18:04 Magtymgulynama -7/ dowamy | |
Yslamyň mukaddesliginiň äsgermezlik edilişini gözi bilen görmek Magtymgula hasam agyr degýärdi. Ýeri gelende aýtsak, bu taýlarda Nedir şa döwründen bärki ýyllary yslamyň krizisi hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Nedir halklary ähli babatda talaňçylyga salmak bilen, olaryň şo döwürki ýeke-täk ynanjy, ýalňyz daýanjy bolan yslam dininiň hem nyrhyny gaçyrdy. Ol Muhammet pygamberem, Aly hem menden üýtgeşik adamlar däl ekeni diýip bir çemçe gara ýag bilen çelekdäki ähli baly garalap goýberdi. Şo zerarly ýalan işanlar-sopular, ahunlar döräp yslamy öz gara bähbitleri üçin peýdalanyp, dilinde bolsa Kurany senalap öňe çykdylar. Beýle adamlar her zamanam bardy, ýöne häzir has köpelipdi. Bu, gutulgysyz ýagdaýda, diniň hümmetini gaçyrdy. Mälim bolşy ýaly, diniň hümmetsizligi öz gezegiňde ahlaky sütünleri egip, adaty ynsan gatnaşyklarynda garalygyň-galplygyň güýçlenmegine alyp bardy. Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler gözýaşyn döke başlady. Orramsydan bolan haramhor begler Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady. Hawa, Magtymguly molla bilen mollanyň arasynda uly tapawut goýýar, oňa öz atasy ýaly arassa, lebzi halal molla derkar. Özem bu tankyt, dogrudanam, atasy ölensoň başlanan bolsa gerek, sebäbi atasy barka, ondan öňe geçip durmagy ol özüne uslyp bilmändir, onsoňam, atasyna-da molla diýip ýüzlenipdirler ahyry. Magtymgulynyň şo döwürki ahwalyny hem-de döwrüň ýagdaýyny «Döndi döwür ýamana» diýen goşgy örän jaýdar görkezýär. Siz o goşgyny ýaňadan okap görüň. Bu ýyllar Magtymgulynyň öz sözüniň güýjüne ynanyp başlan döwri hem-de onuň başyna dünýä gamynyň baky çöken döwri boldy. Dünýä üçin gam çekmek Magtymgula edil ýaşaýyş üçin howanyň ilkinji zerurlyk bolşy ýaly zerurlyga öwrüldi. Ýöne bu gamy, bu hesreti öýünde bölüşjek barmy?! Gaýta, olar gam üstüne gam goşdular. Iki ogully gelni oňa ýakynlyk görkezse-de Magtymguly o ýakynlygy kabul edip bilmedi. Oňa edil Meňliniň ýakynlygy, Meňliniň mähremligi gerekdi. Hany Meňli?! Hany o ýakynlyk, hany o mähremlik?! Diňe Çowdur dosty oňa öz gaýduwsyzlygy bilen sähel ynjalyk berýärdi hemem balalaryna göwnüni aldaýardy. Açlygyň, talaňçylygyň, adamlary palaç ýatyran ýaly ýatyrýan keselleriň derdinden ýaňa gökleňler, ýomutlar hatar-hatar kerwen çekip garagalpaklara, Hywa hem-de Ahal etraplaryna göçüp başladylar. Azerbaýjanlardan, Ajdarhan (Astrahan), Maňgyşlak türkmenlerinden hem hoş habar gelmeýärdi. Olaryň arka çetinde ýaşaýan rus döwletine-de ynam ýokdy. Sebäbi, ozaly bilen, olaryň dini başgady, dili başgady, gan bilen girýän däp-dessurlary, gylyk-häsiýetleri başgady, üstesine-de juda uly döwletdi. Şol ululyk hem köp howatyr döredýärdi: bir penjesine düşeňsoň, gaýdyp sypyp bolmaz diýen pikir başa gonýardy. Muňa müň dürli sebäplerem tapylýardy. 1723-nji ýylda Pýötr 1-niň basybalyjy goşunynyň Bakuwy eýeleýşi hem-de adalatsyz hereketleriň artyşy hakda gürrüňleriň bir ujy Türkmensähra hem ýeten dälmididir?! Gürrüňsiz ýetendir. Onuň elmydama bir ýana dyzaýan, atygsaýan göwni maşgaladaky, oba-ildäki yzly-yzyna gaýtalanýan ynsan pidalary zerarly baglangy durdy. Matam matama sepleşip gidip barýardy. «Adam başyna matam iki tüýsli gonarmyş. Biri-adamy beýgeldermiş, beýlekisi ýere sokarmyş» diýlip türkmenleriň arasynda bir gürrüň bar. Häzirki ýagdaýda welin Magtymguly ne beýgelip bilýärdi, ne-de ýere girýärdi. Magtymgulynyň wagt-möhlet duýgulary ony aldawa salýardy: hamana Magtymguly bu dünýäde azap-azar çeke-çeke elli-altmyş ýyl ýaşap ýören ýalydy. Emma hakykatda Magtymgulynyň bary-ýogy ýigrimi ýedi ýaşy bardy ahyry. Şol aldawçy duýgular zerarly Magtymguly Meňli gelnini, Mämmetsapa, Abdylla gardaşlaryny ýitirenine hem örän uzak wagt geçen ýaly görýärdi. Hatda bu çaka çenli tebigatyň, pasyllaryň göze görnüp biljek iň bir inçe üýtgemelerini-de siňňin synlan Magtymguly ýas dumanyna çümen pursatynda haýsy pasylda ýaşaýaňyny hem unudyp goýberýärdi: ýagyş ýagyp duran bolsa, bu ýaz ýagşymy, güýz ýagşymy, ýa gyş ýagşym-parhyny bilmeýärdi. Gowy ýeri-beýle hala düşmeklik uzak bolmýaýardy. Elmydama özüni derňäp, yzarlap, jylawlap, gamçylap ýören Magtymguly derrew özuni ele alýardy. Ol, bu günler atasynyň miras beren kitaplary, Idris baba medresesinde okanda Nyýazguly ahunyň kitaplaryndan göçürmeleri hem-de beýleki gola düşen kitaplary ürç edip okady. Şo döwürlere gelip ýeten arap ýazuwyndaky kitaplarda dünýäniň köp-köp syrlarynyň açary bardy. O kitaplaryň atlary hem, içinin mazmuny hem soň-soň halk aňyndan öçüp gidipdir. Aslynda, ylym özüňi we dünýäni öwrenmekden ybaratdy. Ol bu geçen günlerde günä gazanan bolaýmaýyn diýip, ozüni saplamak üçin barha köp okady, barha köp tagzym etdi. Onuň aňynda Hudaýyň mertebesi has beýgeldi gitdi. Şoňa görä, elbetde, şahyryň aňynda neneňsi duýgular gozgalaň turuzýan bolsa, goşgy-şygyrlaram hut şol hörpde ýaňlanýardy. Magtymguly bu goşgularyny bir kitaba jemleýärkä, Meňli süýrelende gyzylbaşlaryň alyp giden goşguly kitabyndan ýada düşenlerini hem ýazyp bu kitaba goşýardy. Ýene-de bir kitap edinmek umydy döredi. Indi Magtymguly ahmal galmaz, ähli goşgularyny birküç ýola göçürip çykar. Üstesine, obadaşlarynyň arasyndan, beýleki obalardan dogry sözüň ölemen aşyklary hem goşgy göçürip alýardylar. Goşgy muşdaklaryny ozaly bilen haýran galdyrýan zat, o goşgularyň sözleri öz gepleýän sözlerinden üýtgeşik däldigidi. «Asyl. öz gepleýşiň ýaly dilde şygyr ýazybam boljak ekeni» diýip, uly il haýran galýardy. Şeýdip, şahyr bilen okyjy köpçuligi arasynda näçe asyr bäri saklanyp duran päsgeli Magtymguly turuwbaşdan düýp-teýkary bilen ýumurdy. Bu diňe dil babatdakylary, pikir babatdakylara näme bolandyr öýdýärsiňiz? Magtymguly halk neneňsi pikirlenýän bolsa şonuň ýaly pikirleri goşga salýardy, halkyn wawwaly meselelerine baş urýardy, özem Magtymguly hut, Türkmeniň we tutuş Türk Dünýäsiniň agysyny aglaýardy, umumy betbagtlyk ýa-da umumy bagt hakda öňki şahyrlaryň asyrma-asyr ýazyp gelen goşgularyndan iň bir uly tapawudy hem Magtymgulynyň anyk bir wagtda, belli bir halkda bolup geçýän wakalara batyrgaý ýüz öwürmegidir. Anha, düýn ýogalan atasy Döwletmämmet Azadynyň şygyrýet hazynasyndan hem “Türkmen” diýen sözi tapmady, ýogsa olam Türkmeniň agysyny aglap geçdi ahyry. Şu iki faktor Magtymgulynyň döredijiligine egsilmez kuwwat berip, ýol ugrundaky germewleriň ählisini böwsüp, uzak-uzak illere uçmaga ganat berdi. Hut şu iki faktor türki halklaryň arasynda ilkinji bolup Magtymgulynyň belent milli şahyrlyk mertebesine ýetmegine hem-de Orta Aziýany on altynjy asyrdan bäri büräp duran tümlügi ýagtyltmaga ýol açdy. Magtymgulynyň döredijiliginiň ählý pudaklarynyň ösüş kökleri millilik duýgularyndan nem aldylar. Magtymgulynyň doredijiligi owal-başdan başlap na-zaryny şol bir nokada dikip ösdi. Elbetde, bu uzak ýolda sansyz kösençlikleriň bolandygyny gelejekki sahypalar beýan eder. Magtymgulynyň ömri hakda gürrüň edilende kyssany has täsirli etjek bolup, onuň ömür sahnalaryna tragiki wakalar ýalandan-çyndan ýöňkelýän ýaly pikir okyjyda döremäwersin. Onuň başyna düşen betbagtlyklaryň diňe öz goşgusynda beýan edilenlerini alanymyzda-da hemmeler ynanar ýaly daldigini, adaty däldigini nygtasymyz gelýär. Munuň şeýledigini şahyryň özi hem aýdyp geçipdir: Ger tutsa halymdan habar, gury agaçdan gan çykar. Ynsan şerarymdan(ot-ýalynymdan) eser tapsa, teninden jan çykar. Magtymgula atasynyň ölüminiň beren yzasy sowaşmanka, ol heniz tiz-tizden düýşünde atasy bilen söhbetdeş bolýarka ýene bir betbagtlyk gara ýüzüni görkezdi. Dogrusy, ajal bularyň gapysyndan gitmedi. Bu sapar ol Magtymgulynyň didesine, ýüregine deňäp oturan ogullarynyň birini göterdi gidiberdi. Oýnap ýörenje ýedi ýaşly Mollabäbegiň ne sebäpden öleni bize belli bolmasa-da, soňky ýyllar möwç alan keseller zerarlymyka öýdýärin. Gapymyň miweli bagy, Üzüldi ýüregmnň ýagy, Hem arkamys gara dagy, Razy bolgul, Mollabäbek. Magtymguly «Üstümize hijran ody senildi» diýen sözleri ýene-de bialaç ýatlaýar. Onuň başyndaky matam dumany ýene goýalar. Her gezek bu dumandan saplanmagyň, başyňy aman alyp çykmagyň müşgilligi ony herýana çekelär. Ol şeýle ýagdaýdaka bir gapyl gün gyzylbaş ordasy oba dökulip, weýranlyk baryny edýärler: öýler ot içinde, sallançakda ýatan çagalaram ýanýar, mallar sürlüp barýar, galan mallaryň böwri gama bilen deşilip gan şoralanyp akýar, hol beýlede boýnuna gylyç urlup, ganyny çar ýana pürküp, gara öküzçe janhowluna aýylganç bögürýär. Naçarlaryň zarynlamasyna bakman, zalymlar olaryň oz gollaryny öz saçlary bilen baglap süýreýärler. Merdem zenan gyrkylykly topulyp, bir gyzylbaşyň böwründen sançýar. Onda-munda gylyçlaşýanlaryň gylyçlary galkana degip, galkanlaryň gümmürdisi obanyň ahy-nalasyna goşulyp gidýär. Şu urha-çaplyk başlananda gyzylbaşlardan bäş-alty kişi gaty beletlik bilen baryp göni Magtymgulylaryň hojalygyny otlap, öýe kürsäp girdiler. Bolsa-da zenanlar, Magtymgulynyň aýaly ogly Ybraýymy alyp gizlenip ýetişipdir. Öý, ussahana akan-dökän edilýär. Öýden çykan kitap-kagyzlardan alnany alnyp, alynmadygy hem öý bilen bile ýanýar. Temete diýlen ýere ekin üstüne giden bir topar erkek, şol sanda Magtymguly, Çowdur dagy şum habary eşidip gelýänçäler gyzylbaşlar etjegini edip daga siňip gidýärlar. Aşyklardan ötdi yşkyň höwesi, Tartyldy, ýazyldy dowzah perdesi, Dagdan aşyp gyzylbaşyň ordasy, Gözel ilim weýran kyldy, neýläýin. ýa-da: Magtymguly, goly bagly, perişan, Ajap destanymdan goýmady nyşan. Bolan işi ölçäp-biçip, pikir alyşanlarynda oba içinde gyzylbaşlaryň tarapyny çalýan dönük barlygyna güman edip başlaýarlar. Güman etmezçe hem däl, gyzylbaşlaryň obada erkek adamlaryň az wagtyny peýläp çozuşyndan, çozanlarynda özge hiç zada bakman, ozaly bilen göni Magtymgulylara tarap eňip gidişlerinden many alybermeli. Diýmek, Magtymguly nyşanada dur. Muňa ýaşuly-kethudalar hem, Magtymguly hem gowy göz ýetirýärler. Eger Magtymguly şu etrapda bolmasa, gyzylbaşlar şu oba çozmajak ýaly pikir hem döreýär. «Oba-ilime meniň azarym ýetýär öýdýän» diýip, Magtymgulynyň özünde-de pynhan müýn döreýar. Ýigitler topar tutup gidip, gyzylbaş obalaryna gylyç bilen jogap berip gaýdýarlar. Turkmen aryny köýdürjek gümany ýok. Emma aryňy alanyň bilen şehit ölenler direlmeýär ahyry. Obanyň ortasyndaky öýden alynyp gidilen, oda atylan golýazmany kim dikelder?! O kitaplarda näçe duýgy, näçe pikir bardy, dünýäniň näçe syry açylýardy. Biziň hazirki ylmy açyşlarymyzyň birentegi, belki, şo ýanan kitaplaryň sahypalarynda galandyr?! Bu wakalary iki ýüz elli ýyl geçensoňam eşitseň ýüregiň eleniberýär, emma ony gözleri bilen gören Magtymgula, öz ýüreginden syza-syza çykan şygyrlaryň ýanyşyny gören Magtymgula bu weýrançylygyň ejirini sag-aman başdan geçirmäge nireden kuwwat tapyldyka?! Älhepus! Ahyrda oba kethudalary, Dowletmämmet mollanyň dostlary Magtymgulyny Hywa tarapa ugratmakçy bolýarlar. Hywa göçüp giden gokleňleriň arasyna barsa, hem-ä gowgadan daşrak boljak, hemem Magtymguly Hywa medreseleriniň birinde ylmyny artdyryp biljek. Magtymgulyda okamak höwesi güýçli bolansoň maşgalasyny başsyz goýýanyna näçe birahat bolsa-da, öňi-soňy Hywa ugraýar. Indi Hywa gidende ýanyna kagyz-galam alaýmasa, kitap aljak gümany ýok. Edil şahyrlyga ýaňy hyýallanýan ýaly. Ol Hywa ugranda-da, edil öňki gezeklerdeki ýaly, Çowdur egin deňleşdirip barýar. Edil öňki gezeklerdäki ýaly, ähli geçmiş ömri şeýle aýyl-saýyl, şeýle ýakyndan ýaňlanýar-da Magtymgulynyň ýüregini ýarara getirýär. Ol indi ähli zatdan beter, dokuz ýaşly oglundan dynanok, ýüregi ýanyp-köýüp barýar. Magtymgulynyň ganyndan ýeke-täk ňyşan, ýeke ýalňyz hatyra. Kerwene goşulyp çöl-beýewandan Hywa tarap barýarka, ýatlamalar bir salymlyk dem-dynç berende Magtymguly goldan giden golýazmalaryny doly dikeldip biljegine-bilmejegine göz ýetirip bilmän howatyra düşdi. Hakydaň hernäçe güýçli bolsa-da bir uçan awuň aňsat-aňsat gonguç däldigini Magtymguly awçy paýhasy bilen duýýardy, sebäbi Meňli süýrelende giden golýazmanyň goşgularyny gaýtadan ýazjak bolup heniz-henizlerem kösenip ýör ahyry. Hywa näbelede daşyndan rahat gorünse-de, bu döwürler ol etrapda hem gowga bary bardy. Nedir şa döwri Mary, Sarahs, Çärjew we Amyderýanyň şondan ýokarky tarapynda öňden bäri oturan ilatyň, aglaba türkmenleriň Nedir şanyň gazabyndan sowarak ýerde bolmak üçin Hywa, garagalpaklara baka göçendiklerini, şo döwürler Türkmensähradaky, Dehistandaky we Duruna ýakyn etraplardaky türkmenleriň hem bir böleginiň «Depegenden daşrak» aklyna eýerip, şo tarapa süýşendiklerini ýatlalyň. Elbetde, bu jemlenme özi bilen ýüz müň müşgillik hem alyp geldi. 1744—1745-nji ýyllarda türkmenleriň özbekler bilen bilelikde goşulyşyp turzan gozgalaňyny Nedir şanyň dikmesi Alyguly basyp ýatyrýar. Gozgalaňyň şowsuzlygy, adatça, oňa gatnaşanlaryň arasynda uly agzalalyk döredýär, özbekler bilen türkmenleriň bir-birege ynamyny gowşadypdyr, onsoň bir-birege günä ýöňkemek pursaty aralaşypdyr, üstesine, biçak köp ilatyň şol bir ýerden, şol bir suwdan eklenjek bolmasy hem hyllalla bolupdyr. Sebäbi öňki ekerançylyk, söwda, maldarçylyk bilen meşgullanyp, gününi dolap oturanlaryň özge ýerden gelenlere ala göz bilen garamagy, öz hakyny iýýän musallatlar hökmünde olara gabanjaň garamagy o döwrüň kanunalaýyk hadysasy ahyry. Bularyň ählisiniň daşyndan, göçüp gelen türkmenleriň boýnyýogynlygyny hem gözden salmak bolmaz. Bu taýda boýnyýogynlyk «keçjelik» manysynda däl-de, «başy diklik», «buýsanjaňlyk» manysynda. Bu türkmeniň gadymdan bäri döräp, ösüp, berkeşip, ganyna geçen häsiýeti. Türkmeniň ruhy. Oňa taryhy ykbaldan ýeten uly sowgat. Hut şol hem türkmeni ýer ýüzünden bütinleý ýitip ýok bolup gitmekden ençeme gezek goran zatdyr. Şeýle bolansoň, türkmenler Hywa göçüp gelenlerinde-de öz ýurduna gelen ýaly arkaýyn gelipdirler. Emma bu ýerli gabanjaňlara äsgermezlik bolup görnüpdir. Üstesine-de, şu pursatda türkmenleriň alaçsyz, hiç bir çykalgasyz gelendiklerini ýerli häkimler öňräkden bäri bilýärdiler. Olar 1744—1745-nji ýyllarda Nedir şa garşy türkmenleriň gozgalaňynda gökleňleriň hem ýomutlaryň bir böleginiň Nedir şanyň goşunynda gulluk edip, öz türkmenine ýarag çenänini unutmandylar, şol bir gökleňleriň başda durmagynda Ahmet Dürrany bilen gepleşikler geçirendiklerini, 1754-1755-nji ýyllarda owganlar bilen bilelikde Eýrana garşy söweşendiklerini, şondan soň hem owgan şasy bilen gepleşikler geçirip durandyklaryny Hywa ulamalary unutmandylar. «Türkmene ynam bolmaz. Düýn Eýrana garşy söweşen türkmen bu gün Hywa garşy hem söweşip biler» diýip, pikir etmäge esas bar ekeni. Onsoňam Hywadan elýetimlikde-Maňgyşlakdaky türkmenleriň baryp-ha 1677-nji ýyllarda Astrahana göçüp gidip rus raýatlygyna meýletin girendikleri, şondan soňky ýyllarda bolsa Balkan, Üstýurt türkmenleriniň şol ýoldan gatnandyklary bellidi. Olar gökleňler däl-de esasan, igdirler, çowdurlar, abdallardy ve olaryň damarynda-da türkmeniň gany gaýnaýardy. «Türkmenler ruslar bilen pynhan dilleşip üstümize çozmagy-da ahmaldyr» diýip howatyrlanan hem bolandyr. Garaz, türkmeniň adyndan-howalasyndan gorkup, onuň öňki kuwwatly türkmen däldigini az adam aňypdyr. Ynha, Magtymguly Hywada şeýle ahwallar, duýgy-pikirler höküm sürýärkä ylym almaga gelýär. Irki asyrlardan bäri mekdep-medreseli Hywa her tüýsli syýasy ýagdaýlarda-da medresesini ýapmandyr. Ýöne okuwyň belli bir pudaklarynyň hem-de wagyzyň (propagandanyň) her bir agalyk edijä kybap getirilýändigini aýtmak gerek. «Irki asyrlardan bäri» diýýänimize ýüzugra düşündiriş berip geçeýin. Mälim bolşy ýaly, Ibn-Sinanyň zamanynda Mahmyt patyşa Gaznada, Balhda, Nişapurda medrese gurdurypdyr. Bu medreseler Eýran, Horasan, Mawerannahr, Türküstan etraplarynda döwlet okuw jaýlarynyň ilkinjileridi. (L. Saldadzäniň maglumatlary.) Beýle diýildigi mundan öň okuw jaýy ýokdy, ýazuw ýokdy diýildigi däldir, bu diňe okuw-ylmyň medrese formasyny göz öňünde tutýar. Magtymgulyny Hywa çeken duýgularyň biri hem Döwletmämmet Azadynyň birmahallar şu medreseleriň birinde okanlygydyr. Atasynyň ýoly bilen barýanlygyny duýmak her bir menikli perzende guwanç beripdir. Ýöne bize mälim bolmadyk haýsydyr bir sebäplere görä, Magtymguly Hywada okuwa başlamanka Buhara şäherine gaýdýar. Gögeldaş (bu adyň Kekildaş bolmagy hem ahmaldyr) medresesinde az wagt okap, talyplaryň bozuk işlerine gahar edip, medresäni taşlap, Hywa gaýdýar. Bu rowaýata görä şeýle. Munuň hakykata neneňsi laýyk gelşini heniz kesgitläp bolmaz. Magtymgulynyň häzirki goşgularynda onuň Buharadaky ahwallary hakda dil ýarylmandyr, o medresäniň ady hem agzalmaýar. Şeýlelikde, Magtymguly Hywadaky Şirgazy han medresesinde togtaýar. Şirgazy han 1717-nji ýylda A. Bekowiç-Çerkasskiniň soňky ekspedisiýasyny ähtiýalanlyk bilen gyran han. Bu ekspedisiýanyň gelmeginiň sebäplerini okyjy bilýändir. 1713-nji ýylda türkmen ogly Hojanepes Astrahana barýar. 1714-nji ýylyň başyn-da Pýötr I bilen duşuşýar. Şonuň haýyşy bilen hem-de bu wakalar Pýötruň özüniň gündogara-Hindistana baryp ýetmek niýetine laýyk geleni üçin agzalan ekspedisiýa ugradylýar. Şirgazy han bu ekspedisiýanyň adamlaryny gyranda tas Hojanepesiň özi hem pyçak astyna düşen ekeni. Han öz medresesini 1713-nji ýylda gurdurýar. Abraýly medreseleriň biri. Magtymgulynyň ala-böle şu medresäni saýlanlygynyň sebäbini aýtmak kyn, ýöne Şirgazy hanyň rus ekspedisiýasyny namartlyk bilen gyranyny ol hökman eşidendir, elbetde Hojanepesiň şol ekspedisiýa bilen, şondan öňräk bolsa rus patyşasy Pýötr I bilen gatnaşyklaryny hem eşidendir. Bu wakalar ony oýlanmaga iteripdir. Magtymgula medrese köp-köp täze duýgular, täze pikirler beripdir. Heniz özüne nätanyş alymlaryň kitaplary, dini akymlar, toparlar, dürli-dürli adamlar, uzak ýurtlardan gelip okaýan talyplar bilen tanşypdyr, arap dilini has ezber öwrenipdir, bu diliň artykmaçlyklaryna, içki owazyna hem-de ýaýrawyna göz ýetiripdir. Rowaýatlarda Magtymgulynyň Hezreti Pälwan atly halypasynyň bolanlygy aýdylýar, Hezreti Pälwan çuň bilimli, beýik medeniýetli, örän kagagatly hem-de eli-göwni açyk halypa bolup, Magtymgula uly täsir edenmiş. Başga bir rowaýatda Magtymgulynyň Nury Kazym ibn Bahr diýen siriýaly alym bilen dostlugy, bile syýahata gidişleri hakda hem aýdylýar.Umuman, Magtymgulynyň Hywa, Buhara bilen bagly döwri hakda rowaýatlar köp döräpdir. Ynha, Magtymgulynyň sözüň doly manysynda jadylaýjy goşgularynyň bir syry şundadyr. Şu goşga üns beriň: Ömrüm, eý, gül ömrüm, eý! Solupdyr pygan bilen; Ataş üstüne düşüp, Köýüpdir ten jan bilen. Görşüňiz ýaly, öz ýüregiňi diňlemäni başarmak gerek. Beýle goşgyny her şahyr ýazyp biler, üýtgeşik sözlerem ýok ýaly. Emma nämesindenligini aýdyp bilmersiňiz welin, şu goşga siz bada-bat ynanansyňyz, şahyr bilen bilelikde arman çekip, şahyr gamyna gatyşansyňyz. Ýürek duýgusy diýilýän zadyň gudraty şeýle bolýar. Özem bu täsin duýgy pynhanlygy bilen belentdir. Magtymgulynyň Hywa geleni, ozaly bilen, bu taýdaky gökleňlere, beýleki türkmenlere, Hywanyň ylymly-sowatly kişilerine belli boldy. Gündogarda gowy gören kişiňe öýüňde duz bermek däbi bar. Şol däbe görä, Magtymguly köp öýleriň duzuny dadypdyr. Şol myhmançylyklarda türkmeniň ahwaly hakda pikir alşypdyrlar. Hywa bilen Türkmensähranyň gatnaşygy, Hywanyň Ahmet Dürrana garaýşy, Hywanyň ruslara, rus döwletine garaýşy söhbetleriň maňzy bolupdyr. Elbetde, Magtymguly bu duşuşyklarda türkmenler birleşip, bir-biregi goldap hereket etmse, işi ýol almajagy hakda-da aýdypdyr, Ahmet Dürranydan üzülmedik umydy hakda-da gürrüň gozgapdyr. Ol duşuşyklarda şahyrlaryň, bilimdarlaryň aýdyşyklary guraldy. Orta Aziýanyň aksakgallarynda täze tanşan adamsyna köp sowal bermek, şol sowallaryň arasynda bilýän zadyny soramak edähedi hem bar. Bu täze tanşy özboluşly synagdan geçirmek hem-de öz bilýän zatlaryň dogrulygyny--däldigini garşy-garşy barlap görmek üçin ulanylypdyr. Kähalatlarda köşk eýeleri özüni bilimdar, medeniýetparaz görkezmek üçin beýleki ýaryşlar bilen birlikde şahyrlaryň, dilewarlaryň ýörite duşuşyk-ýaryşlaryny geçirer ekenler. Şol ýaryşlara Magtymgulynyň gatnaşanlygy-gatnaşmanlygy hakda anyk maglumat galmadyk bolsa-da dyzmaç göwün gyrada durup synlamaga kanagat eden däldir. Aslynda Döwletmämmet mollanyň abraýyna sarpa goýmakdan ötri hem Magtymgulyny şeýle dabaralara gatnaşdyrandyrlar. Magtymguly Hywada okaýarka sufizm akymynyň diri wekilleri bilenem ýakynlaşypdyr. Sebäbi nirede okuw-bilim güýçli ösen bolsa, umuman, ylmy adamlaryň köp toplanan ýerinde sufizmiň tarapdarlarynyň hem köplügini taryh aýan edýär. Magtymguly, elbetde, sufizm ideýalary, sufizmiň syrly beýan ediş usullary bilen öňden tanyşdy, özge bolmasa, atasynyň döredijiliginde, gündogar klassyklary bilen tanşanda sufizmiň ýüze çykmalaryny yzarlapdy. Göwnüniň çuňunda bu akyma gözigidiji bakýardy. Hywa medresesinde resmi däl ýagdaýda ýa-da gizlinlikde sufizmiň geçmiş taryhyny, baryp-ha Gazaly döwründen bärki geçen ýollaryny öwrenýär. Mansur Hallaç, Nesimi, Ýasawy, Rumy, Hajy Bekdaş Weli, Abul Fazl Sarahsy, Abu Seýit Mäneli... ýaly sufizmiň meşhur pälwanlaryna ruhy taýdan ýakynlyk güýçlenýär. Bu ýakynlyk, goý, dowam edibersin, ösübersin. Wagty gelende, edil gelin kömelek ýaly, güberçekläp çykar. Çykar-da Magtymgulyny sufizm akymynda guw kimin ýüzdürer. Häzir welin... Ýok, häzir Magtymgulyny öz girdabyna dolap alyp gitmäge sufizmiň gurbaty ýetmedi, sebäbi bu durmuşyň gowgasy, il-gününiň sowulmaz derdi Magtymgulyny özüne bendi edip saklaýardy. Iň esasysy hem Magtymguly türkmenleriň agyz birikdirjegine, öz halkynyň ýene gadymky kuwwatly güýjüne-abraýyna eýe boljagyna ynamy güýçlendi. Ol muny, ýadyňyzda bolsa, ajap eýýam diýip atlandyrypdy. Magtymguly şol ajap eýýamy öz gözleriniň gorjegine-de pugta ynanýardy. Onsoň onuň ähli yhlasy ajap eýýamy golaýlaşdyrmaga gönügipdi. Ol bu derdini bir dem salym hem unutmaga özüni hakly hasap etmeýärdi. Şoňa göra, Hywa etraplarynyň ruhy ahwalatlary bilen ýagşy tanşansoň, Magtymguly garagalpaklaryň mekanyna syýahata gidipdir. Garagalpaklar bilen türkmenler garyndaşlyk babatda daýy-ýegen hasap edilensoň, olaryň bir-birege düşünişi gowy ekeni, rahat, hiç bir kinesiz gatnaşyklar dowam etdirilipdir. Takmyny şol döwürlerden başlap hem Magtymgulynyň goşgulary her bir garagalpagyň ganyna siňip ugrapdyr. Magtymguly soňra bu merdem halk arasynda şeýle bir meşhurlyga ýetipdir welin, hat-da onuň türkmenligini hem köpler unudyp, öz janköýer garagalpagydyr öýdüpdirler. Bagşylar Magtymgulynyň goşgularyny garagalpakça hiç bir kynçylyk-syz geçirip halka ýetiripdirler. Soňra Ajynýazyň, ( Berdagyň bu babatda örän uly işler edenini hiç unudyp bolmaz, olar iki halkyň gatnaşygyna bakylyk bermekde elde baryny aýamadylar. Häli-häzir hem garagalpak toý-dabarasyny Magtymgulusyz geçirmeýär. Magtymguly garagalpaklardan Maňgyşlak türkmenlerine, o taýdanam Astrahana, Stawropol türkmenleriniň ýaşaýan ýerlerine syýahat edipdir. Elbetde, ol gezen ýerlerinde tebigatyň gözelligini görmän geçip bilmez, ýöne onuň syýahatynyň esasy üç meseläni aýdyňlaşdyrmakdan ybarat bolupdyr: deňiz bilen gaýdan türkmenlerden, şol sanda agalary Mämmetsapa bilen Abdylladan derek tapmak, Meňliniň soragy, ruslaryň türkmenler babatda hem-de o ýerli türkmeňleriň ruslar babatda meýlini duýmak. Magtymguly ruslary ilkinji ýola şeýle ýakyndan synlady. Onuň bu halk hakda neneňsi pikirler başyna gonany, neneňsi netijä geleni belli däl. Umuman hem, onuň bu syýahaty hakynda halk arasyndan toplanan maglumatlar, rowaýatlar bolaýmasa, başga degerli zat heniz ele düşenok. Ýöne Magtymgulynyň Astrahan, Stawropol türkmenleriniň arasynda bolanlygynyň uly delili-o taýda aýdylýan «Bahtymguly» dessanydyr. Olar Magtymgula Bahtymguly diýip ýüzlenýärler. «Bahtymguly» dessany «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr» ýa-da şuňa meňzeş söýgi dessanlarynyň tipinde däl-de özboluşly didaktiki manyly dessan bolup, Magtymgulynyň goşgulary esasynda düzülipdir. Täze goşgularam, üýtgeşik setirler, bentlerem bu dessanda bar. Magtymguly bu syýahatdan Hywa dolanyp gelip, ýene okuwyny dowam etdiripdir. Harajat ýetmezligi ony barha basmarlapdyr. Umuman, okuwa gaýtmagy bilen Döwletmämmet molla ýogalany bäri maddy taýdan pese gaçýan hojalygyň hasam pukara düşenligini Magtymguly oýlanýardy. Öý-il, aýratynam Ybraýym oguljygy onuň düýşüne girýärdi. Köne dertlere öwrülen Meňli, gardaşlary hakdaky ejirli oýlar hem munuň üstesine. Munça ýyllap tapylmadyk Meňliniň, eger diri bolsa-da, ne külpetleri başdan geçirenini, neneňsi ruhy urgulara uçranyny, ahyrda, bu geçen ýyllaryň Meňlini şol öňki durkunda saklap bilmejekdigini Magtymguly duýmaýarmyka? Muňa akyl ýetirerlik tejribesi hem bar ahyry. Yşk-körlük we wepa. Biz Magtymgulynyň şu pursatlarynda söýginiň barha ideallaşmasyny, mukaddesleşmesini gözden salmalyň. Bu duýgular hakyky, dogry pikirleriň logikasyny üzýär, kesekiniň ynanyp bilmejek zadyna aşygy pugta ynandyrýar, öň Meňlä maýyl göwün şondan özgäni golaýyna getiresi gelenok. Ahyrda, «Men dönsem-de göwnüm dönmez, ýar, senden» diýen hakykat hem bar. Ynha, ýokarda agzan sebäplerimiz, biziň akyl ýetirip bilmedik, belki, okyjylaryň aňynda oýanan sebäpler netijesinde Magtymguly Meňlä garaşyp, Meňlini gözläp ýör. Ol, ozaly bilen, Meňliniň çäksiz wepadarlygyna ynanansoň, Meňliniň hökmirowanlygyna bil baglansoň şeýle ahwala düşýär. Juda çylşyrymly ahwal. Kylgyl azat, Meňli hanym, men misgini kylmaý gümra. Magtymgulynyň Hywada okan ýyllarynyň oňa ylym, döredijilik gözýetim taýdan uly gor berendigini aýtmak gerek. Döwletmämmet mollanyň, Idris babada Nyýazguly ahunyň beren ylmyny has çuňlaşdyrdy, giňeltdi. Gündogarda gadymdan bäri ürç edilip öwrenilip gelinýän astronomiýa, münejjimlik, geografiýa, matematika, şol sanda ebjet, taryh, pedagogika, şygyr, kyssa sungatynyň teoriýasy, medisina we şuňa meňzeş ugurlarda özüne derkar köp ylmy maglumatlary hiç gypynçsyz öwrenilýän ýa-da pynhanlykda-ýer astyndan öwrenilýän kitaplardan susup-susup alypdyr. Diňe bir kitaplar däl, eýsem ylmyň dürli-dürli sütünleriniň ömürnamalary hem uly ähmiýete eýe bolupdyr.. Özgäni beýgeltmän, özüňi beýgeldip bilmersiň. Başgaça bolsa çatak bolýar ahyry. Awtoryny söýmän, onuň ýazan kitabyny okanyňda ünsüň düşmän galýan zat kän, emma awtory kalbyňda beýgeldip okasaň welin, kitapda ýazylmadyk, ýöne setir arasyndan aňylýan manyny hem alyp bolýar, kitabyň täsiri bilen täze-täze pikir-duýgularyňam üstünden barýarsyň. Muňa geçmiş alymlarymyz, şahyrlarymyz gowy düşünipdirler. Ne bolsa, bilgeý sen ilat hyýaly, Dertliler alnynda men Lukman bolsam. diýilýan bir goşguda, siziň bilşiňiz ýaly, kyrk töweregi şahsyň ýa-da olaryň meşhur eseriniň ady hormat bilen agzalýar. 1944-nji ýylda Eýranyň Ak tokaý obasynda Magtymgulynyň nebereleri ýazyjy Gylyç Kulyýewe «Muhteser» diýen kitaby sowgat beripdirler. «Muhteser» häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar fondunda saklanýar. Bu kitabyň gymmaty, alymlaryň aglabasynyň pikir edişi ýaly, Döwletmämmet Azadynyň bu kitaby öz eli bilen ýazanlygynyň, kitabyň sahypalarynyň gyrasyna ýazylan ýazgylary bolsa Magtymgulynyň oz eli bilen ýazanlygynyň mümkinligindedir. «Muhteserde» eserleri göçürilen awtorlary, sahypalardaky bellikleri nazarda tutaňda-da Azadynyň, Magtymgulynyň neneňsi ensiklopedik ylymlydygyna göz ýetirip bolýar. Şirgazy medresesinde okan ýyllary ylym, şahyrlyk babatda Magtymguly täze äleme düşdi, onuň gelejek ýyllarda ýörejek ýoluna şöhle berdi. Şa-hyr hernäçe maddy mätäçlik çekse-de, köňli şol öňki belentliginde, başy dikliginde galdy. Bu hem geçmiş halypalarynyň, atasynyň ýörelgesi. Bu häsiýetiň ýüze çykmasy hökmünde soň-soň «Ýeldim tut» diýen goşgy hem dörär. Aç hem bolsaň, barma ile dilege, Diý: «Köşkde, men, başym barmyş pelege». Çölde galsaň hiç tapmaýan kölege, Erem bagy içre saýa buldum tut! Magtymgulynyň bu goşgyny Nowaýydan, Fuzulydan täsirlenip ýazanlygy mälim bolsa-da, onuň döredijiliginde bu goşgynyň orny aýratyndyr. Şeýle psihologik momenti inçelik bilen tutup, pukara köňle kuwwat beriji ideýany şeýle täsirli beýan etmek diňe genileriň işi. Bu beýik optimizmiň, ýanbermezligiň gözel nusgasydyr. Näme ýazýanyň hem ähmiýetlidir weli, nähili ýazýanyň has ähmiýetlidir. Hut «Ýeldim tut» ýaly goşgular Magtymgulyny basgançak-basgançak belende göterip: Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen. ýaly, Zalymlar hor bolar galar aýakda ýaly, Gam çekme garyp adam, Begler, şalar galmazlar. ýaly setirli goşgularyň döremegine alyp barypdyr. Magtymguly bu üç ýyl okuw döwründe dogduk obasyna gitmän ýaşanyny ýa-da aralygynda görme-görşe gidip gelenini habar berýän hiç hili maglumat ýok. Ýöne Magtymgulynyň gallawlygyny, maşgala üçin köz-kökenekdigini nazara alaňda, uzak üç ýylda amatly kerwen duşan bolsa gökleňe baryp gelendigini güman etse bolar, Ahyry, ýaz günleriniň birinde obadan «Gelsin» habary gelýär. Bu habarda hiç neneň, gussa-gaýga batar ýaly sebäp ýoklugyny Magtymgulynyň «Gözel Şirgazy» goşgusynyň ganatly ruhy-äheňi aýdyp dur. Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz, Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz, Ylym-tälim algan seni unutmaz, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!» Magtymguly Şirgazy hanyň medresesinde okanyna ömürlik minnetdar. «Sende tälim aldy, açyldy dilim», «Aklym gysga erdi, käsäm gaýnady», «Ylym--tälim algan seni unutmaz», «Daýym unutmaz men tylla gapysyn» diýen setirlere üns beriň. Ol sekizinji bentde pederden, käbeden jyda bolanyny hem gümansyz aýdýar, özem onuň aýdyş äheňinden ajal awysynyň sowaşanlygy, matamyň könelişendigi duýulýar. Şol bentde «muşakgatdan» diýen söze uly many beresim gelýär. Bu taýda Meňli göz öňünde tutulýarmyka öýdýän. Betbagtlyga uçran bu söýgi taryhyna başgaça näme at dakjagyňy hem biler ýaly däl. Magtymguly Meňli bilen az wagt döwran sürüp, gör, indi näçe ýyllar bäri şo söýginiň muşakgatyny ýuwdup ýör ahyry. Üstesine, ikinji ýola öýlenensoň, gelniň hatyrasyny saklap, ýagdaýyny tapsa Meňliniň adyny agzamaýanyny hem öň aýdypdyk. Bu pikirimiziň tassyklamasy hökmünde şu setirleri hem nazarda tutuň: Köňül berdim bir biwepa mahbuba, Çykdy elden, dagy jana dert oldy. «Jany ýanan taňrysyna gargar» diýlişi ýaly, Magtymguly käte unup-çydaman Meňlä gargasa-da ýürek şo bir ýodadan sowulanok ahyry. Hut şol goşguda eýýäm şahyr köňli maýlapdyr: Gorkaram, ýar bizi çykarar ýatdan, Aýry ýerde mesgen tutdy, ýurt oldy Şeýlelikde, Magtymguly üç ýyl duz iýen ýeri Hywadan gidesi gelmän gidýär. Hywa etraplarynyň türkmenleriniň agyz birikdirmek hakdaky gürrüňleri goldasalaram, herekete gezek gelende togtaýandyklaryny, olaryň meýillerini haýsydyr bir güýjüň tesdirýändigini Magtymguly duýman bilmedi. O duýgulary ol akyl horjunyna salyp gaýtdy. Beýleki ylymlar bilen birlikde süfizme içki guwanjyny hem alyp gaýtdy. Ol Hywadan gaýdanda ýigitlik paslyndanam el üzüp gaýtdy. Betbagt hem gowgaly geçen ýigitlik pasly. Zamananyň ýamanlygy sebäpli il-güni, maşgalasy üçin howatyr hem artyp başlady. Sebäbi ol öz türkmeniniň häsiýetine belet: öljek bolup ýatanam bolsa, «Halyň neneň?» diýseň: «Şükür bir mydar bar» diýýär. Ölüm bilen bagly habar bolsa: «Pylany agyr ýatyr» diýýär. Onsoň Magtymguly özüniň toýa çagyrylmanyny bilýär. Tä Garagumdan, Dehistan takyrlaryndan geçip, dagly-bagly Gerkez obasyna ýetýänçä ynjalyk tapmajagyny hem bilýär Onuň gyşy-tomsy gazaply çölden kösenip geçenini «Şypa ber» diýen goşgy aýdýar. Bu çölde rehm eýle garyp halyma, Älemni ýaratgan subhan, şypa ber! Magtymgulynyň oba-iline neneňsi teşneligini göz öňüne bir getirjek boluň. Beýle teşnelikden göni toýa-şagalaňa barsaň, ine-gana sözleşip-söhbetleşip, könäni ýatlaşyp, bir-birege mähriň siňse. Emma beýle bagt Magtymgula nesip etmedi. Gelse on iki ýaşly Ybraýym ogly agyr ýatyr. Oglunyň kyn hala düşmeginde kimdir biriniň goly bar ýaly görünýär. «Zamanydyr» diýen goşguda birinden nägileligini aňdyrýar. Aýdyň ar-namyssyz ýigde Bu gün onuň zamanydyr. Ýygsyn Karun kibi maly, Hazyna boş döwranydyr. Bu goşgy bolsa Hywadan geläýen uçurlarynda ýazylypdyr. Ýowuz perzent roýun görüp, Gelip men Hywadan ýörüp, Çöl içinde bedew sürüp Geldim, hakyň permanydyr. Şeýdip, ýowuz ajal Magtymgulynyň ýalňyz ogluny golundan alyp gidýär. Bir jeren aldyrsa elden owlagyn, Bala sesin diňläp, salar gulagyn, Döke-döke gözýaşynyň bulagyn, Mäleý-mäleý, yzlamaýyn bolarmy?! ýaly elegiýalar döreýär. Bu gam, bu hesret çekip-çydardan agyr degýär. Birmahallar, Döwletmämmet molla rowaç döwri bazar ýaly şagalaňly öý, ketde-ketde myhmanly, gelim-gidimli öý, gapysynda gazan gaýnap, degresinde oglan oýnap, hol beýlede bugralar çöken öý gugaryp galyberdi. Şeýle ahwalda «Üstümize hijran ody sepildi» diýen sözleri, hany, ýatlaman gorüň-dä! Heniz otuz ýaşamanka eýýäm gonamçylygyň ýarsy öz ölüsi bolsa, beýle ýaşaýyşdan Magtymguly elli bizar boldy. Onsoň garyp galan göwün ýene bu dünýä sygman, ähli zady jähennem edip, ümdüzine tutdyryberesi geldi. Diňe obadan-ilden çykmak däl, asla adamzadyň boýnuna dakylan ajal kanunyndan çýkmak isledi. Heniz gözüniň görmedik ýerine, nämälimlige-dumana siňip gidesi geldi. Özüni unudybilse, arman galjak däl. Indi bir dem kararym ýok, Bu menzilde durarym ýok. Täze ýas köne matamy oýardy. Magtymguly özüniň ömrylla zürýatsyz galanyny hem ahmyr bilen boýun almaly boldy. Zürýatsyzlyk, onda-da ogulsyzlyk ähli zamanlarda türkmenlerde gaty uly betbagtlyk hasaplanýar. Ojagyň ýumrulmagy, gapyň ýapylmagy, yzyň ýitmegi. Dünýädäki milliardlarça ganyň içinde hiç kime meňzemeýän ganyň ýok bolmagy-dünýäniň hem garyp düşmegi hasaplanýar. Şeýle pikir-duýgular Magtymgulynyň bagryndan ýylan bolup dişleýärdi. Oglunyň ölmegi Magtymgulyny Meňliden soňky aýaly bilen baglanyşdyrýan sapajygy hem ýoldy. Şondan soň o zenanyň ykbaly hakda ynamly maglumatlar däl, hatda rowaýatlaram bize gelip ýetmändir. Onuň Magtymguly bilen näçe ýyl ýaşaşany hem nämälimligine galýar. Magtymgulynyň başyna inen bu apat döwrüň pajygaly wakalary bilen sepleşip gitdi. Ahmet Dürranynyň türkmenler babatda pikirine gutarnykly göz ýetirmek üçin ýörite Owganystana gitmek pikiri güýçlenýärdi. Sebäbi halys çydam käsesi dolan gökleňler gyzylbaşlar bilen bellisini etmelidigine gaty gowy düşünýärdiler. Ýa ýeňmeli-gyzylbaş ordasy dagdan bäri geçmez ýaly etmeli, ýa-da namys astynda galanyňdan gyrlyp, ýok bolup gitmeli. Başga çykalga ýok. Bu iki ýoluň hem ýowuzlygyna, hatda ýeňäýeniňde-de müňlerçe kişileriň dona dolanyp, at syrtyna kese basylyp getiriljegine hiç kimde güman ýok. Bu döwürlere çenli söweşlerde, çapawullyklarda, gaçha-kowluklarda, otda-suwda kemsiz taplanan Çowdur öňe çykýar. Oňa eýýäm Çowdur han diýip ýüzlenýärler. Türkmenler ýa oýnatgysyna ýa-da edermenligi we dilewarlygy bilen göz görkezip bilýäne han diýýär. Ol ikinji tiplilere aňsat-aňsat han diýmeýär. Türkmende: Her kim özüne han-diýleni hem bar. Şoňa görä han diýilmegi üçin Çowduryň neneňsi kötellerden türgen geçmeli bolandygyny oýlanyberiň. Nesibe dartyp, Magtymgulynyň dosty Çowdur han adyny alypdyr. Onuň şeýle derejä göterilmeginde başga müň bir sebäpler bilen birlikde, Magtymguly bilen dostlugynyň hem az ähmiýete eýe bolmandygyny nazarda tutmaly. Sebäbi oňem abraýly sylagly maşgaladan bolanlygy üçin hem-de goşgulary arkaly öňküden köp abraý gazananlygy üçin Magtymgulynyň tasiri mese-mälimdir. Dostuna bagyşlap goşgularam düzendir. Çowdur han il bähbidi üçin köp ylgady. Halkyň oňa ýürekden ynananyny diňe ýekeje faktyň özi ikuçsuz tassyklap dur: Ahmet şadan habar almaga Çowdur hany ugratmakçy boldular. Magtymgulyny näme üçin ol topara goşmadylarka? Elbetde, şahyryň özi bu ideýany bişişdirenleriň biri hem-de näler gitjekdendi weli, şol köne däp boýunça öwlat nesli, molla-ahun nesli urşa gatnaşdyrylmaly däldi. Magtymguly Ahmet şa bilen ilkinji gepleşige gatnaşanam bolsa, o döwürler häzirki wagta garanda imisalarakdy. Häzir welin Çowdur han dagy doly uruş şaýyny tutup gitmekçidiler. Sebäbi gyzylbaşlar, Mary etraplaryndaky gajarlar bilen her ädimde söweşmeli bolmagy mümkin. Ondan başga-da türkmeniň öz tirelerindenem gökleňe alagöz bilen bakýany az däl. Şeýle ahwallar nazara alnyp, Magtymgula obada galmak teklip edilendir. Onsoňam bu maşgalanyň çekýän pidasy öňem az däl. Çowdur han dagynyň Owganystana ugran uçurlaryna çenli Owganystan täze ýerleri basyp alyp, araçäklerini giňelden döwletdi, basyp alan ýerleriniň altyn-kümüşini, mürdi-melamatyny getirip hazynasyny püre-pürlän döwletdi. Ahmet şahyň abdal tiresiniň dürrany diýlip atlandyrylyp başlanmagynda, onuň özüne bolsa dürler düri lakamynyň berilmeginde şol talanan dürleriň täsiri bar bolsa gerek. Emma 1763-nji ýylda şanyň burnunda dörän rak keseli ony barha uly ünjä goýýardy. Soňky ýyllarda onuň saglygy has ýaramazlaşdy. Çowdur han dagy Ahmet şanyň 1769-njy ýyldaky Maşat ýörişinden öň ýa-da soň gidendikleri hakda aýratyn maglumat ýok. Her niçik bolsa-da goşgularyň degşirilmeginden, ruhundan, logiki yzarlamalardan hakykata ýakynlyk tapmak mümkin. Geliň «Döker bolduk ýaşymyz» diýen goşgyny şu nukdaý nazardan okap görüň: Istär — elden çyka döwlet humaýym, Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz. Dilegim duş eýle, gözel allahym, Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz. Magtymguly diýdi jannyň dirligne Musulmany goýma, käpir horlugna, Rowaç bergil ýomut, gökleň birligne, Ol Kemal han owgan bolsun başymyz! Magtymguly, eýýäm bu goşguda türkmeniň köp tirelerini, ähli türkmeni agyz birikdirmäge çagyrýar. Türkmende güýç-gaýratys, bereketiň baslygyp ýatandygyna, diňe agzybirlik bolsa özge müşgilleri halkyň özüniň çözmäge kuwwatlydygyna Magtymguly berk ynanýar. Şu goşguda agzalýan Kemal han owgan kim? Käbir alymlar muny Ahmet Dürranynyň üýtgedilen ady diýýär. Kemal söi has at däl-de «ýetişen, bişişen» ýaly manyny berýän sypat, adamyň otuz bilen elli ýaşynyň aralygyny aňladyjy diýip düşündirýärler. Emma bu düşündirişde köp zatlaryň göz öňünde tutulmandygyny aýdaýyn. Olaryň iň esasysy: bütin iliň şa diýip ýüzlenýän adamsyna han diýmegiň göwne degijiligpni, äsgermezlikdigini Magtymguly gaty gowy bilendir, şonuň üçinem ol Ahmet şaha Kemal han owgan diýip atlandyrmaz. Onsoňam bu goşguda Magtymguly bütin türkmen halkyna çagyryş bilen ýüzlenýär. Mälim bolşy ýaly, atasy aradan çykýança Magtymguly uly çagyryşly goşgulara ýüzlenmändir. Sebäbi türkmençilikde beýle hukuk ýaşulynyňky, ulynyňky bolupdyr. Diri ataňdan öňe geçmek uslypsyzlyk hasap edilipdir. Biziň pikirimizçe, Kemal han owgan Ahmet şanyň türkmenlere baka ýollan adamsy bolup, 1769-njy ýylyň Maşat ýörişiniň öňüsyrasy türkmenleri bu ýörişe mobilizlemek maksady bilen ugradylypdyr. Sebäbi, indi ho-ol öňki, 1753—1755-nji ýyllardaky ýaly, türkmenleri hat üsti bilen özüne tarap yňdaryp bilmejegine, bu geçen ýyllaryň aldawy netijesinde türkmenleriň sowaşandygyna Ahmet Dürrany aňry ýany bilen göz ýetirendir. Kemal han owgan Türkmensähra gelip düşündiriş, çagyryş işini geçiren bolmagy, halka täsirli adamlara Ahmet şanyň adyndan halat-serpaý (dogrusyny aýdaňda para) beren bolmagy mümkin. Kemal han owganyň bu tagallalary biderek bolmandyr. Ahmet şa babatda öçmän galan ujypsyzja ynam ýene güýçlenip başlapdyr. Sebäbi başga hiç bir çykalgasy bolmadyk halk şuňa mejbur bolupdyr. Kemal han owganyň halka, han-beglere näme diýeni belli bolmasa-da, olary aldawa salany gürrüňsiz. Hatda köpi gören Magtymguly hem, Çowdur han hem ýene Owganystandan umydygär bolýarlar. Emma indi öňki ýaly köre-kör ynanman, ozaly bilen Ahmet şadan habar almagy, eger diýenleri bolsa, onda söweşe girişmegi niýetleýärler. Şoňa görä Çowdur hanyň bu saparky gidişi gös-göni baryp söweşe girmek däldi. Şo döwürler Ahmet Dürrany Owganystanyň demirgazyk-günbatar çäkleriniň howpsuzlygyny dikeltmek maksady bilen Şahruhyň üstüne ýöriş guraýar. Şahruhyň gözi oýulan hem bolsa gözlülerden gazaplydygyny, özem 1748-nji ýyldan bäri häkimligini ýatladaýyn. Ol häkimlige-de Ahmet Dürranynyň goldawy bilen ýaňadan ýetipdi, 1755--nji ýylda baş göterende ony ýeňenem, ýene öňki ornun-da oturdanam Ahmet Dürranydy. Ynha, indi 1769--njy ýylda ýene şol kör Şahruh diýen etmän başlanda Ahmet Dürrany oňa öz güýjüni görkezmäge geldi. Maşat tiz boýun egdi, Şahruh bolsa köne hilesini ulanyp öňki ornunda galdy. Ahmet Dürranynyň hem eýranlylara gaty daraşasy gelmändir, sebäbi olaryň yňdarma türkmenlere garşylykly meýlini syndyrmak oňa amatly däldi. Üstesine-de, öz goşunyndaky gyzylbaşlaryň pikiri üýtgär gorkusy Ahmet Dürranyny şeýle hereket etmäge mejbur edipdir. Uly ogluna Şahruhyň gyzyny alyp bermek bilen öz gatnaşyklarynyň durnuklaşmagyna goşmaça goldaw alan Ahmet Dürranynyň ähli küýi-pikiri baý Hindistanda. Hindistany talamakda ol gyzylbaşlaryň hem güýçlerini ulanypdy ahyry. Bu ugurda türkmenleriň bir böleginiň, özge bolmasa, Hyrat türkmenleriniň söweşjeň otrýadlarynyň ulanylandygy hakda pikir öwürmek bolar. Dürli çeşmelerde Ahmet Dürranynyň Hindistany ýedi gezekden dokuz gezege çenli talandygy hakda maglumat berilýär. Beýle talaňçylyklarda goşunyňda türkmen bolmasa, ýeňiş gazanmak kyn düşse gerek. Ynha, Kemal han owgan şeýle ýagdaýda türkmenleriň arasyna gelýär. Magtymguly häzire çenli tapylan goşgularynyň ikisinde ony agzap geçýär. Ol bu döwürde kimdir biriniň yzyna düşmeseler türkmen tireleri agyz birikdirip bilmez diýip henizem öňki pikirini goldanýar. Ýogsa, ol birmahallar atasynyň: «Arzuwlama hany, begi, soltany» diýen sözlerini hiç-hiç unudarly däldi ahyry. Eger halkyna peýdaly bolsa sähelçe mümkinçiligi hem ulanmakçy bolup Kemal han owgany goldaýar. «Neden ne bolarka» diýip ýüwürýär. Çowdur han dagy gidýär. Emma geler ýerde gelmeýärler, hat-habaram ýok. Öň aýralyk-ölümi, ýitgini çeke-çeke halys erän ýürekler bu saparky dymyşlyga nätjeklerini bilmeýärler. Ahmet patyşadan habar almaga, Umyt etdi iller Çowdur han üçin, Sag-salamat baryp, gaýdyp gelmäge, Oňmady ykballar Çowdur han üçin Magtymguly algyr guşy, arkadagy, eziz syrdaşy, gardaşy Çowdur hakda yzly-yzyna iki elegiýa ýazsa-da ýürek ynjalarly däl. Ol Çowduryň ölümine halys ýürekden gynanyp, neneňsi sözler bilen özüni rahatlandyrjagyny bilenok. Çowdury ýitirmek bilen ol bu dünýädäki ahyrky diregindenem dyndy ahyry. Magtymgulynyň Çowdury neneňsi gowy görendigini, ony özüne iň ýakynlaryň biri saýandygyny Çowdur hana bagyşlaňan üçünji elegiýa aýdyp dur. Çowdur han, görejim, köňül diregim, Sen wepat bolup sen zarlar içinde! Gökleňde pälwanym, ile geregim, Halky goýup gitdiň, narlar içinde! Bu elegiýalar şahyryň ganly gözýaşy bilen ýazylan eserlerdir. Çowdur wepat bolansoň Magtymgulynyň bu dünýä ynamy gowşady. Elbetde, dünýä şübheli garap başlan şahyr Ahmet Dürrana hijem ynanyp bilmez. Şeýlelikde, ajap eýýam hakda birmahallar göwnüne gonan pikirler çüýremek bilen boldy. Halkyň baştutansyz, goragçysyz, çykalgasyz galmagy hem munuň urnasy. Magtymguly türkmeniň düşen takdyryny: obalaryň tozup-tozup gidişini, keselçilik, gahatlyk zerarly ilatyň gyrlyşyny, üstesine-de Ahmet Dürrany bilen guda bolansoň Şahruh başlyklaýyn, ähli Eýranyň türkmen topragynda depeşek guraýşyny gözleri bilen görýärdi, şoňa çydamy ýetmän gan ýyglaýardy. Ýerli hanlaryň, begleriň ýene Eýrana baka guýruk bulap başlanyny, ähli zady, hatda Watany, topragy, il bähbidini gurban edişini kalbyny paralap synlaýardy. Öz abraýyny, şöhratyny,. iş bitiriji dilini-halkyň göwnüni tapýan otlukly goşgularyny bu ýaramaz akyma garşy goýýardy. Türkmenleriň, aýratyn hem gökleňleriň Ahmet Dürranydan eden tamasynyň puç bolmagynda öz günäsi bar hasap eden Magtymguly müýnürgäp hem horlanýardy. «Diýmek, men atamyň aýdanyny etmän, iliň aýdanyny-da diňlemändirin-dä» diýen pikir oňa uly sanjy boldy. Biz istedik ulug ýaran, Nesip bizi etdi haýran, Kimi gitdi Eýran, Turan, Kim Yspyhan, Töwriz aşdy. Şahyryň il-ýurt üçin hasraty ählihalk göwnüçökgünligi bilen sepleşip gitdi. ýa-da: Pyragy, sözlär derdini, Tilkiler atmyş gurduny, Söýüpdir türkmen ýurduny, Eýe bolgan bir han istär. Halys çykalgasyzlyk Magtymgulyny gam laýyna batyrdy. Geçmişini ýatladygy hasam öwjükdi, ýatlaman hem ýaşap bilmedi. Magtymguly aýdar, bagtym biweçdir, Nesibim, takdyrym, ykbalym keçdir, Niýetim Käbedir, hyýalym haçdyr, Yhlasym bar haç towabyn etmäge. Onuň umydy bir Hudaýa baglanyp galdy. Ýadyňyzdadyr, Magtymguly Şirgazy han medresesinde okan ýyllarynda sufizme yhlas döräpdi, kalbynda bu akyma çuň hormat oýanypdy, emma durmuş wakalary ony wagtlaýynça özge ugra dolap gidipdi. Ynha, indi Magtymgulynyň kalbynda at çapmak nobaty sufizme ýetdi. Sufizm näme? Beýle goçak soraga çürt-kesik jogap tapmak juda çetin. Hat-da kämillik babatda köp alymlary aňkardan kitap bolan «Yslamda sopuçylyk ojaklary» (Moskwa,1989 ý.) diýen kitabyň awtory, J. S. Trimingem hem sufizm sözüne gutarnykly kesgitleme bermekden howatyrlanypdyr. Sebäbi bu akymyň özüniň çylşyrymlylygy işiň kynçylygyny artdyrýar. Gündogara giň ýaýran sufistik ojaklarda has kyn synaglaryň, mysal üçin, diri ýylanyň kellesini çeýnemek, gyzyl közde aýak ýalaňaç durmak, dem saklamak... ýaly usullaryň neneňsi ulanylandygyny okyjy bilesi gelýär, ýene-de köp-köp meseleler bu sahypalardan daşda galýar. Biz bu taýda sufizm meselelerine aýratyn aralaşmagy maksat edinmeýäris, ýogsa bu akymyň okyja geň-gyzykly görünjek pursatlary hakda uzak söhbet gurup bolardy. Sopuçylyk ruhly goşgularyň köpüsinde aşygyň--sopynyň wysala-hudaýa ýakynlaşmak, gowuşmak, özge bolmasa şonuň mese-mälim täsirini duýmak yhlasy bilen, ugur tapman azaşyşy, jebir-sütem çekişi, aklyny ýitirişi, gama çydaman özünden gidişi-hala düşüşi görkezilýär. Magtymgulynyň hut şeýle gözlegli goşgularyna aýratyn üns bermegiňizi haýyş edýärin, sebäbi şahyryň Meňlini gözleýän goşgulary hem bar. Köp okyjylar, diňe bir okyjylar hem däl, şu iki gözlegiň beýan edilişindäki aýratynlyklara känbir pitiwa etmän, birini beýlekisine goşup goýberen pursatlary hem boldy. Meňlini gözleýän goşgularynyň ählisinde real durmuşyň, ynsan ahwalynyň sypatlary anyk görkezilýändir, sosial ruh agdyklyk edýändir, Meňliniň keşbi göz öňünde janlanar derejede suratlandyrylýandyr. Emma sopuçylyk goşgularyndan sosial meselelere jinnek ýaly hem galtaşma tapmarsyňyz. Beýle diýsek, Magtymgulynyň sopuçylyk goşgularyny söýgi goşgularyndan aňsat saýlap boljak ýaly pikir döremöwersin. Bu dilde aňsat, praktika elmydama teoriýadan has çylşyrymlylygyna galýar. Sopuçylyk hakdaky goşgular bir okda iki towşan urýanlygy bilen hem meşhur bolupdyr. Sopuçylyk şertlerinden, poeziýasyndan bihabar adamlar-a o goşgulary ýanyp duran yşky eserler hökmünde kabul edipdir, sopular bolsa öz mistiki pikir-duýgularynyň şöhlelenmesi hökmünde okapdyrlar. Magtymguly sopuçylyk äheňli goşgulary ýazanda--da kämilligiň ýokary nusgasyny görkezip, taryhda belli, beýik sopy şahyrlaryň hataryna goşulypdyr. Şahyryň «Aşyk bolmuşam», «Gyzmaly boldum», «Galmaz-a», «Gördüňmi?», «Galmagaly neýlerem», «Iç-meýin jamym», «Bürýana boldum imdi», «Gözüm düşdi» we beýleki goşgulary sopuçylygyň dürli ahwallarynda-pursatlarynda ýazylan goşgulardyr. Magtymguly takmyn 1769-njy ýyllardan sopuçylyga baş bitin gidip, ýüregi bilen bu ugra ýykylsa-da, näçe ýyllar özüni saplap, sopulyk geýmine girse-de, jan çekip Hudaýa nalyşly eserler ýazsa-da şol azaplar onuň göwün islän hasylyny bermeýär. Dürli düýşler hasap däl, düýşde oňa ylham badasyny içirenler, ony uly mejlise alyp baran ýaranlar hasap däl-onuň aňrybaş maksady Allanyň keşbini düýşde bolsun, huşdan gidip ýatanda bolsun-görse bolýar. Emma bu niýeti hiç-hiç başa barmaýar. Pyragy, niçe wagt oldy, habar tapmas men ol ýardan, Ýanar men ataşy-yşka, bu ne terhos-towalladyr. Ýöne türkmen halky bibagt däl eken. Biziň nesibämize, Magtymguly neneňsi hala düşse-de, kalbynda bezän belent, howaýy keşbi oňa bir gezegem görünmeýär, yşaratam etmeýär. Uzak garaşan Magtymgula, tümlüge düşse-de ýagty jahanyň gowgasyny unudyp bilmedik Magtymgula bu durmuşa täzeden goşulmak bagty, dury akyl öwrülip gelýär. Gel, köňül, başyňny çykar dumandan, Ýeke gildyň gam öýünde dert bilen Başynyň dumany sowuldygy saýy, Magtymguly durmuş gowgasyna goşulyp gitdi. Türkmeniň ahwaly ýene onuň kalbyny lerzana getirip başlady. Göwnüçökgünlige urup, sopuçylykdan haraý gözlän ýyllarynda halk has beter weýranlyga uçrapdyr. Hany, ol öňki gözel Türkmensähra? Ýüpegi kerwen-kerwen ýüklenip, dünýä ýaýran şöhraty nirede?! Hany, o birmahalky türkmen bugdaýy?! Öňler dokalan halylar ýol topuryna gömülerdi, at debsigini iýe-iýe berçin alardy. Tozanyny kaksaň, täze reňk açyp köz ýaly gyzarar durardy. Täjirler beýle haly üçin «Jan ber» diýseňem berjekdi. Indi haly gömülen topurda gömülgen ýylanlar gizlenýär. Uruşly-jenjelli mekandan kerwenlerem sowulyp geçýär. Alyş-beriş edere zat galmasa nädersiň?! Ýurt weýran saraýa meňzäpdir. Gedaýlyk, keselçilik uly häkim bolupdyr. Öz başynyň aman bolaryny islän hanlar, begler halkdan dönüp, eýran häkimleri bilen gizlin gatnaşyklara giripdirler. Magtymgulynyň ýiti gözi bu öwrülişikleri görensoň, ol hi sopuçylyk bilen bolarmy? Umuman, ýeri gelende aýtsak, Magtymgulynyň sopuçylyk ýyllarynyň näçe wagta çekenini, neneňsi geçenini, ýagny sopuçylyk prosesiniň gidişini, aýdaly, ol derwüş, galandar, diwana bolup öýden çykyp gidipmi ýa-da garaňky öýde başyna ýorgan bürenip, huw-xak dýýip ýatypmy -ömrüniň bu sahypasyny ylym ýeterlik öwrenenok. Şoňa görä anyk zat aýtmak hem kyn. Her niçigem bolsa onuň bu ýyllarda sopuçylygyň taryhy, beýik sopularyň ömri, döredijiligi, tejribesi bilen içgin, töwerekleýin gyzyklanandygy, sopuçylygyň XVIII asyrdaky merkezlerinden habardar bolandygy gümansyzdyr. Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň, Gähi-gähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň. Gähi-gähi sopy bolduň, hiç haramdan datmadyň, Bilmedim, sen kaýsy bolduň, belli bir iş tutmadyň, Ne sypahylyk bile bolduň, ne mollalyk bile. Şu taýda ýene bir zady göz öňünde tutalyň. 1769-njy ýylda Ahmet Dürrany Maşada ýöriş edip, Şahruhyň gyzyny öz ogluna alyp berip, ýene Şahruhy öňki häkimlik kürsüsinde oturdyp gaýdansoň, ähli türkmenler bilen birlikde Magtymgulynyň çykalgasyzlyk, ýol ýitirmek, göwnüçökgünlik döwri başlanýar. Şol döwürden başlap hem, tä Ahmet Dürrany ölýänçäki aralyk, ýagny 1773-nji ýyla çenli wagt Magtymgulynyň serine duman çöküp, sopuçylyga ýüz uran ýyllary diýip hasaplaýarys. Assa-ýuwaşdan öz akymyna dolap alan sopuçylyk soňra Magtymgulyny emaý bilen kenara taşlap gitdi. Biz bu taýda sopuçylyk, Magtymgulynyň bu akymda ýüzen ýyllary hakda juda, juda gysga maglumat berdik. Deňizden bir damjaça-da ýok. Gatbar-gatbar kitap ýazylýan o umman hakda giňden durup geçmäge bu kitapda puryja ýok, ol aýratyn kitabyň, özem onýyllyklary, keçe düýren ýaly düýrläp gitjek kitabyň bitirjek işi. Türkmen, umuman, türki edebiýatyň gelejekki ägirt işleriniň biri. Häzire çenli esasan, sopuçylygyň edebiýatda şöhlelenişi hakda ýazylan bolsa, durmuş-adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde sopuçylygyň täsiri, köp halklaryň ruhy kämilleşiş prosesine onuň itergisi, galyberse-de etnografik nukdaý nazardan häzirki zamanda sopuçylygyň yzlary hakda çuň pikirli kitaplary talap edýär. Sopuçylygyň yslamdan öňki kökleri, öňki däplere meňzeşlikleri, mysal üçin ýesseý ylmy bilen, ýoga däpleri bilen, tibet monahlarynyň düzgünleri bilen baglanyşyklary hakda köp-kop täze maglumatlary okyja habar berip boljak. Sebäbi bu toprakda zoroastrizm taryhy döwrüň ilkinji basgançaklarynda döräpdi. Induizm dini hem tutulýardy. Hatda beyik Hytaýa hem buddizmiň şu toprakdan ýaýranlygy hakda alymlar habar berýärler. Hristiançylygyň bolsa on birinji asyrlara çenli uly toparlarda berjaý edilenligine şaýat ýadygärlikler bar. Diýmek, giň ýaýran dinleriň ählisini türkmen halkynyň geçmiş ata-babalary başdan geçiripdirler. Bu uly ruhy tejribe ahyry. Beýle bagt halklara örän seýrek nesip edýär. Magtymgulynyň zamanyna dolanalyň. 1773-nji ýylda Ahmet Dürrany elli ýaşdan ötüp, kesel zerarly aradan çykdy. Magtymguly bolsa kyrk ýaşady. Onuň ajap eýýam hakda birmahalky umydyndan birje sapajyk galanam bolsa, Ahmet Dürranynyň ölmegi bilen o sapagam üzüldi. Durmuşda şowly ýol tapyp bilmänine, Ahmet Dürrana, ajap eýýamyň geljegine ynananyna ahmyr-arman çekip, geçmişindäki ädimleri ýaňadan seljerip, goýberen säwlikleri üçin özüni saýgylap başlady. Nadan menem, düşdüm pelek toruna, Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi. Çydamaz men indi hijran zoruna, Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi. Onuň ahmyrynyň köpüsi Ahmet Dürrany bilen bagly. Ýadyňyzdamy, öňräk Magtymguly: Biz istedik ulug ýaran, Nesip bizi etdý haýran. diýipdi. Indi bolsa ol durmuşyň ajysyndan gerk-gäbe doýansoň: Hana hemra bolma, päliň azmasa. Şa gyzyny alma Hudaý ýazmasa. ýa-da: Garyp düşseň, hökman açar aýbyňy, Dost bolup ýaşaşsaň beýik han bilen. ýa-da: Il içinde şalar, hanlar, Göýä sokjak mara döndi. diýýär. Elbetde, Ahmet Dürrany hem şo gatlagyň içinde, ol türkmeniň kyn gününde oňa ýardam bermedi. Magtymguly şundan soň ýokary gatlakdan bütinleý umydyny üzýär, olaryň häsiýetine-tebigatyna aňry ýany bilen belet bolýar. Magtymguly Owganystana gidenine, Ahmet Dürrana öwgüli goşgular ýazanyna ahmyr edýär. Syýasat geçip barýan bir bulut. Buluda hemra bolanyna ökünýär. Gider boldum ýigitlikde ýör bilen, Her ýana çapyp men ýuka ser bilen. ýa-da: Owwaly aňlamadym, aňlan sözne gitmedim, Bu belada kimse ýok, men binowadan gaýry. Soňky setirlerde Magtymguly belki, «Oglum-Azadym» aýdyşygyndaky wakalary, atasynyň janygyp: «Arzuwlama, hany, begi, soltany!» diýenini ýatlaýandyr.Syýasatyň halkdan saýlanmak isleýänleriň hem mekanydygyny Magtymguly öz tejribesinde öwrenipdir. Şu taýda: .”Halkdan saýlanmak” diýen düşünje hakda hekaýaty Size aýdasym gelýär, ol Jelaleddin Rumy bilen bagly. “Müridleri pul toplap Ruma bir ulag almakçy bolýarlar. At gymmat bolansoň, bir eşek satyn alypdyrlar weli, Rumy eşegine münmän iýdip ýörmüş. -Hormatly halypamyz ya eşegi halamadyňyzmy”-diýip müridleri sorapdyrlar. -Munuň üç sebäbi bar. Birinjiden, Alla adamyň aýaklaryny ýöresin diýip ýaradypdyr. Ikinjiden, men eşege münsem, halkdan bir garyş beýik görünýän. Hiç kim halkdan beýik görünmeli däldir. Üçünjiden, men eşege münsem, eşek kelle adam kelleden öňde durýar. Hiç mahal eşek kelle adam kelleden öňde bolmaly däldir.” Magtymguly Ahmet Dürranydan aldananyna, ýeke özüniň, dost-ýoldaşlarynyň däl, asyl ondan umydygär bolanlaryň ählisiniň aldananyna indi ikuçsyz göz ýetirýär. Şoňa görä Ahmet Dürrany hakda gutarnykly pikirini goşga geçirmän bilmeýär. Bir bent bilen Magtymguly-Ahmet Dürrany babatdaky wakalar tamam bolýar, ol gaýdyp oňa hiç-hiç ýüzlenmeýär. Ynha, şol bent: Geldi gara bela, ili dolady, Dahan açyp, tili bile ýalady, Seg bolupdyr, gören ilin dalady, Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi. Umuman, kyrk ýaş dünýäge täzeden bakmaga, pikir-duýgulary ýaňadan syntgylamaga Magtymgulyny iterdi. Omrüň gylla ýary geçdi. Onda-da neneňsi hupbatly geçdi! Gowgaly zamanada gelejekki ýyllar Magtymgula nähili takdyr bagyşlar? Çaýkanyp ýatan durmuşda ykbal gämisi ony haýsy ýurtdan, haýsy kenardan çykarar? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |