09:58 Muhammet Aly Malkolm Iksi nämüçin ýeke goýdy? | |
MUHAMMET ALY MALKOLM IKS-i NÄMÜÇIN ÝEKE GOÝDY?
Taryhy makalalar
Muhammet Aly bilen Malkolm Iks Malkolm Iks jemagatyndan kowlandan soñ haj parzyny berjaý etmek üçin Mekge-Medinä gidip-gelmegi makul bildi. Malkolmy birinji geñ galdyran ýagdaý musulmanlar we jemgyýetiñ ýokarky gatlaklarynda ýerleşen garaýagyzlardy. Müsüre gonan uçary bir garaýagyz sürýärdi we teni çuw-ak käbir türkler oña "gardaşym" diýip gujak gerýärdi. Oña Amerika we Muhammet Aly Kleý hakda soraglary berýärdiler. Malkolm uçardaky gören zatlaryny şeýle beýan edýärdi: "- Uçar akýagyz, garaýagyz, gyzyl tenli, bugdaýreñk, saryýagyz adamlardan doludy, meniñ buýra-buýra gyzyl saçlylygymdan başga-da sary saçly, gök gözli adamlaram bardy, bularyñ hemmesi-de dogandy! Köñüllerinde bir Hudaýyñ, bir Allanyñ söýgüsini göterýärdiler, biri-birlerine deñ derejedäki sylag-hormat bilen baglydylar". Malkolm Iks Malkolm Kairi, Stambuly, iñ esasysy-da Mekgäni görüpdi. Ol Stambulda alny seždä degýän akýagyzlary we Arabystanda ýokary wezipeli garaýagyzlary haýran galyp syn edýärdi. Şonuñ üçinem hakyky yslamyñ amal edip ýören yslamy däldigine düşünip, yslamy doly we dogry öwrenmäge başlady. Akýagyzlaryñ we garaýagyzlaryñ deñ tutulýan yslamyýetinde arabyñ parsdan, ak tenliniñ gara tenliden ýokarda görülmeýändigini geñ galyp synlaýardy. Gysga wagtyñ içinde Muhammet Elaýjanyñ garaýagyzlaryñ duýgularyny ulanyp, özüne ekplutasion düzgüni ýola goýandygyna göz ýetirdi. Malkolm bilen Muhammet Elaýja Onuñ ýola rowana bolan wagtynda Muhammet Aly-da Afrikada we Ýakyn Gündogarda gezip ýördi. Alyny döwlet baştutanlary we giñ halk köpçüligi garşylasa, Malkolm kiçijik fotoapparaty bilen yslam dünýäsini tanamak üçin musulman ýurtlary ädimme-ädim gezýärdi. Aly özüne görkezilýän çäksiz söýginiñ we gyzyklanmanyñ çeşmesiniñ aldawçy kezzap Elijahdan gelip çykýandyr öýdýärdi. Malkolm bolsa Stambulda, Kairde tanyşan göwnaçyk adamlary bilen yslamyñ hakykylygyna we giñ gerimliligine şaýat bolýardy. Ahyrsoñunda Gananyñ Akra şäheri iki köne dostuñ ýoluny kesişdirdi. Muhammet Aly bilen Malkolm Iks Malkolmyñ özem göwnaçyk adamdy. Aly onuñ dogany ýalydy we biri-birlerine şular ýaly gabat gelişende salamlaşman gidesi gelmedi. Malkolm Alynyñ bolýan oteline geldi, emma kabul edilmedi. Ahyrynda köçede jemendäniñ içinden "Kassius, doganym!" diýip gygyryp, onuñ ýanyna ýakynlaşmaga synanyşdy. Aly oña seredip: "Ýok, bu görýän keşbiñ Muhammet Elaýjadyr we ol her ýerdedir!" diýip, gynansak-da, Malkolmy ýanyndan kowdy. Malkolm Iks hakyky imana gowuşmazdan öñem elmydama sorag-idegdedi. Ol yslama añsatlyk bilen ýetmändi we munuñ gymmatyny hemmelerden has gowy bilýärdi. Kürside adamlara bir ýandan ýagşylyk etmegi, ýagşy gylykly adam bolmagy ündäp, bir ýandanam daş-töweregindäki ärli we ärsiz aýallar bilen zyna edip ýörşüne wyždany çydamady. Ahyrsoñunda Muhammet Elaýjanyñ garşysyna geçip, oña sorag berip bilipdi. Alan jogaby ony "Garaýagyzlaryñ Yslam jemgyýeti" jemagatyndan kowulmagyna sebäp bolupdy: "- Dawut hakda okanyñda, başga biriniñ aýalyna niçik göz dikişini bilensiñ. Ine, men şol Dawut-da. Nuh hakda okanyñda-da, onuñ serhoş bolşuny bilensiñ. Ine, men şonuñ hut özi-dä. Lutyñ başdan geçirmelerinem okansyñ, gidip öz gyzlarynyñ düşegine giren adamy tanan bolsañ gerek. Maña-da bularyñ barsyny etmek dürs bolaýmaly". Malkolm aýratynam haj parzyny berjaý edip gelenden soñ Elaýjanyñ edip ýören ähli masgaraçylyklaryny köpçüligiñ öñünde paş etdi. Ol iki meseläniñ üstünde aýratyn durup geçdi. Birinjisi yslamyñ diñe garaýagyzlaryñ dini däldigidi. Jemgyýetiñ öñünde edýän pert-pert çykyşlary bilen tanalan Malkolm üçin munuñ özi sözüñ doly manysynda rewolýusiýany añladýardy. Jemgyýetçiligem geñ galýardy. Hatda FBI-niñ düýbüni tutujy direktory J.Edgar Huwer Malkolmyñ pikirleriniñ Gitleriñkidenem milletçidigini öñe sürýärdi, emma haj parzyny berjaý edip gelen kişiniñ Amerikadan gidendäki Malkolm däldigi bellidi. Gynansak-da, Muhammet Aly Malkolmyñ 1965-nji ýyla haj parzyny berjaý edip gelende gören zatlaryna diñe 1975-nji ýyldan soñ düşünipdi. Elaýjanyñ täzelenen ruhly Malkolmyñ agzyny ýumdurmak üçin meýilleşdiren hilegärçilikli duzagy bolsa, Malkolmyñ elmydama dogany hasaplaýan Muhammet Alyny oña garşy gepletmek bolupdy. Aly Malkolmy Isa pygambere hyýanat eden Petrus ýaly dönükdigini aýdýardy. Alynyñ pikiriçe Malkolm ýönekeý adamdy, emma Elaýja yslamyñ hut özüdi. Alynyñ yslama ýakynlaşmagyna sebäp bolanam Malkolmdy. Hatda Elaýjanyñ sportsmenleri we artistleri yslama golaýlaşdyrmaly däldigi hakdaky beren aç-açan görkezmesiniñ bardygyna garamazdan, Malkolm birinji gören badyna Aly üçin jemagatynyñ bildirýän talaplaryny bozup, ony yslama gazandyrypdy. Indem Aly ony mürtet (dinden çykan) yglan edýärdi. Ol eline berilen kagyzlary okanda, gözlerini kameralardan sowup gürleýärdi. Görnüşinden, nämedir bir zatlaryñ Alynyñ göwnüne-de jaý däldigi bildirýärdi we Malkolma garşy edilýän zatlarda bir ýalñyşlygyñ bardygyny syzýardy. Hatda Malkolm öldürilende, Aly onuñ maşgalasynyñ howpsuzlygyny üpjün etmäge synanyşanam bolsa, jynazasyna gatnaşmandy. Malkolm iñ soñky demine çenli, ýagny 1965-nji ýylyñ 21-nji fewralynda endamyna onlarça gyzgyn gülle sümülip girjek gününe çenli dogry yslamy wagyz edip gezdi. Häli-häzirlerem ony kimiñ näme sebäpli öldürendiginiñ üsti açylanok we ýapyk iş bukjasy hökmünde ABŞ-nyñ Ýustisiýa ministrliginiñ arhiwinde tozan siñip ýatyr. Muhammet Aly bolsa, diñe 1975-nji ýylda jemagatyñ hakyky ýüzüni görüp, ökjä tüýküripdi. Aly mundan soñ dürli ýollar bilen Malkolmyñ ýazygyna galyp gezendigi üçin puşman edýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, Muhammet Aly Malkolm Ikse iñ gerekli wagty ony jemagaty sebäpli ýeke galdyrypdy. Aly wideokameralaryñ öñünde oña garşy agyr-agyr sözleri aýdanam bolsa, Malkolm Alyny daş-töweregindäkileriñ zäherländigini we bir gün hökman özüne düşünjekdigini aýdýardy. Malcolm Iks ýalñyşmandy. Aly gijem bolsa hakykata akyl ýetiripdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Anna, 09.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |