14:23 Magtymgulynyň “Näme sen” şygrynyň ylmy beýany | |
MAGTYMGULYNYÑ "NÄME SEN" ŞYGRYNYÑ YLMY BEÝANY
Magtymgulyny öwreniş
Beýik akyldar Pyragynyň ýaşynyň belli bir döwründe sopuçylyk taglymatynyň täsirine düşendigini inkär etmeýäris. Allany-Ýary hökmünde gözöňüne getirip, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Nagyşbendiniň sopuçylyk taglymatyna, Meşrep diwananyň galandarlyk ýoluna şahyr uly duýgudaşlyk edipdir. Magtymgulynyň döredijiligi bilen baglanyşykly ylmy derňewlerimiziň netijesine esaslanyp, şahyryň ýaşlygynda sopuçylyk taglymatyna has köp gol berendigine ynanýarys. Biziň aňlaýşymyza görä, Magtymgulynyň “Näme sen” şygry onuň yslamdaky ynanç dünýägaraýşyny kesgitleýän goşgudyr. Şonuň üçin bu şygry ylmy derňew etmegi makul bildik. Magtymgulynyň bu şygry şeýle başlanýar: Asla Seni görmemişem, dildarym. Gumrumy Sen, bilbilmi Sen, näme Sen? Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram, Bag içinde gülgülmi Sen, näme Sen? Görnüşi ýaly, şahyr Ýaryny asla görmändigini, mydama görmek-görerin hyýal bilen köňlüni aldap, gamgyn bolup gezendigini belläp, soňra Ýaradanyň nähili barlykdygyny bilesigelijilik edip, ony maddy barlygyň bir elementi bolaýmasyn diýen düşünjede gözöňüne getirip, “Näme sen” diýip, Ýaradana ýüzlenýär. Şahyr bu şygrynyň ikinji, üçünji, dördünji bendinde tebigatdaky esasy mahluklaryň adyny tutup, şolaryň haýsy biri, näme sen?! diýip, Ýaradana ýüzlenýär: Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň, Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň, Ýa ýylmy Sen, ýa gündizmiň, gijemiň, Ýa Aýmy Sen, ýa Günmi Sen, näme Sen? Ýa müşkmi Sen, ýa kokunar anbarmyň, Aýda bilmen, ýa çarhmy Sen, çenbermiň, Ýa derýamyň, ýa möwçmi Sen, lenbermiň, Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme Sen? Altynmy Sen, kümüşmi Sen, zermi Sen, Ýa Arşmy Sen, ýa Kürsmi Sen, Ýermi Sen, Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi Sen, Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme Sen? Görnüşi ýaly, şahyr Ýaradanyň şu pany dünýäde näme bolup biljekdigini soraýar. Ýöne şahyr şygrynyň ahyrky bendinde Ýaradanyň pany dünýädäki hiç bir barlyk bolmajakdygyny anyk bilýändigini şeýle beýan edýär: Magtymguly, geç namysdan, aryňdan, El götergil bu wepasyz käriňden, Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan, Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen? Magtymgulynyň islendik şygry döretmeginiň anyk durmuşy sebäbi bar. Şeýle alanyňda, şahyryň “Näme sen” şygryny döretmeginiň beýle bir ähmiýetem ýok ýaly. Sebäbi şahyr Ýary hökmünde gözöňüne getirýän Alla-ha, şygrynyň ilkinji dört bendinde tebigatdaky haýsy barlyk sen- näme sen diýip, ýüzlenýär. Bu şygryň soňky bendinde bolsa şahyr pikirini jemläp, Allanyň dünýäniň çar künjeginde bardygyny tekrarlaýar. Şeýle alanyňda, Alla dünýäniň çar künjeginde bar diýmek, Ýaradanyň bitewüligini bozýan ýaly. Emma meselä çuňňur aralaşanyňda beýle däldigine göz ýetirmek bolýar. Ýaradanyň islendik bir adam, hatda oňa ynanmaýan üçinem bir ady bar. Ol-Alla, bu söz islendik dilde şöhlelenipdir. Türkmende Ýaradan, Taňry, parsda Hudaý, arapda Alla (musulman halklaryň hemmesem Alla sözüne düşünýärler hem aýdýarlar), rusda Bog we ş.m. Aslynda Ýaradanyň ýalňyz ady bar. Onuň ady diýip tutulýan beýleki epitetleri Ýaradynyň haýsy hem bolsa bir sypatyny şöhlelendirýär. Musulman Ýaradanyň adyny diňe ýatdan bilmän, onuň bardygyna we hakdygyna ynanýar, mömin (mömin Ýaradanyň parzlaryny doly berjaý edýän adam. Eger ynsan Ýaradan parzyny şübhesiz ynam bilen berjaý etse, oňa Allanyň 99 sypaty doly aýan bolýan eken. D. Ý.) üçin 99 sypaty, Ylahy ylma giren çyn sopulara Ýaradanyň müň bir sypaty, Ylahy ylma doly akyl ýetiren ulamalar üçin bolsa Ýaradanyň soňsuz sypaty bar ekeni. Has dogrusy, Ylahy ylma göz ýetiren ulama älem-jahanyň hemme ýaradylan zadynda Allanyň hökman bir sypatyny görüpdir. Pyragy “Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan, Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen” diýende, Ýaradanyň her bir ýaradan närsesinde sypatynyň bardygyny tassyklaýar. Magtymguly älem-jahanyň her bir mahlukatynda Ýaradanyň bir sypatynyň bardygyna göz ýetiripmi?! Bu sowala jogap bermek biziň bu makalamyzyň obýektine girmeýänem bolsa, ýokarky sowala şeýleräk jogap bersek, dogry bolarmyka diýýärin. Magtymguly älem-jahanyň her bir mahlukatynda Ýaradanyň bir sypatynyň bardygyna akyl taýdan doly göz ýetiripdir diýip aýtmak kyn, ýöne Pyragynyň bu hakykata şeksiz ynandygyna welin, şübhelenmese bolar. Şahyr “Näme sen” şygrynyň soňky bendinde Ýaradana bolan ynamyndaky içki gapma-garşylygy ýüze çykarýar. Pyragy “Magtymguly, geç namysdan, aryňdan, El götergil bu wepasyz käriňden..” diýip, düýpli zat bolmasa, şahyr öz-özüne namys-aryndan geçmegi ündemezdi. Biziň berk ynanjymyza görä, Magtymguly ýaşlyk ýyllarynda belli bir derejede sopuçylyk taglymyna gol beripdir. Sebäbi Magtymgulynyň ylym atasy-kakasy Döwletmämmet Azady. Magtymguly: “Ylm öwreden ussat − kyblam pederdir” diýip, kakasy Azadynyň ylym atasy bolandygyny gaty anyk beýan edýär. Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi bolsa sopuçylyk taglymaty bilen berk baglanyşykly. Ol zamanyň okuw hem ylym programmalarynda Hoja Ahmet, Ýasawynyň, Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň we beýleki sopuçylyk taglymyny esaslandyran meşhur şahslaryň eserleri, sopuçylyk ideýalary doly öwrenilipdir. Şahyryň ýedi ýaşdan, takmyn, ýigrimi ýaşlaryna çenli bilim-ylym alandygyny gözöňünde tutanymyzda, onuň ýetginjeňlik hem ýaşlyk ýyllarynda sopuçylyk taglymyna gol bermegi kanuna laýyk bir ýagdaýdyr. XVIII asyryň ikinji ýarymy Eýran-Turan halklarynyň özüni tapmak zamany boldy diýsek, hakykata laýyk bolar. Sebäbi bu asyryň ikinji çärýeginde Nedir şanyň Eýran-Turany birleşdirmek ideýasy wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, ol synanyşyk Nedir şanyň öldürilmegi bilen tamamlanypdyr. Ahmet şa owgan döwletini döredenden soň, onuň Eýran-Turany birleşdirjek bolmak ideýasy hyýal bolup galypdyr. Nedir şa aradan çykandan soňra, özbekler Hywa, Kokant hanlygyny, Buhara emirligini gaýtadan döretmegiň aladasynda bolupdyr. Gyrgyz-gazaklar, şol sanda Müňgyşlakda, Astrahanda ýaşaýan türkmenler bolsa ýüzüni rusa tarap öwrüpdirler. Eýran bolsa gadymy Eýran şalygyny dikeltmegiň aladasynda bolupdyr. Ynha, Magtymgulynyň zamanynda agzala ýaşaýan türkmenler dagap, tabynlygyna düşen halklaryň içine siňip gitmelimi ýa türkmen ýaşamalymy diýen sowal örboýna galypdyr. Bu hakykata oňat düşünen Magtymguly sopuçylyk taglymatyna uýup, özüňi halas etmegiň halkyňy halas etmäge dahylynyň ýokdugyna kemsiz düşünipdir. Magtymgulynyň “Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan..” diýen jümlesi many-mazmun we filosofiki jähetden sopuçylyk taglymatynyň dünýägaraýşyna garşydyr. Sebäbi sopuçylyk taglymatynyň islendik ýolunda älem-jahandaky hemme maklukat ýaradylan närse hökmünde inkär edilýär. Şonuň üçin sopuçylyk ýoluna düşen ynsan özüni älem-jahanyň hemme maklukatyndan çetleşdirýär. Ylahy ýolunyň belli bir derejesine baran adam Ýaradany älem-jahandaky sypatyndan gözlänok, olar soňra Ýaradanyň sypatyny bilmegem islänoklar, olar Ýaradanyň özüni gözleýärler. Olaryň dünýägaraýşy boýunça adam Ýaradana gowuşmaly ýa-da bolmanda ondan ýalkanmagyň kepilini almaly. Ýaradanyň dürli sypatynyň bardygyny duýup-bilip (yslam taglymaty) ynanmak bilen onuň özüni görüp ýa-da Ýaradanyň özünden ýalkanmak kepilligini almak taglymaty (sopuçylyk taglymaty) bir-birine gapma-garşy filosofiýadyr. Elbetde, biz adaty yslam taglymaty bilen sopuçylyk taglymatyny biri-birine bütinleý garşy dünýägaraýyş diýmekçi bolamzok. Yslam taglymaty yslamyň adaty düzgünlerine esaslanyp, her bir ynsanyň Ýaradanyň sypatlaryny ykrar edip, onuň bardygyny duýup-bilip, (akyl ýetirip ýa ýetirmän, tapawudy ýok. D.Ý.) ynanmakdyr. Sopuçylyk taglymaty bolsa Ylahy ylym bilen owalbaşda Ýaradanyň hemme sypatlaryna göz ýetirip, soňra Ýaradanyň özüne gowuşmak, bolmanda ondan ýalkanýanlygyň kepilini almakdyr. Ýöne ikinji taglymat çeşmesiniň Gurhandygyna garamazdan, adamzat aňynyň önümi, ol taglymatda ýalňyşlyklaryň bolup bilmegi-de mümkin. Şonuň üçin Magtymguly ilki bilen sopuçylyk taglymy bilen baglanyşykly düşünjelerinden el çekmelidigine göz ýetirip, onuň belli bir döwürden soň, sopuçylyk taglymatyndan doly el çekendigine ynanýarys. Sopuçylyk taglymyndan el çekmek şahyra ýeňil bolmaz. Sebäbi Magtymguly döwrüniň jemgyýetçilik aňyna hem alan ylym-bilim tejribesine görä, dini-ahlak, sopuçylyk taglymatyndan sowa geçip bilmändir. Pyragynyň hat okap bilenden, gulagynyň ganany sopuçylyk taglymyny wagyz edýän eserler bolupdyr. Onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi sopuçylyk taglymaty bilen berk baglanyşykly. Şeýlelikde, sopuçylyk taglymy, dini-ahlak düzgüni şahyryň jany-gany bilen kalbyna siňen dünýägaraýş diýip, çekinmän aýdyp bileris. Şahyr gany bilen kalbyna siňen sopuçylyk taglymy düşünjelerinden türkmen halkyny agzalalygyndan gutarmagyň hatyrasyna el çekmelidigine oňat düşünipdir. Şol sebäpli Magtymguly “Näme sen” şygrynyň soňky bendinde “Magtymguly, geç namysdan, aryňdan, El götergil bu wepasyz käriňden..” diýip, özüne ýüzlenip, sopuçylyk taglymyndan, şonuň bilen birlikde şol çaka çenli alan namys-ar düşünjelerinden belli-külli el çekmelidigini aýdýar. Jemgyýetiň alymlarynyň- ulamalarynyň asyrlarboýy kemala getiren sopuçylyk taglymy düzgünlerinide aýdylyşy ýaly, Allany belli bir ýerden ýa ynsanyň şahsy gözöňüňe getirmelerinden gözlemek hökman däl eken, çünki şahyryň pikiriçe Ýaradanyň barlygynyň subudy jahanyň çar künjeginde bar. Munuňam üstesine, Magtymguly boýnuna alan türkmeni bitewüleşdirmek missiýasynda sopuçylyk taglymatynyň ähmiýetiniň bolmajakdygyna kemsiz düşünipdir diýmäge doly esas bar. Hatda şahyr “Näme sen” şygrynyň soňky bendiniň iň soňky setirinde: “Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?” diýip ýüzlenýär. Şahyr türkmen halky ýitmelimi ýa ýaşamalymy diýlen sowal örboýna galan zamanda Allany-Ýar näme sen diýip idäp ýörmegi, akylyny ýitiren serhoş (meý-mest mysaly) mysaly bir zat hasaplapdyr. Magtymguly halkyň başynda agyr ýaşamak meselesi durka, sopuçylyk bilen meşgullanyp ýörmegi akylyndan azaşan serhoşyň edýän kemakyl işleri bilen deňäpdir. Şol sebäpli Magtymguly sopuçylyk taglymatyndan doly el çekmegi “Näme sen” şygrynyň soňky bendinde özüne pent edýär. Bu Pyragynyň sopuçylyk taglymatyndan (Akyldaryň sopuçylyk taglymatyndan el çekmegi dinden sowaşmagyny aňlatmaýar. Akyldar yslam taglymatyna hemişe jany-teni bilen uýupdyr) el çekmeli diýip, netijä gelen ewolýusion öwrülişigidir. Şeýlelikde, beýik akyldar sopuçylyk taglymatyndan çekilip, dagynyk türkmeni birleşdirmek ideýasyny öňe sürüpdir: Türkmenler baglasa, bir ýere bili, Gurudar Gulzumy, derýaýy–Nili, Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, Bir patyşa gulluk etsek bäşimiz. Şeýdibem rus gündogarşynas akademik W.W.Bartoldyň aýdyşy ýaly, XVIII asyrda Stawropol ülkesinden tä Amyderýa aralykda ýaşaýan türki halklarynyň arasynda ilkinji bolup, Magtymguly türkmenleriň ýeke-täk milli şahyry boldy. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |