01:53 Maoçy dostum | |
MAOÇY DOSTUM
Publisistika
Garaşmadyk ýerimden gelen Ybraýym Kalyna "goldaw" ýazgysy maña bir hytaý dokumental kinofilmini ýatlatdy. Gürrüñi ýadyñyza salaýyn: Prezidentiñ wekili-baş ilçi Ybraýym Kalyn Namyk Kemaldan Atatürke çenli uzaýan progressiwleri modernizmiñ üstünden üsti örtülen şekilde tankyt topuna tutdy: “Bize ýüz elli ýyllap modernleşme ady bilen özgeleriñ hekaýatlary aýdyldy. Indi öz hekaýatlarymyzy ýazmagyñ wagty geldi…” "Aydınlık" gazetiniñ käbir žurnalistleri Ybraýym Kalyny ýazgardy. Şol gazetden otuz bäş ýyllyk tanşym Serhan Bolluk kärdeşlerini tankyt etdi… “Maoçy dostum” doktor Bollukyñ bolşy maña 1988-nji ýylda hytaýlylaryñ ekranlaşdyrlan alty bölümlik "River Elegy" ("Agy derýasy") dokumental filmini ýadyma saldy... Hytaýyñ Merkezi Telewideniýesi (CCTV) tarapyndan ýaýlyma berlen dokumental film ýurdy ikä böldi! Filmde şeýle diýilýärdi: Hytaýyñ gara binýatly tradision medeniýeti Günbataryñ modern ylymlary tarapyndan hemaýatkärlik edilýän deñiz medeniýetleriniñ garşysynda ýeñlişe uçradyldy. Hytaýyñ tradision ýoluny beýan etmek üçin filmiñ awtorlary suwy hemişe bulanyk we agyr akýan Sary derýany metafora hökmünde ulandylar. Sary derýa bir mahallar medeniýetiñ öñ hatarynda ýer alan we soñ-soñlar izolýasiýa-ýalñyzlykdyr dinparazlyk sebäpli guraýan Hytaýyñ hut özüdi… Ýagny dokumental filmde, "Hytaý ýüzüni mawy ummana-daşarky dünýä we Günbatara öwürmese, özüni täzelemese, düýn bolşy ýaly bugünki günem parçalanyp ýok bolar…” diýilýärdi. Filmiñ umumy mazmunynda "hytaý mugjyzasyny" döreden Den Sýaopiniñ pikirleri ekranlaşdyrlypdyr… ■ DÖRTLEMELI MODERNIZASIÝA Dünýäniñ ikinji iñ uly ykdysady güýji bolan Hytaý şeýlekin mugjyzany şugadar gysga möhletde nädip durmuşa geçirip bildi? 1975-nji ýyl. Hytaýyñ Döwlet Halk kongresiniñ ýanwar aýyndaky toplanşygynda wezipä bellenen Çžou Enlaý köpugurly modernleşme ýoluny orta atdy. Asyr aýaklanmanka durmuşa geçirilmegi göz öñüne tutulan "Dörtlemeli modernizasiýa" şu pudaklary öz içine aldy: ekerançylyk, industriýa, döwlet goragy, ylmy tehnologiýa... Şol ýyl Çžou Enlaýyñ öñe süren tekliplerini goldaýan Den Sýaopin "Esasy üns ylmy-barlag işlerine berilmelidir" ady bilen manifest-jarnama hödürledi: – Hytaýyñ ykdysady ösüşi üçin ylym we tehnologiýany ösdürmek esasy maksat bolmalydyr; – Hytaýyñ işçi güýji professionallaşmalydyr; – Syýasy hasaplaşmalar zerarly wezipeden çetleşdirilen ukyply kadrlar gaýtadan işe çagyrylmaly, şeýle-de işgärler eýeleýän wezipesine laýyk bolmaly; – Ýekebara önümçilikler we synanşyklar höweslendirilmeli; – On müñlerçe hytaýly talyp (edil Enlaýyñ özüniñ gidişi ýaly) Günbatara okuwa ugradylmaly… – Ylym-bilime aýratyn üns berilmese, ylmy tehnologiýanyñ kämilleşmegi mümkin däl. Gury sözler modernleşme maksatnamamyzy hiç bir sepgide ýetirip bilmez… Enlaýyñ we Szedunyñ ölümleriniñ yzysüre Sýaopin modernizasiýany durmuşa geçirmek üçin "Dörtli banda" ýaly garşydaşlaryny ýolundan aýryp, (Hua Gofenden soñra) häkimiýete gelip, uly özgerişi amala aşyrdy… Sýaopiniñ "uzyn ýörişi" dowam edýärdi… Ýagny, Mao Szedun geçiren öwrülşigi arkaly tradision Hytaýy ýumrup, modernleşmegiñ ilkinji kerpiçlerini nädip goýan bolsa, Den Sýaopin hem modernleşmegi ýekebaralaryñ inisiatiwasy-girişmeleri arkaly kämilleşdirme batyrgaýlygyny görkezdi. Ol şeýle diýdi: "Pişigiñ gara ýa-da ak reñklidigi esasy zat däl, esasy zat - onuñ syçany tutup bilmesidir!" ■ FANTASTIKI TUTARYKLAR "Dörtlemeli modernizasiýanyñ" nämäni amala aşyrandygyny ýene bir anyk maglumat bilen düşündirjek bolaýyn: Sýaopin häkimiýete gelende ABŞ-nyñ Hytaý bilen söwda dolanşygy 336 million dollara deñdi. Geçen ýyl bu görkeziji 558 milliard dollara ýetdi… Hytaýyñ häzirki eksporty 2,5 trillion dollar! Hytaý bu sepgide nädip ýetdi? Şübhesiz, Sýaopiniñ "Reforma we açylma" diýen "sosialistik modernizasiýasy" bilen… Munuñ resepti şudy: – Akyl-paýhasy ulanmaly… – Zehinler erkinleşdirilmeli… – Netijelerden (явление) hakykata ýetmeli… – Geljek agzybirlik ruhunda berkarar edilmeli… Sýaopin hemişe "intellektual tapularyñ" we "býurokratizmiñ" ýykylmagynyñ tarapyny tutdy. "Düşünje galyplaşan we öñden görüjiliksiz hala öwrülse, ynanç garantgadan ybarat bolar. Şeýle ýagdaýda haýsydyr bir partiýanyñ ýa-da döwletiñ ösmegi mümkin däl. Durmuş sönüp galar we partiýa ýa-da döwlet ýok bolar…” Merkezi ulgam çökýärdi we Hytaý modernizasiýa syýasatlary arkaly "dünýä läheñine" öwrüldi. Biz bolsa häli-häzirem modernizasiýanyñ üstünde jedelleşip ýörüs. "Syýasat emele getirmek bilen dolandyrmagyñ arasyndaky tapawut nämede?" diýen soraga Sýaopin şu jogaby berdi: "Ideologik meseleler partiýanyñ, amala aşyrmaga degişli syýasatlar ýolbaşçylaryñ meselesidir." Sýaopin aslynda Ybraýym Kalyna jogap berýär! Häkimiýet býurokratiýany, ideologiýany çekişme temasyna öwürmeli däl. Onuñ etmeli işi: türk ykdysadyýetiniñ Günbataryñ garşysynda şeýlekin gowşak bolmagyna fantastiki däl-de, hakykatçyl jogaplary bermelidir. Sýaopiniñ aýdyşy ýaly, netijelerden hakykaty gözlemek gerek, ýogsam öz-özüñizi aldamaga dowam edersiñiz… Netijede, bar boljak zat partiýañyza bolar... Netijede, bar boljak zat ýurdumyza bolar... “Maoçy dostum” bulary bilmeýärmikä? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.08.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |