09:23 Mutasiýany kellämizde geçirmeli | |
MUTASIÝANY KELLÄMIZDE GEÇIRMELI
Publisistika
Pikirlenmegi öwredip durjakdygymyz hak: Goý, görübilsinler, düşünibilsinler. Gürrüñi Stambul munisipialetiniñ başlygy Ekrem Ymamoglundan açmak isleýärin. Emma ilki ýazjaklarym bilen baglanyşykly bolandygy üçin mysal getirmäge ejaza beriñ: Häzir üns merkezinde näme bar: kowid-19-yñ mutasiýa geçirmegi! 2020-nji ýylyñ 27-nji martynda “Lagnaty maşgala”[1] ýazgymda şuny ýazypdym: “Wiruslar mikroorganizmlerden has beter genetiki üýtgeşmelere açyk bolýar. Bir wirusyñ mutasiýa geçirmegi öñ görülmedik zat däl, hatda ebola ýaly birnäçe wiruslar-da yzygiderli mutasiýa geçirip durýar. Bular janly organizmlerde çaltlyk bilen köpelip, az wagtyñ içinde millionlarça, hatda milliardlarça wirusyñ täze tapgyryny öndürip bilýär. Wiruslaryñ käbirleri genlerde-genomda düýpli üýtgeşmeleri döredenok. Şonuñ üçin bular ýaly wiruslaryñ berjek zyýanynyñ öñüni almak añsat bolýar. Tersine, käbir wiruslar bolsa janly organizmde düýpli nasazlyklara sebäp bolýar, hut şu wiruslara hem derman-däri täsir edip bilenok... Ynha… Ýakyn wagtda yzly-yzyna tanşan sars, mers, korona wiruslary mutasiýa netijesinde orta çykan howply “CoV” maşgalasyndandyr!..” Ýagny, bugün hemmeleriñ diline düşen kowid-19-yñ mutasiýa geçirmegine geñirgenmegiñ hajaty ýok. Iñ soñky gezek bu barada 2020-nji ýylyñ 26-njy noýabryndaky “Kabul etme diktaturasy”[2] ýazgymda-da şuña ünsi çekipdim: "Wirus çaltlyk bilen mutasiýa geçirip, ýagny, adaty prostuda, hatda näbelli dümewe öwrülip ýörkä, waksinanyñ howul-hara tapylyp, satuwa çykarylmagynyñ arasynda nähili baglanşyk bardyr öýdýäñiz? Saglygyñ-medisinanyñ ykdysady-syýasy taraplaryny bilmegiñiz hökmany şert." Bu zatlar barada näme ýazsam käbirleri maña “istemezük” (hemmeleriñ tersine, "il bir ýana, sen bir ýana" manysynda -t.b.) diýip, global basyşlardan daşgaryn söz eşdesleri gelenok. Emma bugünki gün şolaram mutasiýa meselesini dillerinden düşürenoklar! Ýeri, olar maña nämüçin elmydama garşy gitdilerkä? Bu "tamadalaryñ" maña garşy elmydama şeýle bolmalarynyñ düýp sebäbinde näme barka? ■ ADAMY ÇÛÝRETDILER Biziñ çepçilerimizi gapgarylan çukuryndan çykarasym gelýär. Çünki pikir göýdükligindäki ýurdumyñ çepçilere ýiti mätäçligi duýulýar. Gynansak-da, çep gatlagyñ gözüniñ öñi bulaşyk, öñüni görenok. Nämüçin? Serediñ: Neoliberalizm diñe ykdysady düzgün-kadalaryndan ybarat däl. Bu, şol bir wagtyñ özünde syýasy-medeni serişde-taslama. Mysal üçin: şahsy täzeden kesgitledi-"kemala getirdi". Ýagny… Adamlaryñ akylyny, hereketlerini öz islän ugruna gönükdirdi. Adamlaryñ gymmatlyklaryny, prinsiplerini üýtgetdi. Adamlary islän ugruña sürüp bolýan mallara öwürdi. Bu fundamentalist erkin bazar ideologiýasy soragy-derñemegi ortadan aýryp, düşünje biçüwini üýtgetdi. Iñ ýamanam, adamy näme berilse-näme diýilse alyp we "lepbeý" diýip ýerine ýetirip duran "emeli añly robota" öwürdi! Muña haý-haýly at hem dakdy: "maglumat gory" diýdi! Bu monopoliýalaýyn garaýşyñ iñ soñky wersiýasy "Bu ylymdyr we ylymdygy jedelsizdir" diýen çig-çarsy pikir boldy. Neoliberalizm häkimiýet gegemoniýasyna gabat gelmeýän islendik pikiri näletledi. Muny üstünlik bilen başardam: adamlary goýun mysaly sürä goşup, özüne kybap “ideal jemgyýet” döretdi… Indi kim güýçli bolsa, şoñ aýdany “dogry” sanyldy! Şu sebäpli... içinde çepçileridenem bar bolan bir topbak kapitalizmiñ saglyk-bedeniñ üsti bilen adamy-jemgyýeti nähili ele geçirişini ýazýandygym üçin ýazan kitaplaryma, makalalaryma duşmançylyk etdiler! Aýyp. Hawa, adamy gapgarylan çukuryndan çykarmaga dowam etjekdigimiz hak. ■ HAÝSY ADALAT, HAÝSY SOSIAL Geleliñ, Ymamogly meselesine… Neoliberalizm ynsanperwerçilikli gymmatlyklary ýom-ýok etdi. Ýoksullygy ýok etme, sosial deñligi üpjün etme, baýlyklary paýlaşma prinsipi bilen hereket edip öñe saýlanan sosial adalat düşünjesine duşmançylyk etdi. Jemgyýetiñ sazlaşygyny, asudalygyny, köpçülikleýin durmuşyñ esasy ugry bolan sosial üpjünçiligi we adalatperwer garaýşy öldürdi... Şahsyñ egnine işsizlik, işden çykarylma gorkusy, sosial çetleşdirilme ýaly dürli kynçylyklary ýükledi. Garyplygyñ sebäbi ykdysady sistema däldi - kişiniñ bazar kynçylyklaryna-howpuna döş gerip bilmezligidi, ýagny emelsizligidi! Bu garaýyşda raýat diýen zat ýok, diñe müşderi bar. Galyberse-de, bu garaýyşa görä… agsaýana kömek etmek bazaryñ zyýanynady! Eger bir zat etmeli bolsa, diñe bazaryñ gowy işlemegi üçin edilmelidi. Neoliberalizmiñ “pygamberi” F.Haýek şeýle diýipdi: “Kömekdir haýyr-sahawata esaslanýan ne döwlet, ne-de bazar bolup biler! Bu manysyz ynsanperwerlik pikiri dinden gelip çykan zatdyr!” Sap bazara gönükdirilen garaýyş soñky kyrk ýylyñ içinde ýurdumyzda şeýle bir kök ýaýratdy welin, bugün adalat sosial üpjünçilige garşy çykýar! Ymamogly garyp-gasarlaryñ çagalaryna süýt kömegini edýär. Ymamogly pakyr-pukara enelere ýeñillikli kartlary paýlaýar. Ymamogly maddy hal-ýagdaýy pes talyplara pul kömegini edýär. Maliýe gözegçilik edarasy (Sayıştay) Ymamoglynyñ halkçy, sosial adalat hyzmatyna garşy çykýar. Sosial deñligi dowam etdirmäge borçly adalat reformasyny hut şundan başlamak lazym. Neoliberalizm ýurtda ne adalat goýdy, ne sosial?.. Neoliberalizmiñ täsirini böwüsmek üçin kellämizde mutasiýa geçirmeli. Diñe şonda saglygy goraýyş ulgamynyñ-medisinanyñ, sosial adalatyñ ykdysady-syýasy taraplaryna düşünip bileris. Hawa, pikirlenmegi öwretmäge dowam etjekdigimiz hak… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.12.2020 _____________________________ [1] http://kitapcy.com/news/2020-04-15-11282 [2] http://kitapcy.com/news/2020-11-27-12770 Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |