21:02 Mandatçylyk | |
MANDATÇYLYK
Publisistika
Birinji şahs: “AGAF” lakamly Ser Antoni Jorj Anson Fişer (1915-1988)… Iñlis işewüri. Neoliberalizmiñ düýbüni tutujy-atasy awstriýaly ykdysatçy F.A.Haýegiñ ýazan "Gulçulygyñ ýoly" kitabyndan täsirlendi. Tanyşdylar. Haýek syýasy özgerişe täsir etmek üçin añ-düşünje guramalarynyñ iñ gowy serişde bolup durýandygyna ony boýun etdi. Fişer Fridrih Haýek, Frank Knaýt, Karl Popper, Lýudwig fon Mises, Jorj Stigler, Milton Friedman ýaly ykdysatçylardyr syýasatşynaslardan düzülen "neoliberalizmiñ merkezi bazasy" - Mont Pelerin jemgyýetiniñ (MPS) agzasy boldy. Fişer 1955-nji ýyllarda Londonda Ykdysady gatnaşyklar institutyny (IEA) gurandan soñ, 70-nji ýyllarda Freýzer, Manhetten we Ýuwaş okean boýunça ylmy-barlag institutlarynyñ gurulmagyna işjeñ gatnaşdy. Neoliberalizmiñ galkynmagy bilen, 1981-nji ýylda ABŞ-da neoliberal añ-düşünje guramalaryna "saýawanlyk" eden Atlas Ykdysady ylmy-barlag institutyny (Atlas Network) gurdy. (Atlas Network - öz adyny (biziñ liboş* "çepçilerimiziñ" melikesi) Aýn Rendiñ "Atlas silkindi" kitabynyñ adyndan aldy.) Bu Network-yñ "Koch" maşgalasy bilen birlikde "ExxonMobil"-den başlap, tä "Philip Morris"-e çenli gigant maliýe hemaýatkärleri bar. "Atlas Network" häzir (Türkiýe ýaly) 90-dan gowrak ýurtda (Türkiýedäki Liberal añ-düşünje jemgyýeti ýaly) 500-e golaý neoliberal añ-düşünje guramalaryna goldaw berýär... Fişeriñ 1983-nji ýylda ABŞ-da guran añ-düşünje guramasynyñ ady: Halkara Syýasy analizler merkezi (NCPA )… • IKINJI ŞAHS Fişer NCPA-ny ABŞ-ly işewürler Rassel Perri, Jon F.Stewens, Jere W.Tompson,("Pepsi"-niñ başlygy) Waýn Kallowaý dagylar bilen bile gurdy. Onuñ birinji ofisi Dallas uniwersitetinde açyldy. Merkeziñ düýbüni tutujy başlygy, neoliberal ykdysadyýetiñ tarapdary, tehasly Jon Gudmandy. Şol bir wagtyñ özünde Gudman institutynyñam gurujysy bolan Gudmanyñ hünärmenlik ugry jemgyýetçilik saglygy goraýyş syýasatyny ýykyp-ýumurmakdy. Ol bu boýunça 15 kitap ýazdy. ABŞ-nyñ Tebipler birleşiginiñ talaby bilen saglygy goraýyş hyzmatlarynyñ bazarlary nähili gysýandygynyñ üstünde seljermeleri geçirdi. Saglygy goraýyş syýasaty boýunça öñe süren ugry (Erdoganam şuña degişli) merkezi sag düşünjä şekil berdi. 1992-nji ýylda "New York Times" gazeti NCPA-ny ätiýaçlandyryş industriýasynyñ maliýeleşdirýändigini ýazdy. Gudman Margaret Tetçeriñ 22 ugur boýunça hususylaşdyrma usulyny ABŞ-da tanatdy we ştat derejesinde hususylaşdyrmalaryñ geçirilmegini üpjün etdi. Bu işe NCPA-da kitaplar çap etdirip, konferensiýalar geçirip goldaw berdi. Gudmana bu işlerinde kim kömek edendir öýdýäñiz: Lou Anne King Jensen! Çünki sosial hyzmatlar boýunça hünärmen hanym Jensen NCPA-nyñ geñeşçi agzasydy. Kim bu aýal eýse? Gürrüñimiziñ ugruny Türkiýä gönükdirip bileris... • BIR AÝAL "Chrest" fondy… Türkiyedäki liboş “çepçileriñ” käbir mediýa organlaryna beren puly bulen dile düşdi. Lou Anne King Jensen bolsa bu fondyñ düýbüni tutujy başlygy! Hanym Jensen bilen onuñ adamsy Jeff Jenseniñ ummasyz köp pul gazanýan işleri näme: saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy! Neoliberalizm sap ykdysady sistema däl, onuñ ideologiýasyna akyl ýetirmek hökmany şert. Jensen maşgalasy saglygy goraýyş ulgamynda toplan pullaryny başga-başga "pudaklarda" ulanýar. Nädipmi? NCPA-nyñ ýigrimi bäşinji ýubileý ýylynda geçirilen çäre muña gerekli jogaby berýär. Dabarada hanym Jensen amerikan generallarynyñ biri bilen surata düşýär. General Tommi Franks ABŞ-nyñ Merkezi Komandowaniýesiniñ serkerdebaşysy. Ol 2001-nji ýylda Owganystan, 2003-nji ýylda Yrak okkupasiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Dabarada söz sözlän "Forbes" amerikan mediýa şereketiniñ eýesi (we Halkara Neşirýat gullugy - BIB-iñ başlygy) Stiw Forbes gelejegiñ kynçylykly meselelerini sanady: Eýran, Yrak, Owganystan... Tötänlikmi? "Chrest" fondy 2001-nji ýyldan başlap Türkiýedäki käbir jemgyýetçilik guramalaryna pul ýagdyrmaga başlady! Edil şol döwrem biziñ liboş "çepçilerimiz" Yrak deklarasiýasyna nämüçin an edip goldaw berdi? Diñe bulam däl. "Wikileaks" maglumatnamalary nämäni orta çykardy? 2007-nji ýylda "Chrest" bankynyñ başlygy Lou Anne King Jenseniñ Hakkaride we Mardinde türk goşun bölümleriniñ ýerleşýän ýerleri hem-de Demirgazyk Yrak hakynda ABŞ-nyñ geosyýasy geñeşdarlyk şereketinden (CIA-nyñ kölegi diýilýän Stratfor) Türkiýe boýunça jogapkär şefinden maglumat sorandygy ýüze çykdy! Galyberse-de, biz indi-indi MASAK-yñ 2012-nji ýyldaky habarnamasyndan PKK-niñ dagdaky şahsy düzümini maliýeleşdirýändigi aýdylan "Umyt ýalkymy" aýal-gyzlar korporasiýasynyñ ("Umut Işığı Kadın Kooperatifi") "Chrest" fondundan 45 müñ 598 dollar alandygyny bilip ýörüs. Hakykatçyllykda öwünýän fonddaş mediýanyñ bu zatlary görmezlige salmasyna geñ galýarsyñyzmy? Özlerini "çepçi" hökmünde tanadýan käbir ugruny ýitirenleriñ fonddaş mediýany goldamagy doly garaşsyzlygymyz üçin şirin janyny janyny orta goýan rewolýusionerlerimize haksyzlyk etdigi bolanokmy? Ýol belli - ýa doly garaşsyzlyk, ýa-da mandatçylyk. Soner ÝALÇYN. __________________________________ * Liboş - daşyndan göräýmäge liberalsyraýan, ýöne diñe öz peýdasyny bilýän bähbitparaz adam, ýagny, liberalsumak. "SÖZCÜ" gazeti, 27.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |