17:20 Magtymgulynama / Ikinji bölüm -3: dowamy | |
Çagalar Magtymgulynyň aýagyna çolaşýarlar. Öňden topar-topar erkek kişiler, oral aýallar görünýär. Gelin-gyzlar garyndaş bolmasa erkegi garşylamaga çykmaly däl - türkmençiligiň däbi şeýle. Garşylaýjylar Magtymguly bilen şeýle bir ýakyn welin, häzir begenjegini, gynanjagyny bilmeýärler. Elbetde, Magtymgulynyň uzak sapardan sag-aman dolanmagyna obadaşlar ýürekden begenýärler, ýöne agalaryny, Meňlini we beýlekileri gözleýän Magtymgulynyň ýene ýeke gelmegi olaryň köne derdini gozgady. O dowürler obadaş diýmek- garyndaş, ýürekdeş diýen manylardan uzak däl ekeni. Ykbal birligi, garyplygyň jebisleşdiriji täsiri, gan çekmek, gadymy däp-dessurlaryň-türkmençiligiň pugta goralmagy obany ullakan maşgala, kiçijik jemgyýete, obşina öwrüpdir. Munda hiç kim özüni özgelerden aýry hasaplamandyr, hatda päli bozuklaram ilden çykmagy çykgynsyz jeza hasaplapdyrlar. Magtymguly obadaşlarynyň gynanýan-begenýän halyny şobada duýdy. Diýmek, öňki-öňkülik-dä. Uly jeza öňdedir-le. Ol nädip ýalňyzlykda gelnejesine görnüp biler?! Gelnejesiniň boz-boz bozlaýan owazyna nädip çydam edip biler?! Zübeýda uýasy geler gözlerin ýaşlap. Aglaý-aglaý eräp tükenäýjek bolar. Magtymguly kerwenden haraý gözledi. «Ýat myhmanlar barka, bozlaşyberesi ýok-la». Ynha, şol öňki howly. Erkek eli degmänsoň, eýesiz ýaly, göçülip gidilen ýaly görünýän howly. Hanha, gapysy açyk jaýyň daşky burçunda gelnejesi gözýaşyna gyňajyny ezip, sessiz aglap, butnaman dur. Ol kerweniň burny howla girenden öýe kürsäp girip gitdi. Magtymguly kerwendäkileri ýerleşdirip, gelen-giden bilen salamlaşyp durşuna, gelnejesi bilen salamlaşmaga howlukmady, onuň jaýa girip ýüregini gowzadýanyny duýdy. Sähel köşeşensoň barsa ýagşy. Emma salymyny bermän gelen Zübeýda ylgaşlap gelşine: «Wah, can doganjygym geldiňmi?!» diýip, Magtymgula baka okduryldy. «Indi obadan çykmaweri! Senem gaýyp bolduňmykaň öýdüp, müň ýola ölüp direldik, dogan!» Gelnejesiniň agysy hem, öýde Meňliniň goşuny görüp, ýürek paralanmasy hem Magtymgulynyň başyna uly bela boldy. Bir gije ýatan kerwenem ýoly bilen boldy. Öňküje ýalňyzlyk çybşyldap geldi-de, edil syçanyň çöregi gemrişi ýaly, şahyr ýüregini gemrip ugrady. Şahyryň gulagyna diňe ýalňyzlyk mukamy eşidilýärdi. Oba ahwallary, iliň ýagdaýyny bilmegi hem gaýta onuň hesretini artdyrdy. Gökleň hanlary öz başyny aman saklajak bolup Eýran tarapyna paç berip başlapdyr. Gizlin para-peşgeşleri, ejizläp guýruk bulamalary hem Magtymguly aňýardy. Özüne göwni ýetýän, merdem başlylygy üçin birmahallar halkyň hormatyny alan adamlaryň köpüsi dargap gidipdir. Kim Eýrana aşypdyr, kim Rumustana ýetipdir, kimler Hyrat tarapa süýşüp gidipdir, aşaklygyna, Maňgyşlak, Azerbaýjan taraplara gidenlerem bar. Garşylyk görmejegine göz ýetiren köne duşman-gyzylbaşlar, gajarlar başa çykyp başlapdyr. Öňem garyp düşen halkyň aňy öçüp ugrapdyr. Bu üýtgeşmeleri siňňin synlan Magtymgulynyň neneňsi ejirli hala düşendigini göz öňüne bir getirip bolarmyka?! Ýar synamda dag üstüne dert goýdy, Dert üstüne burç döküpdir duz bile. Magtymgulynyň soňra özüni ele almaga, şol öňki akyl durulygyny saklamaga gurby ýetermikä? Ýa olam, öňki ýüzlerçe akyldarlary, şahyrlary hem serkerdeleri durmuşyň oýnaýşy ýaly, özüni oýnatdyrarmyka, utulanyna ahmyr edip, bu ýaşa çenli gol beren niýetinden dönermikä? «He-eý, işi gaýdan Magtymguly!» diýip, ol özüne käýindi. «Sen-ä özge türkmenleri bu türkmenler bilen birleşdirjek bolup ýedi ýol sökýäň, gelýänçäň bularam dagap gidipdir. Çopansyz sürä dönäýdikmikäk?! Özüne gahary, iline gahary, bu durmuşa gahary jemlenip-möwjäp Magtymgulynyň ýüregini ýarara getirdi. Ana, şonda şahyryň önde-soňda ýazan eserleriniň iň gaharlysy dünýä indi. Adam oglun saldyň tükenmez gama, Ýaş-garry ýoluňda sergezdan heme, Bir mada eşek deý gelip sen deme, Gasygy gam bilen doly, dünýä heý! Umuman, adamkärçilik gymmatlyklarynyň sarpasynyň gaçmagy, ynsan mertebesiniň hummetsizlenmegi, molla-müftüleriň nebsini öňe düşürip, el sermegi, han-begleriň halka biwepalyk edip, keseki duşmanlar bilen dil tapyşmagy, ogry-jümrüleriň, loly-jelepleriň köpelmegi, halkyň aňynda: «Çykal-ga ýok» diýen düşünjäniň güýçlenmegi Magtymgulyny çuňňur göwnüçökgünlige iterdi. Hernäçe daýanjak bolsa-da, şol oňki ruhy dikeltjek bolsa-da bolmady. Sil suwy bir eňterilip başlansoň, tä tükenýänçä etjek alajyn, ýok. Onsoň gam kölünde hesret gämisini sürübermeli. Näçe wagtlap sürjegi hem belli däl. Bu gezekki gam leşgeri öňküleriň dagy çaky däl. Täze dert gelende köneleriňem yzasy artar eken. Meňli süýrelendäki ýa-da atasy ölendäki, beýleki ýitgilerdäkl matam hem munuň derejesine ýetip bilmez. O döwürler Magtymguly Ahmet şadan umytlydy, halkyndan umytlydy, ahyry düzeler diýen tamasy bardy. O umytlar, tamalar bireýýäm uçup gidipdir, ähli zat diňe halkyň özüne baglydy. Halkam bu zatlara pitiwa etmän, dargap başlapdyr. Magtymgulyny gaýadan gaýdan ýaly edenem hut soňky ýagdaýdy. Onuň öz halkyna ynamy artykdy ahyry. Emma ol ynam aýak asta düşdi. Magtymguly indi öz halkyna käýinmäge mejbur boldy. Çagalykdan bäri gaharjaňlyk häsiýeti bu zamanlar hasam güýjedi, şonda ol özüni hem aýap goýmady. Men näteýin, ýa, dostlar, ugursyz ykbalymga... ýa-da: Magtymguly, misginem, köňlüm öýi nämagmur, Sözge ýakyn bende men, haýrym kem-u şerim zor, Özüm halka nä kabyl, ykbalym keç, bagtym şor. Batganyň kem-kem ýuwudyşy ýaly, Magtymgulyny gam bütinleý eýeledi. Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler gozýaşyn döke başlady. Orramsydan bolan haramhor begler, Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady. Bu günler, bu aýlar, belki, ýyllar Magtymgulynyň ömrüniň iň agyr pursatlarydy. Onuň köňlüne çoken gam bir goşgy, on goşgy bilen egsilerli däldi. Asla, beýle gamy goşgy bilen egsip bir bolarmyka?! Her niçigem bolsa goşgyň akyp-çykyp durmagy köňle sähel teselli berýärdi, dykyn alyp duran gahary gowşaýardy. Emma çeşmesi güýçli gahar-gam ýene hüjüm eýläp, akyl mülküni weýran etmäge dyzaýardy. Ýagşy ýigit gadryn öz ili bilmez, Başyna iş düşse, ýanyna gelmez. Ol mert ýigit zarlar, derdi egsilmez, Dat eýläp, «Ýa, ilim!» diýmek biläni. Magtymgulynyň neneňsi ýalňyzlygyna, bagtsyzlygyna akyl haýrandyr. Şahyrlygyny, aňrybaş watanparazlygyny bir ýana süýşürip, ony ýönekeý bir adam hökmünde synlaňda-da şeýle çydamlylygyň, şeýle durnuklylygyň diňe belent ynsanlara mahsusdygyna bada-bat göz ýetirip bolýar. Diýmek, Magtymguly derdi çekişi bilenem gaýtalanmaz ynsan derejesiňe ýetipdir. Ol gam çekişi bilen, bu dertleri göterip bilşi bilen hem obadaşlaryň, ulus illeriň, ähli türkmeniň ünsüni çekmek isläpdir. Emma hernäçe jan ýaksa-da onuň bu umytlary puç çykypdyr, oňa indi gol beren bolmandyr, döwür-döwran özge ugurlara sowulyp gidipdir. Magtymguly, gaýra çekgil özüňni, Anyk bil, oýarlar iki gözüňni, Diňlän ýokdur, zaýa kylma sözüňni, Indi senden habar alan bolmady. Şundan soň Magtymguly öz ilinden nägileligini ýüze çykaryp başlaýar. Ýeri gelende aýtsak, öz döwründen öň dörän beýikleriň ählisi zamanadan, ilinden nala çekip geçdi ahyry. Magtymguly hem şolaryň biri. Özüni ýüňsakal eder, Bozulan ile baş bolan. ýaly, Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň! ýaly, Agzy ala kowumlara baş bolmaň! Emma nala hernäçe güýçli bolsa-da, kalbyň ody ony Watandan, ilden uzaklara gaçasy gelse-de, hatda Magtymgulynyň bu dünýä sygman duran göwni hem elmydama ony bir ýana baş alyp gitmäge yrjak bolýardy. Gaçgynym köplükdir, Istegim hylwat. Şahyryň sarsmaz akly, belentden synlaýan, geçmişiň we gelejegiň uzaklyklaryna bakyp bilýän akly ony il-ýurtdan çetleşdirmän saklaýardy. Özge bolmasa, ömrüň şu ýyllaryna çenli-hä şeýle boldy. Magtymguly şeýle çuň gama batanda-da dürs pikirliligini saklady, dürli duýgulara berlip, hä o kenara, hä bu kenara urlup ýörmedi. Gaýta, şol ýowuz günlerde-de: Menden zynhar, iliň bile kaş bolmaň! diýmäge gurby ýetdi. Onsoňam Magtymgulynyň bu nalasy özüni ilinden ýokarda goýmak üçin, ýa ilinden daşlaşýanlygy üçin däl-de, gaýta iline has jebisleşmek, ykbalynyň ilden gaýra däldigi üçindi. Özüne açlyk yglan edýäniň ölüp sypmak maksady bilen däl-de, eýsem açlyk çekmek bilen maksadyna ýetesi gelişi ýaly. Üstesine-de, öz halkynyň milli sypatlaryna çaksyz belet şahyr bu sözler bilen halkyň gursagyna dürtüp, ony oýarmak isläpdir. Ol setirler bir bada däri bolup ýarylmasa-da halkyň ganyna siňip, onuň aňyna birsyhly täsir edip başlapdyr. Emma muňa Magtymguly kanagat etmändir. Joşgunly duýgular çoga-çoga onda dürli pikirler oýarypdyr. Ol pikirleriň biri takmyny şeýleräk ýaňlanýar: Halkyň dargap-tozup barşyny Taňry görmeýärmikä? Näme üçin bu betbagtlara gudratly goluny bermeýär-kä? Ol hernäçe belent ynsan bolsa-da türkmenden aýrylyp gitjek ýeri ýok. Türkmeniň beýikligi bilen birlikde türkmeniň ynanç özboluşlylygy hem oňa mahsus. Şoňa görä-de ol gönümel Hudaýa ýüzlenip başlaýar. Ýa, ýaradan, arzym bardy alnyňa, Merdi namart, namartlary mert kyldyň! Dünýe ykbalyny tutup goluňa, Her tilkiden gaplaň kyldyň, gurt kyldyň. ýaly, Adam ogly ýyglar, ýürekde ahy, Diňlemez gardaşy, kadyr hudahy. ýaly, Hak tagala, bu ne-niçik ahwaldyr, Dury diýip içdigim gumly çykypdyr. Bu gönümel ýüzlenmäniň aňyrsynda näçe ahmyryň baslygyp ýatanyny duýýaňyzmy? Ol şu pursatda mundan çökderrägem aýdan bolmagy gaty mümkin, emma o goşgular bize ýetmändir. Biz Magtymguly bu zamanda «pelek» sözüni dürli manyda ulanandyr diýip oýlanýarys. Umuman, Magtymgulyda «pelek» sözüniň haýsy zamanda neneňsi manylarda ulanylandygyny çuňňur ylmy derňewler arkaly kesgitlemek zerur. Magtymguly öz ähli ideallaryny- dini, ruhy, syýasy, maşgala ideallaryny dumana atanda: «Dünýä, aklym ýetmez, beýle ýeser sen!» diýipdir. Bu sözi ol dünýäniň mysalynda-da, şol bir wagtda öz ömründe gören pidalarynyň mysalynda-da aýdyp biljekdi. Magtymguly muny mertlik bilen boýna aldy. Özem bärki-bärký ahwallara, ýagdaýlara, gerdişe bakyp beýle diýmänligi belli. Şahyr dünýäniň aslyna, maksadyna akyl ýetiresi gelýärdi ahyry. Özünden öňki ynsanlaryň dünýä hakdaky pikirleriniň jemini öz aňynda ezip görse-de, olaryň jogaplaryny müň bir ýola durmuşda synap görse-de kanagat tapmady. Onuň has aňyrlaryk akyl ýetiresi gelýär. Heniz hiç kimiň jogabyny tapyp bilmedik soraglaryny öz ýolunda diwar edip dikdi. Sowulmaga ýoda ýok. Onsoň maňlaýy şo diwara degäýmeli. Maggymguly diwaryň-petigiň düýbünde goş ýazdyryp: «Dünýä, aklym ýetmez, beýle ýeser sen!» diýdi. Dogry sorag goýmak-ylmyň ýarysy diýipdirler. Bu gözetmez, akyl ýetmez älem içinde şeýle gözel, şeýle paýhasly ýaradylan adamzat biçäräniň tozança-da gadry bolman, dünýäniň elindäki oýunjak ornunda durşuna Magtymgulydaky närazylyk galňaý-galňaý, çişe-çişe, ahyry, partlady. Edil ýyldyzlaryň partlaýşy ýaly. Emma Dunýäniň muňa gewnibir: «Partlasaň partlaber, ýarylsaň ýarylyber. Ýagşy etseň özüňi heläklärsiň». Ol-a bir Magtymgulymyş, Magtymguly ýaly beýikleriň onusy, ýüzüsi heläk bolsa-da Dünýäniň şo göwnibirligi. Magtymguly Dünýäniň aslyna akyl ýetirip bilmese-de Adamzat babatda Dünýäniň buz ýaly göwnibirligini, bu elhenç göwnibirligi duýdy. Geň ýeri, Magtymguly gam kölüniň düýbüne düşende-de Adam, Adamzat hakda janköýerligini birjikde ýitirmedi. Gamly goşgular, bu dünýä gurluşyndan närazy goşgular, ahyrzamana hakdaky goşgular bu döwürler örän köp ýazyldy. Ol goşgularyň köpüsinde älemde adamzadyň ýere-göge, ähli zada hökmürowan däldigine çuňňur gynanç duýulýar. Eý, ýaranlar, bilmek olmaz, Ne iş geler başymyza, ýa-da: Orta ýerde däne döküp, Tor gurupdyr daşymyza. ýa-da: Şirin jan aýrylsa tenden, Gum guwanar läşimize. Şu zamanlarda gam-hesret hetden aşanda, onuň üçin ähli zatlaryň hümmeti gaçanda Magtymguly goşgularyny oda atan bolmagy hem ahmaldyr. Tebigatyna görä namysly kişileriň takdyrynda beýle hereketleriň seýrek däldigini taryh aýdyp dur. Şeýle ahwallarda adamyň öz janyna kast edýän halatlary hem bolýar. Ýöne beýle ýagdaýlar babatda Magtymgulynyň goluňyzdaky goşgularyndan jinnek ýaly hem tassyklama tapyp bilmersiňiz. Bu diňe güman etmedir. Magtymguly bu sapar uzak gam çekdi, belki-de bu onuň ömründe iň uzak gam çeken ýyllary bolsa gerek. Ahyry, onuň başynyň dumany ýeňläp, pikir-hyýalynda bu durmuşa yhlas oýanyp ugrady. 0 yhlasy oýaranam ýene Meňli, ýene gardaşlary, aradan çykan perzentleri, ýene halkynyň sütem-horluga çydaman halys çöküp barşy boldy. Haýran galaýmaly: gam gamdan saplaýar. Magtymguly ähli zada jähennem diýip bilmedi. Şolam ony bu durmuşa gaýtaryp getirdi. Onuň göwnünde öňki geçirimlilik duýgulary oýandy, bu dünýädäki berlen ömür paýawlandyr öýden göwrä kuwwat inip başlady. Bu oýanyş takmyn elli ýaş töwereklerinde başlandy. Elli bilen bagly goşgularynda ol ömrüň geçip barşyna köp arman çekýär, Meňlini täzeden gözläp başlamak hyýalyna münýär. Uzak synaglardan, durmuş urgularyndan soňam Meňli babatda dury söýgüsýniň mizemänligini tassyklaýar. Ynha, şahyryň elli ýaşda ýazan goşgularynyň biri: Goja daglar serin egip, ötürse, Saba gelip, arzym ýara ýetirse, Yza dönüp, ýar jowabyn getirse, Höwes bilen ismin ýazsam dessana! Ýa-da: Mejnun menem Meňli hanyň odunda, Hut, şu goşgy hem Magtymgulynyň Meňlä öýlenendigini, soňra eýranlylar tarapyndan gürüm-jürüm edilendigini tassyklaýar. Şu pikiri güman astyna alýan adamlar ýokarky goşgudaky umumy ruhy ahwalata, her setiriň berýän maglumatyna ýaňadan dykgat etsinler. Magtymgulynyň Meňlä söýgüsi her bir söýgi des-sanyndaky gahrymanlaryň söýgüsinden has belent, has hesretli, has uzak. Şol söýgi häzir Maggymgula ikinji ömür berdi, lala dönen diline labyz berdi, petige dirän öňki arzuw-hyýallaryna ganat berdi. Onuň zehin çeşmesi täzeden göz açdy. Belki, şo döwürler Eýran tarapyndan gelenleriň biri Meňli hakda bir habarjyk getiren bolmagy hem ahmal, ýa-da Meňlini Eýrandan gözlemäge amatly pursat dörän bolmagy hem mümkin. Her niçik bolsa-da, Magtymguly ýaňadan Meňliniň gözlegine çykdy. Tähranyň eteginde girew hökmünde saklanýan üç ýüz öýli töweregi türkmen maşgalalary hem Magtymgula bu işde ýardam beren bolsa gerek. Ýeri gelende aýtsak, bu üç ýüz öýli türkmeniň girew saklanmagynyň sebäbi türkmenler Eýrana çozmasyn diýlen niýet bilen şeýdilipdir. Bu günler Meňli Magtymgula ýatsa-tursa ynjalyk bermeýär. Bile ýaşalanja ýyllar aýlara, günlere bölünip, ýaşaýşyň her bir owunjak pursatlary hem, kim bilsin, näçinji gezek göz öňünde janlanyp geçýär. Magtymgulam adam-da, olam atanlykda, ganynyň gyzgynyna Meňlä sähel gaty sözlän bolsa-da şu mahal ýüz müň ahmyr edýär. Özüniň unudylaryndan juda gorkusy uly. Pelek ile ryswa kyldy, aýyrypdyr zarymdan, Ne iş kylsam, habar bilem men ol Meňli ýarymdan. Magtymguly öz kalbynda tolkun atýan her tüýsli ýagşy-ýaman duýgulary hem gizlemän beýan edipdir. Mysal üçin, ol Meňli hakdaky gamyndan irip, halys surnuganda Meňlini unudyp, gamdan saplanasy gelenini, emma muňa gurbatynyň çatmanyny açyk aýdýar. Güzerimni bendi kylsam, her günde kyrk açadyr, Aby-köwssr zülalymny içipdir güzerimden. Ene bir mysal: Meňli hanym, eýýamyndan gorkup, bara bilmeý boldum, Göz bilen gara gaşyndan, hem ýüzüme sylmaý boldum. Jellatlar men bendi gulny zynjyr bilen bent eýleýir, Gerki sen-de goldamasaň, nalaç ajyz jan neýleýir?! Magtymguly bu sapar ne jellatdan, ne zynjyrdan heder etdi. Elmydama-da bir duýgy onuň ýanyndan galanok. «Gideňde gaýdyp dolanma. Bu jelegaýlary, il-ýurduňy jähennem et-de git» diýip o duýgy tekrarlaýar. Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara, Nesip goýmaz, gider ýolum baglar,heý! Haýran-Mejnun bolup, çykam çöllere Baryp mesgen tutam sizi, daglar, heý! Magtymgulynyň paýhasy bolsa oňa garşy çykýar. Bu içki söweş kähalatda äşgärem bolýar. Gel, köňül, men saňa öwüt bereýin, Yrak kylma görer gözüň iliňni. ýaly, Eşit adam, dogan ilden— Gaýry mähriban ýurt bolmaz. ýaly setirler şoňa mysaldyr, ýagny şeýtanyň böwre dürtmesine nagt jogapdyr. Has amatly tarapy hem ol şeýtmek bilen il sarpasyny beýgeltdi, muňa aýratyn üns berdi, onuň döredijiliginiň özgelerden tapawutly taraplarynyň biri hem hut anyk il temasyny ýazuwly edebiýata ymykly girizenligindedir. Bu babatda şahyryň özi hem liriki gahrymany hem bir hörpden gopdy. Şoňa görä Magtymgulyny ilden aýry görjek bolmagyň özi eýýam Magtymgulyny görüp bilmezligiň alamatydyr. Aslynda, milli şahyr derejesine hem şeýle basgançaklar arkaly ýetýär. Başy dumandan saplandygy saýy geçen ýyllaryň neneňsi gamly, melamatly bolandygyna ol göz ýetirip başlady. Bagtymyň syýahy reň biýr kömürge. Şonuň bilen birlikde onuň ýaşlyk arzuwy bolan Rumustany, Käbäni görmek arzuwy hem möwjäp ugrady. Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany Ol Rumustany görsem. ýa-da: Magtymguly hoş bolsa, Aksa didäm, ýaş bolsa, Imanym ýoldaş bolsa, Barsam, Käbäni görsem. ýaly setirleri ýadyňyzdadyr-la. L. Saldadzäniň: «Hesret has belende galmak üçin berilýär» diýeni dogry boldy. Magtymguly uly gamdan başyny dik alyp çykdy. Ol gamdan doly saplanmasa-da, galan ömründe gam onuň hemralarynyň biri bolsa-da, öňi-soňy, ony indi hereketsiz goýup bolmajakdy. Şol günler gökleň hanlarynyň biri Magtymgulynyň obasyna azar baryny berýän ekeni. Malyny sürmekmi, dulundaky torbalyga çenli almakmy, şaý-sep salgydymy, ýetişen ekinine salgyt salmakmy — garaz, oba ilatynyň gerşini garga çokan ýaly edýän ekeni. Hanyň atlylarynyň arasynda gyzylbaşlardanam adam barlygy aýan bolýar. Ýeri gelende aýtsak, türkmen hanlarynyň birtopary duşman güýçlükä duşman bilen dil birikdirýärler, o tarapyň han-begine gizlin halat-serpaýlar, dürli para ugradýarlar, olaryň kime, nireden, haçan zarba urmalydygyny dönüklerçe habar berýärler, gepiň gysgasy, halkyň içinden urýarlar. Halk aýaga galanda, öz halky rüstem bolanda bolsa, halkyň tarapyna ýan berýärler. Bu iki ýana dönüp durmany Magtymguly öňräkden bäri synlaýardy. Öz goşgularynda, söhbetdeşliklerde beýle ikidilliligi gaýgyrman urýardy. Bu wakalara çydam ede-ede ahyry, sabyr-takat tükenende, Magtymgulynyň gazaby oýandy. Ol mundan artyk özüni saklap bilmedi. Hana hem-de onuň nökerlerine bir oýun görkezmekçi boldy. Obadaşlar Magtymgulynyň yzyna düşdüler. Şahyr ýigitleri öňden ugradyp, bir jülgedäki geçidiň iki tarapyna daş üýşürmegi hem-de ilat şo geçitden geçip, gezek duşmana gelende depesinden daş indermegi buýurýar. Talaňçylaryň gelýänini habar berýärler. Obadaşlar goş-golamy eşejigine atyp, mal-garasyny idip hälki geçide baka ugraýar. Duşmanam bulary görüp yzarlap başlaýar. Ýagyş-jala dünýäni tutýar. Şo barmana duýdansyz gelen sil köpleriň goş-golamyny syryp-düýrläp alyp gidipdir. Şolaryň arasynda Magtymgulynyň ýedi kitaby hem gidipdir. Şo kitaplaryň biri: «Totyguş dilli dessan» ekeni. Şahyr soň-soňlaram o kitabyny ýatlap ahmyr--arman çekipdir. Onsoň ilat süllümbaý ezilip geçitden geçipdirem weli, aldajy duşman ýetip gelipdir. Şo pursat «Ýa alla!» diýen ses daglara ýaň salypdyr. Yz ýandanam beýikden togarlanýan düýe ýaly daşlaryň gümmürdisi başlanypdyr. Şondan soň uzak wagtlap salgyt-paç diýip gelen bolmandyr. Ynha, rowaýatyň beýan edýän wakalary şeýleräk. Şahyryň özünden bolsa: Maggymguly, aýama jan, Biliň guşa, geý gazap don, Hetden aşdy bu zalym han, Ahyr tor gurmaly boldy. diýen bent bilen tamamlanýan goşgy bize ýetipdir. Bu ýeňiş kiçijigem bolsa, örüsi juda dar hem bolsa, köp göwünlere direg bolupdyr. Magtymgulynyň özüniň ýüregi suwlanypdyr. Magtymgulynyň aýdany diňlenmeýän ýaly bolsa-da, gyzza-gyzza gelende olaryň bir-birinden aýrylyp gitjek ýeri ýok ekeni. Ýokarda beýan edilen tor gurma şuny Magtymgula-da, iline-de düşnükli edipdir. Şo günlerden soň Magtymguly ýaşlyk arzuwyny, her bir musulmanyň haja gitmek parzyny hem hasyl etmegiň wagty gelenini duýýar. Gidişin ýol ugruna Azerbaýjan, Rumustan ülkeleriniň üstünden geçer, ýitig gözlegini hem bitirip bolýar. Gaýdyşyn Eýranyň üstünden iner. Kazasy dolup Eýranda baş goýmaly bolsa-da haj parzyny bitirip gitse ýagşy. Niýetim Käbedir, hyýalym haçdyr, Yhlasym bar haç towabyn etmäge. Obadaşlar, töwerekdäki obalaryň ýaşululary bilen maslahatlaşypdyr, olar il derdine derman gözlemegi tabşyrypdyrlar, munuň üçin Azerbaýjan, Rumustan ýaly mekanlardan, gan garyndaşlardan habar almagyň zerurlygy hakda hem aýdypdyrlar. O döwürler ýüz tutara başga ýerem ýokdy ahyry. Magtymgulynyň ýene obadan çykýanyny, ýene uzak wagtlap ýitirim boljagyny eşiden biçäre Zübeýdanyň neneňsi elenenini, neneňsi ýalbaranyny göz öňüne bir getirip bolarmyka? Emma bir hyýala münen Magtymgulyny hi ýolundan goýjak güýç barmyka?! Üstesine-de iliň islegini ol hiç mahal gaýra goýup bilmejekdi. Bu onuň ýedi ýaşdan bäri berk kanuna giren durmuş düzgünidi, atasy Döwletmämmet mollanyň öwreden okuwynyň özenidi. Şeýlelikde, oba ýene Magtymgulysyz galyberdi. Zübeýda-da, beýlekilerem aýa-güne ýalbaryp, gözýaşyny sil kimin akdyryp oturmaly boldy. Magtymgulynyň bu sapary hakda onuň häzirki goşgularynda maglumat örän az. Şoňa görä Magtymgulyny öwrenijileriň bir topary Magtymguly Rumustana barmandyr diýen pikirde. Ýöne iki zady göz öňünde tutmaly: 1. Magtymgulynyň Rumustan goşgulary iru-giç tapylar. 2. Şo döwürde türkmeniň düşen ahwaly Rumustana ýüz tutmak zerurlygyny ilkinji plana çykarypdy. Şahyr ýol ugruna ozaly bilen Azerbaýjana barypdyr. Bu halkyň ýaşaýyş ahwaly bilen ýakyndan tanşypdyr. Gözel tebigat, halkyň açyklygy onuň göwnüni göteripdir. Sapar edip barsak Nuşah mülküne, Köňül isläni dek ýaýlahlary bar, diýip başlanýan goşgy onuň Azerbaýjanda, hususan--da Nuşahda (belki, häzirki Şeki) bolanlygyna güman goýanok. Magtymguly bu goşguda halkyň ýaşaýyş däplerini, tebigat aýratynlyklaryny gözi bilen göreniň dili bilen beýan edýär. Azerbaýjan Magtymgulynyň baran zamanynda bölek-bölek hanlyklardy. Gruziýanyň Russiýa bilen ýakynlaşmasy (1883-nji ýyldaky şertnama) esasynda Azerbaýjan hanlyklarynda-da Russiýa ymtylyş güýçlenýärdi. Sebäb arkadan Osman imperiýasynyň, pars döwletiniň girdabyna düşmek howpy hem uludy. Meşhur şahyr we döwlet işgäri Molla Penah Wagif şo döwürler öz şygyrlarynda bu ymtylyşy işeňňir beýan edýärdi. Magtymguly Wagifi gören bolmagy ýa-da onuň şygyrlary bilen tanyşmagy mümkindir. Ýöne Wagifiň meýillerine onuň neneňsi garanlygy belli däl. Bakuwda Şirwan şalaryň köşkleri, Gyzgala (Maryda-da Gyzgala bar), Garabaglardaky äpet mawzoleý, Gülistan galasy Magtymgulyny gören bolmagy ahmal. Uly kerwen ýollarynyň çatrygyndaky Genje şäherinde Nyzamynyň mazaryna zyýarat etmek hem şahyra miýesser edendir. Azerbaýjan halkyndan, bu ýurtdan närazy bolmady, ýagdaýa gowy göz ýetirdi. Magtymguly Bakuwda hindi söwdagärlerine sataşdy. Hindistan hakdaky duýgulary täzelendi. Gümrükhana kitaplarynyň berýän maglumatyna görä, şo döwürler hindi täjirleri Eýranyň üsti bilen gelip, Bakuwdan Astrahana baryp haryt söwdasyny, alyş-çalşyny edýän ekeni. Agalaryndanam derek tapyp bilmedi. Olaryň gaýdany bäri näçe ýyllar geçipdir?! Dogrusy, Mämmetsapa bilen Abdyllanyň ýüz keşbi hem öňküsi ýaly aýyl-saýyl göz öňüne gelmeýär, döwür gerejigini alyp galýar, ýöne olaryn owazy, mähri, ruhy Magtymgula gozgalaň baryny salýar. Öňde Rumustan ýatyr. Özüniň geçmiş taryhy bilen, öwlüýäleri, ýer üstüniň ymaratlary bilen taryhda şöhratly orun alan gadymy Wizantiýa topragy, soňra türkileriň zarby bilen ösüp, giňelip, kuwwatlanyp, Rumustan adyny alan ýurt ýatyr. Magtymguly bu ýurt hakda näçe kitaplar okadyka?! Rumustan sopuçylyk merkezleriniň biri hökmünde-de Magtymgulynyň aňyna yşyk berýärdi. Eýsem, Magtymgulynyň häzirki goşgularynda Rumustan hakda neneňsi maglumatlar bar? Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany Ol Rumustany görsem. ýa-da: Olarga berdim salamy, Sordular saglyk kelamy, Şyhy-Seýit, Möwla, Jamy, Ol ýedi soltan içinde. ýa-da: Hakdan rahmet sepiler, Ymaratlar ýapylar, Gitseň Käbe tapylar Ol Rumustana sary. Soňky bentde bir gyzykly detal bar: «ýapylar» sözi türkçe alynypdyr, bu şu ýerde «gurular» diýen manyny berýär. «Ýeldim tut» goşgusynda-da: Çölde galsaň hiç tapmaýan kölege, Erem bagy içre saýa buldum tut! diýen setirde «buldum» sözi türkçe “tapmak” manysyndadyr. «Aýa döndi» diýen goşguda Kaýsar sözi bar. Türkiýede «Kaýsariýa, Kaýsarly» diýen atlar bar. Bu sözüň asly grekçe bolup, uly jemgyýetçilik ymaratyny, oňa goşulýan dükanlary, ussahanalary, zat goýulýan jaýlary, ýaşaýyş jaýlaryny, içki howla çykýan üsti ýapyk ýerleri aňladýar. Kaýsariýalary baý adamlar gurdurypdyrlar (Seret: JI.A.Semýonowa «Orta asyr Siriýa taryhyndan» 1990 ý. M.) Türk klassyklary, milleti boýunça türkmen şahyrlary Ýunus Emre, Garajaoglan we beýleki şahyrlaryň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmak, sopulyk ojaklaryny öwrenmek, möwlana Jelaleddin Rumynyň mazaryna baş egmek islegi Magtymgulynyň kalbynda bar. Jelaleddin Rumy, Jamy elwany, Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam. diýen setirlerdäki «kän» sözüne üns beriň. O «köp» diýen manyda däl. Kän, magdan, hazyna, gymmatly daş manysynda. Näme üçin bu manyda? Rumynyň, atasynyň ve olaryň töwereginde ýatan mazarlaryň üstüne kümüşden örti, töweregine guýma kümüşden germew edilen. Ini bir garyşa ýakyn, beýikligi bir metre golaý, uzynlygy hem bäş-alty metr töweregi bar. Gapylar kümüş, bosaga kümüş. Bulara näçe mukdarda kümüş derkarlygyny göz öňüne getiriberiň. Bu Jelaleddin Ruma goýulýan sarpanyň negadarlygyny görkezýär. Magtymguly şol kümüşi göz öňünde tutup «kän» sözüni ulanypdyr. Üstesine-de: «Alarnyň jaýynda» diýen sözlere aýratyn many beriň. «Men şeýle beýiklerçe bolubilmen, ýöne olaryň mazarynyň germewi bolsamam razy» diýen Magtymgula mynasyp kiçigöwünlilik mese-mälim duýlup dur. Ynha, gadymy Ikonium-Konýa şäheri. Olaryň kerweni bir medresäniň deňinden geçip barýarka ýolbelet: “Şu medresede möwlana Jelaleddin Rumy sapak beripdir.”diýdi. Goş ýazdyranlaryndan soň, şahyr bu medresäniň her bir kerpijini sypap gitdi, möwlanadan sapak alanlaryň bagtyýarlygyny ýatlady. Şagalaňly köçelerden ýöräp, metjitleriň azan diňlerini synlap, gulagyna ýakymly türkmen sözlerini diňläp, ýaşyl kümmetli belent ymaratyň gapysyna bardy. Bu ýerde türkileriň iň beýik ogullarynyň biri, möwlana titulyny alan Jelaleddin Rumy ýatyr. Rumy: “Kapyrlykdan-da, musulmanlykdan-da daşarda bir ýaýla bar…, o ýerde ne kapyrlyga ýer bardyr, ne musulmanlyga.”, “Umytsyzlykda-da umyt kän.”,”Sen näme gözleýän bolsaň, şolsuň.”, “Adalat-her bir zady laýyk ornuna goýmakdyr.” diýen pelsepeçidi. Möwlana Jelaleddin Rumy: ”Duşman ýüzli bolsam-da duşman däldirin, Hindiçe söýlesem-de aslym TÜRKDÜR” diýipdi. Onuň mazarynyň ýanynda altmyş bäş çelebiniň mazary hem Ruma we atasyna belent hormatyň nyşany hökmünde ýatyr. Möwlananyň kitap sandygy kümüş, aýa ýerleşýän, ýa-da bir adam zordan göterýän Kuranlaryň her harpy kümüş suwy berlip ýazylypdyr. Onuň sazynyň perdesi kümüş, naýynyň gaşy kümüş. Eger ýadyňyzda bolsa, mazaryň daşynyň agyr germewi kümüş. Möwlananyň kümüş owazy hem bir ýerlerden ýaňlanýan ýaly boldy: Ýa bolşuň ýaly görün, ýa görnüşiň ýaly bol. Bu şygary gadymy türkmenlerden bolan Baýezid Bistami hem aýdyp geçipdi(Juma Ataýewiň maglumatlaryndan). Jelaleddin Rumynyň mazarynyň başynda Magtymguly doga okady. Şeýdip, bir dilegi hasyl boldy. Magtymguly Konýadan ugranda möwlana Jelaleddin Rumynyň ýaşyl syrçaly mawzoleýiniň öň ýanyndaky hüjrelerden çykan derwüşleriň zikrine gözigidiji bakdy: derwüşler bir golunyn aýasyny asmana tutup, beýleki golunyň aýasyny ýere baka öwrüp barha tiz pyrlanýardylar, Allaha ýalbarýardylar: Allahym bize rahmet eçilewer, bize rahmet eçilewer. Bize näme berseň, halaýyga geçireris. Allahym, bize rahmet eçilewer. Alla-huw, Alla-a, Alla-huw Alla-a. Birmahallar Jelaleddiniň özi hem-de öz dosty, Beýik derwüş, Rumynyň pikirlerini tüweleý ýaly gelip agdar-düňder eden Şemseddin Töwrizli bilen bilelikde zikir-sema tanslaryny edendir. Sema tanslary-pelsepe tanslary. Şemseddiniň Jelaleddine beren many-pelsepe-dialektika hazynasyny ölçäre terezi tapylmaz. Rumy Şemseddin Töwrizlä:”Meniň Güneşim” diýip ýüzlenýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |