09:02 Müñ-de bir razy bolardyk | |
MÜŇ-DE BIR RAZY BOLARDYK
Edebi makalalar
Men, hudaýa şükür, ýedi onlugy tegeläp barýan ýaşuly adam. Ýamanynam gördüm, ýagşysynam. Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşdim. Iki aýagymdan jyda düşdüm. Hiç haçan göwnüçökgünlige gol ýapmadym. Adam bu ýagty jahana inensoň, yzynda gowy ýatlama goýup gitmeli. Men muny ýaşlar bilen bolan duşuşyklarda gaýta-gaýta nygtaýaryn. Meniň özüm merdana adamlary halaýaryn. Sähel kynçylyk bolsa, dünýäsi daralýan adamlaram bar. Olar göreşmegiň deregine, takdyra ten berýärler. Adam göreşmelidir. Göreşsiz durmuş ýok. Ýazyjy Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» atly täze taryhy-publisistik oçerkler kitabynyň gahrymanlary hem merdana adamlar. Olaryň köpüsiniň täleýleri ters gelip, ömürleriniň men diýen döwrüni sürgünlerde, lagerdir türmelerde geçiripdirler. Ýogsam, olaryň halkyň öňünde çigit ýalyjagam günäleri ýok adamlar ahbetin. Awtor kitabynyň girişinde şeýle ýazýar: «Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda partiýa hataryny arassalaýyş işleri geçirilýär. Şu ýerde bu waka bilen baglanyşykly bir şygary mysal getirmekçi: «Oňat geçirilen arassalaýyş işleri, munuň özi, döwlete 105–110 prosent pagta tabşyrmak bilen barabardyr!». 1935-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli partiýa çlenleriniň we kandidatlaryň 9206-sy arassalanypdyr. Şolaryň 2335-si bolsa partiýa hataryndan çykarylypdyr...». Ine, saňa gerek bolsa zabunlygyň aňry başy. Partiýa agzasynyň ykbaly nire, 110 prosent pagta tabşyrmak nire?! Hawa, her näçe gynançly bolsa-da, biz şeýle döwri öz başymyzdan geçirmeli bolduk. Eger kyýamatlyk goňşyň gije «halk duşmany» diýlip ýygnalan bolsa, ertesi onuň maşgalasy bilen öňkiň ýaly ýygjam gatnaşyk edip bilmersiň. Eger gatnaşyk edýändigiňi zannyýamanyň biri görüp, habar etmeli ýerine ýetirdigi bes, seniň özüňem yzarlanyp başlarsyň. Hudaýym, ol günleriň indi bir geçdigi bolsun. Belli ýazyjymyz Allaýar Çüriýewiň kitabynyň içinden: «Adamlar, ägä boluň! Şol gara günleriň dolanyp gelmezi ýaly, agzybirlikde ýaşaň. Birek-birege rehimdarlygy unutmaň!» diýen parasatly pikir eriş-argaç bolup geçýär. Kitabyň bir ähmiýeti hem şumukan diýýän. On dokuz ýaşly oba gyzy Orazgül Aşyraly gyzynyň ykbaly hakda okap, gözümdäki ýaşymy saklap bilmedim. Hatda orusça suw bilen çöregiň nähili edip aýdylýandygyny bilmeýän Orazgüli Norilskä sürgün edýärler. Norilskä baranlarynda egnindäki türkmen köýnegi ýyrtylyp ugraýar. Rus eşigini-de geýmäge-de utanýar. Şondan soň, ol özüne geýim-gejim ibermeklerini haýyş edip, yzyna hat ýazýar. Emma hiç hili jogap bolmaýar. Oňa, tikin-çatyndan başga uly iş görmedik türkmen gyzyna lagerdäki iň agyr işleri buýurýarlar. Derýa bilen akyp gelýän agyr-agyr pürsleri suwuň gyrasyna çykarýar. Bir gezegem akyp gelýän bir egri pürsi çekip aljak bolanda, derýa ýykylýar. Öýkenine sowuk degýär. Ol ýigrimi iki ýyllap aýraçylykda gezýär. Her hili agyr ýagdaý ýüze çykanda hem türkmen gyzynyň belent mertebesini saklapdyr. Ahyram altmyşynjy ýyllaryň başlarynda Aşgabada dolanyp gelmäge rugsat alýar. Şu ýerde-de öýkenine degen sowuklama keselinden hem amanadyny tabşyrýar. Ine, saňa türkmen zenanynyň bir pajygaly ykbaly. Eger-de Allaýar Çüriýewiň iş edinip, bu hakda ýazmadyk bolsa, onda Orazgülüň «it görse, gözi agarjak» täleýi hakda biz, bizden soňky nesil bilip bilermidi?! Ýa-da iki dogan Goçy bilen Baýramsähediň NKWD-niň zeýli zyndanyndaky agyr horluklary başdan geçirişlerini alyp göreliň. Haçanda Goçyny kameranyň gapysyndan süýräp getirenlerinde Baýramsähet öz doganyny tanamaýar. Onuň bar aýdyp ýetişeni: «Gardaş, taýak gaty, et ýumşak. Meň-ä boljagym boldy. Sen bir özüňi horlatma. Gol çekäý bolmasa». Emma her hili horluklara sezewar edilse-de, onuň dogany «günäsini» boýun almaýar. Döwür nähili pajygaly bolsa-da, şeýle merdana adamlar bolupdy. Olar öz wyždanlarynyň garşysyna gitmän, günäsi ýok adamlara günä ýöňkäp, görkezme bermändirler. Kitapda bir bellemeli zat, Allaýar Çüriýewiň taryhy-publisistik oçerkleriniň her biriniň esasynda bir romanlyk wakalar ýatyr. Diýjek bolýan zadym, olaryň keç ykballarynyň hersi hakda bir uly roman ýazyp boljak. Men her bir oçerk hakda aýratyn durup geçmegi maksat edinmedim. Muny goý, okyjylaryň özleri okap görsünler. A. Çüriýewiň bu kitabyny okamak her bir okyjy üçin parz diýip düşünýän. Allaýar Çüriýew öz halky üçin bahasyna ýetip bolmajak iş bitirýär diýip hasap edýärin. Ýazyjynyň bu kitaby her bir türkmen üçin, goý, ol Eýranda ýa-da Owganystanda, ýa bolmasa Amerikada ýaşasyn, düşnüklidir diýip düşünýärin. Çünki olaryň köpüsi ýa-da olaryň ene-atalary ýigriminji, otuzynjy ýyllarda totalitar jemgyýetiň şatysyna döz gelmän, öz dogduk diýarlaryny, mähriban topragyny mejbury ýagdaýda terk eden adamlar. Olar şu günki güne çenli ata Watanyň yzasyny çekip ýörler. Men ýaşuly adam bolamsoň, iliň-günüň toýunda, ýasynda köp bolýaryn. Iki adamyň başy jemlenen ýerde, şol gara günler hakda gürrüň gozgalsa, ýazyjy Allaýar Çüriýewiň ady hormat bilen agzalýar. Ýaşuly nesliň arasynda onuň hormat-sylagy uly. Şujagaz ýazgyny hem men öz deň-duş adamlarymyň ençemesiniň sargydy boýunça ýazdym. Ýazyjy inimiz Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» atly kitabynyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna hödürlenendigini eşidip, biz, ýaşuly adamlar gaty begendik. Allaýaryň öz halkynyň öňünde bitiren hyzmatyny görmezlige salmalyň. Beýik Magtymgulynyň ildeşi Allaýar Çüriýew hormatly baýraga mynasyp ýazyjy. Eger-de oňa şol baýrak berilmeli edilse, biz – weteranlar baýragy bermek baradaky komitetiň agzalaryndan müňde bir razy bolardyk. Magtym ALAŞAÝEW, uruş we zähmet weterany. «Türkmenistan» gazeti, 1992-nji ýylyň 20-nji apreli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |