10:21 Mumyýanyň gündeligi / hekaýa | |
MUMYÝANYÑ GÜNDELIGI
Hekaýalar
Awtordan: Şu hekaýany ähli açlyk yglan edenlere, agyz bekläp, oraza tutýanlara we işdäsizlikden kösenýänlere bagyşlaýaryn. * * * 1999-njy ýylyň 30-njy ýanwar güni, gündiz sagat 14-ler töweregi Hokkaýdonyň Kuşiro atly gar basan, çygly ülkelerine towşan awlamaga çykan,et önümlerini öndürýän kärhananyň işgäri,plastik materialdan ýasalan külbejige duş geldi.Günortanlyk nahar edinmäge ýer tapylanyna begenip "Kim bar?" diýip gygyrdy.Hiç kim jogap bermänsoň,içeri girip,külbäniň içindäki ýagdaýy görüp ýüregi ýarylara geldi. Sekiniň üstünde uzyn düşüp öli jeset ýatyrdy.Jesediň derisi ýarylyp,gözleri içine çöküp gidipdir.Jeset böleklenmän saklanyp,tutuşlygyna gurap,süňklere ýapyşypdyr.Mümkin entek diri wagty bedenini edil mumiýalanan ýaly gatap galmagy üçin ýuwaş-ýuwaşdan horlanandyr... Sekiniň gapdalynda kiçiräk palta,dyrnak alynýan,birnäçe şem,plasmas jam,içinde ýanan kagyz bölekleri galan bedre,çetiräkde çemodanyň içinde egin-eşikler bardy.Diwara söýelgi şkafda radio we kitaplar bitertip durdy. Külbede ýekejede iýmit ýada iýmitiň galyndysy ýokdy.Jesediň aýaklarynyň arasynda gündelik depderi bardy.Merhum beýle ölümiň sebäbini düşündirmek üçin özünde güýç tapypdyr we başyndan geçiren wakalaryny birme-bir gündelige ýazypdyr. Bu barada awçy "degişli" ýerlerine habar beripdir.Jesedi şol güniň özünde alyp gidipdirler. Sud ekspertizanyň hünärmenleri jesedi barlagdan geçirip,ölümiň sebäbi açlyk (açlyk bilen öz janyňa kast etmek) diýlen netije gelýäler.Gündelikdäki ýazgylar hem muny tassyklaýar. Elbetde açlyk bilen özüňi öldürmek üçin nähili sabyr-takat we çydamlylyk gerek boljagy öz-özünden düşnüklidir.Ýöne bu adamyň beýle etmegine näme sebäp bolanlygyny anyklamak welin başartmandyr. Jeset kyrk ýaşlaryndaky erkek adama degişli bolup,onuň boýy 173 sm we agramy 35 kg çykypdyr.Onuň ölenine takmynan 100 gün dagy bolupdyr. Jesediň ady familýasy hem mälim däl.Dereksiz ýitenleriň arasynda hem şoňa meňzeş alamatlary bolan adam tapylmandyr. Jesetden diňe ýekeje gündelik galypdyr.Ynha şol gündelikdäki ýazgylar: 1-nji gün,7.08.1998ý Men nahar iýmekden ýüz öwürdüm.Şäherdäki kiçijik naharhanadan soňky gezek nahar iýdim.Soňky gezek naharlanýanam bolsam,öň näçeräk nahar iýýän bolsam bu gezegem şonçarak iýdim.Satyn alan naharym arzan eken,jübimde ýene pulym bardy.Öz janyma kast etmek üçin ýeterlik zatlaryň çemodanymda barlygyna seretmezden,dükana girip,şem,şlanga,ýelimli lenta,atyr,dyrnak alýan,pagta,aşgazan üçin derman,plasmas gapjagaz satyn alan boldum.Galan pulymy hem pinbol oýnap gutardym. Ýüregime berk düwen maksadymy amala aşyrmak üçin Kuşirodaky çygly ýerleri saýladym. Maňa gerekli ykjamja külbäni özüň ýasadym.Bärde uly çybynlaryň köpdügi üçin ot ýakdym.Egin eşiklerime tüssäniň ysy urdy. 2-nji gün,8-nji awgust. Hiç hili üýtgeşiklik ýok.Töwerekdäki agaçlardan oturgyçjyk we kitaplarym üçin şkaf ýasan boldum.Külbämiň ýanyndan onçakly uly bolmadyk çukur gazanym üçin erbet der basdy.Agşam düşensoň gaty suwsap suw içdim.Süýjije naharam bolsa kem bolmazdy. 3-nji gün,9-njy awgust. Radioda Bahniň "sazly salamyny" diňläp otyryşyma açlygym hem ýadymdan çykypdyr.Belki saz iýmitiň ornuny tutýandyram... Agşaň hajathana gitdim.Ýogyn içegäm arassalanýar öýdýän. 4-nji gün,10-njy awgust. Açlygymy duýamok.Aýtmaklaryna görä adam suwsyz bir hepde,suw bilen bolsa bir aýdagy ýaşamagy mümkin.Suwsyz kyn boljak eken.Şonuň üçin öz ýanyma bir ýarym litr suw alyp gaýdypdym.Şol suwyňam üçden biri galypdy.Ýöne ýaňyrak duýdansyzlykdan onam dökdüm...Indi bu "Tiz günden ölersiň!" diýdigimikä?!.. 5-nji gün,11-nji awgust. Irdenden bäri ýagyş ýagýar.Asmandan "Entek ölme!" diýen ses eşidilen ýaly boldy... Külbämiň üçeginden akýan ýagyş suwynyň aşagyna plastmas gapjagazy goýdum.Radioda diňlemedim,güni bilen kitap okap ýatdym. 6-njy gün,12-nji awgust. Ýene içim geçýär.Aşgazanymda hiç zat galmady öýdýän.Agşama ýakyn kelläm,aşgazanym erbet agyrdy. Motsarty eşidemsoň ýagdaýym azajyk gowulanan ýaly boldy... Düýş görüpdirin.Düýşimde öňki magşuklarymyň hemmesi ýalaňaç ýagdaýda milli tans oýnaýarmyşyn.Menem olaryň arasyna girip bir naýzany ýere sokýamyşym... Oýanan wagtym özümde jynsy gatnaşyk etmäge güýçli isleg bardygyny duýdym.Bir hepde bäri hiç zat iýmesemem bu islegiň nireden gelenine haýran. 8-nji gün,14-nji awgust. Wagt durdy.Sagadyma seretsem sekuntlar edil minut ýaly haýaldy."Wagty şagladyp geçirýän sagadym bolsady" diýip arzuw etdim. Haçan radio diňlejegimi belledim: gündiz sagat 14-den,16-a çenli FM tolkunynda gowy aýdymlar eşitdirýän gepleşik bar.Alyp baryjynyň sesi jaňjagazyň sesi ýaly.Şu ýagdaýymda maňa iň ýakyn adam şol alyp baryjy aýaldy. Köp uklaýan boldum.Oýansamam kellämiň içindäki "güwwüldi" günüme goýanok.Kimdir biri gelip meni halas etse gowy bolaýjak ýaly... 10-njy gün,16-njy awgust. Ýagyş guýup dur.Täze ýagyş suwyny içip bilerin indi.Ýagyşyň sesi ýakymsyz.Gözlerimi ýumsam,kimdir biriniň maňa tarap ýöräp gelýän aýak sesini eşidýän.Meň pikirimçe ölüm perişdesiniň gelmegine entek wagt bar.Belki başga adam gelýändir diýen pikirimem ýok däl.Ýöne aýak ses kimiňkem bolsa,özi ýanyma gelip gürleýänçä,şoňa üns beresim gelenok. 11-nji gün,17-nji awgust. "Täzeliklerden" eşidişime görä Tokioda,orta mekdepde okaýan üç sany dost oglan bilelikde öz-özlerini gark edipdirler.Sebäbi anyklanmandyr.Olaryň synpdaşlaryndan interwýu aldylar. 12-nji gün,18-nji awgust. Siýdigime gan aralaşan ýaly gyzylymtyl.Akyl huşum ýerinde,ýöne tutuş bedenim boş ýaly.Günüň köp bölegini ýatyp geçirýän.Bektniň "Malone Dies" eserini okaýan.Oraza tutmasaň bu eseriň manysyna düşünmek kyn bolmagy mümkin.Bu gün radio eşitmedim. 13-nji gün,19-njy awgust. Gaty horlanypdyryn.Ýüzümem edil ölüniň ýüzi ýaly.Sakgalymy alansoň ýüzüm biraz ýagtylanan ýaly boldy.Öz etimi özüm iýip jan saklaýan. 14-nji gün,20-nji awgust. Güýçli tüweleý geldi.Külbämi uçuryp gider öýdüp gorkdym.Öýlänräk şemal azajyk peselen ýaly boldy.Daşaryk çykyp külbämi berkiden boldum.El-aýaklarym özüme boýun däl.Ýöremägede ýagdaý ýok. 15-nji gün,21-nji awgust. On bäş sagatdan gowyrak uklapdyryn.Radiony açsam beýsbol oýny hakynda aýdylýan eken.Birazajyk ýagyş suwyny içdim,suwdan tokaýyň ysy gelip dur.Tutuş bedenim agyrýar.Içimde edil pyçak bilen etlerim böleklenýän ýaly... Düýşimde çörek çeýneýämişim. 16-njy gün,22-nji awgust. Bu gün ýene şemal boldy.Birnäçe gezek ýyldyrym çakdy.Ýyldyrym her çakanda edil kellämi deşýän ýaly. Näme üçin külbäme ýyldyrym urup ýananokka?! Gije radio eşitdim.Sebäbi käwagt garaňkyda nirdeligimi ýadymdan çykarýan.Radiodan çykýan her bir sese jogap berip ýatsam özümi ýitiremok.Şeýdip iki sagady geçirdim.Elimi radiony öçürýän düwmäniň üstünde goýup ýatdym.Eger birden ukym tutaýsa radiony öçürüp ýatar ýaly. Käwagt radiodadan şeýlebir bimany gepleşikleri goýberýäler welin,bu dünýäde radio diňläp ýatanam bolsam özümi edil o dünýäde ýaly duýýan. 17-nji gün,23-nji awgust. Siýdigime gan goşulypdyr.Mekdepde ýokary synpda okaýarkam,gandbol toparymyz bilen türgenleşik geçmek üçin lagere gidipdik.Şonda çendanaşa ýadawlykdanmy nämemi gan siýipdim.Ýöne şondan soňra beýle ýagdaýa düşmändim. Belki agyz beklemegem sportuň bir görnüşidir. Agşam düşensoň aşgazanymda güýçli agyry peýda boldy.Içimi tutyp eýläk-beýläk agdarylyp radiodan aýdym diňledim.Ýöne barybir agyrym galmady. 18-nji gün,24-nji awgust. Ýüzim horlanan boksçynyň ýüzüne meňzeýär.Ýöne gözleriň ýanyp dur.Şu wagt maňa biri duşaýsa gorkunjyndan özünden gider.Ýuwaş-ýuwaşdan diňe süňke öwrülip barýan.Bir zatlar iýmägede isleg galmady.Belki aç nerwilerim işleýänem däldir.Açlyk bellibir wagtdan geçensoň nahar hakda pikir etmek aşgazana agyr boljak eken. Bu gije asuda,ajaýyp gije boldy.Men edil şeýle gijede ölmegi isleýän.Ýöne gündiz ölsem gerek diýip pikir edýän. 19-njy gün,25-nji awgust. Güni bilen aşgazanym agyryp,kelläm güwläp durdy.Öýlänräk üýtgeşik "myhmany" kabul etdim.Nireden gelenini bilemok welin,düşegimde kyrkaýak gezmeläp başlady. Birwagtlar bir oglanjygy ene atasy kiçijik otaga salyp aç saklany hakynda eşidipdim.Şol oglanjyk töwereginde görünen mör-möjekleri,hatda syçan hem tutyp iýipdir.Bigünä çagajyklary horlaýan adamlary aç goýup jezalamak gerek. 20-nji gün,26-njy awgust. Gusasym geldi,ýöne gaýtarmaga içimde hiç zat ýok.Oýanan wagtym gara dere batyp ýatan ekenim. Entegem wagt bar.Gelen ýolum bilen yzyma gaýtsam,ýenede ýaşamagym mümkin.Bir sagat ýaly ýöräp biläýsemä kimdir birine duşmagymam mümkin. Meni polisiýanyň gözleýän bolmagy ýada täzeliklerde adymyň aýdylmagy howatyrlandyranok.Sebäbi ýekelikde aç gezmek jenaýat däl ahyryn.Bir hepdeden ýene öňki 65 kg agramyma ýeterin we şübhesiz 20-30-ýyl ýaşaryn... Goýsana,ýene ýaşamakmy?! Bu dünýä meň ýaşamagyma oňaýly däl şonuň üçin o dünýä göçüp gidip gitmeli.Pikirimi üýtgetmek namartlyk bolar.Men açlyk bilen özümi öldürmäge karar etdim.Bu edil samuraýlaryň seppukularniň çäresine meňzeş. 21-nji gün,27-nji awgust. Indi ýazara zadam ýok.Aşgazanymdaky agyry beter güýçlendi.Çalaja gozgansam dem almam kynlaşyp dur.Derlemäm galdy.Bedenimdäki maddalar çalşygyny goýaýdy öýdýän. Ölmezimden öň meni biri tapaýsa näderkäm.Açlykdan çykarmykam ýa ýagdaýymy düşündirip meni günüme goýmaklaryny sorarmykam? Bu töwerekfä adam-gara görünenok.Eger kimdir biri meni tapsa muny Hudaýyň merhemedi diýip düşünerin,diýmek Hudaý meň ýaşamagymy isleýändir.Hiç kim gelmedik ýagdaýynda... 22-nji gün,28-nji awgust. Aşgazanym edil telewizorda gören negr çagajyklaryň garny ýaly giňelip gitdi.Näme üçin hiç hili iýmit iýmesemem ol maňa azar berýäkä? Iýmit hakynda pikir etmägede gorkýan. Düýşimde spagetti iýip oturan adamyň arkasyndan baryp,onuň naharyny alyp gaçýarmyşym.Şondan bäri aşgazanymyň agyrysy hasam beterleşdi.Şübhesiz,iýmit hakyndaky pikir hem refleks hökümünde aşgazanymy herekete getirýän bolmaly. 23-nji gün,29-njy awgust. Agyra çydap bilmän,birki sany derman içdim.Ölmekçi bolup ýatyrkam derman içmek samsyklykdyram.Agşam gulaklarymyň içini arassaladym. 24-nji gün,30-njy awgust. Suwuň tagamy üýtgäpdir.Şu suwam aşgazanymy zäherlän bolmagy mümkin.Ýazyň güni bolsada,galdyrap ýatyryn.Egnime jemperimi geýdim,barybir üşeýän. Bu gün "Ylahy komediýanyň","Dowzah" bölümini okadym.Okap otyrkam," O dünýäde birinji kime gabat gelerkäm?" diýen pikir kelläme geldi. Okamak ýüregime düşensoň,aýal kişiniň mylaýym ses bilen "Salam! Bu günüňiz gowy geçdimi?" diýen sesini eşitmek üçin radiony açdym.Öliler dünýäsiniň kabulhanasynda hem edil şeýle ýakymly ses bilen garşy alaýsalarda. 25-nji gün,31-nji awgust. Düýnki bilen deňeşdireniňde bu gün gowy geçýär.Dişimi ýuwup,sakgalymy aldym.Gündiz meni begendirip ýagyş ýagdy.Mundan peýdalanyp hemme eşiklerimi daşaryk çykardym.Tutuş bedenimi ýagyş suwyna ýuwdym.Bilişime görä adamlar ölensoň şeýdip ýuwulýan bolmaly. 26-njy gün,1-nji sentýabr. Gaty horlanypdyryn.Eger bir aý mundan öň özümi şu ýagdaýda görsem tanamazdymam.Içimiň,kellämiň agyrysy az ýaly el aýaklarymam agyryp başlady. Gözlerimiň görüşi peselip,okamagam kynlaşdy. Özüm ölmek islesemem,bedenim ýaşamak üçin göreşýän bolmaly,agyrylaram şonuň netijesi. 27-nji gün,2-nji sentýabr. Boýnumdan çybyn çakdy.Men ýaly gany azalan adamdan gan sorup içen çybyn gaty aç bolmaly.Çybyna rehmim geldi.Boýnum gijäp duran bolsada,ganymy sorýan jandara "Hudaý seni öz penasynda saklasyn" diýip pyşyrdadym... 28-nji gün, 3-nji sentýabr. Düýn agşam radiony öçürmän uklap galypdyryn.Şonuň üçin bolsa gerek,diňe bulaşyk düýşler görüp çykdym. Çog gyzyl reňkli otly baglaryň içi bilen gidip barýamyşyn.Onuň içinde liliputlar barmyşyn.Birdenem liliputlar gülläp oturan gök önüme öwrülip başladylar.Otlynyň açyk penjiresinden bananlar atylyp çykýarmyşyn. Başga bir düýşimde bedenimi bükip-ýazyp,uzaldyp,uzyn aş ýasaýarmyşynlar. 29-njy gün,4-nji sentýabr. Üşeýän.Güni bilen odeýala basyrynyp ýatdym.Eger bir kilometrden gowyrak ýöräp bilsem,welodroma ýetip barmagym mümkin.Ýöne ýöremek pikirimden el çekdim.Sebäbi ýolda ölmegi islämok. Bedenimiň ýokarky bölegi aňsat hereketlenýär,aşaky bölegi kän gowy däl. 30-nji gün,5-nji sentýabr. Garnym entek mun ýaly agyrmandy.Derman içdim.Erte-biýrgün öläýsem gerek.Şu gün göni bir aý boldy. 31-nji gün,6-njy sentýabr. Agyry erbet.Entegä ölemok. 31-nji gün,6-njy sentýabr. Agyry erbet.Entegä ölemok. 32-nji gün,7-nji sentýabr. Radionyň batereýasam ölüp barýar.Menä bir aýdan bäri hiç zat iýmesemem diri.Ýöne batareýasynyň kuwwady bolmasa,radio bir günem işlemez. Iki gat jorap,jemper,palto geýip ýatanam bolsam üşeýän.Bärde gyş başlady öýdýän.Bu gidişde açlykdan ölmesemem,doňup ölsem gerek.Daşaryk çykyp ot ýakasym gelýär.Emma odun ýygmaga ysgynym ýok...Şu wagt birje käse çaý içsem jennete düşen ýaly bolardym. 33-nji gün,8-nji sentýabr. Garnym towlap-towlap agyryp dur.Agyry güýjän wagty oýlanybam bilemok.Agyrym peselen wagty bolsa ynha şular ýaly ýazgylary ýazmaga mümkinçilik bolýar. Gaýadan çukur jara özümi oklasam ýa özümi assam şo bada ölerdimem.Ýöne men açlykdan ölýän adamyň nähili azap çekýändigini özümde synap görmek isledim. Gündiziň güni wagt gowy geçýär.Ýöne gije tümlük welin azap berýär.Radiodanam diňe çybynyň "jyňňyldysy" ýaly ses eşidilip dur. Entek üç sany şemim bar.Olary gije ukym gelmedik wagty ýakmak üçin saklap goýdym. 34-nji gün,9-njy sentýabr. Geçen agşam sowukdan ýaňa tenime edil iňňe sanjylan ýaly boldy.Bir şemi ýakyp gutardym.Ýüregim bedenimiň gyzgynlygy artdyrmak üçin gan üfleýänini duýýan.Bedenim ýaşamak üçin göreşýär. 35-nji gün,10-njy sentýabr. Radio menden öň hatardan çykdy.Şol sebäplem gijeleri gorky bilen geçirýän.Tüm garaňkyda özümi ýitirýän. Elimi uzadyp bilsem ýa dilimi çykaryp bilsem,ýada gözümi gyrpyp bilsem diýmek men entek "aňyra" gidemok. Gijelerine oýansam bu ýeri o dünýä bolaýmasyn diýip pikirlenýän.Garaňkylykda hiç zat ýok.Gije oýanaýsam daň atyp,jahan ýagtylýança uklap bilemok.Ýagtylyk-derman,garaňkylyk-zäher. Belki gijelerine çekýän azabym ölüm azabydyr.Gündizkiler bolsa ýaşaýyş azaby. Açlykdan ölmek bilen deňeşdireniňde asylyp ölmek ýa belent binadan bökmek,zäher içmek ýada gazdan zäherlenmek ýaly ölümler edil baga seýil eden ýaly aňsat.Özüňi öldürmegiň ýollary kän.Ýöne şolaryň içinde özüňi açlyk bilen öldürmek aýratyn bir ýol.Sebäbi munda adam öz-özüne garşy çykyp,öz-özi bilen göreşýär.Dogrusy beýle ölümdenem üýtgeşik netijä garaşyp bolmaz.Ýöne men 35 güniň dowamynda şeýle azaplara çydanym bilen buýsanýaryn.Nämede bolsa men başgalaryň başaryp bilmejek işini edýän. 36-njy gün,11-nji sentýabr. Radiony silkeledim welin operanyň sesi eşidilip başlady.Batareýada biraz gujur galypdyr öýdýän,bir sagat ýalyrak radio diňledim.Tutuş bedenime täzeden jan giren ýaly boldy. 37-nji gün,12-nji sentýabr. Wagtal-wagtal ýagyş ýagýar.Şu wagt şeýlebir ölesim gelýär.Hawa,hawa hiç zat hakynda pikirlenmän ölmegi isleýän.Rak keseline duçar bolan näsaglar näme üçin emeli usulda ölmegi isleýändigine düşündim indi. 38-nji gün,13-nji sentýabr. Entegem ölemok.Dem alyşym kadaly däl.Ölümi şeýlebir ýakyn duýýan welin elimi uzatsam oňa ýetäýjek ýaly.Dyzymdaky hemem arkamdaky agyrylar güýçlendi.Ruhuň tenden çykmagy üçin gaty uly güýç gerek bolýandygyna düşündim.Ruh güýç toplamak üçin etimi iýýär. 39-njy gün,14-nji sentýabr. Kelläm üýtgeýä öýdýän.Nähili ýazmalydygyny hem ýatdan çykaryp barýan.Ölümden soňky durmuş ýakymlymy ýada ýok diýen gyzyklanma günime goýanok. 40-njy gün,15-nji sentýabr. Şu gün ölmegi meýilleşdiren günim.Ýerimden turup bilemok. Agyz beklemek arkaly ýaşamagy Budda nädip nädip açdyka?! Musa aleýhisalam doly 40-gün aç gezdi we Hudaýdan on buýruk aldy. Isa pygamber hem Şeýtanyň hilelerine garşy durmak üçin 40-gün agyz bekledi. Sanlara seretsek men bu mukaddes adamlardan hem öňe geçdim.Ýöne olar menden güýçli bolan,sebäbi 40-gün açlykdan soňra hem öz kowumlarynyň ýanyna öz aýaklary bilen ýöräp barypdyrlar.Men bolsa indi ýöräp bilemok.Sowuk jesede öwrülýänçäm garaşmakdan başga çäräm ýok... Düşekde köp wagt ýatjagymy bilenim üçin hajat etmek üçin ýörite ýer taýýarlapdym.Düşegimiň aşagynda gapakly plastmas gap bar,suw ýada başga zat oňa düşse şlanga bilen daşaryk zyňylýar. 41-inji gün,16-njy sentýabr. Geçen agşam 40-günlik agyz beklän adamlaryň hormatyna şem ýakdym.Bedenim azapda bolsada,özümi gowy duýdym.Mukaddes adamlary özüme ýakyn tutdym,Isa Meshi hem,Budda hem edil meniň dostlarym ýaly. 42-nji gün,17-nji sentýabr. Aýagym işlemegini bes etsede,beýnim işläp dur.Belki işlemek üçin beýnä köp gujur gerek däldir.Güni bilen bulaşyk düýşler görüp çykdym. 43-nji gün,18-nji sentýabr. Bu gün ajaýyp gün boldy.Daň atýança bir gezegem oýanmadym. Tutuş bedenimden ýakymsyz ys ýaýrap dur.Bu ölümiň ysy bolsa gerek. Azyrak odekolon sepindim.Hoşboý ys ýaýradyp ölmek gowy zat bolsa gerek. 44-nji gün,19-njy sentýabr. Garnym bilen kelläm şeýlebir agyrýar welin çydar ýaly däl.Iki gezek huşumdan gitdim.Iň gowysy ölüp barýakaň aýdylýan sözler hakynda pikir edeýin. Gije şem ýakyp,onuň ýalynyna seredip ýatdym.Üç sany okalmadyk kitabym galdy."Ylahy komediýanyň" sahypalaryny bir-birden ýyrtyp ýakdym.Barybir o dünýäde geregi bolmaz. 45-nji gün.20-nji sentýabr. Oýanan wagtym başujymda köýnegi ýyrtyk,ýupkasy palçyga bulaşan ýaş aýal durdy.Ony tanamok.Meni o dünýä alyp gitmäge gelendir öýdüp,oňa tarap elimi uzatdym we: "Islän ýeriňe äkidiber,agyry bilen sowuga çydamok indi" diýdim.Ol bolsa "Gider ýaly ýer ýok" diýdi. "Sen o dünýäden gelmediňmi?" "Men entek ol bere baramok" "Diýmek senem dirimiň?" " Özümem bilemok" diýip gamgyn seslendide,özi hakynda gürrüň bermäge başlady. "Mundan kän wagt öň,kellesi şapkaly, artistlere meňzeş bir adam meni tokaýlykda zorlady we öldürüp taşlap gitdi.Indi o dünýä alyp gitseler gerek diýip kän garaşdym.Emma hiç kim gelmedi.Özüm ol ýere barmakçy boldym.Jesetleri akdyryp alyp gidýän derýa baryp,gämä mündim.Ýöne..." "Diýmek, o dünýä baryp bilmänsiňdä?" "Men gämidäki ýeke-täk ýolagçydym,şonuň üçinem kapitan meni alyp gitmegi islemedi.Onuň aýtmagyna görä o dünýä ýokmuşyn." "Bolmajak gürrüň! Eger o dünýä bolmasa ölenler näme etmeli?!" "Menem başda kapitan meni aldaýandyr diýip pikir etdim.Men oňa alyp gitmegini haýyş edip kän ýalbardym.Derýada gämisi bilen ýüzüp barýan başga kapitan hem şeý diýdi." "Indi näme etsem diýýäň?" "Kapitan meni başga ýere alyp gider.Antraktida,Öli deňizine,Baýkal kölüne.Ol meň bilen mylakatly gürleşýär.Şonuň üçin onuň bilen gidip barýan." "Bu ýere nädip geldiň?" "Amazonka derýasy arkaly." "Hany ýoldaşyň nirede?" "Seret, hana dur." Ol külbämiň gapdalynda duran kiçijek,palçyga bulaşan gämä tarap elini uzatdy... Ýuwaşjadan özüme gelsem töweregimde hiç kimiň ýoklugyna düşündim...Belki şu gije soňkydyr. 46-njy gün.21-nji sentýabr. Men diri.Hakykatdanam ahyrýet ýok bolsa näme işlärin?Eger ölümden soňam gijeki azaplar,agyrylar dowam etjek bolsa,hijem ölesim gelenok.Ölüm azaplardan dynmak dälmi? Ýok beýle diýmek ýalňyş.Beýnim oýlanmakdan ýadady. Kelläme beýle pikirler Hudaýa ynanmaýanym üçin gelýändir.Birdenem jennete girip bilmedik içegen-alkaş hakyndaky goşgy ýadyma düşdi. Öýlänräk uklapdyryn.Düýşimde gözel aýallar bilen şerap içip otyrmyşym. 47-nji gün,22-nji sentýabr. Üşeýän.Ellerim edil robotlaryň eli ýaly hereketlenýär.Ýüregim ýerinden çykaýjak bolýar. 48-nji gün,23-nji sentýabr. Derýada maňa gowy kapitan duşar diýip umyt edýän. 49-njy gün,24-nji sentýabr. Ruhum bedenimi terk etmegi başaranok.Şu azaplardan gutulaýsam.Gysylyp-gysylyp,edil geýilip çykarylan joraba meňzäp galaýdym öýdýän. 50-nji gün,25-nji sentýabr. Tokiodaky "Lup Laýynyň" soňky duralgasy niredekä? Näçe gezek aýlanyp çykdym.Bu otly hemme duralgada saklanyp geçýär.Soňky duralga tiziräk ýetäýsem. 51-nji gün,26-njy sentýabr. Toba, diňe süňkdir ýürek bilenem diri galyp boljak eken.Oktýabra ýetäýsem gerek. 52-nji gün,27-nji sentýabr. O dünýädiki migratsiýa edarasyna hat ýazmak gerek: ruhum iki ýada üç günden ýetip barar.Haýyş edýän,bu habary kabul ediň! 53-nji gün,28-nji sentýabr. Hemme zat ýüregime düşdi. 54-nji gün,29-njy sentýabr. Gämä münüp gidesim gelýär.Ýöne tölemäge ýekeje teňňede pulym ýok. 55-nji gün,30-njy sentýabr. Entegem diriligim hakynda pikir etsem gülkim tutýar.Men Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge mynasyp. 56-njy gün,1-nji oktýabr. Ýüregim bulanýar.Gursagymda erbet agyry.Gusup biläýsem özümi ýeňil duýardym.Belki ýüregimem daşaryk atylyp çykar. 57-nji gün,2-nji oktýabr. Azap çekip,ölüp bilemok. 58-nji gün,3-nji oktýabr. Ýüregim bulanýar.Tizarada gämä münmegi isleýän. 59-njy gün,4-nji oktýabr. Radiodanmy ýa başga ýerdenmi gülki sesleri eşidilýär. 60-njy gün,5-nji oktýabr. Kimdir ýanyma geldi. 61-nji gün,6-njy oktýabr. Daş-töweregim adamdan doly.Derýa maňa tarap akýar. 62-nji gün,7-nji oktýabr. Ine-de Ýagtylyk! Soñy. Simada MASAHIKO, ýapon ýazyjysy. Terjime eden Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |