16:37 Mezhepçi metbugat | |
MEZHEPÇI METBUGAT
Publisistika
Sabiha hanym Soltan Wahdetdiniñ körpe gyzydy. Aýdylyşyna görä, onuñ görmegeýligi dillere dessan bolupdyr, emma onuñ görmegeýliginden has beter kakasynyñ patyşadygy üçin hyrydarlary köp eken: Rauf Orbaý, Mahmut Kamil paşa, Babanzade Fuat beý, hatda Mustapa Kemal... Ýene-de bir hyrydary bardy, olam eýranly Ahmet şa... Ahmet şanyñ kakasy Muhammet Aly Gajaram, Ahmet şanyñ özem Sabiha soltany atasyndan diläpdir. Wahdetdin gyzynyñ Tähran köşgüne gelin bolup gitmegini islemändir, şoñ üçinem "gynansak-da eýýäm adaglanan" ýalanyny sözläpdir. Näme ücin beýle ýalana zerurlyk duýandygyny körekeni, gyzy Ulwiýäniñ äri Ismail Hakky beýe şeýle düşündirdi: - Men ähli sünnileriñ halyfy bolup durkam, nädip gyzymy şaýy hökümdaryna bereýin? Munuñ hakykatdanam halyflyk bilen baglanyşygy barmydy? Çünki şeýle-de Wahdetdin şeýhligini Omar Ziýaýeddiniñ edýän Gümüşhanawy dergähine baglydy. Bu ýer nagyşbendiligiñ, süleýmaniýe kökli sopyçylygyñ halidi şahasyna degişlidi. (Kawalaly Mämmedaly paşanyñ neslinden gelýän sünni patyşa Fuat gyzy Fewziýäni eýran şasy Muhammetryza Pehlewä durmuşa çykarmaga ikirjiñlenip durmandy). Şuny aýdasym gelýär: * * * Boýun alaslary gelmese-de, Türkiýede mukaddesatçy metbugat organlary mezhepçi. Geçen hepde ýene bir gezek diri şaýat bolduk: Palestinanyñ öñki premýer-ministri, "Hamasyñ" Syýasy býurosynyñ başlygy Ismail Haniýe Tähranda uly ähtimallykda MOSSAD-MRU-nyñ bilelikdäki operasiýasy bilen öldürildi. Ýurdumyzyñ konserwatiw neşirleriniñ köpüsi habarlarynda-da, syýasy düşündirişlerinde-de didiwana Eýrany mündürdi! Neşirlerdäki "mezhep wirisy" global mediýanyñam etmedik görnüşinde Eýrany günäkärledi. Ýekejesi çykyp teraktyñ düýp maksadynyñ üstünde durmady. Hawa, "Hamasyñ" iñ parahatsöýüjilikli adamy näme üçin ala-böle Tähranda öldürilýär, Hiç biri Eýran-"Hamas" gatnaşyklarynyñ üstünde durup geçmedi. Hamana bu bilelikdelikden birahat bolýan ýaly... Munuñ geçmişe garap duran güýçli baglanyşygy bar. Homeýni 1979-njy ýylda Ysraýylyñ Tährandaky ilçihanasyny ýapdy we onuñ ýerine Palestinanyñ ilçihanasyny açdy. Köçe atlaryndan harby bölümleriñ adyna çenli Beýtulmukaddes we Palestina temaly atlary simwollaşdyrdy... Homeýniniñ ilkinji myhmanlaryndan biri Ýaser Arafat boldy. (Goşmaça paragraf açaýyn: Eýran 1950-nji ýylda Türkiýeden soñ Ysraýyly ykrar eden ikinji musulman döwlet boldy. Pehlewileriñ döwründe sebitde Eýranyñ iñ esasy ýaranlarynyñ birine öwrüldi. Nebiti döwlet eýeçiligine geçiren premýer-ministr Musaddyk Eýranyñ Ysraýyldaky konsullygyny ýapan badyna MRU-nyñ guran agdarylyşygy bilen häkimiýetden çetleşdirildi. Yslam rewolýusiýasy amerikan hemaýatkärligindäki syýasaty çepbesine çöwürdi). Sowet Soýuzy dargap ABŞ "global imperiýa" öwrüldem welin, arap ýurtlarynyñ Palestina berýän goldawy azaldy. Şol döwürde Eýranyñ ýarag we maddy kömegi artdy. Eýran-"Hamas" gatnaşyklary ýygjamlaşdy. "Hamas" Tähranda býuro açdy. Eýran "hamasçy" militanlara tälim bermäge başlady... Munuñ taryhy manysy şudy: "Şaýylar bilen sünniler Ýakyn Gündogarda ABŞ-Ysraýyl syýasatyna garşy bileleşik gurdy". * * * Eýranam, "Hamas" hem mezheplerini-teologiýalaryny öñe çykarmagyñ ýerine, has köp syýasy bilelikdeliklerini güýçlendirmäge üns berdiler. Ýogsam bolmasa, "Musulman doganlar" ilkibaşda Homeýni režimine garşy çykypdy, tankydy çemeleşipdi. Olar diñe dini ynançlaryny tapawutly görmediler, Eýrany araplaryñ duşmanu hasapladylar. Emma: ABŞ-nyñ ýolbaşçylygyndaky "täze dünýä düzgüni "Hamasyñ" serdary bolup oturan Şeýh Ahmet Ýasini ilkinji gezek Eýrana ýakynlaşdyrdy. Munuñ yzy üzülmedi. "Hamasyñ" başlygy Halit Meşal Eýrandaky metjitlerde çykyşlar etdi. Uzatmaýyn: Şaýy Eýran-Sünni "Hamas" bileleşigi kimleri ynjalykdan düşürýär? Türkiýedäki mukaddesatçy neşirleriñ psihologiki uruşa gönükdiren propogandalarynyñ gizlin maksady näme? Ýogsam bolmasa bärde kimleriñ kimiñ tarapyndadygy belli: Bir ýanda Eýran, Siriýa, Ýemen, "Hizbullah", "Hamas" bar, beýleki ýanda Ysraýyl, Saud Arabystany, Müsür, ABŞ bar. Türkiýedäki syýasy yslamçylaryñ gözünde mezhep örtügi bar. Wahdetdini mukaddesleşdirýändikleri-de şondan! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||