13:35 Näçe kişi bilýär? | |
NÄÇE KIŞI BILÝAR?
Publisistika
Ikinji jahan urşunda ABŞ ýapon raýatlaryna näme eden bolsa... Birinji jahan urşunda Osmanly ermeni raýatlaryna şony etdi: deportasiýa baradaky karary bilen olary lagerlerde toplady... Osmanly kibi ABŞ hem tyly boşatdy. Şeýle: 1941-nji ýylyň 7-nji dekabry... Ýapon uçarlary ABŞ-nyň Ýuwaş okean boýunça flotiliýasynyň we “Pýorl Harbor” harby bazasynyň üstüne hüjüm etdi. Köpüsi esger bolan 2 müň 471 amerikalyny öldürdi. On iki amerikan harby gämisini we 188 harby uçaryny paýhynlady... Şol günüň agşamy... ABŞnyň FBI gullugy 2 müň 192 asly ýapon amerikan raýatyny “duşman bolup çykma ähtimal” şübhesi bilen Gawaý adasyndaky türmä dykdy. Waşington ýaly ýerlerde 5 müň 500 sany ýapon milletinden bolan amerikan raýaty tussag astyna alyndy... 1942-nji ýylyň 19-njy fewralynda... ABŞ-nyň prezidenti Franklin Delano Ruzweltiň deportasiýa baradaky karara gol çekdi. Görkezme esasynda “Uruş ýerini üýtgetme guramasy” (WRA) guruldy. Ruzweltiň 1942-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda habar beriş serişdeleriniň öňünde aýdyşy ýaly, “jemleme lagerleriniň” düýbi tutuldy. (Lager boýunça jogapkärem maýor Karl Bendetsen hem jöhitdi! Ol “endamynda ýekle damja ýapon gany” bolan hemmleriň jemleme lagerlerine toplanjagyny mälim etdi.) ABŞ-da ýapon milletinden gelip çykan 127 müň amerikan raýaty bardy. Şolaryň 80 müňüniň doglan ýeri ABŞ-dy. Şolaryň 112 müňi ýurduň günbatar kenarýakalarynda ýaşaýardy. Bu ilatyň barsy “sabotaž geçiräýmesinler” diýip merkezi ştatlardaky lagerlere sürüldi.... (Osmanlyda 33 welaýat bardy. 1914-nji ýylyň ilat ýazuwyna görä, ermeni raýaty 1 million 173 müň 422 sany eken. Osmanly 1925-nji ýylyň deportasiýa baradaky kararyny diňe 14 welaýatda güýje girzidi. Köpüsi tylda ýaşaýan 422 müň 758 ermeni göçürildi.) Ýapon amerikalylara dolanyp geler bolsak... ■ ALTMYŞ SEKIZ KONSLAGER ABŞ-da jemi altmyş sekiz sany konslager bardy. Raýatlaryň ýerleşdirilýän konslagerleri bardy... Adalat ministrliginiň tussaghanalary we türmeleri bardy... Asly ýapon amerikan esgerleri üçin okuw lagerleri bardy... (Şeýle-de, asly nemes we italýan amerikanlar üçinem konslagerler bardy. Özem Latyn Amerikanyň on dokuz ýurdunda “bäşinji arka” işlerinden güman edilen 2 müň 264 ýapon, 4 müň nemes we 288 italýan ýaşaýan ýurdundan deport edilip, ABŞ-daky konslagerlere getirildi!) Hawa, ABŞ-da 120 müň asly ýapon amerikaly köpçülikleýin deportasiýa meýilnamasyna boýun egdirildi. Özem şonuň 101-i ýetimhanalardan çöplenen 30 müň çagady! Hawa, amerikan taryhynyň iň uly zorlukly ýer üýtgetme meýilnamasy esasynda bir günüň içinde müňlerçe adama ýanlarynda diňe birküç laý eşik almaga rugsat berlip, öýlerinden jyda düşürildi – petiş we çola künjeklerdäki lagerlere äkidildi... Lagerleriň daş-töweregini ýaragly goragçylar saklaýrdy. Tikenekli simlerden ätläp daşyna çykanlary atdylar – şeýdip ýedi adamy öldürdiler... Lagerlerde çalamydar gurlan çatmalarda 25-30 adam ýaşady. Köplenç ekerançylyk işlerinde günuzyn işledildiler... Diňe “Manzanar” konslagerinde esewansyzlykdan 146 bendi öldi, jemi on müňe golaý adam aradan çykdy... Lagerlerde çagalara iňlis dilinde bilim berilýärdi. (Deportasiýa döwründe we ondan soň Osmanlyda ermeni dilinde bilim bermegä hiç hili päsgel berilenokdy. Genosid diýilýän zat ilkinji nobatda dili ýok etmegi meýilleşdirýändir.) ■ BIRINJI GEZEK DÄLDI Konslagerlerdäki uly ýaşly ýaponlar 28 soragdan ybarat synagdan geçdi: meselem “buddistmi, hristianmy?” diýen ýaly... Iň soňky soragam şudy: “ABŞ-ny daşary ýurtlaryň edip biläýjek her dürli hüjümlerine garşy wepalylyk bilen gorap, ýapon imperatoryna ýa-da keseki häkimiýete garşy islendik garaşlylykdan ýa-da ytagatdan ýüz dönderibiljekmi?” “Ýok” diýen on iki adam “wepasyz” hasaplanyp, has agyr şertli konslagerlere geçirildi... Uzadyp durjak däl: Uruş gutardy. Konslagerlerdäki ýaponlar azatlyga çykdy. (Ýaponiýa deport ediljekleriň saklanýan “Tule köli” konslageri 1946-njy ýylyň 20-nji martyna çenli ýapylmady.) Şeýle-de azatlyga çykanlaryň öýlerine dolanyp barar ýaly ýol harçlyklary-da ýokdy. Olaryň köpüsiniň öýi we işleýän ýeri talanypdy. Nirä gitseler, giden ýerlerinde duşmançylykly garaýyş bilen garşylaşdylar. Göçüp baran ýerlerinde sekiz kilometrden uzaga gitmeleri gadagandy we ş.m... Ýapon konslagerlerini häzir bilýän bir barmyka? Heý fotosuratyny dagy gördüňizmi özi? Gizleýärler... ABŞ üçin bu zatlar täzelik däl. Olar 1898-nji ýylda Ispaniýa garşy uruşda-da konslagerleri gurupdy. Indeýlere, hytaýlylara, afrikanlara garşy eden işlerini-hä agzabam durjak däl... Ýagny: Osmanlynyň 1915-nji ýylda tylynyň howpsuzlygy üçin durmuşa geçiren deportasiýa çäresine ABŞ häzir “genosid” diýýär! Bu çykyşa Ýewropanyň jümmüşinde genoside uçran jöhitleriň garşy çykmagy gerek – genosid syýasata bulaşdyrylmaga degişli däldir... Soner ÝALÇYN. “SÖZCÜ” gazeti 27.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||