17:22 Magtymgulynama / Ikinji bölüm -4: dowamy | |
Magtymguly Konýadan Adana baka ugrady. Şonda Gyzylarbadyň takyrlary ýaly takyrlykdan geçmeli boldy, ahyrda ýol daglara siňip gitdi. Bulutlar o dag başyndan bu dag başyna göçüp gonýardy. Biraz wagtdan gun batdy. Sag çetde bulutlaryň arasyndan bir ýylpyldy görnüp gitdi. Ýyldyz görnerden ir ýaly-la. Onýança bulutlar syrylyp hälki yşyk ýene göründi. Örän belentde, dagyň çür başynda gala hem-de ýakylýan odun yşygy aýyl-saýyl bildirdi. Hawa, o belentlikde erkinlik, rahatlyk bardyr, ýöne ol neneňsi güzaplyklar, neneňsi pidalar arkaly gazanylýarka?! Magtymguly belentde ýaşamagyň iň kyn zatlygy hakda oýa batdy: Ýeke bir dag depesindäki belentlikde däl, asla ruhy belentlikde-de ýaşamak her dem erjelligi, tükenmez kuwwaty talap edýär. Şöhratly ýüpek ýolunyň ugrundaky, gök baýyrlaryň arasyndaky ýaýlalarda oturan obalarda türkmen adamlary bilen duşuşyklar Magtymgulyny tolgundyrypdyr. Dodurga ady bilen birnäçe oba barlygyny hem eşidipdir. Ol Osman imperiýasyna at beren Osmanyň hem gaýylygyny ýatlady. Rumustanda ýaşaýan türkmenleriň Türkmenistandaka garanda has köplügindenem ýagşylyga garaşypdyr. Emma ägirt uly hem kuwwatly Osman imperiýasynyň kapasada galan pukara garyndaşlaryna bakmaga eli degermikä? Magtymguly birinji Abdulhamid han döwründe Rumustana barypdyr. Imperiýany giňeltmek hem-de haýbatly rus patyşalarynyň demirgazyk şemalyna garyşyp gelýän sowuk garaýyşlaryna, gabanjaň hereketlerine garşy durmak zeruryýeti özge ähli zady nobatyň soňuna taşlamadymyka?! Elbetde, Magtymguly bu türkmenleriň hem meýillerini ölçäp gördi. Türk-türkmenler bu topraga kök urupdyrlar, rus-türk gatnaşyklarynyň hem barha çylşyrymlaşýany şahyryň ýiti nazaryndan sypmady. Hatda ol rus-türk uruşlarynyň biriniň üstünden baran bolmagy hem hakykata ýakyn. 1783-nji ýylda Krym üçin söweşler bolýar, şol ýyl Gruziýanyň bir bölegi Russiýa goşulýar. Ermeniler öz wekillerini Russiýa ugradýarlar. 1787 — 1791-nji ýyllaryň rus-türk urşuny hem ýatlalyň. 1806 — 1812-nji ýyllardaky uruşlar döwründe-hä Magtymguly öz dogduk ýurdundady. Umuman, Osman imperiýasy öz taryhynda iň köp uruşany rus döwleti bolsa gerek hem-de rus patyşalary hem beýlekilere garanda türklere garşy köp uruş alyp barypdyrlar. Magtymguly türkmeniň kowçum oturymly ýerlerine bardy. Türkmenistandaky ýer atlarynyň bu ýerde-de gaýtalanyşyna geň galdy. Mysal üçin, beýik Garajaoglanyň ýaşan ýerleri bolan Kozan dagynyň, Nur dagynyň eteginden Jeýhan (Jeýhun), Seýhan (Syrderýa) derýalary akyp ýatyr. Nur dagynyň Ýekepynara golaý ýeri bolsa, gadymy Nusaýyň arkasynda ýaplanyp ýatan Köpetdaga gaty meňzeş. Beýik Garajaoglany ýatlap doga okanda, onuň özi bilen ykbaldaşlygyny Magtymguly ýatlady. Garajaoglan Gyzyletrek, Gazanjyk etraplarynda dünýä inip, olam Meňli diýen bir gyzy söýýär, oňa öýlenibilmänsoň, sergezdanlyga ýüz urýar. Häzirki Türkiýä baryp düşýär. Kozan dagyndan neslimiz, Ary türkmendir aslymyz. Garajaoglan togsan alty ýaşap, öýlenmän dünýäden ötýär. Ömrüm ýat illerde geçjek Aýam ýaly ýerim-de ýok. Oturyp derdim döküşjek Bir mynasyp ýarym-da ýok. Magtymguly özüniň watançylyk, yşky-liriki goşgularynda Garajaoglanyň beýik däplerini yzygiderli ösdürdi. Şahyr Osman imperiýasyna baranda Hajy Bekdaş Welini ýakyndan ýatlanyna söz ýokdur. Hajy Bekdaş Weli Bekdaşyýa tarykatyny esaslandyryjydyr. Ol inçe pelsepeçi akyldardyr. Onuň:”Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol!” diýip nesihat edenini ýatlaň. Ol:”Akyl Aýa, magryfet Güne, ylym Ýyldyza meňzär” diýende, bu sözler soňra Magtymgulynyň:”Ýyldyzdan ýol ýasap Aýa sataşdym” diýen syrly setirlerine açar bolmaýarmy?! Biziň klassyky edebiýatymyzda öňde-soňda diňe Magtymguly “At islärin” diýen goşgusynda Hajy Bekdaşy ýatlaýar. Magtymguly Rumustanda beýik Ýunus Emräniň eserleri bilenem ýakyndan tanyşdy.Ýunus: Geliň dostlar tanşalyň, Işi aňsat kylalyň, Söýeliň, söýüleliň, Dünýä hiç kime galmaz. ýa-da: Biz dünýäden gider bolduk. Galanlara salam bolsun. diýipdi. ”Ýusup diýe-diýe” diýen goşgusy Ýunus Emräniň eserleri bilen Magtymgulynyň tanyşdygynyň, Ýunusdan täsirlenendiginiň bir delilidir. Ýunus Emräniň şöhratyna göz ýetirmek üçin onuň möwlana Jelaleddin Rumy bilen gatnaşyklaryny ýatlamak ýeterlikdir. On dördünji asyryň ahyrynda on bäşinji asyryň başynda ýaşan Gaýgysyz Abdalyň eserleri bilenem Magtymguly ýakyndan tanşan bolsa gerek. Ol özboluşly bir Türkmen şahyrydy. Şathiýe diýlen edebi usulda eserler köp ýazypdyr. Bizleri dowzaha laýyk göreniň Jaýy jennet, topragy gülzar bolsun. diýen, “Bagtyýar bolsun” atly gazaly, we: Gyldan bir köpri guralgy Gulum gelsin geçsin diýe. Biz bir gyrada duraly, Batyr bolsaň, sen geç Taňry. diýen, “Goja Taňry” atly göşgulary meşhurdyr. Patyşa hökmi bilen dardan asylan on altynjy asyryň meşhur Türkmen şahyry Pirsoltan Abdaly hem Magtymguly bilen bolsa gerek.Ol:”Dowzahda ot ýok, her kim ýanjak oduny özi alyp barýar” diýipdi. Aslynda, Magtymgulynyň neneňsi kitaplar okanlygyny bir oýlanyp görüň. Elbetde, ol ozaly bilen, Türk Dünýäsiniň edebiýat eserleri bilen birlikde Türkmenleriň eserlerine köp üns berendir. Türkmen diýip, dünýädäki türkmenleri göz öňünde tutandyr. Türk we türkmen taryhyny örän kämil bilýänligi gümansyzdyr. Arap, pars dilinde ýazan bolsalar-da türkmenlikden üýtgemediklerini Magtymguly gowy bilendir, olara buýsanandyr. Magtymgulynyň özi bilip, soňra unudylan ýa-da ýitip giden kitaplaryň atlary syr bolup galypdyr. Magtymguly Osman imperiýasyna bir gezek sapar etdimikä? Onuň “Döwletalynyň” diýen goşgusynyň ýarysy Döwleti-Ali, ýagny Osman imperiýasy hakda dälmidir? Magtymguly dünýäde deňsiz-taýsyz we gaýtalanmajak ýeňiş gazanan Beýik Alp Arslan hakda, on dokuz ýaşynda:”Ýa men Ystambyly alaryn, ýa-da Ystambyl meni alar” diýen Fatih Soltan Mehmet hakda taryhy hakykaty bilmedimikä? Magtymguly-ýüz müň soragly Magtymguly. Onuň bize gelip ýeten eserlerinde näme sebäpden Oguz hanyň, Gorkut atanyň adyna duşup bilmeýäris? Ýa bize gelip ýetmedik goşgularynda galdymyka? Bu soraglaryň jogabyny gelejekki ýyllar tapmaly bolsa gerek. Magtymguly Rumustandan Mekgä ugrady. Ýol ugrunda turunç, narynç, pyrtykal miweli agaçlaryň barha artmagy, hurma, ýagly igde miweleriniň bazarlarda görnüp ugramagy, esasysy hem ak geýinen gara adamlar arap ýurduna baranyňy aňladýar. Arap diliniň şirinligi hem munuň üstesine. Aglaba mähelläniň ýüzi Mekgä tarap. Düýeler müňzeý — müňzeý, ulgamlara çykyp, inip barýar. Şamyň şapagynda beýik diňleriň ujy sähel görnüp gitdi. Gün batansoň az-kem ýörän kerwen şäheriň etegine baryp çökdi. Hanha, bütin musulmanyň göz dikip oturan mukaddes ojagy. Mekge bilen bagly näçe şygyrlar ýazylyp, näçe hekaýatlar aýdylandyr. Näçe adamyň dabany bu topragy basyp geçdikä? Bu ýere gelen näçe ynsanyň köňli päklendikä? Magtymguly Mekge, Medine, Muhammet pygamber bilen bagly soňky wagtlarda ýazan şygyrlaryny ýatlady. Ýedi gat asmany, ýeri Mäkäm eden bir Alladyr. Iki jahanyň serweri Din Muhammet Mustapadyr. Haja gaýdan adamlaryň, Mekgäni, Medinäni sözde suratlandyranlaryň söhbetinde göz öňüne gelen görnüş hakyky Mekge, Medine bilen laýyk geldi. Onsoň Magtymgulyda muny öňem gören ýaly duýgy döredi. Ol Mekgede, Medinede, Safa Merwe arasynda ähli bitirilmeli hereketleri bitirdi. Bu mukaddes ýerde, Allaha iň ýakyn ýerde ol iki dileg etdi: ýurduma abadanlyk ber, Alla, ýitiglerimi öýe dolawer, Alla! Magtymguly birnäçe günden Türküstana gaýdýan kerwene goşulyp gaýtdy. O taýdaky täsirler soňra şygyr bolup bize gelip ýetdi. Şükür, alhamdulilla! Janana gözüm düşdi. Meýhanada meý içdim, Mestana gözüm düşdi. ýa-da: Ummatynyň Şafygy, Magtymgulynyň manzary, Ol Muhammet Ahmedi-Muhtary gördüm-şondadyr. Musulmançylygyň bir parzy Käbä barmak: Magtymguly o parzyny hem bitirip ynjaldy. Şoňa görä, onuň soňraky şygyrlarynyň birinde: Aşyk Pyrag aýdar arzyn, Roza-namazdan parzyn, Bu jahanda üşbu karzyn, Jan çykmaýan berip geçdi. diýen bent döredi. Magtymguly hajy bolansoň Halaba baka gitmedimikä? Beýik Nesiminiň mazaryna zyýarat etmedimikä? Nesimi-şahyrlar nesliniň şamçyragy. Ol merdanalygyň hem-de päkligiň baýdagy hökmünde elmydama Magtymgulynyň alnynda dur. Magtymguly ony goşgularynda uly hormat bilen ýatlaýar. Emma ne sebäpdendir, ol o tarapa gitmedi. Köp sebäpler bilen birlikde, ýalňyz, başsyz-eýesiz, çykalgasyz galan iline tizräk gowuşmak meýli hem bir sebäp bolsa gerek. Indi Magtymguly özge ile gitdigi uly il ýekesiräp başlaýar. Üstesine arap dünýäsine düşen türkmenleriň hem, asyl toprakdan uzaklaşan beýleki türkmenler ýaly, başga-başga küýe berlendigine Magtymguly ikuçsuz ynandy. Ynha, özge ýurdy basyp alsaň, ahyry neneňsi tamamlanýar ekeni: birmahallar ýeňeňde kakan heşelläň üçin halkyň bir bölegini ýitirip jebir çekmeli. Her halk diňe öz ýurdunda, öz mekanynda bagtyýar bolup biler. Ol bu ynamynda ýalňyşmandy. Magtymguly gezende, Halap, Kaýsar düzünde, Gözel ýaryň yzynda Ömrümiz zaýa döndi. diýen setirlere bil baglap belli karara geljeklerem bardyr. Emma Magtymgulynyň döredijiligini bütewiligine öwreneňde onuň Halaba baranlygyna ýan berýän ruh heniz duýulmaýar. Şeýle-de bolsa umydy elden bermek bolmaz. Täze goşgular tapylsa, täze ylmy gözlegler geçirilse, köp zada anyklama girizmeli bolarmyka öýdýän. Uly kerwen Eýrana girende Magtymguly olardan galdy. Onuň Eýranda neneňsi görnüşde gezenligine akyl haýrandyr: derwüş-galandarlara goşulyp gezipmi, bezirgeňleriň yzyna düşüpmi, ýa başga bir sypata giripmi, garaz, onuň Magtymguly bolup gezmänine ynansa bolar. Eger ol Eýrana açyk baranlygynda ony şobada diri olja ederdiler. Durmuş Magtymgula seresaplygy berk berjaý ederlik sapak berip ýetişipdi ahyry. Bu töwekgelligi başa çekişini synlanda, Magtymgulynyň Meňlä söýgüsiniň çaksyz belentligine, bu söýginiň her bir dessandaky, her bir romandaky söýgüden has hesretlidigine ýene bir ýola göz ýetirse bolýar. Magtymguly Meňli üçin janyny orta goýdy. Gezip sen pany jahanda, Gözlärem, Meňli han barmy?! Magtymgulynyň Eýrana gelmeginiň ýene bir sebäbi- agalaryny tapmak. Ol agalary üçinem başyny etegine salyp geldi. Magtymgulynyň Eýrandaky üçünji maksady-Eýranyň içiniň syýasy ýagdaýyny, meýillerini, türkmenler babatda hyýallaryny duýmak. Elbetde, şeýle saparyň uly kynçylyklara uçrajagyny dury akylly her bir adam hem bilýärdi, Magtymguly hem muňa gowy göz ýetirýärdi. «Töwekgeliň işini taňry oňarar» diýlenine ýan berdi, Alladan, geçmiş pirlerden, jesedi Eýranda ýatan halypalary Ferdöwsiden, Hafyzdan, Omar Haýýamdan... medet diledi. Onuň Eýranda näçe wagt gezeni, nireleri göreni, neneňsi iş bitireni belli däl, Meňliden, Mämmetsapadan, Abdylladan ne derek tapanyny bilemzok. Ýöne Magtymgulynyň bendilige uçrany belli. Ol: «Men Eýranda bendi boldum» diýmese-de pikir ýöretmeleriň ähli ýollary Eýrana eltýär, rowaýatlaram Eýranda bendi bolandygyny habar berýär, bendilikde ýazylan goşgularyň aňyrsyndaky many hem Eýrany salgy berip dur, bu goşgularyň takmyny ýazylaň wagty hem Magtymgulynyň Eýrana düşen zamanyna gabat gelýär. Watanymda han idim, Hanlara perman idim, Dertlere derman idim, Misgine dükan idim, Jansyzga men jan idim, Neýleý, indi biçäreýem. Gözsüzleriň gözi idim, Lallaryň men sözi idim, Il-günümiň ýüzi idim, Söwer magşuk näzi idim, Hatam Taýyň özi idim. Neýleý, indi pukaraýam. Erem içre reýhan idim, Watanga zerefşan idim, Mert ýigide keman idim, Dag başynda duman idim, Pyragy diýr, aman idim, Indi weýran bir saraýam. Bu eser Magtymgulynyň özboluşly terjimehaly, içki buýsanjynyň kalba sygman daşary çogup çykmasy. «Munda Magtymguly kiçigöwünliligi elden beren-ä däldir-dä» diýip, käbir okyjylaryň oýlanmagy mümkin. Ýok, beýle däl. Zyndanda oturan şahyr öz göwnüne ynjalyk bermek üçin, gozgalaňly pikirlerine, duýgularyna rahatlyk indermek üçin, üstesine-de ýürekde mumyýa ýaly gaýnap duran ylhamy çykaryp dynmak üçin bu goşgyny ýazypdyr. Özi özüne teselli bermese, ýat ilde kim oňa teselli berjek?! Galyberse-de ol özüniň Magtymgulydygyny, şahyrdygyny gizlemelidi ahyry. Siziň ünsüňiziň düşüşi ýaly, ýokarky goşguda ol özüne şahyr diýmän, şahyrçylygyny gizlin aňladypdyr. Magtymgulynyň özüni gizländigi barada pikir edenimizde ol Azerbaýjanda, Rumustanda ýazan goşgularyny hem mejburlykda gizlemeli ýa-da ýok etmeli bolandygy hakda-da oýlanmaly bolarys. Belki, şu sebäbe görä, onuň agzalan ýurtlar hakdaky eserleri bize şeýle seýrek gelip ýetendir?! Magtymguly bendilikde ep-esli wagt bolan bolsa gerek. Sebäbi onuň «Ýetirmez hijran» diýen goşgusyndan aňlanylyşyna görä, azatlyga çykmaga uzak garaşanyň äheňi bar. Saba turup, watan, seni çaglar men, Gülşenli serçemen diýip aglar men. Hoşlaşyp, bu misgin janym daglar men, Maksat-myradyma ýetirmez hijran. Pyragy, watan diýp gan döker gözüm, Baky garap durmuş hijrana ýüzüm, Byradarsyz gamda galdym bir özüm, Baryndan dyndarmyş bu zalym hijran. Görşüňiz ýaly, bu goşgy hem öňki ýaly örän gysga. Magtymgulynyň zyndan şygyrlary onuň adaty şygyrlaryna garanda iň gysgalarydyr. Üç bent, dört, bäş bent, köplenç ýedi bentli eserler Magtymgula ýaraşýar. «Saba turup, watan, seni çaglar men» ýa-da «Pyragy, watan diýp gan döker gözüm» ýaly setirlerde watana neneňsi teşnelik, ýüregiň zar-zelilligi örän çuňdan çykýar. Muny aýratynam, watandan aýralyk çekip görenler, onda-da zyndanda gün geçirenler ýürekden duýupdyrlar, bu goşgular doga edilip dakynylaýmaly mukaddeslige boýalypdyr. Byradarsyz gamda galdym bir özüm, Baryndan dyndarmyş bu zalym hijran. diýen setirlerem köp zatdan habar berýär. «Baryndan» diýen sözde Meňliniňem ady ikuçsyz aňylýar. Eýran zyndanlary türkmenleriň arasynda inýygrynç meşhurlyga ýetipdi, eýranlylar gadymdan oturymly halk bolansoň, olaryň zyndanlary hem jebirli kämillige ýetirilipdi. Muny öň diňe eşidip gelen Magtymgula bu «kämilligi» gözi bilen görmek nesibesi bar ekeni. Onuň eziz ruhy, syratly synasy neneňsi gynanmalara dözmeli bolduka?! Oňa gamçy uran gul ne gadar belent ynsana gamçy urýanyny duýdumyka?! Zyndanyň gapysynda gijeler oýaly-ukuly duran garawul kimi garawullaýanyny güman etdimikä?! Magtymguly ahyrda nädip bendilikden boşadyka? Bu hakda rowaýat bary bar, emma hakykat belli däl. Her niçik bolsa-da, Magtymgulyny halas eden onuň ugurtapyjy, gözlegli paýhasydyr. Duşmanyň ýukaýüreklilik edenine ynanyp bolmaz. Bu wakalar ömrylla hem döwrüň siry bolup galsa gerek. Bu bendilik Magtymgulynyň watançylyk duýgularyny, il-gününe yhlasyny has-da güýçlendirdi, halk içinde özüniň derkarlygyna has ynamly göz ýetirmäge kömek etdi. Şoňa görä ol bütin geçmiş döredijiligine ýaňadan ser saldy. Kanagat tapmady. Joşup duran ylhamy has ýerläp uçar ýaly etmeli, iň pukara, ýer urup ýerde galan bendä ruhy goldawy güýçlendirjek eserleri köp döretmeli diýip özüne pent berdi. Oňa şahyrana döredijilikde şundan başga ýol-ýodalar ýakymly görünmedi. Halkyň buýsanjyny belende götermek, şeýdibem onuň bir çukura tüýkürmegini gazanmak hakda birmahalky ýörelgesine täzeden gaýdyp geldi. Özünden närazylyk gelejekki uly işlerinde oňa uly kuwwat berdi. Magtymgulynyň göreçleri uzaga garaýardy, bireýýämden bäri goşgularynyň halk aňyna kök urup başlanyny, aňdaky, gandaky agzalalygy ýumşadyp başlanyny, o goşgularyň ýagtysyna her türkmeniň assa-ýuwaş bakyp-dönüp başlanyny Magtymguly duýýardy. Her setirini, her bendini esgere öwresi gelýän şahyr eýýäm müňläp-müňläp esgerleriniň söweşe girenini güman edýärdi. Magtymgulynyň goşgulary edil çynarlar ýaly: köki göwresinden uly bolmasa ýaşamaýar, özem daşy ýaryp kök urmaly. Onuň goşgulary bütin tümlügi ýagtyltmaga ümzügini dikipdi. Elbetde, Eýran tarapdan gelensoň onuň şahsy betbagtlygy, gussasy artmasa, kemelmedi. Iň ýamany hem Meňlini, gardaşlaryny tapar umydy tükenip barýar, edil urgany külterlän ýaly. Hany, indi ýitigleriňi nireden, haýsy mekandan gözlärsiň? Pylan ýerde bar bolaýmasyn diýlen ýerlerem-ä söküp çykdyň. Bu umyt Akgyz gelnejesinde egsilenogam, ol henizem Abdyllanyň ojagynyň oduny öçürmän otyr. Geler diýip ahyrky demine çenli garaşjagy belli. Geçmiş asyrlarda adam gany bilen toprak suwarylan zamanada türkmen zenanlarynyň bu wepadarlygyna, dogrusy, gahrymanlygyna baky baş egmän bolmaz. Adyna adam dakylanlar olaryň bu wepadarlygynyň neneňsi mahrumçylyklardan geçenligini gowy duýýar. O zenanlaryňam ýüregi edil beýlekiler ýaly, söýgi küýseýärdi, edil beýlekiler ýaly, perzent döredip, balasyna guwanasy gelýärdi. Asla, ynsan ömrüňdäki islegleri, zerurlyklary sanap tükedip bolarmy?! Ana, şol islegleriň, zerurlyklaryň ählisi jähennem edilip, diňe bir didara ýetmek arzuwy bilen gül ömrüni kül edipdirler. Eýsem, türkmen ýigitleriniň batyrlygynyň, söweşjeňliginiň bir çeşmesi şunda bolaýmasyn?! Sebäbi, olar ölende-de öýüniň-ojagynyň ýumrulmajagyna, aýalynyň başga düşege girmejegine berk ynanypdyrlar. Bu ynam zenanlary her hili bela-beterden goramaga, olary aýamaga, belent mertebesini saklamaga borçly edipdir. Şoňa görä türkmen erkekleri aýala agyr iş etdirmändirler, öýe getirilmeli ähli zady getirmek erkege degişli ekeni, aýallar çöpleme çöpleselerem, olara odun daşatmandyrlar. Garaz, türkmen erkeginiň türkmen zenanyna garaýşy örän ýözboluşly, örän çylşyrymly. Elbetde, döwre görä, erkeklere adalatsyz berlen artykmaçlyklaram bolupdyr, ýöne öňi-soňy ýene zenan sarpasyny belent tutmak edähedi rüstem gelipdir. Magtymguly öz halkynyň häsiýetini ýagşy bilen- soň: ' Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa. diýen setirleri dile alypdyr. Ol ozaly bilen türkmen zenanyny göz öňünde tutup, şeýle belent perdede owaz ýaýradypdyr. Türkmen zenanlarynyň bu wepadarlygy şerigat kanunlary arkaly hem berkidilipdir, ýöne eger zenanlaryň öz ýüreginde şeýle wepadarlyk bişişip, kemala gelmedik bolsa, o kanunlar ýele sowrular giderdi. Bu türkmençiligiň-türkmeni şu zamana çenli ýitirmän saklan türkmençiligiň däpleriniň biri. Ýeri gelende aýtsak, türkmen topragynda irde-giçde iň belent ýadygärlik gurulmaly bolsa, ol ozaly bilen Türkmen Zenanyna bagyşlanmalydyr. Taryhyň talapy şeýle. Magtymguly ömrüniň gelejekki ýyllarynda neneňsi gadam urmalydygy hakda has köp pikir edýärdi. Başky niýetiniň- türkmenleri birleşdirmek, kuwwatly döwlet gurunmak meýliniň bäri-bärde başa barmajagyna indi göz ýetirýärdi, ýöne iru-giç hasyl boljagyna welin gümansyz ynanýardy, sebäbi öz halkynda beýik işleri bitirerlik kuwwat barlygyny şahyr ýürekden syzýardy. Şu göreşde onuň orny nirede bolmaly? Ol neneňsi hyzmat bitirende halkyna köp bähbitli boljak? Şahyrlyk, diňläni, okany öz tarapyna geçirip barýan şahyrlyk, ata-babanyň ganyndan geçen şahyrlyk! Her bir söweş serkerdesinden şahyrlygyň belentdigini, giň örülidigini hem-de uzak ömürlidigini Magtymgulynyň paýhasly duýgulary habar berýärdi. Onsoň özüniň nämä ukyplydygyny wagtynda bilmegem weliligiň bir sypaty. Şahyrlygyň hat-da patyşa bolmakdan has ýokary, has jogapkärlidigine Magtymguly örän ir düşünipdi. Magtymgulynyň zamanasynda näçe han, ňäçe soltan, patyşa geçdi?! Olaryň köpüsi özleri ölmänkä unudyldylar. Şahyr Magtymguly bolsa asyrlar galňadygyça barha rowaçlanýar. Wah, şu mahal Çowdurhan bolsady! Arman, arman, Çowdur han! Per düşege dözülmeýän göwräni gurçuk gemirip ýatmaly boldy-da. Çowdurhan-Magtymgulynyň ömürlik armany. Çowdurhandan soň hiç bir serkerde, hiç bir şahs Magtymgulynyň kalbyna şeýle golaýlaşyp bilmedi. Ahyrda, Magtymguly indi sapar-sergezdanlygy bes edip, başbitin ylhamyň yzyna düşmäge kaýyl boldy. Şol bir wagtda-da öz pikir-duýgularynyň üstünden güldi: Adam ogly, özüň bilmeý, Gedem-gedem ädejek sen; Eýäniň emrini kylmaý, Öz köňlüňi güýdejek sen. Dünýäni gyzgyn tutmagyl, Işiň gör, bikär ýatmagyl, Magtymguly, unutmagyl, Gidejek sen, gidejek sen. Magtymguly öz ömründe köp-köp şahyrlar bilen gatnaşypdyr. Bize çenli saklanan eserleriň arasynda onuň Durdy şahyr, Magrupy, Zunuby, Orazmeňli ýaly şahyrlar bilen aýdyşyklary bar. Aýdyşyklary märekä hezil bermek, ylham bäsleşigi, pata bermezden ozal synagdan geçirmek niýeti bilen aýdyşypdyrlar. Pata beriljek şahyryň azyndan ýigrimi müň setiri ýatdan bilmegi zerur şert ekeni. Şeýle taplanmadan soň pata gürrüňi edilipdir. Ak pata almagy häzirki wagtda ýazyjylar birleşigine agza bolmak bilen garyşdyrýan halatlarymyzam bolýar. Emma bu ikisi düýbünden başga zatlardyr. Magtymgulynyň Şeýdaýy, Andalyp, Şabende... ýaly beýik şahyrlar bilenem duz-emek bolmagy mümkin zat. On dokuzynjy asyr türkmen klassyk şahyry Gurbandurdy Zelili bolsa Magtymgulynyň jan ýaly ýegenidir. «Pyragy» atly goşguda: Mämmetjuma dostum, molla Zelilim. diýen setirler Zelilä bagyşlanandyr. Ýokarda agzalan aýdyşyklardan başga Magtymgulynyň şahyrlar bilen gönümel baglanyşygy hakda maglumaty asyryň tümlügi ýuwdupdyr. Ýöne türkmen şahyrlarynyň tas ählisi, doganlyk halklaryň hem birentek şahyrlary Magtymgulynyň dogruçyl, halkyň derdine derman gözleýän kämil eserleriniň ruhunda terbiýelenip, oňa kybapdaş eserler ýazyp başlapdyrlar. Heniz Magtymguly dirikä Magtymguly mekdebi döräpdir. Muny şahyryň özi duýdumyka? Ol örän synçy ahyry. Duýsa-da syr beren däldir. Özüni pes tutmaga dyrjaşmak häsiýeti onuň bütin ömrüne hemra bolupdyr. Eşidenler, aýp eýlemäň sözüme, Iller kimin sözüm uz hem bolmasa! Bu Magtymgulynyň sözleri. Magtymguly bu ýyllarda neneňsi durmuş geçirdikä? Adaty türkmen güzerany ony kanagatlandyrypdyr. Ölmez ödi gazanmak üçin ýonaçylyk, kümüşçilik bilen meşgullanypdyr. Onsoňam türkmeniň bir häsiýeti bar: hormatly-abraýly kişisini hor ýaşatmajak bolýar: oňa bir paý ekin ekip berýärler, argyşa giden ýerlerinden sowgat getirýärler, goşgular göçürdip alyp muzduny berýärler, uly märekä çagyryp serpaýlaýarlar. Ýenede şuňa meňzeş däpler az däl. Ýöne öňi-soňy günler gamgyn geçipdir. Geçen günleriň ýagşy-ýaman ýatlamalary Magtymgulynyň çignini çökerere getiripdir. Öňde bolsa gara gyş ýaly garrylyk gözüni çüýjerdip ýatyr. Gyş dagy nämemiş, ahyry sowulyp gidýär, hernäçe agyr gelse-de mütdeti gelende pagyş-para eräp, bahara boýun bolýar. Her gyşyň soňy bahar. Ömür gyşynda gep bar! Aslynda, süňklek, uzynak, kuwwatly göwre altmyş ýaşyň zarbyna döz gelmelidi. Ol özünde öňki daýanyklygyň, içki hyjuwlylygyň durgunlaşýanyny, niredendir bir ýerlerden umumy argynlygyň kem-kem aralaşýanyny duýýardy. Öňki geýip ýören donlary indi oňa sähel giň, sähel uzyn görnüp başlady. Göze gornüp duran beýle-beýle özgerişler-ä beýlede dursun, özündäki has owunjak üýtgeşmäni hem örän dykgatly synlaýan Magtymguly bulary şygyr setirlerine siňirdi. Meňlini, diri gaýyp doganlaryny gözlemäge ýer tapmasa-da, öňi-soňy olara garaşmaklyk Magtymgulyny surnukdyrypdyr. Siz aşakdaky setirlere üns beriň, ol neneňsi ýekesireýär, neneňsi elenýär ahyry?! Muňa ynsan ýüreginiň çydaýşyna haýran! Meňli hanym, yşk söwdasyn unutdym, Rehm eden bolmady, bagtym garadyr. ýa-da: Bir gardaşsyz dünýäde niçik geçer ahwalym?! Bu onuň altmyş ýaşda çekýän hesretinden ýyşan: Altmyşa azm urdy gartaşan salym Rehm eden bolmady, bagtym garadyr. Magtymguly ýurduň içindäki hem-de töweregindäki syýasy ýagdaýy içgin yzarlaýardy. O döwürler, elbetde, türkmen gazeti ýa-da köpçülige habarlar ýetirýän serişdeler ýok, gelen-geçenden eşideniň bilen kanagatlanaýmaly. Rus-Türk gatnaşyklarynyň has dartgynlaşandygyny, Ysmaýyl galasynyň boýun egdirilendigini, ruslaryň eýranlylar bilenem soňky ýyllar mäşi bişişmeýänini şahyr duýdy. Içerki ýagdaý neneň?! Şol öňki agzalalyk. Hiç kim bir-birege geçirimlilik edesi gelenok, suw üçin, ekin ýeri üçin, öri üçin dawalar, uruşlar, bir-birekden ar almak, öç almak, öňküsi ýaly dowam edipdir. Şol bir wagtda-da olaryň agzybirlik hakda goşgulary ýürege ýakyn saýyp okaýandyklaryny, ählisiniň agzybirlik sözüni gaýtalaýandyklaryny Magtymguly haýran galyp synlaýardy, söz bilen işiň arasynda neneňsi uzak menzil ýatanyna ýüregi gyýym-gyýym bolýardy. Munuň üstesine takdyryň has çökder betbagtlyklary taýýarlaýandygyny Magtymguly entek bilmeýärdi. Nedir şa ölenden soň agzala, o diýen güýçli bolmadyk eýran haňlyklary bir gylyjyň astyna ýygnanansoň uly oýunlar başlanýar. Ynha, taryhçy M. Annanepesowyň ýazany: Eýranyň feodal han-begleriniň ikisiniň—gajarlaryň baştutanlygyndaky demirgazyk we zendleriň baştutanlygyndaky günorta toparlanyşygynyň arasyndaky göreş gajar toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Zendler dinastiýasynyň ýesir düşen soňky şasy Lütfaly hanyň gözüni Agamuhammet hanyň hut özi köwledi. Ol zendleri goldanlygy üçin Kermanyň ilatyndan ýowuz öç aldy. Ýaş zenanlary öz nökerlerine paýlady. Erkek göbeklileriň ählisiniň gözüni oýmagy buýurdy. Esgerler hökümdara çykarylan gözleriň 20 müňüsini getirip berdiler. Biçilen Agamuhammet han diňe bir Günorta Eýranda däl, Günorta Azerbaýjanda-da, Zakawkazýede-de, Horasanda-da zabunlyk görkezdi». Agamuhammet şa ýa-da Agtahan bu zalymlyklaryň ählisini türkmenleriň, türkmeniň bir şahasy bolan gajarlaryň eli bilen etdi. Agta hanyň göwnüni tapjak bolup türkmen han-begleriniň neneňsi guýruk bulaýşyna Magtymguly janyny ýakdy. Bigaýrat han golunda Düşdi ilat zibire. Ol ýene bir hakykata göz ýetirdi: hanlaryň, şalaryň birentegi türkmenler bilen türkmen topragy bilen bir baglanyşygy bar— ýa milleti türkmen, ýa türkmeniň arasynda doglan, ýaşan, türkmeniň garyndaşy, türkmenleriňkä syýahata gelen, ýa bir türkmeni myhman alan, garaz, ýollar aýlanyp öwrülip türkmen sözüniň üstünden geçýär. Bu, näme, tötänlikmi? Ýa türkmeniň takdyryna ýazylan şumy? Ýa taryhy kanunalaýyklykmy? Muňa Magtymgulynyň neneňsi jogap bereni belli däl, has gadymyýetden şu günlere çenli şahs baglanyşyklarynyň ählisini diňe sanap çykmak üçinem aýratyn kitap ýazmaly bolardy, ol aýratyn ylmy barlaglary talap edýär. Ýöne diňe Magtymgulynyň döwründäkileri agzap geçmegem köp pikirleriň üstünden eltýär. Nedir şa türkmeniň owşar taýpasyndan, Muhammet şa — Hindi şasy — türkmeniň ba-harly taýpasyndan, ondan öňki-soňky mogollaryň aňyrsynda — türkmeniň mogul tiresiniň gany bar, Abulgazy—Hywa haňy, türkmenleriň arasynda köp ýaşan, türkmenligine güman bar, Muhammethasan han — türkmeniň gajar tiresinden, onuň ogly Agamuhammet şa — Eýranda gajar dinastiýasyny esaslandyran (bu dinastiýanyň tä 1925-nji ýyla çenli dowam edenini ýatladaýyn), Fethaly şa lakamy bilen tanalýan Babahan —Agamuhammet şanyň ogly. Bu pikirleriň özge bir niýet bilen, her edip-hesip edip öz pikiriňi ykrar etdirmek maksady bilen ýa-da ähli kişileri türkmenleşdirmek meýli bilen orta atylmaýanyna ozal-başdan göz ýetirmegiňizi towakga edýärin. Diňe bir seljuklaryň hereketi Aziýanyň ýüzüni üýtgedip, Ýewropanyň geljegine uly täsir edenligini belli iňlis alymy Dj. Saunders ýazýar. Beýle pikirli alymlar azlyk däl. Umuman, häzirki wagtda türkmeniň doly ýazylmadyk, sowet döwründe syýasata laýyk getiriljek bolup bulaşdyrylan taryhy ýugrulan hamyr ýaly bolup ýatyr. Bu halkyň taryhy doly öwrenilse, häzirki nesil üçin Türkmeniň täzeden açyljagyna şek ýok. «Öz taryhyňy bilmezden, oňa anyk gatnaşmazdan, medeniýetiň hiç bir ösüşi akla sygjak zat däldir» (JI. N. Gumilew «Drewniýe turki» 1964 ý., 340-njy sah.). Magtymgulynyň we ondan sähel ýaşy ulurak Andalybyň, Şeýdaýynyň öz döwrüne çenli türkmen taryhyny örän gowy bilendiklerini olaryň eserleriniň ruhy ikuçsyz aýdyp dur. Dagdan belent, ýandakdan pes Boldy türkmeniň ahwaly. Bu Şeýdaýynyň setiri. Ynha, Magtymguly näme diýýär: Kelle goýup saldyk hanyň galasyn, Eşitdik ahy-zar, misgin nalasyn. ýaly, Çyn-Maçynda tagtyn guran, Eýrany, Owgany soran, Hindistan, Hotana baran Atanyýaz han görüner. Siz ýokarky setirleriň ýorgudyny hernäçe gözleseňizem häzir tapyp bilmeseňiz gerek. Taryhçylarymyzyň ýorgudyna garaşyp ýatan şeýle setirler diňe Magtymgulynyň özünde müňlerçe. Onsoň uzak taryhymyzda jogapsyz sowallaryň näçeräkdigini oýlanyberiň. Magtymgula dolanalyň. Onuň ömründe şalyk sürenleriň iň soňkusy-Eýran şasy Fethaly şa. Bu şa tagta geçende Magtymguly altmyşy arka atypdy, geçen ýyllaryň döredijilik hem durmuş tejribesi onuň kalbyna bireýýäm doly azatlyk guýupdy. Bu ýyllar onuň ylhamynyň iň hasylly ýyllary boldy. Magtymguly bireýýämden bäri şygyryň modern şekillerinde, ýagny häzir biziň täze diýip ýören ölçeglerimizde hem eserler ýazdy. Geň tarapy-şahyr o ölçegleri gaty ussatlyk bilen ulanýar. “Meňzär hökümli” şygryna täzeden bir nazar öwüriň. Onuň ulanan şygyr şekilleri, usullary hakda aýratyn kitap ýazmak zerurlygy görnüp dur. Magtymguly öňki okan kitaplaryna, öz halypalarynyň ylmy garaýyşlaryna täzeden dury nazar öwürmäge hem wagt tapdy. Magtymgulynyň ylmy garaýyşlary hem bölek-bölek öwrenildi. Ç. Kulyýew: Magtymgulynyň «Jahan peýda» diýen goşgusy esasynda pikir ýöredip, şeýle netijä gelýär: «1771-nji ýylda iňlis filosofy--materialisti, görnükli himik, jemgyýetçilik işgäri Jozef Pristli ilkinji bolup, ösümlikleriň ýaşaýyş üçin zerur bolan näbelli gazy bölüp çykarýandygyny tejribe üsti bilen subut edýär. Diňe üç ýyl geçenden soň, şeýle gazyň kisloroddygy anyklanyldy. Döwrüň dünýä belli alymynyň şeýle pikirleri bilen Magtymgulynyň ösümlikleriň «Jahan içre jany» döredip biljek «demi» (kislorody) emele getirip bilýändigi hakyndaky düşünjelerini deňeşdirip, şeýle netije çykaryp bolar: şahyryň ösümlikleriň tebigatyndaky beýik ornuny ykrar edýän düşünjesi döwrüň ýokary bahasyna mynasypdyr! Şeýle netijäni şahyryň haýsy usul bilen gazanandygy belli däl. Belki, ol akyldaryň beýik duýgularynyň önümidir?! Belki-de ol şahyryň ylmy tejribeleriniň miwesidir?! Umuman, bu mesele entek takyklamaklygy talap edýär. Ýone ösümlikleriň «demi» döredip, «jahan içre jany» (kislorody) emele getirýänligi welin, onuň öz döwri üçin iň uly açyşlaryň biridir.» Elbetde, bu Magtymgulynyň ylmy garaýyşlarynyň ýörite öwrenilişinin başlangyjydyr. Öňde örän uly-uly işler dag ýaly keserip ýatyr. Şahyryň: Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?! ýa-da: Üç essesi däli derýa, Bir esse ýerde müň gowga, Kim bilerki köne dünýä, Ýa, reb, niçe ýaşyndadyr?! ýa-da: Ýyldyzdan ýol ýasap Aýa sataşdym diýen ýaly, örän-örän çuň pikirli ýüzlerçe setirleri, bentleri bize gelip ýetipdir. Emma bize gelip ýetmedikleri näçekä? «Kaýdadygy bidinmez», «Üçi öwlatdan», «Çykyp otyrmyş» ýaly başga-da bir topar şygyrlaryndaky syrlara ýetmek üçin näçe kelle döwmelidigine okanlar göz ýetirýändirler. Magtymguly sözüň doly manysyndaky syrlar hazynasy. Bu gündogara mynasyp däbiň ösdürilmegi: öz syrlaryň bilenem beýgelmegi başarmaly, belent syrly bolmaly! Köne edebiýaty çuňdan bilýän hormatly Hommat Kakajan şol syrlaryň birini «Üçi öwlatdan» goşgusynyň mysalynda şeýle ýorýar: Arap elipbiýi 28 harpdan durýar. Emma türkmen klassyk edebiýatynda «La» harpy hem özbaşdak bir harp hasap edilýär-de 29 harpa ýetirilýär. Çeper edebiýatymyzda arap harplarynyň keşpleri, sypaty nykaply aýal görnüşinde (çadyrly) şekillendirilipdir. Şonuň üçin şahyr turuwbaşdan «Ne on bäş aýaldyr» diýip başlaýar. Arap elipbiýindäki 28 harp on dörtden iki topara bölünýär: Şemsi we kamary harplar. Mundan başga-da nokatsyz we nokatly harplar hem iki topar bolýar: gowreli we hamyla däl aýallar, önelgeli we önelgesiz aýallara meňzedipdir. Şahyr ilki setirini şeýle ýazýar: «Ne on bäş aýaldyr artmaz perzendi» On bäş sany harp-aýal nokatsyz harplar: «Elip», «hi», «dal», «re», «sin», «sat», «ta(ý)», «aýn», «kän», «lam», «laz», «mim», «waw», «alahy», «iýýa». Şu harplaryň üstüne nokat goýanyň bilen üýtgemeýär. Eger düşäýse-de many aňlatmaýar. Şol sebäpli on bäş aýalyň söz ýasamaga güýji ýetmeýär, ýagny göwreli bolanok, gysyr harplar. Iki topar aýallar — hamyla däl hem göwreli aýal. «Ol on bäş aýalyň üçi öwlatdan?» Şahyr on bäş sany nykaply (bürenjekli) aýallaryň, ýagny harplaryň içinde üç sany söz ýasaýan, ýagny göwreli bolup, perzent, nesil, çaga ýa-da öwlat döredip bilýän harp (aýal) bar diýýär. Olar «elip», «waw», «iýýa» diýen üç sany çekimli harplardyr. «Üçi ekiz, on tört erer peýwendi» «Üçi ekiz» harplar: «elip», «aýn», «alahy». Bu harplar goşa ses berýär: 1) «Älip» — A, E, Ä, Ýe. 2) «aýn» — a, i, o, u, 3) alahy — a, o, ö, e. «On tört erer peýwendi» 14 sany şemsi harplar anyklyk bildirýän «al» artikli gelen ýerde öňündäki harp bilen baglanyşyp assimilleşýär, ýagny «l» harpy düşürilip, yzyndan gelýän şemsi harpy go-şalandyrylýar, peýwend bolýar (daňylýar, baglanýar) ýagny, nika gyýylyp, jübütleşýär, är-aýal bolýar. «Ol ne jumag eýlär, ne çykar ýatdan? «Jumag» diýmek «nikalaşmak» ýagny bu harplar jübütlenip, gaýym nikalaşyp gelýän kadalaryny öwrenensoň, okan adamyň ýadynda ömürlik galýar. «Ol ne mahluk, gök ýüzüne gonarlar». Bulut gök asmanda göçüp-gonýar. «Gähi inip, ýer ýüzünde dynarlar?» Ol asmandaky uçup-gonup ýören bulutlar gähi duman, ýagyş, çyg, ýagmyr bolup ýeriň ýüzüne inip pytrap dynýarlar. Olar hem edil harplar ýaly çakyşyp, birleşip, ýere yzgar berýär. «Ol ne adamzatdyr, bir at münerler» Deňizçiler-şeýle hünärlli adamzat bar, ylym-bilim bilen, paýhas, akyl bilen olar güýçli bir deňiz atyny münýärler (sürýärler)— ýelkenli gämi. Ol ýelkenli gäminiň (atyň) üzeňňisi (orun, daýanjy) suwdan ýüzüp gitmek, jylawy (güýji) ýele (bada) bagly. Mydam seýre gezer ol tört deňi-duş, Bolar andan jümle älem ýüzi hoş» Dört pasyl biri-biriniň yzyndan gelip aýlanyp dursa, älem ýüzündäki ähli janly jandarlar, ösümlikler hem jübütleşip, nikalaşyp, edil harplar ýaly sazlaşyp hoş bolýarlar, döwür dolanýar. «Ol tördüň biri bar, mydam sebzepoş, Kellesi buzdandyr, aýagy otdan» Dört deňi duş-gyş, ýaz, tomus, güýz. Şu dört dostyň içinde mydama eşigi, ýagny poşy-gök, ýaşyl-ýaz aýy. Ýaz aýynyň öňi-kellesi gyş-buzdan, aýagy-yzy, aşagy-otdan, ýagny jöwzaly tomusdan. Şahyr «ýaz» (pasyl) sözüniň üsti bilen arap dilinde söz ýasamagyň tärlerini hem öwredýär. «Ol kimdir, ýalaňaç garyp otyrmyş. Owazsyz äleme sözün ýetirmiş, Eger tilsimini bilseň, gowy öwrenen, okan we bilen bolsaň, syrly ýüzi (perdeli) bürenjekli aýallar ýüzüni açyp, özüňe, ýüzüňe bakyp (serediň) pukarasyrap oturandyr, edil pukara ýaly dilsiz (sessiz) (hatyň sözüni) harplaryň üsti bilen gepleşip, üm bilen sözleşip bilýär. «Agzyn açyp, özün ýasa batyrmyş. Sorasaň, habar biýr saňa bar zatdan” Beýik şahyr arap dilini, hatyny mäkäm bilenler üçin aýallar (harplar) syryny saklap bilmän (agzyn açyp), utanyp, uýalyp, ähli içki gizlin syrlaryny, sorana birin-birin aýdyp berýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |