22:41 Nämä geregi bar | |
NÄMÄ GEREGI BAR
Publisistika
Giýewsi žurnalist Metin Toker ýazdy: "1941-nji ýylyñ başy. Nemes faşistleri Balkan ýurtlaryna syrygyp gaýtdy, biziñ Bolgariýa bilen araçägimize gelip sägindiler. Türkiýede bir adam gije bir çene deñeç gözüni gyrpman oturýardy. Ol adam Ismet Inönüdi. Iýun aýynda-ha dartgynlylyk ýetjek derejesine ýetipdi. Inönü nemes goşunlarynyñ hökmany suratda herekete geçjegini bilýärdi. Emma haýsy ugra? Nemesler üçin iki ähtimallykly karar bardy: Ýa-ha Türkiýäniñ üstünden günorta inmek, ýa-da SSSR-e garşy hüjüme geçmek. Bolgariýadaky jansyzlarymyz ol ýerdäki nemes goşun bölümleriniñ hereketlerinden many çykaryp, bu maglumatlary günüñ-gününe Türkiýä gönderýärdiler. Iýulyñ üçünji hepdesine girilende, heniz hiç zat gutarnykly belli däldi. Ismet Inönü Ýalowadady. Onuñ ýüzünden gar ýagýardy. Prezidentiñ mürzesi Süreýýa Anderiman gije-gündiz radiolary diñläp, habarlary yzarlaýardy. Anderiman bir gün dañ bilen garaşylan habary alýar. Nemes goşunlary herekete geçipdir: Demirgazykda SSSR-e garşy... Anderiman derhal telefon arkaly Yalowa til kakýar. Şol wagt Prezident uklap ýatyrdy. Onuñ otagyna kim girse, bu habary-da ýetirmelidi. Nobatçynyñ ýadyna şol wagt Ýalowada gezip ýören Ömer Inönü düşýär. Kakasyny Ömer oýandyrýar: - Kaka, nemesler Russiýa garşy hüjüme geçipdir... Ismet Inönü bir salym oglunyñ ýüzüne syn edip oturypdyr. Soñra düşeginiñ üstünde aýbogdaşyny gurup oturypdyr we jak-jaklap gülüpdir... Kakasyny hiç wagt beýle ýagdaýda görmedik Ömer geñ galyp seredipdir. Onuñ bu ýagdaýyna üstünden howp syrylyp aýrylan döwlet adamsynyñ içini ýeñletmegi diýip düşünip bolar..." Žurnalist Tokeriñ ýazanlaryny şundan ýatlatdym: • HYTAÝLYLARA GÖRÄ Krizis - hytaýça “wei-ji” sözüdir. Sözüñ iki manysy bar: Biri - howpy, beýlekisi bolsa pursaty añladýar. Ýagny: Bu düşünjä görä, krizisleriñ diñe negatiw däl, eýsem pozitiw tarapy-da bar. Ýagny: krizisi mümkinçilige-de öwrüp bilersiñiz. Munuñ ýekeje geçerli ýoly bar: Kriziso gowy dolandyrmak! Şonuñ üçinem: Halkara gatnaşyklarda krizisi dolandyrmak ussatlyk talap edýär. Ilki bilen... Döwletara krizisde karar berme basyşyna ýeñilmezlik gerek. Sowukganlylyk lazym. Krizis duragan däl, akymlaýyndyr, dinamikalaýyndyr... Krizis gutarnykly ýagdaý däldir... Krizis nämälimlikdir... Özüñizi, ýurduñyzy, partiýañyzy, turuwbaşdan tarap hökmünde baglamak dogry diplomatiýa bolup bilmez. Aragatnaşyk bökdençligini goýbermezlik gerek, berilen hat-habarlar bir tarapyñ hoşnutsyzlygyna sebäp bolmaly däldir. Esasy üns berilmeli zat - dogry meýilleşdirmeler bilen krizisi (bir adam ýa partiýa däl, ýurt üçin) amatly pursata öwürmekdir! Soñky gezek... Liwiýada ýalñyşlyk, Siriýada ýalñyşdyk. Seretmäñ siz ýurtlaryñ mysapyrsyraýan sözlerine, hiç bir ýurt dünýäniñ "ahlak garawulçylygyny" edenok, hiç biri dogry-ýalñyşyñ ýa-da hak-nähagyñ ugrunda ylganok - her kim peýdasyna, bähbidine görä hereket edýär. Şol sebäpli NATO-ABŞ... bähbidi üçin Saddam Hüseýini asdy... bähbidi üçin Kaddafini linç etdi... Usame bin Ladini ilki goldady, soñ bähbidine ters gelensoñam, aldy-da öldürip goýberdi. Siriýany böldi. Günbatar hemişe çykaran krizisinden peýdalanyp geldi... • ERDOGAN HEÝJANLY Prezident Erdogan Russiýa-Ukraina krizisinde şobada beýannama berdi. Ýeri, mejburmydy? Erdoganyñ bu heýjanly şahsy häsiýeti daşary diplomatiýanyñ sowuk ýüzi bilen hemişe gapma-garşylyk döredýär. Ol global krizislerden bize täsir edip biljek mesele döremek babatda hemmelerden ussat! Siriýa, Liwiýa muña iñ gowy mysal... Tarap bolman, ynandyryjy roluny oýnamalydy. Global krizis gatnaşygy içerki propogandanyñ serişdesi bolmaly däl. Galyberse-de: Her pursatda garşymyzdaky NATO-nyñ gözüne gowy görünjek bolmaga mejburmy? Ýatlatmak isleýärin: NATO-nyñ agzasy Türkiýe rus uçaryny 2015-nji ýylda urup düşürende ABŞ näme diýdi: "Bu mesele Türkiýäniñ bir özüniñ çözmeli krizisidir." Muny ýene bir gezek başymyzdan geçirmeli bolarys: garşylyksyz söýgi diýilýär muña! Uzatmaýyn, diýmek isleýänim şu: Hawa, halkara krizislerinden döwlet bähbidi üçin peýdalanmagy bilmek, inçe hasaplary urmak lazym. Özüñizi başdan baglasañyz, bir tarapy aýyplap, beýlekisiniñ tarapyny çalsañyz, yza dolanmasy añsat däldigi üçin negözel mümkinçilikleri sypdyrarsyñyz... Kim aýdyp biljek, Russiýa-Ukraina krizisinde her iki ýurduñ halkynynyñam özümize bolan simpatiýasyny nämüçin ýitireliñ? Mysal üçin: uly ykdysady umydymyz bolan turistleriñ dörtden bir bölegi bu iki ýurtdan gelýär. Haýsysyny ýazaýyn: jemi tebigy gazyñ ýarsyny Russiýadan alýarys... Ýalñyş diplomatiýa taktikasyny we gödek dil ulanyp berilen çäkden çykma garşylyk (milliardlarça dollarlyk söwda gatnaşyklarumyz bolan) ýurtlar bilen aramyzda gapma-garşylygy güýçlendirer. Munuñ nämä geregi bar? Atatürk we Inönü ýaly gurujy atalarymyzdan öwrenip boljak uçursyz köp sapagymyz bar. Montro ýa-da Ikinji jahan urşuna girmezlik ýaly ussat diplomatik taktikasy ýaly... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |