12:19 Mustapa Kemal ýalany | |
MUSTAPA KEMAL ÝALANY
Publisistika
HDP-niñ deñdeş başlygy (сопредседатель) Perwin Buldan partiýasynyñ ýygnagynda şeýle diýdi: - Respublika gurlan wagtyndaky ademi-merkeziýetçilik (децентрализация) we demokratiýa prinsipinden daşlaşyp, ýeke-täkçilik sistemasyny döwrä sokup, ýüz ýyllyk ýykylşyk prosesini döretdi. Nutukda wehim hatalar bar. Biri, desentralizasiýalaşmak prinsipinden daşlaşylandygy hakdaky pikiri… Desentralizasiýa-özygtyýarlylyk syýasy garaýşyny 1800-nji ýyllaryñ başyndan bäri gürrüñini etmek bolar. Şol döwür Angliýa, Fransiýa, Russiýa basybalyjylykly döwletden imperiýa döwrüne geçdiler. “Imperializm” düşünjesiniñ şol wagt orta çykmagy munuñ netijesi boldy. Döwlet bazaryny gorap saklamak islän Italiýa (1861), Germaniýa (1871) bitewiligini saklap, merkezi döwletlerini gurdy. Şol wagt Osmanly döwletiniñ derebegleri (döwlet emeldary bolan adamyñ wagtyñ geçmegi bilen döwletden arasy üzülip, özbaşdaklaşan feodal ýer eýeleri -t.b.) bilen meselesi bardy: Demirgazyk Afrikada Mämmedaly paşa, Rumelide Tepedelenli Aly paşa, Gündogar Anadoluda Kürt Babanzada, Bedirhani, Orta Anadoluda Çapanogullary, Günbatar Anadoluda Garaosmanogly… Bu feodal han-begleriñ köpüsi indi salgyt töläsi, esger beresi gelmeýärdi. Döwletiñ içindäki döwlet ýaly hereket edip, "özygtyýarlylykdan" "garaşsyzlyga" geçiş taýýarlygyny görýärdiler. Soltan Mahmyt II derebegleri aýryp, merkezi döweleti güýçlendirmek üçin osmanly dolandyryş gurluşynda reformalary geçirdi. Şu günlerem dowam edýän separatistik kürt agressiýasynyñ düýbi merkezi döwleti güýçlendiren şu reformalara garşy turan gozgalañ bilen tutuldy. 15 kürt topalañy bolup geçdi… 1900-njy ýyllaryñ başynda sahna soltanzada Mehmet Sabahatdin çykdy. Mahmyt Jelaleddin paşa gaýynagasy Abdylhamyt II-ä garşy gidýändigi üçin ogullary Sabahatdindir Lütfullahy alyp, 1889-njy ýylda Ýewropa gaçmaga mejbur boldy. Prins Sabahatdin Parižde liberal pikirler bilen tanyşdy. Edmond Demoleniñ “Anglo-saksonlaryñ üstünligi nämede?” ýaly kitaplaryndan täsirlendi. Merkezi döwletiñ güýçlendirilmegini öñe süren ittihatçylar (ýunionçylar) bilen ýoluny aýyrdy. “Teşebbüsi-şahsi we Âdemi Merkeziyet Jemgyýetini" gurdy. Žurnalist Aly Kemal ýaly liberallara "Osmanly Ahrar fyrkasyny" gurdurdy. Saýlawlarda şowsuzlyga uçrady. Döwlet agdarlyşygyny amala aşyrmaga synanyşdy we ş.m. Geleliñ respublika döwrüne… Şeýle diýilýär: "Mustapa Kemal kürtlere özygtyýarlylyk sözüni berdi!" Kürtlere ýazylan hatlar bilen bir hatarda hiç bir resminamada beýle söz ýok. Şeýle diýilýär: "Ýokary Halk Mejlisi (TBMM) 1922-nji ýylyñ 10-njy fewralynda kürtlere özygtyýarlylyj berýän gizlin kanuny kabul etdi". Şol gün mejlis ýygnagy bolmasa näme! Galyberse-de, kanun diýilýän zat ýerine ýetirilmek üçin çykarylýar, gizlin kanun kime gerek? Ýapa degmez samahyllylar... Şeýle diýilýär: "Mustapa Kemal 1923-nji ýylyñ 16-17-nji ýanwarynda Izmitde Stambulyñ habar beriş serişdeleriniñ öñünde eden çykyşynda kürtlere özygtyýarlylyk sözüni berdi". Iñ añ bulaşdyryjy gepem şunda. Aslynda Mustapa Kemalyñ aýdany şudur: “Ädimme-ädim bütün ýurtda giñ möçberde gönüden-göni halk gatlaklarynyñ dahylly we täsirli ýerli dolandyryş edaralarynyñ gurulmagy syýasatymyzyñ zerurlyklaryndandyr. Kürtleriñ ýaşaýan ýerlerinde-de syýasatymyz taýdan ädimme-ädim ýerli dolandyryş edaralarynyñ gurulmagyny gerekli hasaplaýarys…” Mustapa Kemal aslynda 1921-nji ýylyñ Konstitusiýasyna goldanýardy: “Türkiye geografiki ýerleşişi we ykdysady gatnaşyklary taýdan illere (welaýatlara), iller ilçelere (etraplara) bölünip, ilçelerem bujaklardan (arçynlyklardan) düzülýär". (10-njy madda). "Welaýatlar sebitleýin işlerde kanuny sypata we özygtyýarlylyga eýedir. Içerki we daşarky syýasat, şerigata, adalata, harby gulluga degişli işler, halkara-ykdysady gatnaşyklar we hökümetiñ esasy salgytlary bilen peýdasy birden köp welaýatlary öz içine alýan hususlar başga ýagdaýlarda Ýokary Mejlis tarapyndan güýje girizilen kanunlara goldanyp, fondlar, mekdepler, bilim, saglygy goraýyş, oba hojalyk, maldarçylyk, sosial kömek işleriniñ düzgünleşdirilmegi we dolandyrylmagy welaýat mejlisleriniñ ygtyýarlyklaryna girýär…” (11-nji madda). Hawa, gürrüñi edilýän - häzirem hereket edýän welaýat häkimliginiñ ýörite dolandyryş edaralarynyñ we başynda munisipalitet başlygyñ bolan saýlawlary bilen gelen ýerli mejlisler... Bular Perwin Buldanyñ pikirindäki desentralizasiýalaşmak däl. Propaganda bilen taryh ýazylmaýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |