18:00 Magtymgulynama / Ikinji bölüm -2: dowamy | |
Magtymguly butparazlaryň monahlary bilen gürründeş boldy, olaryň arasynda ýyldyz hasabyny bilýänlerden haýyş edip, öz halkynyň gelejekki täleýine garatdy. Olar gelejegiň uzak wagtlap garaňky boljagyny aýtdylar. Magtymguly olara ynandy. Ynanmazça däl. Ol ýasy kellesi päki bilen gazalyp syrylan bu monahlaryň gudratyny gördi: biri aýbogdaş gurup oturşyna adam boýy ýokary uçdy-da emaý bilen gondy, ýene biri başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky etden inçe syh geçirdi weli, gan çykaýynam diýenok. Başga biri bolsa Magtymguly bilen ýanaşyk oturşyna örän tiz zym-zyýat bolup ep-esli salymdan ýene göze görünýär. Ol ýanyndaka ozüni görkezmän bilýän güýçli monah eken. Bu kämillige ýetmek üçin näçe ýyllar okamalydygyny, munuň üçin bolsa näçe ýyllar özüňi ýalňyzlyga urmalydygyny Magtymguly bildi. Edil sopuçylyk ýaly-da. Magtymguly ýene bir geň halkyň üstünden bardy. Bu taýda köp aýallylyk däl-de köp ärlilik bar eken. Mysal üçin, uly dogan öýlense, kiçileri hem ýetişende şol aýala oýlenýär ekeni. Aýallar oýnaşlaryndan halka alyp boýna dakýarlar, eger şo halkalar az bolsa o zenana durmuşa çykmak kyn bolýar. Öýüň erkegi myhmanyň baý kişiligine göz ýetirse, oňa aýalyny hödürlemek edähedi hem bar. Magtymguly dagy bu taýda-da ölüsini depede goýup gaýdýan halka uçrady. Olar: «Ýörite mazarystan nämä gerek? Bu dünýäniň özi tutuşlygyna mazarystan ahyry» diýýärler. Omar Haýýamyň, Ibn-Sinanyň: bu toprak tutuşlygyna ynsanyň owranan süňkündendir diýen rubagylaryny Magtymguly ýatlady. Soňra birnäçe wagtdan soň onuň özünde: Adam ogly garramasa, ölmese, Garyş ýer tapdyrmaz ekin ekmäge. diýen setirler dörär. Ähtimal, şol etraplarda bir uýgur Magtymgula hem ýolbeletlik, hem dilmaçlyk eden bolsa gerek. Mahtymguly bu taýda Hnndistandakyça uzak eglenmedi. Ol haýdan-haý salyrlaryň ýaşaýan ýerlerine ugrady. Salyr baba, Salyr gazan ýaly gadymy gahrymanlaryň nesli bolan salyrlar, käbir çeşmelerde salorlar, salarlar türkmeniň irki şahasy bolup, olar dünýä ýüzüne köp ýaýrapdyr. Çyn Maçynda tagtyn guran, Eýrany, Owgany soran, Hindistan, Hotana baran, Atanyýaz han görüner. Onsoň Atanyýaz hanyň bu ýerlere gelip gitmegindenem ýagşylyk tamasyny etdi. Ol ýaşulular bilen, hanlar, begler bilen duz-emek bolup, olaryň ne hörpden gopuşlaryny synlady, gerek ýerinde özüniň ne maksat bilen gelenini ýaňzytdy. Esasan bolsa, şol gadymdan bäri dowam edýän türkmençiligiň bularda ne derejede hereket edişini synlady. Ol türkmençiligi, elmydama, türkmeniň ýüregi hasap edýärdi. Elbetde, türkmençiligi ýitiren eýýäm türkmen däldi. Magtymguly bu taýda-da göwün islän ahwalyna sataşmady. Göwni gyýym-gyýym boldy. Türkmen ýene bir şahasyny ýitiripdir-dä. Bu ýerdäki salyrlar öz ýaşaýan ýurduny asyl ýurt saýyp, özge türkmenler bardyram öýtmeýärdi. Magtymguly araky pikirini ýene gaýtalamaga mejbur boldy: Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir. Bu bölekden goşma özge bölege. Salyrlaryň Akman we Garaman topary sekizinji asyrda ýa-da onunjy, on birinji asyrda, Hytaýly salyr professory Ýunus begiň pikiriçe, on dördünji asyrda näbelli sebäplere görä Samarkantdan söçmeli bolupdyrlar. Her toparyň kerwenleri haýsy tarapa dönse, şo tarapa gidipdirler. Onsoň Akmanlar Hytaý tarapa, Garamanlar Balh, Merw tarapa süýşüp gaýdypdyrlar. Meniň pikirimçe, Garaman toparynda Möwlana Jelaleddin Rumynyň ata-babalary hem bardyr. Soňra Balhdan Anadola, häzirki Türkiýäniň topraklaryna baranlarynda-da salyrlaryň topar bolup ýerleşen ýerlerinde, meselem, Larendede we Konýada mesgen tutunypdyrlar.Larende şaman diýip başlapdyrlar.1277-nji ýylda Türk dilini resmi dil diýip Türk dünýäsinde ilkinji perman çykaran hem Soltan Garaman ogly Mehmetdi. Magtymgula hernäçe gam-hesret sürünse-de, dogduk mekan ýadyna düşüp, ýürek hernäçe ezilse-de ol özüni mäkäm tutdy. Duýgulara berlip gidibermedi. Onuň niýeti Hoja Ahmet Ýasawynyň mazaryna baş goýup, aýat okamakdy. Bu beýik sopularyň durmuşyna, derwüşçilik erkinligine Magtymguly elmydama gözigidiji bakýardy. Ýasawy hem Bakyrgan Magtymgulynyň ýatlama bolup galan sopuçylyk ideallaryndan biridi. Şoňa görä häzir özüniň sopulyk ýyllaryny ýatlamaga sebäp kändi. Bu iki şahs bilen bagly setirler Magtymgulynyň ýüreginden syzyp çykypdy. Irki asyrlardan bäri Türküstan sopuçylyk ojaklarynyň biridi. Ahmet Ýasawy onuň iň uly sütüni boldy. Ýasawyçylyk ýoly döredi. «Medinede-Muhammet, Türküstanda-Hoja Ahmet» diýilmesi onuň örän uly abraýa eýe bolanyny tassyklaýar. Uly sopular Ahmediň golaýynda bolmagy özüne bagt saýyp, Ýasa şäherine baka akyp başlapdylar. Şolaryň arasynda Bakyrgan hem bardy. Magtymgulynyň: Bardy kary Bakyrgan Şol Türküstana sary. diýen setirleri şeýle taryhdan habar berýär. Onuň melhem ýaly ýakymly heňli, akyp duran goşgularyndan «Haýrandadyr haýranda» diýen goşguda bir bent Hoja Ahmet Ýasawa bagyşlandy: Kyldy aňa hak rahmet, Nury-tejelli gudrat, Hyrka geýen Hoja Ahmet, Seýramdadyr-Seýramda. Magtymguly Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerini ýaşlygyndan bäri gaýta-gaýta okansoň, şol okan pursatlary ýadyna düşüp, medrese ýoldaşlaryny, älem-älem hüjreleri ýatlap barşyna Ýasa şäherine geldi. Ol öz ruhy halypasynyň mawzoleýine baka sabyrsyz ýöräp ugrady. Topursak ýollarda eşekli, atly, arabaly, paýtunly, düýeli barýanlara garanda pyýadalar has kändi. Aýak ýalaň, ýyrtyk jully, ýetim owlak ýaly ýygrylyp barýan adamlar, peýwagtyna ösüp, gaýçy--müçenek golaýyna getirilmedik saç-sakgally adamlar, arman-ahmyr, nala-girýan çeke-çeke, säherler gözýaşy döke-döke gözleri oýulyp-çöküp duran adamlar gep-gürrüňsiz haýdaşyp barýarlar. Ýol zarbyna garalyp-gatap, jaýryk-jaýryk bolan dabanlar, kim bilsin, haýsy toprakdan, haýsy ülkelerden, deňiz-derýalardan aşyp gelipdi. O dabanlar her ädimde, o adamlar her deminde: «Ýasawy! Ýasawy!» diýip ýatlaýardy. Magtymguly bu derwüşlere, galandarlara goşulyp bilmänini, goşulyp hem bilmejegini nebsiagyryp ýatlady. Derwüş-galandara goşulardan Magtymgulynyň derdi juda agyr, öz derdini jähennem edäýende-de il-gününiň derdine köňli ömürlik bendi ahyry. Il-günüň adyna aşyk bolanyň Dünýä üçin ýüreginde gam bolmaz . Magtymgulynyň ilinden aýrylyp gitjek ýeri ýok. Ýat illere, uzak ülkelere gidende-de öz iline has ýakynlaşmak üçin gitdi. Gözel ilim, sen diýp sökerem ýollar. Magtymgula gujur berýän, her neneň şowsuzlyga uçrasa-da, orta ýoldan yza döndermän, gaýta öňe dyzadýan güýç -onuň öz halkyna şeýle mähremligidi, öz halkynyň kuwwatyna, mümkinçiliklerine çuň ýürekden ynanmagydy. Ol özüniň ömür bagtyny türkmen halkynyň ykbalyna baky kökenläp goýdy. Ynha, şu mahal ol Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýiniň belent başyny uzakdan görüp, göwnüne müň bir duýgy-pikirler gonup barşyna, elbetde, Ýasawynyň il arasyndaky sarpasyna, sopulyk, şahyrlyk mertebesine göwün berip barýardy. Beýlekiler bilen birlikde atasy Döwletmämmet mollanyň hem Ýasawa baş egendigini ýatlady. Olara nesip eden abraýyň özüne-de nesip etmegini Alladan diledi. Uzakdan, ýaşyl gümmezi gün şöhlesini syçradyp duran äpet mawzoleýe gözi düşenden Magtymgulynyň göwni galkyp ugrady. Ho-ol al-asmanda howalanyp duran belent gapysyna ýakynlaşanlarynda beýle ýanda göz oňüne getirerden äpet toýgazana gözi düşdi. Häzirki ölçegde o gazanyň agramy iki tonna. Ahmet Ýasawynyň guburynyň üstündäki bu ymaraty soňra Teýmir gurdurdy diýýärler. Ahmet Ýasawa degişli rowaýatlaryň birinde ol görüne özi girip giden ýeke-täk şahs hasaplanýar. Sebäbi ol Muhammet pygamberden uzak ýaşamak islemänligi üçin, altmyş üç ýaşansoň, göre girip ýaşapdyr. Görde näçe gün,aý, ýyl galany belli däl. Simwolik bir giriş bolmagy hem mümkin. Şeýdibem, pygambere belent ygrarlylygyny gorkezipdir. Öz ýaşlyk dostunyň guburyna baran ýaly duýgy ony gam laýyna batyrypdyr. Ol Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerini, ömür sürşi hakda okan, eşiden zatlaryny ýatlady, bularyň köpüsini atasy pahyr gürrüň beripdi. Ýa, yklym eýesi Ahmet Ýasawy, Meniň sahypjemalymny gordüňmi? Magtymguly häzir Ýasawynyň guburyna hem-de onuň aýak basan topragyna maňlaý goýup bilenligine şükür etdi. Bu duýgular, ahyrda, joşup, garyşyp Magtymgulyny aljyradyberdi. Şol düşnüksiz pursatda gözýaşlar kirpigini ezenini Magtymguly soň duýup galdy. «Bu, näme, erkiň elden gitmesimi? Ýa garrylyk ýetişip ýirmükä?» Ol soň-soňlaram Ahmet Ýasawysyz dem almaz, ony goşgularynda ýatlar: Çekdigimdir gaýgy-hasret, Bu ne hadys, bu ne ummat! Türkustanda Hoja Ahmet, Onuň ady ýitip barmyş. Magtymgulynyň başy sowaşanda töwerege nazar aýlap goýberdi. Kir-kimirsiz göwünleriň Ýasawa orän ýakynlygyny her bir derwüşiň, her bir galandaryň gozünden okady. Olaryň ozüni unudyp, maňlaýyny daşa urup, ýerden süýrene-süýrene dyzyny ýara edip, Hudaýa ýalbaryşlaryny görende, Magtymguly öz yhlasyny, Ýasawa hormatyny hiç zat hasap etdi. Nalyş çekýänleriň owazy dünýäni elendirip durdy. Dünýäde diňe Ýasawy hem-de wepadar derwüşler bar ýalydy. Alla—hu-uw, al-la-a! Alla—huw al-la-a-a! O derwüşler dürli-dürli illerdendi. Diýmek, Ýasawy köp milletlere täsir edip bilipdir, ol aýratyn bir halk üçin gürrüň gozgamandyr. Aslynda, beýleki ägirtleriňem tas ählisi diýen ýaly umumy adamzat meýillerinden, meselelerinden daşlaşmandyrlar, musulmançylyk örüsinden uzaklaşmandyrlar. Onda näme üçin Magtymguly öz halypalarynyň, ylmy atalarynyň ýolundan gidibermän, ala-böle diňe türkmenler üçin jan çekýar? Bu sowaly Magtymguly uzak wagtlap akyl pyýalasynda goteripdi. Köp-köp ikirjiňlenmelerden, gümanlardan, inkär etmelerden soň, ahyry, belli karara gelipdi. Özge halklara abadanlyk dilemek bilen birlikde, aýratynlykda alnan öz halkyň birleşmegi üçin ýüwürmeli. Munda Türkmen üçin jan çekmek, Türkmeni bir ojagyň başynda birleşdirmek-işiň soňunda bütin Türk Dünýäsini birleşdirmäge alyp barýan uly ýoluň bir şahasydygyna Magtymguly ir düşündi. Atasy Döwletmämmet molla hem şeýle pikirdedi. Türk Dünýäsiniň köňülde, bir dilde, işde birleşmesi-Magtymgulynyň ýüreginiň çuňunda ýatan baş niýetidi. Türkiler baglasa bir ýere bili Gurudar gulzumy, derýaýy nili. Halk diýen anyk düşünjäniň umumy halklar diýen howaýy düşünjeden örän täsirlidigini, belki bir anyk nokada gönükdirilendigini Magtymguly gowy bilipdir. Üstesine-de, ol dargap barýan türkmen halkyna «türkmen» diýip gönüden-göni ýüzlenmese. o halky birleşdirmek, onuň buýsanjyny güýçlendirmek mümkin däl diýen netijä gelipdir. Umumy adamzat maksatlarynyň üstüne, milli maksatlary hem goşmalydygyny, ikisiniň sazlaşygyny, utgaşdyrylmagyny gazanmalydygyny onuň çus paýhasy ýalňyşsyz kesgitledi. Ol kyrkdan aşan ömründe ýazan goşgularyndanam ruhy lezzet tapdy weli, onuň göwni halkyna hyzmat edip, onuň müşgilini aňsat edip, tutuş halkyň ykbally ýoluny çarkandakdan düz ýola çykaryp, uly lezzet alasy gelýär. Emma häzire çenli baran gapysy petik ýa-da gapydan ätledigi garyma gaçýar. Şoňa gorä, Magtymguly çar tarapdan sürünýän gamdan, leşger tartyp gelýän dumanly pikirlerden her dem saýyn başyny saplamaly bolýar. Hany, köňlüniň diregi-Meňli? Goç ýigitler jeňe girip, parçam-parçam bolup çykanda, her kim öz Meňlisinden melhem alyp daýanýar. Sen, melhemsiz, Magtymguly. Seniň dermanyň derdiňden beter. Köňül weýrançylygyndan soň, koňül köşgüni timarlaýan ussat Meňlidi. Sen ussatsyz, Magtymguly. Gaýa kimin arkaňda durjak Çowdur dostuň bardy. Sen dostsuz Magtymguly. Her zaman direnişip duran hatar-hatar garyndaşlaryň bardy. Sen garyndaşsyz, Magtymguly. Sen şeýle bir ýalňyz weli, hat-da kölegäňem senden gaçdy-gutuldy. Ynha, saňa ýalňyzlyk mukamy! Gama batmaýan barmy?! Gamdan saplanmakda iş ba-ar! Magtymguly Ýasa şäherinde bolan günleri köp-köp derwüşler bilen, garry-garry galandarlar bilen, bu etrapyň beýleki ylymly kişileri bilen söhbetdeş boldy. Gazak doganlarymyzyň durmuşy bilen ýakyndan tanyşdy. Gazak geçi söýer, goç, gäwmiş almaz, Mekany bolarmyş göçler içinde. Magtymgulynyň gözlerini siňe synlanlar, başyny örän buýsançly tutuşyny görenler onuň ýönekeý jahankeşde däldigini derrew duýýardylar, duýduklary-onuň bilen tanyşlyk açmaga sebäp gözleýärdiler. Onsoň şol söhbetlerde şahyryň goşgulary ýaňlanýardy, sowatly kişiler o goşgulary göçürip alýardylar, kämahal awtoryň özi hem eserlerini ýadygär goýup gidýärdi. Bu ýadygärlik kagyz ýüzünde bolsa-da, ösüp-ulalyp, ýaýrap, täsir edip, ömürlik hereketdäki ýadygärlikdi. Magtymguly o goşgulardan, edil söweşe giren esgerden ýeňşe garaşylyşy ýaly, ýeňşe garaşýardy. O goşgularyň, nemli topraga taşlanan tohum ýaly, şineläp, gol ýaýradyp, hasyl berjegine pugta ynanýardy. Köňlündäki şol pynhan ynam hem onuň ýalňyz ýardamçysydy, tükenmez ylham çeşmesidi. * * * Magtymguly öz ýurduna baka ýola düşende, ony has beter küýsäp, oba wakalary ýada düşüp, ýene-de Meňli, ýene-de zürýatlary, ýene-de gardaşlary onuň ýüregine ot basyp başlady. Ýogsa olary hiç mahalam unudyp bilmeýärdi. Her ýurda, her şähere baransoň, o taýlaryň gul bazarlaryny görensoň, sorag-ideg edensoň, Meňlini, gardaşlaryny tapar umydy gowşasa-da, onuň: «Meňli Eýrandadyr»diýen başky pikiri oňa umyt berýär. Ol ýol ugruna Samarkandyň, Buharanyň, Hywanyň belent binalaryna baş egip, bu şäherlerde ýaşan gerçekleriň hatyrasyna aýat okap geçdi. Buhara bilen Hywa oňa hesretli duýgulary has köp berdi. Sebäbi bu şäherler onuň ýigitlik ýyllaryny, Meňlini täzeräk ýitirip, çar ýana elenýän ýyllaryny ýada saldy. Hywada Şirgazy han medresesi Magtymgulynyň ömrüne öçmez täsir edipdi. Daýym unutmaz men tylla gapysyn, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!» setirlerini unudan dälsiňiz-le? Buharada hem-de Hywada iň uly gul bazarlary bardy. Magtymguly o bazarlaryň derwezesinden girende tolguna-tolguna girdi. «Goly zynjyrly, sal-sal eşikli Meňli başyny sallap, gün astynda jyzrap oturan bolsa näderkäň?» Ýok, beýle görnüşi görmek Magtymgula miýesser etmedi, emma Meňli ýaly zenanlaryň ilinden-ýurdundan uzaga düşüp, indi nirelere satylyp, kimleriň gapysynda bendi boljaklaryny bilmän, erksiz oturyşlaryny synlady. Ýüregi gyýym-gyýym bolup synlady. Ynsan takdyrynyň şeýle pajygasyna çäre tapylmaýşyna içki gazaby gaýnady. Bir guly, gyrnagy, onusyny azat etmäge gurbuň ýetmegi mümkin. Özgeleri nädersiň?! Bir bazarda gul tükense, indiki bazarda hatar-hatar otyrlar. Uly ýoldan at öňüne salnyp gelýän mejalsyz biçärelere neneňsi ýardamyň deger?! Magtymguly özüni olaryň biri hasaplady, bendileriň ahwalyna aralaşmaga türgenlik ony köp duýgy-pikirleriň üstünden eltdi. Emma bendileriň depesinden alagöz bilen garap, murtuny ýalap duranlaram özüni ynsan hasaplaýandyr, belki, ynsanlaryň beýigi hasaplaýandyr. Ol bendi alman-satman, saklaman hem ýaşap bolýanyna ynanmaz. O bendileri hem özüniňki ýaly ene dogranyna, o bendeleriň hem özüňiziňki ýaly doganly-uýalydygyna, olaryň hem göwni-garny barlygyna ynanmaz. Ol bendiler aglasa-güler, gülse-gaharlanar. Bendi hem Alla diýer, bendini zynjyra baglan hem. Hany, munda adalat?! Hany, hakyň rehimdarlygy?! Eger Alla ähli zady görýän bolsa, ähli zada özi emr edýän bolsa, onda bu zalymlaryň hereketi hem Allanyň eradasy bilenmikä? Magtymguly türkmenleriň gul-gyrnak saklamak däbiniň güýçli daldigine-de şükür etdi. Bu däp oňki zamanlarda giň ýaýran hem bolsa, ýaşulularyň, paýhasly kişileriň tagallasy bilen ep-esli gowşapdy. Özem muny, ozal-başda halkyň ganyny sap saklamak, häzirki dilde aýdanymyzda-genleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen şeýdipdirler. Gul-gyrnak hem, esasan, Eýran tarapdan getirilensoň, halk öz ganyny başga gana goşmagy kemlik bilipdir. Aýratyn hem gyrnak meselesine seresaply çemeleşipdirler. Alamançylykda alyp getirseler hem satyp goýberipdirler. Gapysynda ýaş gyrnak hyzmat edip ýörse, öýdäki ýetişen ýigidin oňa göz gyzdyrmagyndan heder edilipdir. Kim el gatsa, şol ony aýal edinmeli bolupdyr. «El gatdyňmy-eýe bol!» diýen düzgün berk eken. Emma bu çäre ganyň gatyşmagyny kemeldenem bolsa, ony düýpgöter aradan aýyrmaga ukypsyz bolupdy. Halk ganyň ähmiýetine gadymdan bäri uly üns berip gelipdir. Üstesine-de “gan” sözüniň içine asyllylyk, terbiýelilik, ýagşy niýetlilik düşünjelerini hem goşupdyrlar. «Gana çekýär. Ganynda bar. Ganyn oýny. Gul-ig. Gyz kakasyna çeker, ogul ejesine. Gany gatyşan» ýaly manylar ulanylypdyr. «Iki çykan—iç baka. Daýy-ýegen daş baka», «It eýä, är daýa» ýaly nakyllaram bar. Adam gany-geni meselesini bir gyrada goýanymyzda-da, türkmemler dünýä belli at-bedew ýetýşdiriş işinde hem gan meselesine uly üns berýärler. Gan saplygy-at ýetişdirmegiň ilkinji zerurlygy. Magtymguly bu halky paýhaslardan gowy baş çykarýardy. Üstesine-de «sap ganly» sözüne örän giň many berýärdi «Terbiýelilik, ynsaplylyk, haramdan çeke durýan, halal işi jäht tutýan, ejize rehimdar, umuman, mert manysynda ulanýar. Munuň garşysynda namart bolýar. Onsoň Magtymguly hem, özünden öňküleriň tas ählisiniň diýen ýaly ulanan ideýasyna gol berýär. Bu ideýa görä, sap adamdan sap nesil döreýär, namartdan hiç mahal mert bolmaýar. Bu, näme, fatalizmmi? Terbiýäniň ähmiýetini inkär edýän antipedagogik ideýamy? Atasy ogry bolsa, oglundanam ogrulyga garaşybermelimi? Görelde güýçli zat. Hernäçe akylly maslahatlar berseň-de, ahyrda niýetiň, göreldäň ýagşy bolmasa, ýamanlyk ýeňýär. Ynha, halk paýhasy şuny we beýleki ýagdaýlary göz öňünde tutup döräpdir, Munuň durmuşda ulanylyşynyň köp-köp mysallaryny özüňiz ýatlaberiň. Gen meselesinde heniz düşündirip bolmaýan zatlaryň ýaman köplügini hem unutmalyň. Hywadaky özbekler, garagalpaklar, türkmenler, Magtymgulynyň daşky garyndaşlary ony ýakymly garşyladylar. Onuň goşgulary bireýýämden bäri köňülleri bendi edýärdi, ýat tutan ýat tutýardy, kitap okap bilýänler göçürip alypdylar, bagşylaryň dilinde-de Magtymguly ýakymly ýaňlanýardy. Bu täsirler soňra: Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uz bolar. diýen setirlere siňdi. Hywaly türkmenler Magtymgulynyň goşgularyndaky çagyryşlary goldaýardylar, emma diňe dilde goldaýardylar, hereket ýokdy. Munuň tirebaşylaryň işidigini şahyr duýýardy. Illeri agzala saklamak olaryň häkimligini uzaga çekdirýärdi. Magtymguly Türkmensähradan, Etrek boýlaryndan, Garrygaladan hem-de beýleki ýerlerden bu taýa göçürilip getirilen, gaçyp gelen gökleňleriň ýaşaýan ýerlerine-de bardy. Eger ýurt abadançylyk, zamana rahatlyk bolanda o adamlar bu taýda däl-de gökleňleriň asyl ýaşaýan ýerinde, birmahallar behiştiň bir bölegi hasaplanan ýerde ýaşamalydy. Magtymguly bu taýda köp-köp tanyş-bilişlerini gordi, olar bilen bile ýaşalan ýyllar, bile görlen wakalar ýada düşdi. Öz dogduk obasynyň bir künjüne gözi düşen ýaly, göwni göterildi. Deňizçiniň uzak ýüzüşden soň ýeri görşi ýaly, guýuçynyň uzak gün ýer göwsüni gaza-gaza ýagtylyga çykyşy ýaly, Etrek, Gürgen etraplaryndan birküç aý öň gelenlerden o ýerleriň hal-ahwalyny çintgäp-çintgäp sorady. Hoş habara teşne göwün bu gysgaça gürrüňlerden hi kanagatlanjakmy? Göwün göwün weli, gözlere näme alaç etjek? Tizräjik öz mekanyny, öz ilini gormese, halys sabyr-takat tükenipdir. Ýöne bu halaýygam hoş söze, dogry söze halys teşnesiräp gidipdir. «Magtymguly diýip ägirt şahyr döräpmiş, aýtjak sözi goşgy bolup diline gelip durmyş» diýlen gürrüňler öňräkden bäri ýaýransoň, öň eşitmiş adamlaryň alnynda şahyryň özüniň durmagy, olara uly bagtdy. Magtymgulynyň hem gözlegi söz gadyryny bilýänler. Ynha, onsoň agşam ortada ýanyp duran uly ot başynda egrem berip oturanlary goşgy owazy bendi edip goýdy. Magtymguly hem diňlenişine göwni joşup köp goşgy okady.Şonda-da diňleýjileriň teşneligi ganar ýaly däl. Asyl, bu goşgular oturanlaryň kalbyny, çekize halta çöwren ýaly, çöwürse nädersiň?! Goşguda gozgalýan dert-şu oturanlaryň derdi. Goşga düzülen sözler-şu oturanlaryň dilinden düşmeýän sözler. O goşgularyň manysy şu oturanlaryň aýdasy gele-gele aýdybilmän, kalbynda joş urup, dile çykarmagyň usulyny-tärini tapmaný ören manysy. Magtymguly bu goşgular arkaly her kimiň ýüregindäki duýgy gemresini agdaryp-agdaryp goýberdi. Onsoň durmuşdaky ähli aýralyk-pidalar, çekilen jebir-sütemler, adalatsyzlyklar edil şu pursat başdan geçýän ýaly, ynsan soýgüsiniň lezzetli pursatlary, bir-birege berlen ýardamlar, durmuşda gülüp-şatlanan günleriň edil şu pursat başdan geçýän ýaly boldy. Ýas-ýaňyja hem Magtymgulyny özi bilen deň adam saýyp oturanlaryň gözüniň alnynda Magtymguly beýgeliberdi, beýgeldigiçe-de ol her bir göwne has ysnyşyp ugrady. «Öz adamymyz» diýen netijä gelýärdiler. Beýle täsirli goşgular hi ýatdan çykarmy, hi-de göçürilip alynmazmy?! Bu goşgulary diňlänler özüniň türkmenligine, şonuň üçinem şeýle goşgulary şahyryň ene dilinde diňläp bilendiklerine bagtyýar boldular. Bu eýýäm buýsanjyň bir görnüşi ahyryn. Magtymgula hem geregi şol. Ol bu täsirleri başdan-aýak synlady. Sözüň güýji göze gornüp dur. Ynsanyň iň güýçli zady sözüdir. Öz sozüň beýle güýjüni gormek şahyr üçin uly serpaýdy. Magtymgulynyň çökgün göwni şu taýda seýik tutup başlady. Bendesi men söze hyrydar guluň. Magtymguly Garagumdan geçjek amatly kerwene duşýança bu ýerde boldy. Şonda onuň başyna ýene bir täze pikir gondy: eger türkmenler häzir birleşmeseler hem birleşmek pikiri olaryň aňyna ornaşsa, iru-giç netije berer. Onsoň özüniň häzirki işlerine garanda, goşgularynyň köp iş bitirip biljegine Magtymguly ýan berip ugrady. Golundaky gylyjyn, kesgirligini duýmak üçinem puryja gerek ekeni. Magtymguly: «Bu niýetlerim başa barman, ähli zat tersine bolup durubermegi mümkinmi?» diýip, öz öňünde şeýle soragy keserdip goýdy. Böýle bolsa, onda türkmen halky dünýä ýüzünden ýok bolup gider. Emma Magtymguly türkmen halkynyň gaýratyna, zehinine hem-de uzak taryhda onuň başa geleni merdemlik bilen çekip, ahyrda şowlulyga uçraýan takdyryna uly ynam bilen bakdy. «Beýle halk dargar, toplanar, emma ýok bolup gitmez. Sebäbi ýok bolardan taryhy tejribesi köp.» Şeýle pikirler Magtymgulynyň gallaw göwnüne az-kem basalyk berdi. Onuň öňki pikiri: türkmeni tiz birleşdirmekdi. Ýöne taryhy hakykata, halkyň anyk pursatdaky hal-ahwalyna goz ýetirip başlamagy onuň bu pikir-hyýallaryna syntgy berdi. Birleşmek diýilýäniniň aýrylyşmak ýaly tiz hem duýdansyz däldigini, ençeme onýyllyklary, belki, asyrlary öz içine alýandygyny oýlanyp başlady. Ýöne gowün weli, öňi-soňy, bu işiň uzaga çekmezligini, özüniň gysga ömründe amala aşmagyny küýseýärdi. Akyl bilen göwnüň bu çaprazlygy Magtymgulyda, indi ilkinji ýola bolmaýar. Ol muňa öwrenişen. Belki, bu şahyrlyk şertleriniňem biri bolsa gerek. Şu mahal uzyn kerwende äwmezek düýäniň üstünde yranyp, oýlanyp oturşyna Magtymgulynyň küýi-pikiri ýene dogduk obasyna ýöneldi. Ol edil ýigrimi ýaşly ýigit kimin, sabyr-takatdan galyp, tizräjik mekana ýetmek höwesi bilen barýar. Kerweniň bolsa öz ýoly, öz tizligi bar. Garagumda üňüzden, gözýetmez takyrlardan, belent-belent gum depelerinden gyssanman geçip, guýy başynda düşleý-düşleý, ahyry, etege indi. Çölde gurt-guşdan howatyrly gelen kerwen Etekde garakçy-galtamandan ägä bolmaly boldy. Uzakdan daglaryň başy garalyp göründi. Ganyňa ömürlik siňen tanyş howa kükregiňe dolup, köp zady ýatladyp başlady. Bir depeden aşanlarynda bäş-alty tazy bir gysym bilini büküp-ýazyp, süýnüp barýar. Yz ýanyndan bir türkmen atyny dabyrdadyp barşyna salam berip geçdi. Onuň çep goly jylawly, sagynda bolsa, elguşy ýiti gözüni töwerege aýlap otyr. Magtymguly awa çykan ýigide guwanyp bakdy. Ynha, türkmen sährasynyň hakyky eýesi. Ýorgalap barýan atyňa gurban! Iskender dek dik başyňa gurban! Göwni dok, köňli hilesiz durkuňa gurban! Hi beýle ýigitleri bolan halkam ýok bolup gidermi?! Binasy berkdir. Türkmeniň owal-başdan duşmany ýetik bolup, olar, başarsalar, her demde türkmeni ýok etjekler. Emma binasy berkdir. Hanha, atyny säpjedip, ak telpeginiň burumlaryny seçelendirip barýan ýigide bak: «Duşman çozdy» diýseň besdir. Şo pursatda özi algyr guşa öwrüler, aty ok bolup atylar, gylyjy ýyldyz kimin süýner. Ýa alar, ýa mertlerçe öler.. Onuň başga niýeti bolmaz. Sebäbi Görogly onuň gardaşydyr, Gorkut onuň atasydyr. Olar öz nesline ak telpek geýdirenlerinde başyň ak bulutdan pes bolmasyn diýip sargapdyrlar, ýoluň ak bolsun, niýetiň hak bolsun, lebziň päk bolsun diýip dileg edipdirler. Atyňy, gylyjyňy ezber oýnat, rüstem bol, emma rehimdarlygy hiç-hiç elden bermegin diýip pent edipdirler. Magtymgula dolanalyň. Soňraky ýol barha köp tanyş-bilişleri, belet ýerleri görkezip ugrady. Bir ulgama çykanlarynda ho-ol uzakdan iki sany beýik minara gorünip, ulgamdan inenlerinde gözden ýitdi. Olar Dehistanyň minaralary. Gadymda mongollar topy-tophanasy bilen ýetip gelende Ali ibn Sukkari diýen bir gudratly şyh şo minaralaryň birine çykyp, basybalyjylaryň gözüni baglanmyş, şeýdibem şäher görünmez ýaly edenmiş. Magtymguly bu rowaýaty, bu ýerler hakda okan-eşidenlerini, öňki gezekler geçendäki duýgy-pikirlerini ýatlady. Dehistan, ýere siňip barýan, ýumrulyp başlan gala diwarlary, metjitler, medreseler, göçülip, sudury zordan saýgardýan salma ýaplar. Aňyrsyz mazarlyklar, Dehistanyň Maşad misriýan (müsürlileriň mazary) diýen ady hem köp zatdan habar berýär. «Üç Müsür bar» diýip gadymyýetiň aşygy Hommat Kakajan aýdypdy: Hywa etrapynda, Maşad misriýanda hem-de biziň hemmämiziň bilýän häzirki Müsürimiz. Muňa bir subutnama: Andalybyň «Nesimi» poemasyndaky setir — «Kaýsy Müsrüň ezizi sen, hany sen». Dehistan—örän akylly kişileriň guran şäheri. Arhitekturasy özboluşly.Aklyňy haýran edýär. Ýer üstüniň ähli şertleri bilen birlikde ýer astynyň sarsgynlary hem göz öňünde tutulypdyr. Galalaryň, minaralaryň billeri agaç guşak bilen bogulypdyr. Bu tüýs gündogar paýhasy. Dag serinden güzer salsaň. Ol ýerde ýurt eýläp galsaň, Şol jaýyndan nazar alsaň, Ulug Dehistan görüner. Bu setirler Dehistanyň geçmiş şöhratyny, bu mekana beýik-beýik kişileriň aýagy düşenini aýdýar, mysal üçin Abu Ali ibn Sina bu dünýä gowgasyndan baş çykarybilmedik ýagdaýynda Dehistana gelip ýaşap gidipdi. Bu taýda Şemaly Dehistany atly şahyryň, alymyň ýaşanlygy hem hak. Magtymgulynyň: Dehistanyň baýrynda Bady-sabany görsem. diýen setirlerinde şol Şemaly şahyry göz öňünde tutýan-a däldir-dä?! Magtymguly Dehistana nebsewür baka-baka bu görnüşi ahyrky gezek görýän adamyň duýgularyna berildi. Umuman, öljekdigiňi hem unutmaly däl. Beýle ýörelgä nähili düşünmeli? O adamlary göwnüçökgünlige iterýärmi? Bu özüňi ölüme taýýarlamak dälmi? Olar ne sebäpden: Ýuwudanyň özüňki, çeýnäniň gümana diýen nakyly köp gaýtalaýarlar? Ýok. Muňa orta aziýalylaryň öz düşünişi bar. Şu ýörelgäni ulanmakdan öz tutýan maksady bar. Adam ölümini ýatlanda köňli ýumşaýar, gahar-gazapdan düşýär, nebsine «haý» diýýär, ýaman işlerini soňa goýýar, ýagşylyk etmäge gyssanýar. Garşysynda duran adamyň hem iru-giç ölmelidigi hakdaky hakykat oňa ykbaldaşlyk duýgusyny berýär. Magtymguly hem şeýle däplerde terbiýelenen ynsan! Ýol kültemi çöşlene-çöşlene mekana has golaýlady. Indi düýeleriň dabany dag daşyny basyp geçdi, näçe günläp ýumşak çägede toýnagy ýitelen atlar aýaklaryny seresap basyp başlady. Güýz şemaly wagtal-wagtal derelerden atylyp çykty, heniz salkyna öwrenişmedik bedenleri galdyradyp geçýärdi, belent-belent baglaryň saralyşan ýapraklaryny dözümli şypyrdadýardy, halys guran ýapraklar howada hesretli gaýyp, yklaw ýerde bukulýardylar, aşakda daşlary ýylmap akyp ýatan çeşmäniň sesi batlanypdyr. Guran käkilik otunyň göwrümiňi giňediji ysy töweregi alypdyr. Onsoň, hany aýdyň, haýsy şahyr güýzde rahatlyk tapar?! Magtymgulyny-ha bu görnüş halys pagyş-para eredip taşlady. Öňki güýzlerde öýe sygman, özüni özi köşeşdiribilmän, daga-daşa tutduryp gidýän Magtymguly, gowaklarda oturyp goşgy ýazyp göwnüni gowzadýardy. Häzirem goşa setir onuň başyny çokalap başlady, emma ýene bir duýgy has ýakyndan çykdy: güýzde ynsan, jandar, nirede bolsa-da, garyp tünegine, ketegine ýygnangyçdyr, bu güýzde Mämmetsapa bilen Abdylla doganlary öýe dolanan bolsa bildiňmi?! Onsoň Magtymguly o gardaşlaryny diwananyňky ýaly saç-sakgaly ösgün, sal-sal eşikli sypatda göz öňüne getirdi. Olar ýumrulan öýüň gapysynda, gamgyn-gazaply bakyp durlar. «Beýle bagt maňa miýesser edermikä?! Meňliden habar gelmedimikä?» «E-eý, kerweni çeke-çeke, çöküp barýan düýekeş! Meni tizräk mekanyma eltewer. O daglardan uçup geçeli. Bu çaýlardan ýüzüp geçeli. Hiç-hiç togtamaly. Belki, bize-de Pelek gülüp bakandyr. Aglan ömrylla aglap, gülen baky gülüp durmaly bolarmy?! Gorpa gaçan çykmazmy, daga çykan düşmezmi?! Ýykanlar ýykylyp, ýykylanlar galmazmy?! Magtymguly tutuş kerweni obasyna tarap sowmakdan ötri kerwenbaşy bilen sözleşdi. Ýolda düşlän gezeklerinde şahyryň goşgularyny diňlän kerwenbaşy şobada razy boldy. Onsoňam uly ýoldan känbir uzak sowgudam däl, üstesine-de şahyryň şahsy ýaşaýyşyny görmek her bir muşdagyň, okyjynyň höwesi ahyry. Adamlaryň köpüsi asyrma-asyr şahyrlaryň daş sypatyndan, özüni alyp barşyndan, olaryň ogul-gyzyndan bir üýtgeşiklik, adaty dällik gözleýärler. Şeýdibem, esasy oýnuň gandalygyny unudýarlar. Kerwen baş ýoldan sowuldy. Myhmançylygy hasap etmänimizde-de eger doganlary, Meňli tapylan bolsa şatlygy deň paýlaşmak, eger öňki-öňkülik bolsa, onda hesreti gowşatmaga ýardam almak üçin Magtymgula bu kerweniň sowulmagy zerurdy. Kerweniň jaňy uzaklardan eşidildi. «Düň-ňürt, düň-ňürt». Bu geň sesi eşiden çagalar ýola ylgaşyp başladylar. Hanha, gözýetimden uzyn hatar kerwen süýnüp gelýär. Belki, kemputly gelýär, belki, şürlewükli gelýär, üýtgeşik owadan, alaja toply bolsa bildiňmi?! Bu kerwen derýada buzlar owranansoň, ilkiňji gelen gämi ýaly. Atlylar atyny idip gaýtdy. Iň öňde, kerwendäkilerden saýlanyp Magtymguly donunyň synyny galgadyp gelýär. Ol oba başyndaky öýden çykan aksakgal bilen iki elläp görüşýär. Hem görüşýär, hem aksakgalyň gözlerinde ýazylan manyny okaýar, onuň gol gysyşyndan köp zady duýjak bolýar. «Eger ýürek yhlasly ýürek bolsa, garşydaşyň kalbynda aýdybilmän goýanlaryny syzmaly». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |