02:33 Mugallymym Ali Sirmen | |
MUGALLYMYM ALI SIRMEN
Publisistika
Segseninji ýyllaryñ başy... "12-nji sentýabr" harby döwlet agdarylyşygy çepçileri derbi-dagyn etdi. Elimizde ýeke-täk metbugat organy galdy: "Cumhuriyet" gazeti... Okamaga suwytly kitabam tapyp bolanokdy. Çepçidir öýdenlerimiz boýun lepbeýçiligiñ-çawuşlygyñ romanlaryny ýazýardylar... Özüme "kitap" ýasandym, göwnüme ýaran gazet makalalaryny kyrkyp alyp, bir papka üýşürýärdim! Şol wagt ýasanan ilkinji iki jiltlik "kitabym" şindizem kitaphanamda dur... Halaýan awtorlarym ýa-da "mugallymlarym" diýeýin: Ilhan Selçuk, Ugur Mumjy, Ali Sirmen, Mümtaz Soýsal, Serwer Tanilli, Oktaý Akbal, Melih Jewdet Andaý... Erbil Tuşalp ýaly garadangaýtmaz žurnalistleriñ habarlaryny-da gyrkyp alýardym... Agdarylyşykçylar käwagt "Cumhuriyet" gazetini ýapýardy. Ilhan Selçukyñ "Kemalizm ideologiýasy bananmydyr?" ýazgysy sebäpli 10 gün, Nadir Nadiniñ "Täsin taslama" ýazgysy sebäpli 25 gün ýapylyşy ýaly... "Cumhuriyet" hiç ýan bermezdi. Onuñ başydikligi hemmämize gaýrat berdi. YÖK-a garşy ilkinji protest hereketlerimizi şonuñ beren ruhy gaýraty bilen edipdik... "Cumhuriyet" çepçileriñ ynjyly ruhlaryna dowa bolýardy. * * * Şu ýylyñ 7-nji maýynda 100 ýaşyny baýram etmäge taýýarlanýan "Cumhuriyet" gazeti gaty köp çarkandakly ýollary geçdi we kösençlikleri gördi. Çepçileriñ “Cumhuriyet” logosynyñ penjegiñ gursakçasyna goýmagyna alyp baran buýsançly müddet altmyşynjy ýyllarda başlady: Esaslandyryjysy Ýunus Nadi aradan çykandan soñ 1946-njy ýylda "Ýunus Nadi adyndaky" edebi bäsleşigi geçirilip başlandy. 1962-1963-nji ýyllar üçin kesgitlenen tema "Liberalizmi, sosializm?" çekişmesidi. Bäsleşige gatnaşan 47-nji makala gazetiñ 1962-nji ýylyñ 12-nji dekabrdaky sanynda "Hikmet Alkylyjyñ" adyndan çap edildi: "Türkiýäniñ ýeke-täk halas boluş ýoly: Sosializm". "Babyali" gazetleri "kommunizm propogandasyny edýär" diýip, gazeti didiwana mündürdiler. Gazetiñ baş redaktory Jewat Fehmi Başkut arzasyny ýazyp, öz islegi bilen işden gitdi... Makalany edebi lakam bilen ýazan Şadi Alkylyç we gazetiñ ýazuw işlerine jogapkär işgäri Kaýhan Saglamer tussag edildi. Şadi Alkylyça 6 ýyl 3 aý türme tussaglygy, 2 ýyl bir aýa mejbury gözegçilik we jemgyýetçilik hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezlik jezasy berildi! Aslynda "Cumhuriyet" gazeti çepe süýşendigi üçin jezalandyrylýardy. "Cumhuriyet" öz diýenine tutdurdy: sensassional habarçylyga ýol bermeýän pikir gazeti bolma ynanjyny dowam etdirdi. Pozisiýasy bellidi: respublikan rewolýusiýalara arka durýan kemalistik döwlet çepçiligi... Ugur Mumjy ýaly "maşgala" goşulanlaryñ birem Ali Sirmen boldy. Sýurpiz däldi: 1971-nji ýylyñ 12-nji martynyñ harby döwlet agdarylyşygy ýazýan zatlary üçin Ugur Mumjy ýaly Ali Sirmeni-de türmä salypdy. Ol Nadir Nadiniñ we Ilhan Selçukyñ çakylygy bilen gazete goşuldy. "Cumhuriyet" gazetiniñ "mekdepleşme" müddeti şeýde-şeýde başlady... * * * Segseninji ýyllaryñ başy... "Cumhuriyet" gazetini setirme-setir okaýardym. Gazetde birden “Samim Lütfü” diýen biriniñ ýazgylary çap edilmäge başlandy. Ýazgylaryny gyrkyp alýan bu awtorym kim bolýarka? Soñ bilip galdym: "Barış" ("Parahatçylyk") jemgyýeti dawasy sebäpli türmede oturan Ali Sirmeniñ edebi lakamydy... Wagt suw kimin akdy gitdi. Žurnalist bolup ýetişdim. Gazet makalalaryny gyrkyp alma ýaly çagalaç häsiýetlerim geçmişde galdy... Türkiýäni edişleri ýaly "Cumhuriyet" gazetiniñ başyny aýlajak boldular. Gazetiñ saçaýagy Ilhan Selçuk, Ugur Mumjy, Ali Sirmen neoliberalizme garşy galkan tutdy. Iş dünýäsiniñ sözde "Marksist nikaply işewürleri" gazeti pul bilen kül-uşak etdi... "Cumhuriyet" gazeti bular ýaly zarbalaryñ nijemesini başdan geçirdi, "Liberalizmmi, sosializm?" çaknyşygy hiç gutarmady... Ugur Mumjydan, Ilhan Selçukdan soñ gazetiñ ýeke-täk agasy bolup galan Ali Sirmen her gezeginde asyrlyk çynary çapdyrmady... Meniñ ýaly müñlerçe adamyñ şahsy geçmişinde aýratyn orny bolan Ali Sirmen öññin aradan çykdy. Gözümiziñ alnynda çaltlyk bilen çölleşip barýan ýurdumyzda ýene bir howuz gurady. Bitiren işleri üçin oña näçe minnetdarlyk etsegem az bolar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |