03:48 Mahatma Gandiden Gitlere hat: Gadyrdan dostum... | |
MAHATMA GANDIDEN GITLERE HAT: GADYRDAN DOSTUM...
Taryhy makalalar
Gandiniñ Gitlere bilen ysnyşykly gatnaşygynyñ añyrsynda hakyky dostluk barmy ýa-da Gandiniñ şahsyndan gelip çykýan pozisiýa? Adolf Gitler dünýä taryhyna giren iñ rehim-şepagatsyz diktatorlaryñ biri hökmünde taryhyñ çañly sahypalarynda öz ýerini aldy. Ikinji jahan urşy wagtynda onuñ elinden gyrlan millionlarça jöhidiñ we syganyñ syýasy edebiýatda henize çenli deñi-taýy ýok. Ýewropanyñ gandöküşikli uruşa tarap ädimme-ädim süýşüp barýan 1939-njy ýylynda dünýäniñ beýleki bir ujundan gazaply diktatora hat gelipdir. Hatyñ şolar ýaly gymmatyny artdyrýanam awtorynyñ Mahatma Gandi bolmagydyr. Mahatma Gandi Gandi onlarça ýyla çeken ganly iñlis eksplutasiýasyna garşy baş galdyryp parahatçylykly raýat rewolýusiýasynyñ arhitektory hökmünde taryhdaky ýerini alypdy. Onuñ başlan köpçülikleýin ýörişi netijesinde bütin dünýä jemgyýetçiligi induslaryñ sesine diñ salypdy we iñlisleriñ betbagtçylykly dolandyryş düşünjesi hemmeler tarapyndan ýazgarylypdy. Gandiniñ Gitlere ýazan hatynyñ düýp maksady uçguny Ýewropada syçrap, jümle-jahana meş'un bir geografiýada ýaýrajak uruşyñ öñüni almak bolupdyr. Gandiniñ Gitlere ýüzlenip ýazan "Gadyrdan dostum" ýaly sözleri häzir tankyt edilmegine sebäp bolýar. "Gadyrly dostum Gitler" taryhy-dokumental kinofilmi, 2011 ý. / Režissýor: Rakeş Ranjan Kumar Ilki bilen hata bilelikde seredip geçeliñ: "Gadyrdan dostum! Dostlarym adamzadyñ hakyna saña hat ýazmagy ündeýärdiler. Hakykatdanam menden geljek haýsydyr bir haty hetdenaşmalyk hasap edersiñiz öýdüp, näçe haýyş etselerem razy bolmadym. Içimdäki ses meseläniñ ähli taraplaryny göz öñüne tutup, size dostana kelamnama ýazmagy wajyp kyldy. Adamzadyñ wagşy tebigatyny täzeden oýandyryp biljek gazaply uruşyñ sizden başga öñüni alyp biljek adam ýok. Bir zadyñ bahasy näçe gymmat bolanda-da, munuñ jogapkärçiliginiñ siziñ egniñize ýüklenmesi rowamydyr? Uruşyñ islendik görnüşinden gaça durýan şahsyñ sözlerine gulak gerip-germejegiñi bilemok. Saña ýazanymda sözlerim hetden aşan bolsa, ötünç soraýaryn. Mähriban dostuñ MK Gandi." Gandiniñ haty Megerem, bu hatyñ stilinde ünsi çekýän detal - Gandiniñ Gitlere ýüzlenişiniñ çynlakaýlygy bolsa gerek. Munuñ añyrsynda hakyky dostluk barmy ýa-da Gandiniñ şahsyndan gelip çykýan pozisiýa? Bu eýýäm belli däl. Gandiniñ mundan daşgarynam Gitlere ýazan bir haty bar. Ýöne bu hatlara Gitleriñ jogap berip-bermändigi näbelli. Käbir hindi çeşmeleri bu hatlary Gitleriñ bir gezegem okamandgyny we jogap bermändigini öñe sürýär. Adolf Gitler Şeýle-de, Gitleriñ iñlis we fransuz koloniýalaryny öz tarapyna çekmek boýunça syýasat ýöredendigi mälim. Şonuñ üçinem Faşistik Germaniýanyñ şeýle syýasaty ýöredendigi görnüp durka, bu hatlaryñ jogapsyz galandygyny pikir etmek aşa sadalyk bolar. Elbetde, biziñ häzir Gandini garalajak bolmak ýaly niýetimiz ýok. Gandi 1948-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda indus jynsparazlary tarapyndan öldürildi. Üstesine indus faşistleriniñ iñ uly tutaryklaryndan biri - teraktdan bary-ýogy üç gün öñ Gandiniñ asly türki sufist Şeýh Hajy Bahtyýar Kakynyñ jynsparazlar tarapyndan talanan dergähine barmagy görkezilipdi. Bütindünýä parahatçylygynyñ simwoliki şahslarynyñ biri bolan Gandiniñ Gitlere hat ýazmak bilen düýp maksady - dünýäniñ gana çaýkalmagynyñ öñüni aljak bolmakdan başga zat däldi. Eger beýle däl bolsa, Ikinji jahan urşundan soñ, ol hut Angliýanyñ öz içinde beýle goldaw we gyzyklanma tapmazdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. 21.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |