17:24 Magtymgulynama / Ikinji bölüm -5: dowamy | |
Ol şu goşgyň üsti bilen halky ylma-bilime çagyrýar, sowatly bolmaga ündeýär. Şahyrana setirler bilen öz okyjysyny imrindirýär. Harplary syrly aýala meňzedip, «akyl äriň pähmi ýeter bu söze» diýýär-de, okasaň, öwrenseň, bilseň, yhlas etseň kyn däldiginem aýdypdyr. «Hajat ermes habar almak ussatdan!» Siz onuň «Ýaşyl zümerret» diýen goşgusyny hem ýaňadan okap görüň. Munuň üstesine, şahyryň öz bilýänleriniň ählisini şygra sylmandygyny, muňa şygyr çäkleriniň, şertleriniň dar bolýandygyny, esasysy hem şygyrlaryny çylşyrymlaşdyrmak meýliniň ýoklugyny nazara almaly. Siz «Magtymguly paş eýleseň syryň hem...» diýen setire üns bereweriň. Hut şu syrlary ýa-da şuňa kybapdaş syrlary üçin Magtymgula «Syrlar hazynasy» diýilýär. Öz jesedini özi gören diýlen sözde ummasyz uly syrlaryň toplumy güberçekläp ýatyr. Magtymgulynyň şahyrlykdan alymlygy has güýçli diýýänlerem bar. Edebiýatçylar bolsa onuň şahyrlygyna köp agram berýärler, ýogsa ylym bilen şahyrlygyň bir enäniň ogullarydygyny hem bilýärler. Şeýle ahwallardan soň, Magtymgulynyň sil alan, gyzylbaşlar alyp weýran eden kitaplarynyň arasynda ylmy kitaplary, traktatlary hem bar bolsa gerek diýen kanunalaýyk çaklama orta çykýar. Magtymgulynyň ylmyň dürli ugurlarynda eden işleri hakda bu sahypalarda ýörite söhbet etmäge mümkinçilik ýok. Magtymguly ylym bilen hernäçe meşgullansa-da, ylma hormaty hernäçe belent bolsa-da, onuň şahyrlygy, garyp-pukaralaryň köňlüne kuwwat beriji şahyrlygy ho-ol al-asmanda howalanyp dur. Muny şahyryň özüniň bilmezlige haky ýok, Magtymguly her tarapdan, her ugurdan ýüňi ýeten kişilige ýetişdi. Indi Magtymgulynyň bar ýerinde hiç bir işan-molla, hiç bir ahun Magtymgulydan öňe geçesi gelmedi, onuň ejazasy bolmasa, el göterip-sakgal sypamaga milt etmediler. Bu Magtymgulynyň ylmy-şahyrlyk güýç-kuwwatyna hormaty hem aňladýardy welin, ozaly bilen halkyň Magtymgula hormat-sarpasynyň belentligi sebäpli şeýle bolýardy. Ýagdaý şu röwüşde bolansoň, onuň garşydaşlary hem Magtymgula garşylygyny, ýigrenjini il içinde açyk aýtmakdan çekinip başladylar. Şahyry gören uly-kiçiler ondan utanypdyrlar. Onuň durky, gözi, özüni alyp barşy beýlekilere tiz täsir edipdir. Bu kişi bizden beýik diýen duýgy şobada döräpdir. Beýle täsirli adamlaryň ýoklugy häzirki zamanyň uly betbagtlyklarynyň biri bolsa gerek. Halk Magtymgulyny näçe belende göterdigisaýy Magtymguly özüni şonça-da pes tutmagy, öz sarpasyny saklamagy başardy. Köňlüm, pes tutgul özüňni, Pany dünýä öter gider! ýaly, Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar, Razy men üstümden basyp ötseler, Magtymguly diýip adym tutsalar, Gören göz jort atar eşden gulaga ýaly, Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil, Özüňni sen özgelere göz etgil, Az iýgil. az ýatgyl, sözüň az etgil, Ne bar manysyz söz uzamak bilen ýaly, Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly görkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr. ýaly, Magtymguly, binowa, biçäre-andalyby, Bir parça gam döwrany, bolmuş anyň nesibi, Ýygylsa, kylmaz çäre, aňa dehriň tebibi, Her mejlisde, söhbetde şat eýläň biz garyby, Eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni! Beýle mysallar şahyryň döredijiliginde örän kän. Görşüňiz ýaly, Magtymguly elmydama öz jylawyny özi çekip, öz gamçysy bilen özüni saýgylapdyr. Bu beýik häsiýet oňa atasyndan geçenem bolsa, ähli sopularyň, hakyky musulmanlaryň öňden berk berjaý edip gelen häsiýetidir. Bu hem azatlygyň bir görnüşi. Eger bardy-geldi, şeýtan ara düşüp, bu şert bir gezek bozulaýan halatynda o şerti bozan kişi ömürlik ökünç-arman çekipdir. Munuň bir mysalyny Magtymgulynyň durmuşynda-da synlap bolýar. Ýadyňyzda bolsa ol özüniň dilegleriniň kabul edilmänligi üçin, misgin-pukaralara, garyp-gasarlara goltgy-ýardam bermänligi üçin Hudaýa nalyş edipdi. Bu hem, öz gezeginde, özüňi uly tutmak, gedemlik hasap edilýär. Magtymguly ýaşy gaýdyşdygy saýy, bu hereketine özge nazar öwürip başlady, köne ynanç ýene özge pikirlerden rüstem gelip ugrady, ýöne onuň garyp-pukara, ejizler hakdaky janköýerligine hiç bir babatda täsir edip bilmedi, gaýta gartaşdygyça bu duýgulary güýçlendi, şöhle aldy, has ýüregiň çuňundan ýaňlanyp başlady. Ynha, onuň dini ynançlara gaýdyp gelşine, özge ýol-çykalga tapmanlygy üçin gaýdyp gelşine, öňki o kenardan bu kenara bökmelere ökünjine käbir mysallar: Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-destar. ýa-da: Şer işim biheddir, günähim kändir, Sen özüň geçirgil, ýa züljelalym. ýa-da: Gorky-umyt ortasynda haýranam, Taňla-maşgar, ýa, reb, ne ola halym?! ýa-da: Pyragy diýr, ýok dünýede höwesim, Ýeke dinde bolup galdy yhlasym. ýa-da: Hak sözüne ynanmazdym men daýym, Hijrandan tutupdyr kerwensaraýym, Gaflat bilen ötüp, her günüm, aýym, Ömrüm ýüzün baka tutup baradyr. ýa-da: Ýerim ýok aýrylyp barara senden. ýa-da: Dünýä gaýgysy birle boldy gara bagtym gan, Ahyretni unutdym, ýeldim, ýügürdim her ýan, ýa-da: Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň, Gähi-gähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň, Gähi-gähi sopy bolduň hiç haramdan datmadyň. Bilmedim, sen kaýsy bolduň, belli bir iş tutmadyň, Ne sypahylyk bile bolduň, ne mollalyk bile. Ýokarky setirler onuň elmydama açyklygyna, özüne dogruçyl bakyşyna mysaldyr, onuň bütin ömri boýy dünýäniň aslyna göz ýetirjek bolup hä gümanly, hä umytly ýaşanyna mysaldyr. Kitap açyp, ança dine duş bolup, Yslam kaýsy, Kuran kaýsy bilmedim. diýen setirlerine ýene bir nazar öwüreliň. Magtymguly dine täzeden ýakynlaşanam bolsa, dini ters düşündiriji, dini öz peýdasyna ulanyjy, sowatsyz işan-mollalary, ahunlary köteklemesini bes etmedi. Sebäbi ol Alladan başga hiç bir zady Adamdan, Adamzatdan belentde goýmady. Hut şu meýiller batyrgaý hem şeýle çuň ynsanperwer setirleriň döremegine alyp barypdyr: Kurany köýdürip, butga kyl sežde, Merdumga azar iş ediji bolma. Ilki Adam bol, ýagşylyk ediji adam bol, soňra diniňi saýlaber-bu ideýa hut dinleriň özünden gelip çyksa-da Magtymgulynyň aýdyşy deýin aýtmakda gep bardy. Beýik ussadyň eline düşen zat başga öwüşgin, başga görnüş tapyberýär. Şeýde-şeýde Magtymguly ýetmişiň onuna gadam goýdy. Gartaşanlyk alamatlary her bir synasynda, her bir hereketinde mese-mälim aňylyp başlady, dişler seýrekledi. Diňe özgäni däl, eýsem ozaly bilen özüni synlaýan şahyra bu özgerişler näçe agyr degse-de, etjek alajy ýok. Ähll adamlaryňam garrylygy ýeňil geçýän däldir weli, Magtymguly ýaly duýgudan doly şahyryňky has kyn-da. Ömrüň her ädiminde pida bere-bere ýalňyz galan ömür üçin-ä garrylyk iki esse hupbatly. «Garragan çagyňda ýaş etjek» perzendiň barmy-ýok. Ukusyz gijeleri söhbet bilen ýeňjek ýassykdaşyň barmy-ýok. Şükür, öleňde zaryn aglajag-a bar ekeni. Bularyň ählisi türkmen üçin iň zerur zatlardy, däbinden, döwründen dörän zerurlyklardy. Ömrüň bu döwründe şahyryň ahwallary goşgularynda örän çuň beýan edilýär. Onuň diňe «Bagtym garadyr» diýen goşgusyny okanyňyzda-da Magtymgulynyň agyr betbagtlygy egninde göterip baranyna ýene bir ýola göz ýetirersiňiz. Hemrahym ýok, baryp syrym açarga, Derdim togtaşarga, odum öçirge, ýa-da: Dagymda bent aldy siller, Gitdi huşum, egri biller, Magtymguly aýdar, iller, Yzymda zürýat galmady. ýaly setirler bu döwürler köp döredi. Emma hernäme bolsa-da MEŇLI Aýdan aýdyň, Günden gyzgyn görnüşde Magtymgulynyň aňyndan aýrylanok. Meňli gyzyň ýüzügine Gaşlar goýsam kümüş bile. Şahsy bagtsyzlygyny Magtymguly hiç mahal il-ýurt betbagtlygyndan ýa-da häzir aýdylyşy ýaly, jemgyýetçilik betbagtlygyndan ýokarda goýmandy. Ýogsa bu ikisiniň bir-biri bilen baglanyşyklydygy, birini duýmak üçin beýlekini egniňde çekmelidigi hem belli. Garaz, il agysyny eşidende, öz agysyny kesen Magtymguly-da. Il agysyny aglan Magtymguly-da. Öň aýdyşym ýaly, Magtymgulynyň ömründe gören soňky şasy-Eýran şasy Fethaly şa öz kakasy Agamuhammet şa öldürilenden soň tagta geçmek üçin köp garşylygy ýeňmeli bolýar. Ahyry 1801-nji ýylda ol uly şalygy öz gylyjynyň astynda birleşdirmegi başardy. Şondan soň täze gan döküşiklik başlanýar. Fethaly şa, taryhçylaryň güwä geçişi ýaly, türkmenlere aýratyn gazaply daraşýar. 1774-nji ýylda kakasynyň dogany Hüseýingulyny türkmenleriň öldürenligi üçin ar almakçy bolýar. Dogrusy, bu bahana bolsa gerek. Fethaly şa türkmenlerden howatyry uly bolany üçin, irde-giçde tagtyna zeper ýetse-türkmenlerden ýeter diýen gorkusy bolany üçin türkmenleri urup başlapdyr. Özüňkini urmak aňsat, olaryň içine-daşyna belet, üstesine-de bu döwürler türkmenleriň agzalalygynyň güýçlenen döwri, elbetde, ozaly bilen maddy ýaşaýyşyň juda ýaramazlaşan döwri. Muny hilegär Fethaly şa birinji nobatda göz öňünde tutupdyr, onsoňam kenar ýaka türkmenleriň orslar bilen söwda gatnaşyklarynyň gowulaşmagy, ýeke bir söwda hem däl, beýleki babatlarda, ozaly bilen syýasy-harby ugurda Eýrana garşy hyzmatdaşlyk etmek hakynda türkmenleriň gaty çyny bilen ruslara ýüz öwreni belli. Emma rus patyşasynyň, onuň wepadar generallarynyň, ilçileriniň türkmenleriň yhlasyna neneňsi jogap berendiklerini soňraky sahypalarda görersiňiz. Häzirlikçe ikitaraplaýyn baglanyşyklaryň ýygjamlaşyşyny synlalyň. 1796-njy ýylda Russiýanyň Eýranyň garşysyna güýç ulanmagy türkmenleriň Eýrana garşy köne gahar-gazabyny oýarypdyr, olaryň Russiýa babatda öçen umytlaryna şöhle beripdir. Öz wekillerini rus goşunbaşylary, kethudalary bilen gepleşik geçirmäge ýollapdyrlar, Agamuhammet şanyň garşysyna söweşmek meýillerini açyk aýdypdyrlar. Elbetde, rus diplomatiýasy türkmenleriň irde-giçde özlerine ýüz tutjagyny, sebäbi ýüz tutara başga döwlet galmandygyny gaty gowy bilipdir. Türkmenleriň bolsa özakymlaýyn, gönümel, hiç bir tarapdan ýugrumy ýetmedik diplomatik hereketleri olara olja bolupdyr. Ruslar Osman imperiýasyny hem Eýrana zor salmak bilen bu iki döwletiň bir-birege ýardam bermek mümkinçiligini aradan aýyrypdyrlar, şonsuzam türkler bilen parslaryň mäşi bişişmeýändigi hiç kime gizlin däldi. Eger munuň üstesine Eýranyň alkymyndan türkmenlerem dürtüp dursalar ruslara gowy boljak. Onsoňam türkmenleriň söweşende kellesini orta goýup söweşýändigini eýran tarapy hem, rus tarapy hem unutmaýardy. Fethaly şa ýa-da onuň hakyky adynyň tutulyşyça — Baba han türkmenleriň agyz birikdirip söweşe jemlenmeginden öňinçä, ruslar bilen umumy dil tapyşmagyndan öňinçä zarba urup, şol meýilleri dyr-pytrak dargatmak isleýär. 1801--nji we 1802-nji ýylda Fethaly şanyň gylyjyndan köp-köp türkmeniň kellesi togarlanýar. Bu gandöküşlik şeýle zabun bolsa-da halkyň meýillerini dargadyp bilmedi, gaýta o meýilleri güýçlendirdi, tizräk petikden çykmaga howlukdyrdy. Öňem köp-köp pidalary gören Magtymguly Fethaly şanyň bu gyrgynçylygyny görüp ýüregi partlara golaýlady. Altmyş ýedi-altmyş sekiz ýaş ýüregi ýukaldansoň Magtymgula o wakalar bagryndan ýylan çakan deý täsir edipdir. Fethaly şanyň garşysyna näme çäre tapjagyny, neneňsi ýarag ulanjagyny bilmeýän şahyr, ýene-de şol öňki taplanan ýaragyny-belent sözüni ulanypdyr. Neneňsi howpludygyna gowy göz ýetirip, hiç zatdan gypynç etmän, Fethaly şaha söz naýzasyny atyp salypdyr. Bu naýza nyşanany parran deşip geçipdir. Ol Magtymgulynyň ömründe şaha gönümel atylan iň soňky, iň ýiti, iň zäherli naýza boldy. Sowuk sözleriň aňyrsynda şahyryň ýangynly ýüregi köräp görünýör. Şahyr gyzmalyk etmän, öz başyny başardygyça sowuk saklajak bolup dyrjaşýar, taryhyň gelip-geçiş kanunalaýyklygyny, goluny gana batyranlaryň takdyryny şaha ýatladasy gelýär. Goşgynyň umumy ruhundan Magtymguly bu goşgyny öz ölümini boýna alyp ýazandygy, özi öňe saýlanyp, arkasynda duran halky penalap, halkdan kuwwat alyp ýazandygy, üstesine-de şanyň hut özüniň okamagyna niýetläp ýazandygy gümansyz. Onsoňam Magtymguly Agamuhammet şany hem, Fethaly şany hem ýakyndan tanaýan bolmagy bolup biljek zat, sebäbi bu iki şanyň hem asly türkmen we türkmenleriň arasynda uzak ýaşan adamlar. Dogrusy, olary adam edenem türkmenler. Şanyň ady Fethaly, goşga bolsa «Fetdah» diýilýär. Fetdah diýen şa bolmandygyna taryhçylar güwä geçýärler. Eger ýalňyşmaýan bolsam, Magtymguly Fethalynyň pes, pis adamlygyny, ony öz pesliginde görkezmek üçin, ýa-da onuň adyny gysgaldyp, şeýle ýüzlenen bolmagy mümkin, on sekizinji asyrda parslarda, türkmenleriň o ýerlerdäki taýpalarynda bu sözüň ýaman manysy bolup, Fethaly şanyň lakamlarynyň biri hökmünde ulanylan bolmagy mümkindir. Her niçigem bolsa, o goşguda «Fetdah» sözüniň ornunda diňe iki bogunyň bolmalydygy aýan. Bu goşgy, beýleki birnäçe goşgular ýaly, köne golýazmalarda ýok, ýagny arap ýazuwyndaky golýazmalarda duşmaýar. Şuny esas edinip hem-de goşgynyň elden-ele, dilden-dile, geçe-geçe süňňüne ýeten dil üýtgeşmelerini nazarda tutup: «Bu goşgy Magtymgulynyňky däl, soň ýazylan goşgy ýa-da bu goşgy Fethaly şaha gönükdirilen däl» diýip, ikirjiňlenmän aýdýanlaram bar. Umuman, şuňa meňzeş goşgular hakda ylmy, edebi toparlarda wagtal-wagtal jedeller gyzyşyp durýar. Bu adaty ýagdaý. Her kim öz pikirini aýdar, ahyrda hakykat belende göteriler. Eýran, Turan indi goluň astynda, «Sürgün» indi bu döwrany sen, fetdah! Külli türkmen oýnar çölüň üstünde, Dökme, bilgin, nahak gany sen, fetdah! Bu gün şa sen, erte geda bolar sen, Ilden-günden, dinden jyda bolar sen, Bir gün janyň çykyp, pida bolar sen, Gazanypsyň çoh günäni sen, fetdah! ýa-da: Pyragy, dert aýdyp, derde ýanmaly, Gan ýuwudyp, zalym fetdah ganmaly, Diri özüm, läkin öli sanmaly. Aňsa öldir, bu dessany ol fetdah! Hernäme diýselerem, bu goşgynyň örän belent ruhy, diňe Magtymgula kybapdaş ruhy jedelsizdir. Ykbal-takdyr Magtymgulynyň eserlerine nämeler etmedi?! Şoňa görä bu goşgynyň ne sebäpden täzelenendiginiň delilleri bir ýa iki däldir. Şo döwürler Magtymguly şeýle ruhdaky goşgulary köp ýazypdyr, sebäbi zerurlygy wagtynda duýmak beýik şahyrlaryň edähedi. Ýalynly goşgular şobada dilden-dile, ilden-ile ýaýrapdyr. Magtymgulynyň öňki goşgularyny okanlar, o eserleri saza goşup, bagşylaryň aýdýan aýdymlaryny diňlänler bu şahyryň eserlerine köňlüniň töründen orun berdiler. Köňül öýüne myhman gelip dursa ýagşy, o myhman gelmese, öý eýesi onuň gözlegine çykýar. Ýumrulan, ezilen, halys ýiligi sorulan ýurduň, çykalgasyzlykdan, agzalalykdan we ölmez ödi owkatyna ylalaşyjylykdan ýaňa soňky demini sanaýan halkyň sabyr käsesi püre-pürlenipdir. Ol özi hakda oýlanmaga, öz ahwalyna bakmaga mejbur bolupdyr. Muňa ýardam edenem, ozaly bilen, Magtymgulynyň eserleri. Ol eserler bireýýäm halk aňynyň gündelik iýmitine, hökmany iýmitine dönüpdir. Diýmek, aňdaky göreşde az hem bolsa, başlangyç hem bolsa, ýeňiş Magtymgula degişli bolup başlapdyr. Kimde--kim türkmen halkynyň on dokuzynjy asyr taryhyny jikme-jik yzarlasa tutuş asyr Magtymgulynyň ündewleriniň ýeňşi bilen geçýändigine göz ýetirer, hatda 1881-nji ýylda asyryň iň gandöküşikli söweşinde türkmenler fiziki ýeňlişe sezewar bolanam bolsa, olar söweşden has ruhubelent çykdylar, Magtymgulynyň ündewleriniň has çuň kök urandygyny tassykladylar. Gökdepe urşy-bu aýratyn söhbet, o wakalara çenli arada gaty uzak döwür ýatyr. Asyryň başyna dolanalyň. 1801-nji, 1802-nji ýyllarda Fethaly şa türkmenleri gana boýanynyň yzysüre graf Zubow Bakuwda Azat hanyň baştutanlygyndaky türkmen wekilleri bilen gepleşik geçiripdir. Şondan soňra rus imperatorynyň dürli gullukdaky adamlary: söwdagärler, deňizçiler, harbylar, din wekilleri... türkmeniň gelejekki hyýallaryny, onuň içerki ahwallaryny yzygiderli öwrenipdirler, şol bir wagtyň özünde-de türkmenleri Eýrana garşy öjükdiripdirler. Şol wagtlar hem 1804—1813-nji ýyllaryň rus-eýran urşy başlanýar. Ruslaryň bu hereketi türkmen kethudalarynda köne duşmany, öz ganybir doganlary bolan gajarlary ýeňmäge umyt döredipdir. Türkmensähra, Astrabat, Mazenderan türkmenleriniň bu babatda agyz birikmesi başlanypdyr. Bu meýilleri synlaýan we assyrynlykda höweslendirýän rus goňşularymyz: «Eger türkmenler Eýrana çozan halatynda uruş enjamlaryny berjek, zerur bolsa esger iberjek» diýip açyk aýdýarlar. Bu wadalar halka uly täsir edipdir. Azerbaýjanyň rus raýatyna alynmagy hem türkmenlerde täze meýilleriň ösmegine alyp barypdyr. 1803-nji ýylda Maňgyşlakdaky türkmenleriň bir topary rus häkimiýetine ýüz tutup, öz raýatyna almagyny sorapdyrlar. Halkyň bu täze hereketleri Magtymgulyda gelejege umydy güýçlendiripdir. Ol öz halkynyň baslygyp ýatan kuwwatyna hiç mahalam ynamsyzlyk etmändi. Ol bu dünýäde akly goýalyp, ilkinji ädiminden garyp-pukarany goraglap, ejize goltgy berip geldi. Köňlüne siňen bu mukaddes duýgular onuň eserleriniňem süňňüne ornady. Owganystanyň belli alymy, şahyr Abdylla Bahtany Hydmatgaryň synçylyk bilen aýdyşy ýaly, Magtymguly ýekeje goşgusyny, ýekeje setirini hem il-halkyň garşysyna duran adama bagyşlamady, şeýdibem ylham aýnasyny ömrylla päk saklady. Ýadyňyzdadyr, Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady pahyr «Wagzy-Azat» eserinde: Ger fakyrlar bolmasaýdy dünýede. Bes heläk bolgaýdy baýlar, eý dede! diýipdi. Şol ruhy Magtymguly ömri boýy ösdürdi. Baryp ol kyrk ýaşynyň içindekä, başynda ýüz müň gowga barka: Garypda san ýokdur, märeke görmez, Hak söýse-de ykbalyna mal bermez, At münüp depse-de, duşakly, ýörmez, Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi. diýen setirlerde özüniň içki gozgalaňyny, närazylygyny, gümanyny we gözlegini aňladypdy. Garyplar at münüp, depse-eşekdir, Döwletliler eşek münse, at bolar. ýaly, Pukaralar ynsandyr hem öýdülmez, Garyp, sen gezer sen gury san bilen! ýaly, Garyplyk bir dertdir-adam öldürmez, Öldürmese, dirilikde güldürmez. ýaly, Süleýman sen, mura bir gulak goýgul, Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl, Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul! ýaly setirler Magtymgulynyň ylhamyndan syzylyp çykypdy. Garyba goldaw-göwünlik bermek, ejize eýgilik etmek — gadymdan gelýän ýol. Magtymguly hem bu ýoldan ýöredi, ýöne onuň belentligi — ol şol ýoly giňeltdi, uzaltdy. Netijede, beýnide gaýnap-gaýnap, mumyýa kimin setirler döredi. Göwnüçökgünlere, ýagtylyga ömrylla umytsyzlara öçmejek umyt berdi. Gam çekme, garyp adam, Begler, şalar galmazlar. ýa-da: Magtymguly, garyplaryň gözýaşy, Daglary ýandyryp, erider daşy. ýa-da: Zalymlar har bolar, galar aýakda, Garyp, sen ýyglama, şir dek bolarsen! Görşüňiz ýaly, göwünlik bermek bir başga, umyt bermek düýbünden başga. Onda-da beýle umydy Magtymguly ýaly beýik şahs berende onuň halka täsirini ölçäre gural ýokdur. Özem on sekizinji asyr bilen on dokuzynjy asyryn, sepgidinde. Bu umydyň ähli türkilere, aýratynam Orta Aziýa türkilerine nur sepilen deý täsir edendigi ikuçsuzdyr. O gudratly setirleri eşidenler, Magtymgulynyň öňki eserlerine saý-sebäp bilen ünsi düşmedik hem bolsa, ýaňadan ýüz öwüripdirler. Sebäbi o setirler şo pursatdan başlap, Magtymgulynyň öňki-soňky bütin döredijiligini ýalkymly yşyk bilen ýagtyldypdyr. Aýdýan zadyň manysy täze-de bolsa, ony täzeçe aýtmakda, baý-baý, iş bardyr-ow! Asyl, işiň özeni şunda ahyry. Magtymguly hut şony başaranlygy üçin, üstesine-de asyrma-asyr gelýän pikirleri hem täzeçe aýdyp bilenligi üçin beýikdir. Magtymguly özünden öňkülerden ähli babatda has göwne ýakyn, has siňňitli dilde, halk durmuşyna has ýakyn dilde ýazany üçin ol halkyň ýüregine mäkäm ornaşdy. Şoňa görä, tas üç asyr bäri onuň täsir örüsi giňelmese daralanok. Halkyň ýagdaýy näçe pese gaçdygyça Magtymguly hem oňa şonça köp yhlas edipdir, has ysnyşypdyr. Bu pursatda bolsa türkmeniň Eýrana garşy birleşmesi güýçlenipdir, özara dawalar, öýke-kineler bir ýana taşlanyp, umumy türkmen bähbidi öňe sürlüp ugrapdyr. Ruslar tarapyndan türkmenlere goldaw beriljekdigi hakda habarlar diňe bir türkmenleriň arasyna ýaýraman, eýsem Eýran tarapyna hem ýörite ýaýradylan bolmagy gaty mümkindir. Eýran goşunlarynyň iňlisleriň, pereňlileriň harby kömegine daýanýandygy hakda habarlar hem gelipdir. Şeýle pursatda, taryhçylaryň ýazyşy ýaly, 1813-nji ýylyň ýazynda ilki gökleňler Eýrana garşy baş göterdiler, yz ýanyndan goňşulykda oturan ýomutlar bu gozgalaňa goşuldylar. Seýit Muhammet Ýusup Soltan diýen bir derwüş öňe çykýar. Hajy bolanlygy üçin, özgelerden has yhlaslylygy üçin ony türkmenler özüne baş edinipdirler. Hajy görmedigi görde galan diýilýänlerden. Hajy Orsyýetde-de, Hytaýdyr Hindistanda-da, Arap ýurtlarynda-da, Eýranda-da bolýar, Ahyrky düşelgesi Türkmensähra bolupdyr. Umuman, bu üýtgeşik, çylşyrymly adam hakda aýratyn gürrüň etjek bolsak, bu kitabyň sahypalary ýetmez. O hakda bir iňlis romanynda, eýran çeşmelerinde-de maglumat bary bar. Şeýle-de bolsa Hajynyň taryhy doly öwrenilmedik, kähalatda oňa birtaraplaýyn baha berlen ýagdaýlary hem bar. Gozgalaň gyzyşdygyça ruslaryň kömek bermek hakdaky wadalary has köp ýada düşüp başlapdyr. Ilkinji ýeňişler hem gazanylypdyr. Şo günler Magtymgulynyň dünýä meşhur bolan «Türkmeniň» goşgusy döreýär. “Türkmeniň”- şahyryň ähli umydynyn jemlenen goşgusy. Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi, Görogly gardaşy, serhoşdyr seri, Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň. Türkmen halkyna birnäçe asyrlyk programma derejesine ýeten bu eseriň o günlerki täsiri-hä däl, hut şu günlerdäki döredýän duýgulary hakda aýtmak üçinem uzak söhbetler gurmaly bolar. Bu şeýle bir gudratly, şeýle bir bereketli goşgy welin, näçe okasaňam ähli manysyny, ähli duýgularyny susup gutarmak mümkin däl. Bu goşgy gozgalaňa düşen türkmenleriň kalbyna melhem, goluna kuwwat beripdir. Olaryň söweşe çyny bilen çykanyna, Hajynyň hem çyny bilen öňe düşüşine göz ýetiren rus generallary aýbygadym oýnuna başlaýarlar. Kawkaz goşunlarynyň baş serkerdesi N. F. Rtişewiň, general Rotgofyň öz golastyndakylara buýruklary, hatlary türkmenlere wada bermekden aňry hereket etmeli däldigini aňladýar. Olar Hajyny gozgalaňçylaryň baştutany hökmünde ykrar edýärler. Rotgof oňa 1813-nji ýylyň 13-nji awgustynda ýörite hat ýollaýar. Ol hatda: ...men size hokman goşun kömegini bererin... diýen sözlerem bar. Hajy, biçäre, hiç hili gümansyz halda hut Aleksandr Birinjä we Rotgofyň adyna hat ýollaýar. Bu haty Kyýat han, Söýün han we Hojagylyç üçüsi äkidýär. Aleksandr birinjiniň türkmenler bilen şertnama baglaşmaga-da ygtyýar berendigi hakda maglumat bar. Rus generallary dürli wadalar bilen türkmenleri goldan gidirmän, şunuň kömegi bilen eýran hökümetine haýbat atmak arkaly assyrynlykda eýran-rus gepleşiklerini bişişdirýän ekenler. Bu sapalagy türkmenler bilmän galypdyrlar, sebäbi dogruçyllyk olaryň güýçli diplomatiýasy bolupdyr. Türkmen wekilleri deňiz aňyrsyna gidenlerinde-de eýran-türkmen soweşleri dowam edýän ekeni. Magtymguly olara elinden gelen kömek hökmünde ýangynly goşgy ýazypdyr. Garrap, sandan çykan gowre başga näme ýardam beribilsin? Onuň bu goşgusy iň soňky goşgy takdyryna duçar bolupdyr. Bu goşgyny ýazansoň ol özüniň göwresiniň boşap galandygyny, ähli ýiliginiň gurandygyny duýupdyr. Gojalygyň iň sosky duýgulary, iň soňky kuwwaty bu goşguda jemlenipdir. Bu goşgy niçe ýyllar bäri açylyp-eçilip duran döredijilik-ylham sahypasynyň ahyrkysy, sözsoňusy bolupdyr. Gorka-gorka üflas ýagdaýa, düşdük, Takdyr näme bolsa, görülsin indi. Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik, Degme, ol joş urup ýörülsin indi! ýa-da: Pyragy ýüz tutar türkmen iline, Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne, Dostlar, bizi ahyretiň siline Gark etmänkä, rakyp gyrylsyn indi. Gozgalaňçylaryň arasynda epeý ýaşulyny-gür ak sakgaly giň döşüni ýapyp duran, uzyn, süňklek, başyndaky silkmesini sümre geýensoň maňlaý gasynlary görünmeýän, göz owasynyň galyň ýygyrtlaryna bakmazdan göreçleriniň ody öçmedik, goja Magtymgulyny göz öňüne getiriň. Birmahallar atasynyň geýýän ak kamys geýimine olam giripdir. Hany, bir dem salym diňşirgeniň! Onuň gojalan owazy ýaňlanýan bolaýmasyn. Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup!... Bu setirde jemlenen duýgy-manynyň kim aňyrsyna çykyp biler?! Bu setir iki ýüz ýyl öň ýazylany üçin könelipdir diýip, kim tassyklar?! O setir hut şu günem her bir türkmene iň ýakyn, iň zerur söz bolup dur ahyry. Gozgalaňçylaryň watançylyk ruhy dürli taýpalary, aýratynam gökleňleri, ýomutlary bir-birine golaýlaşdyrypdyr, bu birleşmeklik kuwwatly güýje öwrüliberipdir. Olaryň ýeňişleri hakda taryh sahypasynda şeýle setirler bar: «Şol söweşde Hajynyň özi şahsy gahrymanlyk görkezipdir. Ilkinji bolup özi atyny debsäp, jeň meýdanyna çykypdyr, eline naýza alyp duşmana topulypdyr. Gürgeniň kenarlaryna barýança, atynyň jylawyny çekmändir. Onuň yzy bilen türkmen gozgalaňçylar-da gahrymançylyk we edermenlik görkezipdirler. Olar hüjüme geçip, şazadanyň goşunlaryny derbi-dagyn edipdirler, onuň nökerleriniň aglabasy gorkularyndan basga düşüp, özlerini suwa urupdyrlar we gurban bolupdyrlar». Söweşiň ahyrynda Hajy Seýit Muhammet Ýusuba ok degipdir we şehit bolupdyr... Fethaly şanyň köp ogullarynyň biri, Astrabadyň ýatlanylan hökümdary Muhammetguly mürzäniň komandirligindäki şa goşunlaryndan türkmenleriň iki gezek möhüm ýeňiş gazanandyklaryny N. F. Rtişew hem belleýär. Gozgalaňçylar onuň on bäş sany uly falkonedini elinden alypdyrlar, goşunyny bütinleýin gyrypdyrlar, Astrabadyň töweregini tozdurypdyrlar, Eýranyň hökümetini aljyraňňylyga salypdyrlar» (M. Annanepesow. Magtymguly we onuň zamanasy. Aşg. 1990ý.) Bu çaknyşyklarda türkmenleriň iňlis, pereň ýaragy bilen çaknyşanlygyna söz ýok, ýöne iňlis, pereň esgerlerine garşy hem söweşmeli bolan bolmaklary gaty mümkin zat. Ýarag söweşmez, ýürek söweşer. Deňiz aňyrsyna gepleşik geçirmäge gidenlerem hele-bärde geliberenok. Özlerem ýok, hat-habaram ýok, wada beren ors generallaryndanam ýardam ýok. Hajynyň wepat bolmagy bilen gozgalaňçylaryň umumy ruhy pese gaçyp başlaýar. Şo mahal gepleşik geçirmäge gidenler ýüzüne urlan ýaly bolup gelýärler. Sebäbi olaryň rus generallaryndan eden tamasy çykmany-ha bir ýana, gaýta Eýran bilen şertnama baglaşan ruslardan: indi türkmenleriň köşeşmelidigi hakda, kanuny agalar hökmünde Eýrana boýun egmelidigi hakda sözleri eşitmeli boldular. 1813-nji ýylyň oktýabr aýynda Gülüstan şertnamasy Eýran-rus urşuny tamamlady. Gepleşiklere eýran tarapyndan baştutanlyk eden Mürze Abdylhasan han ruslaryň türkmenlere ýardam bermejekdikleri hakda olardan söz almagy başardy. Hut şol şert hem Gülüstan şertnamasynyň baglaşylmagynyň möhüm açarlarynyň biri boldy. Bu ähdiýalanlyk ýa-da eýran-rus şertnamasynyň amatly baglaşylmagy üçin türkmenleri ýeserlik bilen ulanan diplomatiki ädim türkmenleriň indiki günlerini gana boýapdyr. Şeýle hem rus döwleti bilen-gatnaşyklaryň uzak wagtlap kesilmegine, halkyň arasynda ruslara sözünde durubilmeýän halk hokmünde bakylmagyna sebäp bolupdyr. O türkmenler 1732-nji ýylda rus-eýran şertnamasyna görä Gürgeniň ýaňadan Eýrana degişli edilmeginden öz atalarynyň öýkesini hem unutmandylar. Umumy öýke, elbetde, Magtymgula-da täsir etmän bilmez. Ruslaryň eýranlylar bilen şertnama baglaşanlygy hakdaky habar öňem gowşan gozgalaňa ýaramaz täsir edipdir. Gozgalaňa gatnaşýan taýpalaryň arasyna ýene şeýtan düşüp ugrapdyr. Düýn Eýrana garşy egin-egne berip söweşen ýigitler bu gün bir-birini kerçäp başlapdyr. Gahar-gazap olary adamçylykdan çykarypdyr, hatda bir-biregiň ýazyksyz maşgalasyna, çagalaryna gylyç urmakdanam gaýtmandyrlar. Beýle wakalar türkmeniň taryhynda köp bolanam bolsa, Eýrana garşy bu gezekki agyz birikdirmek, ýeňişli söweşmek agzalalygy baky aýyrandyr öýden Magtymgula örän uly urgy bolupdyr. Ol ömriboýy halkynyň ähli betbagtlygyny öz ýüreginden geçire-geçire, indi bu masgaralygy çekere gurbat tapmandyr. Ol özara çaknyşygyň has öwjän ýeri bolan Abasar çeşmä zordan aýagyny süýräp ýetipdir. Gül ýaly türkmen ýigitleriniň kellesi honda togarlanyşyp ýatyr, Türkmen Türkmeniň ganyny döküp, çeşme suwuny gyrmyza boýapdyr. -Saklanaweriň! Saklan! Saklan! Bir-biregi çapmak ärlik däldir!.. Magtymgula hiç kim gulak asmady, bu owaza hiç kimiň gylyjy goldan gaçmady, gaýta «Başyň alynmanka çekil!» diýen gazaply sesler gylyç galkan şarkyldysyna goşulyp çykdy... «Çekil! Çekil!». Gany gyzan türkmeni saklajak güýç ýoklugyny Magtymguly unutdy. Hernäçe özelense-de onuň sözi ýele gitdi. Ol Alla nalyş etjek bolup, gollaryny asmana göterenden arkan serpilip gitdi. Ganly çeşme boýunda beýik şahyr Magtymgulynyň ýüregi ýaryldy. Dogrusy, türkmenler öz beýik Türkmeniniň ýüregini ýardy. XII asyrda Ibn Sinanyň: «Dünýäni pelsepeçiler dolandyrardan ir» diýeni XIX asyryň başynda-da ir boldy. Magtymguly zamananyň tümlüginden, ruhy gahatlykdan öz namys belentligini, lebiz päkligini aman alyp çykdy, ömri ýolda biwagt kesilmedi, ýogsa geçen segsen ýyllykda ajal näçe gezekler onuň ýoluny peýläp ýatypdy. Duşmanlaryň onuň janyna kast eden bolmaklary-da mümkindir. Şahyryň ir wagtlar, heniz kyrk hem ýaşamanka: “Ömür ekläp, gün görmäge, Segsen ýyl pursat islärin.” diýeni dürs çykdy. Magtymguly bir zürýatsyz dünýäden ötmeli boldy. Öýüň töründe ýatan jesediň bir ýanynda zaryn aglaýan Zübeýda dogany, bir ýanýnda-da ýigit çykan ýegeni, Zübeýdanyň ogly Zelili otyr. Belki, örän uzakda galan Meňli Magtymgulyny ýatlap, zar-zelil halda gözýaş bolup ereýändir. Magtymgulynyň jesedini hem Aktokaýda Döwletmämmet mollanyň guburynyň ýanynda ýerlediler. Bütin ömrüni ömür hem ölüm barada oýlanan, o hakda belent şygyrlar ýazan şahyr ýer astyna girdi gitdi. Per düşege dözülmejek göwre, gaty ýeri ýassanyp ýatmaly boldy. Magtymguly ýogalandan soň, onuň esger kimin goşgularynyň türkmen ahwalyna çuň täsiri, tutuş on dokuzynjy, ýigriminji asyrlarda türkmenleriň basybalyjylara garşy göreşlerinde Magtymgulynyň şygyrlaryndaky ideýalaryň iň ýakyn goldawçy, iň ýakyn ündewçi, iň ýakyn esger bolandygy hakdyr. Magtymgulynyň özi dirikä dörän, ýaýraw alyp başlan şahyrlyk mekdebi hem on dokuzynjy asyrda rowaçlyk gazandy. Şahyryň deň-duşlary-Şeýdaýynyň, Andalybyň yzy bilen Zelili, Magrupy, Seýdi, Mollanepes, Kemine, Mätäji ýaly şahyrlar klassyk derejesine göterildiler. Umuman, Magtymgulynyň türkmen durmuşyna, Orta Aziýa medeniýetine uran kökleri, beren miweleri çäksizdir. Magtymgulynyň iň beýik hyzmaty-çuňňur milli eserleri arkaly, hut özüniň çirk ýetmejek päklik göreldesi arkaly türkmen halkyny gutarnykly dagap gitmekden halas etdi. Bu howaýy söz däl, bu hakda belent jogapkärçilik bilen pikir öwürmäge deliller gaty kän. Öz gezeginde halk hem Magtymgulynyň adyny doga edinip dakyndy. Ony uzak-uzak çarkandakly ýollardan alyp geldi. Magtymguly türkmenleriň arasynda pygamberden soňky adam hökmünde görülýär. Kähalatlarda onuň adyny hezreti Magtymguly diýip tutýarlar. “Magtymguly dirikä, onuň abraýy häzirkiçe boldumyka?” diýip, okyjylar köp sorag berýärler. Häzirki abraýynyň bolmagy mümkin däl. Munuň ilkinji sebäbi-Magtymguly aňrybaş dogry sözli we päk adam. Bilşiňiz ýaly, päk hem dogry sözliniň dosty ýok. Dogry sözlini dokuz obadan kowarlar. Magtymguly bolsa tankydyň ýiti peýkamyny hiç bir gypynç etmän patyşalara atdy: “Şalarda galmady hökmi adalat”, “Ger emiriň,ger weziriň akly kuteh, ham olur, Ol emiriň ady ahyr halk era betnam olur.”, hanlara-beglere atdy:”Bigaýrat han golundan, Düşdi ilat zibire”, kazylara atdy:”Pygamber ornunda oturan kazy, Para üçin elin aça başlady”, işan-mollalara atdy:”Işanlary her gapyda tapylar”, özüniň ynsan diýlen belent adyny unudýanlara atdy. Şeýle egriler mydama köp bolansoň, dünýäde dostdan duşman köp bolupdyr, şöhratly akyldar bolansoň, bäsdeşler her ädimde Magtymgula duşman gözi, göriplik gözi bilen bakypdyrlar, ýoluna garym gazyp basyrypdyrlar. Bu kanunalaýyk zat. Pukara halkyň ony söýmegi hem kanunalaýyk zat. Magtymguly öz duşmanlaryny, garşydaşlaryny ýagşy tanan adam. Egrilige garşy söweş yglan eden adam. Emma baş söweşiň-ömürboýy özüň bilen söweşligini, özüňi ýeňmegiň baş ýeňişligini bile-bile ýaşan adam. Bu dünýä-özüň bilen söweşip geçmeli dünýä. Ýalňyzlyga örän ir öwrenişipdir, ýalňyzlygyň ynsana ýeten paýlygyna çuň göz ýetiripdir. Magtymgulydan: ”Bagt näme?” diýip soran bolsadylar, ol: ”Sagdyn dogmak, sagdyn ölmek” diýip jogap bererdi. Şu sözlere aýratyn üns bermegiňizi haýyş edýän. Adama ölenden soň mukaddeslik berilýär oýdýän, sebäbi adam ölmänkä, hernäçe mukaddes bolsa-da, özgeler ony özüne deňäp kiçeldýän bolarly. «Müşgil budur, sozleşende deň bolar». Beýikleriň garşysynda mydama beýik garşylyklar bar. Magtymguly ömründe çykgynsyz ýagdaýa düşüp, il-gününden peýda görmän, gaýta çetleşdirilen, ýazgarylan halatlary az bolandyr öýdýärmisiňiz?! Onuň şirin janyna kast edilen dälmidir?! Şu aşakdaky setirler ýönelige dörän däldir: Magtymguly, gaýra çekgil özüňni, Anyk bil, oýarlar iki gözüňni, Diňlän ýokdur, zaýa kylma sözüňni, Indi senden habar alan bolmady. ýa-da: Bir hakdan özgesi ýagydyr-ýagy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |