06:56 Masgarabaz | |
MASGARABAZ
Goşgular
Käte aglan bolýar. Kä gülen bolýar. Garaz, girdabyňa salýar ol meni. Soňra-da gerşime dürtüp dur, dürtüp, Depämden pürküp dur şerebesini. Men welin şo-l ýuwdup ýörün bal saýyp, Oň duza ýatyrlyp çykan sözlerin. Çapak çalýan, Däli-porhana dönýän, Gülkimden ýaşaryp gidýär gözlerim. Şonda-da gülýärin, Olam gerdenme Iň mähnet ýumrugyn inderýär dünýäň: Birdenem nirdendir bir owaz gelýär: «O-la saňa gülýär, , Sen kime gülýäň?...» Bu sowal heýjana salýar kalbymy, Oýlanýan: «Ýogsa-da kime gülýäkäm? Ýa şol gyzyl burun, Gijen göz bilen Özümiň ornumy çalşyp ýörmükäm?...» Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |