16:13 Mesele diñe agaç däl | |
MESELE DIÑE AGAÇ DÄL
Publisistika
Soñky ýyllarda jemgyýetçilik durmuşymyzyñ tutuşlygyna diýen ýaly, bar bilýän zady peýda-gazanç, bähbit boldy. - "Bir iş girdeji getirýän bolsa, onda şol peýdaly, gowy". Soñky gezek muny 742 gektarlyk Akbelen tokaýynyñ üstünde turan çekişmelerde gördük: - "Elektrik toguny öndürýän Kemerköý we Ýeniköý beketlerini işletmek üçin goşmaça kömür känlerini açmaly bolýar, islemeseñiz toksuz galmaga razy boluñ!" Şeýle garaýşa gulluk edýänleriñ pikirine görä, agaçlaryñ kesilmeginiñ - ekosistemanyñ ýok edilmeginiñ peýdasy-gazanjy bardy. Eýse bu gazanjyñ "çykdajysy"-bahasy näçä durýar? Her peýdaly-gazanç ahlak taýdan dogrumy, bagta ýetirip bilýärmi? (2002-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan Daniel Kaneman peýda düşünjesiniñ ýerine bagtlylygyñ üstünde durýar). Bu ýerde garşymyza "gymmatlyk" düşünjesi çykýar. Ýagny: Ýagny, haýsy gymmatlygy ýok edip, haýsy gazanjy edinýärsiñiz? Meselem: Jedel diñe agaçlaryñ kesilmeginiñ üstünde turýar. Agaç kesýänler şeýle diýýär: "Bäş agaç kessek, ýerine on agaç ekeris". Mesele dije agaç däl-ä, mesepe ekosistemanyñ ýok edilmegi! Diñe agaç kesilenok, ol ýerdäki ähli janly-jandaryñ ýoguna ýanylýar! Tebigatyñ sazlaşygy zannyýamanlyk bilen bozulýar... * * * Diñe Akbelen tokaýy däl, adamlaryñ üns merkezinde çakdanaşa yssy howa hem bar. Jokrama yssylaryñ öñümizdäki döwürlerde hasam artmagyna garaşylýar. Muña klimat üýtgeşmesi diýilýär... Bir mysal bereýin: 2023-nji ýylyñ 24-nji iýuly. Ortaýer deñziniñ suwy ýylylygy 28.4°-a çykyp, rekord derejä ýetdi. Hind okeanynda deñiz suwunyñ ýylylygy 28.7° boldy. Deñizler gaýnama derejesine geldi... (BMG-nyñ baş sekretary Antoniu Guterriş glibal maýlama döwrüniñ soñlanandygyny, munuñ ýerine global gaýnama döwrüniñ başlandygyny aýtdy). Soñky ýyllardaky (kömür we nebit ýaly ýerasty çeşmeleriñ ýakylmagy netijesinde atmosfera goýberilýän hapa gazlaryñ netijesi ýaly) adam hereketleri sebäpli dünýäde +1° gyzgynlyk artdy. Häzirden öñi alynmasa öñümizdäki ýyllar +1.5° boljakdygy aýdylýar... Bular nämä sebäp bolýar - diñe 2015-2019-njy ýyllarda Ortaýer deñzinde suwda ýaşaýan janly-jandarlaryñ elli görnüşi ýok boldy! Serediñ: Türkiýäniñ biologiki baýlygy kiçijik bir materigiñki bilen deñeşdirip boljak derejede baý. Adamzadyñ taryhyñ dürli döwürlerinde ýüzlerçe siwilizasiýa gurmagynyñ sebäbem ýurduñ adatdan daşary baýlygydyr... Meselem, bilinýän janly-jandarlaryñ 451-i diñe biziñ ýurdumyzda ýaşaýar. Türkiýede möhüm tebigy zolaklar kriteriýalarynyñ gurşawyna jemi 2 müñ 996 dürli janly-jandar girýär. Bularyñ içinde 2 müñ 359 dürli ösümlik hem bar. Çapylýan diñe gyzyl sosna (kalabriý sosnasy), gara sosna, Toros kedri-göknary, ysly arça (можжевельник), arça, ýel agaçlary däl, gojaman tebigat ýok edilýär. Diñe agaçlar däl, gyrymsy jeññellikler, mohlar, kömelekler, oñurgaly guşlar, keýikler, ýylanlar, kebelekler, çekirtgeler, möýler, mör-möjekler, soguljanlar we gaýrylar ýok edilýär. Siz nämäniñ energetika gazanjyndan-peýdasyndan söz açýarsyñyz? Janly ýaşaýyş ýok edilýär... * * * Diñe Akbelen däl... Diñe Gaz daglary däl... Magdançylyk işleriniñ birinde-de "ex situ"-biodürliligi goramaga niýetlenen ýeke iş edilenok. Şeýdibem: "Jemgyýetçilik peýdasy" soñky ýyllarda dowamly daşky gurşawa zyýan ýetirýär. Mysal üçin: 2020-nji ýylyñ ahyrlaryndan bäri jemi 748 müñ gektar tokaý zolagy magdançylykdan energetika, turizmden transporta yzaýan giñugurly işlere bölünip berildi. (Gönüden-göni tokaýa degişli däl we ýurt derejesinde alanda tokaý zolagynyñ 3.2%-ne deñ bu zolaklar tokaý inwentarynda şindizem tokaý hökmünde galýar we şol sebäpli tokaýlaryñ azalmaýandygy, tersine artýandygy hakda ýalñyşdyryjy pikir döredilýär!) Nähili gynançly! Döwlet düýn tokaýy obalylardan goraýardy, indi obalylar tokaýy döwletden goraýar. Sözüñ gutaran ýerine geldik. Sap peýdakeşligiñ-pragmatizmiñ ýurdy alyp getiren ýeri şu. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |