10:31 Mosartyñ ölümine zaýalanan et sebäp bolupdyr... | |
MOSARTYÑ ÖLÜMINE ZAÝALANAN ET SEBÄP BOLUPDYR...
Geň-taňsy wakalar
1791-nji ýylyň 5-nji dekabrynda bary-ýogy otuz bäş ýaşynda aradan çykan genial kompozitoryň ölüm sebäbi hökmünde trihinellýoz keseli görkezildi. Awstriýaly nemes kompozitorynyň häzirki wagta çenli belli bolman galan ölümine zäherlenmeden başlap pnewmoniýa çenli dürli çaklamalar orta atylýardy. Bu gezek amerikan lukmany Hirschmann kompozitoryň aýalyna ýazan hatyna salgylanyp, Mosartyň gurt düşen et iýendigi sebäpli ölendigini orta atdy. Klassyky Günbatar sazynyň genial kompozitory Wolfang Amadeý Mosartyň juwan ýaşdaky ölümi ýüzlerçe ýyl bäri adamlary ber-başagaý edip geldi. Gyzgyn guragyrydan pnewmoniýa çenli dürli çaklamalaryň arasynda, döwürdeş kompozitory we iň uly basdaşy Antonio Salieriniň Mosarty zäherländigi-de öňe sürülýärdi. Döredijiliginiň iň öndümli döwründe armanly gözlerini ýuman kompozitoryň näme sebäpden ölendigi boýunça ýene bir çaklama ABŞ-nyň Sietl şäherinden geldi. Lukman Žan W.Hirschmann Mosartyň ölmezden kyrk dört gün owal aýalyna ýazan hatyna salgylanýar. Hatda “Bilýäňmi burnuma nähili yslaryň gelýänini? Doňuz pirzolasy... Neneň ajap lezzet eken-ä!.. Seniň saglygyň hatyrasyna iýjekdirin” diýen setirler bar eken. Bir ýarym aý geçenden soň bar bolan maglumatlara görä, gyzgynlygy ýokarlanyp, içi geçip, bogunlary agyryp, iýenini gusup başlan Mosart näsaglap ýatýar, az wagtdan soňam aradan çykýar. Trihinellýoz (trichinosis) keseliniň alamatlary onuň mikroby bedene aralaşanyna birnäçe hepde geçensoň ýüze çykýar. Mosartda-da munuň alamaty elli gün geçensoň ýüze çykypdyr. Trihinellýoz keseli adama çig bişirilen we süýnmek görnüşli soguljan liçinkalarynyň bolýan doňuz etini iýeniňde geçýän keseldir. Ilki lenfositlere aralaşýan liçinkalar soňra gana aralaşýar. Içgeçme, ýürek bulanma, gusma, gygyzynlygyň ýokarlanmagy, soňabaka bogunagyry, agyry-yza alamatlary wagtynda bejerilmese ölüm bilen soňlanyp bilýär. Ýokanç keseller boýunça hünärmen Žan W.Hirschmann trihinellýoz keseliniň şol döwürler giňden ýaýran keseldigini we taryhy çeşmelerde Mosartyň ahyrky günlerini gürrüň berýän maglumatlara seredip, bu kesel alamatlarynyň kompozitorda hem peýda bolandygyny aýdýar. Bu keseliň nähili keseldigi XIX asyryň başlaryna çenli belli bolman galypdyr we muňa ýolugyp ölýänleri başga keselden ýogalýandyr öýdüpdirler. Doktor Hirschmannyň Mosartyň ölümi boýunça taýýarlan sekiz sahypalyk beýannmasy taryhy maglumatlar bilen birlikde “Archives of Internal Medicine” žurnalynda çap edildi. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||