23:59 Magtymgulynyň “Pyragy” şygryny özüne gaýtaryp bereliň | |
MAGTYMGULYNYÑ "PYRAGY" ŞYGRYNY ÖZÜNE GAÝTARYP BERELIÑ
Magtymgulyny öwreniş
Molla Nepesiň (Türkmen edebiýatynda köplenç Mollanepes diýip goşup ýazýarlar. Bu ýalňyş Onuň ady Nepes. Molla bolsa bu şahyryň halk içinde gazanan lakamy. Şonuň üçin Onuň ady, lakamy goşulyp ýazylman, hersi aýratyn, baş harpy uly ýazylmaly D.Ý.) 1967-nji ýylda çap edilen goşgular ýygyndysynyň 136-138-nji sahypalarynda “Pyragy” atly goşgy bu klassyk şahyrymyzyň adyna berlipdir. Bu şygyr halk içinden ýazylyp alnyp, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň Golýazmalar hazynasynda saklanýar. Tejenli Kuly aganyň, Mary etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginden Baýram aganyň aýtmagyna görä, Hally bagşy, Nobat, German... (Gynansagam, bu aýdymyň ses ýazgysy ýok. D.Ý.) bagşy ýaly köne halypa bagşylaryň aýdyp edip aýdan “Pyragy” şygry Magtymguly Pyragynyň poeziýasydyr. Ady agzalan bagşylaram ol şygry Magtymgulynyňky hasaplap aýdypdyrlar. Bu goşgynyň Magtymgulynyňkydygyny delilendirip, Aşyrpur Meredow, Halyk Görogly, Gurbandurdy Geldiýew ýaly halypa alymlar metbugatda çykyş edipdiler. Men ol makalalaryň mazmunyny gaýtalap oturman, bu eser barada şulary aýtmakçy: “Pyragy” atly goşgy many-mazmuny boýunça şahyryň beýleki goşgulary bilen ugurdaş bolup, ol goşgy Pyragynyňn beýleki şygyrlary bilen stil taýdanam meňzeş. Bu goşgy on bir bentden ybaratdyr. “Pyragy” atly bu goşgynyň mazmuny şahyryň ýaşan zamanasy, Magtymgulynyň döwri hem durmuşy barada beýleki şygyrlarynyň äheňine laýyk gelýän maglumaty berýär. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aga “Pyragy” şygryny Magtymguly Pyragynyň iň soňky ölüm ýassygynda ýazan eseri hasaplaýar. Bu pikir bilen bizem ylalaşýarys. Magtymguly birinji bendiniň ikinji hem dördünji setirinde, ondan soňky bentleriniň soňunda Pyragy adyny getirip, özüne ýüzlenip, türkmene bu eseri miras goýandygy üçin, şygryň soňky bendinde öz adyny getirmeýär. “Pyragy” atly bu şygyr Magtymgulynyň ömür-döredijiligini öwrenmekde hem gymmatly eserdir. Şonuň üçin ol şygryň Magtymgulynyňkydygyna şek-şühbe ýokdur. Elbetde, Magtymgulynyň ömür-döredijiligi baradaky gürrüň aýratyn ylmy söhbet. Ýene şu hakykaty aýratyn bellemekçi. Molla Nepesiň özüniňki bolmadyk, bu şahyryň eserlerini çapa taýýarlaýjynyň säwligi bilen onuň adyna berlen bu eseri Molla Nepesiň adyndan aýranyňda hem, şahyryň ussatlygyna hiç hili zeper ýetmeýär. Çünki Molla Nepesiň türkmen edebiýatynda ussat klassyk şahyr hökmünde mynasyp orny bar. Magtymgulynyň “Pyragy” atly şygrynyň şahyryň döwrüni we durmuşyny öwrenmekde-de wajyp eserdigini nazara alyp hem akyldaryň indiki çap boljak eserleriniň arasynda “Pyragy” şygrynyň neşir edilip, özüne gaýtarylyp berilmegini arzuwlap, bu şygry dolulygyna almagy müwessa bildim: Ömür uzak, ýol gysgadyr, ötdiň sen, Sözle görem ýolyň kaýda, Pyragy?! Bu sözlerni pikir eýläp ýatdyň Açgyl gözüň, iliň kaýda, Pyragy?! Düýn dälmidi bu dünýäge geleniň, Ýagşy-ýaman parhyn saýlap bileniň, Özün aýap, ýapragyny ýolanyň, Gözle hany, gülüň kaýda, Pyragy?! Jeren awlap, dag üstünde gezerdiň, Öňünde nä bolar görüp syzardyň, Nesihat-taglym diýp, destan ýazardyň, Kaýda galdy seniň kowluň, Pyragy?! Eýran üste agyr leşger tartanyň. Asman ýüzün duman bilen örteniň, Başga boldy ömür diýip kerteniň, Dendan düşdi diliň kaýda, Pyragy?! Hany, ol dostlaryň, ganym duşmanyň, Hany, nygma seçen toty zybanyň, Hany, bag içinde biten reýhanyň, Öý içinde halyň kaýda, Pyragy?! Bu ne gaflat, ýene gala bilmer sen, Gol uzadyp, närse alyp bilmer sen, Imdi tomaşalar göre bilmer sen, Kuran tutan eliň kaýda, Pyragy?! Weýran boldy, salan gözel jaýlaryň, Depäňden dogmady günüň-aýlaryň, Oksuz galdy ilde keman-ýaýlaryň, Ary örüzen balyň kaýda, Pyragy?! Dünýä niçe agaç –baryn sanardyň, Haýsy otda näkär bilip ýanardyň, Eýrany, Owgany oňa ýanardyň, Suwda ýüzen salyň kaýda, Pyragy?!! Gör, bak, oýlan, seniň gutardy ömrüň, Watandan aýryldy, ol kylan emriň, Poslady, köneldi poladyň demriň, Jan beriji suwuň kaýda, Pyragy?! Amanat aldyň sen, eýesi sorar, Getirer her gün diýp, ýoluňa garar, Goý destanyň ýene geljege ýarar, Altmyş geçen salyň kaýda, Pyragy?! Türkmeniň içinde belli mestana, Ne azat pikirler goýduň dessana, Gir göreli, seni ol zemistana - Üstüňden getirdi ýoluň, Pyragy?! Hoş galyň, watanym, eý gözel ilim, Mämmetjuma dostum, molla Zelilim, Indi geplemäge ysmaýar tilim, Geçdi böküp duran halyň, Pyragy?! maý, 2011ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |