19:15 Nagyşbendi bölünişigi | |
NAGYŞBENDI BÖLÜNIŞIGI
Publisistika
2019-njy ýyldy. Jüpbeli (Ahmet Mahmyt Ünli) hoja jañ etdi: - Soner beý, biziñ topbagymyzda Mustapa Kemala dil uzadýan köp. Atatürke-de bir duşmançylyk edip bolarmy? Bu samsyklygy soñlandyrmak lazym". Odatv Jüpbeli hoja bilen gürrüñdeşlik geçirdi. Gyzgyn seslenme döretdi... Muny nämüçin ýatladym? "Biziñ mähellämiz" (çepçiler) tasawwuf taryhy bilen onçakly gyzyklanmaýar, şonuñ üçin käbir zatlary ýatlatmaly bolýaryn: Nagyşbendilik Buharaly Muhammet ibn Bahaweddin Nagyşbendi (1318-1389) tarapyndan guruldy. Türkiýäniñ häzirki iñ täsirli tarykaty bolan nagyşbendiligiñ Anadola girişi giç boldy! Munuñ düýp sebäbi Bahaweddin Nagyşbrndiniñ Teýmirleñiñ mugallymy bolmagydy. Teýmirleñ-Ýyldyrym Baýezit bassaşlygy we yzyndan mongollaryñ Anadola girmegi bilen osmanly hökümetidir türkmen beglikleri bu tarykatdan daşrakda duranyny kem görmedi. Anadola birinji gelen nagyşbendileriñ Teýmirleñiñ goşunynda gulluk edendigini öñe sürýänler bar... Netijede Soltan Baýezit II-niñ döwründe, 1481-1512-nji ýyllarda Stambul Aksaraýda we Fatihde ilkinji nagyşbendi tekgesini Molla Ylahy we onuñ şägirdi Ahmet Buhary açdy. Ýöne Hindistanam mazaly güýçlenen nagyşbendileriñ täsiri astyndady. Osmanlyda wagtyñ geçmegi bilen nagyşbendiler ygtykatdan has köp, syýasy täsiriñ üstünden güýç toplady. Meselem: Şaýy sefewilere garşy göreşde osmanly hökümetine sünni nagyşbendiler goldaw berdi. Diñe bulam däl. Mysal üçin, ýanyçarlaryñ ýatyrylmagyna fetwa berip, Hajybekdaş bilen bir hatarda ähli bekdaşy tekgelerini konfiskowat etdiler! Nagyşbendiler Osmanlynyñ iñ güýçli dini-ideologiki güýjüne öwrüldi. Emma "Tanzimata" garşy gitmek 1859-njy ýylyñ Kuleli wakasy ýaly osmanly dolandyryşyna garşy edilen hereketlere-de gatnaşdylar. * * * Respublika ýapmazdan öñ diñe Stambulda 95 sany nagyşbendi tekgesi bar eken. Ähli beýleki tekgelerde bolşy ýaly, nagyşbendilerde-de gizlenmek, goranmak, az-owlak mümkinçilikler bilen oññut etmek döwri başlandy. Nagyşbendi "Gümüşhanewi" dergähiniñ şeýhi Mustafa Feýziniñ sözi ýörelmeli "ýoly" görkezdi: "Ýapylan - jaýyñ gapysydyr, ýapylmadyk köñül gapysydyr". Tekgeleriñ ýerini metjitler aldy... Täze režimiñ ýeñilliklerinden daşlaşdyrylandyklary, çetleşdirilendikleri üçin käbirleri Atatürki nyşana aldy. Öñki Şeýhulyslam Mustafa Sabri ýalylaryñ diýmedigi galmady... Menemen, Bursa, Iskilip, Siirt wakalaryna ww Içeri işler ministrliginiñ "Nagyşbendilere ünsli boluñ!" duýduryşyna garamazdan, Abdyleziz Bekkine ýaly nagyşbendi şeýhler metjitlerde we mekdeplerde dürli wezipelerde işledi. Emma Abdylhekim Arwasy ýaly käbir şeýhler Menemen wakasy sebäpli wezipeden boşadyldy. (Yslamçylar Abdylhamyt II-ä garşy giden, ittihatçylaryñ dosty, Menemen wakasynyñ meçew berijisi Esat Erbilli ýaly käbir nagyşbendi şeýhlerink ýöreden syýasatlarynyñ üstünden hiç tanajak bolmaýarlar!) Beýleki bir ýandan respublika 1925-ji ýylyñ sud edilmelerinden boşadylan Ahmet Hamdi Akseki ýaly alymlara "türkçe hutba" ýaly ugurlarda işlemegi tabşyrdy. Şonça duşmançylyga, paýyşlara, müñ dürli ýalan-ýaşryga garamazdan respublikan režim olardan ar aljak bolup durmady... Jemläýin: * * * Şeýh arap dilinde goja diýmegi añladýar... Keramat gözkezip bilýäne seýit diýilýär, ol eýýäm ýol görkeziji, wagyz edip bilýän, alym adam bolýar. Yslama nähili düşünmelidigi we nähili ýaşamalydygy boýunça özlerinde uly ygtyýarlygyñ we salahyýetiñ bardygyna, dini hökmürowanlyklarynyñ güýçlüdigine, hakykatyñ wekilidigine ynanýar... Nagyşbendilerde şeýh mukaddesleşdirilýär, olar özleriniñ Hezreti Ebu Bekiriñ üstünden Hezreti Muhammet pygambere (s.a.w) baglanýandyklaryny öñe sürýärler. Her tarykatda bolşy ýaly töwekgellik, razylyk, sadyklyk, doganlyk, pidakärlik talap edilýär. "Şeýhi bolmadygyñ şeýhi şeýtandyr" sözüne baglydyrlar. Şeýhiñ dini agalygyna berk baglanan nagyşbendiler toparynda şu günlerde uly bölünişikler bolup gecýär... Respublikan režime we Atatürke pozitiw garaýan Jüpbeli Ahmet hoja saudlaryñ wahhaby-selefi täsirine girendigini nygtaýan nagyşbendi-ysmaýylaga şeýhine baş galdyryp, gatnaşygyny kesdi. Jüpbeli hojanyñ göreşinde duzagyna uçran FETÖ-nyñ jemagatyñ törüne oturdylmagynyñ-da täsiri bar... Gysga arakesmeleri hasaba almanda, bäş asyrlap häkimiýetiñ syýasy merkezlerinde ýer alan nagyşbendileriñ bu bölünişiginiñ üstünde ýeterlik pikir alyşylmaýar diýip pikir edýärin. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |