10:40 Magtymgulynama -4/ dowamy | |
* * * Rowaýatlar Magtymgulynyň goşgy ýazmaga ir başlanlygyny habar berýär. Bir rowaýatda şeýle diýilýär: Döwletmämmet tomus günleri Töreýit takyrlygynda harman alýar eken. Ol wagt Magtymguly owlak-guzy bakyp ýören oglan eken. Ol çopan bolup gezip ýören ýerinde her hili goşgulary goşup, olary aýdym edip aýdar eken. Käwagtlar ýazan goşgularyny çopanlara okap berip, olaryň maslahatyna gulak asar ekeni. Bir gün Magtymguly bilen bile çopançylyk edip ýören kakabaş ýoldaşlarynyň biri Döwletmämmet mollanyň ýanyna baryp: - Magtymgula birneme «haý» diýiň. Ol mal bakyp ýören ýerinde bolar-bolmaz warsakyny aýdyp, görene gülki bolup ýör- diýip, Magtymgulyny ýamanlapdyr. Şondan soň Döwletmämmet molla oglunys näme aýdýandygyny bilmegi ýüregine düwüpdir. Bir gün ýaşajyk Magtymguly owlak-guzyny ýataga sürüp, atasynyň ýanyna kömege sowlupdyr. Harman jaýda atasy ýok eken. Magtymguly ýeke özi bolandan soň, işläp ýörkä hiňlenmäge başlapdyr. Şol wagt öýden çykan Döwletmämmet molla oglunyň sesini eşidip aýak çekipdir. Çopanyň kinaýaly sözüni gaty gören şahyr oglunyň şygyr okaýşyna diň salypdyr. Magtymgulynyň goşgulary atasyna ýarapdyr. Onuň oglundan göwni hoş bolupdyr. Soňra Magtymgulynyň ýanyna gelip: -Oglum, sen şahyr bolupsyň diýýärler. Hany, ataň haky üçin hem bir hoş söz aýdyp ber bakaly- diýipdir. Magtymguly şonda atasyna minnetdarlyk bildirip «Atam Döwletmämmet molla haky üçin» diýen setirler bilen gutarýan goşgusyny aýdyp beripdir. Döwletmämmet molla: -Berekella, oglum. Arkaýyn şahyrçylygyňy ediber- diýip, ogluna öwüt beripdir. Emma Magtymgulynyň häzire çenli neşir edilen eserlerinde, çagalyk ýyllarynda ýazan goşgularynyň özgeleri ýok. Muny stilistiki-hronologiki derňewler tassyk edýär. Şeýle bolsa halka ýetirilen goşgularyň haýsyny iň irki diýip kesgitläp bolar. Belki, «Soňudagy» diýen goşgudyr. O goşgy kapyýalaryň sepleşip, setirleriň gurluşy, içki pafosyň ýaňlanyşy, goşguda pikiriň, duýgynyň akyşy, durmuşa ýaňy nazar salýan adama kybapdaş romantika, watanperwerlik hyjuwynyň heniz umumylygy, ýene ençeme sypatlar hem-de goşgynyň umumy durky bu eseri başlangyç şahyr ýazandyr diýen pikiri döredýär. Ýöne başga bir wawwaly mesele bar. "Magtymgulynyň goşgularynyň hronologiýasy, ýagny, dörän wagty şu çaka çenli ylmy taýdan ýörite öwrenilenok, şo sebäpli Magtymgulynyň häzire çenli neşir edilen kitaplarynyň birinde-de goşgularyň ýerleşdirilişinde hronologik yzygiderlilik berjaý edilmändir. Şahyryň goşgularynyň haysy wagt ýazylandygyny kesgitlemek kyn meseleleriň biri. Ilki şo döwrüň wakalaryny anyk, aýdyň beýan etmeli (Akademik Myrat Annanepesowyň “Magtymguly we onuň zamanasy” diýen işi bize uly goldaw bolupdy. Has giňiş işlere zerurlyk bar.-O.Ý.), şahyryň döwre sesleniş aýratynlygyny, özboluşlygyny öwrenmeli, soňra her bir goşgynyň tekstini, kontekstini jikme-jik hem töwerekleýin derňemeli. Şuňa meňzeş başga-da ençeme muşakgatly işler bitirilenden soňra, pylan goşgy pylan wagt ýa-da takmyny wagtda ýazylypdyr diýen netijä gelmek bolar. Magtymgulynyň biografiýasyny öwrenmekligiň kynlygynyň bir sebäbi hem hut ýokarky işleriň bitirilmänliginde. Has gynançly ýeri bolsa — bu işe bäri-bärde girişilerem öýdülenok. Halkyň Nedir şa öldürilenden soňky dabarasy Döwletmämmet molla-da, Magtymgula-da uly täsir edipdir. Döwletmämmet molla öňden bäri ýazyp ýoren kitabynyň birinji babyny bireýýäm tamamlapdy. Ol bu bapda şalar hakda aýdanynyň tassyk bolanyna duýýardy. Indi az-kem ýazgynlyk aralaşdy. Göwnüne beslän pikirlerini kagyza geçirip başla-dy. Ol hernäçe jan çekse-de dil meselesi—sap türkmençe, ýagny halky dilde ýazmak başartmaýardy. Çagalykdan bäri ganyna siňen, aňynda mydamalyk oýnaýan arap, pars, çagataý sözleri onuň islegine bakman, öňki endige görä ýazylýardy. Diňe rubagylaryny, gazallaryny özge diliň sözlerinden saplap ýazmak başardýardy. Hakykatda bolsa, halk parsylardan barha daşlaşýardy, sebäbi türkmen halky Eýran zulmundan gerk-gäbe bolupdy. Şoňa görä hat-da öz duşmanynyň diline-de ýigrenç artyp barýardy. Muny Döwletmämmet molla öňrakden bäri duýýardy. Emma, nätjek, endik-dä. Onda çykalga ýokmuka? Çykalga bar. Başarmadyk işiňi ogluň başarar ýaly, bitiribilmedik işiňi ogluň bitirer ýaly etmeli. Diňe şeýle terbiýe halas eder. Döwletmämmet mollanyň bir wagtlar ogluna türkmençe aýdyp beren dessanlary, ertekileri, matallary, nakyllary..., garaz, halk döredijiliginiň dürdäneleri şu taýda uly goldawçy boldy. Magtymguly owwal--başdan halky dilde ýazyp başlady. Dewletmämmet molla öz kärine mirasdar şahyr ogul dörönine-de az begenmeýärdi welin, o şahyryň sap türkmençe ýazyşyna guwanyp başy asmana ýetdi. Magtymgula: «Halk dilinde ýazsaň işiň rowaç alar» diýip nesihat berdi. Magtymguly o pendi eşitmänkä-de atasynyň şeýle pikirdeligini duýýardy. Şo döwürlerden başlap ata bilen ogul arasynda gepleşmän düşünişmek, bir- biregiň ýüregine aralaşmak ýoly açyldy. Atasynyň mekdebinde okan döwürlerinde-de Magtymgulyda şo-ol çaga döwürlerindäki ýaly öz pikirlerine gümra bolup ýörmek endigi bardy. Şoňa görä deň-duşlary onuň bilen şeýle bir ysnyşyp bilmeýärdiler, onuň ýeke galýan, ýeke gezýän wagty barha köpelýärdi. Döwletmämmet molla oňa okamak endigini hem beripdi weli, esasy, ony pikirlenip bilmeklige ugrukdyrypdy. Okaýan kän, emma pikirlenip bilýän welin, ähli zamanda ýetmezlik edipdir. Magtymgulynyň bu dymmalygyny, bir nokada bakyp ýörmesini onuň deň-duşlary ulumsylyk, ýeksurunlyk hasaplan bolmaklary hem mümkin. Emma Çowdur atly ýigit Magtymguly bilen deňine okaşyp, deňine jedelleşip bilmekden başga, olaryň göwni bir-birege imrindi durdy, bir-birek bilen hernäçe uzak otursalar hem içi gysmady. Bularda uzak dostluk gatnaşyklarynyň döränligine Döwletmämmet molla guwanyp bakdy. Üstesine, Çowdurda arslan ýürek urýardy, kuwwatly bedeni göreni haýran edýärdi. Ol öz edermenligi, başarjaňlygy bilen Magtymguludan rüstem gelýärdi, daga dyrmaşmaly bolsa-da, düýe ýaly daşlary dagdan togarlap oýnanlarynda-da, awa çykanlarynda--da ol mydama öňdedi. Görübilmezligi bolmadyk adamyň, özünde kemlik edýän zadyň bar adamsyna guwanyşy ýaly, Magtymguly hem Çowduryň artykmaç taraplaryna begenýärdi, şoňa deňleşjek bolup päk bäsdeşlik edýärdi. Atasynyň kümüşçilik dükanynda bile işläninde Çowduryň emelsiz hereketlerini görende-de heşelle kakmaýardy. Bu oňa atasyndan gan bilen geçen gylyklaryň biridi: niýetiň hernäçe uly bolsa-da özüňi mydama pes tutmaly. Çowdur şahyr bolmasa-da goşga düşünişi, goşgy söýüşi bilen Magtymgulyny bendi edýärdi. Bu zatlara öz ýüregindäki soýgä garanda Çowdurdaky söýgi has kuwwatly görünýärdi. Her bir sözi agramlap bilýän, sözüň reňkini, kölegesini, arka tarapyny duýýan adam şahyr üçin iň ýakyn dostdy. Iki dost ýaňy on dört ýaşdan geçenem bolsa bularyň durmuşyndanda eýýäm kop lezzetler geçip gidipdir. Hany, ýalaňaçja şapydyňlaşyp o dereden o derä ýüwüren günleri?! Hany tomsuň jöwzasyny, köle böküp sowadan günleri?! Aýazly gyşlarda doňan suw ýüzune çakgy bilen çyzan sözleri eräp-eräp gidipdir. Öňler uzak gijelerde döwli ertekileri teşnewi diňlän göwün indi ertekä imrinmän başlapdyr. Hywadan, Hyratdan, Buharadan, ýa dag aňyrsyndan kerwen süýşüp gelende bezirgenleriň gyzyl-ýaşyl parçalaryny, datly kemputlaryny, ýüregiňi elendirýän jürlewüklerini görüp oba içine şowhun düşüren günleri ýat bolup barýar. Kähalatda duýdansyz dökülen talaňçylaram oba goh berýärdi, ana şonda gul edilip äkidiler gorkusy bilen her çaga öýe kürsäp urardy. Garaňky burçda ene gujagynda seýrek dem alyp, gözüni höwlendirip oturan gezekleri hem az bolmandy. Ana, indi welin duşman çozanda eliňe bir gylyjy oklaýarlar-da «Al, goran» diýýärler. Hatda arada bir ýörişe Çowdury hem alyp gitdiler. Asyl, mährem enesi hem, Döwletmämmet atasy hem indi Magtymguly dagy bilen uly adam bilen gepleşýän ýaly gepleşýärler. Uly adamlardan edilýän talaby bularyňam bitirmegini isleýärler. Elbetde, ata münmek, at üstünde oýnamak her bir türkmeniň borjy. Ony Magtymguly hem Çowdur hem ýagşy bilýär, berjaýam edýär. Emma Çowduryň atasy ogluna has zabun daraşýar. «Öz ýüregi münýän atynyň ýüreginden artyk bolmasa, at bir-de bolmasa bir ýerde seni namut goýar. Atlar kuwwatly ýüreklini öz üstünde göterýändir». Onsoň atasy Çowdura üzeňňä basyp ata münmegi gadagan etdi. Eger öňürdikläp barýan aty ylgap ýetip, ýalyndan aslyşyp-dyrmaşyp eýere gonsaň, ýaşulularyň göwnünden turarsyň. Çowdur şeýle ruhda terbiýelenýär. Magtymguly näme? Ýok. Ol bu terbiýä mätäç bolup galypdyr, sebäbi Döwletmämmet mollada beýle endik, beýle kuwwat ýok. Ýogsa, onuňam gowni at üstünde bökjekläsi gelýär. Biz Çowduryň terbiýeleňiş usulyny, ýürek terbiýesi diýip şertleýin atlandyralyň. Umumanam, türkmenler ýürek sözüne gaty uly many berýärler, köp zady ýürek bilen baglanyşdyrýalar. Ýürek terbiýesinde hem beden terbiýesi, häsiýet terbiýesi, esasysy hem nerw terbiýesi goz öňünde tutulýar. Söweşde zerur bolan ähli hereketler-çakganlyk, sowukganlylyk, göz açyp-ýumasy salymda bolup geçýän wakalardan dogry baş alyp çykmak ýaly ... endikleri terbiýelemek hem ýürek terbiýesiniň bir goşandy ekeni. Söweşde näme bolup geçýänini senem synlaýaň, atyňam synlaýar. Gorky hemmede-de bardyr, ýöne gor-kyny ýeňene batyr diýilýär. Ana, şol gorkyny ýeňýänçe, atyň sendäki gorkyny duýmaly däldir. Bu hem ýürek terbiýesiniň bir goşandy. . Adam läşine, adam ganyna, gan ysyna öwrenişmek hem ýürek terbiýesine girýär. Hatda atlary hem gana öwrenişdirmeklige köp üns berlipdir. Munsuz söweşe girmek mümkin däl ekeni. Ynha, Çowdur şeýle ruhda terbiýelenýär. Netije-de, Çowdur sarsmaz ýürek, gazaply hem gaýduwsyz bolup ýetişip barýar. Muny şo döwrüň durmuşy talap edipdir. Magtymguly welin tebigy bolşunda, tebigat onuň ýüregine näme guýan bolsa, şonuň bilen galyberýär. Gaýta, dürli kitaplar onuň ýüregini hasam ezýär. Üstesine, Döwletmämmet molla-da Magtymgulynyň ýüreginiň gatamagyny islemändir, oňa ozaly bilen şahyr ogul gerek bolupdyr. Ýöne bu taýda başga bir geň waka sataşýarys. Magtymguly-ha Çowduryň ýüregi ýaly ýürek isleýär, Çowdur bolsa Magtymgulynyňky ýaly ýumşaksy, geçirimli hem näzik ýürege ömürlik teşne bolup galýar. Döwre dolanyp geleliň. Öň aýdyşymyz ýaly, Nedir şanyň ölmegi bilen ajap eýýam geläýjek ýaly duýgy köpleri gurşap alypdyr. Sebäbi onuň zulumy juda gazaply bolup, özünden öňküleriň tejribesinden has ozdurypdy. Nedir şa öleni bilen Ahmet şa diýip biri döredi. Halk oňa uly umytly bakdy. Elbetde, Magtymguly hem Ahmet şa babatda heniz ýagşy pikirdedi. Ähtimal, Döwletmämmet molla öz pikirini daşa çykarmaga gyssanman, wakalaryň ýaýbaňlanyşyny siňňin synlapdyr. Her näme bolanam bolsa, onuň Ahmet şaha bagyşlan goşgusy ýa düýbünden ýok, ýa bize gelip ýetmändir. Emma juwan Magtymguly öz joşgunyna basalyk edibilmän, ýaşlyk gyssanmaçlygyna berlip, heniz Adyl şa hakdaky eşiden rowaýatlary, ertekileri gulagynda ýaňlanýan döwri hyýalbentlige bat berip Ahmet şa babatda: Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawyň Adyň asman gider arşy aglaýa. diýip başlanýan goşgyny ýazýar. Öz halkynyň uzak wagtdan bäri gyzylbaşlar, parslar bilen özara çapawullyklarynyň tükenmegine Ahmet şanyň ýardam etjegine ynanyp ýazýar. Ahmet şaha: şalaryň şalary... diýip ýüzlenýär. Magtymguly bilen Çowdur şo pursatlar Ahmet şa bilen bagly göwün ýüwürtmeler deňzinde ýüzüpdirler. Bir-biregiň pikirlerini diňläp, göwün aldap, asmana gol bulap, neneňsi dumana çümendiklerini bir göz öňüne getirip görüň. Üstesine, pälwan sypat, goly kuwwatly, arslan ýürekli, ötgür gylyjyny nirä urjagyny bilmän, syçrap duran Çowdur özüne döwran dolanandyr öýdýär. Ona mert söweşler, halal ýeňişler gerek. Atasy hut şoňa laýyk terbiýe berdi ahyry. Çowdur türkmeniň hem türkileriň geçmişine göz aýlanda-da gahryman bilen şahyrdan şöhratly adama gozi düşmedi. Şöhrat öz geýmini her bir adama geýdirmäge synanyşy ýaly, ol Çowduryňam egnine şöhrat geýmini taşlady. Üns beriň: iki dostuň ikisi hem oglanlykdan saýlanyşyna maňlaýyny syýasata urdular, ilkinji ädimini soýgüden başlaýan ýigitlige ýetişmänkäler syýasat, döwrüň gowgasy iki juwany öz girdabyna dolap aldy. Şoňa görä bize gelip ýeten goşgularyň ilkinjileriniň biri eýýäm hut syýasata, halk ykbalyna, döwrüň iň derwaýys meselesine bagyşlanan bolup çykýar. «Gökleň», «Arşy aglaýa” goşgulary munuň subutnamasydyr. Ýokary ideallarda terbiýelenen Magtymgulydan başgaça goşgulara garaşmak hem bolmajakdy. Ahmet şanyň guran döwletinde türkmenler, şol sanda gökleňler gulluk edip başlapdyrlar. Sebäbi Nedir şa öldürilmänkä Ahmet Dürrany onuň goşunynda gulluk edýärdi, şonuň ýaly hem türkmenler goşunyň söweşjeň bölegi bolupdy. Üstesine-de, o döwürler türkmenler gyzylbaşlara, parslara garşy duran her bir topara goşulmaga taýýardy, Şeýlelikde, täze owgan döwleti bilen gatnaşyklaryň ýygylaşmagy halk arasynda bu döwlete ýagşy meýilleriň doremegine, halkyň ýagşylyga umyt baglap, Owganystana ýüz öwürmegine getiripdir. Has gyzykly ýeri hem edil özleri ýaly pukara, dagynyk, jebir gören owgan taýpalarynyn birleşip, gözüniň alnynda döwlet gurunmagy türkmen halkyna janly nusga bolupdyr. Owganlaryň bu hereketi öňden bäri türkmen halkynyň aňynda ýaşaýan, barha bişişýän, kemal tapýan birleşmek meýline gowy itergi beripdir. «Bizem birleşip döwlet gurunsak, owganlar ýaly bagtyýar bolarys» diýip, her bir akylly-başly türkmen aýdyp biljekdi. Muny umumy adamzat mysalynda eýýäm aýdan Döwletmämmet molla bu wakalary synlap, muny eserindäki pikirleriň tassyklanmagy hökmünde gören bolsa gerek. Şol ruhy joşgunlylyk, Nedir şa döwri çöken göwnüň galkynmasy eseriň soňky sahypalaryny ýazmaga kuwwat bermek bilen birlikde Owganystan meselesinde anyk hereketler hem etmäge Döwletmämmet molla itergi beripdir. Sebäbi Owgan döwletiniň döredilen ýeri bolan Hyratda owganlar bilen bile gökleňleriň, şol sanda gaýylaryň ýaşandygyna taryh şaýatlyk edýär. Diýmek, owganlar bilen türkmenleriň arabaglanyşygyny has uzagrakdan gözlemek ýerlikli bolsa gerek. Türkmen obalarynda Owganystana giden-gelen artdygyça Ahmet şa hakdaky göwün ýumşadyjy gürrüňler barha artýar, ony halk oz aňynda Adyl şa derejesine çenli beýgeldýär. Bu gürrüňleri içgin diňlese-de Döwletmämmet molla entek Ahmet şa hakda açyk pyşglrmaýar. Sebäbi ol şalaryň taryhyny köp okapdy, üstesine öz gerdeninde çekeni, öz gozleri bilen göreni hem bir taryhça bardy. Munuň üstesine-de geçmişde näçe şa höküm sürüp ötüpdir welin, olaryň adyly az bolupdyr. Döwletmämmet mollanyň paýhasly başy bu mynasybeti hiç-hiç unutmandyr. Onsoň Döwletmämmet molla topar-topar, kerwen-kerwen bolup halaýygyň Ahmet şaha tarap yndyrylmasyny akly haýran bolup synlapdyr. Bu yňdarylmanyň soňunyň näme bilen tamamlanjagyny bilebilmän kösenipdir. Bu aralykda öz ogly Magtymgulynyň bireýýämden bäri Ahmet şaha ýürekden orun berenini hem, ýaş kalbyndaky sansyz arzuwlaryny Ahmet şaha gönükdirýänini hem Döwletmämmet molla duýman galdy. Ýöne ol oglunyň bir zada ulaşyp ýörenini soňky günler mese-mälim duýdy-da otagda ýeke özi otyrka ogluny ýanyna çagyrdy. Bu söhbetde näme gürrüň edileni soňra «Oglum—Azadym» aýdyşygynda çeper beýanyny tapdy. Eýýäm şol wagtlar, takmyn on dört, on alty ýaşlaryndaky Magtymgulyda örän ýokary medeniýetlilik, adamkärçilik kämilligi, ylyma-bilime ekabyr erk edijilik ukyby aýdyň görünýär. Eýýäm şol wagtlar Magtymgulynyň öz atasy bilen pikir bäsdeşligini gurup bilýändigine bu goşgy şaýatlyk edýär. Hatda ol atasynyň pikirindäki içki garşylygy tutup, şony hem sypaýylyk bilen ulanmagy başarýar: Atasy: Garakçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr, Ölermiň, galarmyň, gitmegin, oglum. Ogly: Kast edip janymga, ýetse ajalym, Bu ýerde hem bolsa, tapar, Azadym. Bu saparky syýahat hakda iki pikiri bar. Birinji pikir: Magtymguly derwüş bolup gidendir. Ol derwüşlige gitjek bolanda atasyndan rugsat sorapdyr. Bu pikiriň tarapdarlary aýdyşykda: Jylawdary bolam Ýazyr han piriň, Köňül guşy perwaz urar pakyryň, Bu gün ýedi gündür, «alham» okyryn, Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym! diýen setirlere köp ähmiýet berýärler. Ikinji pikir: Magtymguly beýleki ildeşleri, deň-duşlary bilen birlikde hut Ahmet şanyň ýanyna görme-gorşe ýa gepleşige gitjek bolanda atasynyň ejazasyny diläpdir. Bu pikiriň tassyklamasy hökmünde: Jepa urma özüň, çagyr möwlany, Arzuwlama hany, begi, soltany, Besdir bize owwal taňry bereni, Aldyrma köňlüňni, gitmegin, oglum! diýen bendi goldanýarlar. Magtymgulynyň ýaşlykda her ne maksat bilen bolsa-da, Owganystana gidenini hiç kim inkär etmeýär. Göwnüme bolmasa, ýyllar geçip Magtymgulynyň öwrenilişi çuňlaşdygyça, ikinji pikiriň bähbidine köp deliller tapylýar. Bir gezek okana ähli setiri düşnükli görünýýan «Oglum-Azadym» aýdyşygynda-da Magtymgulynyň ýaşlykda Owganystana ugramagynyň syýasy äheňlerden gelip çykýandygyny tassyklaýan deliller okadygyňça agdyklyk edýär. Onsoň bu dünýäniň gowgasyna Magtymgulynyň ýaşlykdan goşluşandygyny, döwrüň syýasatyna örän içgin gyzyklanandygyny aýtsa bolar. Bu Döwletmämmet molla tarapyndan oňa şeýle terbiýe berlendigini hem görkezýär. Heniz ak kagyz ýaly arassa aňda yşk sözleri ýazylmanka, syýasatyň tükeniksiz aýlawlary çyzyk çekip geçdi. Bu aýdyşyk biografik nukdaý nazardan in baý maglumatly goşgy hasaplanýar. Munda Magtymgulynyň ýaşlyk hyjuwlary bilen birlikde atasyna goýýan beýik hormaty, Döwletmämmet mollanyň paýhasy, atalyk mähri, oglunyň takdyryna şeýle içgin gatnaşygy, oglunyň sarpasyny saklaýşy, birek-birege gowy düşünýändikleri, Owganystan babatda öz piklrleri, döwrüň dartgynlylygy duýulýar. Bu aýdyşyk ilkinji sapar watandan uzaga gidýän Magtymgula Döwletmämmet atanyň ak pata bermesidir. Ylymlaryň beýigi-syýahatdyr. Hawa, ilkinji ýola ýurtdan çykmak. Ýöne bu Owganystana gidip-gelmek bilen tamamlanarmy? Özüniň ömür öwrümlerinde ýene nirelere gitjegini, zerurlykdan, mejburlykdan, göwni joşgunlylykdan gitjeginigi Magtymguly şo wagt oýlandymyka? Diňe ýagşylyga garaşýan göwün öz ömründe näçe jebirlere döz gelip watandan aýra ýaşamaga mejbur boljagyny güman etmedimikä? Magtymgulynyň Owganystanda Ahmet şa bilen gepleşigi takmyn 1750—52-nji ýyl töwereginde bolandyr. Ahmet şa Nedir şanyň ynanýan serkerdeleriniň biri hokmünde köp ýerlerde, mysal üçin Ermenistanda, Gürjüstanda, Dagystanda halkyň nähak ganyny döküpdir. Belki, ol türkmenleri hem aýap goýan däldir. Şoňa görä ol döwlet edinensoň, şol birmahalky özüni ýigrendirmesini ýuwmarlamalydygyna tiz düşünipdir. Özüni Nediriň nesline, Eýrana garşy edip görkezmek gerek bolupdyr. Şeýtse, birmahal Eýranyň gol astyndaky hanlaryň, hususanda, türkmenleriň özüne gatnaşygynyň üýtgejekdigini Ahmet şa öňden görüpdir. Muny amala aşyrmak üçin ol, ozaly bilen dine berk ýapyşypdyr. Hamana, bu ýerde diňe din, mezhep bähbidi bar ýaly edilip görkezilipdir. Bu, Ahmet şanyň garaşyşy ýaly, türkmenlere uly täsir edipdir. Ýeri gelende ýene bir ýagdaýy hem okyja ýatladyp geçeýin. Nedir, özi türkmen bolansoň, basyp alan ýurtlarynda-da, galaba, türkmen häkimini oturdypdyr, Owganystany basyp alanda on alty ýaşly Ahmet türmede eken. Ol Nediriň goşunyna goşulyp gaýdyp, öz ekabyrlygyny, batyrlygyny görkezip Nediriň ynamly adamsyna öwrülýär. Hat-da Nedir özüne garşy dildüwşük guralýanyny duýanda, d1ldüwşüjilere garşy hut Ahmediň goşunyny kömege çagyrýar. Nedir şa öldürilensoň onuň gaznasyny talajak bolan talaňçylara garşy hem hut Ahmet garşy durýar. Şonda Ahmediň Nedir şaha wepadarl1gyny hormatlap, Nediriň zenanlary oňa dünýäde ýeke-täk gymmatly Nur dagy ýa-da Tawus tagt diýen daşy berýärler. Ahmet ne sebäpden Nedire wepadarlyk bildirdikä? Munuň sebäpleriniň biri onuň türkiligi ýa türkmenligi bolaýmasyn?! Häzirki wagtda Ahmet Dürranynyň owganyň sadozaý taýpasyna degişlidigi hakda maglumatlaram, delillerem agdyklyk edýär. Onuň türkmenligi hakdaky çaklama bolsa şu wagt çaklamalygyna galýar. Şu taýda Nedir şa öldürilenden soň, türkmenleriň, şol sanda gökleňleriň ala-böle Owganystana ynanmagynyň, ondan ýagşylyga garaşmagynyň örän köp sanly sebäpleriniň, delilleriniň barlygyny aýtmak gerek. 1713-de beýik türkmen ogly Hojanepes Kaspiden geçip parahatçylyk missiýasy bilen Pýötr I-niň huzuryna ugraýar. 1714-nji ýylyň ýazynda onuň resmi duşuşygy bolýar, dogrusy, rus şasy bilen döwletsiz, şonuň ýaly hem şasyz türkmen halkynyň wekili duşuşýar. Ol rus raýatlygyna girmek meselesini beýik patyşanyň öňünde keserdip goýýar. Bu duşuşygyň yzysüre Pýötr I A. Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasyny bu taýa ugradýar. Türkmenleriň bu ekspedisiýa her gezek ýakyndan ýardam berenligi, umuman, ýagşy meýilli garşylanlygy hakda maglumatlar bar. Şirgazy han bu ekspedisiýany namartlyk bilen gyranda türkmenleriň bu wakany gahar-gazaply kabul edenligini aýtsa bolar. Elbetde, Hojanepesiň beýik Pýötr bilen duşuşanlygy hakda bir-biri bilen gatnaşykly beýleki türkmen taýpalarynyň iru-giç eşidenligi, özge bolmasa, her taýpanyň sowatly toparynyň eşidenligi hem gümansyz. 1723-nji ýylda Pýötr I Bakuwy alýar. Şol ýyldaky rus-eýran şertnamasyna laýyklykda Gürgen etraplary hem ruslaryň gol astyna geçýär. Emma hakykatda o ýerlerde syýasy ýagdaý üýtgewsizligine galýar, ýagny ruslardan hiç hili delalat bolmaýar. Muny hem türkmenleriň öňdebaryjy adamlary ýagşy ölçäp-biçendirler. Ne sebäpden şa olary owgan, eýran zulmundan dyndaryp, öz saýasyna almadyka? Bu faktyň rus patyşalygy hakda ýene bir ýakymsyz duýgy döredenligi ikuçly däl. Bu rus-türkmen gatnaşyklarynda ulanylmadyk ilkinji hem iň uly şanslaryň biridir. Eýsem şondan soňra rus-eýran-türkmen üçburçlugynda wakalar neneňsi ýaýbaňlanypdyr? Elbetde, ýakymsyz duýgular köp döräpdir. Eýýäm 1726-njy ýylda Nedir uly söweş sahnalarynda görnüp ugraýar. Eýran-türkmen gatnaşyklary öňküdenem beterleşýär. Alamançylyk, basyp almalar we talaňçylykly göçhä-göçlükler eýýamy başlanýar. Eýrandaky rus rezidenti I. P. Kaluşkin öz döwründe Nedir şa hakda şeýle maglumat ýollapdyr. «Ol öz häkimligini, şol öňküsi ýaly, aňrybaş gazaply ýöredýär we ile meşhur adamlary yzygiderli öldürýär, özem bir ujundan öldürýär. Maýer handan başga-da ähli kişileri, ýagny ondan razy adamlary hem öldürýär, şo sebäpli hemmeler, goşun hem oňa ölüm dileýär”. 1732-nji ýylda bolsa rus-eýran şertnamasy esasynda türkmeniň gür oturan ýeri bolan Gürgen resmi suratda Eýrana berilýär. Bu hereketleriň ählisi ruslaryň türkilere, şol sanda türkmenlere garşydygy hakda pikir edilmegini döredipdir. Ýeri gelende aýtsak, türki kowumlar hernäçe agzala bolsalar hem öňi-soňy garyndaşdyklaryny unutmandyrlar. Bu faktor elmydama olaryň ölçeg birlikleriniň biri bolmagynda galypdyr. Şu taýda XVIII asyryň birinji ýarymynda rus döwleti Eýran bilen gyzyklanyp, Eýranyň Turk-Osman döwletine garşy durmagyny isläp, türkmenler we olara kybapdaş kiçi halklar babatda sowuk syýasat ýöredenligini aýtmak gerek. Şol sowuklyk samoderjaw häkimiýetiň has uly bähbitlere kowalaşmasynyň netijesiligini hem ýatlalyň. Netijede, boýun egmezek, özdiýenli türkmenler öz başyny özi çaramaly bolupdyrlar, munuň üstesine, türkmeniň owşar tiresiniň gazabyna hem garşy durmaly bolupdyrlar, o döwürler Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýanyň köp bölegi, owganlar, tür Türküstan, Hindistan, Bahreýn we Oman Nediriň ganly penjesine düşüpdir. Onuň şeýle rehimsizligini bolsa hut öz ogly Ryzagulynyň gözüni oýdurmagy bilen hem häsiýetlendirip bolar. Ol Maryda goşun jemläp, top-tophanasyny üýşürip uzak Çynma-Çyna-Hygaýa ýöriş etmäge-de taýýarlanýar. Onuň özi bu söweş taýýarlygyny Çingiz hanyň Eýrandaky weýrançylyklary üçin ar almak meýli bilen düşündiripdir. Emma hakykatda Nediriň özi hem hut Çingiz hanyň: «Alan ýurduňy ýumurmaly» diýen pikirini goldanýar. Öňem sefewiler tarapyndan pese düşürilen döwlet Nedir şa döwründe iň aşaky çyzyga çenli gaçdy. Ýurdy dürli gozgalaňlar, topalaňlar, çaknyşyklar tozduryp başlady. Nediriň zorluk arkaly özüne birleşdiren döwleti Nedir ölensoň hanlyklara dargan hem bolsa, hakykatda bu proses, edil buz astyndan akýan derýa ýaly Nedir entek dirikä başlanypdy. Medeniýet babatda bol-sa «Eýranyň taryhy» atly kitapdan bir sitata okaň: «XVII asyryň ahyrynda XVIII asyryň başynda üznüksiz diýen ýaly uruşlar, özara dawalar hem-de çuň ykdysady weýrançylyk zerarly Eýran medeniýetiniň umumy pese gaçyşlygy döreýär» (Moskwa, 1977 ý. 208-nji sah.) Ynha, Magtymguly Owganystana ugramazynyň öňinçe emele gelen taryhy ýagdaý gysgaça beýan edenimizde şeýledi. Ýöne şu taýda bir sorag ýüze çykýar: Magtymguly Owganystana gitmäge göwün bermänkä, ozaly bilen dagynyk tireleri birleşdirip, edil owganlaryňky ýaly öz döwletini gurunmak pikirini etmedimikä? Sebäbi Owganystan döwletiniň döremeginiň mysaly türkmenleriň oýlanýan gatlagyny bu pikire iteräýjek ýaly. Meniň pikirimçe, birleşmek ideýasy, belki, Nedir şa döwründenem öňräk dörän bolmagy mümkin, özem diňe bir taýpa däl-de her taýpa aýratynlykda öz durmuş tejribesine, ýaşaýyş şertine, ezýet çekişine, urgy alyşyna görä bu pikire gelendirler öýdýän. Onsoňam türkmenlerde birleşmek ideýasynyň döremegi üçin geçmişe, ýagny özleriniň agzybir, başy bir döwrüne nazar öwürmek hem uly itergi berendir. Soňra bir ýany Hytaýa, bir ýany Siriýa, Müsüre baryp ýeten beýik seljuk döwleti hakda ýatlalyň. Ýokarda aýdylanlaryň hijisine bakmazdan, hatda parasatly, öňden görüji Döwletmämmet mollanyň maslahatyna sypaýylyk bilen garşy duran ýaş Magtymguly, heniz syýasy tejribesiz, hakyky ýagdaýy doly göz öňüne getirip bilmeýän, wakalaryň haýsy tarapa ösjegini öňünden oýlanardan entek ýaş Magtymguly Owganystana, Ahmet şa baka dyzaýar. Owganystan Magtymgula dury reňkli älemgoşardan öweý görnenok. Ähli müşgilleri aňsat çözjek hem diňe Owganystan bolup görünýär. Juwan göwün Owganystan bilen ganatlanyp, tiz ýetmece gam laýyna batyp galaýjak ýaly duýga çümýär. Magtymguly Owganystana uly topara goşulyp ugraýar. Özem deň-duşlary bilen gidýär. Olaryň arasynda edermen Çowdur hanyň barlygyny aýtmasa-da, bu möhüm saparda onuň Magtymgulydan galmajagy belli. Toparyň Owganystana üç maksat bilen gidenligini logika salgy berýär. Baş maksat: Ahmet Dürrany bilen duşuşmak, onuň öz dilinden aýdan sözlerini gulaklary bilen eşidip gaýtmak hem-de türkmeniň, hususanda, gökleňleriň Owgan döwletinden hem-de onuň şasy Ahmetden neneňsi hereketlere umydygärdigini, şol bir wagtda-da türkmenleriň özüniň neneňsi hereketlere taýýardygyny aýtmak. Bu, aslyýetinde, syýasy gepleşik. Ikinji maksat: Eýran bilen uruş ýagdaýyndalygy, Hywa, Buhara bilen edilýän söwdanyň çäkliligi, Onsoňam muňa ýomutlaryň päsgel bermegi, deňiz arkaly söwdanyň juda ujypsyzlygy Türkmensähra etraplarynyň türkmenlerini çykgynsyz ykdysady gabawda goýupdyr. Şoňa görä-de olar diňe bir ýol- söwda derwezesi hökmünde Owganystana ýüzlenmäge mejbur bolupdyrlar. Hindiler bilen gadymy söwda ýolunyň bir goly hemm Owganystanyň üstünden geçýärdi. Magtymgulynyň goşulyp giden toparynyň üçünji maksady: Owganystanda ýaşaýan garyndaşlardan, ähtimal, eýýäm Ahmet şanyň goşunynda gulluk edýän garyndaşlardan habar alyp gaýtmak. Gökleňleriň we olaryň kiçi tiresi gaýylaryň bir böleginiň o taýda baryp-ha Ahmet Dürrany şa bolmanka ýaşap oturanlygyny öň ýatlapdyk. Döwletmämmet molla kyn göre-göre gitmäge rugsat berse-de Owganystan babatda öz pikirinden dänmeýär. Her niçigem bolsa öz pikiriniň dogry ýa ýalňyş çykjagyny synap görmekden garşy däl. Bu Döwletmämmet mollanyň pikirleniş derejesiniň ýokary çeýelige ýetenliginden habar berýär. Azady diýr, bile sapa süreli, Eýsem ibereli, synap göreli. Şu taýda ýene-de bir sowal ýüze çykýar. Döwletmämmet mollanyň Magtymguludan uly iki ogly- Mämmetsapa, Abdylla barka, ala-böle Magtymgulynyň Owganystana ugramagyna nähili düşünmeli? «Uly başlar, kiçi işlär» diýen prinsipde ýaşaýan gündogar halklarynyň köpüsinde ýaşy boýunça ululara artykmaçlyk berilýän döwründe ýaşkiçä ýol berilmegine näme sebäp bolduka? Çaklaýşyma görä, munuň ilkinji sebäbi Mämmetsapa, Abdylla, beýlekilere, garanda Magtymgulynyň köp tarapdan-ylma, syýasata yhlaslylyk, dilewarlyk babatda aç-açan rüstemligidir, has ynamly delili bolsa Magtymguly Ahmet şaha içki yhlasyny, halkynyň niýetine bap gelýän öz niýetini goşga geçirip şanyň huzurynda okamakçydy. Magtymguly Ahmet şaha bagyşlan goşgusy üçin soň bir mahallar ökünermi, şahyrlaryň her zaman halkyň ýanynda bolýan dünýäde onuň Ahmet şa tarapda durandygy üçin birmahallar ahmyr çekmezmi?! Su mahal Magtymgulynyň başynda beyle bir pikirem ýok. Ahyrda, uly maşgaladan ala-böle Magtymgulynyň Owganystana gidýän topara goşulmagynyň başga-da köp sebäpleriniň, biziň bilmeýän, oýumyza gelmeýän sebäpleriniň bolup biljekdigini hem aradan aýyrmak bolmaz. Her niçigem bolsa agyr kerwen Owganystana baka Süýnüp ugrady. Yzda galýanlar kerweniň sag-salamat gidip, aman-esen dolanmagyny dileg edip gurbunyň ýetdiginden hudaý ýoluna sadaka aýdýardylar. Zenanlaryň agysy kethudalaryň diýenetdiriji owazyna goşluşyp gidýärdi. Aýak ýalaň çagalar iki ýana çapýardylar. Şol mähelläniň gowrunyň ýetýän ýerindäki gara öýleriň biriniň gözeneginden bäş-alty sany deň-duş gyz bu tomaşany ogryn synlap durdy. Olar kalbyndaky tolgunmany, ýüz müň arzuw-hyýalyny bir-birinden gabanyşyp bakýardylar. Eger şu mahal olaryň uzyn-uzyn saçlary peýkam ornuna atylýan bolsady, onda her gyzyň saçlarynyň kültemi bir ýigidiň boýnuna dolanardy. O gyzlar at üstüňde oturan ýigitleriň bir gezejik, bir dem salym bäri bakaryna zardy. Emma o ýigitleriň aglabasy, hatda Magtymguly hem, Çowdur hem bu pynhan bakyşlardan bihabar, hatda beýle bagtyň barlygyny gümanam etmän, halkyň derdine ýarajaklygyna guwanyşyp, şöhratyň ilkinji tozgalarynyň gözüni gapanyny-da duýman, at üstünde dabaraly otyrdylar. Magtymguly dagynyň kerweni gözden ýitip gidende hälki gyzlaryň iň owadanjasy, iň sypaýysy, iň görmegeýi gözlerine ýaş aýlanyny duýman galdy. Joralary şobada oňa |degip başladylar, o gyzyň bolsa kalby köz kimin köräp, ýürejigi eräp-eräp akýardy. Ol şeýle bir ýekesiräp, öý-ä beýle-de dursun, bu dünýä gözüne dar göründi. Halys erkini elden aldyryp, ýüzüne ýaglygyny örtüp aglap başlanda, joralary degişmäni kesip, gowünlik berip başlady. Gözel gyz kuwwatly yşkyny o ýigidiň duýmanyna, säher turup özüne timar bere-bere barsa-da o ýigidiň üns bermänine, bir ýola-da gizlin-gizlin bakmanyna arman-ahmyr çekdi. Şeýdip, yşky köýüp gitmekden howatyrly gyz öňde özüne neneňsi ykbalyň garaşýanyny bilmese-de geljekki günlerden umytsyz bolup gaýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |