09:46 Muhammet Hanapyýanyñ gubury Merwdemi? | |
MUHAMMET HANAPYÝANYŇ GUBURY MERWDEMI?
Taryhy makalalar
Muhammet Hanapyýa hakynda türkmenler tutuş bir dessan döredipdirler. Meşhur bagşy Gurt Ýakup bu dessany bäş sagatlap aýdýardy. Muhammet Hanapyýanyň adynyň biziň halkymyzyň arasyna ýaýramagyna megerem, onuň gadymy Maryda jaýlanandygy hakynda il arasyna ýaýran gürrüňler tekge berdimikä diýýärin. Dogrudanam, XII asyryň başynda bina edilen Muhammet ibn Zeýdiň mawzoleýine ýaňy-ýakynlara çenli Muhammet Hanapyýanyňky diýlip gelindi. Bu hakda Peterburg uniwersitetiniň professory W.A.Žukowskiý hem “Köne Merwiň harabalary” diýen kitabynda belleýär. “Muhammet Hanapyýa” dessany tüýs türkmen dessançylyk däbine eýerlip ýazylan eser. Kapyrlar tarapyndan ýesir alnyp, gul bazaryna salnan hezret Aly öz ogly Muhammet Hanapyýa bilen ýüzbe-ýüz söweşe çykarylýar. “Gorkut ata” eposynda bendilikde oturan Derse hanyň, Salyr Gazanyň öz ogullary Bugaç, Oraz bilen, “Görogly” eposynda Göroglynyň Öwez bilen ýüzbe-ýüz söweşe çykarylýandygy nazara almagam ýeterlik bolsun gerek. Il arasynda henizem, Muhammet Hanapyýanyň Merwde jaýlanandygyna ynanyp ýörenler bar. Munuň esasy sebäbi taryhy hakykatyň halka ýetirilmäninde. Owganystanda Mazari-Şerif şäheri bar Bu at “mukaddes mazar” diýmek. Ol ýerde hezret Aly jaýlanypdyr diýip, uly mawzoleý bina edilen, oňa zyýarat etmäge barýanlaryň yzy üzülenok. Hakykatda hezret Alynyň jaýlanan ýeri Yrakda, Nejep şäherinde. Onuň mawzoleýine barmak, zyýarat etmek 1989-njy ýylda maňa miýesser etdi. Eýse, Mazari-Şerif nireden döredikä? Bu meselede 1863-nji ýylda Orta Aziýa syýahat eden Wamberiniň getiren rowaýatyna salgylanmak ýerlikli bolsa gerek. Şol rowaýata görä, Şahymerdan Alynyň keramatly mazary Soltan Sanjar döwründe mälim edilenmiş. Balh ýykylyp ýumrulypdyr. Ilatyň ynanjyna görä, onuň harabalarynyň astynda döwler, zamanyndan galan tükeniksiz genji-hazyna ýatan bolmaly. Soltan Sanjar harabalyklary agtarmagy buýrupdyr. Gum gatlagynyň aşagyndan ýaldyrap duran ak reňkli daş tekje çykypdyr, onuň ýüzünde şeýle ýazgy bar ekeni: “Bu mazar Abu Talybyň ogly, pygamberiň egindeşi, kuwwatly gahryman Alynyňkydyr”. Belki, Muhammet Hanapyýanyň Merwde jaýlanypdyr diýilmeginde-de şuňa meňzeş bir ýagdaýyň ýüze çykan bolmagy ähtimal. Muhammet Hanapyýa kim bolan? Eger öz taryhyna gezek gelende halkyň bosowat goýlandygyny nazara alsak, onda meniň habar berjek guraksy faktlarymyňam peýdasy bolar diýen tamam bar. Professor I.P.Petruşewskä salgylanyp aýtsak, Muhammet ibn al-Hanafiýa 637-nji ýylda doglup, 700-nji ýylda-da aradan çykýar. Ol hakykatdanam Alynyň ogly, ýöne onuň ejesi Muhammet pygamberiň gyzy Patma däl. Ol Alynyň gyrnak aýalyndan bolan. Gyrnak araplaryň hanyfa taýpasyndan bolany üçin Muhammediň adynyň yzyna ibn al-Hanafiýa diýip goşýarlar. Hawa, ol ymam Huseýniň enebaşga dogany bolýar, özem ummasyz başarjaň, şaýy ugruna juda berlen adam. Ymam Huseýin Kerbelada öldürlende onuň çülpe çagalary galýar. Alynyň yzbasarlarynyň arasynda Muhammetden başga daýanyklysy ýok ekeni. Şonuň üçinem, şaýylaryň bir topary ony dördünji ymam diýip yglan etmegi teklip edýär, emma teklip geçmeýär. Şaýylar Muhammet Hanapyýany hormatlaýanam bolsalar onuň Patmadan bolmandygyny, Muhammet pygamberiň öwlady seýitlere degişli däldigini nazarda tutup, ony ymamlyga götermekden saklanýarlar. Huseýniň ogly al-Asgeri ymam diýip yglan edýärler. Muhammet ibn al-Hanafiýanyň tarapdarlary şaýylaryň içinde özbaşdak sekta bölünýärler. Olara kaýsanylar diýilýär. Muhammet 700-nji ýylda aradan çykýar, Medinedäki al-Baki gonamçylygynda jaýlanýar. 1992-nji ýylda şol gonamçylyga baryp görmek meniň nesibämden çykdy. Ol ýerde Alynyň aýaly Patma, ogly Hasan, olaryň çagalary ýatyr, ymamlaryň birnäçesi şol gonamçylykda. Ol pygamberiň mazarynyň gapdalynda ýerleşýär. Muhammet ibn al-Hanafiýanyň Mary şäherine dahylly bolmagyna, belki, sekizinji asyryň ortasynda Horasanyň häkimi bolup oturan Abu Müslimiň şärikligi bardyr? Elbetde, bu meniň öz çaklamam. Faktlara ýüzleneliň. Muhammet Hanapyýa ölenden soň kaýsanylar sektasy toparlara bölünýär. Bir toparyň pikiriçe, ahyrzamanyň golaýlaşýandygy zerarly dört ymam bilen çäklenmeli, ýagny Hezret Alynyň özi hem onuň üç ogly: Hasan, Hüseýin, Muhammet. Beýleki bir topar bäşinji ymam hökmünde Muhammediň ogly Abu Haşymy hödürleýär. Abu Haşym ölenden soňra täze toparlar ýüze çykýar. Şolaryň biri halyfyň häkimligine dalaş edýän abbasylara golaýlaşýar. Ol topara rawandylar diýýärler. Rawandylaryň ýaýradýan gürrüňlerine görä, Abu Haşym ölmänkä ymamlygyň ygtyýaryny Abbasylaryň baştutanyna nem-de ondan önjek nesillere bagş edýändigini aýdypdyr. Rawandylar Abu Müslümiň Horasanda turzan gozga-laňyna-da işeňňir gatnaşypdyrlar. Abbasylaryň halyflyga gelmegine Abu Müslimiň hyzmatynyň uly bolandygyny, öň belläp geçipdik. Gördüňizmi, Merwiň häkimi Abu Muslym bilen Muhammet ibn Hanafiýanyň tarapdarlary sataşan ekeniler. Belki olar Horasanyň, Eýranyň şaýylaryny öz taraplaryna çekmek maksady bilen Muhammet Hanapyýanyň adyndan peýdalanmagy maksat edinendirler, ony Merwe golaýlaşdyrmak isländirler? Sebäpsiz çöp başy gymyldaýarmy diý! Umuman, Muhammet Hanafiýanyň ölmän, gaýyp bolandygyny, Mäti hökmünde ýene dolanyp geljekdigini, öňe sürýän topar hem bar. Şaýylaryň arasynda mätili meseläniň başlanmagyna-da şol sebäp bolupdyr. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |