14:01 Maý | |
MAÝ
Goşgular
![]() On sekiz günden soň batansoň Ülker, Başlanýar türkmende ýene-de bir aý. Bilýänsiňiz, bilýän dälsiňiz, belkem, Ol aýa bu döwür diýilýändir Maý. Maý — gowy aý. Öwsüp duran heserli günleň ýeňse berip, tesen pillesi. Gyşda üşän Zemin tapar teselli, Lowlap geler Jöwza — tomsuň çillesi. Ekilýän ekinleň gögeriş alyp, Ýetginjekler kimin hekgerýän döwri, Tebigatyň tümüň tumşugna çalyp, Gündize sagady köp berýän döwri. Düýbi suw içinde galaýanda-da, Bugdaýlar bişmäge oturýar, kileň, Bişenligin adam aňmaýanda-da Irbişer ternäni gemrer tilkiler. Tutuş barlyk edil yşga düşen deý, Gijesi-gündizi lowlaýan çagy. Peller müşk kükedýä zamça bişende Dünýäň anbar yssyz oňmaýan çagy Gözellik duýulýar ähli künjekde Serhedi giňeýär gözelligiňem. Suwa düşýän döwri ýetginjekleriň Obanyň suwluja güzerlerine Maý — gowy aý. Jomart. Hiç iş däl müşgil Barlyk bagş eýleýär gowulyklaryn. Bu aý Aleksandr doglupdyr — Puşkin, hem Aşyrmät Garly — men doglupdyryn. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |