17:00 Menzil-menzil ýollar aşan | |
MENZIL-MENZIL ÝOLLAR AŞAN...
Edebi makalalar
Filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr we terjimeçi, Türkmenistanyň ussat mugallymy Ahmet Mämmedowy okyjylar gowy tanaýarlar we onuň döredijiligine uly sarpa goýýarlar. Biziň şu ýazgymyza sebäp hem şol söýgi. Okyjylar onuň döredijiligi bilen golaý tanyş bolsalar-da, onuň durmuşy bilen beletligi az. Şonuň üçinem biz onuň durmuş ýoly hakda okyjylara azda-kände gürrüň bermegi makul bildik. Ahmet aganyň kakasy Mämmet Gadamyň hem özboluşly şahyr bolup ýaşap geçendigini aýtmak gerek.Onuň il içinde sapaly şahyr bolandygyny, onuň bize galdyryp giden şu setirleri hem güwä geçýär. Ýeri gelende aýtsak, Mämmet Gadam öz döwrüniň çarkandakly ýoluny geçipdir. Eý, ýaranlar, size bir söz sözläýin, Günüň güneşidir nuruň ýagşysy. Gyş ýagýan garlara biz mydam kaýyl, Ýöne nowruz gary garyň ýagşysy. Ham adamlar-ýoldaş bolup ham bilen, Zähmet çekmän bezenmekçi şan bilen. Her elinde gazan kimin jam bilen, Düýşde-de nep gözlär piriň ýagşysy. Gargalar-da balasyny gaz eýlär, Samsyk adam ýas ýerinde saz eýlär. Gepe düşmez zenan ömrün uz eýlär, Kalbyňda gam goýmaz ýazyň ýagşysy. Dostdan göwün geçer ömrün zeň etse, Ne gülkünç zat it pil bilen jeň etse, Ylhamlandyr dutar tary heň etse, Ýar saçynyň tary taryň ýagşysy. Wasp eder watanny çalyp depregin, Söýer gül-gunçasyn, näzik ýapragyn. Tä ölýänçä tagam beren topragyň Saklar sarpasyny äriň ýagşysy. Şeýle maňzyňa batýan goşgular Mämmet agada bir ýa iki däl. Ahmet Mämmedowyň özüniň aýtmagyna görä, kakasy ony Magtymgulyny, aýratynam Keminäni, “Göroglyny”, halk dessanlaryny okap, şolardan öwrenmegi, elmydama ýatladyp durupdyr. Ol “Çeper sözüň nusgasy şolardyr” diýýän eken. Ahmet Mämmedow geçen urşuň iň bir gazaply gidýän döwründe Akdepäniň şol wagtlar atlandyrylyşyna görä Garahoja obasynda doglupdyr. Orta mekdebi tamamlan Ahmet Mämmedow 1960-njy ýylda Aşgabada okuwa gaýdýar.”Ýanymda bary-ýogy kyrk manadym bardy. Şonuň bilen tas iki aý oňşuk etdim” diýip, Ahmet aga ýatlaýar. Ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine dokumentlerini tabşyrýar. --Uniwersitete başda orta mekdepde internatda bile bolup, bile okan ýoldaşym Gurbanmyrat Orazow bilen bile gelipdim..Gurbanmyrat bilen uniwersiteti gutaranymyzdan soň,Krasnowodsk (şindiki Türkmenbaşy) şäherindehem bile işledik.Soňra ol Aşgabada gelip, “Mugallymlar gazetinde” edebi işgär,mekdep bölüminiň müdiri boldy. Bizi akademik P.Azymow, akademik A. A.Gurbanow, professor Mäti Kösäýew, ylymlaryň kandidatlary H.Kulyýew, N.Gullaýew, K.Ataýew, G.Mülliýew, H.Taňryberdiýew, ylymlaryň doktory G.Saryýew, TYA-nyň habarçy-agzasy M.N.Hydyrow, professor Ö.Abdyllaýew ýaly öz döwrüniň mertebeli gadyry bilinýän, ökde mugallymlar okatdylar. A.Ybraýymow, Gurban Sopyýew, Hojaberdi Hanow, Miýan Atajanow kimin ussat dilçiler okatdylar. Men bulary häli-häzirlerem uly hormat bilen ýatlaýaryn. Olar hakda 1985-nji ýylda bir ýatlama goşgy hem ýazypdym-diýip, Ahmet aga uniwersitet ýyllaryny ýatlaýar. A. Mämmedowyň ilkinji goşgusy Köneürgenjiň “Biziň Watanymyz” atly ýerli gazetinde çap bolupdyr. 1958-nji ýyldan başlap onuň goşgulary “Mydam taýýar” gazetinde, “Pioner” žurnalynda çap edilýär. 1960-njy ýylda uniwersitetiň filologiýa fakultetine okuwa girenden soň, onuň dürli temadan ýazan goşgularynyň sany barha gürelýär. Olar metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan çap edilýärdi. Uniwersitetde okan ýyllary ol diňe bir şygyrda däl, täze kitaplara synlar, edebiýata dahylly makalalar ýazmaga hem türgenleşýärdi. Bu ýokary okuw jaýyny tamamlandan soň, ol Türkmenbaşy (ozalky Krasnowodsk) mugallym bolup işe girýär. Şäheriň 2-nji türkmen we 4-nji rus mekdeplerinde okuwçylary türkmen dilinden, ene dili we edebiýatdan, taryhdan we geografiýadan okadýar. 1966-njy ýylda Aşgabat telestudiýasynyň çagyrmagy boýunça bu ýerde işe başlaýar. Telestudiýada ol ses operatory, şol ýylyň ahyrynda “Mugallymlar gazetinde” edebi işgär bolup işläpdi. Iki ýyl metbugatda işländen soň, yglan edilen konkursyň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri bolýar. Kyrk ýyldan gowrak wagt şu institutyň işiginden girip-çykdy. Şu ýyllaryň içinde ol kandidatlyk dissertasiýasyny gorady. Ylmy işi bilen baglanyşykly Moskwanyň, Almaatanyň, Däşkendiň, Bişkegiň, Duşenbäniň, Nöküsiň kitaphanalaryndan, arhiwlerinden gerekli maglumatlary toplady, meşhur alymlar, ýazyjylar, şahyrlar bilen duşuşyp, olardan maslahat aldy. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Mämmedow on kitapdan ybarat “Türkmen edebiýatynyň taryhyny” döreden awtorlaryň biri boldy. Ol bu tomluklara giren Ata Nyýazowa, Beki Seýtäkowa, Naryman Jumaýewe, 1917-1979-njy ýyllaryň edebi hronikasyna degişli bölümleri ýazdy. Bu häli bu güne çenli ýokary okuw mekdeplerinde iň bir ygtybarly gollanma hökmünde ulanylyp gelinýär. Şeýle hem ol 1980-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir edilen “Oçerki istorii sowetskoý –Türkmenskoý literatury” diýen kitabyň-da awtorlarynyň biridir. Onuň ylmy makalalary gazetlerde, žurnallarda, köp sanly ýygyndylarda ýerleşdirildi. Olaryň arasynda edebiýatyň teoriýasyna we tankydyna degişlileri-de, öz döwrüniň wajyp meselelerine-de, türkmen edebiýatynyň beýleki edebiýatlar bilen baglanyşyklaryna-da degişlileri bar. Ol halk döredijiligi, klassyky edebiýat bilen bagly ençeme makalalary-da köpçülige hödürledi. Onuň dil bilimine, türkmen edebiýatyny okatmagyň ugurlaryna, hatda taryha, geografiýa dahylly neşir edilen kitaplara ýazan synlary-da az däl. Ahmet Mämmedow “Türkmen prozasynda Beýik Watançylyk urşy döwrüniň şöhlelenişi” diýen temany elek-düwme edip işledi. Soňra ol şol temadan ýazan monografiýasynyň we makalalarynyň esasynda ylmy doklad görnüşinde doktorlyk dissertasiýasyny (1991) gorady. Bu dissertasiýa Garagalpagystanyň Berdak adyndaky Nöküs döwlet uniwersitetiniň alymlar geňeşinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol goralanda Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor S.M.Mamajanow, azerbaýjanly alym, filologiýa ylymlarynyň doktory A.Abdullazade opponentlik etdiler we işi makulladylar. Awtoryň şygryýetdäki üstünlikleri-de okyjyny biparh galdyrmaýar. Ol ondan köpräk şygyrlar kitabyny okyjylara hödürledi. Olaryň içinde “Otjagaz”, “Göwün güzerim”, “Gündiziň suraty”, “Ýyldyzly köl” ýaly ýaşlar we çagalar üçin ýazylan kitaplaram bar. Şol kitaplary üçin oňa 1995-nji ýylda Türkmenistanyň ýazyjylar soýuzynyň Hajy Ysmaýýlow adyndaky baýragy berildi. Ahmet Mämmedow gaty kän halklaryň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini, halk döredijilik nusgalaryny türkmen diline geçirdi. Ozalky SSSR-iň düzümine giren respublikalaryň şahyrlarynyň türkmen durmuşyndan döreden goşgularynyň aglabasynyň terjimesi Ahmet Mämmedowyň galamyna degişlidir. Türki dildäki edebiýatdan edýän terjimelerinde ol gös-göni olaryň asyl nusgalaryna daýanýar. Aýratynam onuň garagalpak klassyk şahyrlary Günhojadan, Ajynyýazdan, Berdakdan, Garagalpagystanyňhalk şahyry Ybraýym Ýusubowdan, Gülüstan Mätýakubowadan, Tolybaý Kabulowdan, Abylkasym Örepbergenowdan eden terjimeleri, garagalpak ýazyjylary, şahyrlary, umuman, bu edebiýat bilen bagly makalalary, şonuň ýaly-da garagalpak temasyndan döreden goşgulary şahyry bu halkyň okyjylaryna giňden tanatdy. Türkmen-garagalpak edebiýatlarynyň gatnaşyklary meselesindäki hyzmatlary üçin respublikanyň hökümeti ony Garagalpagystanyň at gazanan medeniýet işgäri (1996) diýen hormatly at bilen sylaglady. Zehinli alym hem şahyr Ahmet Mämmedow Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da öndürijilikli işledi. Edebi meseleleri garaşsyzlyk ideýalary bilen baglanyşdyryp makalalar, tutumly işler ýazdy. Onuň makalalary Türkiýäniň “Bigig”, “Türk kultury” ýaly žurnallarynda we türk dilinde neşir edilen ýygyndylarda ýerleşdirildi. Goşgulary bolsa türk dilinde çap bolan anitologiýalara, ýörite kitaplara girizildi. Soňky döwürlerde ol Magtymgula, türkmen halk döredijiligine dahylly meseleleriň üstünde köpräk döwneýär. Köne edebiýata, edebi-taryhy döwürlere, ady dünýä belli şahsyýetlere bagyşlanyp, ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň işine yzygiderli gatnaşýar. Onuň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birnäçesiniň hem gatnaşyjysy bolandygyny hem aýtmaly. Şeýlelikde, onuň eserleri, kitaplary ýaşlarymyza watançylyk, halallyk, lebze wepalylyk, adamkärçilik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ruhunda terbiýelemäge uly goşant goşup gelýär. Sebäbi olardan mugallymlar, edebiýatçylar peýdalanýar, olary halk okaýar. Bu günki gün ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda işleýär. Onuň köp ugurly döredijiligine deişli birnäçe eserleri rus, eston, gazak, özbek, gyrgyz, garagalpak, azerbaýjan, täjik, türk dillerine-de geçirildi. Hertaraply hünärmen hökmünde onuň Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda, medeniýet institutynda esasy işiniň gapdalyndan mugallymçylyk eden wagtlary-da az däl. Ol tas on bäş ýyllap ýokary mekdeplerde gutardyş boýunça döwlet synag toparyna başlyk boldy. Ol edebiýata yhlasly, zehinli ýaşlary tapmaga we olary höweslendirmäge çynlakaý çemeleşýär. Geçilen ýol az däl. Bu ýollarda şowlulygam az bolmady, şowsuzlygam. Ahmet aga ömründe gabat gelen gowy adamlary ýatlamagy halaýar. Şolaryň biri hem filologiýa ylymlarynyň kandidaty, belli edebiýatçy Hanguly Taňryberdiýewdi. Hanguly Taňryberdiýew Ahmet aganyň uniwersitet ýyllaryndaky mugallymy. Bir gezek söhbetdeş bolanymda ol mugallymynyň özüne beren öwüt-ündewini ýatlap, şeýle diýdi: - Bir gün Hanguly mugallym bilen ýolda gabatlaşdyk. Ol: - Gazetde bir top goşgyňy okadym. Şolaryň içindäki “Bil, bil!” diýen goşgyňy örän gowy gördüm. Beýleki goşgularyndaky kemçilikleriňi şol goşgy owazlylygy, şekil täzeligi, täsirliligi bilen örtüp dur – diýdi. – Seniň esasy bir ýetmeziňi aýdaýyn. Goşgularyň başky we soňky bendindäki äheňi tapawutlandyryp bolanok. Goşgy hem saz ýaly, sazda pessaýdan başlamaly we kem-kemden belent perdelere galmaly. Goşgynyň hem soňky bendi güýçli pikir, güýçli duýgy bilen jemlenmeli. Magtymgulynyň goşgularyny üns berip okap görseň, munuň şeýle bolmalydygyna düşünersiň!” Men halypa edebiýatçy mugallymyň bu pendini ýüregime gapladym. Şondan soň goşgy ýazsam, iň soňky bende nähilidir bir ýütgeşik röwüş, üýtgeşik bir many bermäge çalyşdym. Megerem, şol sebäpli bolsa gerek, her gezek goşgy ýazyp, ony tamamlajak pursadym Hanguly mugallymyň şol maslahaty ýadyma düşýär. Ahmet Mämmedow aramyzdan juda ir giden şahyr Halyl Kulyýewi mähribanlyk bilen ýatlaýar: - Halyl Kulyýew –biz okuwa giren ýylymyz ol uniwersiteti tamamlap, mugallym edilip alnyp galynypdyr. Ol bize edebiýat teoriýasyndan sapak berdi. Örän gowy düşündirýärdi. Bir gezek ol tutuş kursy öýüne myhmançylyga çagyrdy. Şol döwürde ol Köşüdäki uniwersitetiň okuw korpuslarynyň bir burçunda ýeke gat jaýda maşgalasy bilen ýaşaýardy. Biz toplanyşyp bardyk. Daşaryk keçe ýazdylar, stol-stul çykardylar. Gelni ullakan kostrýulda nohutly çorba, kiçiräk gazanda unaş bişiripdir. Hezil edip naharlandyk, goşgy okaşdyk, çaý-paý içdik. Martyň başynda işe gelýärkäm, sagat 10 töweregi Halyl uniwersitet tarapdan gelýän eken. Meni görüp, bir hili begenjek ýaly etdi. - Men şu gün öldüm – diýdi. Ir bilen sagat 6-danam ir Akmämmet Hümmedow gapyny kakyp oýardy. Öýe-de girmedi. Onsoň men çalak-çulak ýuwunyp, ýukajyk assarsyz kostýumjagazymy geýip çykdym. Şonuň bilen tä uniwersitete çenli pyýada gitdik. Howa çak edişimizdenem sowuk eken. Bagrymdan geçdimikä diýýän. Ekzamenim bardy. 8-de başlap, gutaryp gelşim. Dogrudanam, ol galdyrap durdy. Öňdenem hor-aryk adam özüňe belli. Ynha, kibtini gysyp, boýnuny hem içine çekip duran Halyl –edil bir gysym bolup dur. Men duýgudaşlyk etdim. “Ýoldaş mugallym, men yzyma dolanaýyn. Öýe baraly. Çaý-suw iç, ýylyn, soň gaýdaý” diýsemem etmedi. 8-nji martda bolsa ol ýogaldy. Ol habaryň ajy täsirini men henizem ýüregimde göterip ýörün. Ahmet aga institutda işe başlaýşy hakda şeýle ýatlaýar: --Telewideniýede ses operatory (1966) boldum. Az wagt. Soň Beki Seýtäkowyň goldawy bilen “Mugallymlar gazetinde” edebi işgärlige bellenildim. Mekdep, çagalar edaralary bilen bagly köp sanly makalalar ýazdym. 1967-nji ýylyň ortalarynda ýaşlaryň birnäçesini LKSMT-ä çagyrdylar. Allaguly Mollaýew hem bardy. Anketa berdiler. Doldurmaly. Köp soraglaryň içinde “Alym bolasyň gelýärmi?”, “Başga näme bolasyň gelýär?” ýaly sowallaram bar eken. Men “Alym bolasym gelenok, şahyr boljak” diýip ýazdym. A.Mollaýew “Elbetde, alym bolasym gelýär” diýip ýazdy. Meniň ýazgymy okap, “Be.. nädýäň-how, alym boljak” diýmeli ekeniň” –diýdi. Ýeri gelende aýtsam, kandidatlygy men ondan öň goradym. Işe gelişimmi? “Mugallymlar gazetinden” aňsat gaýdyp bolmaz-diýip biri ýüregime howp berdi. –Olar seni goýbermez, barjak ýeriň aýdaýsaň, şo ýere jaň edip, seni işe almazlar ýaly ederler…” Bu gepiň jany bar ýaly bolup göründi. Onsoň men “Oba gitjek” diýip, işden çykdym we birküç günden soň institutytda uly laborant bolup işe başladym. Bu bölümde ýaşuly Orazmämmet Abdalow, edebiýat tankytçysy Abdylla Myradow dagy işleýän eken. Men işe gelemde Baýmuhammet Garryýew director eken. Kaýum Jumaýew meni kiçi ylmy işgäriň wezipesini ýerine ýetiriji edip aldyrjak bolýardy. Menem gapyda durup, olaryň gürrüňini diňläp durun. Ol razy bolup barýardy welin,başga bir adam, adyny tutup durmaýyn, “Heniz synalyň. Görülmedik, nähilidigi nämälim birini ur-tut ylmy işgär edip bolmaz” diýdi-de, meseläni laborantlyga çözdi oturyberdi. Ýogsam o döwre çenli meniň gazet-žurnallarda on-on bäş sany ylmy häsiýetli makalalarym çykypdy. Iki aý geçensoň, konkurs yglan edildi welin kiçi ylmy işgärlige saýlaw arkaly bellendim. 1970-nji ýylda “Türkmen edebiýatynyň hronikasy” diýen görkezgijiň üstünde işledim. Ol “Türkmen edebiýatynyň taryhynyň” altynjy tomunda ýerleşdirildi. Moskwada çykan rus dildäki neşirlere girizildi. Soň Aman Kekilow az wagtlyk director bolup oturdy. Aman aga küşt oýnamany gowy görýärdi. Yzly-yzyna çilim çekýärdi. Agras, çynlakaý sypatly bir adamdy. Emma käte degşende welin, ony agras diýjek gümanyň ýok. Näme sorasaň, haýyş etseň, şony bitirjek bolup çalyşýar, maslahatyny gysgananok. Institutda B.Ahundow, G.Nazarow, A.Meredow, S.Garryýew, Sary Gökleni, Zylyha Muhammedowa, D.Nuralyýew, S.Atanyýazow, Rahman Rejebow, Ş.Halmuhammedow, M.Öwezgeldiýew, A.Bekmyradow dagylar bilen işlemek maňa miýesser etdi. Bu adamlar azy ýaran edebiýatçylardy. Ylma örän saldamly goşant goşanlardy. Bularyň her biri bilen bagly başdan geçirmelerem ýok däl. Emma olaryň hemmesini ýatlajak bolsaň, kän kagyz doldurmaly boljak. Men S.Atanyýazowy ýatlaýyn. Men oňa mydama “Agam” diýip ýüzlenýän. Ol bolsa maňa hemişe “Halypam” diýýärdi. Özem menden sekiz ýaş uly. Derejesi, ylmy atlary, ordendir medaly, hormatly döwlet atlary bar adam hiç zady ýok bir musapyr bendä “Halypam” diýip dursa, bir hili bolýan ekeniň. Bir gün men oňa: - Soltanşa agam, maňa “Halypam” diýmesene, men bir hili utanýan-diýdim. Ol: - Men-ä sende utanç göremok. Hany ol? –diýýär. - Bolsa-da, başgalaryň ýanynda-da “Halypa!” diýýäň, olar şonda maňa çiňerilip serediberýärler –diýdim. - Şolar çiňerilsin diýip –aýdýan-da şony. Meniň halypamy tanap goýsalar, erbetmi näme?.. Baýrammämmet Ahundow-ýukaýürek, ak köňül adamdy. Emma onuň pikirlerine ýygy-ýygydan garşy çykýardylar. Şonda hem ol opponentlere gaty-gaýrym zat diýip durmazdy. Şeýle “Tankytlardan” soň, ol mydama meniň ýanyma gelerdi. “Ahmetjan, hany çolarajyk bir ýere baryp derdinişeli, ýa meniňkä gideli, ýa seniňkä” diýerdi. Köplenç bize giderdik. Çaý-suw başynda ol özüniň mamladygyna kemini goýman meni ynandyryp bilýärdi. - Agam, sen ýygnakda şu diýýänleriňi aýdyp, çykyş edäýmel-ä. - Barybir, olar düşünmezem, düşünmegem islemez. Olar meniňkiniň dogrudygyny bilip durup, şeýle diýip durlar-a –diýýärdi. Onsoň men oňa göwünlik bererdim. Ýagşy sözler aýdardym. Meniň ýanymdan göwnühoş bolup gaýdardy. Rahman Rejebow –bir töwra adam, ökde teoretik. Onuň bilen dil tapyşmak kyn. Agyr. 1973-nji ýylda Ö.Abdyllaýewiň ýolbaşçylygynda kandidatlygymy goradym. Gorajak bolup ýörkäm, işimi goltuklap, Rahman Rejebowyň ýanyna bardym we maňa opponent bolmagy haýyş etdim. - Ýap gapyny, ugra- diýip ol ýogyn sesi bilen aýtdy. –Men seni tanamok, bilemok, opponenti başga ýerden gözle. Men derrew yzyma dolandym. Gapyda säginip, “Öde Abdylla sizi maslahat berensoň geläýipdim” diýdim. Gapyny ýapyp, ýöräp ugradymam weli, ol “Bäri dur, gel bäri” diýip gygyrdy. Ýene bardym. - Işiňi goýup git. Çykyşymy türkmençe ýazaryn. Ýöne rusça özüň geçirersiň… Rahman Rejebow bilen ilkinji tanyşlyk şeýle. Soň ,birki ýyl geçensoň menem onuň işleýän bölümine geçdim. Şeýdip, onuň bilen işleşdim. Garagalpagystanyň ylymda at gazanan işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň doktory, professor Kerimbaý Kurambaýew türkmen alymy A.Mämmedow hakdaky ýazgylarynyň birinde şeýle ýazdy: “Hemme zatdan öňürti Ahmet Mämmedow edebiýaty öwreniji we edebiýat tankytçysydyr. Ol şu günki türkmen alymlarynyň görnüklilerinden biri.” Alymyň alym hakdaky bu pikirini biz Ahmet aganyň zehinine goýlýan uly sarpa diýip düşünýäris. Onuň zehininiň ykrar edilmesidir. -Garagalpaklar –sada, göwnündäki dilinde diýlen halk. Wäşi, zehinli halk. Olar meni hut özleriniň biri ýaly görýärler. Garagalpaklaryň halk şahyry Tolubaý Kabulow bolsa oňa bagyşlan goşgusynda: Ap-ak bolandan soň ezel-imany, Agzyndan söz çykmaz asla bimany, Ak nura bezemek isläp dünýäni Ol talantly şahyr bolandyr öýdýän. - diýip ýazypdy. Adamzada hormat-sylag, halallyk, mümkingadar dogruçyllyk, diňe ýagşylyk edip ýaşamak, keseden hiç kimiň ýaramaz täsirine düşmezlik, döredijilikli zähmet, kanagatlylyk, minnetsiz ýaşaýşa höwes-ymtylyş, ylma hem çeper döredijilige gadyr goýmak we oňa elden geldigine görä wepalylyk – ynha, şahyr we alym Ahmet Mämmedowyň durmuş ýörelgeleri. Ahmet Mämmedowyň halamaýan adam häsiýetleri- ýaranjaňlar, öwünjeňler, neşekeşler, “men-menler”, belli bir durumy bolmadyk iki ýüzli-çemeçiller. Ýazyjy-şahyrlardan G.Seýitliniň, K.Gurbannepesowyň, Halyl Kulynyň, G.Ezizowyň,M.Seýidiň, A. Atabaýewiň poeziýasyny, H.Durdyýewiň, S.Annasähedowyň, O.Ödäniň, K.Kulynyň, A.Halmyradyň kyssa eserlerini halaýar. Ylymda, edebi tankytda Ö.Abdyllanyň, R.Pejebowyň nazarýet ussatlygyna, Abdylla Myradyň işjeňligine, S.Myradowyň dogruçyllygyna, Ahmet Bekmyradowyň pikirleniş gerimine, J.Allakowyň öndürijilik ukybyna, A.Meredowyň zähmetsöýerligine sarpa goýýar. Durmuş durmuş bolýar. Durmuş ýollarynda garaşmaýan wakalaryň bolup geçýär. Birki ýyllykda näsaglyk tapynan Ahmet agamyz ruhdan düşmedi. Onuň dost-ýarlary, tanyş-bilişleri her gün diýen ýaly halyndan habar alyp durdylar. Maşgala ojagyň, dost-ýarlaryň mähri Ahmet aganyň ýowuz keselini ýeňip geçmäge ýardam berdi. Ahmet Mämmedowyň bu günki gün jany sag, başy belent. Erkana durmuşymyzy wasp edip, goşgy-gazal ýazýar. Türkmen edebiýatynyň möhüm meseleleri dogrusyndaky makalalaryny okyjylar höwes bilen okaýarlar. Janyň sag, işleriň rowaç, Ahmet aga! Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. "Mugallymlar gazeti" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |