17:25 Magtymgulynama / Ikinji bölüm -6: soňy | |
* * * Şahyr dünýäden ötenden kän wagt geçmänkä, 1833-nji ýylda demirgazyk Horasana syýahat eden polýak ýazyjysy we alymy A.L.Hodzko-Boreýko Magtymgulynyň goşgularyna sataşan ilkinji ýewropaly hasaplanýar. Magtymgulynyň omürhalyny beýan edende ýerden örküni üzüpdir. Ähtimal, halk içinde şeýle belentligi muňa täsir edendir. Hodzkonyň özi hem Magtymgulynyň il içindäki meşhurlygyny belläpdir. Ol şahyryň üç goşgusyny sözme-söz terjime edip, 1842-nji ýylda Londonda «Populýar pars poeziýasyndan parçalar» atly kitabynda neşir edipdir. Hodzkonyň beýik polýak kompozitory Şopen, Meşhur ýazyjy we milli-azatlyk hereketiniň ýakyn ýardamçysy Miskewiç bilen gatnaşykly bolandygyny göz öňünde tutsaň, onda Şopen bilen Miskewiçiň Magtymgulydan habarly bolandygy hakda çak urup bolar. Özem bu hakykata gaty ýakyndyr. I. Bereziniň, F. A. Bakuliniň işlerinde-de Magtymgulynyň eserlerine ýüzlenilýär. Wenger alymy A. Wamberi 1863-nji ýylda Orta Aziýada bolup, soňra Magtymgulynyň 31 şygryny neşir edýär. Ol şahyryň terjimehalyna we döredijiligine ylmy taýdan çemeleşenleriň ilkinjisidir. Wamberi eýýäm şo wagtlar Magtymgulynyň milli şahyrlygyna göz ýetiripdir. “Magtymgulynyň kitaby Kurandan soň, türkmenleriň arasynda uzak döwürläp ikinji kitap boljakdyr.” diýen hem Wamberidi. Syýahatçynyň äkiden şol golýazmasy häzir Wengriýada saklanýar. Magtymgulynyň diwanlary kitap göçürijiler tarapyndan köpeldilmek bilen birlikde, onuň aradan çykanyna ýüz ýyl dolmagynyň oňüsyrasynda, 1907-nji, 1911-nji we 1912-nji ýyllarda dürli ýerlerde daşbasmada ýaýradylýar. 1913-nji ýylda bolsa şahyryň garyndaşlarynyň biri Annagurban ahun Magtymgulynyň mazarynyň başynda, şahyryň ölüminiň ýüz ýyllygyna aş beripdir. Şol ýyllardan başlap rus gündogary öwrenijileri Magtymgula ymykly gyzyklanyp başlaýarlar. Zeki Welidi Dogan, A. Samoýlowiç, Ýe. Bertels, W. Bartold ýaly uly alymlar Magtymgulyny dünýä tanatmakda önjeýli işlediler. Alymlaryň kesgitleýşiçe, türkmen edebiýaty öwreniş ylmy Magtymgula 1915-nji ýyldan ýüzlendi. «Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazeta» 1915-nji ýylyň 3-nji aprelinde «Magtymguly» atly makala berdi. Muny belli türkmen edebiýatçysy Hojaly molla ýazypdyr. 1926-njy ýylda B. Berdiýew we B. Kerbabaýew Magtymgulynyň saldamly bir tomlugyny neşir etdirýär. Şondan soň Magtymgulyny aradan aýyrmak üçin dürli şyltaklar atylyp başlanýar. Proletkultçylaryň «täze edebiýat» hakdaky galp düşünjeleri düzedip bolmajak zyýanlar getirýär. Şo döwürler daşary ýurtlara türkmenleriň mejbury göçmesi güýçlenýär, özem ozaly bilen, ylymly-bilimli, dünýä düşünýän adamlar, maşgalalar gidýär. Şolar bilen birlikde gadymy golýazmalar, kitaplaram araçäkden aşýar. Dine garşy hüjümleriň hem medeniýetimize urgulary munuň urnasy. Eýýäm otuzynjy ýyllarda arap ýazuwyndaky köne kitap goluňda bolsa, özüňi zyndanda hasap edibermeli ahwallar başlanýar. Duýdansyz gelip öý dörmeler zerarly, her kim özündäki köne kitaby bir ýana aýyrjak bolup dyrjaşýar. Jejirsli A. Aşyrow şol wakalar babatda şeýle ýazýar: -Hakykatdan hem islendik oba baryp, ýaşulular bilen gürrüňleşenimde olar otuzynjy ýyllarda öz obalarynda kän golýazmalaryň gömlendigini, ýakylandygyny aýdýarlar. Mundan on ýyl teweregi ozal maňa Kerki töwereklerinden bir ýaşulydan hat geldi. Ol ozüniň otuzynjy ýyllarda Garrygala raýonynda işlemeli bolandygyny ýazmak bilen, bir gezek Jejirs obasyna (häzir bu oba Gyzylarbat raýonyna degişli) baranynda Magtymgulynyň nebereleriniň metjitden Magtymgulynyň kitaphanasyny çykaryp ýakjak bolup durkalar üstlerine barandygyny, birbada bu işiň öňüni alandygyny, emma iki-üç günden aýlanyp gelen mahaly bolsa golýazmalaryň ählisiniň ýakylandygyny ýazypdyr. Nähili aýylganç fakt. Men özüm şol obadan bolsam-da, şu wagta çenli bu fakty eşitmändim. Ýöne oba adamlaryndan Magtymgulynyň kitaplarynyň dagyň gowaklaryna taşlanandygy barada eşidipdim. Hatda olaryň ýek-ýarymlarynyň altmyşynjy ýyllara çenli saklanandyklaryny aýdýarlar. 1980-nji ýyllaryň başynda Garrygala raýonynyň halk magaryf bölüminiň müdiri Sopy Orazow bize otuzynjy ýyllaryň ortalarynda serhetden geçilen halatda iki çuwal golýazmanyň dagyň gowaklarynda goýlandygyny, şol adamlaryň häzir biriniň diridigini aýtdy.” Şol medeni talaň döwri Magtymguly söwda burjuaziýasynyň wekili hokmünde aýplanýar.Gurban Kulyýew diýen bir awtor Magtymgulynyň kastyna çykyp, 1932-nji ýylda «Magtymguly-söwda burjuaziýasynyň ideology» ady bilen ýörite kitap hem neşir etdirýär. 1940-njy ýyldan soň Magtymgula kesek atan bolmandyr. Rus diline, beýleki dillere terjime etmeklik hem ýola düşüberýär. Belli rus sowet şahyry hem--de terjimeçisi A. Tarkowskiniň, Şengeliniň Magtymgulynyň eserlerinden rusça terjimeleri häzire çenli iň gowy terjimeleriň hatarynda görülýär. Magtymgulynyň eserlerini iňlis diline terjime etmekde Ýusup Azmun we Angliýanyň meşhur şahyry, ýazyjysy Braýan Oldis uly iş bitirdiler. Magtymgulyny ýakyndan tanandan soň, Braýan Oldis:”Iňlisde meşhur Wilýam Şekspire deňelen ýekeje şahyr bar. Ol-Magtymguly.” diýipdi. Meşhur Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew:”Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl, eýsem dünýä poeziýasynyň-da Elbrusy hasap edýäris.” diýipdi. Professor I. S. Braginskiý: ”Magtymguly öz ene dili bolan Türkmen dilini çeper edebiýat diliniň derejesine çenli ýokary göteripdir.” diýdi. Dünýäniň iň beýik ýazyjylarynyň biri Çingiz Aýtmatow bolsa: ”Türküstanda on sekizinji asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr.” diýdi. Ukrainaly ýazyjy Pawlo Tyçina: ”Magtymguly hakykata gulluk etmäge mäkäm kasam içen we ömrüniň ahyryna çenli hakykata wepaly bolan şahyrdyr.” Alym A. Gajyýew:”Dogrusy, Gündogaryň hiç bir şahyrynda döwrüň obrazy Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly baş orny eýelemeýär.” diýdi. Alym A. Orazow: ”Magtymgulynyň döredijiligi Türkmeniň häsiýetnama kitabydyr.” diýipdi. Ussat rus şahyry we terjimeçisi A. Tarkowskiý:”Lermontowyň şygyrlarynyň hyjuwlylygyny, Derjawiniň eserlerindäki dabara-tantanany, Tütçewiň goşgularyndaky çuňlugy, Puşkiniň poeziýasynyň heňdarlygyny başga dillerde nähili berip bolar?! Bu elementleriň hemmesi-de, belli derejede Magtymgulynyň eserlerinde bar ahyry.” diýdi. Magtymgulynyň eserlerini rus diline sözme-söz terjime eden we makalalar ýazan uly alym Zylyha Muhammedowa: “Magtymguly… dünýä örän seýrek gelýän akyl we talant pälwanlarynyň biridir.” diýipdi. N. Aşyrow: ”Türkmen edebiýatyny halkara sahnasyna çykaran beýik Magtymgulydyr.” diýdi. Umuman, Magtymgulynyň şygyrlarynyň terjimesi hakda gürrüň edilende bu şahyryň hem beýleki çuňňur milli şahyrlar kimin doly terjime edip bolmaýan şahyrdygyny ýatlatmak gerek. Şeýle-de bolsa, onuň ummasyz duýguly-ruhly hazynasyndan halklara serpaý paýlamak işi dowam edýär. Magtymgulynyň kanoniki portretini meşhur hudojnik Aýhan Hajyýew 1947-nji ýylda döretdi. Onuň soňraky iş-leriniň köpüsi hem beýik şahyra bagyşlanandyr. Magtymguly hakda köp-köp kinofilmler, edebi eserler, sahna işleri, heýkeller, haly-portretler döredilen bolsa-da halk öz söýgüli şahyrynyň kämil obrazlaryna teşnelik bilen garaşýar. Dünýä medeniýeti heniz Magtymgulyny açyp bilenok, ýa-da biz Magtymgulyny dünýä medeniýetine tanadyp bilemzok. Hak sözden ýasalan göwheriň (A. Atajanow) iru-giç bütin ýer şarynyň daşyna aýlanan monjugyň bir düwmesine öwrüljegine şek ýok. Her döwrüň, her jemgyýetçilik toparynyň Magtymgula ýakynlaşýan ýa-da ondan daşlaşýan zamanasy bolýar. Biziň medeni kämilligimiziň nähili derejededigini halkyň Magtymgula ýakynlaşyş derejesi bilen anyk kesgitläp bolar. Şu taýda başga bir hakykaty hem bilip goýalyň: Magtymgulynyň iň köp çap edilen ýeri Özbegistandyr. «...Puşkini öwrenijiler bolmadyk bolsa, Puşkin biziň şeýle güýçli söýýän Puşkinimiz bolmazdy” diýen D. Lihaçýowyň paýhasyna gulak goýuň. Magtymgulynyň öz eli bilen ýazan golýazmalarynyň henize çenli gutarnykly anyklanmanlygy hem belli. Häzirki wagtda bar bolan göçürme golýazmalary ylmy taýdan öwrenmekde, neşir etmekde, o eserler hakda ylmy-populýar işler ýazmakda güzaply işler edilen bolsa-da, entek-entek öňde uly-uly işler bar. Magtymguly iň köp syrly şahyrlaryň biri. Onuň pelsepesini doly ýa-da bu günki okyjyny kanagatlandyrjak derejede açmak heniz hiç kime miýesser bolanok. Şu günlere çenli hem Türki gündogarda tanalmaýan Hajy Bekdaş Weliniň adynyň Magtymgulyda barlygy şahyry has beýgeldýär ahyry. Käbir syrlaryna başga syrlary açmak bilen ýetip boljakdygyny hem bilýänsiňiz. Mysal üçin, şahyryň: “Ỳyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym” diýen örän owadan syrly setiri bar. Ỳyldyz ýokarda, Aý aşakda, ýyldyz bize kiçi görünýär, Aý uly görünýär, Aý ýyldyza görä bize köp şöhle saçýar. Biziň pikirimizçe, sopuçylyk syrlaryny bilmän, Magtymgulynyň bu syryny açmak mümkin däl. Sopuçylykda, aýratynam, Hajy Bekdaş Welide ylym ýyldyza meňzedilýär, onda şeýle bir setir bar: ”Akyl Aýa, magryfet Güne, ylym Ỳyldyza meňzär” Şahyr: “Ylymdan ýol ýasap, akyla sataşdym” diýýär dälmi?! Başga bir goşgusyna ünsüňizi çekeýin: Iki müň üç ýüz agaç ähli-yslamdyr, Yrak, Azerbaýjan, Müsürdir, Şamdyr, Horasan, Fars, Bezirkuhda tamamdyr, Ỳok bolynça, galmagaldyr bu dünýä. Ýa-da: Magtymguly,gel,goý,bu belent ýoly, Diýseň hem hiç kimse ynanmaz häli. Şeýle syrly setirleri okap, kelle döwüň, bakaly. Gaty köp jogap taparsyňyz, emma o jogaplar öz göwnüňize-de jaý bolmaz. Ynha, Magtymguly şeýle şahyr. * * * Magtymgulyny öwrenmek meselesinde gaty köp garşylyklara, päsgelçiliklere sezewar edilse-de, şu güne çenli iň köp iş eden, üstesine-de onuň eden işleriniň derejesine bäri-bärde ýetilmejek bir alym hakda aýratyn aýtmak gerek. Ol filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Aşyrpur Meredow. Bu meşhur alym ilki Sapar Ahally bilen bilelikde ýazylan, 1988-nji ýylda 512 sahypalyk “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” diýen kitaby neşir etdirdi. A. Meredow Magtymgulynyň düşündirişli sözlügini taýýarlamaga hem bireýýämden bäri girişipdi. Bu örän azaply işi başga ýerlerde tutuş ylmy-barlag institutlarynyň ähli işgärleri gatnaşyp ýerine ýetirýän bolsa, bizde diňe A. Meredowýň özi gijesini gündiz edip, aýlygyny oňa harçlap, bir köpük galam haky alman ýerine ýetirdi. Bu üç tomluk tapylgysyz golýazma neşir edilmän uzak ýyllar çaň basyp ýatdy. Ahyry, ony Magtymguly jemgyýetiniň hasabyna Gazagystanda neşir etdirmek hakda gepleşdim, emma soňy şowsuz boldy. Soňra Eýranly Türkmen, Halkara Magtymguly baýragynyň eýesi hormatly Myratdurdy Kazydan haýyş etdik. Razy boldy. Ýöne o döwürde eýýäm Magtymguly jemgyýeti ýokdy. Kitap sany bary-ýogy altmyş-ýetmişden köp bolmasa-da harjy ýokarydy. A. Meredow gadymy bir halysyny hem-de gymmatly şahsy kitaphanasyny satdy. Kitaplaryň puluny soň bererin diýip, göterip bilen kitabyny alyp giden nätanyş hem boldy. Şo günlerde hormatly alymymyzyň bir gözi hem operasiýadan soň kör boldy, beýleki gözi hem gaty gowşady. Umumy saglygy hem howply ýagdaýa düşdi. Segsen ýaşa ýakynlan, ogul-gyzsyz alymyň şeýle güzaplyklardan soň, “Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginiň” birinji tomuny eline alanda neneňsi begenendigini göz öňüne bir getirip bilermisiňiz?! Men o bagtly pursata şaýat bolupdym. Az wagtdan alymyň Magtymgulynyň tas ähli golýazmasyny diýen ýaly deňeşdirip, ömrüniň otuz ýylyny berip taýýarlan “Magtymguly Pyragynyň Diwany. Tankydy tekst” atly iki tomluk kitaby hem, uzak ýýllardan soň, ýene Eýranda çap bolup çykdy. Oňa siňdirilen zähmeti aýdar-diýer ýaly däl. Emma Magtymgulynyň iň beýik janköýeri o kitaplary görmäge ýetişmän dünýäsini täzeledi. Magtymguly üçin ummasyz köp iş eden alym A. Meredow 2009-njy ýylyň 5-nji awgustynda aradan çykdy. Ol 1924-nji ýylda Eýranda dünýä inipdi. Käbir garşylykly pikirlerine garamazdan, bu beýik alymyň, Magtymguly üçin pidakäriň işleriniň gadryny gelejekki okyjylar biler diýen mizemez umydymyz bar. Jaýyň jennetde bolsun Magtymgulynyň hakyky dosty NURY DÄDE! * * * Bir okyjy Magtymgulyny birinji gezek okanda göwnüne ýaran setirleriň aşagyny çyzypdyr, az wagtdan ol Magtymgulyny göwni küýsäp, ýene okapdyr. Ýene-de kalba ýakyn setirleriň aşagyny çyzypdyr. Ol üçünji gezek okap başlanda ähli setirleriň diýen ýaly aşagy çyzylanlygyna ünsi düşüpdir. Setir arasyndaky, sözleriň kölegesindäki manyny näme etjek diýseňiz-le?! Üstesine, ömrüň her möwsüminde Magtymguly başgaça täsir edýär. Kyrky arka atan bir kişi: «Bä-äý, Magtymgulyny kyrk ýaşda okadym weli, täsiri düýbünden başga» diýende, beýle ýanda oturan goja ýylgyryberipdir: «Inim, sen Magtymgulyny segsen ýaşda-da bir okap gör. Gudraty şonda görersiň!» Şahyryň kalby onuň ýazýan eserleri bilen deňine gürsüldeýänligi üçin hem-de onuň mizemez päkligi her kişini ynandyrýandygy üçin eserleriniň täsiri başga. Ol rahat gününde-de, matamly gününde-de, söweşli, urha-çaplykly günlerde-de, Watanyndaka-da, sergezdanlykda-da ýazmany goýmady, özge bolmasa beýnisinde bişirip goýdy. Halypasy Jelaleddin Rumynyň: ”Deňize zeýrenip ýörmän, ýüzmäni öwrenmek gerek” diýenini pugta berjaý etdi. Üstesine-de, Magtymgulynyň eserleriniň örän çuň filosofiýa bilen ýugrulmagy, Kurany Kerimden we beýleki mukaddes kitaplardan örän ussatlyk bilen peýdalanmagy seýrek duş gelýän hadysa. Magtymgulynyň üýtgeşikligi: ony her gezek okanyňyzda, enaýy dünýä açarsyňyz. Ýaňyja ýörän ýolunda merjen dänesini tapyp, yzyna öwrülse, ýene merjene sataşan adamyň ahwaly kimin. Ýüregimi açsam, okyjym, şu kitaby ýazmak üçin Magtymgulynyň eserlerini näçe ýyl, näçe gezek okanym hasapdan çykdy. Emma ýene müň gezek okap, bu hazynanyň düýbüni görüp bilmejegimi-de ýagşy bilýän. Professor Ýe. E. Bertels Magtymgulynyň eserlerini dünýäni görkezip duran Jemşidiň jamyna meňzetdi. Magtymgulynyň jamy şo durulygynda, şo aýdyňlygynda saklanýar. Bir hakykaty hiç unutmalyň: MAGTYMGULY bolmasa, Türkmeniň TÜRKMENLIGI kem bolar. ÝOL BAŞYNDAKY SÖHBET Ynha, Hormatly Okyjym, «Magtymgulynamany» okap çykdyňyz. Sabryňyza bereket. Bir kitapda Magtymguly hakda ähli meseleleri çözmeg-ä beýlede dursun, eýsem şolaryň ählisini orta çykarmagam mümkin däl. Sebäbi Magtymguly biziň göz öňüne getirişimizden has çuň, has belent şahyrdyr. Bu hakykaty hiç-hiç unutmalyň. Kitaby tamamlap, ýaňadan okamsoň, Magtymguly hakda bilýänjelerimiň üçden birini hem kagyza geçirmänime göz ýetirdim. Bu kitapda Magtymgulynyň diňe ömri bilen bagly eserlerine göz aýladym. Onuň deňsiz-taýsyz çuň filosofiýasy hakda, ylmy garaýyşlary hakda, aýal-gyzlara döwrebap bakyşy hakda, ekologiýa, köňül ekologiýasy hakda, Magtymguly we Türkmençilik hakda, Magtymgula atasy Döwletmämmet Azadydan soň iň köp täsir eden Rumy bilen Magtymgulynyň döredijilik gatnaşyklary hakda, her goşgusynyň içine heň salyp, aýdym-sazdan çuň habarlydygy, belki-de sazandalygy hakda, özünden soňky Türkmen şahyrlaryny öz kölegesinden çykarmanlygy hakda, Magtymguly we dünýä dinleri hakda we ýene ýüzlerçe meseleler galyň-galyň kitap edilip aýratyn öwrenilmegine garaşýar. Magtymgulynyň dünýä edebiýat meýdanynda tutýan orny hakda has çylşyrymly meseleler örän düýpli öwrenilmäge mätäç. Men okyjylara bulary ýatladyp, özümem okyja uly bir sorag bilen ýüzlenesim gelýär: Magtymgulynyň beýikligi nämede? Bu soraga ýüz müň tüýsli jogap beriljegini bilýän. Şol jogaplaryň jemlenmesi hem uly bir kitap bolardy. Dünýäde täzelik ýok, täzeçe aýtmak bar. Magtymguly täzeçe aýtmany hem, aýtman düşündirmäni hem başardy. Ol ýangynly eserlerini ynsan ukudan saplansyn, dünýä dört göz bilen baksyn diýip ýazypdyr. “Dünýäni tutjak bolup, kowalap barýarkaňyz, arkaňyza-da bakaweriň, sizi kowalap gelýänem bardyr” diýen pikiri okyjysyna ýatlatmak üçin ýazypdyr. Her bir genini düşündirip bolmaýşy ýaly, onuň ömür beýanyny ýazmak hem bir adama gaty çetin. Magtymgulynyň ummasyz baý hazynasyndan her kim gurbunyň ýetdiginden alýar. Üstesine bu şahyryň hakyky terjimehalyny rowaýatlardan, legendalardan saýlap almak hem uly kynçylyk döredýär. Bulardan başga, mende ömürnama ýazmak tejribesiniň ýoklugy hem işiň müşgilini artdyrdy.“Magtymgulyny mençe bilýän ýok.” diýip, işi kynlaşdyrýanlaram az däl. «Ilkinji külçe külsüz bolmaz» diýipdirler. Elbetde, säwliklerem, pikir çaprazlyklary hem bolup biler. Şeýle bolsa ozaly bilen ony düzetmäge Siziň ýakyndan ýardamyňyz derkar. Kösä her kim bir gyl berse sakally bolar. Azaby reýgan etmegi her ýeten başarar. Bir setiriň manysyna ýetjek bolup, müň kişiden sorag edenimi, müň bir kitaplar dörenimi unutmawer, okyjym! Men Magtymgulynyň we eserleriniň umumy medeniýetiniň örän ýokarydygyny hiç unutmadym. Şoňa kybapdaş bolmaga çalyşdym. Umumy medeniýet diýen düşünjä gaty uly many ýükleýänimi bilýäňiz ahyry. Okyjynyň özi düşüner, özi göz ýetirer diýip aýtman goýan pikirlerime-de özüňiz ýetmelisiňiz. Bu kitaba: «Tamamlanmadyk kitap» ýa-da «Il bolup ýazylmaly kitap» diýseňizem gelişmän durmaz. I. A. Nowikow maglumatyn, ýazgy-ýatlamalaryň bolçulygynda-da “Puşkin Mihaýlowskide» diýen eserini otuz ýyllap kämilleşdiripdir. Belki, täze-täze awtorlar öz «Magtymgulynamasyny” ýazyp, kerwene tirkäp goýbererler. Bu Alynyň ala meýdany-da. Aslynda, bu meniň ýazmaly kitabym däldi. Türkmen geçmişine özbaşdak nazar öwürip bilýän adamlar bolsa-da Magtymgulynyň ömür kyssasyny ýazmaga girişmediler. Şeýlelikde kitaplaryna sözbaşylarda, dürli makalalarda, dissertasiýalarda Magtymgulynyň ýol ugruna beýan edilen gysga terjimehaly bolaýmasa, taryhy hakykat goşgularyndaky logika bilen yzarlanyp, deňeşdirilip ýazylan ýörite, giňiş terjimehalynyň ýoklugy şu kitaby ýazmaga mejbur etdi. Ömrüni Magtymgula bagyşlan bir alymyň, bir ýazyjynyň ýoklugy hem ajy hakykat. Üstesine-de Magtymgulyny gelejekki ägirt öwrenijilere, sähelçe-de bolsa, ýardam berip biljegime ynamym güýçlüdir. Her bir geniý ýaly Magtymguly hem bu dünýä sygman ýaşady, akyl garaňkylygyna, ynsanyň häsiýet pisligine garşy göreşdi. Gahar we nebis ýaly dünýäni ýumrujy gara güýje garşy KÄMIL ADAM ýetişdirmek ýoluny kuwwatly dowam etdirdi. Magtymguly hakda gelejekki okyjy bilen söhbet etmek arzuwy hem bu kitaby ýazdyran baş sebäpleriň biridir. Şahyryň ömrüne degişli şygyrlaryna onuň öz terjimehaly hem-de döwrüň ahwaly hökmünde garamagy özüme pent etdim. Şahyry, käbirimiziň göz öňüne getirişimiz ýaly, perişde däl-de, ýerdäki Adam hereketinde şekillendirendigime göz ýetirensiňiz. Sebäbi şahyryň özi hem: «Adamzat ýagşydyr gulman periden» diýipdi. Magtymgulyny dünýä bilen işi bolman, diňe din bilen bolup, öýden çykman oturan bir sopy edip görkez diýenlerem bolupdy.”Ol ýigitler görde ýagşy, başy gowgaly bolmasa” Magtymgula her kimiň öz düşünişi bar. Her kimiň köňlünde öz Magtymgulysy bar. Men öz Magtymgulymy ýazdym. Baş hakykat hökmünde onuň öz goşgularyny goldandym. Ýogsa ýüwrük toslamalara ýol berip, owadan ömür kyssasyny hem ýazyp bilerdim. Eger onuň ýeke setirini hem ters ulanan bolsam, ötünç soraýan, ol atanlykda sypandyr, düzetseňiz-duýdursaňyz minnetdar bolaryn. Bu kitaby Magtymgulyny düşündirmek üçin däl-de, Magtymgula özüm düşünjek bolup ýazdym. Magtymguly hakda gowy sorag goýup bilen bolsam hem hoş bolaryn. Maglumatlaryň haýsy çeşmeden, haýsy alymdan, ýazyjydan, okyjydan alnanyny çykytda görkezmänimi geň görmaň. «Magtymgulynama» tutuşlygyna şolaryň aýdan-ýazanlary esasynda ýazyldy. Meniň bu taýda eden işim-şol pikirleri bir sapaga düzmekden ybarat boldy. Magtymgulynyň dürlüçe düşündirilýän ýa-da düýbünden düşündirilmejek setirleri köp. Köp zatlary bilse-de, aýdasy gelse-de, açyk aýtman, setirleriň arasynda, goşgularyň ruhunda goýany belli.Şahyr şol syrlary bilenem okyjyny özüne çekýär: “Sözüm aňlan ýok” diýp ümsüm oturma, Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr. ýa-da: Magtymguly, syrym çohdur. Men neýläýin, açan ýokdur. ýa-da: Magtymguly, gizlin syryň bar içde. ýa-da: Magtymguly, gel, goý, bu belent ýoly, Diýseň hem hiç kimse ynanmaz häli. Magtymgulynyň şygyrlaryndaky syrlary açmak bagty, belki, Size miýesser eder. Hormatly Okyjym! Bu kitaby sabyr edip okanyňa minnetdardyryn. Hoş, sag boluň! 1983-1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |