Annatagan NURGELDIÝEW
▶ MUSA HAN
Günbatar ýomutlaryñ we Eýranyñ Türkmensährasynyñ içinde iñ meşhur hanlaryñ biridir. Ol XVIII asyryñ ikinji ýarymynda ýaşap geçipdir. Atasy Öwez handyr. Dädesine Nazar sümme, ejesine Näzigül diýilýär eken. Ejesine "gojuk ýa-da pezze taýpaayndan bolmaly" diýen iki maglumat bar.
Etrek etraplarynda doglupdyr. Ol atasy Öwez han ýaly, parasatly, dilewar, sahy hem-de göwresi uly kişi eken. Jedelli meseleleri gylyçdyr tüpeñ bilen däl-de, parahatçylykly ýol bilen çözmegiñ tarapdary bolupdyr. Onuñ döwründe golastyndaky ilat ýazylyp-ýaýrapdyr. Muny Türkmensährada şu günlerem aýdylýan goşgy bendi tassyklaýarlar:
Musa handyr hanymyz,
Ak tüwüdir nanymyz.
Ol han bolaly bäri,
Başna gitdi malymyz.
Soñky setirler şol mahallar ogry-jümriniñ az bolanlygyny-da añladýar. Ýogsam, ylaýta-da, geçmişde mal-gara başyna, ýagny çopansyz erkin gezdirilmeýär. Bu Musa hanyñ aýratyn nygtamaly ugurtapyjylygydyr.
Musa han günbatar ýomutlaryñ akatabaýynyñ uzynagynyñ sakawy taýpasyndan bolupdyr. Onuñ ýiti akylyny, synçylygyny durmuşda köp synap görüpdirler. Bir gezek nökerleri bilen gelýärkä göçülen ýurduñ yzlarynyñ üstünden barýar.
Ýüzbaşy:
- Han aga, bi ýurt haýsy taýpanyñky? - diýip soraýar.
- Gögüñki. Sebäbi bi taýpa öýlerini tertipsiz gurýar. Bitertip yzlar hanyñ aýdanlarynyñ dogrulygynyñ şeksizligini añladýar.
Gidiberýäeler. Ikinji göçülen ýurduñ üstünden gelýärler. Başky sowaly gaýtalaýarlar:
- Han aga, bi ýurt haýsy taýpanyñky?
- Sakawy. Görýäñizmi çakyr süñkleri. Nyşana alyp, ~ atypdyrlar. Diýmek, türgenleşipdirler. Bi taýpa awçy hem-de batyrdyr.
Göçülen üçünji ýurduñ üstünden barýarlar:
- Bi?..
- Hebipli. At tezegini dörüp görüñ. Içinden arpa tapmarsyñyz. Sagtaçan-gysganjrakdyr bi garyndaşlarymyz.
Ýolda ýene ençeme göçülen ýurtda galan yzlar boýunça taýpalara-da baha berdirýärler.
Musa hanyñ döwründe goñşuçylykdaky japarbaýlaryń ýer-araçägi Gürgen derýasynyñ olumy ~ Akbagyr eken. Şonuñ gündogar tarapy akatabaýyñky, günortadan Hazar deñzine çenli-de japarbaýyñky. Ekin ekmäge, mal bakmaga akatabaýyñ ýeri giñ bolupdyr. Japarbaýlara bolsa darlyk edipdir. Sebäbi olaryñ ýeriniñ aglabasyny suw tutupdyr. Musa handan ýer sorapdyrlar. Ol bermändir. Goñşular jedelleşip, Ak patyşanyñ Çekişlerdäki pristaw naçalnigine arz bilen ýüzlenipdirler. Pristawyñ naçalnigi goñşularyñ kethudalaryny hem-de Musa hany çagyrýar. Pristaw naçalnigi:
- Musa han, bularyñ aýdýany dogrumy? - diýip soraýar.
Hanyñ jogaby nagt bolýar:
- Dogry. Japarbaýlar biziñ öz doganymyz. Olara bolmasyn etmek niýetim ýok. Ýöne akatabaýyñ ýerini bölmek mümkin däl. Japarbaý garyndaşlar bölek ýer talap etmesinler. Hazary bütinleý maña bersinler. Menem olara tutuşlygyna akatabaýyñ ýerini bereýin. Garyndaşlar düşünenoklar. Deñziñ düri, balygy ekleýär-ä uly halky...
Paýhas eleginden geçirensoñlar japarbaýlar jedelden el çekýärler.
Musa han soñ-da, uruş-sögüş bolmaz ýaly Türkmensähradaky akatabaýlaryñ ýerlerine: Akgabyr, Akgala, Akdegiş, Akýap, Akdaş... we ş.m. kimin atlar goýdurypdyr. Bu atlar biziñ günlerimizde-de ýörgünli. Hatda "Musa hanyñ ýaby" Inçeburnuñ demirgazyk tarapynda häzirem bar.
Wagtynda akylyna aýlanan japarbaýlar gan e döküşiksiz çözenligi üçin, Musa handan hemişe razy bolup gezipdirler. Elbetde, her döwürdw arabozar adamlar bolýar. Olar abraýly, güýçli şahsyýetlere çirk ýetirmek isleýärler. Şeýle näkesler Musa han mahalynda-da bolupdyr. Musa hanyñ geñeşdary, arasyndan gyl geçmeýän dosty Hatam ýolma (taýpa ady -A.N.) eken. Oña:
- Hatam, seniñ Musa handan näme kem ýeriñ bar? Gaýtam, dilewarrak. Özüñ han bol - diýip, küşgüren tapylypdyr. Onda Hatam ýolma:
- Musa han kellesi agryp ýatanda-da, öýüne bäş atly myhman gelse, unudyp, oturyberýär, ýene-de bir bäş atly gelse sagalaýýar. Ine, şu häsiýetini başaramok. Aş-çörekli, sahy kişi. Meniñ şol sebäpli-de, han bolmak niýetim ýok - diýip jogap beripdir.
Näkesler ahyry Musa hany berk ynjydypdyrlar. "Senden adalatly han bolmaz" diýen ýaly şerebeli, bolgusyz sözleri eşitdirmegi gurnapdyrlar. Onsoñ Musa han öýkeläp, Etrek ýakasyndan Türkmensähra daýylarynyñ ~ gojuklaryñ ýanyna göçüp barypdyr. Gojuklaryñ hanyna Tagan çöññe diýilýär eken. Tekepbir...
Bir gün irden turup görseler, gojuk obasynyñ daşyna arpa sepilipdir. Gojuk hany bu ahwaly Musa hana aýdýar. Biraz pikirlenen Musa han:
- Duşman bar ýerinde içinde dost-da tapylýar. Bu alamat duşmanyñ çozjaklygynyñ mälim edýän dostuñyzyñ duýduryşy. Söweşe taýyn boluñ.
Tagan çöññe "maña bi ýerlerde çozjak tapylmaz" diýip Musa hanyñ pähimine parhsyz garapdyr. Musa han:
- Han, duşman çozanda bilersiñ. Onda giç bolar - diýip, gojuk hanyny ýene hüşgärlige çagyrypdyr. Bu gürrüñ Musa hanyñ ejesiniñ gulagyna eşitdirilýär. Näzigül eje ogluna pent berýär:
- Oglum, bi taýda ýekesiñ. Ýekäniñ bolsa çañy çykmaz. Habardar bol özüñ.
Herhal gojuk hany obanyñ gündogar tarapyna garawul goýupdyr. Muny bilen Musa han:
- Düz ýerden duşman gelmez. Günorta tarapyñyz jeññel. Şol tarapdan çozar. Onsoñ garawuly günorta-da goýuñ.
Özüne juda göwni ýetýän Tagan çöññe bu gezegem Musa hanyñ pähimine gulak asmaýar. Duşman bir gije duýdansyzlykda günortadan ~ jeññel tarapdan çozýar. Öýlere ot berýärler. Oglan-uşak, aýallar eñşeşip, günbatara gaçýar. Olar ýollaryny kesýän Gürgen derýasyndan geçmeli. Aglabasyna geçmek başardýar. Ýöne bir zenan ýaralanyp geçip bilmeýär. Äri üstünden gelipdir. Ony alman, gyssanmaç taşlap gidýär. Soñra Musa han gelýär. Bir atda özi, ejesi aýaly. Musa han ýeñilräk ýaralanan zenany atynyñ guýrugyndan tutduryp, Gürgen derýasynyñ ýalpagrak olumyndan geçiripdir. Soñ bu oluma-da "Ýesir geçen" diýip at galypdyr. Günbatar ýomutlarda "ýesir" sözi "aýal, zenan" diýen manyny-da añladýar. Häzirem bu olumy "Ýesir geçen" diýip tutýarlar. Kümmethowuzda bolanymyzda, baryp gördük. Olumy surata düşürdik. Tagan çöññäniñ garawul goýan ýerine-de baryp gördük. Dogrudanam, eliñ aýasy kimin tekiz meýdan. Giñ düzlügiñ sakçysy şekilli häzirem bir depejik bar. Şol ganly gije bilen baglanyşykly bu depejige ilat "Garawul depe" diýip, at goýupdyr.
Indi kelam agyz şol ýaraly zenan barada. Ol adamsyna:
- Men aýrylyşjak, senden. Kyn günde taşlap, gaçdyñ. Özümem Musa hana heleý üstüne barjak - diýip, berk aýdýar.
Şol pikir bilen Musa hanyñ gaşyna gelýär. Ynsaply han gelniñ teklibini ret edýär.
Musa han ýurdundan gaýdanda, salym geçmänkä, agzalalyk başlanýar. Bir oba beýleki bir oba çozýar, maly talaýarlar, ýesir alýarlar. Ýaşulular jem bolup, Musa hanyñ ýanyna barýarlar, il-güne eýe çykmagy töwella edýärler. Han ýaşulularyñ maslahatyny alýar. Ýurduna dolanýar. Ýagdaý kadalaşýar. Ilat arabozarlara berk daryşýar.
Musa han ahyry Türkmensähranyñ "Akgala" diýen ýerinde hemişelik ýurt edinmegi ýüregine düwýär. "Atyra çal" atly ekin we öri meýdanyny berýärler. Bu meýdana dagdan çeşmeler akypdyr. Lälezarlyga öwrülipdir. Beýleki hanlyklar "Atyra çaly" ekseler üçden birini Musa hana bermel bolupdyr. Hanlaryñ öz arasynda oñşuksyzlyk döräpdir. Musa han "jedeller biraz köşeşsin" diýen niýet bilen Jürjäne göçmeli bolýar. Kürt hanynyñ biri Musa hany synamak isleýär. Bölek atlysy Musa hanyñ göçüniñ öñünden çykýar. Ýüzbaşy:
- Han aga, saña salama geldik. Ýöne külli ýomudyñ hany bolup, göçüp ýörmek gelşiksizräk ýaly... - diýip, öñ öwredilen sözleri aýdýar.
Hanyñ jogaby kesgin bolýar:
- Meniñ göçüm Siziñ oturyşyñyzdan zyýadadyr.
Düşüberiñ.
- Eýle bolsa, biziñ şanymyza toý et.
- Baş üstüne.
Musa han göçe rugsat berýär. Ol kürt hanynyñ şeýle şert goýjaklygyny öñ añlapdyr. Onsoñ toý enjamlaryny tutup gaýdypdyr. Derrew ýüz sany at gazyk kakdyrypdyr. Halydyr keçe düşedipdir. Goýun öldürilip, çaý-nahar berlipdir...
Musa han Jürjäne baranda-da hanlaryñ jedelleri saýpallaşmandyr. Gaýtam güýçlenip, ganjaryşypdyrlar.
Musa han häzirki Alyabat şäheriniñ demirgazygyndaky "Kemal han" meýdanynda ýerleşipdir. Şol döwürde oña "Bedir" diýlibem atlandyrylypdyr.
Musa hanyñ tagallasy bilen hanlar bir ýere üýşürilipdir we ylalaşyga gelnipdir. Biz şol ylalaşygyñ dokumentini Kümmethowuzda bolanymyzda köp gözledik. Ahyry zähmetimiz reýgan bolmady. Musa hanyñ kowmundan Şanazar hajydan fotokopiýasyny aldyk. Ylalaşyk köne arap-pars ýazuwynda düzülipdir. Käbir harpy, sözi wagtyñ geçmegi bilen könelip ýa-da zaýalanyp okap bolmady. Sözlemler tagaşyksyz düzülipdir. Herhal bu ylalaşygy syntgylaman, tebigylygyna okyjylara ýetirmegi makul bildik. Ony kyrk ýaşly, Türkmensährada sarpasy juda uly Abdyljepbar ahun Hally hajy ogly sakawy terjime etdi:
"Yslamy we milli şerigat boýunça ylalaşygy kabul etdiler:
Uly makamlylar (mertebeliler -A.N.) Musa han we Emir han, türkmeniñ ak taýpasyndan. Makamy (mertebesi) uly, (yzzaty artsyn we ýagşy bagt ýoldaşy bolsun) Aly Ryza han, Gara Musawy, Luý Gajar we onuñ başga ortaklary; öz aralarynda çykmakda (?) belli paýlaryna görä we olar beýik mertebeliler: Kerbelaýy, hanlar hany Nazar han, we... lary... hanym we Sara hanym we Hädi han we Nasrulla han, Agajan we Ahmet han, Nejep aga we Hüseýin han, we Bibi hanym we Sa...i hanym we Mahbibi hanym we Sekine hanym we hanym Büzürk we Patma hanym we Hajymuhammet Hasan aga, Bakçy we başga bilinýänler. Hemmesi "Atyra çal" obasynyñ goşugly dörtden biriniñ goşugly üçden ikisine Asrtabatda ýerleşen oba şerigat we orfy (adat) degişli zatlary oturdylýan ýurt we... We käriz işlenýän we işlenmeýäni we ekilýän we ekilmeýäni we ulanylýan we harap (zaýa) we başgalar eýelikden... we ulanyp hem bolsun. Şo aýdylan dörtden birden goşugly üçden bir at berilsin ýa berilmesin, aýdylsyn ýa aýdylmasyn we şunuñ ýaly ylalaşygy kabul etdiler. Hemme şertler bile dogrulykdan we lazymlykdan beýik mertebeliler Musa han we Emir han türkmen. Aýdylanlary hoş görýän jenap... şerigat öwrülip gelýän ýeri öz wagtynyñ ýekesi, hormatly Aga ahun, molla Muhammetweli (şony Alla salamat etsin!) beýik mertebeli Muhammet Bakyr han, Ryzaguly hanyñ orunbasary we başga ortaklary erkek we zenandan öz belli paýlary boýunça, üýtgetmek ýoly boýunça aýdylan obanyñ goşugly üçden ikisinden goşugly üçden biri aýdylan degişli zatlary bile üç bölek aýdylan ikiñ arasynda oñşulan zatdan üçden ikisi Musa hana we galan üçden biri Emir hana degişlidir. Ylalaşygyñ deregine belli deñ üç ýük gyzyl bugdaý we Astrabadyñ... iki tanydygly 60 men (agyrlyk ölçegi -A.N.) bugdaý Astrabat (häzirki Gürgen -terj.belligi) wakri (ýüki) bilen şu ýylyñ 1288-e, seretanyñ deslabynda (tomsuñ başky aýy, iýun) gowşurylmaly. Şol ylalaşyk deregini aýdylan ylalaşýanlara 3 bölek şu şert bile... mülki we diwany we başgalary öz paýyna göräki üçden biridir. Aýdylan boýun çekmeli. Her wagt şo taýdan bir ogurlyk ýa galtamanlyk bilen... Aýdylanlar alyş we şaýat geçiriş etmeli. Şo obada ýaşaýanlaryñ mal we janlaryny saklamaly. Ters bolan suratynda ylalaşýanlara gaýtarmak ygtyýary bardyr. Alty aýa çekmek ygtyýary ýok, alty aýdan soñra bar.
Şu baglanyşyk: "1287 ýyl, meret aýynyñ 28 güni".
Bu hijri senesi 1871-nji milady ýylyna gabat gelýär.
...Abdyljepbar ahun terjime edip bolandan soñ, meniñ içki oýlanmamy añan ýaly:
- Hanlar, gaharlaryna zordan döz gelen bolmaly. Sözlemler pytyrañ düzülipdir - diýip aýtdy.
Başda belleýşimiz ýaly, bu gymmatly dokumentiñ ýazgylaryndaky sözlemleriñ gurluşynyn tebigylygyny sakladyk. Iñ soñky, ady ýazylgy Musa hanyñ möhüri. Görnüşi ýaly, özem iki paý almagy başarypdyr. Bu onuñ hanlaryñ içinde abraýynyñ uludugyny görkezýär. Aýdylyşyna görä, hasylyñ bir paýdan gowragyny has mätäçlere, garyplara, ýetimlere beripdir. Ylalaşykda ýazylyşy ýaly, hanlar biri-birine çozmandyr, uzak mahallap, oñşup oturypdyrlar. Soñra Eýran hökümetiniñ häkimi Musa hanyñ golaýyndan mekan tutunypdyr. Hanlaryñ aglabasy salama barypdyrlar. Musa han näme üçindir, saklanypdyr. Musa hanyñ daşgynrak garyndaşy gök taýpasyndan bolan, batyrlykda ýakasyny tanadan Diwana kör hem häkime ugrapdyr. Musa han oña nökeriniñ birini iberipdir: "Batyr yzyna öwrülsin. Ýogsam, başyna ölüm düşer". Aslynda Musa hanyñ ilat içindäki at-abraýyna gizlin görüpçilik edýänler yñdarma Diwana kör häkim bilen arasyny sazlamak eken. Ýaşulularyñ aýdyşyna görä, Diwanany öñe nahar alnanda mekir häkim öldürdipdir. Basym hanyñ özüni häkim çagyrypdyr hem-de:
- Şu gapydan geläýme - diýip, berk aýdypdyr. Ýomut hany sesini çykarmandyr. Emma Musa han soñ ýene bir gezek häkimiñ jaýyna barýar. Dergazap bolan häkim gygyrýar:
- Saña aýtdym-a, şu gapydan gelme diýip...
Musa han gülümsireýär:
- Men beýleki gapydan girdim.
Sebäbi häkimiñ jaýynyñ iki gapysy bar eken. Onuñ akyl-huşuna syny oturan häkim ýumşaýar. Hormatyna nahar berýär.
Musa han "Iki goçuñ kellesi bir gazanda gaýnamaz" diýen dana pikir eýerip, basym Balkan welaýatynyñ "Däneata" atly ýerine göçýär. Ýedi gije-gündizläp toý edýär. Balkan etrabynyñ ilaty hanyñ öz topraklaryna gelenine juda begenýärler.
Hazar deñzinden gündogar tarapda serhedi kesgitlemek hakynda rus-eýran konwensiýasyna gol çekilýär. Ruslar tarapyndan patyşanyñ adatdan daşary diplomatik wekili hem-de doly ygtyýarly ministri Iwan Zinowýew, beýleki tarapdan, Persiýanyñ şasynyñ daşary işler ministri Mürze Seýit han Motemenul Mülk gatnaşýar. Etrek derýasynyñ hanasy Esenguly aýlagyndan Çata (häzirki Gyzylarbat etrabyna degişli -A.N.) çenli serhet bolmaly. Serhet bolsa Soñydag hem-de Sagyrym dag gerişleri boýunça Çatdan demirgazyk gündogar tarapa gidýär. Umuman, eýran-türkmen serhedi şu konwensiýada bellenilýär. Bu baglanyşyk musulman ýyl hasabyndan 1299-njy ýylyñ 29-njy moharreminde, milady ýyl hasabyndan bolsa 1881-nji ýylyñ 9-njy dekabrynda düzülýär. Ruslar Gökdepe galasyna çozmakçy bolanlarynda bärden, günbatardan barypdyrlar. Şonda Musa hany zor bilen äkidipdirler. Bu barada professor Mehmet Saraý "Türkmenler imperializm zamanynda" atly ylmy işinde şe6lw ýazýar:
"Dykma serdar maslahata ruslaryñ otrýadlaryna ýomut tiresinden iki sany türkmeniñ ýol görkeziji bolup gelendigini, biriniñ Musa han we beýlekisiniñ Molla Düñderdigini aýtdy. Ol şeýle hem Musa han bilen dilleşendigini, rus otrýadlarynuñ matlaplary barada onun habar berip durjakdygyny-da aýtdy".
(Seret: "Garagum žurnaly, 145-nji sah, 1992 ý, N"9-njy sany).
Galanyñ töweregi gabalýar. Ruslar birbada Gökdepäni alyp bilmeýärler. Basym galanyñ töweregindşki otlar gurap başlaýar. Musa han: "Doganlar, duşman galanyñ aşagyndan barmak isleýär. Şol sebäpli, galanyñ tegelek içinden gazyp suw goýberiń" diýen habary ýetirýär. Gabawdakylar şeýdýärler. Barybir güýçler deñ däldi. Ruslar hemme babatda rüstemdi.
Musa hanyñ galany goraýjylar bilen edýän gizlin aragatnaşygy duýlup, ruslar tarapyndan tutular. Gökdepeliler Musa hana nähili boşadyp boljaklygyny maslahat sorap, habar ýetirmegi başarýarlar. Musa han bolsa:
"Meni rus bolköýneklerine ýamanlaberiñ" diýen jogaby berýär. Ahallylar onun aýdyşy ýaly edýärler. Ruslar weli, köp ikirjiñlenmeden soñ: "Musa han dogrudanam biziñ tarapdarymyz eken" diýip ony boşadýarlar. Gökdepäni goraýjylaryñ ykbaly-da pajygaly gutarýar.
Bu parasatly hanyñ ömrünin soñky pursatlary, nirede aradan çykanlygy häzirlikçe anyklatmady. Ýöne B.R.Logaşowa "Eýran türkmenleri" (Moskwa-1976) atly kitabynda Musa hanyñ Türkmensähra general-gubernator (häkim) bellenendigini ýazýar.
Herhal onuñ il ogly bolandygy mälim. Özem kiçigöwünli eken. Çagasynyñ birini göterip durka:
- Özüñ han, ýene-de çaga oýnadýarsyñ - diýenlerinde:
- Uly iliñ hany, öz öýümiñ guly - diýip jogap beripdir.
Öwez han we Musa han barada materialy toplamaga ençeme adam ýardam berdi. Heniz oglantakkam dädem Nurgeldi Annatagan oglundan (merhum), Mämmet Musa oglundan (merhum) bu hanlar hakynda köp eşidipdim. Şeýle-de kömek eden kümmethowuzly Janmämmet hajy Söýünç ogluna, Abdyljepbar ahun Hally hajy ogluna, doganlar Magtymguly we Gylyç däde Gaýly ogluna, Annatagan Arçyn hajy Annamämmet ogluna, Annamämmet Annatagan Arçyn hajy ogluna, Agöýli Maşatguly batyr ogluna we beýlekilere aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin.
1992 ý.
Taryhy şahslar