01:37 Müjteba Hamaneý hakykatdanam kakasynyñ ýerine taýynlanýarmy? | |
MÜJTEBA HAMANEÝ HAKYKATDANAM KAKASYNYÑ ÝERINE TAÝYNLANÝARMY?
Publisistika
Hiç hili resmi ygtyýarlygy bolmasa-da, ýurduñ iñ täsirli güýçleriniñ biri. Wertolýotyñ awariýa uçramagynyñ ýöne bir awariýa däldigini pikir edýänleriñ aklyndaky gümanlanýanlaryñ birem Müjteba Hamaneý (AP/Arhiwi) Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ ölümi bilen birlikde ýurduñ hökümetine degişli soraglar orta atylanda, iñ köp ady tutulanlaryñ birem Dini lideriñ ogly Müjteba Hamaneý boldy. Hiç hili resmi wezipesi bolmasa-da, ýurduñ iñ täsirli güýçleriniñ biri ýaly bolip görülýän Hamaneý eýranlylaryñ köpüsi üçin syrlylygyny saklaýar. Ol köpçüligiñ öñünde-de görnenok, çykyşam edenok. ABŞ-nyñ "Wall Street Journal" (WSJ) gazeti 85 ýaşly Aýatolla Ali Hamaneýiñ 54 ýaşly oglunyñ üstünde durup geçdi. Gazetde Müjteba Hamaneýiñ öz şahsy güýjüniñ ýokdugyny we boýunsunujy terzde hereket edýändigi aýdylýan Reisiniñ döwründe kontrrazwedka se howpsuzlyk gulluklarynda täsirini güýçlendirendigi aýdyldy. Şeýle-de Baş liderlik üçin Reisiniñ taýýarlanýandygynyñ pikir edilýändiginiñ, emma wertolýotyñ awariýa uçramagy bilen bu boýunça sorag alamatlarynyñ artýandygy habar berildi. WSJ-niñ hünärmenleriniñ pikirine görä, Müjtebe Hamaneýiñ kakasynyñ ýerine geçme ähtimallygy pes we onuñ üns tiñkeleriniñ aşagyndan gaça durup, has köp güýç gazanmagyna garaşylýar Germaniýanyñ Halkara Syýasat we Howpsuzlyk syýasatlary institutynda işleýän eýranly hünärmen Hamidreza Azizi şeýle pikiri öñe sürýär: - Soñky ýigrimi ýyl bäri işler Müjtebanyñ we onuñ ülpetleriniñ gözegçiligi astynda. Häzir Hamaneý üçin asul mesele Reisi bilen birmeñzeş aýratynlyklara eýe birini tapmak. Şeýtmek bilen Müjteba köpçüligiñ gözüne ilmezden güýjüni artdyryp biler. Müjteba Hamaneýiñ iýun aýynyñ soñunda geçirilmegi meýilleşdirilen prezident saýlawlarynda-da möhüm rol oýnamagyna garaşylýar. Eýranyñ prezidenti wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet Muhbiriñem Müjteba Hamaneýe wepaly adamdygyna yşarat edilýär. 68 ýaşly Muhbir saýlawlara çenli ähli meselelerde kesgitleýji ýagdaýda üç adamlyk geñeşiñ bir parçasy. Ol Baş lidere garaşly milliard dollarlyk "Setad" maýa goýum fondunyñ başlygy bolup 15 ýyllap oturdy. Habarda 1969-njy ýylda Maşatda doglan Müjteba Hamaneýiñ geçmişiniñ üstünde-de durlup geçildi. Ol Baş lideriñ saýtynda Ryza Pehlewi şanyñ döwründe öýleri dökülende kakasynyñ urlandygyny gördi. 1979-njy ýylyñ rewolýusiýasynfan soñ Tährana göçen maşgalanyñ kakasy döwlet apparatynda çaltlyk bilen ösen bolsa, ogly 1980-1988-nji ýyllarda Yrak bilen bolan uruşda fronta gitdi. Has soñra Rewolýusion Gwardiýada jogapkärli wezipelere bellenjek adamlar bilen bu ýerde tanyşan Müjtebanyñ täsiri aýratynam 2000-nji ýyllaryñ ortalarynda giñişleýin agzalyp başlandy. Üýtgeşmeçiler 2005-nji we 2009-njy ýyllarda Mahmud Ahmedinejadyñ özlerine garşy gazanan ýeñişleriniñ Müjteba Hamaneý tarapyndan taslanandygyny öñe sürdi. ABŞ 2019-njy ýylda Rewolýusuon Gwardiýa we "Besij" milisiýa otrýadlary bilen "kakasynyñ durnuklylygy bozýan pygyllaryny we ýurduñ içindäki basyş boýunça maksatlaryny ösdürmäge" synanyşmakda aýyplap, onuñ adyny sanksiýa berlenleriñ sanawyna girizdi. 2022-nji ýylda Mahsa Amininiñ tussaglykda ölmeginiñ yzyndan ýurt derejesinde edilen gazaply çykyşlarda ýigrenjiñ obýektine öwrüldi. Öý tussaglygynda saklanýan öñki prezidentlige kandidat Mirhüseýin Musewi Baş lidere seslenip, şol kürsä ogluny taýýarlaýandygy hakdaky habarlary ýalana çykarmagy talap etdi. Emma muña hiç hili jogap berilmedi. Ali Hamaneý hakda kitap ýazan amerikan-eýran raýaty Mehdi Halaji bularyñ barsyna garamazdan aýdylýanlara garşy çykýar: - Müjtebanyñ täze Baş lider bolmagy arzuwlaýandygy hakdaky pikirler tutuşlygyna toslama. Taryhy tejribä goldanyp Hamaneý ne öz ogluny, ne-de başga birini görkezer öýdemok. Yslam Respublikasyny guran Ruholla Homeýniniñ we onuñ ýerine geçen Ali Hamaneýiñ Baş liderlik kürsüsiniñ atadan ogla geçmegine garşy çykmagyny yslama ters görmegi-de Halajiniñ çaklamalaryny güýçlendirýär. Müjteba Hamaneýiñ döwlet dolandyryş edaralaryndaky tejribesi we dini taýdan taýynlygy-da bu wezipä laýyk görülmeýär. ABŞ-nyñ Tennessi uniwersitetinden Saeid Golkar şeýle diýýär: - Möhüm kararlaryñ kabul edilen ýerlerinde onlarça ýyllap tejribe toplan Müjteba Hamaneýiñ režimdäki gatnaşyk saklaýan adamlary sanardan kän. Bu babatda onuñ bilen deñleşip biljek adam ýok. Emma onuñ bu wezipä bellenmegi monarhiýany dolap getirip, Hamaneýiñ abraýyny ýere döker. Käbir hünärmenlerem Ahmet Homeýniniñ Müjteba Hamaneýdenem güýçli görülendigini, emma kakasynyñ 1989-njy ýylda aradan çykmagy bilen ýagdaýlaryñ üýtgändigini aýdýar. Hamaneý we şol döwrüñ prezidenti Ekber Haşimi Rafsanjani bilen oñuşmadyk Ahmet Homeýni 1995-nji ýylda ýañy 45 ýaşynda aradan çykypdy. Onuñ ölüm sebäbiniñ infarktdygy mälim edilipdi. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |