12:21 Muny ýazmagy köp pikir etdim | |
MUNY ÝAZMAGY KÖP PIKIR ETDIM
Publisistika
Häzir haýsy mesele hakda köp gürrüñ gozgalýar: ykdysady krizisiñ döreden pensiýasy bilen güzeran dolamak meselesi... Köp kişi "çep-sag bölünişiginiñ" üstünde pikir alyşmagy gereksiz hasaplap: "şumy häzirki bar aladamyz, meselämiz?" diýýär. Hut şeýle! Meselämiz "keseli" anyklamak we mundan gutuldyrjak "dermany" gözlemek! Meselä degişli sebäp-netije gatnaşygyny ideologiýadan üzñe pikir edip bolmaýar. Eýse, "haýsy ideologiýa"? Adalga fransuz filosofy Antuan Destýut de Trasi tarapyndan 1796-njy ýylda "pikirler ylymy" ady bilen düşünjeleşdirildi: Halkyñ akla-huşa sygmajak işlere garşy rasional pikir ulgamyny kämilleşdirmegi gazanmak... Netijede: Kapitalizm, sosializm, liberalizm, faşizm ýaly ideologiýalaryñ gelip direýän esasy sütüni Renessans we reformalar bilen başlan beýgeldiji "aýdyñlanma" müddeti boldy. Biziñ günlerimize çenli dowam eden bu taryhy ýolagçylyk üýtgewsiz hasaplanan çaklamalardan, gümansyratmalardan halas bolmagy we ylym-bilime gönügen ykrary kämilleşdirmegi maksat edindi. Adamzat düşünjesinde-de, jemgyýetçilik durmuşynda-da düýpli üýtgeşmeler döretdi. Ine... Şu ýerde bir jedelli gürrüñi gozgasym gelýär: Ideologiýa (liberal, sosialist, faşist) we režimiñ adyna näme diýseñiz diýiñ, Renessans döwri adamzada "jennet" getirdimi? Hut şu soragy bermegiñ özi häzir çep ganatda hüjüme uçramagyña sebäp bolýar! * * * Çepçi progressiwler bolsa hakykat bilen ýüzleşmäge mejburdyrlar. Bolup geçen ähli krizisleriñ, uruşlaryñ ýeke-täk sebäpkäri hökmünde diñe kapitalizmi görmek ýalñyş bolmazmy? Dini “dogmat” hasaplaýan progressiwler aslynda wagtyñ geçmegi bilen “dogmata” öwrülen düşünjeler toparyny döretmedimi? Aýdyñlanma paradigmasyñ, modeliniñ, halkasynyñ içinde adamzadyñ syýasy, ykdysady, medeni düşünjesi we hereketi aýlanyp-dolanyp dur. Adamzadyñ taryhy taýdan ýeten hiç bir üstünligini inkär edemok, emma öñi-ardy görünmeýän meseleleriñ çözgüde degişli leji çykan formulalaryny aşmaly boljakdygyny pikir edýärin. Şo bir duran ýerimizde aýlanyp torç etdik. Usulda, düýpde, prinsipde ýalñyşlyk goýberýän esasda, özende hem ýalñyşýandyr... Sowet Soýuzy darganda merhum Hasan Ýalçyn şeýle diýipdi: "- Kellämizi diwara urarys, ýykylarysam. Emma ýene ýerimizden turup ýolumyzy dowam etdirmeli bolarys". Bu belent ruhly söze nägileligim diñe "ýol" babatdadyr! Adamzadyñ ideal dünýä döretme maksadyna baş egýärin, emma bu "ýol" hakda pikir etmek gerekmikä diýýärin. Ýa bu "ýoluñ" soñy petige baryp direýän bolsa näme! Bu jedelli pikire indi konserwatiwlige öwrülen aýdyñlanma zorlugy bilen başlamaly bolmazmy? Edil Ýewropa merkezli taryhçylygyñ bolşy ýaly, köküni greklerden (Sokrat, Platon, Aristotel we başgalar) we Rimden (Siseron, Seneka we başgalar) alýan Ýewropa merkezli aýdyñlanma pelsepesi ýokmy? Hany hindi, hytaý pelsepeleri nirede, Ýum, Dekart, Didro, Leýbnis, Kant, Russo, Lokk, Spinoza, Wolteri we başgalary bilýäris... A meksikaly, eýranly, arabystanly näçe filosofyñ kitabyny okadyk? Günbatar paradigmasyny derñemeli bolmazmy? Soragsyz çepçi bolmaýar. * * * "Hiç zadyñ manysy-da, gymmaty-da ýok" diýjeg-ä bolamok, men nigilist däl. Täze paradigma gözleýärin. "Gara guty" kitabym çapdan çykanda faşistik köre-körlüge barýan hüjüm etmelere uçradym. Кapitalizmiñ medisina ylmyny, ylym-bilimi eksplutasiýasyna nädip guralyna öwrüşi hakdaky sorag köp çepçiniñ kellesine-de gelenok! Çepçiler "ylym" diýilýän zadyñ, meselem biotehnologiýanyñ ýa-da biosyýasatyñ taryhda görlüp-eşdilmedik derejede adamyñ döreýşine we jemgyýetçilik gurluşyna howp salýandygyny görmegem islänok. Hawa, adamyñ bedeniniñ üstünden gula öwrülmegini "ylym" diýip hödürlеmegine añ edenok... Bu uly aldawaja çepçileriñ sesini çykartmazlygynyñ sebäbem, soragsyz-sowalsyz kabul edýän ylmy fetişizmi... Adamzat diñe din bilen aldanýandyr öýdýärsiñizmi? Iñ başyna gaýdyp geler bolsam: Çep-sag bölünişigi bardyr. Emma öñdebaryjy çep ganat başgalaryñ ýörän ýolundan ýöremekden el çekip, gazanan üstünliklerinden ýüz sowup bilmejek Günbatar merkezli düşünje klubynyñ üstünde jedel gozgamalydyr... Liberalizmi, faşizmi, sosializmi, “aýdyñlanma halkasynyñ” içinde galyp aşmagyñ mümkin däldigini ýene näçe gezek synap görmeli bolarkak? Bu ýagdaý ahyrsoñy rewolýusioner çepçileri sagçylaşdyrýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |