18:32 Meňli – Magtymgulynyň nämesi? | |
MEŇLI - MAGTYMGULYNYŇ NÄMESI?
Magtymgulyny öwreniş
“Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna, Müň togap bilen biz barýarys ýanyna”. Gurbanguly Berdimuhamedow. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hem Milli Liderimiz Hormatly Arkadagymyzyň şatlyk-şowhunly hem joşgunly badalga bermekleri bilen, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusynda aýdyşy ýaly, biz “başymyzy egip, müň togap bilen, türkmeniň eziz jana-janynyň” – Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna, onyň ýanyna barýarys. Eýsem gursagynda türkmen gany gaýnaýan her bir ynsan muňa joşmazmy, guwanmazmy?! Hormatly Döwlet baştutanlarymyzyň bu şatlykly toýy uludan bellemäge badalga bermekleriniň özi hem, Olaryň öz halkyny jandan söýmekleriniň, halkyň taryhyna giren ilhalar Danalaryna, halkyň milliligine bimöçber sarpa goýýandyklarynyň hem halkyň toýly gelejeginiň aladasy bilen ýaşaýandyklarynyň görnüp duran bir alamaty diýip düşünýäris hem muňa guwanýarys. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň guwanjy. Onuň öwüt-ündewe ýugrulan goşgularynyň aglaba köp bölegi halkyň aňynda nakyllara öwrülip giden. Bular barada, mahlasy, Magtymguly Pyragy – onuň döredijiligi, şahsy durmuşy barada dürli döwürlerde kän-kän edebi synlar, makalalar, öwgüli goşgular we ýene-ýeneler ýazyldy hem ýazylyp ýör. Elbet-de, bu hemmä mälim zat. Eýsem biz, bu beýik şahsyýet barada şunça köp ýazylýandygyna garamazdan, oňa dahylly köp maglumatlary takyk bilýärismi ýa-da henizlerem bilmeýän zatlarymyz känmi?! Geliň şu barada käbir meseleleri elimizi ýüregimiziň üstünde goýup, hakykatyň gözüne seredip, öz pikirimizi aýdalyň! Sowetler döwründe ýa-da Garaşsyzlygyň ilkinji döwürlerinde hem Magtymguly Pyragynyň ömri hem onuň döredijiligi barada hakykata gabat gelmeýän käbir düşünjeler hem-de bu ägirt şahsyýete kembaha berilen ýagdaýlar hem boldy. Magtymgulynyň hem başga nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine dutar-gyjakly halk aýdymlarynyň halka ýetirilmeginiň kesilen döwride bolup geçdi. Muňa häzirki ýaşyly hem orta ýaşdaky nesillerimiziň köpleri anyk göz ýetiren bolsalar gerek. Mysal üçin aýdanymyzda, biz ýaşuly nesillere mekdep ýyllarynda Magtymgulynyň (takmynan hem bolsa) näçe ýaşanlygy, onuň maşgala durmuşynyň hakyky ýagdaýy ýa-da Magtymgulynyňky diýilýän käbir jedelli goşgularyň jikme-jikligi hakykata gabat gelmeýän düşünjeler bilen, ýa-da bolmasa, ýüzleý ýagdaýda aňymyza guüuldy. Şol hakykata gabat gelmeýän düşünjeleriň biri-de beýik şahyryň ahy-nalaly - Meňlisi bolup durýar. Mekdepde okan ýyllarymyzda, bize Meňli gyz, Magtymgulynyň söýüşen gyzy bolup, ony hossarlary Magtymgula bermän, başga birine durmuşa çykarypdyrlar we şahyr bu keç ykbalyna ömür boýy ýanyp geçipdir – diýen ýalňyş düşünje aňymyza guýuldy. Elbet-de, mekdepde öwredilmelerden başga-da bu barada öz wagtynda edebiýat bilen iş salyşýan adamlaryň, okyjylar köpçüliginiň jedelli makalalarynyň-da ýazylandygyny hem ýazylýandygyny inkär etmeýäris. Ýöne Meňli gyzyň şahyryň söýgülisi bolup, ony aýal edip alyp bilmezliginiň hakykata gabat gelmeýänligini aňmak üçin alym bolmagam hökman däl. Ony şular bilen düşündijek bolalyň: Birinjiden-ä Magtymgulynyň döwründe hossarlaryndan ogryn kişi maşgalasyna söýgi bildirmek, onda-da duşuşyp, gürleşip ýörmek türkmende adatdan çykma ýagdaý, edepsizlik bolandygy gizlin zat däl. Magtymguly boldumy, beýle edepsizlige ýol berjek?! Ikinjiden, özüne nesip etmedik kişi maşgalasyna Magtymguly boldumy- “Meňli ýarymdan aýryldym” –diýip, goşgy ýazjak?! Aýratyn-da, şol döwrüň gözi bilen seredilen-de, bu kişiniň ar-namysyna kesek atmak bolmaýamy, näme?! Galyberse-de, şeýle pikir haýsy çeşmä salgylanylyp alnan ýa şahyryň özüniň “Meňli maňa nesip etmedi”-diýen ýaňzytmasyna gabat gelinýärmi näme?! Özümiz-ä şu pikire tutaryk bolaýjak ýazgylara gabat gelmedik, belki ýokduram. Onda Meňli- Magtymgulynyň nämesi bolan?!- diýen sowal örboýuna galýar. Meňli, şahyryň ilkinji hakyky aýaly bolandygyny, gelin döwürlerinde ony çet ýurtly basybalyjylaryň (mümkin gyzylbaşlaryň) alamançylykda ýesir edip alyp gidendiklerini ir döwürlerde bir jedelli makalada okanlygymyz anyk ýadymyza düşýär. Hakykata doly gabat gelýän şol makalany nirede okanlygymyz hem onuň awtorynyň kimligi, gynansak-da, häzirki döwürde ýada düşenok. Şol makala bu meselä delillere salgylanylyp ýazylandy we bizde uly täsir galdyrypdy. Mümkin ýaşuly nesil okyjylardan bilýäni bardyr. Ýada salsalar hem ýetirseler minnetdar bolardyk! Şahyryň obasyny oda berip, ilini gana çaýkap, bäş ýylda ýazan kitadyny weýran eden gyzylbaşlar, Meňli ýaly gyz-gelinleri sylap goýmajaklary belli zat. Onda-da alamançylygyň ösen pajygaly döwründe, zenan maşgalalaryň köpçülikleýin gyrnak edilip sürülýän döwründe. Gelin wagtlary rehimsizlik bilen alnyp gidilen Meňliniň keç ykbaly Magtymgulyny oda salyp elendiren bolsa-da, onuň elinden gelen zat bolmandyr. Meňliden gördüm, bildim ýa eşitdim habar bolan däl bolmaly. Gözleglerden, soraşyklardan, garaşmakdan sabyr käsesi dolan Magtymgulyny soň özüniň dul galan eňňesine öýlendiripendikleri ynandyryjy fakt ýaly bolup görünýär. Şu pikiri özümiz-ä aňryýany bilen goldaýarys. Sebäbi şahyryň çuňňur manyly birnäçe goşgularynyň içine gireniňde şu pikiri tassyklaýjy jümlelere gabat gelinýär. Mysal edip alanymyzda: “Aýryldym” –diýen goşgusynda: Lebi şeker, agzy gunça Täze gülzardan aýryldym. Şu ýerde “täze” söze üns bermek gerek, galyberse-de, ýokardaky sözleri diňe özüňe degişli bolan maşgala aýdyp bolar. Ýa-da “Eýýam gelmedi” –diýen goşgusyndaky: - Nadan menem, düşdüm pelek toruna... - Kyrka gadam goýdum, käsäm dolupdyr.. - Çydamaz men indi hyjran zoruna... - Geldi gara bela, ili dolady... “Armanym galdy” – diýen goşgusynda: Uruldy hijran hanjary, Aglap Meňli hanym galdy. - diýen ýaly köp-köp sözleri-de muny tassyk edýär diýip düşünýäris. Dile geldi, bile geldi diýlişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň edil häzirki Garaşsyzlyk döwrümiz ýaly “ajap eýýamy” – döwri bütin ömründe arzuw edip geçendigini-de inkär edip bolmaz. Muňa biz hem aňry ýany bilen ynanýarys.Ýöne adam ogly arzuw bilen ýaşaýar. Adam arzuwynyň-da gutarnygy ýok. Belli bir wagtda adamyň hut şol wagt nämäni (özy anyk aýtmasa) arzuw edýänligini onuň özünden hem Ýaradandan başga bilýän bolup bilmez. Käbir görüp duran zadyňa-da, okap oturan zadyňa-da ýalňyş düşünäýmegiň mümkindir. Kim bilýär, belki, Magtymguly “ köp garaşdym ajap eýýam gelmedi” diýmek bilen, öz Meňlisine täzeden duşup, ýakyn ysnyşykly ýaşamagy göz öňüne tutandyr. Dogrusy, öz pikirimiz-ä şeýle. Ýeri gelende belläp geçsek, kişiniň öz şahsy pikirini, ýazan ýa-da okan zatlaryny hiç kim kesä çekip, “içi güjükli” gyşyk gürrüňler bilen (kä halatlarda internet saýtlada bolýan zat) teswir ýazmasa ýagşy. Milli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hiç bir döwürlerde hem edil häzirki döwrümizdäki ýaly biçak uly söýgi bilen söýülmändi diýsek öte geçdigimiz dälmikä diýýäris. Döwlet Baştutanlarymyzyň tagallasy bilen onuň hormatyna birgiden işler edildi hem edilip ýör. Köpetdagyň eteginde gurlan onuň dag ýaly heýkeliniň-ýadygärliginiň özi nämä degmeýär?! Paýtagtymyzda onuň adyna gurulan medeni-seýilgähler toplumy göwnüňi galkyndyrýar, teatrlarda ol barada oýunlar goýulýar, kitaplar ýazylyp, halkymyza ýetirilýär we başga-da ilhalar işleriň birgideni edilip ýör. Sözümiziň ahyrynda, Magtymguly Pyragynyň toýunyň giňden tutulmagyna badalga berilmegine öz çäksiz minnetdarlygymyzy bildirip, Hormatly Milli Liderimiz şahyr Arkadagymyzyň hut Özüniň oňa bagyşlap ýazan, diýseň çuňňur täsirli hem özboluşly goşgusynda aýdyşy ýaly- “Ähli mekan-zamanlaryň çyn hakyky raýaty” - Pyragy barada entek aýdyň däl meseleleri aýdyňlaşdyrmak üçin alymlaryň, ýazyjylaryň galyberse-de, okyjy köpçüliginiň öz pikirlerini aýdyp, öz “graždan pozisiýalaryny” bildirseler olaryň hem toýa goşandy bolardy diýip pikir edýäris. Ýeri gelende aýdyp geçsek, nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň ady bilen berilýän “Pyragy” goşgusy hem Magtymguly Pyragynyň öz ýazanydygyna edebiýat bilen iş salyşýanlaryň köpüsi güwä geçýär. Beýik şahyryň her bir goşgusynyň her bir sözünde giden uly many ýatyr. Beýik Pyragy barada hakykaty aýtmaga, ony öňküden-de beýiklere galdyrmaga häzirki döwrümiz bize giň mümkinçilik berýär. Onuň toýuna – ýanyna ol baradaky hakykata gabat gelýän maglumatlar bilen barylsa ýüzümiz-ä gyzmazdy diýen pikirimizi gysgaja beýan edip, käteler ýönekeýje goşgularymyzdyr, başga-da öz şahsy pikirimizi beýan edýän ýazgylarymyz çykyp durýan, şu saýtyň hormatly okyjylaryna ýetirmegi makul bildik. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |