12:46 Metbugat-neşirýat kommunasy | |
METBUGAT-NEŞIRÝAT KOMMUNASY
Publisistika
1994-nji ýylyñ 28-nji sentýabry. Jemi 989 adamy bolan "M/S Estonia" gämisi 19:00-da Estoniýanyñ Tallin portundan Şwesiýanyñ Stokgolm portuna gitmek üçin Baltika deñiziniñ üsti bilen ýola rowana boldy. Iki ýurduñ arasynda "Volvo" kysymly awtoulaglaryny äkidip satýan Karl Owberg gämä iñ soñky minutda ýetişdi. Ol bir adamlyk küpesindedi, sagat 24:00-a ýetipdi. Partlama sesine ýere ýykyldy. Özüni dürsäp ýetişmänkä ikinji partlamanyñ sesi eşidildi. Gämi batýardy... Otagyndan daşaryk çykdy. Daş-töwerek gözedürtme garañkylykdy. Daşarda gaý-tupan bardy. Deñize inderilen bir gaýyga zordan mündi. Tolkunlar halas ediş şlýupkalary, gaýyklary agdar-düñder edip taşlaýardy. Ahy-nalalar garañkylygy ýyrtyp gelýärdi. (Häzirkizaman deñiz taryhynyñ iñ uly heläkçiliklerinden biri bolan bu hadysa barada Henrik Ewertsson, 2020-nji ýylda bir dokumental film surata düşürdi "Estonia"). Batmagynyñ sebäbi şindizem açylmadyk syrlygyna galan gämide 852 adam öldi, 137 adam halas boldy. Halas bolanlardan Karl Owberg aslynda türk raýaty Kadir Kaýmazdy... Türkiýe onuñ adyny gazetleriñ baş sahypalaryndan bilýärdi. Şondan ýigrimi üç ýyl öñ: * * * 1971-nji ýylyñ 27-nji iýuly. 12-nji mart harby döwlet agdarlyşygynyñ üstünden iki hepde geçdi. Adatdan daşary ýagdaýdaky hökümet rewolýusioner toparlaryñ üstünden gürzi kimin inderildi... Ankaradaky illegal çepçi toparlaryñ birem Ankara uniwersitetiniñ Syýasy ylymlar fakultetiniñ ýanyndaky Metbugat-neşirýat ýokary mekdebini "merkez" edinen "Aktanjylar" - "Metbugat-neşirýat kommunasydy"... Olaryñ birinji maksady Palestina gidip, Palestinany Azat-ediş guramasynyñ hatarynda söweşmekdi. Iordaniýadaky Arafat-Hüseýin patyşa çaknyşygynyñ netijesi palestinalylaryñ Liwana sürülmegi we yzyndan Türkiýede harby döwlet agdarlyşygynyñ bolup geçmegi pirimlerini gijikdirdi. Indi toparlar ömürlerini dowam etdirmegiñ gaýgysyndady. Hem pula-da mätäçlikleri bardy... Birinji maksatda Metbugat-neşirýat kommunasy amerikan harby arsenal ammaryny - TUSLOG-yñ işgärleriniñ aýlyklaryny talamagy makul bildiler. Bolmady. Şol ikiarada döwrä kommunanyñ janköýeri 19 ýaşly Kadir Kaýmaz girdi. Ankara uniwersitetiniñ hukuk fakultetiniñ talybyka kakasy "anarhistik hereketlere goşulaýmasyn" diýip, uniwersitetden alyp, "Ziraat" bankynyñ Denizlidäki şahamçasyna işe ýerleşdiripdi... Metbugat-neşirýat kommunasy bilen gatnaşygyny kesmedik Kadir Kaýmaz Denizli-Izmir şahamçalarynyñ arasyndaky inkasator awtoulagyny talamagy teklip etdi. Taladylar... Bankyñ işgäri Kadir Kaýmazyñ fotosuratlary ähli gazetleriñ baş sahypasyna düşdi. Şol wagtyñ puly bilen tegelek 4 million lira "halkyñ adyndan el urlupdy..." Talañçylary ýakyndan tanaýardym! * * * 1989-njy ýyl. Ankarada "2000’e Doğru" žurnalynyñ maglumatlar boýunça şefidim. Wekilimiz Hasan Ýalçyn ýanyndaky adamy tanyşdyrdy: "Hikmet Çiçek, täze işçi profsoýuzy boýunça korrespondentimiz". Soñra býuro ýene biri gelip goşuldy: Ertan Günçiner... Ikisi-de birnäçe ýyl öñ Metbugat-neşirýat kommmunasyna agzady. "Ziraat" bankyny talamaga gatnaşan dört adamyñ biridi... Romantik rewolýusionerdiler. Heýjanlydylar. Tejribesizdiler. Howul-haraçydylar. Özlerini halka pida eden "68-nji ýylyñ neslindendiler"... Hikmet 22, Ertan 21 ýaşyndady. Ahlak-idealistik hereketlerine her gezeginde haýran galdym. 4 million liranyñ ýeke köpügini-de şahsy hajatlary üçun ulanmaýan nesiliñ gürrüñini edýärin... Ikisi bilenem birnäçe ýyllap şol döwüre degişli söhbetdeşlikler geçiripdim. Aýdyn Çubukçy bilen talañçylygy gürrüñ berýän "Şol ýerdedim" (“Oradaydım”) dokumental filmini surata düşüripdik. Bank talañçylary 16-22 ýyllap türmede oturdy. Gynamalarda, ölüm orazalarynda janyny berenlerem boldy... Hikmet bilen Ertandan soñ žurnala ýaş žurnalist geldi: Sinan Onuş. Geçen aý... Sinan Onuş bank talañçylygyny gürrüñ berýän "Halkyñ adyndan pullara el urýarys" (“Halk Adına Paralara El Koyuyoruz”) kitabyny çapdan çykartdy ("Doğan Kitap" neşirýaty). Gözlerimi ýaşardyp okadym, halky üçin pidakärlik eden ýaş rewolýusionerlere ýene bir gezek hormat bilen baş egdim... Okamagyñyzy maslahat berýärin, ganygyzgyn talyp nesiliñ kütek byçgy bilen nädip kerçelişini görmegiñizi isleýärin. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |