20:07 Musulman däl türkler gardaşymyz dälmi? | |
MUSULMAN DÄL TÜRKLER GARDAŞYMYZ DÄLMI?
Publisistika
Gagauzlardan çuwaşlara, Ýakudystandan Tuwa, Altaýa çenli kimsi dinsiz, kimsi hristian, kimsi şaman, kimsi iudeý... şonça türke indi nähili garamaly? Türkiýäniñ Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan gagauz lideri Irina Wlah bilen Türkiýäniñ prezidenti Rejep Taýýip Erdogan saýlaw kampaniýasynyñ barha gyzyşýan döwründe birnäçe ugurda ädimler ädýär, beýanatlar berýär. Bulardan birine düýn Dini işler akademiýasynyñ talyplarynyñ gutardyş dabarasynda şaýat bolduk. Erdoganyñ täze "açyşy" şu boldy: "Taryh kitaplaryna şeýle bir göz aýlanyñyzda gabat gelinjek hakykat şudur: Türk diýmek, şol bir wagtyñ özünde musulman diýmekdir". Kitaplara "şeýle bir göz aýlamak" käte ýalñyşdyrybam bilýär. Hususanam içerki syýasatda dartgynly şertlerde bolsañyz "daşardaky dünýäni" ýatdan çykaryp bilýärsiñiz. Ýogsam bolmasa, uzak ýyllar bäri häkimiýetiñ ygtyýarlygyna beren daşary syýasaty AKP häkimiýeti üçin örän möhümdir, ýeke ýalñyşlyga-da göz ýummak mümkin däl. Kitaplara şeýle bir göz aýlamakdan has köp wagt sarp etmeliler bolan Prezidentiñ geñeşçileri we nutukýazarlary "Türk diýmek musulman diýmekdir" jümlesiniñ haýbatyna aldanyp, reýislerini ýalñyşlyga iteren bolmaklary ahmal. Emma meñ pikirimçe, iñ bolmanda häzirlikçe birilerinden ötünç soramak gerek. Kimleriñ gürrüñini edýärin? Musulman däl türklerden. * * * Bäý-bä... Musulman däl türklerem barmydy? Hany, "Türk diýmek, şol bir wagtyñ özünde musulman diýmekdir" diýip durduñyz-a? Erdoganyñ bu sözüni eşidenimde, 1981-1982-nji ýyllarda Moldawiýada ýaşan wagtym ýadyma düşdi. Men Kişinýo2 uniwersitetiniñ Taýýarlyk fakultetinde rus dilinden okap ýörkäp, birnäçe gagauz bilen tanyşypdym. Soñ-soñlar başgalary bilenem tanşyp gitdim. Yzyndanam bir gün Komrata gitdik. Gagauzlar diýseñ mähirli halk. Sanlary 160 müñ töweregi bar diýilýärdi. Ýaşulylary dagy doly arassa saýyp boljak türk dilinde gepleýärdiler. Ýaşlar gürlänre ýek-ýarym rus sözlerini ulanýardylar. "Hristian türkler" bilen tanyşlygym şular ýaly bolup geçdi. Birnäçe ýyldan soñ Moskwada žurnalistlik edip ýörkämem türkleriñ arasyna çalt-çaltdan baryp durýardym. Iñ halan şäherlerimiñ birem Çeboksary (Şupaşkar) boldy. Russiýanyñ düzümindäki Çuwaşystanyñ paýtagtydy. Maña heniz Leningrad uniwersitetinde okap ýörkäm dostlaşan çuwaş gardaşymy ýatlanymda, olaryñ arasynda mähirli, güler ýüzli, göwnaçyk adamlaryñ sanardan köpdügi ýadyma düşýär. Şol döwürde pikir alyşýan tanyşlarymyñ biri maña degişme gatyşykly şeýle diýipdi: - Sen prawoslaw hristian türkleri has gowy görýäñ öýdýän?.. Başga türkler bilenem tanşypdym. Ýakudystan (Saha) Respublikasyndan, Tuwadan, Altaýdan... Kimsi dinsiz, kimsi şaman, kimsi iudeý ýa-da başga dinlerdendi. * * * Türkiýäniñ otuz ýyldan gowrak wagt bäri "Balkanlardan Hytaý diwaryna çenli" aralykda ýaýylyp ýatan türki dünýäsine liderlik etme hyýalbentligini ýakyndan synlamaga synanyşdym. Elbetde, taryhy, medeni, dini umumylyklary we birmeñzeş dil toparyna girmek ýaly zatlary görmezlige salyp bolmaýar. "Milliýetçi emeller" diýip, bularyñ ähmiýetini inkär edibem bilmersiñiz. Emma Ankaranyñ SSSR-iñ dargamagy bilen birlikde özüni beýleki ähli türkleriñ (türki halklaryñ) "agasy" yglan etmegi praktikada o diýen şowuna bolmady. Çünki onuñ ykdysady güýjü-de, strategik akyly-da mundan ejiz gelýärdi. Soñra bu meselä biraz üns berlip başlandy. Aýratynam, Russiýanyñ Orta Aziýada we Kawkazda gowşama prosesine baglylykda. Emma şindizem uzak wagtlaýyn anyk syýasy ugrunyñ bardygyny öñe sürmek mümkin däl. Ýagdaýyñ şular ýalydygy görnüp durka düýnki "Türk diýmek, musulman diýmekdir" diýen ýaly samahyllylaram şol ýurtlarda az-maz ýakymsyz täsir döretmez. Iñ ýamany-da, tebigy taýdan "Erdogan indi musulman däl türkleri gardaşam saýanokmy?" soragyny döredýär. Gürrüñi gidýän ýurtlar we halklary diñe häkimiýetiñ däl, oppozisiýanyñam we özüni intelligent hasaplaýan sag-çep ganatdan žurnalistlerdir alymlaryñam gowşak damary bolmagynda galýar. Soñky wagtlar düýpli sarsgynlary başdan geçirýän Russiýanyñ düzümindäki Başgyrdystan boýunça käbir teswirleri okaýaryn. Düýnki güne çenli dünýäde şeýle respublikanyñ we halkyñ bardygyny-da bilmeýän, bu respublikanyñ we şäherleriniñ adyny dogry-dürs aýdybam bilmeýän "intellektuallar" häzir bir çyrpynyşda orta atylyp çykyp "Türkler aýaga galýar, gardaşlarymyz goranýar!" diýip, global tolgunyşyklardan "gan paýyny" almagyñ gaýgysyna düşdüler. Megerem bular ýaly ýurtda taryh kitaplary kän okalmaýan, adamlar gaty gitse "şeýle bir göz aýlaýan" bolarly... Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 02.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |