15:49 Maşatguly batyr | |
MAŞATGULY BATYR
Taryhy şahslar
Heniz oglantakkam, obadaşym, togsana golaýlap aradan çykan goja Mämmet Musa oglunyñ aýdan bir gürrüñi berk ýadymda galypdyr: - Maşatguly sakawlap geplärdi. Onsoñ, ilki oña "lal" lakamyny berdiler. Basym batyrlykda ýakasyny tanatdy. Şeýdibem, "batyr" lakamyny aldy. Ol bugdaýreñk, aw atjak bolanda burnuny, mañlaýyny däri ýakyp, gögümtil yz galdyrypdyr. Namysjañ, ejiziñ arka dagydy. Bir gezek Eýranyñ Türkmensährasynda şeýle waka boldy: Bir gelin bardy. Ady ýadymda galmandyr. Şony Magtymgulynyñ tiresine degişli bir ýigit, ejesiniñ tarapdary bolan ikinji ýigidem gelin edinmek isleýär. Dawalaşyp, ikisem deñ wagtda kejebe getirýär. Jedel ula ýazdy. Tire-tire bolup, gan dökmek derejesine ýeteñkirledi. Maşatguly bulara barmady. Onuñ ejesi Maşatgula aýtdy. Ol bolsa, agaç telärjigiñ üstünde, ak köýnek-balakly arkan düşüp ýatyrdy. Bäşatary-da başunda asylgy. ... - Oglum, gelni meniñ adamlaryma bermäge kömek et. Ömrümde senden bir gezek çynlakaý pena isledim. Eger şeýtmeseñ... Hawa, eger şeýtmeseñ... beren ak süýdümden razy däldirin. Maşatguly gymyldamady. Ene ýakasyny açyp, gury göwüslerini görkezdi. Maşatguly syçrap turdy. Bäşataryny kakyp aldy. Sakawlap gepledi: - E-e-eje, bir çem-çemçe ak süýt b-berdiñ. Mu-muny hem-hemme enelerem edýär. Em-emma men neslimden dän-dänmerin. Maşatgulynyñ näme üçin, ilki bada jedele goşulmanlygy belli boldy: Ýa öz tiresinden, ýa-da ejesiniñ tiresinden geçmeli. ...Ol bärden baranda märekäniñ sesine suw sepilen ýaly boldy. Maşatguly sessiz-üýnsüz kejebäniñ başyny sakawylaryñ hatar öýüne gönükdirdi. Kemterisinden öñe ümzük atanam bolmady. Şonda Hoja Nepes ogly: - Wiý, batyr bolmagyñ añsatdygyny. Geläge-de, şeýdibermeli eken - diýdi. Başga biri oña nagt jogap berdi: - Oña Maşatgulynyñky ýaly, arslan ýürek gerekdir. Ol günbatar ýomutlaryñ akatabaýynyñ uzynagynyñ sakawy tiresindendir. Onuñ ogly, şu mahal ýetmiş iki ýaşyndaky, kümmethowuzly, Agöýli aganyñ aýtmagyna görä, dädesi Gyzyletrek etrabynyñ "Baýathajy" obasynda doglupdyr. Ol 37-nji ýylyñ tutha-tutlugyndan öñräk ata çykan goç ýigitleriñ biri. Kimdir bir döwürdeş şahyry: Maşatguly serhoş ýigdiñ biridir, Dädesi Gara kör dagyñ şiridir, Söweşe ugrasa Alla ýarydyr, Arslan kimin, Maşatgily batyr sen. diýen setirlerinde jaýdar aýdypdyr. Onuñ bäş aýaly bolupdyr: Agöýli aganyñ ejesi Ogulnyýaz, Hallymeñli, Akmeñli, Amanbibi, Şasenem. Soñkusy gyrnak aýalydyr. Maşatgulynyñ aýallaryny alşynyñ her haýsynyñ özboluşly, täsin hekaýatyny aýdýarlar. Şolardan birini okyjylaryñ dykgatyna ýetirmegi makul bildik. Üçünji aýaly Akmeñli häzir "Türkmensähranyñ Duzolum" diýen ýerinde mekan tutupdyr. Özem altmyş bäş ýaşlarynda. Ony sekiz ýaşyndaka Maşatgula adaglapdyrlar. Bu şeýle bolýar: Akmeñliniñ dädesi Amangeldi salyr gojuklardan hileli (birini öldürip, gandar bolan -A.N.) eken. Gojuklar ony tutup, öñünde agyr şert goýýarlar: - Maşatgulyny öldürseñ ganymyzy geçeris. Maşatguly beýleki taýpalar bilen birlikde, gojuklaryñ-da ogry-jümrülerine, ejizlere ganymlyk edýänlerine berl daryşypdyr. Onsoñ ony şol töwürdäkiler halamandyrlar. Maşatguly Güpbaş atly dostuna ýeke gatnaýar eken. Muny Amangeldä habar berýärler. Amangeldi eli ýaragly, tizden-tiz "Goýunlynyñ jeññeline" gidýär. Maşatguly dünýäden habarsyz hiñlenjiräp, şagal ýodajygyndan gelýär. Egni ýapynjaly, uzyn daýaw Amangeldi suw ýaly bäşatary Maşatgula çeneýär. Gysaýmaly bolanda, näme üçindir, eli sañnyldaýar. Batyrlary öldürmäge şir ýürekli bolmagyñ gereg-ä! Ol pähimlenýär: "Elim titreýär. Belki, başarmaryn. Gülle sowa geçse...dadyma kim ýetişer? Mundan duşmanyñ ýene birini öldürenim ýagşy". Şeýdip, Amangeldi batyry deñinden geçirýär. Gojuklar ony tutup, zyndana saldyrýarlar. Zyndanda öñem dört adam bar eken. Olar dagda çopany öldüripdirler. Olaryñ tenine iññe sokup, ezýet beripdirler. Amangeldini hem şeýdipdirler. Aýaly yzyndan baranda Amangeldi: - Bi halda men ölýärin. Gör, pelek işini. Men Maşatgulyny öldürmäge küýlenipdim. Indi meni diñe şo halas edip biler. Batyra aýt, Akmeñlinem adaglap, muzduna berersiñ. Baýrambibi daýza äriniñ haýyşyny ýerine ýetrmekden başga çäre galmaýar. Otuzynjy ýyllaryñ kowha-kowlugynda Maşatguly batyr Türkmensähra göçýär. Ol şol ýerde Jüneýit hana gabatlaşýar. Serhetden geçen Jüneýit han "Halatnebiniñ" dagynyñ "Ýaýlajyk" diýen ýerinde lagerini ýerleşdirýär. Basym Eýran tarapdan ilçi gelýär. Ilçi matlabyny mälim edýär: - Han, ýaragyñy tabşyr. Ýer bereli. Jüneýit hanyñ jogaby gysga bolýar: - Men ýaragymy bermäge däl-de, saklamaga geldim. Şondan soñ, Jüneýit han Gökje dagynyñ deresinde söweşe taýynlanýar. Dagyñ iki sany uly gädigini bekledýär. Söweş başlanýar. Garşydaşlar aýylganç söweşýärler. Iki tarap-da uly ýitgi çekýär. Emma ýeñiş hiç haýsyna başartmaýar. Ýesirleri getirýärler. Jüneýit han olaryñ baryny itden çykarmagy buýurýar. Maşatgulynyñ ýesirleriniñ içinde bugdaýreñk, uzynak, daýanykly, görmegeý ýigide gözi düşýär. Batyr dem salymyñ içinde: "Elhepus, ýigit bolaýşyñy. Gylyja dözer ýaly däl" diýip oýlanýar hem-de gyzgynu bilen Jüneýit hanyñ garşysyna barýar: - Han aga, bir haýyşym bar. Jüneýit han "aýdyber" diýen şekilde çalaja baş atýar. - Şo-şo ýigidi öldürme. G-goýber. - Garyndaşyñmy? - T... tanamok. Ýöne owadanlygyna dözemok. Han ajymtyk ýylgyrýar. Emma öwzaýy düzelmeýär. Sözi geçmedik Maşatguly gylyjyny hanyñ öñüne oklaýar: - O... onuñ deregine meni öldüriñ. Hanyñ bu garadan gaýtmaz täze serkerdäni jellada tabşyrmajakdygy oturanlara-da mälimdi. Onsoñ ýigidi boşadyp, goýberýärler. "Şu wakadan soñ, basym Jüneýit han Owganystana ýola düşýär. Maşatguly galýar. Ol "Duzolumda" ýerleşýär. Az mahaldan goñşy obadan ýaşulular arz edýärler: - Batyr, Jüneýit handan galanyny eşitdik. Gowy edipsiñ. Sen Türkmensähra gerek. Biziñ obamyza üç-dört galtaman azar ýamanyny berýär: Mal-gara, pul salgydyny salýar. Bermeseñem suwa salma ýençýärler. Adam-da öldürýärler. Biziñ dadymyza sen ýetmeseñ, indeýän ýok, bi taýda. Batyryñ gany depesine urýar. Gözleri köz şekilli ýanýar. Ol ýaşululardan galtamanlaryñ salgyny alýar. Ol galtamanlary gözläp, ýeke-ýekelikde sataşýar hem-de: "Meniñ şo obada, birinde algym bar. Berenok. Kömek ediñ" diýip aldap, jeññele äkidip, öldürýär. Küren obany agyr derdeserden dyndarýar. Maşatgulynyñ şu wakadan soñ, şöhraty hasda artýar. Hakyny alyp bilmedikler, horlanan zenanlar, umuman, kemsidilenler Maşatgulydan kömek sorap, gelip başlaýarlar. Maşatguly ezilenleriñ gorag galasyna öwrülýär. Bir gezek ganýokmazlar Maşatgulynyñ atkeçesini ogurlaýarlar. Batyr ogryny gözlemeýär. Oba kethudasyna: "Atkeçäni tap-da, getirip, goý. Ýogsam, özüni gylyçdan geçirin" diýýär. Şol gije atkeçäni atýataga oklap gidýärler. Maşatguly galtamanlar tarapyndan "talanýar" diýlip çak edilen obalara araba goşulyp, tagmalanan öküzlerini goýberipdir. Köp mahallap, şol syry açylýança, öküzler eltilen obalara Maşatguly bardyr, öýden talañçylar deprinip bilmändirler. Batyry halamaýanlar ahyry bir çukura tüýkürýärler: "Her etmeli, hesip etmeli, Maşatgulyny öldürmeli". Şeýdibem, amatly pursaty agtaryp gezýärler. Bir gün şeýle wagt tapylýar. Maşatgulynhñ ýeke özi ýegre dosty Güpbaşynyñ öýünde düşleýär. Göki sopynyñ ýolbaşçylygyndaky 300-e golaý atly öýüñ töweregini gabaýar. Daş çykýan Güpbaşynyñ aýaly muny görýär hem-de ýagdaýy habar berýär. Batyr syçyrap turup, ata atlanýar. Nätmeli?.. Ol gylyjyny ýalañaçlap, duşmanlarynyñ bir çetine gönügýär. Aljyran atlylar gülle ýaly gelýän atyñ öñünde näderinu bilmeýärler. Olar bu pursata taýyn däl eken. Öñki planlary Maşatgulynyñ güpbasdy edip, jeññele ädip öldürmek. Atlylar ýol berenlerini duýman galýarlar. Hawa, merdanlar şeýdýärler. Soñra Göki sopy daýhanlardan kärizlerini aljak bolup durka Maşatguly üstünden barýar. Batyr Göki sopyny ýekme-ýek söweşe çagyrýar. Ol milt edip bilmeýär. Maşatguly kärizi eýelerine berýär. Şeýdip, ýyl kerweni geçýär. Bir gün yzy nökerli ýigit Maşatgulydan sorap, obasyna gelýär. Ökde hudožnigiñ çeken owadan suratyna çalymdaş geýnüwli, güler ýüzli bu ýigidi batyr elini kölegeledip ýiti-ýiti seredip, tanamaýar. Ýigit ahyry özüni Maşatgulynyñ Jüneýit hanyñ penjesinden halas edenligini aýdýar. Ol okapdyr, harby gullukda bolupdyr. Kümmethowza häkim bellenipdir. Häzir onuñ haýsy milletdenligi barada iki hili aýdýarlar: Kürt ýa-da ýomutlaryñ eýmir tiresinden. Onsoñ adyny-da "Mämişir han hem-de Menewçer emir" diýip tutýarlar. Türkmensährada onuñ "Mämişir han" ady ýörgünli. Bizem şol ady ulanmagy makul bildik. Mämişir han Maşatguly bilen kyýamatlyk dogan okaşýar. Kümmethowza göçürip äkidýär. Jedelli meseleleriñ adalatly çözülmegine ýardam edýär. Eýran hökümetiniñ kanuny häkiminden ýüz tapmadyk ilatyñ dogry çözgüt gözläp, Maşatgula baran pursatlary, Mämişir han bilen sataşandan soñ-da, dowam edipdir. Bir gezek Baýramguly kethuda döwlet salgydyna bermek üçin, baý adamlaryñ malyna degmän, birki düýeli, atly garyplaryñkyny ýygnap başlaýar. Amanmämmet ahun zar-zar aglap, bu ýagdaýy Maşatgula ýetirýär. Sebäbi onuñ göz dikip oturan ýekeje atynam elinden alýarlar. Batyr oba baryp görjekdigini aýdýar. Ol geler çeninde ilat tolkunyp bir ýere ýygnanýar. Batyryñ bir özk atly-ýaragly gelýär. Nökerlerini galdyrýar. Ol hökümetiñ öñe düşýän adamlary Baýramguly kethuda bilen Garahana Dowla ýüzlenýär: - Barymyz dogan-a. Näme beýdýäñiz? Olaryñ biri: - Näme etmän, gözünem akdyrjak olaryñ - diýip, azymly seslenýär. Batyr bu garaw görmedikleri ite dönderip, ýençýär. Birki gün iş edinip garyp-gasarlaryñ malyny yzyna berýär. Garahan häkime arz edýär: - Erkek adamyñ äri-hökümdary bir bolmalydyr. Türkmensährada häkim Maşatguly. Jezalandyr ony. Ýogsam, Tährana gideris. Mämişir han jogaby nagt berýär: - Garahan, gel, erkeklerçe gürleşeli. Maşatguly kanunda ýazylmadyk meniñem hökümdarym. Eger, Tährana gitmek islemeseñiz ýa-da batyryñ garşysyna dildüwşük gurasañyz tohum-tijiñizi gylyçdan geçirerin. Özüñem, maña arz edeniñi Maşatguly eşitmesin. Düşnüklimi? Paltasy daşa degen Garahan yzyna öwrülýär. Maşatguly batyra ömrüniñ soñky pursatlarynda-da, ony penalap gelenler köp bolupdyr. Şondan birki sanysyny beýan edeliñ. Ýogsam, güýç-kuwwatynyñ kemelen mahallary eken. Häzir Kümmethowuzda diri gezip ýören hebipli tiresinden Rahman magsym bähelke tiresinden Nurjan eşegiñ dul gyzyny halaşyp alyp gaçýar. Gaçmaly pursaty ýigit: - Meni goldajak ýok. Nirä gideris? - diýip, magşugyna ýüzlenýär. - Elbetde, Maşatguly batyra. Olar batyryñ öýüne barýarlar. Saklaberýär. Maşatguly aralykda gäwmiş çopany Mämen sakawy Agar ogluny ýaşululary maslahata çagyrmaga iberýär. Nurjan eşegem azy ýaran pyýada eken. Ol hebiplilerden Anna Çakanyñ ogly Ussa Çakandan kömek bermegini sorap, näme islese kanagatlandyrjakdygyny aýdýar. Bu habar Maşatgula eşitdirilýär. Batyr dergazap bolup, Ussa Çakana şu sözleri ýetirtdirýär: "Aýagyñy ýorgandan çykarmajak bol". Ýaşlaryñ Maşatgulyny penalandygyny bilen Ussa Çakan Nurjan beren sözünden dönýär. Her kim Nurjan eşegiñ mal-puluna göz dikmän, kömek bermekden ýüz dönderýär. Ol ahyry Maşatgula deprinip bilmän, başdaş aýaly Ogulnyýazyñ üstüne baryp, haýbat atýar: - Eh-eý, heleý, Maşatgulyny öýüñden çykar. - Aý, eşegataly, gaýratyñ bolsa, Maşatguly şumat Garaçeşmede. Bar üstüne. Ýogsa-da, gabarylyp oturma. Mañlaýyñdan salaryn. Ol ýerde ýatan ýabany almaga ugraýar. Nurjan eşek dolanýar. Soñra ýaşulular oña: "Salgydyñy al-da, razylaş. Beýdip ýörseñ, batyryñ ýeñse damary gatar" diýýär. Şunuñ bilen bu waka tamamlanýar. Tagan Mürze gaçyp gidýär... Men Maşatguly batyr hakynda, ony gözi bilen görüp, söhbet açan gojalara sowal berýärin: - Onuñ ýaralanan wagty ýokmy?! - Elbetde, bar. - Olar biri-birinden öñ aýtjak bolşup öñe omzaýarlar: - Bir gezek agyr ýaralandy. Şonda dädesi bejerdi. Tebipçilikden başy çykardy pahyryñ -diýdiler. Meni köp aýalyñ agzybir saklanyşam gyzyklandyrdy. Oña öz obamyzda jogap berdiler. Muny Maşatguly batyryñ ýakyn garyndaşy, segsen onlugy arka atyp aradan çykan Totan Narly gyzy aýdypdyr: - Maşatguly dädem öýde ýokka gelnejemlerim hyñkyllaşardylar, käte sögüşerdilerem. Bardy-geldi görnäýse seslerinw suw sepilen ýalydyr. Sögüşenlerini bildirmezlerem. Ol sada, çagagöwüb adam bolupdyr. Bu barada gamyşlyjaly Durdy Sopynyñ ogly Gurbanguly aga (lakamy Ni:ni - A.N.) şeýle diýýär: - Men oglantakkam, Türkmensährada gezdim. Bir gezek at çapyşygy boldy. Hiç kim äkidenok. Aglamyşlap durun. Görsem, Maşatguly däde barýar: - Näme oglum, beýdip dursuñ. - At çapyşyga äkidenoklar. Gaýtam kowýarlar. - Gel, bäri. Kim degýä, onam görübereris. Ata mündürip aýlawa äkitdi. Onuñ özüniñem gowy atlary bardy. Çapdyrardy. Baýraklar alardy. Şeýle-de, ölemen awçy eken. Ol 1963-nji ýylda 70 ýaşlarynyñ töwereginde Türkmensähranyñ Kesikalañ obasynda aradan çykýar. Ady dakylany Kümmethowuzda, gyzyleñek jahyl. Dogany Beligurban Däneatada, ejesi hebipli Naýza pälwanyñ aýal dogany Sona ýogalypdyr. Hajygurban, Magtym atly doganlary Kesikalañ obasynda ýaşap ýörler. Belki, gowgaly ýyllarda janyny orta goýup, ile-güne ýagşylyk eden türkmeniñ gerçek oglunyñ ady gelejekde ebedileşdiriler. 1992. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |