11:16 Miniatýur hekaýalar | |
Miniatýur hekaýalar
Satiriki hekaýalar
▶ TÄZE ESER - Siziñ bu eseriñizi men öñ žurnalda-da okap görüpdim. Göwnüme bolmasa, onuñ suwy kän ýaly, belki, täzeden işlärsiñiz - diýip, neşirýatyñ redaktory awtora soragly seredipdir. - Ýok, siz ýalñyşañzok. Munuñ suwunyñ köplügi tebigy zat. Eseriñ baş gahrymany kolhozyñ miraby ahyryn - diýip, ýazyjy müýnürgemän jogap beripdir. ▶ HEKAÝAJYKLAR - O-ol günki getiren hekaýamy okadyñyzmy? Nähili, bir zatlar boljakmy özi?! - diýip, awtor gazet işgärlerinden sorapdyr. - Okadyk. Ýöne pikiriñiz gaty dagynyk. Bir hekaýada azyndan ýigrumi hekaýalyk tema bar. Şonuñ üçinem... - Wah, bar aýyby şo bolsa onda hezil-le. Böleklere bölüp, "Hekaýajyklar" diýip, her haýsyna aýratyn sözbaşy goýaýjak. Gazet işgäri näme diýjegini bilmändir. ▶ ÝAŞ ŞAHYR Duşuşyga gelen ýaş şahyr ýapyrylyp öz goşgularyny okady. Okalýan eserler okyjylar köpçüliginiñ göwnünden turmadyk bolara çemeli, hiç kim poeziýanyñ jadyly güýjüne maýyl bolmady. Awtor goşgularyny okap bolansoñ, başyny galdyrdy-da, gedemlik bilen zala seretdi. Zaldakylaram şahyra. - Goşgy gutardy, ýoldaşlar! Onda näme, çapak çarpalyñ - diýip, ýaş şahyr göçgünlilik bilen çapak çarpdy. Ýöne onuñ yzyny alyp göteren bolmady. ▶ TALANT Pöwrize jülgesi sapaly jülge. Her kim bu ýere dynç almak, işlemek, döretmek üçin gelýär. Be, ýogsa-da bu nämäniñ alamatykan? Indi bir aý bäri bu ýerde döredijilik öýünde ýören şahyr hiç zat döretmedi, gaýtam öñki ýazanlarynyñam üstüne atanak çekdi. Belki, ol talantynyñ ýokdugyny bilmekligem talantlylykdyr diýen dana söze ahyr düşünendir. ▶ ÝARYŞ Her gijede azyndan bäş goşgyny beýlesine oklap oturan ýaş şahyr öz ýanyndan göwün ýüwürtdi. ...Sagymçy sagymçy bilen, suwçy suwçy bilen, ýygymçy ýygymçy bilen ýaryşyp işleýär. Näme üçin şahyr bilen şahyryñ arasynda ýaryş geçirilmeli dälmişin? Eger şeýle ediläýse, öñümize adam geçer-ä öýdemzok! Haýp, şahyr hil hakyndaky gürrüñden bihabar bolara çemeli. ▶ ETÝUD - Bagyşlañ welin, siziñ bu goşgyñyzy özbaşdak eser hökmünde peýdalanyp biljek däl. Gowşak. Ýöne makul bilseñiz, ony äkidiñ-de, kompozitorlara bir görkeziñ, mümkin, olaryñ derdine ýarar. - Wah, men şu-şu wagt olaryñ ýanyndan gelýän-le. Kompozitorlaram okap gördi-de, "Ho, gazetlerde çykýan etýud suratlañ aşagyna şap bolaýjak" diýip, siziñ üstüñize iberdiler. ▶ ŞÄRIKLI ESER - Hormatly režissýor, ynha, men spirtli içgileriñ zyýany barada, alkaşlary paş edýän "Aragyñ güýji - 40°" diýen iki seriýaly çeper filmiñ senarisini getirdim, görüp beräýseñiz. - Ýalbarybam oturmañ, häzirä seretmäge wagtym ýok. Sebäbi men 10 seriýaly telewizion filmiñ üstünde işleýän. Ýöne men bir zady welin öñünden açyk aýdyp biljek. Munyñyzy gaty gowy edip täzeden işlemeli bor. Şoñ üçinem... - Düşünýän, düşünýän. Men garşy däl, öñkimiz ýaly şärikli ýazaýaly. Çekinmäñ-de gapdalyna adyñyzy goýaýyñ. Onsoñam oba ýaşulysynyñ roly gaty ynamly çykdy, öz kakañyzy oýnatsañyzam bolarmykan diýýän. ▶ A.SÄHEDOWY TANAÝAÑMY? Haýsydyr bir goşgyny ýat tutjak bolup, köp wagt bäri kösenip oturan Kemaljyk gahar bilen elindäki kitabyny ýapdy-da: - Kaka, sen A.Sähedowy tanañok-maý?! - diýip aladaly seslendi. - Anna Sähedowmy? Hawa, tanaýan, onda-da gaty oñat tanaýan. Ol çagalar ýazyjysy ahyryn. Ýeri, näme? - Tanaýan bolsañ, şona goşgyny gysgarak ýaz diýip aýtsana, ýogsam ony ýat tutup bolanog-a! ▶ DIALOG - Hazan urmuş, düýnem şu ýerde ýatyrmykan öýdýädim-le... - Keýwany, nämä hüñürdeýäñ how?! - Goýan zadyñy tapjak gümanyñ ýok, şu öýde. - Köwşüñi gözleýäñmi? - Ýok, naskädimi? - Nämämi? - "Nämämi, nämämi?" Halys, ýürege düşdüñ, Nurmyrat Hanalyýewiñ goşgular kitaby gerek. - Men ony häli makalatura tabşyraýdym, öñi-soñy okalanok diýip. - Oñarmansyñ. - Şoñ goşgularyny ýüregiñ küýseýän bolsa, ýene birini alaýarys, dükanlar dolup ýatyr. - Waý, ýok edeweri-ýeý. - Onda näme? - Şo kitabyñ arka ýüzüne biçimçi gelniñ tilpun nomurny ýazypdym. Ine, şo gerek maña, şo-o. ▶ TANKYTÇY - Uf, alo, bi redaksiýamy? - Hawa, tankyt bölümi. - Onda salawmaleýkim! - Waleýkim. Kim bi, tanamadym-la?! - Bagyşlañ, men tankytçy Annabaý Sähedow. - Hawa, diñleýän, ýoldaş Sähedow. - Neme-laý, meniñ sizde materialym bolmaly... - Bar, basym çykarjak bolup ýörüs. - Zaluwat, şony ýatyraweriñ! - Wi-wi, näme boldy. Öýkelediñizmi? Ol gaty ýiti material eken, bize ýarady. - Şol tankytlanýan awtor uly bir edara başlyk bolupdyr diýýärler, soñ işimizi... Guk-guk-guk... ▶ MASLAHAT - Bagyşlañ, men siziñ ýanyñyza maslahata mätäç bolup geldim. - Soraberiñ, bilýän zadymyz bolsa baş üstüne aýdarys. - Meniñem aýda-ýylda bir zatjagazlar çyrşaýmam bar. Özem başarsam, gülküli zatlar ýazjak bolýan, ýöne... - Düşnükli, yzyny aýtmasañyzam bolar. Gynansagam neşirýatlarda, gazet-žurnallarda meniñ tanşym ýok, inim. Öz zatlarymyzam ölümiñ öýünde zordan çykardýan. - Ýok, siz düşünmediñiz, men başga zat diýjek bolýan. - Hä, näme?! - Hawa, ýañky aýdyşym ýaly, ony-muny ýazan bolýan welin, ýöne ýazýan zatlam birhili gülküli bolanok. Okaýan adamlar içimizi gyjyklabam gülüp bilemzok diýýärler. - Wah, bar aýyby şo bolsa, onda hezil-le. Käte gazetlerde edilişi ýaly, ýokarsyma "Degişmeler" ýa-da "Şorta sözler" diýer ýazaýarlar. Baý, onsoñ okan adamlar üstüñden gülşerler-ä! ▶ MEÑZEŞLIK Serdar Wepaýewiç özüniñ ýazan hekaýasyny añrujy diñlän adam tapsa okap berjekdi. Ine-de onuñ bagtyna goñşulary Meret salam berip gapydan girdi. - Goñşy, çaý gelinçä, men saña heniz gyry gyrylmadyk birje hekaýam bar, şony okap bereýin - diýip, Serdar Wepaýewiç hondanbärsi bolup, gözüne äýnegini dakyndy. Ol okady, onda-da joşup okady. Häzir Serdar Wepaýewiçiñ ýanynda telpegiñi goýup gidiberseñem, ol biljek däldi. Ýogsam Meret birki ýola onuñ gürrüñiniñ arasyny böljegem boldy, nämedir bir zatlar aýdasy geldi. Netije bermedi. Ol okap, göwün solpusyndan çykdy. Soñra: - Ýeri, goñşy, nähili gördüñ? - diýip, getirilen çaýy agdarmaga otyrdy. - Hekaýañ-a erbet däl welin, ýöne welisi bar. Gaty hakydama gelenok. Arada edil şuña meñzeşräk bir zady merkezi žurnallaryñ birinde okan ýaly bolup durun - diýip, Meret häliden bäri aýtjak bolup oturan zadyny aýtdy. Serdar Wepaýewiç onuñ üçin müýnürgemedi. Gaýtam, ol "Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar" diýlişi ýaly: "Ýok, biz edebiýatçylar oña döredijilik täsiri diýip at berýäs. Onsoñam seniñ diýýän hekaýañda gyzyñ ady Nadežda bolmaly, özem mekdepde mugallymadyr, waka-da şäherde bolup geçýär. Dogrumy? Meniñ ýazan hekaýamda bolsa görýäñä, gyzyñ ady Sülgün, özem kitaphanaçy, waka-d obada bolup geçýär, heý, biri-birine meñzeýän ýeri barmy? Elbetde, ýok. Asyl ikisiniñ topragam bir ýerden alnan däldir. Hawa-da, siz ýaly suwçulardan aýybam görmeli däl, beýle zatlara düşünmezligiñizem mümkin" diýip, Merediñ üstüne sürnüp başlady. - Bä, döredijilik täsiri diýilýän şeýle bolsa, onda edebiýat ogrusy dagy nähili bolýarka? - diýip Meret içini gepletdi. ▶ ARZUW Dogry, goşgy ýazmak onuñ çep elinden gelýär. Anyk ýadyma düşenok welin, mundan birnäçe ýyl ozal onuñ çelpek ýaljak galyñlykda birje goşgulat kitaby hem çykypdy. Ýöne ol goşgulary okap, ondan lezzet alan az bor çemeli. Şahyryñ dostlary onuñ ýaş toýuny toýlamak üçin olara ýygnanypdyrlar. Şonda oña berk jan saglyk, bagtly durmuş, çagalaryna uzak ýaş..., dulda duran telefonlarynyñ saz işlemegini, hatda gapylaryndaky baga bakylýan öküzçeleriniñ semiz bolmagyny hem arzuw etdiler. Ýöne näme üçindir oña döredijilik üstünligini welin arzuw eden bolmady. ▶ ALADA Myhmanhananyñ koridoryndan geçip barýarkam peje kömür salyp oturan daýzanyñ gapdalyndaky stulda ýatan galyñ kitap meniñ ünsümi özüne çekdi. Tanyş awtor, tanyş kitap. Eser barada okyjynyñ pikirini bilmek isledim. - Daýza, salam! Bu kitaby okadyñyzmy, nähili gördüñiz? Ol maña edil ýamanalgyly ýaly seretdi. Agzyndan ot çykdy. - Wah, jan ogul, şuny ýazan adamyñ özi berin okadymykan? Gerek bolsa magazinimizde baslygyp ýatyr, alýan ýok. Maña-da geçgel harydyñ gapdaly bilen ýelmediler, ýogsam dagy ömür alýanmy. Bu hazan iñ bärkisi tutaşdyrlyga-da ýaranok, görýäñ-ä ynha, birhili köräp dur... Gürrüñiñ yzyny diñlemäge ynsabym çatmady, öz otagyma tarap ýumlugaýdym. Tanyş ýazyjymyñ eserine berlen bu bahany men nädip onuñ özüne ýetirerkäm? Ine, saña gerek bolsa ýene-de bir alada! ▶ GOŞGY ÝAZAÝMALY Şahyryñ goşgusyny üns berip diñlän goñşusy: - Onsoñ şu ýazan zadyña näçeräk emlärler öýdýäñ - diýip, üsgünjiredi. Şahyr ýylgyrdy-da: - Aý, bilmedim. Azyndan elli-altmyş manad-a bererler, näme?! - diýip, goñşusyna soragly seretdi. - Be-e, beýle bolsa bizem piliñ gulagyndan çörek iýjek bolup ýörmän goşgy ýazaýmaly. Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||