MÄHRİBAN YNSANDY
■ Halypamyz Beki agany ýatlap...
Adamyň beýnisi geçen wakalary, hadysalary, edilen gürrüňleri, dürli görnüşleridir keşpleri özünde saklaýan hazyna çalym edýär. Şu saklanýan zatlaryň içinde hakydada aýratyn möhürlenip galanlary bolýar. Beki aganyň keşbi hem meniň hakydamda möhürlenen keşpleriň biridir. Her sapar bu söz ussadyny ýatlanymda, onuň ýeserlik bilen gülüp seredýän gözi, häzir bir degişme sypaýjak ýaly duýulýan dodaklary göz öňüme gelýär.
Beki aga duşanyňda, ol adatdakysy ýaly "niçik?" diýip, degişip soraşardy. Onuň "niçik?" diýen sözüniň äheňinde-de degişme bar ýaly duýulýardy. Emma ol hemişe şeýle däldi. Bir zadyň pikirini edip oturan wagty agras ýüzli, dymma adama meňzeýärdi. Nämedir bir zada wagty hoş bolup,ýüzi açylanda, bulutly asmanda Gün çykan ýaly tutuş keşbi nurlanyp, agraslykdan nam-nyşan galmaýardy. Ýene degişgen, şadyýan adama öwrülýärdi. Beki aga ruhy dünýäsiniň öwüşgni keşbinde şöhlelenip durany üçin,örän ýakymly görünýärdi, başgaça aýdanda, onuň ýüzünde özüne çekiji many gözelligi bardy.
Ol adamlara ýagşylyk etmegi gowy görýärdi,elinden gelen kömegini hiç kimden aýamazdy. Men muňa öz durmuşymda birnäçe gezek, hatda onuň bilen ilkinji gezek duşuşyp, tanyşan günümde-de göz ýetiripdim. Bu şeýle bolupdy. 1962-nji ýylyň awgust aýydy. Bir gün meni ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň kätibi Hangeldi Garabaýew çagyrdy. Ol:
- Aşgabatdan ýazyjylar soýuzynyň başlygy Beki Seýtäkow jaň etdi. Seni Daşkende ýaş ýazyjylaryň maslahatyna çagyrypdyrlar, gitjekmi? - diýdi.Men:
- Gideýin, haçan gitmeli, nädip gitmeli?-diýdim.
- Beki Seýtäkow: "Şol oglany meniň ýanyma iber" diýdi. Bar, özi aýdar haçan gitjegiňi.
Şol günüň ertesi işimden jogap alyp, (şäher gazetinde edebi işgär bolup işleýärdim) Aşgabada uçdum.
Aşgabada ilkinji gelşim-hiç ýeri bilemok, elimde-de agyr ýük-Hangeldi Garabaýewiň Beki aga berip goýberen alty sany gürbek gawuny.
Aeroportdan Hangeldi aganyň beren telefonyna jaň etdim. "Alo, kim? "
diýen birneme garyljak ses eşidildi. Men:
- Salawmaleýkim, Beki Seýtäkowiç, men Sabyrow, Daşoguzdan geldim, çagyran ekeniňiz... Aeroportda durun - diýdim.
- Gelen bolsaň, geliber-dä, näme, seniň öňüňe orkestr çykarmalymy?! - diýip, gaharlyrak gepledi.
Men birhili boldum, ýöne aljyramadym:
- Bäş-alty gürbek getiripdim, ony nirä eltjegimi bilemok.
- Hä, ilki şeý diýseň bolýar-a. Garaş häzir bir "Pobeda" barar.
Beki aga gürbek gawuny ähli ir-iýmişden gowy görýärdi. Aýdyşy ýaly, köp garaşdyrman "Pobeda" geldi. Sürüjiniň ýanynda ýene bir adam bardy. Bizi ýazyjylar birleşiginiň edarasynyň öňünde düşürip, maşyn gitdi. Ýoldaşym meni Beki aganyň kabinetine alyp gireninde,uly stoluň aňyrsynda oturan yzyna daralan gür saçynyň bir tutam ýeri uzynlygyna agaran, agras ýüzli adama gözüm düşüp, sussum basyldy, zordan salam berdim.
- Niçik, how? Hany, gel bakaly-diýip, ýylgyranda, onuň ýüzi açylyp, bulutly asmanda Gün çykan ýaly boldy. Şunuň bilen meniň aljyraňňylygym hem aýryldy. Ol:
- Seni özbekler näme diýip çagyryp ýörler?! Daşkent bilen nähili gatnaşygyň bar? - diýip sorady.
- Daşkentde okadym. Daşary ýurt dilleri institutynda. Milletim özbek. Özbek dilinde-de ýazýaryn. Daşkendiň gazet-žurnallarynda iki-üç hekaýam çykypdy -diýdim.
- Hä, diýmek, hekaýalaryňda bir tutaryk bardyr, ýogsa çagyrmazdylar - diýdi-de, Beki aga ýüzüme ünsli seredip: - Diliň-ä türkmençä gelip dur, türkmençe hiç zat ýazaňokmy?-diýip sorady.
- Oblast gazetine makala dagy ýazýan.
- Çeper eserem ýazjak bolup gör. Ýöne dili gowy öwrenmeli sen.
Men bir zat diýsem, öwünjeňlik bolaýmasyn diýip, geplemedim-de, başymy atdym.
- Maňa ýazylan hatda maslahat Özbegistanyň ýazyjylar soýuzynyň "Dörmen" diýen döredijilik öýünde, özem on gün ýatymlaýyn, iýjek-içjegiňizem mugtmuş. Şeýle-de bolsa, men saňa on günlük ýolharjy bereýin. Munuň ýaly zat bizde birleşigiň agzalaryna berilýär. Senem türkmençe ýazyp başlasaň, bir gün gelip, birleşige kabul edilersiň-dä - diýip, Beki aga sözüniň maňa nähili täsir edenini bilmek üçinmi, synçy nazaryny dikdi.
- Sag boluň, Beki aga. Ýagşylygyňyzy ýadymdan çykarman.
- Men saňa uly bir ýagşylyk edemok. Adam ýagşylygy özüne özi etmeli. Adam özüne özi ýamanlyk hem edip biler. Bu ikisiniň manysyna düşünýäňmi? - diýip, Beki aga ýüzüme ýene çiňerilip seretdi. Onuň bu sözi haýsy manyda aýdany şol pursatda aňyma doly ýetip barmadyk bolsa-da, başymy atdym. Ol düşünmänimi aňyp, sözüni dowam etdirdi. -Ymykly oturyp işleseň, ýazsaň, dil öwrenseň, hökman bir netije berer. Ýaltalyk etseň, işden gaçsaň, özüňe özüň ýamanlyk etdigiňdir. Ýalta üçin ýazmazlyga, baý, bahana köpdür-ow.
Beki aganyň bu öwüdiniň nägadar dogrudygyna durmuş tejribämde mazaly göz ýetirdim. Çünki öz-özüme ýamanlyk edilen wagtlaram az bolmady.
Bu gysga söhbedimizden soň, Beki aga meni aeraportdan getiren adama Daşkende uçýan ertirki uçara maňa petek alyp bermegi tabşyrdy. Soňra maňa garap:
- Daşkentden Ürgenje-de uçar bardyr. Ýöne sen gaýdyşyňa Aşgabada uç, maňa duşup git-diýdi. - Häzir men buýruk ýazyp bererin, öýlän gelip, buhgalteriýadan puluňy alarsyň -diýip, hoşlaşmak üçin, ýerinden turyp, elini uzatdy. Bu uly adamyň entek hiç kim däl,bir ýaş ýazyja beýle hormat görkezýänine birhili boldum.
- Sag boluň, Beki aga , ýagşylygyňyzy ýadymdan çykarman.
- Muny ýaňy-da aýtdyň. Edebi eserde bir sözlemi iki gezek gaýtalasaň bolanok - diýip, Beki aga ýylgyrdy.
Beki aga bilen hoşlaşyp, Ýazyjylar birleşiginiň jaýyndan çykdym, birsalym şähere aýlandym. Öýlän gelip,birleşigiň gaznasyndan pul aldym. Ertesi Daşkende uçdum. Maslahata bir gün gijä galyp bardym. Maslahatyň ýolbaşçysy Seýit Ahmet meni gowy garşy aldy. Ol "Şark ýulduzy" žurnalynyň bölüm müdiri eken, žurnalda çykan hekaýalarym onuň elinden geçeni üçin, meni gaýybana tanaýan eken.
Maslahat örän gyzykly geçdi. Biziň bilen şol maslahata gatnaşan ýaşlaryň köpüsi soň Özbegistanyň halk ýazyjylary boldular. Şahyr Erkin Wahydow Özbegistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp boldy.
On günden soň Aşgabada gaýdyp geldim.
- Hä, geldiňmi, niçik ýagdaýlar? - diýip, Beki aga ýylgyryp garşy aldy. Ol maslahatyň geçişi, geçen ýeri - "Dörmeniň" tebigaty, ýaşaýyş şertleri, uly ýazyjylardan kimler bilen duşuşanymyzy sorady, soňra:
- Duşuşyga Aýbek gelmedimi, onuň adyny aýtmadyň-a?-diýdi.
- Gelmedi, ýogsam haýyşam etdik. Ol ysmaz keseline uçrap ,şondan soň gepläp bilmeýän bolupdyr.
- Hä, menem şeýleräk diýip eşidipdim. "Nowaýy" romanyny ýazanyndan soň, oňa köp azar berdiler. Feodal synpyň wekilini öwüpdir diýip. Ol derdini şonda tapynaýdy öýdýän - diýip, Beki aga kellesini ahmyrly ýaýkady.
Söhbedimiziň soňunda-da Beki aga maňa ýene-de türkmençe ýazmagy ündäp hoşlaşdy. Şondan soň hekaýalarymyň birnäçesini türkmençä terjime edip, ýaş ýazyjylaryň bir maslahatyna baranymda, olaryň birini "Sowet edebiýaty"(häzirki "Garagum") žurnalyna eltdim. Beki aga ýazyjylar birleşiginden boşap, žurnala redaktor bolan eken. Ol meni gowy kabul etdi. Şu duşuşykda onuň bir aýdan gepi ýadymda galypdyr. Men elimdäki hekaýamy uzadyp:
- Bu "Şark ýulduzy" žurnalynda-da çykdy-diýäýmenmi, ol ýüzüme seredip, kinaýaly ýylgyrdy-da:
- Han ogul, "Şark ýulduzy" biziň üçin baýdak däl, bar Bäşim Ataýewe ber, özi görer - diýdi.
Men aýdan sözüme gyzaryp, onuň ýanyndan çykdym. Hekaýamy ilki bölüme bermeli ekenim. Žurnalda tanaýan adamym diňe Beki aganyň özi bolany üçin, göni onuň özüne hödürläpdim. Eseriň bölüme tabşyrylmaly kadasyny bozupdyryn. Beki aganyň şuňa gahary gelen bolmagy mümkin.
Beki aga bilen şondan soňky duşuşygym 1966-njy ýylyň başragynda bolupdy. Aşgabada bir iş bilen baranymda, ilkinji türkmençe ýazan eserim - "Syrly mukam" atly fantastiki powestimi žurnala hödürlemek üçin redaksyýa bardym. Ilki bilen salamlaşmak üçin Beki aganyň ýanyna girdim. Ol:
- Hä, Sabyrow, geldiňmi?! - diýip, güler ýüz bilen garşy aldy: - Niçik ýagdaýlar? Ýene "Şark ýulduzda" çykanlaryňdan terjime edip getirdiňmi?
- Ýok, täze ýazdym, türkmençe... - diýip, men saklandym, tas üýtgeşik zat ýazdym diýip öwnüpdim.
- Şeýlemi, bölüme berdiňmi?
- Ýok, ilki siziň bilen salamlaşaýyn diýdim. Häzir berjek...
- Hany, men göreýin, çykar.
Sumkamdan çykaryp berdim.
- Oho! Ulurak zat ýaly-la - diýip, ýüzüme ýylgyryp seretdi. - Türkmençe ýazanyň çynyň bolsa, özüm okap göreýin.
Men hoşlaşyp çykyp gaýtdym. Powest Beki aganyň stolunda galdy. Bir hepdeden soň, Aşgabatdan hat geldi. Bukjanyň ýüzündäki "Sowet edebiýaty" diýen ýazga gözüm düşenden, "halamandyr-ow, jogap ýazypdyrlar" diýen pikir bar keýpimi uçurdy. Emma haty açyp okanymda, begenjime bökäýjek boldum. Hatda eserimiň suratym bilen çykaryljakdygy, şoňa suratymy ibermelidigim ýazylypdy.
Şeýdip, ilkinji türkmençe ýazan eserim "Syrly mukamlar" žurnalyň 1966-njy ýylyň 4-nji sanynda suratym bilen çapdan çykdy. Şol döwürde žurnalda korrektor bolup işleýän Hojanepes Meläýewiň inisi Amannepesiň aýtmagyna görä, Beki aga "Bu oglan üýtgeşik bir zat ýazypdyr. Okap oturyp, inim digläp gitdi. Suratyny aldyryň, suraty bilen bereliň" diýipdir.
Beki aganyň ündewi bilen ýazylan bu eser meniň türkmen dilindäki döredijiligimiň başlangyjy boldy. Şundan soňky "Togalak dünýä" powestimi hem Beki aganyň özi okap, makullap žurnalda çykarypdy. 1972-nji ýylda ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilenimde, hödürnama ýazyp berenleriň biri-de Beki agady. Onuň maňa eden başga-da ýagşylyklary hiç haçan unudylmaýan ýagşylyklardyr.
Beki aga tanyş-bilişleriniň işine,ýagdaýyna ünsli seredýärdi. Başgalaryňam şeýle bolmagyny isleýärdi. Men muny 1976-njy ýylda ejem aradan çykanda duýdum. Ol gazetde ýazyjylar birleşiginiň beren gynanjyny okap, maňa gynanç bildirip hat ýazypdy. Soň duşanymyzda," Yzy ýarasyn" aýdyp, yzyndan: "Men gynanç bildirip bir hatam iberipdirin, ol barmandyr öýdýän" diýdi. Men:
- Geldi, aldym hatyňyzy-diýdim. Ol ýüzüme birhili seretdi-de:
- Men seni hatymy alan dälsiň öýdüpdim-diýdi. Ine, şonda men özümiň ýalňyşymy duýdum.
Beki aga Daşoguza gelende, köplenç, Hojanepesi ýany bilen bile alyp gaýdýardy. "Bu biziň attutarymyz" diýip, onuň bilen degişerdi. Ol haçan gelse, ony Hangeldi aga bilen bile garşy alardyk, barjak ýerlerine bile barardyk, çagyrylan ýerlerde saçagyň başynda onuň gyzykly gürrüňlerini, degişmelerini diňläp, hezil ederdik.Ol , köplenç, Hangeldi aga degerdi.Meniň ýadymda galanlaryndan:Bir sapar Hojanepes bilen gelende,şahyr Kakabaý Ylýasow myhmançylyga çagyrdy.Boldumsaza meniň "Moskwiçimde"gitdik.
Kakabaý hezzetiň kemini goýmady. Towugyň etinden böregem bişirdipdi. Gijäniň ýaryna çenli gowy oturdyk. Soňra Boldumsazyň kiçijik myhmanhanasyna geldik. Beki aga bilen Hangeldi aga bir otagda, Hojanepes ikimiz bir otagda ýatmaly bolduk. Ilki Hangeldi aga:
- Beki, (ýaşlary deňräk bolansoň, diňe adyny aýdýardy), sen ýaman hor çekýäň, men dälizde ýatjak, seniň ýanyňda ýatjak däl - diýdi. Dälizde ýatmaga ýer barmy näme, barybir, Beki aganyň ýanynda ýatmaly boldy. Ertesi irden çaýyň başynda Hangeldi aga keýpsiz torsaryp otyrdy. Beki aga bize ýylgyryp, "onuň halyny soraň" diýen manyda oňa tarap ümledi. Biz ikisiniň arasynda bir zat bolanyny aňdyk. Hojanepes:
- Han däde, näme keýpiň ýok? - diýdi.
- Keýp bolýamy, kellesini ýassyga goýandan, köne traktyr ýaly tarlap ýatyrmany bir ýana, ýaňy süýji uka giden mahalym,yralap turzanyna näme diýjek. Gözümi açalak-ýumalak edip seretsem, ýeke gözli döw ýaly üstüme abanyp dur. Men bir zat bolandyr öýdüp: "Hä, hä eýgilikmi?" diýsem, näme diýýä diýsene: "Aý,ol çowdur bir gysym tüwi tapmadymyka, palaw bermed-ä" diýip, daşary çykyp gitdi. Sagada seretsem bäşiň ýary.
Hangeldi aganyň jany ýanyp gepleýänine Beki aga hezil edip güldi.
Daşoguza gelende, Beki agany myhmançylyga çagyrýan adam köpdi. Emma ol hemmesine-de baryp ýörenokdy. Ol biziň öýümize ilkinji geleninde:
- Reýimbaý,özbekler öýüne myhman gelende, hökman palaw bişirýärler. Özbegiň palawy-da gatyrak bolýa. Men palawy ýaşlygymda gowy görýärdim, häzir däl. Gowusy, sen gazaklaryň "bäş barmagy" ýaly bir gaýyş bişirdäý-diýipdi. Şonda palawyň özüniň ýaş döwründe nähili arzuwly nahar bolandygyny şeýle gürrüň beripdi:
- Oglankak Balyş bilen (gürrüň Balyş Öwezow hakda) bir obada, özem goňşyrak ýaşaýardyk. Olaryň bir uly horazy bardy. Käte biz ony kowalasak, käte ol bizi kowalaýardy. Bir gün Balyş:
- Beki, dädem horazy soýdy. Ejeme horazyň etini salyp, palow bişir diýip aýtdy. Palow bişenden, men daş çykyp sygyraryn, sen meni sorap gel. Palowy bile iýeris diýdi. Menem sykylygy eşiden badyma, eňip bardym. Kakasy:
- Gel, "Ýagşy ýigit-aş üstüne" diýipdirler-diýdi. Ejesi Balyş ikimize bir kiçiräk okara palow salyp berdi, hezil edip iýdik.
Beki aganyň bu beren gürrüňinden şol döwürde diňe palow däl, dostluga-da nähili uly gadyr goýulýandygyny aňdyk.
Bu iki uly kişiniň oglanlykdaky dostlugy ömürleriniň ahyryna çenli saklanyp galypdy. Beki aga diňe meşhur ýazyjy bolman, ol belent adamkärçilikli, dostlaryna mähriban, kiçigöwünli, sada ynsandy. "Beýiklik sadalykda" diýipdir.
Reýimbaý SABYROW.
Ýatlamalar