17:52 Mert kişiniñ öwüdi | |
MERT KIŞINIÑ ÖWÜDI
Goşgular
Ýalňyşmaýan adam bolmaz, elbetde, Ýogsa seni terk edibem giderdim. Şöhlesi gyýtajyk, peltesi ketde, Namardyň ýanyna nämüçin bardyň. Zelil göwnüň ter dälmidi ýuwadan, Şeýle agyrmydy çekmeli derdiň. Seniň ýüzüň asman ýaly owadan, Namardyň ýanyna nämüçin bardyň. Bir gat hamy ýanyp gitse ýüzüňden, Ony gabyk ýaly bolmaýar ardyp. Özüň çykan ahyr türkmen düzünden, Namardyň ýanyna nämüçin bardyň. Indi bu iş seniň boýnuňda galdy, Bolup daglar bilen asmana karzyň. Güller özünden öň solmaly däldir, Namardyň ýanyna nämüçin bardyň. Bolar rüstem wagtyň, bolar hor wagtyň, Ýöne göwün gabsaň durmasyn ýarsyp. Bu dünýede mert kişileň bar wagty, Namardyň ýanyna nämüçin bardyň. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |