17:57 Magtymgulynama / Ikinji bölüm -1: dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Magtymgulyny öwreniş
Ýalançyda aýlanyp, altmyş ýana el gerdiň, Panyny baky bildiň, ýeldiň-ösdüň, ýüwürdiň. Atasyz-enesiz, gardaşsyz, dostsuz, Meňlisiz, zürýatsyz, göwni ganatsyz galan Magtymguly bir dem togtap, durmuşa ýiti nazar öwürmeli boldy. Ömrüň ýigrimi ýyly Ahmet Dürrana ýagşy umyt bilen geçip gidipdir. Türkmenler Ahmet Dürrana ýüz öwürseler, onuň töweregine jemlenişseler agzybirlik taparlar, är yzynda gezseler är dek bolarlar, onsoň owgan döwletini synlap, şondan nusga alyp öz döwletini gurmaga başlarlar, Ahmet Dürrany hem gönşulygyň, garyndaşlygyň hatyrasyna ýardam berer öýden Magtymgulynyň hasaby ýalňyş çykdy. Ozaly bilen-ä ähli türkmen Owganystana ýüz öwürmedi, Ahmet Dürrany hem öz sözünde durmady. Ynha, indi Magtymguly weýran ojagyň başynda ýalňyz galyberdi. Hany ojak dikeltjek? Hany ot ýakjak? Hany munda ýylanjak? Birmahallar baran ýeri öz öýi, gelen ýeri Watan bolan türkmen indi dargap-tozup gidibermeli boldumy? Agyz birikdirip güýjüni jemlände kuwwatyny bu beýik daglar, bu giň sähralar jähekläp bilmän türkmenler Hindistan, Hotan, Rumustan, Halap hem Bagdat tarapa joşup-daşyp gidipdi. Hotanda han, Bagdatda beg, Rumustan-da, Eýranda, Hindistanda şa bolup bilen türkmen indi öz iline, öz ülkesine eýe bolubilmän otursa nädip bor?! Asyl türkmen gadymdan bäri asyrma-asyr bölünip-dargap, başga-başga mekanlara gidip, o taýlarda öz kuwwatyny görkezip ýörene çemeli. Gadymy Nusaý şalygynda, Beýik Soltan Sanjaryň gülleden Maru-şahu-jahanynda, Dehistanda ýa-da Gürgençde ýaşaberse bolmadymyka?! Ýumruldymy-ýaňadan dikelt-de ýaşaber. Ähtimal, türkmeniň özüne gaty göwni ýeten bolarly. Bu mekanyň gaçyp gitjek ýeri ýok diýip ata atlanyberipdir. Ýa türkmenler Oguzhanyň:”Bir ýerde durmaň” diýen nesihatyny tutjak bolup şeýtdilermikä? Beyik Ýunus Emre: ”Geliň, dostlar, tanşalyň, Işi asan kylalyň, Söýeliň, söýüleliň, Dünýä hiç kime galmaz.” diýip öwredip durka, bu agzalalyk nireden gelýärkä? “Kösä her kim bir gyl berse sakally bolar” diýlenini Türkmen aga unudaýýarmyka? Beýik Jelaleddin Rumy bir sowala: şeýle jogap beripdir: «Men haýsy bir mertebä aýak bassam, hemişe öňümde gojaman türkmeniň yzyny gördüm». Bu Ýunus Emrä berlen baha. Hawa beyik ogullar bolupdyr, emma hut şu pursatda Watan eýesiz ýatyr, çar tarapdan at dabyradýarlar?! Näme etmeli? Ber jogabyňy! Jogap ýok. Ýöne sebäbi welin bar: türkmen özüni bileni bäri ähli zamanda onuň toweregindäki halklar türkmeni bölmek syýasatyny alyp barypdyrlar. Beýle söweşjeň halky bölmeseň ýeňip bolmajakdygyny, birleşse özgeleri heläk etjegini özgeler unutmandyrlar. Magtymguly muňa gowy goz ýetireni üçin şu aşakdaky setiri ýazypdyr: Il güni bolmasa, şalar tagtydan düşer gider... Öz ýurdunda şa döremeýäniniň sebäbini Magtymguly türkmeniň juda erkinliginden, buýsanjaňlygyndan gözläpdir. Türkmenler ajaldan gorkup, Ezraýyla “Siz” diýjeklerden däl. Her türkmen özüne patyşa. Onsoň ony başga şaha boýun egdirip bolarmyka? Türkmenleriň Ahmet Dürrana köpçülikleýin yňmanlygynyň sebäpleriniň biri hem şudur. Gaty geň hadysa: türkmeniň buýsanjaňlygy-başy dikligi ony beýgelmekden, agyz birikdirip kuwwatlanmakdan saklaýar hem-de düýbünden dargap, ýok bolup gitmekden saklaýar. Onda näme etmeli? Soňky asyrda gowşaşan şol milli buýsanjy türkmeniň ýüregine ýaňadan guýmaly. Eger şo buýsanç halky ýok bolup gitmekden saklaýan zat bolsa, meger, halky bagtyýar etjegem şoldur. Muňa Magtymguly pugta ynandy. «Taňry, ata-ene hem lebiz ýeke-täkdir» diýen ýörelgäniň halk içinde rowaçlygyna ol göz ýetirýärdi. Buýsanç diňe lebizlide bolup biler. Ol şu ýol bilen maksada ýeterin öýtdi: milli buýsanç duýgusy güýçlene-güýçlene, ahyrda, tireleriň taýpalaryň birleşmesine, bir döwlet döretmäge şert dörär oýtdi. Ol bu ýyllarda diňe Türkmenistanyň çäginde oýlanmakdan beýgelip, eýsem dünýäniň beýleki ýerlerine patrak ýaly seçilen türkileri,türkmenleri hem bir maksatda birleşdirmek meýli bilen ýanyp-bişdi. Takdyr tupany türkmeniň bir bölegini Gündogar Türküstanyna taşlapdy, olaryň kopüsi uýgurlar ve salyr türkmenleridi, Hindistanda mesgen tutan hem az däl. Hyrat türkileri, Rumustanda türkileriň has uly topary ýaşaýar, Yrakda, Şamda ýaşaýan türkilerem ata Watany diýip Orta Aziýa göz dikýärler. Ajdarhana göçüp giden türkmenler-ä heniz garyndaşlyk baryş-gelişini hem kesmändirler. Eger şu agzalanlary birleşdirip bolsa, gyzylbaşlaram toba gelse gerek. Güýç görseler, olaram asyl ganynyň türkidigini ýatlarlar. Ynha, Magtymguly şeýle pikir-duýgulary başynda aýlap, öz öňündäki maksada ýetmäge ýol gözläp başlady. Hut şo sebäpli hem: Alla ganat berse, Hindistan uçar, Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi. diýen setirler döredi. Şahyr näme üçin, ala-böle, Hindistan diýdikä? Şol setirde: «Alla ganat berse, Rumustan uçar» diýse-de bolýan ýaly-la. Ýok, bolmaýar. Ol durmuş şertleri, taryh wakalary bilen pugta baglanan, şolaryň netijesinde dörän pikire eýgermese boljak däl. Hindistan diýmesiniň biliner-bilinmez sebäpleri örän köp: hindi-türkmen gatnaşyklarynyň (söwda, söweşler, medeni kökler, halkyň ruhy tebigatyndaky ýakynlyk-meňzeşlik esasynda bir-biregi sulhy almak, käbir taryhy takdyryň iki halka-da mahsuslygy we ş. m.) gadymdan bäri dowam etmegi, Hindistana ägirt uly sarpa goýmagy, Hindistanyň baý tebigatyna türkmenleriň gözi guwanmagy netijesinde halk aňynda Hindistan obrazynyň ideallaşmagy. Bir ýakymly owaz eşitse, hindi owazyna deňemek, gözel reňki görse, hindi guşuny ýatlamak, abadan mekana barsa Hindistan ýaly ýurt ekeni diýmek türkmenleriň edähedine öwrülipdir. Soňra halk ruhuna ornaşan zatlar dessanlara-da aralaşypdyr. Magtymguly şo türkmenlerden delalat gözläp, olar bilen gepleşik geçirmekçi. Onsoňam Hindistan güýçli münejjimleriň, bilgiçleriň, tebipleriň gadymy mekany. Belki, olar türkmen halkynyň haçan, neneňsi ahwalda bagty açyljagyny, näme etse ajap eýýam geljegini öňünden aýdarlar. Muhammet şa türkmen Hindistanda şalyk sürýän döwri Nedir şanyň zorluk bilen alyp gaýdan Tawus tagt hem-de Nur dagy atly dünýäde ýeke-täk dürleriniň-de asly Hindistandandy. Galyberse-de, Magtymgulynyň elmydama syýahat-sapara atygsap duran, ýüregi ýaşlykdan bäri Hindistany görmegiň arzuwyndady. Dogrusy, Hindistan bilen birlikde bütin dünýäni aýlanasy gelýärdi. Köňül aýdar keşt edip, Älem-jahany görsem. ýa-da: Köňlüm istär gezsem dünýä-älemi. Hindi dini (induizm), ölüsini ýakýan millet hakda okan-eşidenlerini hem gözleri bilen göresi gelýär. Onuň bilesigelijiligi, her tüýsli zarbalara duşsa-da, çaganyňky ýaly güýçlüligine galdy. Ynha, şu ýokarda agzalan zatlary we heniz biziň bilip ýetişmedik faktlarymyzy, belki, hiç mahal bilinmejek, geçmişde ömrylla bukulyp ýatjak wakalary bilenligi üçin Magtymguly: «Alla ganat berse, Hindistan uçar» diýipdir. Onsoňam şu babatda ýene bir ýagdaýy seljerip göreliň: asyl Hindistandan özge döwletlere barýan ýollar petik ahyryn. Türkmen ýurdunyň özboluşly gabawda galanlygyna Magtymguly göz ýetirdi. Hut şol gabawly halkany böwüsmek meýli bilenem ýüzüni Hindistan tarapa tutdy. O döwürler uzak ýola gitmek üçin uzak taýýarlanmaly bolmandygyny bilýänsiňiz. Şahyrlyk däbine görä, duşuşan, täze tanyşan şahyrlaryna öz kitabyny ýadygärlik goýmak üçin Magtymguly goşguly kitabyny birküç ýola göçürdi. Ol bu döwürler ýüňi ýeten şahyrdy, ady dilden--dile geçýärdi. Ismim düşdi ilden-ile, Nagş ederler dilden-dile. Magtymgulynyň hyýalynda Hindistan barha janlanyp, ýakynlaşyp barýar. Ýola çykjak her bir adamda bolşy ýaly, Magtymguly hem göwnüniň agyryly ýerini ýatlaýar. Hiç mahal ýatdan çykmaýan, unudasy gelse-de unudyp bilmeýän Meňlisi bu günler oňa has beter azar berýär. Sebäbi Meňliniň ak ýüzünde hut hindi hallary bardy ahyry. Hindistanda, belki, Meňlä sataşar. Eger Meňlini gözleri gorse, ýüregi ýarylaýmazmy? Eger diri bolsa, ol kişi maşgalasydyr. Onsoň Magtymguly neneň kişi maşgalasynyň aýagyna ýykylyp biler?! Ýykylman durup bilermikä? Dogrusy, Meňlini görse, özüni neneňsi alyp barjagyny Magtymguly göz oňüne-de getirip bilmedi. Meňliniň gözel keşbiniň jikme-jik, anyk görnüşini hem göz öňüne getirerden ejiz. Aýralygyň rüstem tarapy-ol ynsan keşbini, ädim saýy, dumana dulap barýar. Ýöne Meňlä yhlasy welin, kyrk ýaşasa-da, Meňlini ýitireni bäri, ýigrimi ýyl geçse-de, möwjemese, kemelenok. Meňli sözüniň agzalmagy ýetik. MEŇLI Nowruzyň ýumşajyk, ap-akja, eräp barýanja gary. Meňli-dereleri gümmürdedýän däli siller, Meňli-dury asmandaky älemgoşar. Jennetiň alma-enary-Meňli. Behiştiň bezegi-Meňli. Asla, dünýäniň çürbaşy-Meňli. Ynha, Magtymgulynyň keňlünde Meňliniň tutýan orny şeýle. Onuň «Hindistanda hyýalym» atly goşgusynda şeýle setir bar: Meňli jana ot salar, Ody jismimde galar, Magtymgulynyň ýalňyzlyk derdine ýanýany belli. Ölenler-ä öldi gitdi, emma diri ýiten gardaşlaryndan henizem derek tapylanok. Onuň ýüregi gardaşlaryny küýsäbem elenýär. Bir gardaşsyz panyda, Niçik öter ahwalym? Magtymgulynyň ähli pikir-duýgusy Hindistan tarapa dönende: Köňül ýola rowandyr, Hindistanda hyýalym. diýen setirler döredi. Ýöne Magtymguly Hindistana ugramanka gyzylbaşlaryň uly leşgeri türkmenlerin üstüne döküldi. Olaryň esasy urgusy Gürgene gönükdi, bu şäher Türkmensähranyň merkezi hökmünde adygandy. Soweşler şeýle bir uzaga çekmese-de iki tarapdan pida az bolmady. Gürgen töwerekleriniň türkmenleri agyz birikdirip, gyzylbaşlara berk gaýtawul berdiler, bu söweşleriň barşynda Eýranyň gelejekki şalary Agamuhammediň dogany, Fethalynyň bolsa kakasy Hasanguly öldürilýär. Gürgen etrapyndaky söweşler 1774-nji ýylda bolup, türkmenleriň ýeňşi bilen tamamlanýar. Bu ýeňşiň harby taýdan uly ähmiýeti bolmasa-da, syýasy-ruhy babatda türkmenlere ägirt täsiri boldy. Agzybirligiň güýjüne ynanmaga, öz kuwwatyňa bil baglamaga, biz ýeňmelidiris diýen pikiriň berkemegine hut şol ýeňiş itergi berdi. Hut şol ýeňiş türkmen buýsanjaňlygyny ýokary geterip başlady. Elbetde, Magtymguly muny gyzgyny bilen alyp göterdi. Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr. Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy. Siz bu goşgynyň içindäki guwanja, buýsanja bir dykkat ediň. Magtymguludan başga hiç bir şahyr bu goşgyny ýazyp bilmejekdigini duýarsyňyz. Ol Hindistana belent ruhly ugrady, öz halkynyň baslygyp ýatan kuwwatyna, iru-giç birleşjegine pugta ynamly ugrady. Ýol ugrunda köp-köp öwlüýälere zyýarat edip baryşlaryna, Magtymguly halypalary Abu Seýit Mäneliniň, Abul Fazl Sarahsynyň mazarlarynyň golaýyndan, ýa deňinden geçenlerinde olary aýratyn ýatlap geçdi. Mara gelip kerwen ýük ýazdyranda Magtymguly Hoja Ýusup Hemedanynyň çal ojarlaryň arasynda zordan görünýän kümmetine ýörite baryp doga okap gaýtdy. Beýle ýanda dymyp ýatan Maru-şahy jahan şäheriniň galalary, kerwensaraýlary, garawul diňleri Magtymgula gamgyn pikirler berdi. Ähli ymaratlardan has ýokarda seleňläp duran Soltan Sanjaryň kümmetine uzak bakyp durdy. Şonda ol seljuklaryň, bu şäheriň birmahalky beýik şöhratyny, dünýädäki at-owazasyny ýatlady. Hany ol şöhratlar, hany ol atlar?! Beýle döwran indi bu şähere dolanmazmy? Bu jelegaýlara mukaddes yslam özgelere garanda ozal gelipdi. Ol ýyl 651-nji ýyldyr. Omar Haýýam, Ibn-Sina bu şäheriň ylmyndan gana-gana içipdi. Beýik Nowaýy bu taýda gözel metjit saldyrypdy. Beýle wakalary näçe sanasaň sanabermeli. Sebäbi Mary ýüpek ýoluny sepleşdiren altyn halkady ahyry. Maryny görmän giden syýahatçy ömürlik arman çekýärdi. Ulug Maru şahy-jahan, Weýran boldy, çekýär pygan. Magtymgulýnyň «Maru şahy-jahan» ady bilen bir poemasy hem bar. O döwürler Hindistana barýan ýakyn ýol Owganystanyň üstünden, Haýbar geçidinden geçýärdi. Ahmet Dürrany aradan çykansoň, onuň ogly Timur şa tagtyna geçip, Owganystanyň umumy durky üýtgemedigem bolsa, o ýurduň şöhraty Ahmet Dürrany döwründäki ýaly däldi. Kerwen bütin Owganystandan geçmeli bolansoň, Magtymguly ýatlamalaryňam ejirli ýüküni göterip geçmeli boldy. Ahmet Dürranydan aldanyp galanyna, oňa kasydalar ýazanyna ahmyr-armany şu wagt has möwjedi. Ol muny ömürboýy unutmaz, ömürboýy özüni igeläp gezer. Hana hemra bolma, päliň azmasa, Şa gyzyny alma Huda ýazmasa. Ýa-da: Magtymguly, ýagşy görerdi işin Kyrkyndan soň jahyl bolsa adamzat. ýaly setirler beýle pikirleriň netijesidir. Ýolda görenleri hakda ne Magtymgulynyň özi, ne-de oňa degişli materiallar habar berýärler. Ýöne uzak ýola giden kerweniň köp-köp wakalary başdan geçirýäni belli. Magtymguly heniz gözi gormedik mekanlary görende, aýratynam Owganystanyň günortasynyň gyş bolmaýan ýerlerini görende, üýtgeşik keşpli, başga geýimli, düşnüksiz dilli adamlara duşanda göwni galkyndy. Ol täze, tapawutly dünýäni görýänine guwandy. Bir takyryň üstünden baranlarynda gara çadyrlylar diýilýänini gördi, olar gara çadyr dikip otyrdylar, olaryň teni hem, egin-eşigi hem garady. Diňe gözüniň agy, dişi, dyrnak maýasy sähel çaljarýardy. Gara çadyrlylardan bir ýaşuly kerweni çaýa çagyrdy, emma kerwenbaşy taňryýalkasyn aýdyp geçiberdi. Bu gara reňkler ony üýşendirdimi ýa-da başga ýerd düşlemek meýli bilenmi, kerwenbaşy iner başyny çekmedi. Gündogarda kerwenler gaty seresap bolýarlar. Eger göwnüne çigidiň gadary ýalyjak güman gitse hem düşlemän gidiberýärler. Düýe, biçäreler, aýak epmän gaty uzaklara ýetip bilýärler. Kerwenleriň köpüsiniň ýany goraglydygy, käbir kerwenleriň juda berk goragly hereket edýäni belli. Atly-ýaragly bir topar kişi kerweni gallap barýarlar. Ýola belet düýekeş kerweni garakçy-galtamana görkezmän gider ýaly, düşlände howpsuz dynç alar ýaly ýol yzlaýar. «Kerwen görse, garakçylar guwanar». Ýel-tupanyň geçýän ugurlaryny göz öňünde tutýar. Amatsyz ýerde düşlän kerweni çäge-gum syrap gömen pursatlary az bolmandyr. Wagşylardan goranmagam baş şertleriň biri ekeni. Ahmallygyňy aldyrsaň ýa gönümel gabat gelse, gurt ordasy kerweni parçalap bilýär. Kerwen görse aldygyna gum tozadyp, göz açar ýaly etmän, eýmenç ses çykaryp, şol başagaýlykda düýeleriň, atlaryň bokurdagyna agyz urup ganyny sorýan wagşylaram bar. Olara gyzylja gurt diýýärler. Garaz, kerweniň ýagysy az däl. Martymgulynyň goşulyp barýan kerwenem bu howp-hatardan halas däl. Bir obada düşläp, saba bilen ýola düşenlerinde bir topar ýarym ýalaňaç mähelle kerwen ýoluny baglady. Olaryň ýüz-gözünde talamak maksadynyň ýoklugyny güman eden kerwen goragçylary olara bäş şaýy berip geçiberjek boldy weli, bolmady. «Ýo-ok, beýle arzanja sypmarsyňyz. Biz lolular (buluç dilinde “gezende” diýen manysy bar) aç öläýmeli däl ahyry. Aýdym diňlärmisiňiz-baş üstüne! dabanymyz bile ýeriň ýagy çykýança bökeläp, tans edelimi-baş üstüne! Gyzyl otda aýakýalaň bökelesek, göwnüňiz şat bolup, ölmez ödi eçilermisiňiz- baş üstüne! Aýdyň, näme etsek, göwnüňizden turubileris? Siz baý, biz gedaý. Siz bermeli däl, bizem almasak ölýäs. Buýruň, hojaýyn, gulluga kaýyl, ýöne ölmez ödi oklap geçiň. Maňa beriň, aýalyma, gyzyma, ýegenime, daýyma, ho-ol beýlede aýak üste galybilmän ýatan atama-da sogap üçin bir zat beriň. Beriň! Beräýiň! Be-rää-ýiň! Lolularyň ynanjyna görä, olar işläp iýmeli däl. Tapsa, diläp alsa, kähalatda ogurlap alsa almaly, ýöne eline pil alyp, orak alyp, çekiç alyp işlemeli däl. Gadymda pygamberleriň biri bulara nebsi agyryp ekmäge bugdaý berenmiş: «Şuny hökman ekiň, her dänäňiz müň bolar, Sizem gedaýlykdan çy-karsyňyz». Lolular zordan göwnäpdirler. Emma şol gije bugdaýy gowrup goýanmyşlar-da ertiri eken kişi bolupdyrlar. Elbetde, bugdaý gögermändir. «Ynha, gördüňizmi, Hudaýyň buýrugy şeýle» diýip, lolular dargap gidenmiş. Kerwen, beýle-beýle wakalara köp sataşyp, ýol söke-söke, Haýbar geçidindenem aşdy. Ine, ertekilerde, dessanlarda tarypy ýeten Hindistan. Magtymgulynyň ýaşlyk arzuwy. Gündogaryň on sekizinji asyrdaky üç sütüniniň biri Türküstan, Rumustan, Hindistan. Magtymgulynyň aýagy düşende Hindistan neneňsi ýagdaýdady? Bu ýyllar Hindistanyň şasy Şa Älem ikinci. Hindiler Ost-Ind kampaniýasynyň sykajyna barha beter sezewar bolýardylar. 1770-de eýýäm Bengaliýa-da iňlisler agalyk edýärler. Hindistany fransuzlardan gabanyp, iňlisler fransuzlara garşy söweş hereketlerini alyn barýardy. Hindistanyň on altynjy, on ýedinji asyryň başlaryndaky bolçulygy bütinleý ýat bolup, onda-munda açlyk başlanýar. Hindi halkynyň kastalara bölünmek gylygy hem olaryň ösüşini gaty bökdeýär. Iňlis kolonizatorlarynyň rehimsiz ezişi başlanýar. Mogollar tarapyndan döredilen dünýä belli ýadygärlikleri we tebigatyň hindä beren baýlygyny, ýagny Ahmet Dürranynyň talap tükedip bilmedik baýlygyny iňlisler syryp-süpürip toplap, öz ýurduna daşap ugradylar. Muňa gahar-gazaby püre-pürlenen hindi halklary garşylyk görkeziş meýilleri bilen dem alyp başlapdy. Şeýle wakalaryň gyzyşyşyny Magtymguly gözleri bilen görüpdir. Kolonizatoryň gün çetinden geçmäge, ýagny oňa kölege bermäge hindileriň hukugy ýok ekeni. Şuňa meňzeş kemsitmelere, gulçulyk düzgünlerine boýun egmedikleriň gamçy bilen saýgylanyp, suwa salma ýenjilişini gören Magtymguluda neneňsi duýgularyň oýananlygyny göz öňüne getirmegem hyllalla. Ol ömründe köp zorluk görüpdi, ýöne henize çenli beýle köpçülikleýin zorluga gözi düşmändi. Iňlisleriň başga bir ýurda gelip, arkaýyn agalyk edip bilşine jyny atlandy. Halkyň ahy-zarly ýaşaýşyna göwni dilim--dilim boldy. Aňyrdan gelende Hindistan babatda uly umyt bilen gelen şahyr ýurduň içindäki bu gowgalary gördügi, köp zatdan geçdi. Şonda onuň başyna şu setir gelen bolsa gerek: Hindistany ahu-zar harap eýlär. Bu setiriň döremegine halkyň öz tebigatyndaky ýumşaklyk, özgäniň göwnüne degeninden öz göwnüni güýdenini bähbitli görmek, ýamandan boýnuny satyn alyp gaçmak, ýagny adam iýiji gaplaň oba aralaşsa, gaplaňy öldürmekçi bolman, obadan çykyp gidibermek, geçirimlilik hem aşa çydamlylyk ýaly häsiýetleri Magtymgulynyň gözünden sypmandyr. Hindistanda induslaryň mukaddes hasaplaýan sygyrlarynyň şahynyň arka baka ösmegindenem köp many alnan bolsa gerek. Ilkinji many-men seni süsjek däl. Magtymguly Hindistana baranda iňlisler entek Delä we şondan demirgazykdaky ýerlere aralaşmandy, yslama uýýanlar, şol sanda türkiler hem esasan şol ýerlerde ýaşaýardy. Olar ýerli halklaryň däp-dessurlaryna kem-kem uýgunlaşyp barýardy, hatda iň pugta zat dildir weli, şolam özge sözleri öz sürüsine goşup, çeltekleşip barýardy. Muny gören Magtymguly öz umudynyň boş çykaryndan gorkup başlady. Sözleşip-tanyşyp, köňül köşgüni synlanda, olarda türkmençilik ruhunyň örän gowşanlygyny, ata Watan, düýp mekan diýen düşünjeleriň düýpden üýtgänligini ýüregi gyýym-gyýym bolup synlady. «Biz bulardan ýardam umydy bilen geldik weli, bularyň özi özgä siňip barýar-a». Watany terk etmegiň özi, goý, ol neneňsi sebäpler bilen düşündirilse düşündirilibersin, ahyrda özüňi ýitirmekdigine Magtymguly ýene bir ýola göz ýetirdi. “Eşit, adam! Dogan ilden gaýry mähriban ýurt olmaz” Her halk watançylyk duýgusyny özüçe aňladýar. Türkmenlerde türkmençilik diýen gaty giň, çuň manyny özünde jemleýän söz bar. Diňe şu sözi düşündirmekden ötri bir kitap ýazyp boljak. Halk özüni bilip başlany bäri bu söz hem şo baýlaşyp, rowaçlanyp gelipdir. Bu sözüň düşündirip bolmaýan, söz bilen aňladyp bolmaýan taraplary hem bar, muňa halkyň özboluşly kody, paroly-syry hökmünde, bir-biregi tanamagyň, düşünişmegiň ilkinji guraly hökmünde garamak bolar. Belki, bu kod ynsan duýgusyndanam ýokarrakda durýan bolsa gerek. Şondanam çylşyrymlydyr. Onsoň türkmen däle türkmençiligi düşündirmegiň özi hem sözüňi şemala sowurmakdan öweý bolmaz. Düşündirilmän duýulýan zatlar ýeke türkmende däl, her halkda-da bar. Ynha, Magtymguly hem şo türkmençilik nukdaý nazaryndan hernäçe çemeleşse-de duýgularyna duýgudaş jogap alabilmedi. O ýerdäki türkmenler, ozaly bilen, indi hindi türkmenleridi, azlyk köplüge baryp goşulansoň köplügiň ugry bilen gidipdi, olarda Türkmenistan hakda duýgular dumana siňipdi. Elbetde, olaryň içinde-de türkmen birligini döretmek isleýänler bardy, emma şeýle-de bolsa, bu taýdaky türkmenleriň köpüsiniň ümzügi başga-başga nokatlara gönügipdi. Hindi türkmenleriniň Türkmenistana, Türkmenýstandaky türkmenleriňem hindi türkmenlerine ýardam edibilmejegine, köp-köp pikirlenen, dürli sebäpleri degşirip gören Magtymguly göz ýetirdi. «Türkmeniň bir şahasy kesilipdir-dä». Magtymguly Hindistanyň köp ýerlerine, aýratyn hem türkmenleriň, musulmanlaryň köp ýaşaýan etraplaryna aýlanypdyr, pyýada, öküze tirkelen arabaly, düýeli, pil münüp aýlanypdyr. “Neýleýin men sepil gezip, Hindistanym bar meniň.” Hindistanyň boz tebigatyny nebsewür synlapdyr, edil palasyň erşi ýaly, asmandan sallanyp duran däli jalanyň astynda ençeme ýola ezilipdir. Öz sütünini pürli şahalary bilen gizläp oturan lawr agaçlaryny, ak topugyny gizläp oturan Meňlä meňzedipdir. Gara gaşlarynyň arasy basma hally hindi gyzlaryny hem Meňlä meňzedipdir. Roýunda hindi hally, Mynasyp bir jenan barmy?! Ol ähli ýerden Meňlini gözledi. Gul bazarlarynda-da zynjyra baglanan Meňlini idedi. Guran agajyň üstüne ot atyp, ýaşap oturan bendeleriň arasyndanam, gyzganyň saýasyndaky ýa-da topar-topar bolup geçip barýan gedaýlaryň arasyndanam birden Meňli, «Magtymguly-y!» diýip bozlap çykaýjak ýaly boldy durdy. Wah, biçäre, Magtymguly! «Aşykda aň bolmaz» diýleni-dä. Magtymguly ýaly beýik köňli söýüp bilen ýürek hi bi gul zynjyrlaryna, gedaý ýodalaryna kaýyl bolarmy, ýa özge biri bilen ýaşaşyp bilermi?! Ol şeýdenden, gowusy, däli derýa özüni oklamazmy? Muny Magtymguly bizden gowy bilýär weli, nätjek-dä, ýürek diýlen bir diýenetmezegem bar. Hindistanyň geň tebigaty, heniz iňlisleriň zaýalap ýetişmedik tebigaty Magtymgulynyň gamgyn köňlüni awlady. Aglaba ýerinde sowulmaz bahar bolansoň, topragyň köp bölegi, aýratynam Dekan tekizligi diýilýäni, örän mes gyzyl toprakdy. Gyzyl diýseň gyzyl. Kesewi sünçseňem gögeräýcek. Tokaýlarynda heniz gorülmedik agaçlara akly haýran bakdy. Bir agajyň synasyndan süýt ýaly suwuklyk akyp-gurap ýatyr. Çekseň süýnýär. Başga bir agajyň başynda kyrkgünlük ýaly sary miwe bar, her biri kelle ýaly, agramy bäş-alty kilograma ýetýär, kesip görseň maňyz ornuna çig gaýmak ýaly ýakymly şire bar. Ýene bir agaçdan müşk-anbar yslary kükäp dur, jorap örülýän syhjagazlar ýaly şahalaryny ýaksaň tütäp, has humarly ys berýär. Ýene bir agajyň şahasyndan bir garyş dowüp alyp her gün dişini päkleýärler. Dürli şekilli maýmynlar bolsa şahadan-şaha böküşip, öz dillerinde sözleşýärler. Elbetde, özge ýurduň şemaly hem geň görünýär. Bu jennete çalymdaşlygy soňra şahyr goşga geçirmän bilmez. Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn. ýa-da yssydan, pukaralykdan ýaňa diňe uýat ýerini örtüp ýören gedaýlary gorensoň: Hindi kimin egin örtiň bolmasa, Patyşalyk puşeş çigne saldym tut. diýen setirler dünýä inipdir. Hindi häsiýetini, olaryň pile hormatyny synlapdyr. Hindistanyň şäherlerinde, belent-belent ymaratlarynda, galalarynda bolanda şahyryň göwni açyldy. Ol Delide Kutbeddiniň minarasyny gördi. Düýe ýaly daşlary kesip, gyryp, rejeli goýup döredilen keşdeli minara Buharadaky, Hywadaky minaralara çalym etse-de olardan has mahabatly hem juda ägirtdi. Ol minaradan Hindistanyň kuwwatyny hem-de belentligini duýmak bolýardy. Minaranyň beýle ýanynda ýogyn, togalak demir sütün ýere çümüp durdy. Hindiler bu sütüniň minara gurulmazdan has-has öňden bäri duranyny Magtymgula aýtdylar. Beýle sütüni adam eli bilen guýmaga gadymyýetiň gurby ýetjek däl, üstesine-de bu sütün başga bir äpet enjamyň bir bölegi ýaly bolup görünýär. Magtymguly poslaman, mizemän duran bu sütüne bakyp, akly haýran bolun uzak durdy. Bu ýerdäki duýgular soňra goşgy bolandyr, emma şo goşgular tapylanok. Elbetde, belent hem ýazgyn depede howalanyp oturan Juma metjitde ençeme ýola namaz okandyr. Bu metjide beýik Hindistandaky musulmanlaryň köňül sarpasy ýokarydy. Metjidiň kaşaň minaralary, giň aýtymy, ortadaky howuzy hem özboluşlydy. Allaha nalyş ede-ede dyzlary, tirsekleri, maňlaýy daşa urla-urla berçin alan kişiler gözlerini ýumup, birgeňsi owazda nalyşyny dowam edýärdiler. Olaryň ahlisi diýen ýaly pukara, gedaý, derwüş. Ýarym-ýalaňaç, güne kakan, garalyp-köýen bedenler. Gözleri ýaşly, bagry başly köňüller. Magtymguly jemagatyň bu hereketini, owazyny hem reňkini aňynda ömürlik nagyş etdi. Ol soňra «Güzeşt eýle» diýen goşgusynda bu heňleri ulanar. Hindistan köp dinleriň hem mekany hökmünde Magtymgulynyň ünsüni çekdi. Otparazlyk, induizm, hristiançylyk, yslam. Aýratyn hem öz putuny özi ýasap, özi hem oňa çokunýan butparazlar Magtymgula gaty geň göründi. Ol sopuçylyga ýüz uran ýyllary Allanyň jemalyny görmäge synanyşyklaryny, ruhy ejir-görgülerini ýatlady.Butparazlaryň bolsa hersiniň öýüniň dulunda hudaýy aýbogdaş gurap otyr. Ynançlaryň bu tapawudy Magtymgula ejirli oýlary miras goýdy. Muny Magtymgulynyň bilesi geldi. Aslyna, köküne ýetmäge dyrjaşma şahyryň ganynda bardy. Ol induslaryň ölüsini ýakyşyny gördi. Induslar, ölüsini ýakyp bilmese, öli harlanan hasap edýärler. Ýetmiş iki millet gömer ölüsin, Segparaz milleti läşi ýandyrar. Läşi ýakýan induslar, emma olar segparazlarmydyr? Ýa-da segparaz sözüni Magtymguly göçme manyda ulandymyka? Ýa asyrlardan asyrlara göçürlip gelnen golýazmalarda üýtgetmeler, ýalňyşlar zerarly segparaz sözi tötänden düşdümikä? Belki, on sekizinji asyrlarda türkmenleriň arasynda induslara segparazlar diýlendir? Okyjym, garaz, sorag kän. Onuň tersine parslar diýen halkyýet ölüsini beýik depä çykaryp, ýere düýnemän goýýar. Maslykçy guşlar gak-gaklaşyp jesedi çekeläp-çokup tükedýärler. Eger guşlar jesede degmeseler, onda öleniň bagtypesligini aňladýar. Şeýle dessur yslamdan öňki zamanda Türkmenistanda-da bar ekeni. (S. Demidowyň maglumatlarý). Siz şundan soň Magtymgulynyň aşaky setirlerini okasaňyz has düşnükli bolar: Laçynsyz çöl ýerde galan maslyk men, Meni görüp, läşler aglar halymga. Diýmek, ölini kepene dolap, ýa Astrahanda görşi ýaly, agaç gaba salyp topraga tabşyrmak däbi, bu halklarda ulanylmaýar ekeni. Şunda Magtymguly Nedir şanyň dinleri birleşdirmek babatda birmahal aýdan pikiriniň telekdigini ýene ýada saldy. Aslynda, diňe dinlermi?! Eýsem bir halky beýleki bir halka garjaşdyrmagyň hem gowulyga eltmejegini Magtymguly oýlanypdyr. Her halk öz ýolundan gitmelidir, öz gadymyýetini, däp-dessurlaryny, azatlygyny saklamalydyr. Bu ösüş beýleki bir halkyň ösüşine badak atmaly däldir. Beýdilse halkyň halka goşuldygy bolýar. Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir, Bu bölekden goşma özge bölege. Magtymguly mogollaryň merkezi Agra şäherine baranda Täç Mahal ýadygärligini uzakdan synlap, dünýädäki ähli ýadygärlikleriň naýbaşysydygyna akyl ýetirdi. Kämilligiň belentligi. Gün doganda ak ümür syrylyp, ozaly bilen Täç Mahalyň ak gupbasyny ýagtyldýar, soňra dört minaranyň başy dumandan saýlanýar. Alkymyndan akyp ýatan Jamna derýasynyň gök suwunda ikinji Täçmahalyň şekili tolkun atýar. Hindistan oýanýar. Azan sesi ýaňlanyp gidýär. Bagly köçeleriň şowhuny artýar. Dürli dükanlaryň gapysynda alyjylar görünýär. Ýol boýunda oturyp, derman otly düwünçekleri iki dyzynyň aşagyna sokan tebipler-attarlar derdi dep edýärler. Bir ýerde ak sakgaly biline ýetip barýan garry palçy garşydaşyň çep elini iki aýasy bilen gysyp, bir zatlar samraýar, margir tüýdügini çalyp, ýylan oýnadýar, ho-ol burçda ýaş kişi göz baglap halaýygy haýran galdyryp otyr, köçeden biri gara der bolup rikşa çekip barýar, bagyň kölegesinde bir gara hindi irkilip duran oküziň iki şahynyň arasynda aýagyny sallap, töwerege bakýar, ak-ýaşyl kejebede saýawanly oturan bir zenany äwmezek pil alyp barýar, pili idip barýan hyzmatkär bolsa: «Sowulyň, sowulyň» diýip, mähellä gygyrýar. Ýarym ýalaňaç, bezemen adamlar, aýagynyň başam barmagy ýüzükli, topugy bilezikli, burny halkaly, maňlaýy basma hally zenanlar. Gulak halkaly, ýany gylyçly, arkasy köne-ütük goşhaltaly erkek kişiler. Her kim öz derdi bilen gümra. Bu jemagatyň içinde syrdam boýly Magtymguly hem bar, ak kamysdan bol tikilen geýimli, başynda Meňliniň tiken tahýasy, özgelere akly haýran. Ýöne oňa bakýan ýok, göwnibir mähelle. Emma şo günler Täç Mahaly gören Magtymgulyny synlanlar bagtyýardy, näçe ýyllar bäri çökgün göwün bu gün öňki durkuna gelipdi, näçe ýyllardan bäri buruk boýun bu gün dikelipdi, owazynda rahatlyk hem söýünç belentdi. Magtymgulynyň Hindistanda bile ýören ýoldaşy muny duýman bilmedi. Şol ýoldaşy arkaly Magtymguly urdu, sanskrit dillerini öwrenmäge başlapdyr diýip alymlar çaklaýarlar. O ýoldaşy kim? Biz ony heniz bilmeýäris, şahyr onuň adyny hem aýtmaýar. Aýdasy gelenliginde-de gündogar şygyr düzülişiniň berk kadalary ony aýtmaga her mahal mümkinçilik hem berip duranok. Onda şeýle setir bar: Hemra kyldym bazygäri, ýortup gezip Hindistany Magtymguly öz umydyny hasyl etjek bolup Hindistanda köp gezipdir, köp-köp kişiler bilen söhbetdeş bolupdyr. Aýratyn hem hindi münejjimleri bilen uzak-uzak söhbetler edipdir. Akbaryň baş weziri, ýowuz ýolda owgan elinden ölen şahyr Baýram hanyň, Mürze Galybyň nesilleri bilen gürrüňdeş bolupdyr, maslahatlaşypdyr, şo döwürki Hindistan şahyrlary bilen duşuşypdyr, goşgy okaşypdyr, elbetde, adat bolşy ýaly, bir-birege kitap, öz goly bilen ýazylan goşgy sowgat beripdirler. Magtymgulynyň welin esasy ünsi başga zatdady: bu ýerdäki türkmenlerde türkmençilik saklanypmy, olar umumy takdyr hakda oýlanýarlarmy, türkmeni bagtyýar etmek üçin, gaflatdan oýarmak üçin hereket edip biljeklermi? Ýok! Magtymguly muny ýalňyşman kesgitledi, beýle netije gynançly bolsa-da, özüne dözmese boljak däl. Hakykaty ynjydyp biljek däl. Ynha, milleti millete goşsaň näme bolýan ekeni. Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir, Bu bölekden goşma özge bölege. Magtymguly Hindistanda uzak wagt boldy, köp-köp ýerleri, halklary synlady. Neýleýin men sepil gezip, Hindistanym bar meniň. Bu ýurtdan gaýdansoň, elmydama onuň aňynda Hindistan obrazy fosfor daşy ýaly şöhle berdi durdy. Magtymgulynyň bu taýdaky türkmenlerden eden tamasy çykmasa-da, bu Hindistan babatdaky pikir-duýgulara zeper ýetirip bilmedi. Soň-soňlaram ol ýene Hindistana sapar etmek höwesi bilen ýaşady.”Nesip goýmaz gidem uzak ýollara”. Magtymguly gazeti hem ilkinji ýola şo taýda gören bolmagy mümkindir. Hindistanyň ilkinji gazeti: «Bengal gazett». Häzire çenli neşir edilen goşgularynda otuza golaý ýerde Hindistan, hindi sözi uly mähir hem sarpa bilen tutulýar. Magtymguly Hindistandan çykyp, ýüzüni Çynma-Çyna, Türküstana, Hotana baka tutup gitdi. Türküstandyr hyýalym, Açgyl, taňrym, sen ýolum. Hindistanyň tebigatynyň, açyk göwünli adamlarynyň, gözel-gözel ýadygärlikleriniň jadysy gowşadygy saýy Magtymgulynyň ýüreginde gözel ili, eýesiz, dagynyk Türkmenistan şöhlelenip başlady, ony göresi gelip hesrete batdy. Onsoň obada ýalňyz galan gelnejesi, naçar dogany Zübeýda tiz-tizden göz öňünde janlandy. Hindistandan tapylmadyk, emma her ädimde hindi hally gyzlary görende ýüregini jöwlan urduran Meňlini neneňsiler küýsedi?! Meňli bilen ýaşalan gysga ýyllary ähli jikme-jikliginde ýatlap, bagryny daglady. Abdylla bilen Mämmetsapa doganlaryny hem ömürlik gözläp gezmeli boldy öýdýän. Gonambaşy bolup, gara topraga garylyp ýatan gubura öwrülen atasyny ýatlanda has ýekesiredi. Bir kerwene düzülmäge ýetjek dogan-garyndaşlardan sanalgy adam galdy ahyry. Her bir türkmeniň yzynda ogul goýmak-ojaga eýe goýmak arzuwynyň özünde hasyl bolmaýşyna-da ol ýanyp-ýanyp kül boldy. Goç ýigitde ogul ýokdur, Ojak ýitip, ýurt iňňildär. Magtymguly öz ýurduny hernäçe küýsese-de Hindistandan göni öýe gaýdybermän, Çyn-Maçyn, Türküstan tarapa gaýtmasynyň sebäpleri kän. Ozaly bilen, bu mekanlara ýakyn gelensoň, görüp gitmek meýli, halkyň aňynda edil Hindistança derejede söýgüli obraza öwrülmegi, hünärmentçiligiň, ýüpekçiligiň gadymy mesgeni hökmünde kuwwatly ýurtlugy, gadymy türkmenleriň, aýratynlykda salyrlaryň ýaşaýşy, türkmen taryhynda entek garaňky sahna bolup duran Atanyýaz hanyň ýoluny yzarlamak islegi we biziň aklymyzyň ýetmeýän beýleki wakalary, ýagdaýlary. Aýratynlykda, Magtymgulynyň baş maksady-köne dertlerine derman gözlemek: serhetleriň birleşmesi gerek däl.Köňülde,bir dilde, akylda, işde birleşmek. Hindistanda gözüniň görenleri onuň din babatda ynançlaryna hem uly täsir etdi, dinleriň bu dürli-dürli görnüşlerini görmegi onuň pikirlerine syntgy berdi. Ýogsa, ol özge dinler hakynda öň köp okapdy ahyry. Gözüň bilen görmek başgaça bolaýýar. Kitap açyp, ança dine duş bolup, Yslam kaýsy, Kuran kaýsy, bilmedim. ýa-da: Butparazlar butdan alsa myradyn, Hajatyny hakdan dilän almazmy?! Bu soraglar onuň öňi bilen özüne beren soragy. Ynha, Magtymguly şeýle pikir-duýgular bilen täze ýurda gelip girdi. Ýurduň tebigaty gözelem bolsa, ol Magtymgulyny Hindistança ozüne çekip bilmedi. Adamlaryň kelteräk, çepiksizräk görnüşi, çyzylyp duran gözleri bilenem tiz öwrenişip bilmedi. Hindistanda pars, türki, urdu dillerinde gepleýänleriň ýeterlikligi uçin gepleşip-gözleşip bilýärdi. Bu taýda hytaý dili bütinleý düşnüksizligi, ýazuwynyň çylşyrymlylygy bilenem kynlyk baryny döretdi. Hernä uýgurlar Magtymgulynyň dadyna ýetişdi. Olar hytaýça gepleşmäge suwara bolup gidipdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |