09:01 "Musulman doganlar" hemişelik bir gyra zyñyldymy? | |
"MUSULMAN DOGANLAR" HEMIŞELIK BIR GYRA ZYÑYLDYMY?
Publisistika
Türkiýeli ygtyýarlylar onlarça "Ihwan" guramasynyñ agzasyna türk raýatlygy we ýaşamaga rugsatnama berilmegine garşy çykdy. Olaryñ tabşyrýan resminamalarynda galplyk we ýoýulmalaryñ bardygy anyklanandan soñ öñki raýatlyk alanlaryñam kanuny taýdan derñelmegi makul bilindi. Ýoluñ soñy nirä baryp dirär? Bu "Ihwani-Müslimin" ("Musulman doganlar") jemagatynyñ müñlerçe bolmasa-da, ýüzlerçe kadrynyñ, agzasynyñ, žurnalistiniñ, syýasatçy tarapdarynyñ meselesi. Bular Türkiýede, ondan soñ Katarda, belki-de Malaýziýada bolýarlar ýa-da bolýalardy. Ýakyn wagtda-da Bosniýa olar üçin esasy güzere öwrüldi. Elbetde, bulardan öñ we soñ Birleşen Korollyk, Germaniýa, Şweýsariýa, ABŞ, Kanada ýaly "Ihwanyñ" başga-da gaçybatalga ýurtlary bar. Önüp-ösen ýurtlarynyñ garşysyna meçew beriji gara propaganda ýöredýän "ihwançylar" ýa-da onuñ içinden çykan belli bir topar özleriniñ adam hukuklaryny we söz azatlygyny gorama bahanasyna duwlanyp haýsam bolsa bir döwlete garşy şantaž ýa-da täsir ediş guraly bolup hyzmat edýändiklerini gowy bilýärler. Bize gelip gowuşýan habarlar kuweýtli ygtyýarlylaryñ "Ihwan" jemagatyndan müsürli bir işewür diýip tanadylan Abdyrezzak Hasan eş-Şuweýhini Kuweýt howa menziline baran badyna tussag edendigini aýdýar. "Musulman doganlar" jemagaty-da onuñ Müsüre gaýdyp berilmezligini soraýarmyş. Toparyñ mediýasy kuweýtli ygtyýarlylaryñ Şuweýhini tussag edendigini, häzir onuñ garşysyna açylan derñew işiniñ dowam edýändigini we Müsüre berilmeginiñ mümkindigini aýtdy. Topar Erdoganyñ partiýasynyñ häkimiýet başyndan bolan türk hökümetiniñ "türk raýaty" müsürli "Ihwan" lideri Abdyrezzak Şuweýhiniñ boşadylmagy üçin Kuweýt tarapyna eden synanyşyklaryndan umydyny üzenden soñ kuweýtli ygtyýarlylary munuñ soñunyñ gowulyk bilen gutarmajagyny duýdurdy... Müsüriñ we Türkiýäniñ raýaty bolan "Ihwan" jemagatynyñ agzasy işewür öñem birnäçe gezek gurluşyk taslamalary boýunça ylalaşyk baglaşmak üçin Kuweýte türk pasporty bilen üç gezek gelip-gidipdi, emma dördünji gezeginde tussag edilip kuweýt prokuraturasyna tabşyryldy. Ýagny bir bökersiñ, iki bökersiñ, üçünjide ele salnarsyñ Abdyrezzak beý! Türkiýäniñ içindäki we daşyndaky arap "ihwançylar" Rejep Taýýip Erdoganyñ we onuñ partiýasynyñ soñky saýlawlarda üstün çykmagyna begenipdiler. Emma olaryñ salgysyna täze habar gelip gowuşdy: Türkiýeli ygtyýarlylar onlarça "Ihwan" guramasynyñ agzasyna türk raýatlygy we ýaşamaga rugsatnama berilmegine garşy çykdy. Olaryñ tabşyrýan resminamalarynda galplyk we ýoýulmalaryñ bardygy anyklanandan soñ öñki raýatlyk alanlaryñam kanuny taýdan derñelmegi makul bilindi. Raýatlyk almak üçin ýüz tutmalaryñ yzyna gaýtarylanlaryñ iñ meşhury "Musulman doganlaryñ" ekstremist agzasy Wejdi Ganimdi. Ýagny, "Ihwana" ilki gujak açyp, olary ulanan ýa-da olara ýyljak süren bolup hyzmat eden arap we musulman ýurtlary "Ihwany", "Ihwan" düşünjesini we "Ihwan" pozisiýasyny hemişelik bir gyra zyñmak üçin ahyrky ädimlerini ätdilermi? Megerem muny aýdardan heniz ir. Emma meniñ pikirimçe munuñ özi şertleriñ we syýasy tolkunlaryñ zerurlyk duýýan çemeleşmesinden we taktikasyndan başga zat däl. Hemme zady wagt görkezer. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 24.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |