby olara has derkar bolupdyr. Öz goşunyny türkmenlerden düzüp, ýörişe giden han ýeňjegine kepillik berip bilipdir. Dürli ýurtlaryň goşunynda gulluk eden türkmen esgerleriniň ýeňişlerini o hanlar-begler ýagşy bilipdirler, gadymdan gelýän şol däbiň öz welaýatynda dowam etmegini isläpdirler, emma bu parslara-da, özbeklere-de başartmandyr, başartsa-da az wagtlyk bolupdyr, olar sarç türkmeniň dilini tapyp bilmändirler. Emma düýn Nedir şanyň goşunynda gulluk eden, soňra owgan dowletini esaslandyran Ahmet Dürrany türkmenleri ulanmak meselesine seresaply çemeleşipdir, ol, belki, öň Nediriň goşunynda gulluk eden döwründe t;ürkmeniň häsiýetini ýakyndan öwrenen bolmagy gaty ahmaldyr. Güýç ulanyp türkmeni özüne çekibilmejegini ol ikuçsyz duýan bolarly. Şol sebäpli hem ol türkmeň halkynyň taryhy taýdan emele gelen geografik ýagdaýyny, türkmenleriň owganlar ýaly, sünnüligini, parslara, gyzylbaşlara garşylyk hyjuwynyň güýçlüdigiňi, iň esasysy hem türkmenler oz döwletini döredip bilmeseler hem olaryň güýçli döwlet bilen hyzmatdaşlyk etmek meýillerini Ahmet Dürrany göwnejaý synlapdyr. Ol türkmen halkynyň,. Beýlaki halklar, ýurtlar bilen ýagdaýyny öwrenmek bilen bir wagtda şo halkyň öz içindäki ahwalaty- tireleriň ýagdaýyny hem gözden salmandyr. Daşky we içki faktorlaryň deňeşdirilip-degşirilmegi Ahmet Dürrana türkmenleriň haýsy tarapyndan barmalydygyny salgy beripdir, onsoň şol salgydan ugur alyp hereket edipdir. Şeýle bolansoň Ahmet Dürranynyň türkmeniň teke, ýomut, salyr ýaly uly tirelerini bir ýana goýup, ozaly bilen gökleňlere ýüzlenendigi ýöne ýere däldir. Ozaly bilen diýýänimiziň sebäbi, Ahmet Dürranynyň öňde-soňda türkmeniň beýleki tirelerine ýüzlenendigi hakda häzire çenli hiç kim ýaňzytmaýar, taryhy maglumatam tapylanok. Ol gökleňlere iki ýola hat bilen ýüzlenipdir. Şo döwürki türkmen taýpalarynyň arasynda gökleňleriň öňde baryjy topara öwrülendigi hakda oňde aýdyp geçenimize Ahmet Dürranynyň ala-böle gökleňlere ýüzlenendigi hem tassyklamanyň biri bolup biler. Söweşjeňligi, garşy durup bilşi, geografik ýerleşişi, üstesine-de Nedir şa döwri özge türkmenlere garanda gökleňleriň köp ezýet çekendigi Ahmet Dürrana mälimdi. Ol bu hatlary ýazmak bilen oz ýeserligini taryha aýdyň edip gidipdir. Öz bähbidini çuň gizlemegi başaryp, bu ýolda türkmenleriň güýçlerini peýdalanmagy maksat edinen şa o maksadyna ýetdi. Şadan gelen hat halk içinde uly ruhy belentlik döredipdir, halkyň watanperwerlik duýgularyna kuwwat beripdir, şol şowhun esasynda eger Ahmet şa ýardam berseler öz il-ýurdy aman-esenlikde ýaşaýjak ýaly howaýy ynam hem döräpdir. Döremezçe hem däl. Siz şanyň hatlaryna üns berseňiz, ol han-begleriň, halkyň öňüne düşüp ýörenleriň atlaryny uly hormat bilen bire-bir agzap, olaryň mertebesini beýgeldýär. Diplomatiýanyň bu usulyny Ahmet Dürrany tüýs ýerinde ulanypdyr. Ähtimal, ol «Türkmene ýel ber, iki eline pil ber» diýlenini pugta ýatda saklandyr. Nireden peýda, nireden zelel geljegini saýgarmaga endik etmedik gökleňler Ahmet şa tarap yňypdyrlar. Öz atly ýigitlerini ýarag-esbap bilen üpjünläp Ahmet şaha gulluk etmäge ugradypdyrlar. Oňa goşun bolsa başga hiç zat gerek däl, ol türkmeniň giň örüli sährasyna hem, mal-garasyna hem göz dikmeýär. Güýçli goşuny bolsa, ähli zady tapjagyna şa ýagşy düşünipdir. Onsoňam talajak bolsa türkmen ýaly pukara halky däl-de genji-käni münder-münder bolup ýatan baý ýurdy talamakçy. Esasy mesele- duşmanyň türkmen bolmasyn. Her ýol ulanmaly ýöne türkmeni goldan bermeli döl, owgana onuň duşmanlyk meýillerini döretmejek bolup çalyşmaly. Ine, biziň pikirimizçe, Ahmet şanyň türkmenler babatdaky syýasaty şeýle. Biziň taryh ylmymyz bu döwrüň çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryny, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň wakalaryny heniz bize doly açyp berenok. Ahmet şanyň abdal tiresindenligine, türkmeniň hem abdal tiresiniň barlygyna üns çekiň. Bu adybir iki tiräniň baglanyşygynyň neneňsiligýne biz entek doly göz ýetirip bilemzok. Emma türkmenleriň arasynda Ahmet Dürrany türkmen diýýänlerem, owgan diýýänlerem bar. Tiresi abdal bolansoň türkmenlere ýakyn göz bilen garapdyr, şonuň üçin türkmenlerem oňa şo ruhda garapdyr diýýänlerem bar. Dogrudanam, Magtymgulynyň Ahmet şaha bagyşlanan «Arşy aglaýa» odasynda: «Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr» diýen setir oýlandyrýar. Ýöne okyjy has töwerekleýin hem çuňňur maglumatlara gyzyklanýar. Ahmet şa gökleňlere ýazan hatynda halkyň öňüne düşüp ýörenleriň atlaryny nireden bildike? Kim oňa beýle maglumat berdikä? Tagta geçmezden öň Ahmet şanyň türkmenler bilen gatnaşygy neneňsidi? Bu soraglar häli-häzir-ä taryhçylarymyzyň öňünde dikelip dur. Nedir şa öldürilende Magtymguly 14—15 ýaşly ýigdekçe ekeni. O döwrüň 14—15 ýaşly oglanyny häzirki günlerde şo ýaşdaky oglanlar bilen deňeşdirip bolmasa gerek, döwrüň ýamanlygyndanmy, tebigatyň päkligindenmi, öý-durmuşynyň saýhallylygyndanmy, garaz, öňki döwürler adamlar ir ýetişipdir. Käbir okyjynyň «Ir ýetişip, irem ölüpdir» diýjegini duýýan. Hawa, o döwür şeýle bolupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |