16:40 Magtymgulynama: Sözbaşy | |
MAGTYMGULYNAMA
Magtymgulyny öwreniş
Beyik Magtymgulynyň goşgulary esasynda ýazylyp, şahyryň ölüminiň 200 ýyllygyna bagyşlanan ikinji neşiri Şu kitaby ýazmaga köňül ýardamyny berenleriň we okanlaryň iki dünýäsi abat bolsun. SÖZBAŞY Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir. W.Bartold Men juda jogapkärli işe ulaşyp, uly hata goýberýän bolaýmaýyn, seresaplygy elden berip il gözünden düşäýmäýin. Bu howp meniň bir ýanymdan aslyşyp dur. Emma Magtymgula çäksiz yhlasym hem meni öz erkime goýanok. Öňi-soňy Magtymguly hakda ýazmasam ýüregim ynjalyk tapmajagyny bilýän. Öz ýüregime özüm belet. Ýüregimdäkini bir ýazaýyn, soňuny soň gorübereris. Ynha beýik Magtymguly alnymda dur, gamgyn-paýhasly, merdem görnüşli. Onuň çuň durmuşy pelsepesi oda dyzaýan perwanalar ýaly aňymda gaýda-gaýmalaşyk. Ýowuz asyr şahyryň arkasyndan abanýar. Magtymguly şol ýowuzlygy buz owradan ýaly owradasy gelýär, sebäbi ol öz asyryndan has ir dünýä inen adam, ol garaňky asyryň gödekligine hiç bir ýagdaýda-da öwrenişip biljek däl. Magtymgulynyň özünde we eserlerinde görelde alarlyk, bendi ediji, aňrybaş dürslük bar, şol dürslük hem okyjyny özüne maýyl edýär. Ol hiç mahal towşana:”Gaç”, taza:”Kow” diýmedi, elmydama okyjysy bilen bir ojakda ýanýar. Magtymguly: ”Meniňki jan, seniňki badamjan” diýenlerden bolmady. Gözleriň reňki dürli-dürli bolsa-da gözýaşlaryň reňkiniň birligini(Rumy) ýagşy bilýär. Hut şol sebäplere görä-de Magtymguly jahan ýagtylyp başlanda ýitip barýan ýyldyz ýaly ýalňyz. Bu ýalňyzlyk Magtymguly aňly-düşünjeli ýaşa ýetenden başlady. Duşmanlar Magtymgulynyň garşysyna ol entek dünýä inmänkä gylyjyny taplaýardylar, dürli töhmetler taýýarlaýardylar. Töhmet-namartlaryň ýaragy. Onsoň şeýle döwürde ömür geçirmek üçin neneňsi pidalara döz gelmeli boljagyny, neneňsi çykalgalar gözlemeli boljagyny göz öňüne getirmegem juda kyn. Dürli golýazmalar, syýahatçylaryň ýol ýazgylary, galyp-gaçan gap-gaçlar, dürli şekiller... döwrüň belli bir görnüşini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän hem bolsa, her bir durmuş bulardan has giň, has çuň, has çylşyrymly ahyry. Üstesine-de adamyň özakymly aňyna ýol berseň, ol mydama geçmişi sähelçe-de bolsa ýuwmarlap görkezmäge, ýylmamaga, ýagşy zatlaryň ählisi geçmiş bilen giden ýaly ahwal döretmäge ýykgyn etgiç bolar eken. Şeýle-de bolsa Magtymgulyny öz hakyky bolşunda görkezmek hökmany borç bolup galýar, toslamany, rowaýatlary bir gyra süýşürip, onuň goşgularyndaky logika eýermek derkar, şol goşgulary degşirmekden, pikiriň arkasynda, setir arasynda, sözleriň kölegesinde ýazylman ýaňzydylýan pikirleri aýdyňlaşdyrmakdan täze many almak derkar. On sekizinji asyrda bişişen, Azadynyň, Şeýdaýynyň eserlerinde özüni görkezip başlan güýçli jemgyýetçilik pikiri, millilik ruhy Magtymgulynyň eserlerinde has aýdyň ýüze çykdy, kämil hala geldi. Ol aşakdaky setirleri ýönelige ýazan däldir: Magtymguly, syrym çohdur, Men neýläýin, açan ýokdur. Dogrudanam, Magtymgulynyň şygyrlaryny okan okyjynyň öňünde müň bir sorag, müň bir syr keserip ýatyr. Okyjy olara näçe köp jogap tapdygyça Magtymgula-da şonça ysnyşýar. Şahyryň beýikliginiň bir tarapy-ol öz okyjysyny şo soraglary, syrlary açmaga gürrüňsiz imrindirýär. Imrindigiň-sen eýýäm Magtymgulynyň adamsyna öwrülýäň, o seni senden rugsatsyz öz tarapyna geçirip ugraýar. Her ynsanyň beýnisinde gizlenip ýatan ajdarhany ölüm ukusyna gidirmek üçin yhlas edýär. Müňde biri ADAM, beýlekileri kölege bolsa-da, Magtymguly Kämil ADAM ýetişdirmek umydyny üzmändir. Kämil adam düşünjesi, ozaly bilen, medeniýete bagly. Pikirleniş medeniýeti, ýaşaýyş medeniýeti we beýleki sosial-durmuşy medeniýetleriň jeminden umumy medeniýet diýen bir many orta çykýar. Her halkyň ýagdaýy, dogrusy, ykbaly, köplenç şol umumy medeniýete bagly bolup galýar. Bu örän çylşyrymly düşünjäni äsgermezlik etmek ýa-da onuň ähmiýetine kembaha garamak sowatsyzlykdan nyşandyr. Durmuşyň kyn geçelgelerinde halka iň ýakyn ýardamçy şol umumy medeniýetdir. Soňunda kimiň medeniýeti ýokary bolsa şol ýeňýändigini Magtymguly taryhy hakykatdan köp-köp gezek synlapdy. Magtymgulynyň öz eserleri arkaly halkyň umumy medeniýetini ösdürmegi maksat edinenligi hem bellidir. Şoňa görä, şahyr gaty giň temalara ýüzlenipdir. Onuň iň köp ýüzlenen, iň köp işlän temasy bolsa ADAMY ÖWRENIŞ temasydyr: ölüm, ömür, pelek, tükeniksiz dünyäde zerre ýaly görünýän Adamzadyň ykbaly Magtymgulynyň ürç edip öwrenen meseleleridir.Ol bu meseleleriň filosofiki tarapyna nazar öwürýär. Şahyr özünden öňki geçenleriň ýolundan ýöreýär, ýöne öňkülerden uzagraga gidýär. Magtymguly şahyryň syryny her kim özüçe açýar. Her gezek okaňda täze syrlar ýüze çykýar, her gezek oýlana-oýlana olaryň köküne ýetmegiň lezzetini okyjynyň özi ýagşy duýýar. Şahyr ýnsanyň ýolunda esasy mesele ýaly görünýän müň bir meseläni aşyp, iň ähmiýetli meselä okyjyny çekjek bolup dyzaýar. Beyikleriň köp işländikleri üçin, ýalňyşlary hem az bolmaýar. Olar öz ýalňyşlaryndan köp ders alýarlar. Emma beýikleriň ýalňyşyny görkezmek ýaly kyn zat ýok. Magtymguly hiç bir zadyň görnüşi ýaly däldigini, kähalatda kölegäniň asyl bolup görünýändigini okyja yatladýar. Ömriboýy Magtymgulyny okaýan, özem irmän-arman okaýan okyjylaryň köplügi geň däl. Sebäbi Magtymguly olara ruhy kanagat berip bilýär. Häzirki zamanyň käbir ýazyjylary özüne gowy şertleriň döredilmänligi sebäpli gowy eser ýazyp bilmeýänliginden zeýrenýärler. Eger şeýle bolsa, onda Magtymgulynyň döremegine nähili düşünmeli?! XVIII asyryň tümünde, ýowuzlygyň möwç urýan döwründe, döredijilik üçin bol-elin şertler-ä beýlede dursun, ýaşaýşyň iň bir ujypsyzja şertleriniňem ýok wagtynda Magtymgulynyň ör-boýuna dikelmegini nädip delillendirip bolar? Günde-günaşa iki taraplaýyn çapawulçylyklar gidýärkä, heniz syýasy kepemedik eserleriňi ýakyp-dargadyp durkalar nädip hemmetaraplaýyn ylym alyp, öz döwrüniň medeniýetinden çuň susaklar bilen susup-susup, ýalňyz başyny bütin asyra, asyrlara garşy goýup bildikä? Üstesine-de onuň ýagtyldyş, täsir ediş örüsi ýeke bir bäş öýli Türkmen bilen çäklenmän Eýrana, Owgana, ähli Türküstana dabarasy ýaýrapdyr. Özem eýýäm özi aýatda diri wagtynda şeýle. Muňa häzirki zaman okyjysynyň akly haýran. Gudrat bilen dörän diýesi gelýär. Elbetde, genileriň döreýşini düşündirip bolmaýar, o tebigatyň syry diýjeklerini bilýäris. Emma tebigatyň beýle syry XVIII asyrda töwerekdäki uly halklarda döremän, ala-böle dagynyk Türkmende, ykdysady ösüşde yza galan Türkmende döreýşine näme diýersiňiz?! Belki, bu Nyzamy, Rumy, Ýunus Emre, Hajy Bekdaş Weli, Nesimi, Nowaýy, Fuzuly, Garajaoglan... ýaly geçmişde ganybir genileriň dowamydyr?! Belki-de uly medeniýetiň mekany bolan gadymy Nusaýyň, Meşedi-Misriýanyň, Horezmiň, Maru-şahu jahanyň özboluşly täsiridir. Sebäbi täze şäherleriň öň birmahallar ýumrulan şäherleriň harabalygynda ýa-da oňa gaty golaý ýerde döreýäni ýönelige däl bolsa gerek. Muňa köp-köp mysallar getirip boljak. Belki-de bu Türkmeniň geçmişdäki beýik şöhratynyň netijesidir?! Aleksandr Makedonskiý öz ýörişlerinde öňde-soňda iň uly garşylygy Türkmenleriň ata-baba aslyndan görýär. Mongol basybalyjylarynyň ýeňilmez goşunlygy hakda aýdanlary Jelaleddin Meňburna we Jelaleddin Ruma duşanda ýalana çykýar. Iki Jelaleddin öz belent ruhy bilen, biri gylyjy bilen, beýlekisi sözi bilen mongollaryň ruhuny öçürdi hem-de olaryň şondan buýanky ýeňişlerini kemeltdi. Mongollaryň Jelaleddinlere duşmadyk ýagdaýyny göz öňüne getirýäňizmi? Dünýäde iň gadymy medeniýetleriň biri hasaplanan Jeýtun medeniýeti hem şu toprakda döräpdi. 522-nji ýylda Margianada Fradyň baştutanlygyndaky örän uly azatlyk hereketi öňki SSSR halklarynyň taryhynda ähtibarly çeşmeler arkaly tassyklanan ilkinji halk hereketidir. XVII asyr Türkmen şahyry Garajaoglan: Kozan dagyndan neslimiz, Ary Türkmendir aslymyz. XV111 asyr Türkmen şahyry Döwletmämmet Azady: Ger fakirler olmasaýdy dünýede, Bes heläk olgaýdy baýlar eý, dede! XVIII asyr Türkmen klassygy Şeýdaýy: Dagdan belent, ýandakdan pes Boldy Türkmeniň ahwaly. Türkileriň taryhy boýunça henize çenli öňüne alym geçmedik akademik W.Bartold: “Gadymy Türkmenler Uzak Gündogarda, Merkezi we Orta Aziýada hem-de Ýakyn Gündogarda köp sanly türki halklaryň formirlenmeginde uly rol oýnady.” Türkileriň taryhy babatda köp işler bitiren uly alym L.N.Gumilýow: “Günortada, Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygynda, onuň aşaky akymlarynda türkileşen arylar, parfýanlaryň iň ýakyn garyndaşlary, Türkmenler ýa-da Guzlar ýaşapdyrlar.” “Awtor köp-köp sowallary keserdip goýdy weli, özi jogap berse gerek” diýip, oýlanýanlar hem bardyr. Awtor akylly sorag tapmagy we o soraglara okyjy bilen bile jogap gözlemegi maksat edinýär. Muňa Magtymguly iki setirde jaýdar jogap tapyp gidipdir: Iş geldi, başa düşdi. Merdana boldum imdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |