00:27 Merwiñ sapaklary | |
MERWIŇ SAPAKLARY
Edebi makalalar
1. Halkyň mertebesi taryhyndan başlanýar. Halkyň medeni derejesi öz taryhyna sarpa goýşy bilen baglydyr. Şu kesgitlemäni ölçeg birligi hökmünde ulanagadan, islendik halk barada anyk netijä gelip oturybermegiň kyndygyny biziň halkymyzyň mysalynda-da görse bolýar, türkmeniň ýaýrawy giň ýurdundaky weýrana gelen ýadygärlikleri synlagadan bu halkyň mertebesi pes, ýa-da geçmişini unudypdyr diýäýsek, juda bärden gaýdarys, has dogrusy, ýeňilkellelik ederis. Taryh diňe gadymy ýadygärlikler bilen gutarmaýar. Taryh halkyň hakydasydyr, onuň çeşmesi köpdür. Bu meselede taryhy şertlere uly rol degişli. Ençeme asyr döwleti bolmadyk, tire-taýpa pytraňňylygynda tozgun ýaşan halkdan güýçli imperiýalardan galan gözel ymaratlary saklap bilmändir diýip nadyl bolup oturmagyň geregi ýok. Adam ýaly, halk hem öz mümkinçiligine görä ýaşaýar, güzeran görýär. Şol güzeranyň çägini hasaba almak hökmany zerurlykdyr. Halkyň milli sazy taryhdyr. Eger halk milli sazynyň özboluşlylygyny asyrlaryň dowamynda saklap bilen bolsa, diýmek, taryha sarpa goýýan ekeni. Biziň nepis halylarymyz, milli lybasymyz taryh dälmi! Bagşylaryň dilinden nesiller aşyp gelen eserler taryha sarpa goýmagyň, ony ýitirmän saklamagyň beýik nusgasy. Kitap çykarmakdan mahrum halk öz ýadyna daýanypdyr. Gije-gündizi dutarda saz çalyp, aýdym aýdyp geçirýän adamyň notaly ýazgylaryň tutuş bir kitaphanasyny beýnisine ýerleşdirip bilendigine haýran galýarsyň. Özüm-ä türkmen halylaryna seredenimde taryhyň şekillere geçirilen ýazgysyny görýärin. Haly üýtgeşik bir kitap. Biz gynansagam, entek onuň kitap hökmündäki hyzmatyny seljermäge ýetişemzok, häzirlikçe ony öýümiziň bezegi hökmünde ulanýarys. Şekilleri halyň ýüzüne çitýän ussatlaram olaryň düýbünde ýatan manyny aýdyň bilenoklar, ýöne taryhy şekilleri öz islegiňe görä üýtgetmeli däldigini welin bilýärler. Ajaýyp endik, ajaýyp häsiýet! Olar şeýdip, halkyň taryhyndan gelýän beýik ýadygärliklere sarpanyň bimöçberdigini tekrarlaýarlar. Eýse, bu alamat medeniýetliligiň nusgasy dälmi! Biz halylardaky şekilleriň dörän mahalyny, aňladýan manysyny doly açyp, kitap ýaly okan günümiz olary bize ýetiren senetkärleriň hyzmatyna sözüň doly manysynda düşünip bileris. Hawa-da, düşünmeli zat kän, ömür gysga. Taryh gutarmaýar. Pylan halkyň taryhy doly, gutarnykly ýazyldy diýilse, ynanmaň. Çeper edebiýatyň adamzat kyssasyny gutaryp bilmeýşi ýaly, taryha-da gutarma ýokdur. 2. Gadymy Merwiň ýüreginde, Erkgala bileň Gäwürgalanyň aralygyndaky beýik depäniň üstünde durup, töweregi synlaýaryn. Her egnimde bir taryhy döwür, olaryň wagt tapawudy ýüzlerçe ýyla, müňe dalaş edýär. Ilerde Soltan Sanjaryň belent guburhanasy weýran bolup, toprak astyna düşen şäheriň birmahalky buýsanjyny duýdurmak üçin ýörite galdyrylan ýaly, asmana haýbat atyp otyr. Onuň duran ýeri eýýäm orta asyr döwri. Bu döwre mynasyp şähere Soltangala diýýärler. Ondan günortada Abdyllahan gala, aňyrsynda Baýramalyhan gala. Bäş döwür, bäş şäher. Olar depeleriň astynda ýatyr. Onda-munda ýykylman galan haraba şekilli ýadygärlikler asyrlaryň gumy astynda demigen şäherleriň delalat isläp, dirilere tarap uzan golunyň ýerden çykyp duran bölegine meňzeýär. Ýetmiş dördünji ýylyň başynda Türkiýede häzirkn Seljuk şäheriniň gapdalyndaky gadymy Efesi synlap durşum ýadyma düşýär. Bu ýerde bäş döwrüň Efesi ýatyr diýdiler. Biziň synlaýanymyz Rim imperiýasynyň Efesi ekeni. Üstünden gum gatlagy aýrylan şäher kwartallary ähli jikme-jiklikde mesaňa-mälim bildirip dur. Onuň köçelerinden ýöräp, gadymy şäheriň süňňüni synladyk. Jaýlardan galan mermer sütünler hatar tutup, uzalyp gidýär. Baranlara görmäge geň-enaýy zat näçe diýseň bar. Şol mahal Wena uniwersitetiniň arheologlary, studentleri işleýärdiler. Olaryň aýryp ýören ýer gatlagynyň astyndan gözel ymaratyň sudury aýdyň görnüp ugrapdyr. Bu agtaryş olar üçin hazyna tapandan-da gyzykly. Olar adamzat taryhynyň ýene bir sahypasyny açýardylar. Gadymy şäheriň çetinde grek mifologiýasynda awçylaryň hudaýy diýip tanalan meşhur Artemidanyň hramyndan galan ýekeje sütün sömelip dur. Dünýäniň ýedi gudratynyň biri hasap edilip gelinýän bu hramy Gerostrat diýen görip haramzada otlapdyr, öz adyny taryhda galdyrmak üçin otlapdyr, galdyrypdyram. Çingiz hanam gadymy Merwi, Ürgenji, Nusaýy hem-de dunýäniň gözel şäherlerini ýumurdyp, taryha öz adyny ýazdy. Ýöne biziň döwrümiziň ýumrujylarynyň olardan tapawutly ýeri bar. Artemidanyn hramyny otlany üçin taryhda adynyň galjagyny bilen bolsa, diýmek, Gerostrat hramyň gözelligine, dünýäde onuň tutýan ornuna düşünen bolmaly. Biziň gerostratlarymyz öz weýran edýän ýadygärlikleriniň taryh üçin näderejede gerekdigine düşünmeseler nätjek. Merw taryhy zapowedniginiň direktorynyň orunbasary, ýadygärlikleriň jansöýeri, janköýeri, žurnalist dostumyz Azym Ahmedow ýumrujylaryň ýyllaryň dowamynda bitiren işlerinden galan aýylganç yzlary görkezýär. Olar galalaryň diwarlaryny parran ýaryp, ýaplar geçiripdirler, başga ýerde ýer gapyşan ýaly, içine ekin ekipdirler. Olar taryhy döküne öwrüpdirler. Häzir hasap soramakçy bolsaň, olaryň çigit ýaly ökünmejekdiklerini bilýän, gaýta il-günüň rysgaly üçin uly bir iş eden ýaly, agyz dolduryp gürlärler, seni utandyrjak bolarlar. Juda burça gabalýandygyny bilen halatlarynda, biz raýkomlaryň razylygy bilen etdik diýip, günäni başlaryndan sowar goýbererler. Olar üçin taryhy depeleriň oba arasyndaky tümmekden tapawudy bolmandy. Taryhdan sähelçe habarly, oňa sarpa goýýan adamlar tapawutlandyryp bilerler. Bize bolsa, belli şahyryň “On ýedidir dörän ýyly türkmeniň” diýip, buýsanç bilen ýazyşy ýaly, Oktýabr rewolýusiýasyndan aňyrda taryh bolandygyny aýtmazlyga çalyşýardylar. Şol syýasatda beýnisi bekän adamlaryň ýadygärliklere salan ýarasyny görüp, geň galyp oturasy zat barmy beri. Ol adamlary günälendirmän, esasy günäni olary kemala getiren döwrüň üstüne ýüklemek eýýäm bize endik boldy. Halkyň taryhyndan, milli medeniýetden mergi ýaly gorkýan döwlet syýasaty on ýediden öň döräpdi, onuň sakasynda Orusýet patyşasynyň imperiýa daýanýan koloniýaçylyk syýasaty durdy. Taryhy ýazgylaryň şaýat bolmagyna görä, patyşanyň häkimleri Merwiň köne galalarynyň içine demirýol çekdirip, ymaratlaryň kerpijini häzirki Baýramaly şäherine daşadypdyrlar, özlerine niýetläp berk jaýlar saldyrypdyrlar, demirýol wokzaly hem şolaryň biri bolmaly. Şeýle edip, bir okda iki towşan urupdyrlar: hem-ä öz material hajatyny bitirýärler, hemem bakna ýurdy guwanjyndan, geçmişinden mahrum edýärler. Bu syýasatyň eýeleri edýän işlerini her taraply bilýän bilimli adamlar bolupdyr. Olar hem gerostratlaryň bir görnüşi, maksatlaryny döwlet syýasatyna öwrenler. Ýeri, ýigriminji asyryň segseninji ýyllarynyň başynda bolan ahwalata nähili baha berjek? Ýadyňyzda bolsa, Mary şäheriniň merkezi köçesiniň ugrundaky, patyşa döwründe berk kerpiçden salnan, taryhy wakalara dahylly jaýlaryn onlarçasyny sähel salymda ýok etdiler, kerpijini dargatdylar. Şähernň taryhyna hemem ýaşaýyş jaý fonduna talaň salyndy. Oblastyň şol mahalky ýolbaşçylary ýykdyrylan ymaratlaryň ýerinden gözel jaýlaryň salynjakdygyny aýdyp, adamlary, žurnalistleri köşeşdiripdiler. Hany ol gözel jaýlar nirede, eýýäm on ýyl geçdi? Bu sowala jogap okamaly adamlar bireýýäm wezipelerinden sypyp gitdiler. Öleni öldi, ölmedigem hiç hili telek iş etmedik ýaly arkaýyndylar, sebäbi dowam edýän döwlet syýasaty olary jogapkär bolmakdan halas edýärdi. Taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak hakyndaky kanun kagyz ýüzündäki hereketsiz ýazgydy. Onsoňam, kanuny ýazýanlar kanuny berjaý etmelidir öýdenokdylar. 3. Gadymy Merwde başlanan işler göwnüme biraz teselli berýär. Ilkibada munuň sebäbini Azym Ahmedowyň arzuwly göz öňüne getirmeleri bilen bagladym, soňabaka zapowednigiň meýdanyna aýlanyp ýörşüme özümde-de optimistiň duýgulary döräberdi. Öňi bilen tutuş kompleksiň bitewi sudurynyň görnüp ugrandygyny aýtmaly. Umumy girelge bolup hyzmat etmeili derweze iki ganaty bilen bitip barýar. Girelgede bilet satyljak. Uzak ýoly geçip, gadymy şäheri görmäge barýanlar sähelçe pul tölemäge ýaýdanmasalar gerek, haýyr-sahawat hökmünde göwünlerinden çykardyklary boljak ekendä, emma ýygnanan puluň derde ýarajak ýeri az däl. Direksiýa ýararly jaý, ekspedisiýa gelýänleriň adam şekilli işlemekleri, ýaşamaklary üçin telim otagdan ybarat ýatakhana ýokardan berlen buýruga görä çalt ýetişdirilipdir. Şu ýerde meni London uniwersitetinden arheologiki gözleg-açyş işlerini geçirmäge gelen toparyň ylmy ýolbaşçysy doktor Jorjina Herman bilen tanyşdyrdylar. Ýönekeý iş geýimindäki çepiksije aýalyň durkunda dünýäniň dürli künjüne syýahat etmäge döwtalap, ýoluň kynçylyklaryndan gorkmaýan, iňlis aýallarynyň tutanýerliligini teswir edýän filmlerdäki obrazlara mahsus açyklygy, işjeňligi duýdum. Olar haýal-ýagallygy halamaýarlar, sözüň gysga, pikiriň anyk bolmaly. Men bada-bat islegimi beýan etdim. Meniň pikirimçe, gadymy Merwiň 2500 ýyllyk ýubileýini bellemäge juda howlukmaly däl, ykjam taýýarlyk görmeli, dünýä möçberinde çyndan belleniler ýaly çäreleri amala aşyrmaly. Bu çäreler diýlende, diňe halkara standartyna gabat gelýän turistik hem ylmy merkezi gurmakdyr öýtmäň. Rejeleýiş işleriniň juda zerur tapgyryny amal etmek, ýer şarynyň ylmy merkezleriniň ymykly ünsüni çekmek, galyberse-de, şäheriň takyk ýaşy baradaky dürli pikirleri anyklamak, görülmeli çäreleriň esasylarydyr. Arheolog Sarianidiniň gözlegleri Horasan şäherleriniň enesi atlandyrylan Merwiň ýaşyny has anryk alyp gidýär. Ýogsa-da, Köpetdagtň etegindäki Altyndepäniň dünýä siwilizasiýanyň gadymy merkezleriniň biri bolandygyny bilip durkak, Merwiň biziň häzirki ölçegimizden juda aňyrda dörändigine ynam edesiň gelýär. Bu pikire doktor Herman hem ýok diýmedi, emma onuň takyk pikirini gazuw işleriniň netijesinden soň eşitsek gerek. Men otuz metr belentlikdäki depäniň üstünden Erkgalanyň içine syn edýärin. Hudaýa şükür, bu gün ol çola däl. London uniwersitetiniň topary işe başlapdyr. Olar ýüzdäki gatlagy pil bilen serpişdirip, aşaklara ýetmäge howluganoklar, gyssanman gumy eleýärler. Wah, bu tümmekleriň, depeleriň ýewropalylaryň ýanyndaky arzysyny gerostratlarymyz bir görsediler diýýän! Belki, olar öz ämärtliklerine utanardylar, taryhyň öňünde eden telek işleri üçin ötünç sorardylar? Meniň öz göwnüme osýan bolmagymam ähtimal. Belki, olara gezek berseň, agtaryş işlerini buldozerler bilen sähel salymda geçirip gutarardylar. Geliň, köne galalaryň başyna düşen apatlary bir ýana goýalyň-da, az salym arzuwly göz öňüne getirmelere maýyl bolalyň. Galalaryň üstüni basan galyň gum gatlaklary aýryldy diýeliň. Rowaýata siňip giden Tahmuras patyşanyň (arheolog Ý. Atagarryýewiň ýazmagyna görä Tahamurt) bina etdiren galasynyň galyndylaryny synlaýarys. Şu ýerde dörän Nowruz baýramy bilen bagly alamatlar biziň çaklamalarymyzy doly tassyk eder. Beýik Biruniniň «Geçen nesilleriň ýadygärligi» diýen kitabynda ýazmagyna görä, bu ajaýyp baýram Tahmurasyň hem onuň dogany Jemşidiň (Firdöwsiniň «Şahnamasynda» ogly diýip berilýär) erki bilen döräpdir. Men Erkgalany gazyp başlanlara gözügidijilik bilen garap durun. Olaryň höwesi, umytly garaşmalary fiziki ýadawlygy duýdurybam barýan däldir. Olarda hazyna gözleýän adamlaryň açgözlügi, bisabyrlygy ýok, olar ylym adamlary. Olaryň tapjak hazynasy döwletiň gaznasyny baýlaşdyrmaz, taryhy muzeýleri bezär, taryhyň garaňky ýollaryny ýagtyldar. Biz döwletimiziň baýlygy hakynda gürrüň gozgamyzda, adatça, gazyny, nebitini, pagtasyny aýdyp oňýarys. Onuň taryhy-arheologiýa hazynasy ýadymyza-da düşüp duranok. Entek ruhy hazynalary hasaba almagy endik edinmändiris. Türkmenistanyň arheologlaryň Mekgesine öwrüljek mahaly gelmeli. Indi ol biziň öz başarnygymyza bagly. Nebitiňe, pagtaňa, gazyňa isleg bildirip gelýänler, esasan öz bähbitlerini arap gelýändir, emma Ýewropanyň bolçulygyny, eşretini taşlap, jöwzada gara guma garyşmaga höwes bilen baş urýan hermanlar, massonlar, sarianidiler ylmyň, medeniýetiň bähbidi bilen gelýärler. Indi Efes ýaly üstünden agyr gumy aýran gadymy şäherlerimiziň ajaýyp suduryny görmäge geljekleriň akymyny göz önüne getirjek boluň! Türkmeniň her welaýatynda şeýle täsin şäherleriň telimsini açmak boljak. Mundan zyýat baýlyk bolarmy diý! Isgender Zülkarneýnden hasap alyp gaýdýan Gäwürgalanyň birje aýmançasynyň üstüni açypdyrlar. Bişen kerpiçden bina edilen ymaratlaryň diwarlary, ötükleri mizemän ýatan eken. Bu ajaýyp görnüşi synlamda mahmal astyndan garaýan näzenin gelniň keşbi göz öňüme geläýdi. Wah, ýüzüňdäki mahmaly aýyrsana, gül ýüzüňi tutuşlygyna göreýin-le! Mahmal astyndaky gözelligiň bir çetini synlamaga bize mümkinçilik bereni üçin ýadawsyz işleýän, zehinli arheologymyz Tirkiş Hojanyýazowa minnetdar bolup durun. Soňky döwürde türkmen arheologlarynyň uly topary ösüp ýetişdi. Men olary bagtly adamlar hasap edýärin. Olaryň paýyna eňňere düşmedi, olar tarpda işleýärler. Dünýä ylmynda olaryň atlarynyň hormat bilen tutuljak mahaly daşda däl bolsa gerek. Biziň döwlet garaşsyzlygymyz olaryň işine bat berer diýen tamam bar. Öz taryhyňa eýe bolmak, ony dünýä ylmynyň hörpüne görä ýazmak döwletiň garaşsyzlygyny berkitmeli alamatlaryň biri. Eger biz şu zerurlyga düşünýän bolsak, olaryň netijeli işlemeklerini üpjün etjek oňaýly ýagdaýlar döretmeli bolarys. Meniň pikirimçe, öňi bilen arheologiýa boýunça özbaşdak ylmy institut döretmeli, oňa halkara statusyny bermeli. Uniwersitetde arheologiýa fakultetini açmaly, rejeleýiş işlerini alyp barmaga ukyply kadrlary ýetişdirmegi hem şol fakultete tabşyrmaly. Aşgabatda arheologiýa muzeýini bina etmeli, ony respublikanyň guwanjyna öwürmeli. Merw, Köneürgenç ýaly merkezleriň ýubileýlerini ýokarky wezipeleriň amala aşmagyna ýardam beräýjek ugurlar bilen utgaşdyryp, dünýä alymlarynyň, guramalarynyň ünsüni çekmekden ötri, olaryň işeňňir gatnaşmagyny gazanmaly. Rus koloniýaçylary gadymy şäherlerimiziň kerpiçlerini dargadyp ýörkäler, bu halkyň şöhratly alymlarynyň birnäçesi şol ýadygärlikleriň aladasy bilen uzak ýoly paý-pyýada geçip gelipdiler, öwrenipdiler, dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyryp biljek ylmy işler ýazypdylar. Şolaryň biri-de Sankt-Peterburgyň imperator uniwersitetiniň professory W. A. Jukowskiý. Ol geçen asyryň ahyrlarynda Merwe gelipdir, onuň ýadygärliklerini hertaraply öwrenmäge çalşypdyr. Netijede «Köne Merwiň harabalary» diýen kitabyny ýazypdyr. Bu kitap biziň günlerimizde-de öz gymmatyny ýitirenok. Ony türkmen diline terjime edip çykarmagyň alajyny etmeli. Umuman, türkmeniň, şol sanda Merwiň taryhyny öwrenmekde akademik W. W. Bartoldyň görkezen hyzmaty örän uly, emma onuň ylmy işleriniň henize deňiç türkmençe neşir edilip çykarylmandygyna haýran galyp oturmaly! 4. On üçünji asyrda ýaşan görnükli geograf Ýakut ibn Hamawini şeýle ýazypdyr: «Eger-de mongollaryň talaňçylygy zerarly Merw weýran edilmedik bolsady, men bu ýerden ömrümiň ahyryna çenlý gýtmezdim. Merwiň adamlary ugurtapyjy, sypaýy hem mylakatly. Ylmyň köp pudaklaryny jemleýäň baý kitaphanalary bar. Kitaplaryň lezzeti hem olara bolan söýgi maňa şeýle bir täsir etdi, hatda kitaplara gyzygyp, aýalymy, çagalarymy ýatlamaga-da wagt tapmadym. Dünýäniň iň gowy jugrafiýa sözlügini men Merwdäki kitaphanalaryň birinden tapdym». Men Tirkiş Hojanyýazowyň açyşlaryny synlap durşuma Ýakudy bendi eden kitaphanalaryň binýadyny, okalga zallaryny ýakyn geljekde gözüm bilen görjekdigime ynandym. Tirkiş golaýda ýüpek ýolunyň Soltangala girýän derwezesini açypdyr. Bu binanyň özboluşlydygyna, howpsuzlygy üpjün etmek üçin tapylan tilsimlerine haýran galaýmaly. Häzir Azym Ahmedow şol derwezäni dikeltmegiň arzuwy bilen ýaşaýar. Derwezeden Soltan Sanjaryň guburhanasyna çenli barýan ýoluň suduram bildirip dur. Ýubileý günleri, nesip bolsa, dünýäniň dürli künjeginden geljek myhmanlar, turistler seljuklar imperiýasnyň paýtagtyna şol ajaýyp derwezeden girip bararlar. Derwezäniň astyndaky gümrükhananyň arasyndan geçýän ýola düşelen kerpiçlerem mizemän dur. Gudrat bilen şol kerpiçlere dil bitirip bolsady diýip, göwün ýüwürdýärin. Olar bu ýere kimleriň dabanynyň düşendigini aýdardylar. Ysmaýylçylar tarapyndan Ispyhandaky obserwatoriýasy weýran edilen Omar Haýýam Mälik şa ölenden soň hossarsyz, goldawsyz galýar, ýogsa sähelçe mahaldan takyk kalendaryny gutaraýmaly ekeni. Soňra bu möhüm işe Soltan Sanjaryň höwesini galdyrmak üçin ýörite «Nowruznama» atly ajaýyp traktatyny ýazyp, uly umyt bilen Merwe gelýär. Akyldaryň dabany şu kerpiçlere degendir. Demirgazyk oguz taýpalarynyň paýtagta çozup, talap, Soltan Sanjary ýesir alyp gidişlerini gözi bnlen gören alym hem şahyr Enweriniň «Horasanyň gözýaşlary» atly elegiýasyny ýazan mahaly gözünden akan ýaş damjalary hem bu kerpiçlere siňendir. Soňra adamzat siwilizasiýasynyň garşysyna mergi bolup dörän Çingiz hany aýt sen! Äý, garaz, taryhy wakalaryň hasabyny çykarardan köp. Ýöne hemme gelen ýumurmaga gelipdir diýip düşünmeli däl, dikeltmäge gelenlerem bar, olaram minnetdarlyk bilen ýatlamalydyrys. Şolaryň biri-de Emir Temiriň ogly, on bäşinji asyryň başynda kyrk ýyldan gowrak Horasana häkimlik eden Şahrukdyr. Ol ilki Soltangalany galdyrmagy niýet edýär, emma bu niýetiniň başa bardyrardan kyndygyna düşünip, onuň gapdalyndan täze bir şäher saldyrýar. Onun bina eden şäheri häzir Abdyllahangala ady bilen tanalýar. Taryhda adalatsyzlyk az bolmandyr. Şahrugyň saldyran şäheriniň soňra Buhara häkiminiň ady bilen atlandyrylmagy hem şol adalatsyzlygyň biridir. Soltan Sanjaryň mawzoleýine baranyňyzda görkezme tagtasynyň ýüzüne çekilen iki görnüşe üns beriň. Birinjisi mawzoleýiň 1890-njy ýyldaky görnüşi. Ony W. A. Jukowskiý surata duşüripdir. Onda gapysynyň gyralary ýumrulan, diwarlarynyň oýmur-oýmur kerpiji gaçan, haly teň ymaraty görersiňiz. Ikinji suratda ýumrulan ýerleriň birnäçesi dikeldilipdir. Azym Ahmedowyň güwä geçmegine görä, şol dikeldiş işleri Güljemal hanyň tagallasy bilen amala aşyrylypdyr. Bu guwançly fakt barada biziň jikme-jik bilesimiz gelýär. Geçen asyryň aýagynda Nurberdi hana dakylan sowatsyz turkmen zenanynyň sogap işi onuň jemgyýetdäki ornunyň berkemegine, il arasynda abraýynyň, mertebesiniň artmagyna getirendir. Tas bir asyr çemesi wagtyň dowamynda halk hanlaryň, serdarlaryň bitiren hyzmatlaryndan bihabar ýaşady. Synpy garaýyş hemişe olary garadonly edip görkezdi. Olaryň ady bilen bagly taryhy ýadygärlikleri unutmaga, weýran etmäge çalşyldy. Synpylyk ideologiýasy taryha ägirt zarba urdy, onun zarbyna döz gelip bilmän negözel ymaratlar ýer bilen ýegsan bolup gitdiler. Bu gün edilen bet işleri diňläniňde depe saçyň üýşüp, gözüň garaňkyrap gidýär. Edilen zorluga hemmämiziň-de dahylymyz bar. Birnäçämiz oňa gös-göni gatnaşdyk, birnäçämiz bolsa, bilmedik bolduk, biperwaýlyk etdik. «Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok» diýdik, eşekdäki ýük halkyň taryhydy, mirasydy, bizem şol halkyň wekilleridik. Biziň biperwaýlygymyzdan peýdalanyp, halky hudaýdan goraýanlar Aşgabadyň ortasynda şäheriň keşbine görk berip oturan babalar metjidiniň gözel gümmezini gündiziň güni ýarypdylar. Respublikanyň merkezinde şeýle eden-etdilige ýol berleňsoň, çetdäki ýadygärlikler ha-kynda aýdyp oturasy işem ýok. Hernä, geçdigi bolsun! Ýöne gümmezleri ýarmaga buýruk beren gerostratlaryň atlaryny ile aýan etmelimikä diýýän. Goý, halk synpy göreşiň, ideologiýanyň «gahrymanlarynyň» adyny bilsýn! Şolaryň rehimsizligi zerarly galyň bende gümmezli ýerlere barmaga, taryhda ady belli serdarlaryny, hanlaryny agzamaga çekinip gezdi. Seljuklar imperiýasyny berkiden, giňeden Alp Arslanyň Merwdäki guburynyň unudylmagyda ýokarky ideologiýa bilen gös-göni baglydyr. Alyhan Awarskiý Merw oazisi hakynda ýazan kitabynda Alp Arslanyň guburynyň üstündäki ýazgyny getirýär. «Sen at-owazasy asmana göterlen Alp Arslanyň belentligine şaýat bolduň. Merwe gel-de, onuň guburyna zyýarat et» diýlip ýazlypdyr. Seljuk türkmenleriniň adyny dünýä dolduran Alp Arslanyň guburynyň takyklanyp, üstüne belent gümmez galdyryljagyna ynamym bar. Ýadygärlikleri dikeltmek işi başlanypdyr. Ahmet Pälwanyň guburynyň gapdalyndaky gümmezleri täzeden salyp ýörler. Biz baramyzda ikisini gutaryp, üçünjisiniň düýbüni tutup ýören ekenler. Ussany uzaga gitmän, golaý obalaryň birinden tapypdyrlar. Onuň adyna Ata diýýärler, ömrüni gurluşyk işlerinde geçiren zähmetkeş adam. Azym Ahmedowyň aýtmagyna görä, ussany getirmek aňsat düşmändir. Sebäbini ussanyň özi bize aýdaýdy. Gorkdum diýdi. Onuň gorkusyna biz bada-bat düşündik. Ol onlarça ýylyň dowamynda biziň ganymyza siňen gorkyny aýdýardy. «Indiberi gorkma, arkaýyn işle» diýdik. Emma onuň kalbyndaky ätiýajyň ýok bolup gitmegi üçin ençe wagtyň gerekdigine düşünýärin. Gorky hemmemizin keselimiz. Häzir Merw zapowednnginiň işgärleri, gadymy şäher bilen ykbalyny baglan alymlar, ussalar, geçmişe sarpa goýýan adamlaryň hemmesi ýubileý bilen bagly geçiriljek çäreleriň anyk bolmagyny, adamzat siwilizasiýasynyň ösen derejesine laýyk bolmagyny isleýärler. Merwiň gadymy taryhy, medeniýeti diňe bir halka degişli däl, oňa dünýäniň ähli halklarynyň gatnaşygy bolupdyr diýsem hakykatdan daş düşmerin. Her bir halk onuň taryhynda öz yzyny görýär. Şonun üçinem bu ýubileýe dünýä jemgyýetçiliginiň dahyly az bolmaly däldir. 1992-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |