08:49 Mahatma Gandi | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
MAHATMA GANDI Hindistany başdan-aýak gezipdi, ýüz müñlerçe adama ýüzlenip, ýadanda dymypdy, üstünlikleri we şowsuzlyklary bolupdy, türmä girip çykypdy. Gandi-de beýlekiler ýaly halas etmek islänleriniñ elinden öldi Hindistandaky kasta sistemasy dört esasy gatlakdan ybarat. Mohandas Karamçand Gandi waişýa (söwdagärler) gatlagyna degişlidi. Özi-de zähmetkeşdi. "Gandi" sözi zähmetkeş diýmegi añladýardy. Mahatma Gandiniñ atasy Porbandaryñ baş weziridi. Onuñ kakasy-da bu wezipede işläpdi. Mohandas kakasynyñ dördünji aýalynyñ dördünji ogludy. Ol ýurtdaky dowam edip gelýän urp-adatlara laýyklykda 13 ýaşynda öýlendirildi. Ýigrimi ýaşynda hukuk ugrundan bilim almak üçin Angliýa ugradyldy. Diplomyny alandan soñ Günorta Afrikadan iş tapdy. Ol bu ýurtda bolan döwri öz durmuşyny-da, Hindistanyñ ykbalyny-da özgerdip biljek añ-pikirlere eýe boldy. Akýagyzlara niýetlenen birinji derejeli kupede ýola çykandygy üçin taýak iýdi we otludan düşürildi. Bir gezegem sudýa kellesindäki pagdini (hindi sellesi) çykarmagyny isledi we onuñ üstünden güldi. Bu iki wakadan soñ 25 ýaşly horaşaja hindi basyşa we diskriminasiýa garşy gara güýje ýüz urmazdan raýat goranyşyny etmegiñ kararyna geldi. Günorta Afrikada bolan ýigrimi ýylynda garaýagyzlara we hindilere garşy amala aşyrylýan diskriminasion syýasata garşy göreşdi. Has soñra Hindistana dolanyp, meşhur garaşsyzlyk hereketine ýolbaşçylyk etdi... Saýlap alan goranyş formasy sebäpli aklawjylyk kärini taşlady we döredijilik işine üns berdi. Gandi diñe romantiki hyýalbent häsiýetli adam däldi, şol bir wagtyñ özünde pragmatist syýasatçydy ee imperializme garşy diñe şygyr nilen göreşip bolmajagyny gowy bilýärdi. Ol Hindistany diñe Britaniýanyñ golastyndan çykarmak islemän, şol bir wagtyñ özünde içki tiranlykdan we dört gatlakly kasta sistemasyndanam halas etmek isleýärdi. Amerikan žurnalisti Luis Fişeriñ aýdyşy ýaly, "Gandi imperializme garşy ýaragsyz göreşiji, intellektual ylalaşykçydy. Onda diktatoryñ güýji we demokratyñ añ-düşünjesi bardy". Hem ruh, hem beden üçin göreşdi, käte oraza tutup nebsini terbiýeledi, käte otlukly nutuklary bilen köpçüligi joşdurdy. Oraza tutmak hereketleri bilen halkynyñ azatlyga we adalata ymtylmagyna goşant goşdy. Şonuñ üçin Hindistan oña "Mahatma", ýagny "Beýik Ruh" adyny berdi. Hindi akyldary Gohali ol hakda şeýle diýýär: "Ýönekeý adamlary gahrymanlara öwürme güýjüne eýedi". Gandi yzyna eýerijileriñ ýarag götermegine garşy çykdy, emma 28 ýyllyk raýat goranyşynyñ yzyndan "baş staçka" ýaragyny ulandy we kolonializmi soñlandyryp bildi. Gandi indi ýetmiş ýaşlaryndady. Hindistany başdan-aýak gezipdi, ýüz müñlerçe adama ýüzlenip, ýadanda dymypdy, üstünlikleri we şowsuzlyklary bolupdy, türmä girip çykypdy. 1948-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda Nathuram Godse atly bir radikal indus Gandä golaýlaşyp, ony üç gezek atdy. Has soñra onuñ janyna kast edilmeginiñ tutarygynyñ Gandiniñ musulmanlara bolan pozitiw ýakynlaşmasy bolandygy bilindi. Gandi-de beýlekiler ýaly halas etmek islänleriniñ elinden öldi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 27.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |