23:37 Manyly ömrüñ şahyrana ýazgylary | |
MANYLY ÖMRÜŇ ŞAHYRANA ÝAZGYLARY
Edebi makalalar
Eger Watan üçin dökülse ganyň, Watan saňa öz ganyndan gan berer. Gerek ýerde pida edilse janyň, Öz janyndan ebedilik jan berer. Bu setirleriň awtory özüniň bütin ykbalyny söýgüli Watanynyň ykbalyna baglap, güýç-kuwwatyny, gujur-gaýratyny, dury zehinini öz halkynyň, öz Watanynyň, hyzmatyna bagyş eden şahyr Durly Haldurdydyr. Şahyr biziň sosialistik Watanymyzyň ykbalynyň zähmetkeş halkyň ykbaly bilenbir ten, bir jandygyna turuwdan berk düşünýär. Şonuň üçin mähriban Watana, sowet halkyna, Kommunistik partiýa päk ýürekden hyzmat etmek ideýasy onuň bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Her ýazyjynyň, her şahyryň öz döredijiligine mahsus bolan bir aýratynlyk bolýar. Olam şahyryň esasy söýgüli temasynyň üsti bilen ýüze çykýar. Onuň döredijiliginiň haýsy döwrüne seretseň-de, şoňa doly göz ýetirmek bolýar. Şeýle aýratynlyk, ýürekden uýalan ideýa D.Haldurdynyň, döredijiliginde-de hemmä belli görnüp dur. Ol hem bolsa sowet watançylygyny, sowet adamlarynyň bozulmaz dostlugyny wasp etmekdir. Şahyryň uruşdan öňki döredijiligine seretseň-de, soňky ýyllardaky döredijiliginde-de meseleleri aýdyň duýmak bolýar. Şahyr D.Haldurdy halklaryň dostlugynyň, internasionalizmiň dünýäde parahatçylygy berkitmekde, halklaryň dynçlygny, bagtly durmuşyny, azat zähmetini berkarar etmekde uly güýçdügine berk düşünýär. Şonuň üçin-de bu mukaddes temalaryň tarypçysy hökmünde yzygider çykyş edýär. Şahyr uruşdan öňki döwürde ýazan eserlerinde ýaş Sowet döwletiniň gülläp ösmeginde, pugtalanmagynda halklaryň dostlugynyň egsilmez güýçdügini, Kommunistik partiýanyň guramaçylyk, ýolbaşçylyk roluny esersaýyn nygtaýar. Şahyr şeýle pikirini irki döwürde ýazan «Garry saýlawçy» atly giň planly uly göwrümli goşgusynda gaýta-gaýta belleýär. Eseriň adyndan belli bolşy ýaly, awtor sowet saýlaw sistemasynyň adalatlydygyny, Sowet Konstitusiýasyny zähmetkeş halkyň deň hukuklylygyny, zähmetini, doganlyk-dostlugyny goraýan iň progressiw dokument hökmünde taryplaýar. Şahyryň bu ýerde garry saýlawça ýüzlenmegi tötänden däl bolsa gerek. Çünki şol döwrüň garry saýlawçylary iki dünýäniň, janly şaýatlary. Şol sebäplem şahyr olaryň geçmişdäki agyr günleri, ýokary gatlak wekilleriniň adalatsyz hereketlerini gysgaça ýatladyp, ol döwrüň düzgünlerini biziň sosialistik Watanymyzyň kada-kanunlary bilendeňeşdirip, munuň artykmaçlyklaryny, onuň sebäplerini düşündirýär. Garry saýlawçy-da öz bagty, adalatly sowet döwlet gurluşy, SSSR halklarynyňbozulmaz agzybirligi üçin ses berýär. Şahyr bu ideýasyny has-da çuňlaşdyryp, başga bir goşgusynda: Doganlyk, doslugyň iň beýik gerşi, Şatlygyň ruhy, ýüregi sensiň. Taryhda gazanyp iň uly ýeňşi Erkinlik pikiriniň seresi sensiň – diýen setirlerinde beýan edip, okyjysynda Sowet Watanymyza, Kommunistik partiýa çäksiz söýgi döredýär. Internasionalistik ruha ýugrulan goşgular D.Halurdynyň döredijiliginde irki wagtlardan peýda bolup başlaýar. Ol bu tema bagyşlap, 1933-nji ýylda «Üstün çykarys» atly goşgusyny ýazýar. Şahyryňbu goşgusy türkmen klassyky edebiýatynyň goşgy formalaryna meňzemeýän täze bir formada ýazylan eserdir. Goşgy çeperçilik taýdan käbir derejede agsasa-da, ideýa taýdan örän durnukly. Awtor bu eserin-de kapitalyň agalyk edýän ýerindäki zähmetkeş halkyň çagalarynyň bagtsyz durmuşyna gyýylýar. Diňe biziň köpmilletli Sowet Watanymyzda – SSSR-de çagalaryň bagtly, şadyýan durmuşynyň möwç urýandygyny aýdýar. Eseriň öz durmuşyndan, ykbalyndannalaýan liriki gahrymany göreşler netijesinde bir wagtda faşizmden, agalyk ediji toparlardan üstün çykjaklaryna umyt baglaýar. Bu bolsa şahyryňinternasioial dünýägaraýşynyň, öňdengörüjiliginiň netijesidir. Sowet watançylygy, SSSR halklarynyň agzybirligi baradaky söhbet şahyryň şol döwürlerde ýazan «Aýdym barada aýdym», «Güneşiň nurdany», «Başyma çekýärin», «Gaýduwsyzlyk» ýaly ençeme goşgularynda çuňňur beýan edilýär. Şahyr D.Haldurdynyň bütin döredijiliginde baş harp bilen ýazylan «Watan» sözüniň mazmuny-daummasyz ululygy bilen göz öňüne gelýär. Munuň şeýledigine şahyryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda döreden eserlerinde hasam doly göz ýetirmek bolýar. Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda sowet adamlary Watanymyzyň azatlygy, ar-namysy, özbaşdaklygy ugrunda nemes faşistik basybalyjylaryna garşy özleriniň güýjüni-de, janyny-da aýaman göreşdiler. Sowet watançylarynyň söweş meýdanlarynda hem-de tylda görkezen köpçülikleýin gahrymançylyklaryny sowet ýazyjylary özleriniň gan bilen, der bilen ýazylan iň gowy eserlerinde beýan etdiler. Frontçy şahyr D.Haldurdynyň bu döwürde döreden eserleri söweş kartinalaryny janly görkezişi, durmuş hakykatyndan dos-doly şahyryna setirleri bilen hasam gyzyklydyr. Hut şonuň üçin-de D.Haldurdynyň ady tutulanda, ol frontçy şahyr bolup göz öňüne gelýär. Gazaply söweşlerde olam beýleki galamdaş ýoldaşlary ýaly duşmana garşy atgyr ýaragly, ötgür galamly hüjüm etdi. Poeziýa onuň wepaly ýaragy boldy. Şonuň üçin şahyr urşuň yz ýany bilen neşir etdiren kitabyny-da «Meniň ýaragym» diýip atlandyrdy. Şahyryň bu ýygyndysy tutuşlygyna diýen ýaly ýalynly ýyllaryň önümi. Bu kitap hakda soňra respublikamyzyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow şeýle ýazypdyr: «Şol döwürdäki poeziýa kitaplarynyň deňzinden bary-ýogy birnäçe damja biziň günlerimizegelip ýetdi. Şol tenekar damjalaryň biri-de şahyr Haldurdynyň «Meniň ýaragym» diýen kitaby boldy». Beýik Watançylyk urşunyň ähli döwürlerinde edebiýatda ýüze çykan häsiýetli aýratynlyklary D.Haldurdynyň eserlerinde-de görmek bolýar. Şol döwürde edebiýatda çakylyk äheňli, mobilizleýji häsiýetdäki eserler agdyklyk edipdi. Ol eserleriň liriki gahrymanlary duşmandan ar almak, Watany mertlerçe goramak, taryhdan faşizmiň adyny ýitirmek niýeti bilen sözleýärdiler, söweşýärdiler. D.Haldurdynyň «Äden ädimlerin ädikde galdyrys», «Gyrarys», «Gahrymana» ýaly joşguny, hyjuwy çeper formada beýan edýän goşgulary-da şol eserleriň toparyny düzýär. Şahyr bu eserlerinde Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň netijesinde dünýäde ilkinji emele gelen sosialistik Watanymyzyň ýeňilmez bir galadygyna berk ynam edýär. D.Haldurdy bu pikiri: Adamzat arzuwnyň maksada ýeten, Ýeri ýalňyz sensiň, eý gözel Watan – diýip başlanýan «Äden ädimleriň ädikde galdyrys»goşgusynda konkret mysallar bilen delillendirýär. Gaýduwsyz esger, watançy şahyr sowet adamlarynyň ençeme ýowuz synaglardan geçen watançylygyna, doganalyk-dostlugynyň mäkämligine bil baglaýar. Sowet adamlarynyň birek-birege bolan gadyrly gatnaşygynyň bakydygyny ýürekden syzdyrýar. Munuň şeýledigini şahyryň «Gyrarys» atly watançylyk ideýasyna ýugrulan goşgusyny okanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Liriki gahryman dünýäniň bir tarapyndan ot berip, ellerini gana boýap gelýän faşistleri: ...Gyrarys ýandyrlan öýlermiz üçin. Şöhraty tesdirlen toýlarmyz üçin, Keýp üçin kesilen çagalar üçin, Sakgaldan asylan agalar üçin, Gyrarys ýakylan obalar üçin, Diwara kakylan babalar üçin!.. diýip, gazap donuny geýýär. Ol Ukrainanyň, Belorussiýanyň... beýik Russiýaňyň ençeme şäherleriniň ot içindedigine, şol ýerdeki doganlyk halklaryň jebir-jepalaryna, ezýet-horluklaryna bagryny paralaýar. Eseri okanynda rus eneleriniň nalyşy, ukrain eneleriniň gözýaşy, belorus eneleriniň eňreşmeleri... edil türkmen obasynda ýaly eşidilýär. Şol sebäplem «Gyrarys» sözi batly hem gazaply çykýar. Şahyr ýokarky eserlerinde söweşiň, ýeňşiň häsiýetli taraplaryny beýan edip, «Gahrymana» atly goşgusynda jemleýji häsiýet berip, öz watandaşlarynyň öňündebatyrlyk, gahrymançylyk, ýeňijilik üçin şert goýýar: Kim dostlugy çykarmasa ýadyndan Ol gorkmaz duşmanyň ýakanodundan. Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji günlerinden başlap, sowet adamlaryny gahrymançylyk, watançylyk ruhunda terbiýelemek meselesi öňe sürüldi. Partiýamyz hem hökümetimiz bu mesele boýunça ençeme çäreler geçirdi. Esgerleri geçmiş ata-babalarymyzyň gahrymançylykly işleriniň mysalynda terbiýelemek ýaly meseleler öňe sürülýärdi. Ägirt uly watançylyk ähmiýetli bu meseleler derrew ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginde-de öz beýanyny tapdy. Türkmen edebiýatynda bu meselä ilkinji bolup seslenenleriň biri-de D.Haldurdydyr. Şahyryň «Batyrlaryň nesli biz» goşgusy tutuşlygyna şol asylly işe bagyşlanan. Awtor «Taryhyny gan bilen ýazan» halkyň ogul-gyzlarynyň ata-babalarynyň adyna ysnat getirmejekdiklerine ynanýar. SSSR halklarynyň bozulmaz dostlugynyň şaýady bolan beýik goşunyň hataryny synlap, oňa guwanýar: Bu kän atlyň öňünde Suworow nesli barýar. Dawid, Jangar deňinde Tarieliň asly barýar. Manas, Bogdan, Görogly, Şamiliň çowluklary. Sowetleriň bar ogly – Leniniň agtyklary. Görşümiz ýaly, bularyň her haýsy bir halkyň aňynda, taryhynda mynasyp orup alan belli şahs ýa-da eserleriň baş gahrymanlary. Bu meseläniň beýanyna awtoryň beýleki eserlerinde-de häli-şindi duşmak bolýar. Bu babatda frontçy şahyryň «Dnepr», «Etseň hyzmat, ýagar rähnet», «Fonar» ýaly goşgularyda ýatlamaga degişlidir. D.Haldurdy «Dnepr» goşgusynda ukrain halky geçen günlerde beýleki doganlyk halklara pälwan kömegini berip, ol halklaryň tarypnamasyny alan bolsa, bu gün ol halkyň ogullary Taras Şewçenkonyň söýgüli topragyny, söýgüli derýasynyazat edip, onuň mähir-muhabbetine mynasyp bolýandyklaryny nygtaýar. Şahyr joşgunly Dnepre ýüzlenip, sowet adamlarynyň leninçilik doganlyk-dostlugynyň egsilmez güýçdügine güwä geçýän setirlerini okaýar. Şahyr D.Haldurdyňyň uruş ýyllarynda döreden goşgularynyň gymmatly tarapynyň biri-de, ot içinde dörän häsiýetleriň örän dogruçyl, inçelik bilen açylyp görkezilmegindedir. Bu pikiri delillendirmek üçin onuň «Dostumyň ýadygärligine» goşgusyna seretmek ýeterlikdir. Awtor bu goşgusyny özüniň söwer dosty Gurbanmyrat Eýemberdiýewiň ýadygärligine bagyşlap ýazan bolsa-da, bu eserde diňe bir dostuň häsiýeti, hereketleri açylman, bütin sowet dostlugy, onuň şol döwre mahsus bolan häsiýeti açylyp görkezilýär. Bir çilimi deň paýlaşyp, deň sorup, bir şinel ýapynylyp, ýerkümede dörän dostluk bolansoň ýiti täsiri bilen özüne okyjyny baş egdirýär. şonuň üçin şahyryň özi-de söweş günlerindäki dostlugyň başga wagtlardaky dostlukdan has mäkäm hem mähremdigini ýürekden nygtaýar. Dostum diýip gatnaşsam-da köp bilen, Söweşdäki ýaly dosty görmedim. Beýan etmek çetin ýazuw, gep bilen, Söweş dostlugynda kössi görmedim. Dostluk gaýnap-joşup doganlyk dörýär, Bir ten, bir jan hem bir ýerden dem alýaň. Bu bolsa güýjüňe ýene güýç berýär Agyryňa bir-birekden em alýaň. Bu eseriň liriki gahrymanynda sowet esgerleriniň moral keşbiniň esasy sypatlary açylyp görkezlýär. Ol gahrynmanlar demir ýaly berk erkli , gaýduwsyz ruhly. Olaryň ýeňşe bolan ynamlary daşa ýazylan ýaly aýdyň. Ol esgerler urşuň agyr günlerinde faşistik ýurtbasarlara garşy bolan söweşlerde mertlige, çydamlylyga, sabyrlylyga eýeboldular. Beýik maksada hyzmat edýän şol gahrymanlaryň arasyndaky dostluk: Ol seň bilen oda suwa deň gider, Gaýgyrmaz özüniň şirin janyny. Ölme gitseň özüňden-de öň gider, Deň paýlaşar soňky döwüm nanyny – diýmäge şahyra mümkinçilik berýär. Şol hupbatly, jebirli günleri egninde çekip, bedeninde syzan frontçy şahyr döwüm nanyny dosty bilen deň paýlaşyp, ýeňiş üçin, Watan üçin janyny, ganyny aýamadyk ýigitleriň ýadygärlikleriniň ýüreklere ornandygyna güwä geçýär. Şahyr söweş dostlaryna uly hormat goýup, iň gowy waspnamalaryň şolara bagyşlanjakdygyny dogry belleýär: Her zaman şahyry sen hakda düzer Ýaňlanar täze heň, täze tar bilen, Gelinler adyňy nagyşdan ýazar Gelerler ýanyňa söwer ýar bilen. Çuňňur mazmuny, sagdyn ideýasy, örän dogruçyllygy bilen «Dostluk barada poema» diýmäge esas berýän D.Haldurdynyňbu eseri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda dörän türkmen poeziýasynyň iň gowy nusgalarynyň hatarynda durýar. Bu goşgy N.Pommanyň «Ädigimiň ýoly», Ç.Aşyrowyň «Ermeni gyzy», Ş.Kekilowyň «Kareliýa jeňňelinde» ýaly setirleri bilen bir hatarda häli-şindi okyjy köpçüliginň dilinden düşenok. D.Haldurdynyň söweş goşgularyna jemleýji bolup dörän «Goç ýigitler Berlinde», «Köçämizde toý boldy» eserleriniň liriki gahrymanlarynyň şatlykly duýgusynyň joş urmagy, guwançly sesleriniň batly ýaňlanmagy tebigy zat. Bu eserleriň içindengeçýän esasy söweşjeň ideýa sarsmaz sowet watançylgy hem halklaryň synagdan geçen bozulmaz dostlugynyň mynasyp beýanydyr. Türkmen edebiýatynyň ulydosty P.Skosyrýew aýtmyşlaýyn, «uruş döwründe biçak ösen hem ýetişen şahyr Haldurdy» şol döwürdenbaşlap, türkmen okyjylarynyň arasynda kanuny tanalmaklygy gazandy. Onuň harby poeziýasyny häsiýetlendirýän pikirimizi okyjysyndan gelen bir hat biden delillendirmegi makul bildik. Bu hat Kostroma şäherinden A.I.Mihaýlowadan gelipdir. Hatda şeýle diýilýär: «Gadyrly ýoldaş Haldurdy! Men «Selskaýa žizn» gazetinden Siziň goşgyňyzy okadym. Ol maňa örän ýarady. Ol goşgyny Ýeňşiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýygnanyşykda okap berdim. Meniň özüm hem eli ýaragly urşa gatnaşyjy. Ikinji Belorus frontunda söweşdim. Siziň goşguda ýazan zatlaryňyz şeýle dogry, ol maňa örän gymmatly hem düşnükli. Goşgyňyz baýramçylyga gatnaşyjylara örän ýarady. Bu siziň taýsyz üstünligiňizdir. Goşgyny men adamymyň iş ýerinde geçirilen Ýeňiş baýramçylygynda-da okadym. Ol ýene uly şowhun bilen garşylandy. Men işleýän ýerim bolan uruş inwalidleriniň gospitalynda-da siziň goşgyňyzy yzygider okap berdim. Goşgyňyz üçin köp sag boluň Öňüňizde başegýärin». Lenin temasy bütin sowet edebiýatynyň iň mukaddes temalarynyň biri boldy. Şeýle bolmagynda-da galýar. Türkmen şahyrlary hem ilkinji günlerden başlap, adamzadyň beýik serdary, dünýäde ilkinjisosialistik döwleti emele getiren W.I.Lenini, onuň röwşen ideýalaryny wasp etmegi iň mukaddes zat hasapladylar. Durdy Gylyjyň, Mollamurtuň, Baýram şahyryň, Ata Salyhyň, B.Kerbabaýewiň, G.Burunowyň Lenin hakdaky ilkinji şahyrana setirlerinden başlanyp, G.Seýitliýewiň, R.Seýidowyň, T.Esenowanyň, B.Seýtäkowyň, N.Pommanyň we beýlekileriň döredijiliginde höwes bilen dowam etdirilen türkmen Leninnamasy biziň günlerimizde-de zehinli eserleriň hasabyna baýlaşýar. Bu temanyň baýlaşmagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy D.Haldurdynyň uly hyzmaty bar. Türkmen edebiýatynda Lenin temasy agzalsa, D.Haldurdynyňýatlanmagy, onuň bu ugurdaky işeňňirliginiň alamatydyr. Lenin temasyndaky eserleri D.Haldurdynyň öz poeziýasynyň hem terjime eden eserleriniň agramly bölegini tutýar diýsek galat bolmaz. Ol türkmen şahyrlarynyň arasynda terjimeçilik işine uly ähmiýet berip, oňa jogapkärçilik bilen garaýanlaryň biridir. Rus hem beýleki doganlyk halklaryň edebiýatyndan, dünýä edebiýatynyň progressiz şahyrlaryndan eden irili-ownukly onlarça terjimeleri şahyry ezber terjimeçi hökmünde tanatdy. Şahyryň aýratyn bellenmäge degişli bolan Leniň temasyndan eden terjimeleri bolsa, bu ugurdaky üstünligidir. Ol dürli döwürlerde belli sowet şahyrlarynyň, şeýle hem daşary ýurt şahyrlarynyň ençemesiniň Lenin hakdaky eserlerini yhlas bilen türkmen diline geçirdi. D.Haldurdy rus şahyrlary D.Bedniniň «Hiç kim bilmedi», (Wasilýewiň «Leniniň ady bilen» goşgularyny, ermeni şahyry E.Çarensiň «Wladimir Iliç, daýhan hem bir jübüt ädik hakynda ballada», «Dýadýa Lenin», «Lenin hem Aly»ýaly iri göwrümli balladalaryň toparyny terjime edip, ilkinji üstünlikleri gazansa, daşary ýurt edebiýatyndan wetnam, hindi, yrak, liwan, ispan, awstriýa, bolgar şahyrlarynyň W.I.Lenin baradaky belli goşgularyny terjime edip, dünýä zähmetkeşleriniň beýik Lenine bolan egsilmez söýgüsini hem minnetdarlygyny türkmen okyjysyna ýetirdi. D.Haldurdy W.Maýakowskiniň «Wladimir IliçLenin» poemasyny dolulygyna W.I.Leniniň, 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli türkmen diline geçirdi. Lenin temasyndan terjime eden beýleki eserleribilen birlikde, «W.I.Lenin» poemasynyň terjimesi türkmen Leninnamasyna uly goşant bolşy ýaly, şahyryň özi üçin hem uly mekdep boldy. Onuň soňky ýyllarda döreden irili-ownukly ençeme eseri şeýle netijä gelmäge ýeterlik maglumat berýär. Şahyr «Goja soldat» kitabynda (1969ý.) ýerleşdirilen «Iller ony eý gördi», «Wladimir Iliç Lenin» diýen uly göwrümli goşgularynda D.Bedniniň mekdebine eýerip, Wladimir Iliçiň zähmetkeş halkyň bagty üçin dünýä gelenini mübärekleýär. Şol ýerdäki «Partiýany wasp edeliň» goşgusynyň: Seniň waspyň etsem ýeňişleň bary, Ondan özleriniň tarypyn alar. Zähmetkeş ähliniň beýik serdary Leniniň hem waspyn etdigim bolar. diýen jemleme setirlerlerini okap, Maýakowskiniň ýörelgesine eýerýändigini duýýarys. Aslyýetinde, şahyryň özi hem W.W.Maýakowskiniň ýadygärligine ýüzlenme şeklinde «maýakowskiçilik» formada ýazan «Beýik halypa» poemasynda meşhur şahyryň mekdebine bolan hormatyny hem wepalylygyny çyn ýürekden aýan etdi. D.Haldurdynyň«Edermenlik ýoly» kitaby hem onuň öz döredijilik endigini wepalylyk bilen dowam etdirýändigini görkezýär. Kitaba şahyryň soňky ýyllarda döreden goşgularydyr poemalarynyň köpüsi girizilipdir. Kitabyň agramly bölegini onuň Lenin temasyna bagyşlan eserleri tutýar. Şahyryň «Lenin hakda söz», «Ýaşlygymyzyň bir güni» poemalary, «Lenin hakynda söhbet», «Biz Lenine minnetdar», «Ol adam Lenindi», «Lenin bilen gitdik öňe», «Beýik ynsan» ýaly iri göwrümli goşgularydyr balladalary tutuşlygyna bu temanyň işlenişindäki bir bitewiligi ýüze çykarýar. Onuň bu eserleriniň içinden geçýän şol bir ideýa-mazmun Leniniň sosial durmuşy özgertmekdäki beýik ideýalarynyň ýeňşinebeletlik bilen baha berýär. Onuň gahrymanlarynyň minnetdarlyk duýgularyny giňişleýinaçyp görkezýär. Şahyryň «Lenin hakda söz» poemasy gozgaýan meseleleri, mazmuny, möçberi, beýan ediş tärleri boýunça türkmen poeziýasynyň bu temada döredilen şowly eserleriniň biri hökmünde bellenmäge degişlidir. Poemanyň gahrymany döwrümiziň öňdebaryjy zähmet adamsy. Ol öňdebaryjy hökmünde Moskwada geçirilen uly ýygnaklaryň birine delegat bolup gatnaşýar. Soýuzymyzyň möçberinde ummasyz köp adamly, ýurtlardan hem ençeme myhman gatnaşan bu taryhy ýygnakda sosialistik Watanymyzyň emele gelşi, beýik ösüşleri, şöhratly geljegi barada düýpli gürrüň edilýär. Dünýä zähmetkeşleri bilen raýdaşlyk, dostlukly gatnaşyklar hakda-da ençeme meseleler gozgalýar. Esere gahryman edilip alnan işçi delegat şol ýürege ýakyn gürrüňleri teşnelik bilen diňläp, haýrangalyjylyk bilen aňyndan geçirýär. Şol ýerde edilen gürrüňleriň ählisi beýik Leniniň ölmez-ýitmez, hemişe ýeňiji, ýalkymly ideýalary bilen berk baglanyşdyrylýar. Poemada delegatyňberýän bu gyzykly gürrüňi çuňňur ideýalylyk bilei teswirleýär. Eseriň başynda«Lenin akly bilen halk ellerinden dörän Moskwanyň» ajaýyp gurluşyklary, gözel dogrusyndaky pikirler ünsüňi özüne çekýär. Soňra zähmetkeş halkyň bagtyny oýandyrmakdaky leninçilik ideýalaryň durmuşa geçirilişi, bu baradaky göreşlerde ýüze çykýan kynçylyklar hem pidalar barada, gazanylan taryhy beýik netijeler hakda düşünjelilik bilen edilýän söhbet okyjyny taryha ýüzlendirýär. Awtor uly jaýda «Adyn tutan halkyň wekilleri bar», «Lenin ady dünýä ýagty salýardy» ýaly pikirler bilen «Biz ahyryna çenli internasionalistlerdiris» (W.I.Lenin. Eserler, dördünji neşirden terjime, 29-njy tom, 194-nji sah.) diýen beýik Leniniň şu ajaýyp maksadynyň durmuşa geçişini höwes bilen nygtaýar. Soňra ol taryhy wakalara ýüzlenýär. Dünýäniň azatlyk söýüji halklarynyň gulçulyga, kolonial süteme garşy alyp baran göreşlerinde leninçilik taglymatlara daýanyşlary esasly aýdylýar. Erkinlige eýe bolan şol halklar: Kowan wagty içki-daşky duşmany, Guran wagty erkin respublikany. Diňe Sowetlerden tapdylar arka Diňe Lenin ýoly ýetirdi bagta – diýlip, taryhy wakalardan dogry netije çykarylýar. Poemada «dünýäde ilkinji «Geňeşler döwletiniň döredilişi», «Leniniň ol döwleti çagasy ýaly ýetişdirişi», Lenin wesýetlerine wepaly bolup, sowet halkynyň geçen ummasyz çylşyrymly hem şöhratly ýoly barada berilýän gürrüňler ünsüňi çekýär. Şahyr ýurdumyzda täze durmuşyň berkarar edilişi barada gürrüňberen mahaly, onuň galamy has-da ezber işleýär. Şol sahypalardaky ýurtda amala aşyrylýan kollektiwizasiýa, industrializasiýa, medenirewolýusiýa, sowatsyzlygy ýok etmek ýaly düýpli meseleleriň şahyrana-çeperçilik çözgüdi okyjyda kanagatlanma döredýär. Aýallaryň gatnaşan rewolýusiýasynyň ýeňilmezdigini kesgitlän beýik serdaryň taglymaty-tagallasy bilen biziň ýurdumyzda aýallar azatlygynyň ýörite çözülmeli problema hökmünde öňe çykyşy bellidir. Öz dogry çözgüdinde ençeme kynçylyklara duş gelen bu meseläniň-de biziň ýurdumyzda abraý bilen dabaralanyşy poemada ýörite bellenip, Wladimir Iliç Leniniň hyzmaty bolsa: Dünýäde ol ilki bolup zenany Är deňinde hak-hukuga ýetirdi – diýlip, söýgi bilen nygtalýar. Poemada ýurduň goranyş kuwwatyny berkitmek, Watançylyk urşunda faşizmden üstün çykylyşy, bu işde sowet adamlarynyň synmaz erki, taýsyz watançylygy, urşa bolan ýigrenç, dünýäde parahatlygy gorap saklamak ýaly meselelere hem ençeme çuňňur duýguly setirler bagyşlanypdyr. Şeýle hem kommunistik gurluşygyň ähli uçastoklarynda alnyp barylýan beýik işler dogrusynda, bu işlerde partiýanyň ýolbaşçylygy bilen sowet adamlarynyň doganlyk-dostlugynyň mizemez agzybirliginiň uly güýçdügi baradaky oý-pikirler poemanyň esasy sýužet liniýasyna-başarjaňlyk bilen kebşirlenipdir. Umuman, Kommunistik partiýamyzyň hem Sowet döwletiniň bütin taryhynyň W.I.Leniniň ady bilen berk baglanyşyklydygy baradaky pikirleriň eseriň bedenine siňdirilmegi üçiň düýpli monumentallygyny kesgitleýär. Awtor bu beýan ediş usulynda hem maýakowskiçilik täri ezberlik bilen ulanypdyr diýsek, ýalňyş bolmaz. Poemanyň saldamly publisistik häsiýeti-de şol täri kepillendirýär. Bu ýagdaý köp halatlarda onuň formasynda-da ýüze çykýar. Şahyr D.Haldurdynyň özüme juda ýakyn bolan liriki gahrymany bar. Ol gahryman şahyryň Lenin temasyndan döreden eserlerinde-de, bütin ykbaly bilen baglanyşykly bolam harby tema bagyşlanan eserlerinde-de ynandyryjy hereket edýär. Şahyryň «Ýaşlygmyzyň bir güni» poemasy biziň halkymyz üçin iň agyr, iň matamly gün bolan W.I.Leniniň aradan çykan gününe bagyşlanyp, munda beýik ynsanyň zähmetkeş halkyň çagalary üçin eden-atalyk aladalarynyň, janypkeşliginiň tarypy ýazylýar. Poemanyň gahrymany «ýetim hem garyp çagalar üçin Leniniň açan mekdebinde» terbiýe alypdyr. Awtor gahrymanyň beletlik bilen aýdýan sözleri arkaly okyjynydöwletimiziň ilkinji ýyllarda durmuşa geçiren çäreleriniň taryhy bilen tanyşdyrýar: ilkinji mekdep-internatlar, çagalar öýleri, döwletiň harajaty, terbiýeçileriň tagallasy, çagalara bilim-terbiýe bermek bilen birlikde, hünär öwretmek, şu mukaddes işi guramakdaky päsgelçilikler, oňaýly netijeler eserde mazmun bolupdyr. Liriki gahrymanyň işewür hereketleri bilen birlikde, olara agaç ussaçylygyny öwredýän ussa Iwanyň obrazynyň esere girizilmegi eseriň çeperçilik derejesini has-da ýokarlandyrypdyr. Bu mährem rus adamsynyň çagalara leninçilik hakykaty sada dil bilen praktiki iş arkaly düşündirmegi gowy täsir galdyrýar. Sebäbi ussanyň gürrüňi arkaly çagalara ýetirilýän sosial garşylyklaryň beýany, täzäniň artykmaçlyklary, Leniniň howandarlygy–durmuşa belet, wakalaryň şaýady bolan adamynyň hereketi arkaly açylýar. Eserde leninizme bolan çuňňur söýgi, Leniniň işine bolan çäksiz wepalylyk, soňra ussa Iwanyň gürrüňiniň dowamy arkaly ösdürilýär. Şeýle hem awtor ýene-de maýakowskiçilik täre ýüzlenýär. Partiýanyň hem komsomolyň hataryna meýletinleriň uly armiýasynyň gelşi, boýny gyzyl ýaglykly çagalaryň köpelişi Wladimir Iliçe bolan beýik söýginiň nyşany hökmünde alnypdyr. Şular hem liriki gahrymanyň aňynda hemişelik orun alan, ýaşlygynyň bir gününde bolup geçen wakalaryň beýany bolupdyr. Bu ýerde hem gahrymana ussa Iwanyň hakykaty dogry düşündirýän sözleri täsir edýär. Şol täsiri şahyr Leniniň ölümi bilen baglanyşykly sözlerde, ýas mitinginde, leninizme wepalylyk barada berilýän wadalarda, kommunistleriň hem komsomollaryň durmuşdaky roluna berilýän bahalarynda ynançly nygtaýar. Hut şol sözlerden hem biz W.I.Leniniň ýeňilmez ideýalaryna bolan çäksiz söýginiň, halklarymyzyň arasyndaky leninçilik doganlyk-dostlugyň, beýik rus halkyna bolan minnetdarlygyňbeýanyny okaýarys. Şular hem awtoryň poemadaky göz öňünde tutan ideýa pozisiýasyny kepillendirýär diýsek dogry bolar. Wakalara şeýle gatnaşyk şahyryň «Beýik ynsan», «Biz Lenine minnetdar», «Ol adam Lenindi» atly biri-biriniň üstüni ýetirýän balladalarynda-da öz beýanyny tapypdyr. «Beýik ynsanda» D.Haldurdy baýry žurnalist hökmünde W.I.Leniniň egindeşi hem ýakyn ýoldaşy N.K.Krupskaýa bilen bolan duşuşyklary hakda gymmatly maglumat berýär. Bu waka «Moskwada urşuň öň ýanlarynda, Gorkiý köçesinde, KIŽ-iň jaýynda, gazetçiler şonda okanlarynda» bolýar N.K.Krupskaýa žurnalistleriň öňünde çykyş edip leninçi «Iskranyň» döreýşi, onuň guramaçylyk güýji, ony döretmekde W.I.Leniniň tagallalary barada birin-birin ýatlaýar. Şol ýatlamalar hem şahyra «gepläp duran taryh» hökmünde görüpdir. Sowet metbugatynyň döreýiş taryhyna, bütin döredijilikli ýoluna nazar aýlaýar. Şol oý-pikirler hem türkmen edebiýatynda metbugat hem Lenin temasynda şowly eseriň döremegine esas bolupdyr. D.Haldurdynyň «Ol adam Lenindi» balladasy pikirleriniň çuňlugy, setirderiniň saldamlylygy bilen tapawutlanýar. Bu eserde türkmen daýhanynyň geçmişdäki gazaply zähmetinden, ejiz ykbalyndan söz açylýar. Bir damja suw üçin «Ýagmyr ýagdyr, soltanym» diýli, bagryny paralaýan daýhanyň bu günki nesliniň Lenin atly dostluk kanaly bilen tutuş türkmen sährasyny gülzarlyga öwrüşi baradaky mazmun türkmen halkynyň beýik hossaryna bolan egsilmez minnetdarlygydyr. Şahyr bu hakykaty beýan edende, beýik Lenine çenli hiç bir güýjüň garyba kömeginiň ýetmändigini halkymyzda bar bolan dürli çeper aňlatmalar bilen delillendirýär. Şol wagt onuň özüniň hem durnukly ateistik dünýägaraýşy äşgär bolýar. Şahyryň bu pikiriniň original dowamy onuň «Biz Lenine minnetdar» balladasynyň hem süňňüne siňipdir. Awtor bu eserinde geçmişde hiç wagt özbaşdak döwleti bolmadyk, dumly-duşdantalanyp gelen türkmen halkynyň «Leniniň gurup beren Sowetystanynda» doganlyk halklaryň agzybir maşgalasynda ýeten döwletli durmuşy hakdaky buýsanjyny şahyrana detallarbilen teswirleýär. Onuň gahrymany: Türkmenistan – beýik Soýuz çleni, Bu Soýuzyň gudraty bar, güýji bar. Ýekelikde horluk çekip geleni, Birleşdirip etdi baky dosty-ýar – diýip, janygyp sözleýän mahaly, W.I.Leniniň deň hukukly halklaryň meýletin Soýuzyny döretmek baradaky ajaýyp taglymatyny ýatlaýaryň hem onuň beýik netijelerine guwanýarys. Bu guwanç duýgulary şahyryň «Lenin hakda söhbet», «Goja kommunist», «Lenin bilen gitdik öňe» ýaly şu mukaddes temanyňhaýsy hem bolsa bir bölegini açyp görkezýän goşgularyny okanyňda-da mälim bolýar. Kommunist şahyryň «Oba Oktýabr geldi», «Oktýabryň, nury ömür öçmeýär» eserleri hem Lenin temasyndaky pikirlerini dolulygyna dowam etdirýär. Oktýabr epopeýasyny, graždanlyk urşunyň wakalaryny her taraplaýyn şöhlelendiren eserler biziň edebiýatymyzda az ýazylmady. Körmollanyň «Bolyşewik» poemasyndan başlap, «Aýgytly ädimdir» «Ykbal», «Doganlar» ýaly taryhy-rewolýusion epopeýalara çenli Oktýabryň ezilen halklary azatlyk gujagyna salşy hakda ynançly ýazdylar. «Her gülüňbir ysy bar» diýlişi ýaly, bu temadan öňem käbir şahyrana eserler ýazan D.Haldurdynyň bu liriki poemasynyň hem öz gymmaty bar. «Oba Oktýabr» geldi» liriki poemasynda şahyr graždanlyk urşunyň türkmen topragyndaky özboluşly wakalaryna ýüzlenýär. Türkmen zähmetkeşleriniň azat hem bagtly ýaşaýyşlary ugrundaky göreşinde hakykata dogry düşünip, çylşyrymly ýagdaýdan baş çykaryşlary poemanyň leýtmotiwidir. Akgwardiýaçylaryň hem iňlis interwentleriniň alyp baran talaňçylykly hereketleri, ýerli feodallaryň kömegi bilen durmuşa geçirmek islän galp syýasatlary: soňra olaryň wagşyýana pirimleriniň puç bolşy hakdaky setirleri okanymyzda, taryhy hakykatyň çeper beýany hökmünde kabul edýäris. Oktýabr «buludy ýaryp, Günüň doguşy ýaly», oba-oba aýlanyp türkmen halkyna eşretli geljegi wada berýär. Uly bolmadyk eserde gyzyllaryň –bolşewikleriňdurmuşa geçiren taýsyz çäreleriniň waspy-da, ýurtda döwet häkimiýetiniň berkarar edilişi-de, zähmetkeşleriň oňa bolan mähirli goldawy-da öz beýanyny tapypdyr. Kitapdaky eserlerden görnüşi ýaly, şahyr D.Haldurdy Sowet Watanymyzyň kuwwatly obrazyna bagyşlanan «Hiç garramaz ýaşsyň Watan», «Her kim toýa ýeňiş-serpaýly gelýär» ýaly goşgulary bilen ýokarky pikirleriň üstüni ýetirýär. Harby-watançylyk temasyna bagyşlapam eserler hem frontçy şahyryň döredijiliginde uly orun eýeleýär. Aýratyn hem, ýowuz urşa bolan ýigrenç, uruşda sowet halkynyň görkezen merdanalygy onuň köp eserlerinde öz beýanyny tapdy. Şahyryň şu kitabynda hem «Starşina», «Ol gün deňziň kenarynda», «Biziň söweşlere äkiden sözler», «Näbelli soldat», «Ýeňilmez soldat» ýaly eserleri ýerleşdirilipdir. Onuň «Starşina» liriki poemasy söweş meýdanynyň özboluşly wakalary arkaly starşinanyň goşundaky borjuny, hyzmatyny teswirlemäge bagyşlanypdyr. Awtor poemada starşinanyň esgerlere iň ýakyn adamlaryň biridigini harby durmuşyň wakalary bilen düşündirýär. Bu ýerde esgerleriň arasynda bolup geçýän özara mesaýy gürrüňler bilen harby durmuşyň çynlakaý suratlandyrylyşyny görýäris. Şol gürrüňler arkaly sowet esgerleriniň durnuklylygy, ruhubelentligi hem ýokary ahlaklylygy äşgär bolsa, onuň tersine faşistik ýalhorlaryň wagşyýana häsiýetleri paş edilýär. Poemada wakalaryň logiki yzygiderliligi, hereketleriň anyklygy bilen starşinanyň ýatda galarlyk real obrazy döredilipdir diýmäge esas bar. Şahyr öz harby ykbalyna ýakyn bolan bu temada ýazan beýleki eserlerinde-de wakalara beletligi bilen kämil çeperçilik çözgütlerini tapýar. «Ol gün deňziňkenarynda» balladasynda ýowuz günleriň bir söweş kartinasy hakda söz açylsa, beýleki birinde uruş ýyllarynyň ýiti mazmunly, gaýduwsyzlygy ündeýän watançylyk çagyryşlarynyň ähmiýeti hakda ýatlaýar. Goja soldat güzaply ýollara täzeden göz aýlap, oduň-ýalnyň içinden geçen ýeňiji sowet soldatynyň hatyrasyny belende göterýär. Ol bu pikirleri «Näbelli soldat», «Ýeňilmez soldat» goşgularyna siňdiripdir. D.Haldurdynyň bu eserlerini okanyňda hempäkize sowet watançylygynyň, halklaryň bozulmazdoganlyk-dostlugynyň çeper beýanyna göz ýetirýärsiň. Döwrüň öňe sürýän wajyp meseleleri bilen içgin utgaşyp gidýän bu eserleri ýazyjynyň aktiw durmuş poeziýasyny ykrar edýän faktor diýip kabul edýärsiň. Her bir ýazyjy-şahyryň özüne mahsus täri, döredijilik ynançlary bolşy ýaly, D.Haldurdynyň hem poeziýasynyň öz aýratynlyklary bar. Bu onuň eserleriniň formasynda, stilinde, sözlük sostawynda aýyl-saýyl ýüze çykýar. Döredijiliginde goşgy düzülişiniň başaşa formasyny işletmek onuň bütin poeziýasyna mahsus diýsek hem galat bolmaz. Şol ýagdaýy biz şu kitapda hem görýäris. Halk ýazyjysynyň bukitabyndaky eserleri hem beýleki eserleri ýaly, halkymyzyň hakyky edermenlik ýolunyň özboluşly waspnamasy bolup, türkmen Leninnamasyna hem harby-watançylyk edebiýatyny baýlaşdyrmaga uly goşant boldy. 1980 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |