05:24 Muny agzamzok | |
MUNY AGZAMZOK
Publisistika
Düýn... Agzaçarda şu soragy berdiler: "Şu gün internetde bir wideorolik gördüm, ýüze golaý bosgun elini-aýagyny sallap gündogar araçäkden Türkiýä girýär. Ýewropa bosgunlara gapysyny ýapýar, a Türkiýe nämüçın gapysyny doly açýar? Näme jogap berendigimi aýtmazdan owal käbir maglumatlary bermeli boljak: - Ýurdumyzda siriýalylaryñ sany 3 million 664 müñ 873. - Ýurdumyzda işlemäge-wagtlaýyn ýaşamaga ýörite rugsatnamasy bolan daşary ýurtlylaryñ sany 1 million 32 müñ 348. A bikanun ýollar bilen geçenleri näme? Ýurdumyzda 2020-nji ýylda saklanan "bitertip göçegçileriñ" sany epidemiýanyñ täsiri bilen peselişe geçdi: 122 müñ 302. - Ýurdumyzda 2021-nji ýylyñ 24-nji martyndan bäri saklanan "bitertip göçegçileriñ" sany 22 müñ 115. Görkejilere ynanar ýaly däl gerek? Şunça göçegçiniñ ýurdumyza girişiniñ näme sebäpli öñi alnanok? Ýa-da şeýle soraýyn: Ýogsa-da göçegçi girişiniñ öñüne bent basmak islenenokmy? Özem ýurduñ serhedinden-gümrük nokatlaryndan geçmegiñ şolar ýaly kyn ýagdaýynda... Nämeler bolup geçýär? Işiñ içinde näme bar? Jogap üçin ýene käbir maglumatlary bermege idin beriñ: Siriýaly göçegçileriñ ortaça ýaş derejesi 22,4. Umumy ýatakhana merkezlerinde bolýan siriýalylaryñ sany 57 müñ 502. Siriýalylaryñ 98,5%-i şäherlerde ýaşaýar. Stambulda (523 müñ 859), Gaziantepde (449 müñ 73), Hataýda (436 müñ 4), Şanlyurfada (423 müñ 359), Adanada (254 müñ 58), Mersinde (226 müñ 922), Bursada (179 müñ 201), Izmirde (147 müñ 977l), Konýada (118 müñ 894)... Söwda we senagat merkezli şäherlerdäki görkezijiler bize nämäni añlaýar. Aslynda munuñ jogaby belli... ■ WÝETNAMLY SÜRÜJILER Stambul aeromenzili gurulanda gazetlerde şeýle habar peýda boldy: - Taslamanyñ konsorsium şärikdeşlerinden "Limak Holding" firmasynyñ dolandyryş düzüminiñ başlygy Nihat Özdemir 750 sany uly ýük awtoulagyny sürýän sürüji gerek boljakdygyny, emma häzire çenli bary-ýogy 82 adamyñ ýüz tutansygyny we olaryñ hemmesiniñ işe alnandygyny mälim etdi... Birinji tapgyrda Wýetnamdan 244 sürüji getirildi! Bu san wagtyñ kem-kemden 600-a ýetdi... Diñe Wýetnam däl: Bosniýa-Gersegowina, Päkistan, Gürjüstan, Malaýziýa, Owganystan, Nepal, Siriýa ýaly dürli ýurtlardan gelen işçiler işledi täze aeromenzilde... Şu hakykat: Türkiýede göçegçiler köplenç agyr zähmet talap edýän pudaklarda köpüsi ýörite hünäri bolmadyk çem gelen işçi hökmünde işleýär. Göçegçileriñ köplenç diýen ýaly möwsümlik işçi hökmünde işleýän ekerançylyk, gurluşyk, tekstil, çig mal önümçiligi ýaly pudaklarda has köp işe alynýandygy gizlin zat däl... Pagta ýygýanam, zeýtun ýygýanam, çaý ýygýanam, ülje, ýer tudanasy (klubnika), pomidor, garpyz ýygýanam şu işçiler… Diñe gündelik işçi däl… Gurluşykdan tekstile, öý hyzmatlaryndan turizme ýa-da çörek bişirmekden zir-zibil aýyrmaga çenli işleriñ köpüsinde bu işçi güýji hiç hili sosial taýdan howpsuzlygy üpjün edilmezden ujypsyzja hak üçin işleýär... Şunça ýumagyñ ujuny çöşläp berenimden soñ indi soragyñ jogabyna geçsek bolar: ■ ÝEWROPANYÑ HYTAÝY Häkimiýet wagtal-wagtal şu sözi dilinden sypdyrýar: "Ýewropanyñ Hytaýy bolarys!" Bu sözüñ düýp manysy şu aslynda: - Arzan işçi güýjüne goldanýan önümçiligi ýola goýarys! Ykdysady krizis taýdsn alanda-da, has köp girdeji gazanmaga bolan umyt babatda alanda-da has arzan, hemişelik däl, kepilliksiz göçegçi zähmetine bolan üns güýçlenýär sebäbi... Agzaçarda bir işewür şeýle diýdi: "Bäş-üç ýyl öñ daşary ýurtlardaky türk işçisine ortaça 1,750 dollar berýärdik, häzir muny Türkiýede bermek mümkin däl. Gazananyny jemläp jaý, awtoulag, mülk ýer almak isleýänler indi pes aýlyga işläsleri gelenok…” Sebäbi her näme-de bolsa, önümçilikde türk işçi güýjüniñ ýerini çaltlyk bilen göçegçiler alýar! Megerem, soraga jogap tapan bolsak gerek, araçäklerimizden ýurdumyza päsgelçiliksiz añsat geçmeleriñ sebäbi arzan işçi güýji! Bu häkimiýetiñ ýöredýän syýasaty... Häkimiýetiñ aýlyk haklaryny iñ pes derejede tutmak baradaky kabul edýän kararlarynyñ düýp sebäbinde-de şu wagşyýana ykdysady meýilnama ýatyr... Ýewropa hem muny ikelläp oñlaýar: arzan işçi güýji bolan göçegçileri Türkiýeden añyrlygyna geçirtmän, käbir uly firmalary ("Volkswagen" ýaly) ýurdumyza getirjek bolýar. Üsti örtülgije "sen maña göçegçi ugratma, men saña maýa goýumlaryny goýaýyn: hem sen peýda gazan, hem men" ylalaşygy baglaşylýar! Serhedimizden şular ýaly añsat geçmegiñ, ýurduñ gapysyny ýüz müñlerçe göçegçä açmagyñ başga hili düşündirişi ýok… Adamy eksplutatirlemekde çäk tanamaýan wagşy kapitalizmiñ bu tarapy hiç agzalmaýar. Soner ÝALCYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||